IMAN HAKYKATY
Iman – ajal ýeli bilen öçürilen ömür çyragynyň deregine ýakylan gaýyplyk çyragydyr.
Ömür berilýär, şonuň üçinem ol alynýaram.
Iman gazanylýar, şol sebäpli ol alynmaýar.
Iman meselesi diňe diniň çägindäki mesele däldir. Ol dünýäüze meseledir. Iman fiziki hem durmuşy ýaşaýyşdan ýokary galan, öz mazmuny we gurluşy boýunça olardan has ýokarda durýan adamzadyň akyl hem ýürek ölçegleriniň kemala getiren dünýäüze hakykatydyr. Gaýyplyk gözlegleri adam paýhasynyň öz-özüni aldamagy hem, göze görünýän dünýäniň şöhlelenmesi bolan salgyma kowalaşmagy hem däldir. Olar adamyň dirilikdäki ýaşaýşynyň ahlak hem akyl netijeleriniň manysydyr. Iman Wagt içine atarylan adamzadyň öz mazmunynda asylbaşda bar bolan bakylyk islegleriniň gaýyplyk gymmatlygy görnüşinde ýüze çykarylmagydyr. Iman adamzada akyl-pikirlenme ukyby bilen bir wagtda berlendir. Akyldan mahrum haýwana iman zerurlygy we hajaty ýokdur. Şonuň üçinem adam entek akyly barka, iman hakykatyny gözlejekdir.
Iman, köpleriň pikir edişi ýaly, şu dünýäniň müşgillikleriniň we meseleleriniň oňyn çözgüdiniň serişdesi däldir. Elbetde, ol dünýäni adamlaşdyrmaga we kämil etmäge-de hyzmat edýär. Emma onuň hakyky manysy we hyzmaty dünýäüze alyslyklardadyr. Adamzadyň Zeminiň ýaşaýjysyndan Älem ýaşaýjysyna öwrülmegine wagtyň ýetip gelýändigini göz öňünde tutsaň, imanyň zeruryýeti juda amaly hakykat bolup görünýär. Iman – Älem ýaşaýjysy boljak adamzadyň ýaşaýyş ölçegleriniň ulgamydyr. Çünki ol adamzadyň akyl-paýhasyny, ruhy gözýetimlerini, hatda ahlagyny-da şu wagta çenli hökmürowan, kesgitleýji bolup gelen dar, durmuş, taryhy çäklerden çykarýar. Ol adam ruhunyň Wagta garşy bildirýän beýik garşylygydyr.
Iman älemara ruhy hadysadyr.
Iman bir dünýäden başgasyna geçelgedir.
Hut şu hakykatda-da imanyň düýp manysy aýan bolýar. Adamyň ömri gutarandan soň, ahyretde ýaşamak mümkinçiligi diňe imana baglydyr. Dünýäde jansyz ýaşap bolmaýşy ýaly, ahyretde imansyz direlmek we ýaşamak mümkin däldir. Ömür kesilip, jan gidensoň, iman gerekdir. Eýse ömrüň kesilmegi näme? Bu ýogalan bende üçin näme bolýar, munuň galanlar üçin näme manysy bar?! Magtymguly şeýle ýazypdyr.
Ajal geler – oýda ýok,
Görmek ýylda, aýda ýok,
Hiç bir zatdan peýda ýok,
Bir nury-iman gerek.
Sykylsa burunlar, sararsa ýüzler,
Gurysa dodaklar, bolmasa sözler,
Gögerse dyrnaklar, agarsa gözler,
Imandan özgesi hiçdir, ýaranlar.
Ömrüň kesilmegi adamyň başga ölçegler bilen ýaşaýan dünýä geçýändigini, ol dünýäde mundaky bar bolan ýaşaýyş formalarynyň we serişdeleriniň mümkin däldigini aňladýar. Indi bu zatlaryň hiç biriniňem ýogalan üçin manysy-da ýok, geregi-de ýok. Munuň özi dürli tebigy şertlerde ýaşaýan dünýäleriň birinden beýlekisine geçen ýaly bir zady ýada salýar. Sowuk ýurtdan yssy ülkä düşene ýyly egin-eşigiň geregi ýok. Has ähmiýetli ýeri, yssy ýurtdan sowuk yklyma düşeniňkidir. Indi ol galyň egin-eşigi, sowukda ýaşamak üçin zerur gaýry zatlary nireden alar?!
