M Ä H I R
"Ata ýüregi ýeke, ene ýüregi iki" diýlen nakyly eşidenimde, kiçijikkäm bolan bir waka ýadyma düşýär. Biz şol gezek jigim Aman ikimiz tötänlikde, öýüň içinde birek-biregi kowalamaşak oýnap ýörşümize. hemmämiziň üýşüp çaý içýän owadan gülli çäýnegimiziň jürnüginiň döwülmegine sebäp bolduk. Dogrusy, şo mahal kakam bolan bolsady, başyňyza gidipsiňiz, haçan görseň, biri-biriňiz bilen erre-de teşe diýäge-de. belki onuň çepbekeýläp urjak birki şarpygynyň zarbyna duçar bolsagam bolardyk. Ýöne ejem beýtmedi. Onuň bizi gowy görşi çeniň-çakyň däldi, üýtgeşikdi. Hatda ol bu iş üçin bize käýejegem bolmady, igenjegem. Gaýta: „Çäj döwülse, şatlyk bolar“ diýdi-de, özüni ylla hiç zat bolmadyk ýaly alyp bardy. Towuk keteginden getiren dört sany ýumurtgany gyňajynyň ujuna dolady-da, jürnügi döwlen çäýnegi obadaşymyz Ata ussanyňka alyp bardy. „Adam eli gyzyl gül“ diýleni Ol bular ýaly çäýnegiň jürnügine demir halka geýdirip, onuň ömrüni uzaltmakda ussat adamdy. Ol uruşdan bir aýagyny aldyryp gelse-de, obadaşlary üçin sogap işiň başyny tutupdy. Onsoň her kesem, hatda goňşy obaly adamlaram özleriniň jürnügi döwlen çäýnegini olara alyp barardy. Ata ussa welin äwmezekdi, getirilen çäýnekleri nobatly-nobatyna goýup, olary öýünde birnäçe günläp saklan gezeklerem bolardy. Ýöne ejemiň barşy gelşi bilen deň boldy. Özem aýagy ýere degenokdy, ýyrş-ýyrş edýärdi. Elinde-de jürnüginiň ujy abatlanan şol owadan gülli çäýnegimiz bardy. Biz jürnügi birkemsiz edilip abatlanan şol çäýnekde soňam kän wagtlap çaý içdik. Onsoňam kakam heniz ulanylmadyk täze çäýneklerdir käseleri tükelläbem duranokdy, olar ep-esli bardy. Şo gezegem ejem kakama duýdurman, oňa jürnügi döwlen çäýnege meňzeş başga bir täze çäýnege çaý demläp beripdi. Muny ol jigim Aman ikimiz üçin şeýtdi. Bizde öňem iki-ýeke jürnügi ýa-da gapagy döwlen çäýneklerimiz bardy. Garry enem bolsa olary köplenç çäýnekleň ujy gädilen jürnügine barmak boýly emziklerden geýdirerdi-de, olar bilen enesiz ýetim galan owlakdyr guzularymyza, gölämize süýt içirderdi.
Hawa, biz jigim ikimiz ejemiziň şular ýaly mähribanlylygynda, dözümsizliginde, geçirimliliginde, onuň bize aýratyn görüş-bakyşynda ösüp ulaldyk, terbiýe aldyk.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty