MAGTYMGULYNYÑ DILI
Dil meselesi türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň öz halky üçin guran şygyrýet mülküniň akyldarlyk köşgüniň iň kuwwatly sütüni bolup durýar.
Aslynda dünýä halklarynyň taryhynda dil meselesi şol halk, millet bolmagyň taryhy ykbalyny kesgitleýän iň möhüm ýagdaýlaryň biri bolandyr. Her bir halkyň öz dili, onuň ömrüdir. Ol halkyň ömri, ykbaly, durmuşynyň ähli ugry, halk taryhy, halkyň şu gününiň, geljeginiň ähli eşreti, höziri, jebri, jepsy, dini, urp-adaty, däp-dessury, özboluşly ykbaly, milli medeni, edebi aňyýeti, ruhy, ahlaky gözellikleri — mahlasy, şol halkyň başga bir halkyňka meňzemeýän, şol bir wagtyň özünde başga halklar, halkyýetler, olaryň taryhy kökleri bilen utgaşdyrýan ähli kerem-keramaty onuň dili bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halk, millet şol dil bilen ýaşap-ýaşap, ahyr soňy öz ömrüni tamamlandan soň hem onuň dili ýaşamagyny dowam edýändir.
Edil, her bir halkda bolşy ýaly, her bir diliň hem öz ömri, ykbaly, öz döreýiş, ösüş, özgeriş, ýitip ýok bolup gitmek, ýene-de täzeden döreýiş taryhy bolýar.
Türkmen dili hem Magtymguly Pyragynyň zamanyna çenli çylşyrymly ykbaly başdan geçiren dilleriň biridir. Şolardan soň-soňlardaky ýagdaýyny alanyňda-da, araplaryň Orta Aziýany boýun egdirip, yslam dini bilen birlikde, arap dilini hem esasy dil hökmünde zor bilen ornaşdyrmagy, ýerli halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň hen diliniň, dil medeniýetiniň düýbüne palta urupdyr. Muny biz ajaýyp türkmen şahyry Şeýdaýynyň „Saýran tillerim“ atly şygrynda-da görýäris:
Şeýdaýy diýr, kelam, mantyk eýesi,
Indi any hiç kim gelmez diýesi,
Arap dili boldy diller güýesi,
Dartyşyp dört ýana süýrän tillerim. —
Şahyr : “Arap dili boldy diller güýesi“ diýip zar çekende, onuň öz dilini nä derejede söýendigini aňlaýarsyň, Ol "Gözel ýigrimi bäş" atly goşgusynda:
Ýedisinden owaz çykyr,
On sekiziň tartar çekip,
Üç müň ýylda ömrüň ýakyp,
Geçirdik gözel ýigrim bäş. -
- diýse, "Şeýdaýy diýr, bar beterler,seniň üçin ýas tutarlar... ýiter sen gözel ýigrimi bäş“ diýip, üç müň ýyllyk taryhy bolan gözel dilimizi "arap diliniň güýe bolup iýendigi“ barada ah çekýär.
Şeýdaýynyň bu şygry hakykatdan hem türkmen halkynyň öz eziz dili üçin tutan hasratly ýasynyň alamatydyr.
Araplaryň Orta Aziýany, şol sanda Türkmenistany zulum, zorluk bilen basyp almagy, bu halkyň gadymdan bäri dowam edip gelýän ynam-ygtykatyna, medeniýetine, urp-adatyna, edep ýollaryna, şeýle hem onuň dil, elipbiý, ýazuw, okuw, bilim ulgamlaryna, ahyr netijede bolsa aňyýetine, ynanç ygtybarlygyna urlan, göz öňüne getirip bolmajak agyr zarba bolupdyr.
Şeýdibem, türkmen diliniň gadymylygy, özüniň üç müň ýyllyk gözel ömri arap diliniň düşnüksizden tagaşyksyz, dogaçyl owazynyň astynda eräp gitmeli bolupdyr. Türkmeniň „kelam, mantyk“ eýesi bolan "gözel ýigrimi bäşiniñ ýasy" tutulandan soň, türkmen halky täze diliň, täze elipbiýiň täze ýazuw serişdesiniň aladasy bilen ýaşamaly bolupdyr.