Emma özge dünýä geçmek dürli tebigat, ýagny ýaşaýyş kanunlary boýunça ýaşaýan dünýäleriň birinden beýlekisine geçmegi has oňat ýada salýar. Suw giňişliginde ýaşaýanyň gury ýere geçmeli, ýeriň astynda, garaňkylykda ýaşamaga endik edeniň ýeriň üstüne çykmaly bolşuny misil tutalyň. Dirilikden gaýyplyga geçmegiň şu hili gutulgysyz kanunlary müňýyllyklaryň dowamynda bu geçişiň nämedigi baradaky sowallaryň jogabyny agtarmak işine sebäp bolupdyr. Gadymy ata-babalarymyz bu meselede ilki sada, ýöntem pikirde bolup, aň ösdügiçe bu meselede has çuňňur netijelere gelipdirler. Şol gadymy düşünjeler we garaýyşlar ertekilerde hem-de dessanlarymyzda saklanyp galypdyr. Bularyň bary mifologik aňyň parça galyndylarydyr. Şonuň üçinem olary hakykat diýip kabul etmek paýhasa laýyk bolmazdy. Çünki mifologik aň edil ssiýentistik-materialistik aň ýaly birtaraplaýyn, birýüzli aňdyr. Bu pikiri düşündireýin. Mifologik aň hem, ssiýentistik-materialistik aň hem dünýäniň gurluş taýdan birligini, ýeke-täkligini ykrar edýär. Birinjisi üçin hiç hili başlangyjy we soňy bolmadyk mifiki dünýä bardyr. Munda hiç hili ölüm ýok. Bu diňe mifiki-başlangyçlar esasynda guralan dünýä. Ikinji aňyň çägindäki dünýä munuň çöwre ýüzüdir. Munda başam, soňam ýok, ýöne munda hiç hili ruhy başlangyç ýok. Ruh bolsa diňe maddy ösüşiň goşmaça netijesidir we örän ujypsyz orun tutýan bir tebigy hadysadyr.
Biz dünýäleriň köplüginden ugur alýarys. Dirilikde gözümize görünýän dünýä şolaryň diňe biridir. Bu maddy dünýädir. Ylmyň ösüşi netijesinde biz indi bu dünýäniň – Älemiň serhetlerini, gurluşyny, nädip we haçan döränini oňat bilýäris. Bu meselede ylym uly hyzmatlary görkezdi we görkezmegini dowam edýär. Emma ylym ruhuň meselelerinde, maddy Älem hem-de, hil taýdan ondan düýpgöter tapawutlanýan hem-de oňa garaşsyz bolan we bütinleý başga kanunlar boýunça ýaşaýan dünýäleriň ýaşaýşy babatynda derde ýaramsyz guraldyr. Munda ssiýentistik ylym däl-de, ruhy gözlegler öndümlidir. Men ruhy gözlegler diýenimde, adamyň has çuňňur içki ruhy aňlaýyş ukyplaryny göz öňünde tutýaryn. Her dünýäniň öz açary, her dünýäni açmagyň, bilmegiň öz serişdesi bardyr. Çemçe bilen odun aýryp bolmaýar, palta bilen nahar iýip bolmaýar. Gaýyplyk dünýäsini gözlemegiň we açmagyň serişdesi kalpdyr. Kalp bolsa intellektual pikirlenme däl-de, duýmak, syzmak, ýürek bilen ýetmek serişdesidir. Bu ugurda toplanan bilimleriň toplumyna «yşk», yşgyň amaly netijesine bolsa «iman» diýýärler. Intellektual pikirlenme üçin gaýyplyk mekany ýapykdyr. Beýle pikirlenme bu meselede hiç bir netije berip bilmez ýa-da ol diňe beýle dünýäniň barlygyny inkär etmek netijesine gelip biler. Munuň özi doga körüň reňk diýilýän zady ömürylla bilip bilmeýşi ýaly bir zatdyr.
