HAKYDA HAKYKATY
«Bu dünýäde adam galmaz, at gezer».
At gezer – dünýäde adamdan galan ýagşy işler we hakydadyr. Dünýäden öten adam barasyndaky hakyda möhüm zatlaryň biridir. Adamzat hakydasy ömürden soňky ýaşaýşyň bir görnüşidir. Men muny adamzadyň paýyna düşen bakylygyň bir mümkinçiligi diýip hasaplaýaryn. Özem bu şu dünýädäki mümkin bolan bir bakylyk, dünýä içresindäki bir ölmez-ýitmezlikdir. Ýagşy amallar we haýyr işler bilen dünýäde yz galdyrmak, şeýle-de adamlaryň hakydasynda galmak, meniň ruhubelentlik ölçegleri, ruhubelentlik gymmatlyklary diýýänimiň bir ugrudyr. Ýaşaýyşda hemişe birikmek we dargamak hadysalary bolup geçýär. Ýaşaýyş diýmek mukdar hem hil üýtgemeleriň üznüksizligi diýmekdir. Dünýäden ötmek hem şeýle üznüksiz zatlaryň bir halkasydyr. Adam dünýäden ötende, azyndan üçe bölünýär. Özem, geň galmaly ýeri, mukaddes kitaplaryň birinde aýdylyşy ýaly, munuň özi «gelen ýeriňe gaýdyp barmak» kanuny boýunça amala aşýar. Birinjiden, adamyň jesedi özbaşdaklaşyp, öz gelen ýerine – topraga siňýär. Beden – madda, madda-da gaýdyp barýar. Aslynda adamzadyň jisimi toprakdandyr. Şol bir wagtda-da her bir şahsyň jisimi-de toprakdandyr, çünki ten iýmek-içmek, dem almak, geýmek bilen ýaşaýar. Bu zatlaryň baryny bolsa biz enemiziň göwresinden başlap, iň soňky müddetimize çenli maddadan – toprakdan alýarys. Bir söz bilen aýdylanda, dirilikde hereket eden maddy energetikamyz ýene öz çeşmesine dolanyp barýar.
Ikinjiden, dünýäniň çäklerinden aňyrdaky barlykdan gelen ikinji bir jähetimiz – bölegimiz – ruh hem ýene öz mekanyna dolanýar. Iman nury ony gaýyplyga alyp barýar. Bu hakykata adamzat gaty ir eýýamlarda göz ýetiripdir we muny dürli simwollaryň üsti bilen aňladypdyr. Uzaga gidip oturman, gadymy oguzlaryň bir däbini ýadyňyza salyp bereýin. Mälim bolşy ýaly, oguzlarda at öldürmek, onda-da atyň etini iýmek gadagan bolup, günä hasaplanypdyr. Emma bu gadaganlykdan çykylýan ýekeje pursat bar eken. Bu pursat oguzlaryň iman düşünjesi bilen baglanyşykly. Adam dünýäden ötende, onuň mazarynyň başynda ýaby soýlupdyr. Şol ýerde sadaka edilip, eti paýlanypdyr. Soýlan malyň kellebaşaýagy derisine salnyp, şol ýerde goýlup gaýdylypdyr. Oguzlaryň düşünjesine görä, ýogalan bendäniň ruhy şol atyň üstüne münüp, baky menzile baryp ýetmeli eken.
Elbetde, Gorkut atanyň tagallasy bilen bu däp geçmişe gidipdir, ýöne ol biziň hakydamyzyň ýaşaýan meýdany bolan dilimizde gaýybanalyga öwrülip saklanyp galypdyr. Hakyda gaýybanalygy – ýaşaýyş energetikasynyň bir görnüşiniň saklanmak kanunydyr. Munda fiziki ýaşaýyş energiýasy hakyda energetikasyna geçýär. Gönümel berlen, daşky ýaşaýyş içki görnüşe – gaýybanalyga geçýär, bu geçişiň şekili güzeran däbiniň simwola öwrülmegidir. Şeýdip, «agaç at» simwoly döräpdir. Ýadyňyzdamy, «agaç ata mürdürseler, gelmez ýola gönderseler...». Biziň hakyda serişdelerimiz bolan eserlerimizde «tagt», «guş», «köpri» ýaly onlarça şeýle simwollar bar. Elbetde, olara dünýäüze (metafiziki) barlyga akyl ýetirmegiň soňky hakykaty diýip bolmaz. Olar diňe şol akyl ýetirişiň geçmiş tejribeleridir.