Türkmeniň şol wagtky alym ogullary öz halkynyň ýagdaýyna düşünipdiler. Indi tutuş gündogar arap diliniň ummanyna gark bolupdy. Tutuş Türkmenistan, onuň ylym, bilim serişdesi, ýazuw-pozuw ulgamy arap okuwynyň, arap hatynyň häkimliginiň biçäre bendisi bolup galypdy. Ýöne sada türkmen halky ýene şol öňki elipbiýini, öňki dilini, onuň näzik owazyny, öňki şirin zybanyny küýseýärdi. Edil ajaýyp türkmen şahyry Şeýdaýynyň "Gözel ýigrimi bäş", "Saýran tillerim" ýaly şygyrlarynda örän jaýdar aýdyşy ýaly, gan aglap, onuň hasratyny çekýärdi. Ýöne näçe zar çekseňen, "kelam, mantyk eýesi bolan gözel ýigrimi bäşiñ şirin zybanyny gaýtaryp getirip bolanokdy. Gün-dünden, aý-aýdan, ýyl-ýyldan arap dili tutuş Gündogary, şol sanda Türkmenistanam basmarlap barýardy.
Sada türkmen dili indi çarwa dili, garyp-gasaryň ýönekeý dili bolup galypdy.
Arap dili, arap ýazuwy bilim-sowadyň, medeniýetiň rowaç almagy bilen, barha pajarlap ösýärdi. Şeýdaýynyň: “Indi any hiç kim gelmez diýesi“ diýip belleýşi ýaly, "indi türkmen dilini hiç kimiň diýesi gelenokdy".
Bu döwürde, Döwletmämmet Azady ýaly akyldar ogullar ýetişip başlapdy. Ol:
Käbe weýran etmekden müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede.—
- diýip, tutuş Gündogara çawy düşen „Wagzy-Azat“ eserini döredipdi. Emma sada halk bu eserden näumyt galypdy. Bu eser ondaky paýhas-parasat halkyň düşünmeýän dilinde, çagataý dilinde, ýagny arap, pars, mangol, türki dillerinden garym-gatym edilip ýasalan emeli bir dilde, arap ýazuwynda ýazylypdy. Muny şol wagt-a däl, ondan 300 ýyldan soň derňän professor M.Kösäýew bu esere ýazan sözbaşysynda: “Wagzy-Azadyň“ dili özünden soň ýazylan eserleriň dilinden has agyrdyr. Azady öz eserlerini kitap we medrese dilinde ýazypdyr“ -diýip, belläpdir.
Onsoň öz ogluň, öz akyldar şahyryň "Medrese dilinde, kitap dilinde" ýazan bolsa garyp, garamaýak, sada halk ol eserleri, onuň many-mazmunyna düşüner ýaly, medrese dilini, kitap dilini nireden tapsyn.
Hut şonuň üçin halk-a öz dilinde okar ýaly suwytly zat tapmandyr. Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady ýaly pirlige ýetişenlerem, halka düşnükli bolar ýaly dilde ýazmagy başarmandyrlar.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň ykbalynda dil, ýazuw meselesinde iki jahan owarrasy bolup ýaşamak uzaga çekipdir...
Türkmen halkynyň bu kyn ýagdaýyny ilki duýanlaryň biri beýik akyldar Magtymguly Pyragy bolupdyr. Muny türkmen alymy akademik G.O.Çaryýew baryp geçen asyryň ellinji ýyllarynda ilkinjileriň biri bolup, şeýle belläpdir: “Biz Magtymgulyda belent şahyrçylyk zehininiň, dile çuň, düşünjeli garamaklygyň, türkmen medeniýeti üçin diliň ähmiýetine düşünmekligiň ajaýyp suratda utgaşdyrylandygyny görýäris“.
Akademik G.O.Çaryýewiň belleýşi ýaly, beýik akyldar ilkinji nobatda öz halkynyň derdine doga isläpdir. „Halky aňly-bilimli etmeli, ony ylyma, medeniýete goşmaly" ~ Magtymgulynyň ideýa taýdan niýeti, eden wesýeti, ine, şudur“.
