MAGTYMGULYNYÑ ŞYGRYÝETINDE MILLILIK
Türkmeniň Beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň şygyrýetinde millilik ruhuny gözlemek juda kyn we çylşyrymly mesele bolup durýar. Onuň sebäbi beýik akyldaryň döwrüniň çylşyrymlylygynda bolsa gerek. Çünki, Magtymguly Pyragynyň ýaşan zamanynda yslam dini, arap-pars dili tutuş gündogaryň ahlak, parasat, ruhy gymmatlygy bolupdy.
Şol sebäpli, Gündogaryň akyldar şahyrlary ýaly, Magtymguly Pyragynyň hem akyldarlyk, şahyrlyk zehini ilkinji nobatda, yslamyň, din-şerigatyň dünýewi ýörelgelerini, ýodalaryny öz halkynyň köňül dünýäsinde uly ýola öwürmek esasy alada bolupdyr. Şeýle bolany üçin gündogaryň şahyrlarynyň döredijiliginde Gurhan edebiýatynyň, yslam we sopuçylyk edebiýatynyň umumy däplerine görä, umumy adamzat ýörelgelerini, Allatagala bolan beýik söýgüden gelip çykýan ruhy-ahlak ýörelgeleri milli däp derejesine götermek we milli ruhuň gözelligi bilen wasp etmek dessur bolupdyr. Bu dessury turkmenlerde Mäne babadan başlap, Döwletmämmet Azada çenli şeýle däp esasynda alnyp göterilipdir. Olaryň, ýagny onunjy, XVII asyryň şahyrlarynyň döredijiliginde Gurhanyň, gurhan edebiýatynyň, yslamyň, şerigatyň kada-kanunlary milli däpleriň derejesine çenli ýokary göterilipdir. Hatda türkmen halkynyň milli däpleriniň dessurlarynyň iň täsirlileri, iň gözelleri yslamyň, şerigatyň däplerine garylyp gidipdir.
Şeýle-de bolsa Magtymguly Pyragy özüniň akyldarlyk çeşmesiniň dury gözbaşy bolan beýik halypalaryndan tapawutlylykda, köp derejede, türkmen bolmagynda, türkmeniň milli şahyry derejesinde galmagy başarypdyr.
Elbetde, Millilik ýa-da milli şahyr diýen düşünjeleriň äheňi bir bolsa-da, olar aýry-aýry düşünjelerdir. Biz bu makalamyzda beýik akyldaryň şygyrýetinde türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolup durýan ýagdaýlary zerre-zerrejikden bir hazyna jemläp, olary ähli näzikligi, gaýtalap bolmajak gözelligi, hiç bir halkyňky bilen gaýtalap, garyşdyryp bolmajak derejede belent mertebä göterişi barada gürrüň etmegi makyl bildik.
Millilik düşünjesi - ruhy we ahlak düşünjedir. Ol ynsanyň öz halkynyň aňyýetinde, ahlagynda, ruhunda, dürmuşynyň dürli ugurlarynda dowam edýän däp, dessur, adat gymmatlyklary, ýer, ýurt, ýaşaýyş, durmuş, gün, güzeran, hüý-häsiýet aýratynlyklary, olaryň umumylygy, bitewiligi bilen kemala gelip, keramatly näziklige öwrülip, adamlaryň, nesilleriň gözünde, ýüreginde, aňynda iň eziz milli gymmatlyga öwrülip galan adaty serişdeler, duýgy-düşünjelerdir..
Her bir adam doglan gününden başlap, uzak ýyllaryň dowamynda özüniň ýaşaýan ýeriniň tebigatynyň dürli häsiýetini, il-günüň ýaşaýyş, dýrmuş gözellikleriniň müň öwüşginli göwherini- däbini, dessuryny, urp-adatyny, toýuny-ýasyny, begenjini-gynanjyny, olara has bolan geýim-gejim gap-çanak, hüý-häsiýet gözelliklerine aňyna ruhuna, janyna siňdirýär.
Ine, şeýdibem onda milli ruh, milli edep, milli dessuryýet kemala gelýär. Haçan-da onuň gözleri özünde bar bolan milli, ýakymly ýagdaýlary göreninde, gulagy milli owazy eşidende,onda ynjalma, köşeşme, beýik buýsanç, ýaşap, ýaýnap ýören durmuşyndan, dünýäsinden razylyk duýgusy emele gelýär.