Näme üçin beýle bolýar? Munuň sebäbi pikir edilişinden has sada we düşnüklidir. Ylmyň esasy guraly akyldyr, akyl bolsa şu dünýäniň maddy ösüşiniň netijesidir. Ol beden, jan, ýürek ýaly maddy esasly närsedir. Akylyň mekany-da beýnidir. Akyl – bütinleý maddy – biologiki zat bolan beýniniň ýaşaýyş enjamydyr. Hut şonuň üçinem ol maddy dünýä – Äleme örän oňat aralaşýar, dünýäniň syrlaryny gaty ussatlyk bilen açýar. Akyl – inçe beden, beden – gödek akyldyr. Şu ýerde bir tymsaly ýatlamak ýerlikli bolardy. «Palta diýen bir apat döränmiş, agaç baryny bir ujundan ýatyryp barýarmyş» diýen habar tokaýa ýaýrapdyr. Bu habaryň çynlygy-ýalanlygy barada jedel turupdyr. Agaçlaryň biri «ýalandyr» diýse, başgasy «dogrudyr» diýipdir. Şonda iň ýaşy uly, iň tejribeli agaç: «O nägehanyň özi nämeden ýasaldyka?» diýip akylly sowaly orta atypdyr. «Başy demirden, sapy agaçdan» diýipdirler. «Sapy özümizden bolsa, habar dogrudyr» diýip uly agaç netijä gelipdir.
Akylyň asly dünýädendir. Akylyň sapy maddadandyr. Şonuň üçinem onuň şu dünýäniň düýbüne ýetjegi şübhesizdir. Emma gürrüň özge dünýä ýa-da dünýäler barasynda gidende, mesele bütinleý başga mana we äheňe eýe bolýar. Ruhuň dünýäsine diňe ruh aralaşyp biler. Imanyň düýbüne diňe ruh we onuň ýüze çykmasy, dünýä ölçeglerinde mümkin amaly bolan kalp ýetip biler. Eýsem-de bolsa, ruh näme, kalp näme? Ruhuň jowahyrynyň arassa ýüze çykmasy diňe özge dünýäde mümkindir. Kölege diňe şöhläniň barlygynda mümkindir. Ruh bedeniň substansional sypatlarynyň jemi däldir. Ol jandyr. Ruh bolsa adam şahsynyň başga ölçegli dünýä geçip bilýän birligidir. Başga dünýä bilen baglanyşykly bolandygy üçinem ruh barasynda şeýle terzde anyk, zemini dilde gürrüň etmek juda çetindir. Ruhuň hakykatyna biz, köplenç, bu meselä ýüzlenip, bu boýunça belli düşünjelere ýeten beýik ruhana ynsanlaryň gürrüňinden göz ýetirip bilýäris.
Akyl dünýädendir. Akylyň gözi-de dünýädendir. Şonuň üçinem akyl dünýäň düýbüne ýetip bilýär. Bu işde akylyň ulanýan esasy barlag serişdeleriniň biri gümandyr. Güman ýa-da şübhe ynanmazlygy, diňe barlap görlenden soň, ykrar etmegi aňladýar. Hut şu ýol bilenem akyl dünýädäki zatlaryň manysyna ýetip bilýär. Emma iman meselesinde güman diňe zyýan berer. Çünki imanyň giňişligi bu dünýäden däldir. Dünýäniň çäklerinden geçeniňde, gümanyň zyýandan başga berýän peýdasy ýokdur. Ol çäklerden aňyrda diňe ruh we kalp göz ýetiriş serişdesidir. Kalbyňa guýlan ynanjyň diňe akyl päsgelçiliklerini bir gapdalda goýanyňdan soň, özüni bildirip hem janlanyp başlaýandyr. Muňa biziň köne akyldarlarymyz «iman eseri» diýip at beripdirler.
Imanyň gül bolup açylyş ýolunda dünýälik akylyň peýdasynyň hiç zatdygy barasynda bir rowaýaty ýatlap bereýin. Bu rowaýatdaky waka beýik sopy Jüneýidiň başyndan geçipdir.
Şägirtleriniň biri Jüneýide:
– Men saňa doly ynanýaryn. Ýüregimde iman dolup dur – diýipdir.
Jüneýit şonda şeýle diýipdir:
– Sen beý diýme. Çünki entek sen akylyň gözi bilen bakýarsyň. Akylyň gözüne iman hakykaty görnerden has inçedir. Iman akylda däl, kalpda bolýandyr.