Hakykatdan hem, dil, onda-da öz halkynyň ynsabyny razy edýän elýeterli, düşnükli, sada, akyl-parasatdan püre-pürlenip duran gözel dil bolmasa, bu maksadyňa nädip ýetjek.
Türkmen halky hem araplar Orta Aziýany basyp alan pursadyndan tä XYIII asyryň alasarmyk tümlügine çenli araplaryň dogaçyl diliniň häkimligi astynda ýaşapdy. Bu döwür, ýagny VII asyrdan tä XYIII asyra, Magtymgulynyň şygyrýeti halkyň aňyna baryp ýetýänçä, tutuş müň ýyl, türkmen halky üçin sözüň doly manysynda, dil babatda uzaga çeken tümlügiň zulmatly zamany bolupdy.
Munuň özi sözüň doly manysynda aňyýetiň gedaýlaşmagynyň, sowatsyzlygyň, ruhy we ahlak gedaýlygynyň zamanasy bolupdy.
Diňe Magtymguly Pyragynyň şygyrýetiniň ýalkymly şuglasy bilen türkmen halky özüniň köňül islän ene süýdüne ýugrulan mähriban zybanyna gowuşdy.
Magtymguly Pyragy öz şygyrýeti arkaly: türkmen halkynyň sada, durmuşda zerurlyk hökmünde, ýagny ýaşaýyşyň iň zerur elementine, halk döredijiliginiň şirinje nagmalaryna öwrülip galan sözleri, söz düzümlerini, logika, pikir, many öwrümjikleriniň näzik üpdüjeklerini, duýgy tilisgejiklerini, araplaşma zamanynda iň yza galak, gerekmejek, juda gelşiksiz hasap edilip, ýüňi ýeten mollalar, pirler, takwalar tarapyndan agzyna alynsa utanç hasaplanylýan, çarwa, çomry söz-söhbetlerini däne-dänejikden, zerre-zerrejikden ýygnap, ony bir beýik halkyň tutuş dialektikasyny dolandyryp duran güýçli edebi dile öwrüpdir.
Akademik G.O.Çaryýew özüniň "Magtymguly" atly çaklaňja işinde bu barada: “Halk diline ýüzlenmek bilen, Magtymguly ondan diňe edebi diliň dilewarlygyna, baý bolmagyna hyzmat edýän zatlary seçip alypdyr. Halk dilini Magtymguly täzeden işläpdir,ony öňe ösdüripdir, ony baýlaşdyrypdyr we onuň medeniýetini ýokary göteripdir. Şoňa görä-de, Magtymgulynyň dili türkmen edebi diliniň ýeten ýokary derejesi bolupdyr, halk diliniň janly gepleşik diline ýakynlaşypdyr“. -diýip, dogry belläpdir.
Akademik G.O.Çaryýewiň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halk gepleşigini „täzeden işlemek“ barada pikirem etmändir. Ol bu halk gepleşiginde bar bolan sözlere, söz düzümlerine täze, heniz görlüp eşidilmedik many- mazmun beripdir. Ol:
I. Öz döwri üçin mahsus bolan, esasan medeniýetliligiň, sowatlylygyň iň belent derejesi hasap edilýän, Gündogaryň beýik akyldar şahyrlarynyň, şol sanda öz halypasy, mugallymy, ussady, kakasy Döwletmämmet Azadynyň ürç edip ulanan arap, galyberse-de pars sözleri gatyşykly çagataý-türki diliniň ýerine sada, türkmen halky üçin ýönekeýden düşnükli bolan halk gepleşigini öz şygyrýeti üçin saýlap alypdyr.
Mysal hökmünde onuň „Soňudagy“ goşgusyny alyp göreliň:
Kesgin-kesgin ýoluň geçer,
Gyzyl baýyr göwnüň açar,
Sowuk çeçme suwun içer,
Süri-süri malyň seniň.
Oýlukda ýaýlany gursak,
At çapdyryp baýrak bersek,
Töreýitde harman gursak,
Nan dökmek hyýalyň seniň...