Bu babatda, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde milliligi synlmak has gyzyklydyr. Çünki, ol şygyrýetiň ýazylanyna üç asyra golaý wagt geçenem bolsa, beýik akyldaryň şygyrýetinde dýrmuşy milli özboluşlyklar - don, telpek, gülli-ýakaly geýim-gejim, milli gap-çanak, gara, ak öýler barada gürrüň edilmese-de, milli aň, milli parasat, milli ruh bolany üçin, ol şygyrlar häzirem her bir türkmeniň kalbyna milli röwşenlik saçyp, lowurdap dur.
Sebäbi, millilik ruha, aňa ornandan soň, her halkynyň milli özboluşlylygyny başga bir halkyňky, milletiňki, halkyýetiňki bilen garyp-gatyp bolmaýşy ýaly, olaryň ruhundaky milli gözelliklerini, aňynyň, zehininiň milliligiň eşreti siňen şirin miwelerini hem gatyşdyryp bolmaýar. Şeýle bolansoň, diňe bir durmuşda, däp-dessurda däl, ol halkyň, milletiň şahyry, ýazyjysy näçe zehinli, akyldar boldugy saýyn ,onuň döredijiliginde, millilik alamatlary çuň, töwerekleýin, has şuglaly ýüze çykýar.
Muny biz Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrýetinde milliligiň bäş görnüşde ýüze çykýandygy bilenem düşündirip bileris.
Birinjiden, Magtymguly Pyragynyň türkmeniň iň näzik duýgulary bilen beslenen gelin-gyzlaryny, merdana ýigitlerini dürli ýagdaý bilen baglanyşykly beýan etmegidir. Gyzlaryň, gelinleriň näzikden edepliligi, türkmen ýigitleriniň merdanalygy beýik akyldary biparh goýmandyr. Ol bu meselede beýleki käbir gündogar şahyrlary Omar Haýýam, Nyzamy, Genjewi, Sady Şirazy ýa-da özüniň beýik mekdebini geçen Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Mollenepes, Annagylyç Mätäji ýaly aç-açanlyga ýykgyn etmese-de, türkmen ýigitleriniň hiç kimiňkä meňzemeýän syrdam keşbini, gözelleriniň milli näzikligini uly buýsanç bilen ýaýyp bilýär. Biz bu ýagdaýy akyldaryň "Ýeli Gürgeniň" goşgusynda şynlap bilýäris:
Ýigitler tirme şal guşar biline,
Ýorga münüp, tarlaň alar eline,
Ýa-da:
Golun sallap, maral gabak periler,
Iner olumyndan däli Gurgeniň. .[1.218]
Beýik akyldaryň bu şygrynyň görülip geçilen setirlerinde iki sany milli ýagdaýy synlalyň. Olaryň birinjisinde, "golun sallap" diýilende, ak, näzik golaryny çermäp, küýzesini eline alyp, boýdaşlary bilen derýanyň güzerine barýan türkmen gyzlary pikiriňde janlanýar. Içeriniň arassalygy, çeşme- çaýdan suw alyp gelmek türkmende gyzlaryň işi ahyryn. Ikinji ýagdaý bolsa, şol gyzlaryň tez maralyňky ýaly owadan gabaklaryny galdyrman göz astyndan ýoluny ýzarlap barmasy. Beýik akyldaryň bu meňzetmesi türkmeniň uly gyzlarynyň milli edebine gönügýär. Beýik akyldar bu ýerde gündogaryň "badam gabak" meňzetmsini däl-de, täzeçil meňzetmäni saýlapdyr. Bu meňzetme bolsa bu şygryň millilik ruhuny juda täsirli açypdyr.
Magtymguly Pyragynyň "Uýat eýleýir" goşgusynda milli suratlandyrma has güýçlenýär. Özem, milliligi görkezmegiň hatyrasyna däl-de, beýik akyldaryň yşk, söýgi derdeseriniň ruhuna berilmek arkaly beýan edilýär.
Meňli hanym ýeňin dişläp,
Bizden ki uýat eýleýir...
Seýkin basyp, uz ýörişläp,
Bizden ki uýat eýleýir.
