AÝRALYK HAKYKATY
Adam Zeminde ýeke-täk başy ölümli jandardyr, çünki diňe adam ölümiň hakykylygyny bilýär, oňa akyl ýetirýär, diňe adam ölümiň bardygyny bilip ýaşaýar. Islendik aňlanylan zat hakykatdyr. Aňlanylmadyk zadyň hakykylygy ýokdur. Munuň özi, başgaça aýdylanda, ýaşaýşy bilýän ýeke-täk jandar adamdyr diýmegi aňladýar.
Diňe adamzat ölüm tejribesine eýedir. Onuň bu hili tejribesi ýaşamak tejribesiniň bir bölegidir. Dirilik adama ölüm bilen bir wagtda berlipdir. Bu barasynda asly Gurhandan gaýdýan ajaýyp bir rowaýat bar. Ol yşk barasyndaky rowaýatdyr.
Yşk – ölüm bilen diriligiň bitewülikdigine, biri bolmasa, beýlekisiniň mümkin däldigine göz ýetirmek ukybydyr. Adam başga hiç bir artykmaçlygy, hiç bir alamaty ýa-da sypaty bilen däl-de, eýsem diňe ölümi bilýänligi bilen hem ähli janly-jandarlardan ýokardadyr.
Biribar jümle-jahany ýaradanda, yşk ukybyny başga jynslara-da berip görüpdir. Emma olaryň hiç biri-de bu ýüküň hötdesinden gelip bilmändir. Diňe adam muňa döz gelip bilipdir. Diýmek, diňe adama ýaşaýşyň nämedigini bilmek ukyby berlendir.
Adam ölüm arkaly öz Eýesini tanap bildi. Şeýdip, ol imanly boldy. Şeýdip, ol kapyrlykdan imana geldi. Kapyrlyk – barlykda ölüm ýok diýen pikire uýmakdyr. Ölüm ýok diýmek ýaşaýşy-da inkär etmekdir. Barlykda ölümden başga zat ýok diýmek hem kapyrlykdyr. Çünki beýle pikir ýaşaýşy-da ret etmekdir, ýaşaýşyň gözbaşynda duran Biribara-da müňkür bolmakdyr. Eger ýaşaýyş ýok bolsa, onda ölüme nädip akyl ýetirip bolardy ahyryn?!
Ölüm meselesiniň ähmiýeti iman hem imansyzlyk bilen dahyllydygy mynasybetlidir. Men bu barasynda indiki bölümde aýdaryn. Häzir ölümiň başga bir jähetine ünsi çekmekçi.
Türkmen ölümi aýralyk hökmünde kesgitleýär. Beýle kesgitlemede mistiki pelsepe bar, çünki ol ölümiň hem ontologik tebigatyna, hem akyl ýetirme ähmiýetine aralaşmaga mümkinçilik berýär. Aýralyk diýen pelsepe mowzugy biziň geçmiş pelsepämiziň hem-de sungatymyzyň esasy mowzuklaryndandyr. Türkmen ruhy we paýhasy akyl ýetirmäniň haýsydyr bir çuňlugyna ýeten bolsa, hut şu mowzuk arkaly ýetendir. Bu tebigy zatdyr, çünki ölüm ekzistensiýadyr. Ählumumy ýaşaýşyň ähmiýetli hususy hadysasy bolan ölüm barasynda oýlanmak ynsanyň ruhy-aň gujur-gaýratynyň urup çykmagyna – örän güýçli suratda ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
«Ekzistensiýa» ölüm bilen gaýybana ýüzbe-ýüzlükdir. Hut şu ýüzbe-ýüzlük pursadynda ýaşaýşyň iň belent manylary we iň ajaýyp gözellikleri bütin çuňlugynda hem-de bütin hakykylygynda aýan bolýar. Şu serhete, şu araçäge – hil taýdan bütinleý başga-başga närseler bolup durýan dünýäleriň araçägine baryp, yzyna dolanan paýhas sözüň hakyky manysyndaky kämil paýhasdyr. Şonuň üçinem degişli mowzukdaky pikirler ata-babalarymyzyň hakykata akyl