Şägirdi weli öz sözünden dänjek dälmiş. Ol:
– Meniň gursagym imandan doly. Imanymy hiç bir zat syndyryp bilmez. Janymy bererin weli, imanymy bermerin – diýipdir.
Şol gürrüňden birnäçe gün geçenden soň, şägirdi öz halypasynyň kölüň aňyrky kenarynda bir aýal maşgala bilen gülüşip oturanyny görüpdir. Onuň haýýaty göçüpdir. Beýik halypa halyňa nämährem bilen gülüşip oturmak?! Üstesine ol aýal Jüneýidiň bulguryna şerap guýup otyrmyş! Akyla sygjak zat däl! Hawa, imanyň akyl bilen hiç hili dahyly ýokdur! Ol akyla däl, eýse kalba sygýandyr!
Şägirdi aldyrany bar ýaly bolup, Jüneýidiň gaşyna barypdyr.
– Sen meniň imanymy ýok etdiň! Senden halypa bolmaz! Sen aýal bilen otyrsyň, özüňem şerap içýäň!
Şonda Jüneýit akyl ýesirliginde gümanyň deliline bulaşan şägirdine şeýle görkezme beripdir.
– Şu aýalyň perejegini başyndan aýyr! Şu bulgurdaky içgidenem dadyp gör!
Şonda ol aýalyň Jüneýidiň öz ejesidigi, bulgurdaky içginiňem şerap däl-de, miwe şiresidigi aýan bolupdyr.
– Ine, gördüňmi, sen maňa asla ynanmaýan ekeniň. Seniň kalbyňda imanyň düşnügi-de ýok – diýip, Jüneýit şägirdine aýdypdyr.
Akyly taşlaman, imana baryp bolmaz. Kalbyňda iman eserinden ruh janlanýandyr. Aslynda ruh her bir ynsanyň kalbyda Alla tarapyn guýlandyr. Ýöne adam öz zähmeti bilen öz ömründe kalpdaky şol ruhy janlandyrmanyň ugrunda bolmalydyr. Kimiň kalbynda ruh janlansa, ol gaýyplyk mekanynda öz ruhy bilen baky ýaşajakdyr. Iman – ruhy kemala getiriji, ruhy janlandyryjy şugladyr.
Ýaşaýyşda diňe daşyndan bilip, göz ýetirip bolýan zatlar bar. Şu dünýädäki zatlar şuňa girýär. Emma diňe içinden bilip, göz ýetirip bolýan hakykatlar hem bar. Metafiziki hakykatlar şuňa degişlidir. Diňe içden görüp bolýany üçin bu hakykatlary tassyklamak, güwä geçmek üçin ýa-ha olary özüň başdan, has dogrusy, kalpdan geçirmeli, ýa-da şol hili ruhy tejribesi bolan ägirtleriň ömrüne we sözüne ynanmaly bolýar. Aslynda, ruhy manydaky hakykat diňe içden gelýändir. Hakykat daşdan içe girmeýär. Şonuň üçinem hiç mahal daşdan şeýle hakykaty gözläp oturmaň! Hakykat içde dömüp, soňam daşa çykýandyr.
Daşyndan iman nur, şugla bolup gözlere görünýär. Bu hili hadysa juda seýrekdir. Ýöne seýregem bolsa, bu durmuşyň ýalana çykaryp bolmajak hakykatydyr. Ine, şolaryň biri.
Beýik türkmen piri Baýezit Bistamynyň soňky müddeti gelip ýetipdir. Şägirtleri, ýakynlary onuň başujunda otyrlar. Olar birdenem bir geň hadysanyň şaýady bolupdyrlar. Jan berip ugran Baýezidiň ýüzi şeýle bir nurlanypdyr weli, töwerekdäkileriň akyly haýran bolupdyr. Ol şeýle bir nurana keşbe giripdir, muny görmezlik mümkin däl eken. Adamlar:
– Pirimiz, bu näme boldugy?! Sen bize bu täsinligiň hikmetini aýdyp git – diýipdirler.
– Alla meniň imanymy kabul edýär. Men onuň bilen didarlaşmaga barýaryn!
Şu sözleri aýdyp, pir gözlerini iň soňky gezek berk ýumupdyr. Ol jan beren pursadynda, öýüň içine şeýle bir ýakymly hem ýiti ýagtylyk aralaşypdyr weli, hamana, gijelikde Gün dogan ýaly bolupdyr. Birdenem, ýagtylyk gaýyp gidipdir. Pir gaýyp bolupdyr.