Ykbal çapmaz ýöreý diýsem,
Ýokdur malym bereý diýsem,
„Aç roýuňy-göreý“ diýsem,
Öwrülip uýat eýleýir.[1.159] -
Magtymguly bu şygrynyň şu bendinde: "Meňli hanym ýeňin dişläp, seýkin basyp, uz ýörişläp, bizden ki uýat eýleýir“ - diýende, türkmen zenanynyň milli ruhuňyň iň belent başgançagyna ýetip, türkmen gyzynyň päkizeden eziz, hut janyňa, ruhyňa köşeşdiriji rahatlyk berýän belentligine götermegi başarýar. Eger türkmeniň uly gyzyna habar gatanyňda, onuň ýeňini dişläp, uýalmakdan ýaňa nar ýaly bolan ýaňagyny gizläp, ýüzüni öwürmesini aýyrsaň, onda başga nähilli millilik galar?!
Bu ýagday türkmeniň milli ruhunyň iň belent derejesidir.
Beýik akyldar "Durasyň geler" goşgusynda bolsa:
Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy,
Garaňky gijede düşer ýalkymy,
Sözlegen sözleri misli bal kimin,
Tapyp, nirde bolsa alasyň geler...
- diýse, "türkmen mert ýigitleriniň ýary şeýle bolmalydyr" – diýip,
Şeýle gözel bolar merdiň geregi,
Ne hajat islese beresiň geler. .[1.363]—
diýmek bilen, türkmen zenanynyň tutuş milli durkuny ajaýyp şahyrana nagmalar bilen bezäp, taýsyz gözelligiň derejesaine göterýär.
Beýik akyldaryň şygyrýetinde milliligiň ikinji ýüze çykýan ýagdaýy onuň türkmeniň mert, merdana ýigitleriniň gündogarda hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly, ynandyryjy keşbini öz şygyrýetinde çekmegi başaranlygyndadyr.
Dogry, millilik, milli ruh barada söz açylanda Beýik akyldaryň bu temany başdan- aýak, ýörite iş edinip, ilik-düwme öwrenmändigini, yzarlamandygyny başda hem belläpdik. Muňa garamazdan, Magtymguly Pyragynyň şygyrýetiniň tutuş ruhy milliligiň gözel nagyşlary bilen keşdelenendigini bellemek gerek.
Ol öz şygyrýetinde türkmeniň mert, merdana ýigitleri barada söz açanda, milli ruhuň köklerini, şahalaryny yrap goýberýär.Bu bolsa onuň tutuş şygyrýetiniň milli we halky röwşenlige çaýylmgyna getiripdir.
Magtymguly Pyragy ilki bilen mert, watan, il-gün üçin jan berip, jan alýan batyr ýigitleriň milli keşbini suratlandyrýar. Şu ýerde, Orta asyrlarda saý-sebäp bilen türkmenleriň arasynda bolan wenger alymyArmeniý Wamberi özüniň "Orta Aziýa syýahat" diýen gymmaty egsilmejek işinde gürrüň berýan bir wakasyny getirsek tüýs ýerine düşer. Ol Etrekde bolanlarynda özleriniň goşlaryna bir bagşynyň gelip, aýdym aýdyp berendigi, ony diiňlemäge ýaş çarwalaryň uly toparynyň üýşendigi barada gürrüň berip, şeýle diýýär: “Ol (bagy-Ö.N) ilki bilen dutaryň taryny ýuwaşja we saldamly kakyp, bogazyna salyp hiňlenmäge başlady, bu aýdyma däl-de, hor çekmä meňzeýärdi. Emma gyzyşandan soňra, dutaryna örän batly kakyp, sesi örän çasly çykmaga başlady. Tarypy edilýän söweş gazaplaşdygy saýyn bagşynyň, töweregindäki diňleýjileriň ruhlary barha göterilip başlady. Soňra ýaş çarwalar agraslyk bilen dem alyp, telpeklerini ýere urup, guduz açan ýaly, saçlaryny penjeläp, öz- özleri bilen söweşe giren ýaly boldular...“ diýende türkmen ýigitleriniň şeýle keşbini Beýik akyldaryň şygyrýetinde doly görüp bilýäris. Sebäbi bu çarwalar Magtymgulynyň şygyrýetinde waspy ýetirilýän şol ýigitler ahyryn. Ol ýigitlerden milliligi, halkylygy aýryp, nirä gitjek.
Beýik şahyr türkmen ýigitleriniň milli keşbini çekende:
Ol ýigitler görde ýagşy,
Başy gowgaly bolmasa—
- diýse, soňra:
Ýürekleri at başy dek ýigitler,
Hatynça ýok at –ýaragy bolmasa.