ýetiriş işiniň iň astky çuňluklaryndan bolup durýar. Şeýle ruhy tejribäniň iň göze görnüp duran netijeleriniň biri-de «dünýäde bolmak, ýöne dünýälik bolmazlyk» ýörelgesidir. Şeýle ýörelge bolsa ýaşaýşa, ömre, dirilige ýeňles hem ýeňilkelle gatnaşykdan adamlary halas edýär. Adamyň ömre çynlakaý hem ruhy jogapkärçilikli garamagynyň esasy akyl bolup durýar. Şol bir wagtda-da beýle gatnaşyk gam-gussany, göwnüçökgünligi, umytsyzlygy, ruhdan düşmekligi ret edýär. Nusgawy türkmen dünýäni duýuşynyň möhüm tarapy bolan aýralyk heserlenmeleri biziň ruhy derdeserlerimize ajy, emma şypaly derman kimin täsir edipdir. Kalbyň şeýle heserlenmelerden doýgun bolmagy ruhy ýaşaýşyň dokmädeligini we dek oturmaýan, gözleýji paýhasyň kanagat tapmagyny üpjün edýär. Göwnüçökgünlik we ruhy peslik kalbyň teşneligidir, ýürek açlygydyr hem-de akyl ysgynsyzlygydyr. Şeýle derdeserlerden ata-babalarymyz bir ajaýyp emel tapypdyrlar. Ol ýaşaýşyň manysyny bäri tarapdan – dirilik tarapdan däl-de, o tarapdan – aýralyk tarapdan gözläp tapmakdyr. Akyl ýetirişe berýän peýdasy – täzeligi nukdaýnazardan, munuň özi Ýer togalagyna asman giňişliginden bakan ýaly bir zatdyr. Bu eýýäm Zemine onuň üstünde durup seredenden bütinleý başga bir duýgudyr. Munda ýaşaýşyň gözelligi bütinleý täze röwüşlerde ýüze çykýar. Asmandan Zemini synlap gören kosmonawtlar ýürege aşakda – Ýerde durkaň gelmeýän duýgularyň, başga duýgularyň, özge syzgylaryň dolýandygyny aýdýarlar. Müdimi garaňkylygyň içinde ýaşyl şugla, mawy nur bolup görünýän Zeminiň gözelligi başgaça. Şol bir wagtda-da aşakdakaň şeýle durnukly, şeýle mizemez we baky bolup duýulýan Zemin ýaşaýşy ýokardan juda kiçijik, juda ejiz hem-de... hamana neresse çaganyň ömri ýaly inçelik bolup görünýär.
Asman – ýaşaýşyň gözbaşy, ýaşaýyş hakykatynyň o tarapy – Asman Zeminden has uludyr, ýaşaýyş Asmandan gelýär. Dirilik asmandan inýär diýip könelerimiz hasaplapdyrlar. Şonuň üçinem dilimizde «adam dünýä inýär» diýen aňlatma durnuklaşypdyr. Adam Asmandan Ýere inýär. Bu ýaşaýşyň başlangyjyny aňladýar. Adam şahsynyň ömrüniň paýawlamagyny bolsa «aýrylmak» sözi bilen kesgitläpdirler. Munuň manysy jan jesetden aýrylýar diýmekdir.
Bu ölmek – aýrylmak galypdyr öňden,
Peder bize miras goýmuş bu derdi.
Magtymguly.
Ontologik nukdaýnazardan janyň tenden aýrylmagy düýpli, köpröwüşli hadysadyr. Ol adam şahsynyň böleklenýändigini, ýaşaýşyň bir ölçeginiň bes bolup, ruhuň başga hili ölçeglere geçýändigini alamatlandyrýar. Şeýle hadysa merhumyň yzynda galanlaryň ýüregine başga halatda we başga wagtda asla aralaşyp bilmejek duýgulary salýar. Hakykata akyl ýetirişde şeýle-de bolmaly ahbetin. Munda iki sany zat aýratyn möhümdir.
Birinjiden, pursat, ýagny, umuman wagt.
Ikinjidenem, ýer, mesgen, ýagny, umuman giňişlik.