Bu bentlerde öz döwrüniň gözi bilen garanyňda-da, şu günüň gözi bilen garanyňda-da, sadalykdan, düşnüklilikden tebigylykdan, millilikden başga bir üýtgeşik zady tapyp bilmeýäris.
Beýik akyldar bu şygrynda halkyň öz sada, halky sözi bilen onuň beýik hasratyny, öň ýaşap ýören jenneti mekanyndan aýra düşmeginiň hasratyny beýan edýär. Bu bentde-de, onuň sözlerinde-de, şygryň süňňünde ýatan pikir-paýhasa-da, garra, ýaşa düşnüksiz sözem, pikirem, pelsepe-de ýok. Şeýle mysallary Beýik akyldaryň “Ýeli, Gürgrniň“,“Är ýanynda bellidir“, „Ýag saýar“, “Mala seretmez“ ýaly onlarça goşgusyndan hem tapyp bilersiňiz.
II. Magtymguly Pyragy şu sada halk dilini, çarwa, çomry, ýagny halk gepleşigini gündogaryň halk döredijiliginiň, nakyllarynyň, atalar sözüniň, gündogar halklarynyň ajaýyp ertekileriniň, „Leýli-Mejnun“,“Zöhre-Tahyr“, „Şasenem-Garyp“,“Ýusup-Züleýha“ ýaly bir topar dessanynyň, „Görogly“ eposynyň parasat, akyl-paýhas many-mazmuny bilen çuň manylylylyga besläp, ony has agraltmagy başarypdyr. Ol:
Görogly Reýhana neneň ýalbardy,
Amandyr diýene diýanat ýagşy—
diýip, türkmen diliniň iki setirlik şygrynda halkyň „Görogly“ atly ajaýyp eseriň manysyny açmagy başarýar. Ýa-da:
Nežd dagynda gezen Mežnun yşkynda,
Ýanar otly Leýli bolup galyp men—
diýip, iki setirde tutuş ajaýyp “Leýli-Mežnun“ dessanynyň mazmunyny berip bilipdir. Şeýle hem, ol „Söýmüşem seni“ atly şygryndaky sähelçe bentde:
Misli Ybraýym Sarany,
Söýen dek söýmüşem seni
Aşyk Ýusup Züleýhany
Söýen dek söýmüşem seni.—
diýip, Gündogaryň on sany dessanynda wasp edilen aşyk-magşuklyk eseriniň manysyny beýan edýär.
III. Magtymgyly Pyragy sada türkmen dilini Allany, Myhammet pygamberi, şerigatyň ýollaryny, Gurhany Kerimiň many-mazmunyny, Muhammet pygamberiň hadyslaryny, jennetiň gözelligini, dowzahyň zulmatyny, bu dünýäniň bäş günlük synag dünýäsidigini açyp, türkmen halkyna wagyz edýän keramatly, gaty güýçli dile öwürdi Ol:
Magtymguly ýa habybym,
Unutmasyn seni tilim,
Hazreti Muhammet wekilim,
Sygyndygym bir Alladyr.
Ýa-da:
Ölmek –Hak, direlmek –Hak,
Okydym Kuran icinde…
Ýa-da:
Magtymguly okyp Kuran,
Hudaýdan dilegil iman..
Ýa-da:
Bissimilla diýp okyp Kurany- ýasyn,
Köňlüňden çykarma hakyň senasyn,
Magtymguly, hak geçirgeý günäsin,
Jennetil-mäwa dek jaýlary bardyr.
Şu ýerde, Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti türkmen dilinde, türkmen ruhunda halkyň aňyna ornandan soň, bu dil, bu şygyrýet arkaly Gurhany Kerimiň many-mazmunynyň, Muhammet pygamberiň hadyslarynyň, Jennet, dowzah söwdasynyň, şerigatyň ýollarynyň türkmen halkyna elýeterli bolup galandygyny aýratyn bellemek gerek.