- diýýär, yzyndan:
Magtymguly söweş bolar,
Ýigidiň syry paş bolar
Ýa baş alar, ýa baş berer,
Mert ýigit ýoldaş üstünde
- diýip, has berkidýär. Diýmek, hakyky turkmen ýigidi watan, il- gün, namys-ar üçin başyny aldym- berdimli söweşleriň gyzgyn gowgasyna sokup bilýän, atly-ýaragly, gerek bolsa il-günüň üstüne sülsat bolup inen ýagynyň başyny alyp, zerur bolanda öz başyny "wah" diýmän berip bilýän merdan bolmaly. Şeýdibem, Beýik akyldar: "Namys- ary gerekdir" diýen goşgusynda:
"Menem" diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owal başda söwer ýary gerekdir.
Ondan soň ogul, gyza howandar,
Ser jydasy, zülpükary gerekdir.
"Är men" diýen näweçden är bolmaz,
Gaýraty, namysy, ary gerekdir.[1.387]—
diýip, milli türkmen ýigidiniň durnukly keşbini çekýär.
Beýik şahyryň öz halkynda görýän, belende göterýän üçünji bir ajaýyp milli häsiýeti myhmanparazlyk, jomartlykdyr.
Myhmanparazlyk - türkmen halkynyň aslynda, gadymyýetden gelýän, türkmeni türkmen edýän milli häsiýetleriň biridir. Beýik şahyr myhmany şeýle bir milli belentlige göterýär, asyl:
Ganly bolsaň geç ganyndan,
Bir garyp myhman ýigide—
- diýýär. Soňra:
Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,
Namart özün gizlär myhman ýoluksa—
- diýmek bilen, ol taňry myhmanyny eziz saklamagyň gamyny iýýär. Sebäbi Ol:
Adamzat myhmandyr dünýä öýüne,
Bir gün öý içinde myhman tapmarsyň—
- diýip, türkmeniň özüniň hem bu dünýä, bu ömre myhmandygyny duýduryp goýýar.
Beýik akyldaryň türkmeniň milli ruhunyň gözelligi diýip pikir edýän çeşmeleriniň biri halkyň milli adamkärçilik ýörelgeleridir. Entäni goldamak,aja nan, ýalaňaja don bermek, pälipeslik, sabyr-kanagat bilen ömür sürmek ýaly milli häsiýetleri şygyrlarynda uly buýsanç bilen wagyz edipdir.
Asla adamzada ajy söz urma,
Pakyra- misgine delalat ýagşy.
Ýa-da:
Ýetimi göreňde güler ýüz bergin,
Goldan gelse aňa tagam-duz bergil,
Gamgyny göreňde, ýagşy söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.
Jomartlyk barada bolsa:
Jomardy il tanyr, adyly-diwan!—
- diýýär. Soňam „myhmany güler ýüz bilen garşy almak üçin“, Ýetimi göreňde güler ýüz berip, aňa tagam-duz bermek üçin“, "Gamgyny göreňde, ýagşy söz berip, entäni goldamak" üçin "Özüň Hatam bolsaň, ýene baý bolsaň" diýýär.
Ine, şu we beýleki adamkärçilik häsiýetler milli, halky bolany üçin, Beýik akyldaryň zamanynda, onuň şygyrýetinde nähili bolan bolsa, ondan bäri üç ýüz ýyl töweregi wagt geçenem bolsa, hut şu günler hem türkmen halkynyň milli dessury hökmünde ýörgünli bolmagynda galýar.
Beýik akyldaryň şygyrýetinde milliligiň dördünji bir ýüze çykmasy, türkmen halkyna maksus bolan bir milli hasraty, gaýgy-gamy öz derdi, öz hasraty bilen utgaşdyryp beýan etmegidir. Bu ýagdaýlar bolsa esasan beýik akyldaryň dürli ýagdaýlarda döreden mersiýelerinde, ýagny elegiýalarynda has aýdyň ýüze çykýar. Onuň "Abdylla" diýen şygrynda:
Üstümize hijran ody sepildi,
Kuwwatym gigipdir, dyzym epildi,
Gan ýyglap, atamyň bili büküldi,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdilla.[1.552]—
- diýende, tutuş türkmen halkynyň piri bolup oturan beýik akyldar atanyň çekip-çydardan agyr derdini beýan edýär. Ýöne bu derdi, bu hasraty diňe Magtymguly Pyragynyňky diýip bolmaz. Bu hasrat milli hasratdyr. Çünki beýik akyldar bu şygrynda öz agasy Abdyllanyň derdi barada gan eňremek bilen, Abdylla bilen bile giden,indem ezizleriniň hasratly gözlerini ýola bakdyryp, atalaryny gan agladyp, billerini bükdürip, gaýdyp gelmedik ençeme türkmen ýigitleriniň niräňe goýsaň ýandyryp barýan derdine aglaýar. Eger onuň atasy sabryň, kanagatyň, Alla şükür etmegiň akyldar piri Döwletmämmet Azadynyň ogly üçin “gan ýyglamakdan bili bükülýän bolsa” beýleki türkmenler nätdikäň?! Hawa, bu matam, sözüň doly manysynda milli matamdyr.