Hakykatyň belli-belli taraplaryna diňe belli-belli pursatlarda göz ýetirip bolýar. Şeýle-de, hakykatyň belli-belli taraplaryna diňe belli-belli ýerlerde, giňişligiň belli-belli nokatlarynda akyl ýetirip bolýar. Meniň ýokardaky asmanly gürrüňim hem şol giňişlik täsinligi bilen baglanyşyklydyr. Pursat babatynda hem şeýle. Diňe ýakynyny ýitirip, aýralyk derdine duçar bolup, ajalyň demini juda ýakyndan duýup gören adam ölümiň dünýäüze manysyna dahylly bolýar. Ol şonda diňe adam ogluna elýeterli bolan beýik bir hakykaty duýýar, syzýar. Men şol hakykatyň dört jähetini nygtamak isleýärin:
Birinji. Merhum hereket etmekden galýar. Göwre gymyldamakdan, dil sözlemekden galýar. Emma... emma aýralyk ýöne fiziki hadysadan has uly zatdyr.
Ikinji. Merhumyň eti süýekden aýrylýar, burunlar sykylýar, ýüzler saralýar, dodaklar guraýar, dyrnaklar gögerýär, gözler agarýar. Emma... emma aýralyk ýöne biologiki hadysadan has uly zatdyr.
Üçünji. Merhumyň jesedi topraga siňip gidýär. Ilki bagryň pudagy ýarylýar. Soň merhumyň eti-ýagy eräp, diňe posty-ystyhany galýar. Emma... emma aýralyk ýöne himiki hadysadan has uly zatdyr.
Dördünji. Merhum dogan-gardaşdan, dost-ýardan, tanyş-bilişden aýrylyp, soň durmuşdan dirileriň hakydasyna geçýär. Emma... emma aýralyk ýöne durmuş hadysasyndanam has uly zatdyr.
Eýse onda aýralyk näme bolýar? Muny bärde – ölümiň bärki tarapynda durkaň aýtmak juda çetindir. Bu hakda Sokratdan soranlarynda, şeýle jogap beripdir:
– Men häzir diri. Şonuň üçinem dirilik hakynda sorasaňyz, jogap bereýin. Häzirki soragyňyza men diňe ölenimden soň jogap tapyp bilerin.
Haçan-da Konfusiden bu hakda soranlarynda, onuň jogaby şeýle bolupdyr:
– Aglamagyňyzy bes ediň! Men ömrümi bagtly hem manyly geçirdim. Indi bolsa ölümi-de arkaýyn we kaýyllyk bile garşy alýaryn. Ondan gorkamogam. Sebäbi ölenimden soň, näme boljagyny asla bilemok. Näme bolanda-da, gorkmagyň hiç hili manysy ýok. Ölüm – ýaşaýşyň täze gapysydyr. Ölüm – ýaşaýşyň her bir adam üçin ýeke gezek açylýan beýik syrydyr.
Diňe doly, soňuna çenli, özüne berlen pursatlary manydan dolduryp ýaşamadyk adam ölümden gorkar. Munuň özi sowup gutarmadyk baýlygyny nalaç başga birine goýup, armanly gidýän hannasyň bolşy ýalydyr. Öz ömrüne ýeterlik närseleriň – maddy hem ruhy närseleriň hilini we mukdaryny kesgitläp bilen, şol hili we mukdary ömrüne siňdirip bilen kişiniň armany bolmaz. Emma bu juda kyn meseledir. Munuň üçin maksatly, tertipli we akylly-başly ýaşamagy başarmak gerek. Diňe akylly-başly ömür süren kişi dünýäden akylly-başly gitmäni başarar. Bu dünýäden akylly-başly gitmek – kanagatly hem ölümi boýun alyk bolup ölmekdir. Elbetde, bu mydama ölümiň pikirini etmegi, gam-gussa batyp ýaşamagy, ömür şatlygyndan hem nygmatlaryndan sowaşmagy hem geçmegi aňlatmaýar. Adam ýöne islendik pursatda ajal bilen ýüzbe-ýüzleşmegiň mümkinçiligini hasaba alyp ýaşamalydyr. Ähli dogulýan we ýaşaýan närseleriň başy ölümlidir. Sen ýaşaýşy gowy görşüň ýaly, ölümi-de boýna alyk bolmalysyň. Bar bolany. Häzirlikçe bolsa, bar, ýaşaber, ýaşaýşyň mährinden we diriligiň lezzetinden öz paýyňy al!
Ine, ruhubelentligiň mähek daşy şudur. Ýaşaýyş gudratdyr, ýöne ýaşaýyş şol bir wagtda-da ähli beýiklikler ýaly ýönekeýdir. Ölüm syrdyr, ýöne şol bir wagtda-da ölüm ýönekeýdir. Kanunalaýyklyk, tebigylyk hem-de gutulgysyzlyk manysynda ýönekeýdir. Ölümi boýun almazlyk ýaramazlykdyr – akyly gysgalykdyr we dargursaklykdyr.
Ruhubelentlik – ýüregiň kanagatdan we akylyň manydan doly bolmagydyr. Adam ömrüniň mukdary – uzaklygy ýürege-de, akyla-da üýtgeşik zat bermeýär. Ol bary-ýogy nebis bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerde ten açgözlüginiň meselesi bar. Allatagala adama dirilik – jan berýär. Emma ömri adamyň özi ömür etmelidir. Allatagala wagt-pursat berýär.
Wagt – boşluk, entek doldurylmaly ömürdir.
Gadym zamanlarda bir patyşa bolupdyr. Ol ýüz ýaşapdyr. Adamyň şu dünýäde görüp biljek hezillikleriniň baryny görüpdir. Bir günem onuň gaşyna ajal gelip:
– Seni almaga geldim – diýipdir.
Ol kişi:
– Entek ir ahyryn – diýipdir.
– Ir diýýärmiň? Sen ýüz ýyl ýaşadyň. Seniň çagalaryň garrap gitdi. Uly ogluň segsene ýetdi. Mundan başga näme gerek saňa?
Şonda patyşanyň kellesine bir pikir gelipdir. Ol ajalyň öňünde pikirini daşyna çykarypdyr:
– Eger ogullarymyň biri meniň ýerime gitmäge razy bolsa, nähili görerdiň?
Ajal:
– Men razy. Ýöne sen olardanam köp ýaşan halyňa gitmek islemeýän bolsaň, ogullaryň nähili «Bor!» diýerkä? – diýipdir.
Patyşanyň ýüz ogly bar eken. Ol ogullarynyň baryny ýanyna çagyryp, öz matlabyny aýdypdyr. Olaryň biri-de dil ýarmandyr. Diňe iň kiçi ogul, ýaňy on bäş ýaşan körpe ogly öňe çykyp şeýle diýipdir:
– Men gitmäge razy.
Ajalyň oglanjyga haýpy gelipdir:
– Seniň agalaryň segsen, ýetmiş, altmyş ýaşy bar. Sen bolsaň, ýaňy on bäşiňde. Sen gyssanmaçlyk edýän bolaýma?!
– Ýok. Eger kakam ýüz ýaşabam, ýüregi dokluk, kanagat tapmadyk bolsa, menem şeýle borun-da. Şonuň üçinem men häzirden gidiberjek.
Ajal oglanjygy alypdyr. Onuň ýaşamaly ýaşyny atasyna berip, ýüz ýyldan ýene dolanyp gelipdir.
Patyşa:
– Öňki ýüz ýyl şeýle çalt geçdi. Meniň ýene ýüz oglum bar. Sen şolaryň birini alaýsana!
Şeýdip, bu zeýilli waka on gezek gaýtalanyp, aradan hakyt müň ýyl geçipdir diýýä. Şonda patyşa ajala bakyp şeýle diýipdir:
– Sen on gezek geldiň. Men müň ýaşadym. Emma şonda-da ýüregim kanagat tapmady. Ýene on müň ýyl ýaşasamam tapmaz.