Üçünjiden, adam bitewüliginiň wepatdan soňky bolup geçýän bölünişiginiň üçünji tarapy – hakydadyr. Adamyň dirileriň hakydasynda üçünji bölegi – jäheti saklanyp galýar. Gurup, döredip bilen bolsa onuň nyşany Zeminiň üstünde galýar, emma adamlaryň hakydasynda welin şol işleri başarmadygam bolsa, ol baradaky ýatlama hökman galýar.
Şeýlelikde, adam iki jähetden peýda edýär, üçünji dirilikde gazanýar. Başky ikisi – jisim hem-de ruh, soňkusy onuň ömürboýy kemala getiren dirilik şahsyýetidir. Wepatdan soň, ol ýene şol üçe-de bölünýär: jisim jesede öwrülýär, ruh panylyk meýdanyndan bakyýete geçip, azat bolýar, ömür bolsa hakydada galýar. Başda ikidi, soň üç boldy, üç wagtlaýyn birlik bolup, soňam ýene üçe döndi.
Hakydada galýan üçüň biri gymmatlyklar ulgamynda möhüm gymmatlykdyr. Çünki bu bakylygyň özboluşly bir meýdanydyr. Mutlak (absolýut) bakylyk diňe ruhdur. Han panylyk bedendir. Emma ikinji, otnositel bakylygam bar, ol hakydada ýaşamakdyr. Bularyň hersiniň öz Wagt paýy bar. Ruh Wagtdan çykýar. Hakyda panylykdan bakylyga geçmegiň tagallasy, çalşygy, jähdidir. Ol adamzadyň zemini ýaşaýşynda mümkin bolan ýeke-täk bakylykdyr. Muňa «kiçi bakylyk» diýip bolardy. Munda Wagt uzaldylan görnüşdedir. Munuň manysy şundan ybaratdyr: şahsyýetiň barlygy adam köpçüliginiň – milletiň, medeniýetiň, adamzadyň ömrüne barabarlykda uzaldylýar. Entek hakyda – ýokarky köpçülikleriň aň diriligi barmy, şol şahsyýet hem bar. Başgaça aýdylanda, hakydadaky bakylyk adamzat ýaşaýşynyň çägindäki, içindäki bakylykdyr. Elbetde, munuň özi doly manysyndaky däl-de, birtaraplaýyn, ýarym dirilikdir. Çünki munda adam özi üçin, özi babatda diri däl-de, hakyda eýesi bolan adamzat üçin, adamzat babatda diridir. Emma bu dirilik juda az adamlaryň paýyna düşýär. Bu paý seýrek adamlara berilýär. Eýse kime berilýär? Has dogrusy, bu paýy kimler alýar? Bu paýa diňe hakyda eýesiniň – milletiň, medeniýetiň, adamzadyň ýaşaýşynda täze bir barlyk kemala getiren adam ýetip bilýär. Onuň ömri – bitiren işleri şol ýaşaýşyň aýrylmaz bir pursadyna, tarapyna öwrülýär. Adamzat ýaşaýşynyň binasynyň bir bölegine öwrülýär, onsoň bu ýaşaýyş şonsuz mümkin dällik ýagdaýyna düşýär.
Hakydada galmak hem ölümden – ýoklukdan gutulmagyň bir görnüşidir. Entek köpçülik dirikä, sen hem dirisiň – hakydanyň şu arzyly tarapy adamlaryň uzak diriligiň şu görnüşine ymtylmagyna, özem instinktiw ymtylmagyna itergi bolup durýar. Muňa türkmençe «Dünýäde at galdyrmak» diýilýär. Munuň özi mübäreklenmeli ymtylmadyr. Köpçüligiň maddy we ruhy ýaşaýşyna goşant goşmak, onda yz, nyşan galdyrmak haýyr işdendir. Emma hakyda meselesinde esasy zat başgadyr: hakyda adamyň özündenem beter köpçülige – topluma gerekdir. Şunuň üsti bilen hut toplum öz ruhy ýaşaýşyny üpjün edýär. Hakyda onuň üçin ruhy-ahlak zerurlyk bolup durýar. Ol munda özüniň instinktiw ýaşaýyş hajatlaryndan ugur alýar.
Munuň özi adaty, ýönekeý dirilik hakydasy babatda-da şeýledir. Merhumy ýatlamagyň merhumyň özündenem beter hut dirileriň ruhy durmuşy üçin uly zerurlyk bolýandygyna men köp gezekler göz ýetirdim.