Türkmenler indi Magtymgulynyň şygyrlary arkaly din-şerigatyň, dünýä, akyldarlyk ýörelgeleriniň söhbetini edip başlapdy. Şeýdip, beýik akyldar türkmen dilini çarwa, çomry dilliginden, jennetiligiň, takwalygyň keramatly diline hem öwürmegi başarypdyr.
IV. Magtymguly Pyragy türkmen edebi dilini gündogaryň pähim- parasady bilen külli adamzady haýran eden beýik akyldarlarynyň, olaryň deňi- taýy bolmadyk ajaýyp eserleriniň many-mazmyny bilen ilkinji bolup baýlaşdyrdy. Şol beýik akyldarlaryň eserleriniň many-mazmunyny sada türkmen halkyna elýeterli etmegi başarypdyr. Şeýle hem türkmen milli edebi dilini şol beýik paýhas-parasadyň many-mazmunynyň belentligine götermegi başarypdyr. Beýik akyldar “San bolsam” şygrynda:
Okyp idim Sadynyň men “Bossanyn”,
Gör, ne ajap Hakanynyň “Medany”,
Istär men “Şahnama”, ”Sahynamany”,
Mälik Omar bilen Süleýman bolsam.
Arbalet golunda eý, Magtymguly,
Rüstem-u-Isgender hiç tutmaz ýoly,
Ne bolsa bilgeý sen ili hyýaly,
Dertliler alynda men Lukman bolsam.
Diňe ýokardaky iki bendiň özünde türkmen halkynyň gulagynailmedik, dünýäniň beýik akyldarlary, olaryň iň elýetmez eserleri bilen aklyňy haýran ediji söhbet edýär. Iň esasy ýeri, Saady-Şirazy, onuň “Bossan” diýen ajayyp eseri, beýik şahyr Hakany, onuň”Medaýnysy”, Alyşir Nowaýynyň “Sakynama” poýemasy, eýik Ferdowsiniň “Şanamasy”, şeýle hem Omar, Osman, Süleýman baradaky söhbet her bir türkmän üçin, çagajykdan, tä hana-soltana çenli ene süýdi ýaly halal we düşnükli.
Beýik akyldaryň beýleki ajaýyp şygyrlaryndakyny hasaba almanyňda-da, onuň diňe “San bolsam” şygrynyň özünde ona golaý dünýä belli eseriň, kyrka golaý tutuş adamzada belli akyldaryň ady agzalyp, olar barada düşünje berilýär. Magtymgulynyň şygyrýeti arkaly hasyl bolan şu we beýleki tapyndylar hiç kim tarapyndan hasaba alynmaýan çarwanyň, çomrynyň sada halk dilini bahasy ölçenip bilinmejek beýik hazyna öwüren bolsa, türkmen aňyýetine, durmuşyna, düşünjesine ajaýyp täzeçillik bolup siňipdi.
V. Magtymguly Pyragy türkmen edebi dilini türkmen ýigitleriniň mertebesini, mertligini açmagyň, namartlary paş etmegiň, türkmen durmuşynyň ähli ugrunda ýagşa ýagşy, ýamana ýaman diýmegiň obrazly diline öwürdi. Ol:
Jaý wagtynda ýigitleriň başdaşy,
Il üstünde namys bilen baş döker…
Ýa-da:
Namysly, gaýratly, arly goç ýigit,
Söweş güni gurban eder başyny.
- diýmek bilen, türkmeniň mertlik, namartlyk, haram nebis, betgylyk, ýalta, gorkak, myhmanparaz, gybatkeş, çilimkeş, nas atan, zynahor, buzahor, batyr, gaýduwsyz, barly, garyp, jomart, gysganç… häsiýetlerini inçedin täsirli, juda dogruçyl, göz öňüne getirip bolmajak derejede batyrgaý açyp görkezipdir. Türkmenleriň mertlik, batyrlyk, jomartlyk, şeýle hem namart, gorkak, harsydünýä, bahyl, gybatkeşlik ýaly häsiýetine henize, bu güne çenlem Magtymgulynyň sada dilde beýan eden şygyrlary arkaly baha berlip gelinýär.