Ölüme taýýar adam üçin ol gorkunç däldir. Ölümi diňe oňa islendik pursat taýýar kişiler ýeňýändir. Onsoňam men bir zady aýdaýyn. Üns berip görüň, ajal karkarasy dolan kişiniň «Men öljek däl, meniň ölesim gelenok. Maňa kömek ediň!» diýip dat-bidat gykylyklan pursadyna gabat gelen dälsiňiz. Ata-babalarymyz ajalyň gelip jan alşy babatda şeýle bir pähim döredipdirler: «Ýagy ýaly gelerin, ýag ýaly alaryn» Dogrudanam, ajal ýagy ýaly bolup gelse-de, amanadyny ýagdan gyl sogran ýaly edip alýar. Ezraýyl her bendäni kaýyl edip, sessiz-üýnsüz, dawasyz alýar. Netijede, ölüm gorkuly bolup görünse-de, amanat bermek gorkuly bolmaýar.
Alp Är Töňe hakynda ajaýyp rowaýat bar. Ol ajaldan goranmak üçin kyrk gat demir gala salnypdyr. Emma şony-da ajal alypdyr. Magtymgulynyň:
Kyrk gat öýüň bolsa demir galadan
Ajal tapar, emr bolsa Alladan
– diýen setirleri Alp Är Töňe hakyndadyr. Ýokarky müň ýyl ýaşan patyşa şol Alp Är Töňedir. Ajal hökman seni tapýar. Näme üçin? Magtymgulynyň Alladan emr bolsa diýýäni näme?! Aslynda ajalyň seni gözlemegi hökman däldir, çünki ajal seniň içiňdedir. Islendik janly-jandar wagtyň geçmegi bilen garraýar we ýok bolýar. Aýralyk daşdan gelenok, ol içdendir.
Aýralygyň meniň ýokarda agzap geçen fiziki, himiki, biologiki we durmuşy jähetleri hakykatdyr. Emma bu ýarym, deslapky hakykatdyr. Aýralyk bulardan hem uly, has düýpli we has ähmiýetli hadysadyr. Aýralykda göze görünmeýän has uly bir syr bar. Muny akyl bilen aňlap bolmaýar. Muny aýralyk derdine duçar bolan diriler süňňi bilen syzyp bilýärler. Sebäbi näme?! Näme üçin beýle bolýar? Adam paýhasy hakykatyň özenine aralaşyp bilmän ýöwsellände, hadysa juda çylşyrymly bolanda, öňe adamyň başga bilşi, göz ýetiriş ukyby – süňňi öňe çykýar. Süňňüň syzýar, ýöne soňuna çenli aýdyp bilenok. Biziň üçin aýralyk şeýle çylşyrymly zatdyr. Syr – baryp bolmaýan çylşyrymlylykdyr. Ýakyny aýrylan adamyň özi-de wagtlaýynça, özge giňişlige düşen ýaly halaty başdan geçirýär.
Ýaşaýşyň bitewülikde bilnişi ýaly, aýralygy-da diňe syzyp bolýar. Aýralyga ugradylýan adamyň ýakynynda bolup, dirilerem dünýäüze barlyga ýakynlaşyp gidýärler. Şonda aýralyk tejribesi olaryňam ömrüniň tejribesiniň bir bölegine öwrülýär. «Gatyny gören adam» aňlatmasy, köplenç, ýakynynyň aýralygyna duçar bolan diýen manyny-da öz içine alýar. Ol aýralyk derdine duçar bolan, aýralygy başdan geçiren kişidir. Eger siz beýikleriň ömür ýoluny yzarlap görseňiz, olaryň akyl hem köňül kämilliginiň başlangyjynyň, köplenç, aýralyk derdi bilen baglanyşyklydygyna şaýat bolarsyňyz. Çünki aýralyk şeýle bir güýçli zat bolup, ol adamy üýtgediji, ony ruhy taýdan gaýtadan dörediji güýje eýedir. Munuň sebäbi bolsa aýralygyň serhetdigindendir, ol şeýle bir nokat, şol nokatdan aňyrda seniň ozal ýaşap gelen dünýäňden, seniň ozal bar bolan barlygyňdan, seniň öňki duran durmuşyňdan özge bir dünýä görnüp gidýär. Bu nokatda bolmak seniň üçin gaty ejirli we azarly bolup çykýar. Sen öz süňňüňden gaty uly bölegiň ýolnup aýrylandygyny duýýarsyň, sen öz ýüregiň bir parçasynyň hemişelik üzülip galandygyny syzýarsyň. Sen özüňi bir uly şahasy döwlen daragt bolup duýýarsyň. Şeýle ruhy ahwalatyň öz geljegiň bilen baglanyşykly şumlugy hasam ýaramaz: bu gezek seniň bir bölegiňe agyz salyp giden ajal şiriniň indiki awunyň öz ömrüňdigine gözüň ýetip galýar.