Beýik akyldar bu hasratyny “Çowdur han”goşgusynda:
Gelin-gyzlar gyrmyz donlar biçdiler,
Kamysdan lybaslar hem don Çowdur han. [1.238]—
- diýende “Abdylla “ goşgusynda il-gün derdi üçin giden dostunyň derdine aglap, türkmen gelin-gyzlarynyň: ”Nesip bilsa, Çowdur han gelende geýer” diýip, tiken milli lybaslarynyň geýilmän galandygyny ýatlaýar. Başga bir “Çowdurhan üçin” atly goşgusynda bolsa:
Yzyňda galandyr ikl intizaryň,
Umyt bilen gezdi Annahal ýaryň,
Atanazar boldy çekerge zaryň,
Gözleý-gözleý ýollar Çowdurhan üçin. [1.176]—
- diýip, has anyk milli detallary açýar. Bu ýerde Çowdurhanyň yzynda Annahal ýary “umyt bilen gezende”, öz agasy Abdyllanyň gelni Akgyzyň hem söwer ýar üçin çeken hasratlary, umytlaryny, söwer ýar üçin döken gözýaşlaryny okyjynyň ýadyna salýar.
Beýik akyldar türkmen halkynyň şunuň ýaly beýik hasratlaryny özüniň has beýik hasraty bilen utgaşykly beýan edende, ol hasrat milli we halky bolup,aňyňa ornaýar. Munuň şeýledigini biz beýik akyldaryň “Atamyň” goşgusynda hem görýäris. Ol:
Agyr döwletlere köňül goýmady,
Bu jahanyň eşretini söýmedi,
Esgi şaldan artyk puşeş geýmedi,
Ahyret öýi boldy kasdy Atamyň.[1.95]—
- diýse, “Azadym kany? goşgusynda “Ilimiň zybany - Azadym kany?” diýip zar çekýär.
Bu mersiýelerde, şeýle hem beýik akyldaryň görlüp geçilen goşgularyndaky milli hasrat, milli matam şu günler hem türkmen okyjysynyň derdine öwrülýär. Çünki türkmen halkynyň aradan gör, näçe asyr geçse-de, Magtymgulydan aýra derdem, şatlygam ýokdur. Şonuň üçin, Magtymgulynyň çeken hasratyny bu gün tutuş türkmen halky özüniň milli hasraty hökmünde kabul edýär.
Beýik akyldaryň milli ulgamynyň bäşinji akabsy onuň özüniň milli aň, milli parasat, milli ruh hökmünde şygyrýetiniň üsti bilen orta çykmagydyr.
Munuň şeýledigini beýik akyldaryň şygyrýeti döräp, türkmen halkynyň ýüregine, aňyna ýeten gününden, halkyň ol şygyrýeti öz mülki hökmünde ynam bilen diliniň senasyna, akyl-parasadynyň gönezligine öwrüp, ol şygyrýeti akyl-parasadynyň ummanyna siňdirmek bilen, ol şygyrýete Magtymguly Pyragynyň hut özi diýip düşünýär.
Magtymgulunyň türkmen halkynyň milli ruhuna, milli parasat-paýhasyna öwrülip gidenliginiň mysallaryny onuň şygyrýet bossanyndan näçe ter çemen edip bogsaň hem, onuň aňyrsyna ýetme ýok. Beýik akyldar:
Ykbal çapmaz ýöreý diýsem,
Ýokdur malym bereý diýsem,
"Aç roýuňy-göreý" diýsem. [1.159]—
- diýende, türkmeniň milli halyny öz çekip, çydardan agyr derdi hökmünde beýan edýär. Ýöne ýoksuzlyk, malsyzlyk derdeserine sezewar bolup, öz söwer ýaryna ýetip bilmedik diňe Magtymguly däl ahyryn, baryp, Magrymgulynyň döwürlerinden has aňňyrraklaryndan ýaňy-ýakynlara çenli bu dert türkmen halkynyň milli derdeseri bolany üçin, halk onyň pelsepe parasadyny hut Magtymguly çözen hökmünde kabul edip gelýär.