Gaýyp bolmak – ruhuň janlanmagydyr. Munuň nämedigini we nähililik bilen bolup geçýändigini biz bilemzok. Megerem, hiç mahalam bilmeris. Ýöne, çak edilişine görä, adam bedeninden jan çykandan soň, ruh janlanýar. Adam ruhy – transsendental şahs bolup döreýär. Jan bolup ölen adam ruh bolup dogulýar.
Ölmek – hak, dirilmek – hakdyr. Indi oňa bu dünýäň geregi ýok. Onuň mekany gaýyplykda.
Emma beýik sopularyň entek akyl, beden şahsy bolup, janyny bermänkä, eýýäm ruhy şahsyýet bolup ýetişenleri-de bolupdyr. Şolaryň biri Mansur Hallaçdyr.
Mansuryň ölümi aýylganç bolupdyr. Ony kem-kemden öldüripdirler. Ilki bilen aýaklaryny, soň ellerini kesipdirler. Soňra gözlerini oýupdyrlar. Oňa şeýle aýylganç jeza beripdirler. Mansur bolsa şonda-da ýylgyryp durmuş.
Ol ýylgyrypdyr. Sebäbi nämekä?
– Sebäbi adamlar meni öldürenoklar. Meniň bedenim birmahal öldi. Olar ýöne agaçdan ýasalan adamy öldüren ýalydyr. Bu aýak, bu eller, bu göwre men däl. Men häzir başga ýerde. Men gapdalda. Men gapdaldaky dünýäde. Şol ýerdenem kimdir biriniň öldürilişine syn edip durun. Ýöne meniň öldürýänlere haýpym gelýär. Olar kölege bilen uruşýan nadanlara meňzeýärler – diýip Hallaç aýdypdyr.
Hallajyň ömri ruhuň maddadan beýik ýeňşiň hasratly taryhydyr. Adamzat özüniň müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda bedeniň panydygyna, ruhuň bolsa bakylykdygyna göz ýetiripdir. Munuň özi diňe soňky eýýamlarda göz ýetirilen hakykatdyr. Juda gadymyýetde bolsa eždatlarymyz beden bakylykdyr öýdüpdirler. Şonuň üçinem olar hut bedeni-de bakylyga taýýarlapdyrlar. Munuň iň ýönekeý we düşnükli mysaly Müsür faraonlarynyň mumyýalarydyr.
Emma bedene bakylyk hökmünde düşünmegiň has inçe we has esasly bolup görünýän halatlary-da bar. Bu meselede jennet diýilýäne maddy-ten düşünilişini agzap bolar. Kämahal käbirlerimiziň jennet düşünjämiz ruhy mazmundan boş bolup görünýär. Şu hili düşünilişde jennet bakylygy – munuň özi şu dünýädäki çäkli maddy-beden islegleriniň we hezillikleriniň wagt taýdan çäksiz uzaldylmagyndan başga hiç zat däl bolup çykýar. Beýle düşünilişde bakylyk ýöne maddy-ten islegleriniň tükeniksizligi, o dünýä geçirilen tükeniksizligi bolýar. Beýle gödek düşünilişiň hakyky bakylyk bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Bakylyk ruha degişlidir. Madda bakylykdan mahrumdyr. Mansur Hallajyň «Inel – Hak» – «Hak – mendedir» jümlesiniň manysy-da hakykat ruhdadyr diýmeklige syrygýar. Şübhesiz iman janyňy orta goýmakdyr. Mansuryň görkezen gahrymançylygynyň manysy şundadyr. Eger seniň bakylyga imanyň şübhesiz bolsa, munuň özi gerek bolanda maddy dünýäden, şol sanda janyňdan geçip bilşiňde aýan bolar. Imanyň açyk subutnamasy şundan başga bolup bilmez.
Gaýyplyk – diriligiň, ahyret – dünýäniň, iman bolsa – janyň dowamydyr we şolaryň öwezinedir. Emma bu hakykatdan bular biri-biriniň gapma-garşylygydyr diýen many gelip çykmaýar. Bular bitewi hakykatyň iki dürli tarapydyr.
Filosofiýa