Çatak ýeri – şum ajala çäre ýok! Ýaşaýşyň hem diriligiň çäginde öňüňden çykýan kynçylyklaryň hem meseleleriň çözgüdini, garaz, tapsa bolýar. Eger hatda teý tapylmaýanda-da sen başga zatlar bilen oňňut edýärsiň, özüňi köşeşdirýärsiň. Emma aýralyk welin aldajy howp, sowulmaz apat, çäresiz ahwal bolup ýüregiňe neşder salýar. Onuň şumlugy derdiniň çökderligi, awusynyň biçak ýitiligi bilen däl-de, seniň onuň öňünde çäresizligiň, çykgynsyzlygyň bilen ölçenýär. Bu çäresizlikden ýaňa adamyň ýüreginde iň uly namutlyk we wehim döreýär.
Aýralyk hakykaty ilki seniň ýüregiňe ýetýär, şonda sen öz aýra düşen ýakynyňy gaýdyp görmejegiňi duýup galýarsyň, ýüregiň gyýym-gyýym bolýar. Soňra aýralyk hakykaty seniň aňyňa ýetýär, sen ony gaýdyp görmejegine akylyň ýetýär, düşünip galýarsyň, şonda seniň akylyň petige direlen, huşuň demir duşak bilen duşalan ýaly bolýar. Aýralyk wagty hem çäklidir, ol hem tükeniksiz däldir. Dirileriň aýralyga duçar bolanlara hemişe nebsi agyrýar. Olar ýaşaýşyň azatlygyndan mahrum bolup, ajalyň ýesirligine düşen, tükenmez ýesirlige düşen biçäreler bolup görünýär. Şonuň üçinem merhumlara biçäre, görgüli, neresse, pahyr hökmünde garalýar.
Emma dirilik bilen ölüm, aýralyk bilen bilelik şol bir ýaşaýyş hakykatynyň dürli iki tarapydyr. Wehim, gorky duýgy hadysasydyr. Adam ýüreginde gorky ilkinji gezek ýagty dünýä gelende döreýär. Ondan ozal dokuz aýlap ýyly hem rahat ene reheminde ýatan ynsan üçin erkinlige – ýagty dünýä çykmak närahatlyk hökmünde duýulýar. Hut şonuň üçinem bäbek dünýä aglap gelýär. Onuň rahatlygy bozuldy, ol özüne näbelli dünýä geldi. Şu pursatda döreýän wehim duýgusy ynsana ömürboýy hemra bolýar. Ynsan hemişe öz öwrenişen dünýäsinden başga bir näbelli mekana geçmekden hem göçmekden gorkup gezýär.
Aýralygyň tebigylygyna göz ýetirmek üçin duýgularyň derejesinden göterilip, akyl derejesine gelmek gerekdir. Barça zada, şol sanda ölüme-de akyl gözi bilen seretmegi başarmaly. Diňe şonda adam aýralygyň petik däl-de, täze bir dünýä geçelgedigine akyl ýetirer, onuň ýüregi giňär. Aýralygy tamam däl-de, ýaşaýşyň bir dowamaty hökmünde kabul etmeli. Munuň üçin bolsa janyň esasy nebisleriniň birini – şu dünýäde tükeniksiz ýaşamak nebsini ýeňip geçmek gerek. Tükeniksizlik bimany zatdyr, çünki tükeniksizlik mümkin däldir, ýaşaýyş göni çyzyklardan däl-de, öwrümlerden hem-de aýlawlardan durýar, öwrümdir aýlaw bolsa tükeniklikleriň gezekleşigidir. Hatda şol gezekleşikleriň hasabyna ömrüni uzaldýan dünýäniň ýaşaýşy-da tükeniksiz däldir. Dünýädäki adam bolsa tükeniklilikdir, oňa tükeniksizlik ýokdur, oňa derek bakylyk bardyr.
Filosofiýa