Beýik akyldaryň başga bir goşgusynda:
Namysly goç ýigit alsa ýeňňäni,
Elmydam agasy ölen ýalydyr.
- diýende, bu pikir hem turkmen halkynyň milli ahwaly bolup galýar. Sebäbi öz ýeňňeňe öýlenmek meselesi türkmen halkynyň milli dessurlarynyň biri bolmak bilen, bu ýagdaýyň özi gowulykdan, ýa-da bagtlylykdan gelip çykan ýagdaý bolmandyr. Şonuň üçin ýokardaky setirleri okanyňda Beýik akyldaryň bu işe razylyk duýgusyny syzyp bolmaýar. Gaýta, ol turkmen halkynyň milli hasraty, milli betbagtçylygy hökmünde ýadyňda galýar. Şol bir wagtyň özünde agasy "gelmedi-diýip gan eňräp, atsynyň-kakasynyň bilini büken agasynyň aýalyna—öz ýeňňesine öýlenen şahyryň öz derdi turkmen halkynyň milli dert-hasraty hökmünde orta çykýar. Beýik akyldaryň “Geçdi diýdiler“ şygryndaky:
Ýigitlik hasraty başdan ötermiş,
Ogulsyzlyk barça dertden betermiş,
Zurýatsyz ýigidiň ady ýitermiş,
Ýurdy ýok, kerweni göçdi diýdiler.
- diýen setirlerinde beýan edilýän pikir halkyň milli pelsepesi hökmünde kabul edilipdir.
Türkmen halkynyň ogly hut Magtymgulynyň parasady hökmünde: “Oguldyr döwletiň başy“ diýen ynanç hökmünde kabul edip, bu parasat hem türkmen halkynyň milli pelsepesiniň ulgamlaryna sepleşip galypdyr.
Beýik akyldar şahyryň şygyrýetiniň milli aň, milli ruh, özem taýsyz batyrgaýlyk bilen halkymyzyň milli parsadyna siňip, şonuň ummanynda eräp gidendigini onuň "Azadym kany" atly şygrynda hem görmek bolýar.Ol bu şygrynda:
Armanym ýok, pelek, bir söweş kylsam,
Ýa ýyksam, basylsam, ýa seriň alsam,
Seglere aş eýläp, bazarga salsam,
Bagymyň reýhany –Azadym kany. [1.167-168]
- diýip, Adam atadan, How eneden başlap, öz balalaryna çenli gara ýere gark eden, agzy ganly ýowuz pelege: “Seniň bilen bir söweş kylsam, ýa ýyksam, basylsam, ýa seriň alsam, seglere(itlere) aş eýläp, bazarga salsam“—
diýip azm urýar.
Bu tutuş gündogarda hiç bir halkyň şahyryna, akyldaryna meňzemeýän batyrlyk türkmen badyhowa kakabaşlygyna, ýa-da beýik akyldaryň: “Ol ýigitler görde ýagşy, meýdanda däli bolmasa“ diýip aýdyşy ýaly, meýdanda däli bolmasaň aýdar ýaly pikir däl. Ony diňe gahar-gazaby dünýä sygmaýan milli akyldar aýdyp bilipdir.
Magtymguly Pyragynyň milli akyldarlygynyň beýik şuglasy, onuň dünýä derejesindäki, adamzadyň göwher genjini milli parasat hökmünde öz halkyna ýeterli edip bilenligindedir. Onuň:
Her başa per sanjan Isgender bolmaz—
- diýse, ony beýik akyldaryň:
Nejd dagynda gezen Mejnun yşkynda,
Ýanar otly Leýli bolup galyp men—
- diýen setirlerinden hem aňmak bolýar.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hut özüniň halk ruhy, halk parasady, halkyň millilik paýhasy hökmünde orta çykmagy, onuň şygyrýetiniň ýokarda garap geçen mysallarymyzdaky dury akabalary bilen bitewileşip, diňe bir gündogar şygyrýetinde däl, tutuş dünýä poýeziýasynda taýy bolmadyk joşgunly siller kimin möwç alyp biziň günlerimize ýetipdir. Şol şygyrýetdäki millilik, milli ruh, milli parasat, milli pelsepe hökmünde türkmen halkynyň Altyn asyryň dünýä taýlanýan aňyýetinde aklyňy haýran galdyryjy röwşenligi bilen şugla saçýar.
Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Magtymgulyny öwreniş