Beýik akyldar:”Mert çykar myhmana güler ýüz bilen, namart özün gizlär myhman ýoluksa”- diýen mahaly XXI asyrda ýaşaýan turkmeniň diňe bir öýüne setanda-seýranda , azyp-tozup gelen myhmandan däl-de, zadyny öz çagalaryndan gysganyp ýören namart ogly barada aýdýan ýaly duýgy döreýär.
Beýik akyldaryň türkmen edebi dili arkaly sada türkmen durmuşynyň özenine ýugrup döreden edep, özüňi alyp barmagyň ajaýyp görüm-görelde ýollary indi üç ýüz ýyl bäri türkmeniň özüni alyp barmagyň, özüňi düzetmegiň, özüňi ile meňzeş etmegiň esasy normalaryna öwrülip gidipdir.
VI. Magtymguly Pyragy türkmen edebi dili arkaly hakyky mert, "ýürekleri at başy dek“, namys-ar üstünde janyny gurban etmäge taýýar ýigitleriň ajaýyp obrazyny dürli haýwan häsiýetleriniň üsti bilen diýseň ynandyryjy beýan etmegi-de başarypdyr. Onyň: “Gerekdir“ sygrynda mert ýigidiň watan, il-gün, namys-ar üstündäki aldym- berdimli söweşde:
1. Şir kimin güýçli bolmalydygy barada:
“Gaplaň kimin arlap girse meýdana“;
2. Hilegär bolmalydygy barada:
“Tilki kimin bazy berse her ýana“ ýa-da: “Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde“;
3. Belent pikirli bolmalydygy barada:
“Bürgüt guş deý ganat kakyp, dügülden...“
4. Maksada okgunly bolmalydygy barada: “Gurt deý girip, goýun kimin dagyldan..“; 5.Hüşgär bolmalydygy barada;
“Giň ýerde garga deý bolsa wehimli“;
6. Tutanýerli bolmalydygy barada:
“At salanda doňuz kimin topulyp“;
7. Çydamly bolmagy barada:
“Aýy kimin asylyşy gereekdir“;
8. Ýakymly bolmalydygy barada:
“Goýun kimin çar tarapa il bolgul“;
9. Güýçli bolmagy barada:
"Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz“
- diýen ýaly diýseň anyk häsiýetleri döretmek bilen, bu ugurda türkmen diliniň hem obrazlylygyny, täsirliligini, manylylygyny güýçlendirmegi başarypdyr.
Beýik akyldar namart ýigitleriň hem ýigrenji keşbini döredip, "meniň halkym şeýle häsiýetli bolmasyn“ diýen manyda, öz şygyrlarynda olary paş edipdir. Käbir derejede beýik akyldaryň nämartlary paş etmekde obrazlylygy, mertleri wasp edenindäkiden hem güýçli çykypdyr.
Namart kimdir biler bolsaň,
Ne diýseň diýr, baş üstüne,
Ezmaýyşyn kylar bolsaň,
Hiç tapylmaz iş üstüne.
Ýa-da:
Namart aýyp gözlär dogan ilinden...
Ýa-da:
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan sata başlady.-
diýmek bilen, mertligiň, namartlygyň arasyny doly açýar hem-de diňe mert bolup ýaşamagy wagyz edýär. Şonuň üçin-de, beýik akyldaryň şygyrýetine türkmenler mertligiň, namatlygyň welilik kitaby hökmünde garapdyrlar. Olar özleriniň durmuşyndaky gaty köp meselede bolşy ýaly, mertligiň, namartlygyň agramyny, ölçegini Beýik akyldaryň şygyrlarynda juda sada dilde beýan edilen parasat älemi bilen kesgitläp, şonuň esasynda hem şol meselä dogry baha kesmegi başarypdyrlar.
VII. Beýik akyldar türkmen edebi diliniň şirinden şeker nagmaly, eşretli owazy arkaly türkmeniň mertebesini belende göteripdir.
Görogly gardaşdyr, serhoşdyr seri,
Dagda-düzde kowsa saýýatlar diri,
Ala bilmez ýolbars ogly türkmeniň—
diýse, „Çowdur han“ şygrynda Çowdur hanyň üsti bilen türkmeniň mert, jomart, batyr obrazyny, „Azadym kany“, “Atamyň“ şygyrlarynda bu beýik piriň tutuş türkmene maksus danalygyny, ynsaplylygyny, sahawatly halalzadalygyny giňişleýin açyp görkezýär. Şu ýerde beýik akyldaryň özüniň ogullyk, raýatlyk isleglerini türkmen bolup açýandygyny hem bellemek gerek. Ol: „Özüň Hatam bolsaň, ýene baý bolsaň“ diýende, „Mert çykar myhmana güler ýüz bilen“, diýende, “Mertden aşna bolsa abraýňa şärik“ diýende ilki bilen özüni, şonden soň beýleki türkmenleri göz öňünde tütýandyr.
Magtymguly bu türkmen diýen adamyň obrazyny umumyadamzat derejesinde beýik mertebä ýetirmekde türkmen edebi diliniň güýjüni, duýgulylygyny, obrazlygyny, owazlylygyny, her sözüniň, deminiň gudratyny, şeýle ezber, ýagny almaz işlän gadymy zergärler kimin, taraşlap şagladandygyny, şeýdibem türkmen edebi diliniň mertebesini juda belende götermegi başarandygyny görmek bolýar. Asyl, Beýik akyldaryň şygyrýetinde türkmeniň obrazy belentmi, ýa-da türkmen edebi diliniň mertebesi belentmi, asyl, ony anyklamak hem aňsat däldir.
VIII. Magtymguly Pyragynyň dürdäne poýeziýasi arkaly tutuş türkmen halkynyň at- owazasy dünýä derejesine belende göterildi. Beýik akyldar türkmenleriň güýjüni-gudratyny görlüp-eşidilmedik keramat hasaplapdyr:
Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurdars gülzumy, derýaýy Nili...
Ýa-da:
Ýomut, gökleň tagsip edip özünden,
Çyksa goşum, öňi-ardy bilinmez...
Diýse, soň:
Üç müň naýzabazy bardyr nökerden,
Tört müň pildary bar, gala ýykardan,
Teke, salyr ýöreiş etse ýokardan,
Ýagynyň namardy, merdi bilinmez.-
diýip, uly buýsnç, çäksiz hyjuw bilen beýan edýär.
IX. Beýik akyldar türkmen edebi dilini dagynyk, her tire bir kelle halky jebisleşdirmegiň, bir kelle, bir baş, bir ýürek bolmaga cagyrmagyň keremli diline öwürmegi başarypdyr.
Beýik akyldaryň bir döwletlilik, bitewi halk bolmaga, agzybirlige, doganlyga paýhasyň nagmaly dili bilen çagyrýan şygyrlarynda üýtgeşik mähremlik, sahawatlylyk bar. Ol bu meselä bagyşlan goşgularynda türkmeniň köňül, düýgy, owaz, pikir mähir güýjüniň içki gözelliklerini, näzikden inçe nagmalaryny sahylyk, uly zehin bilen ulanypdyr welin, halkyň söwer dilinde beýan edilen ol şygyrlar ýazylanyndan bäri, üstünden üç ýüz ýyl geçenem bolsa, bu gün seniň köňül ymaratyňy mum-helim edip bilýär.
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň...
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz...
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Mundan döwlet dönüp, duşmana gelgeý.
X. Magtymgyly Pyragy türkmen dilini eziz watany, Türkmenistany, türkmen ilini, onuň gözelden eziz didaryny wasp etmegiň keramatly diline öwürmegi başarypdyr. Watanyň waspy beýik akyldaryň janyna jan, ýüregine deramat beren bolmaly. Ol haçan-da türkmeniň waspyny edende, bu halkyň dili hem beýik akyldaryň şygyrlarynda hyjuwyň, näzikligiň, ylhamyň müň öwüşginli nagmalaryna beslenip, keramatly ganatyny ýaýyp, allahy ruh bilen uça-uça, ýürekden ýürege barýan ýaly. Magtymguly Pyragynyň eziz watan baradaky şygyrlaryna meňzeş mähriban eseri ömrümizde hiç haçan gören däldiris.
Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükreýip, bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň.
Ýa-da:
Watanymda han idim,
Hanlara perman idim...
Ýa-da:
Ýigitler tirme-şal guşar biline,
Ýorga münüp, tarlaň alar eline,
Ak göwsün biýr jeren deňiz ýeline,
Mäleýän marally çöli Gürgeniň...
Watan waspy meselsinde beýik akyldar türkmen edebi diliniň: “Magtymguly, ilden-ile aralar, hijran tygy bilen bagryn paralar, golun sallap, maral gabak periler, iner olumyndan däli Gürgeniň“ diýen ýaly, türkmeniň ýadyna- oýuna düşmejek täzeçil näzik duýgudan, pikir gözelliklerinden püre-pürlenip duran meňzetmeleri hem şygryna batyrgaýlyk bilen girizipdir. Bir söz bilen aýdanyňda, Beýik akyldaryň şygyrlaryndaky edebi dili keramatlaşdyrýan, gözelleşdirýän, janlandyryp, ýürege, mähre ýakyn edýan pikir meňzetmeleriniň ählisi täzeçil tapyndydyr. Şol ajaýyp täzeçillik, beýik parasadyň, adam aňyna gelmejek keremli zehin bilen döredilen şygyrlar şu gün hem ýyldyrymyň güýji ýaly, şirin janyňy, aň islegiňi gandyrýan pikir- parasady, duýgy gözelligi bilen aklyňy haýran edýär.
Ine, ýokarda garalyp geçilen mysallar, seljerişler Magtymguly Pyragynyň turkmen iň çarwa, çomry, sada halk dilini bir döwletiň, bir halkyň edebi, ýagny döwletli durmuşyny dolandyrýan edebi, döwlet diline öwürendigini subut edýär. Munuň üstüne:
1. Magtymguly Pyragynyň akyldarlyk batyrgaýlygy, türkmen dili baradaky mertligi onuň türkmen dilini täzeçe many- mazmunda ulananlygynda, ony täze pikir-parasatlar bilen baýlaşdyrmagynda ýa-da ony dünýäniň many gönezliginiň ýüküni çekip bilýän dile öwrenliginde däl-de, türkmen dilini tutuşlygyna arap ýa-da pars, çagataý diline öwrülip gitmek belasyndan, ýagny arap ýa-da beýleki bir diliniň zulmatly zarbasyndan gorap saklamagy başaranlygyndadyr.
2. Onuň türkmen dilini adamzadyň paýhas hazynasynyň, dünýä parasat mülküniň agyr ýüküni çekip bilýän kuwwatly dile öwrendigini;
3. Adamyň mbegenjini buşlap, wagyz edip bilýän beýik dile öwrendigini;
4. Adamyň başyna düşen iň ajy habary öz egninde çekip bilýän dile öwrendigini;
5. Beýik Ýaradany, onuň Resulyny, o dünýäni, jenneti, erenleri wasp edip bilýän dile öňrendigini;
6. Dowzahyň zulmat tümlüginiň ahy-perýatly älemini beýan edip bilýän dile öwrendigini;
7. Arap-pars diliniň türkmen halkynyň milli sözüniň derejesine öwrülip giden sözler bilen bu dili baýlaşdyrandygyny;
8. Türkmen dilini san, hasabyýeti ýaýyp ,dünýäniň islendik ölçegini alyp, ony beýan edip bilýän dile öwrendigini;
9. Şu günleriň gözi bilen seredeniňde, türkmen diliniň many, ses, söz, sözlem, beýleki sözlem agzalarynyň gurluşy bilen baglanyşykly taglymat tapyndylaryny batyrgaý açandygyny nazara alsaň, türkmen edebi dili Beýik Magtymgulynyň şygyrýetiniň keramaty mülküne öwrülýär. Şonuň üçin bu beýik akyldaryň şygyrýet mülküni türkmen edebi diliniň örňän, ösen, gül-gunça açyp, şirin miwe berip, täze güýç bilen dünýä ýüzünde orun, mertebä eýe bolan keramat köşgi diýip aýtdy.
Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Magtymgulyny öwreniş