Hakyda merhumlaryň gaýyby däl-de, gaýybana dowamatynyň mekanydyr. Hakyda hem merhuma hormat, hem dirilere hajatdyr. Munuň özi bendäni iň bolmanda gaýybana alyp galmakdyr. Adamzadyň dünýädäki ýaşaýşynda gonamçylygyň tutýan orny-da şol ruhy hajat bilen baglanyşyklydyr. Gonamçylyk metafiziki däl, fiziki ýaşaýşyň bir tarapydyr. Ol adamlaryň ýogalandan soňky ýaşaýşyny-da tertipleşdirmegiň alajyndan gelip çykýar. Bu alaç hem merhumlaryň bakyýetini üpjün etmek, hem dirileriň hakyda mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem hut gonamçylygynda milletiň iki zada gatnaşygy aýan bolýar. Ilki bilen, onuň bakyýet baradaky aň-düşünjesi, dünýägaraýşy aýan bolýar. Ikinjiden bolsa, milletiň hut şu dünýä gatnaşygy ýüze çykýar. Şonuň üçinem her bir milletiň dünýä, ýaşaýyş baradaky pelsepesi, beýleki zatlar bilen birlikde, onuň gonamçylyklaryndan görünýär. Ruhy pes, ýaşaýşa biperwaý, göwnüçökgün adamlar gonamçylyga üns bermeýärler. Emma hakydasy çuň milletlerde gonamçylyga aýratyn üns we ähmiýet berilýär. Wagtal-wagtal zyýarat etmek, mazarlara idi etmek, merhumlary ýatlap durmak olarda aýratyn dessurdyr. Munuň özi merhumlaryň unudylmanlygynyň, ýaşaýyşda olaryňam gatnaşygynyň bardygynyň alamatydyr. Aslynda-da gonamçylyk arkaly adamlaryň diňe geçmişe däl, eýse heminzamana we geljege garaýşy belli bolýar. Geljegine umydy bolmadyk halk üçin gonamçylygyň hiç hili ähmiýeti ýokdur. Dirilikdäki ýaşaýşynda many, maksat we tertiplilik bolmadygyň gonamçylygynda hem tertip we many ýokdur. Eýse adamzat gonamçylyk diýilýän zady bilýänligi bilenem haýwanatdan tapawutlanýandyr.
Diýmek, hakyda – durmuşy hadysadyr. Hakyda geçmiş barasynda bolsa-da, geljege gönükdirilendir. Hakyda milletiň geljeginiň ruhy kökleridir. Gonamçylygyň ýagdaýy, idegliligi we belli bir tertipliligi milletiň şu topraga berk kök uranynyň, onuň ýaşaýyş gymmatlyklarynyň berkliginiň we durnuklylygynyň görkezijisidir. Bu dünýäde ýaşaýyş hem, ölüm hem çyndyr. Adamzat üçin olaryň hersiniň öz orny bardyr. Sagdyn jemgyýetçilik, ruhy we ahlak ýaşaýyşda esasy orunda dirilik bolmalydyr, emma ölümiň barlygynyň unudylmagy hem sagdyn ýaşaýşa ahlaky zeper ýetirýär. Ölüm bardyr, emma ölüm öz ýerini bilmelidir. Hut gonamçylygyndan biz milletiň kimdigini – göwnüçökgün, bar zatdan bizar terkidünýämi, ýeňles hem mes, ölümiň bardygyny boýun almaýan dünýäparazmy ýa-da bu meselede aňyrly-başly altyn ortalygy eýeleýärmi – aýnada gören ýaly görüp bileris. Gonamçylyk sözüň ontologik manysynda ýaşaýşyň gutarýan ýeri, dünýäleriň soňky çägi däldir. Ol adamlaryň hakydasyny çuňlaşdyrmak şertidir. Gonamçylygyň milletiň dünýädäki ýaşaýşynyň, ruhy güzergähiniň çäginden aňyrda galýan wagty, biz beýle milletiň ruhy telperligini we geçmişe hormatynyň hem geljege umydynyň we gyzyklanmasynyň ýokdugyny tekrarlap bileris.
Biz garaşsyzlygy alanymyzdan soň, hakyda bilen baglanyşykly iki sany senäniň milli ähmiýetli sene bolup döremegi ýöne ýere däldir. Munuň aňyrsynda örän düýpli many bar. Ýanwar aýynyň 12-si, oktýabr aýynyň 6-sy. Bular milletiň bitewi bir hakydasynyň kemala gelendiginiň şaýadydyr. Edil baýramlaryň millet, tutuş halk derejesinde we ähmiýetinde bolşy ýaly, hatyra günleri hem tutuş milletiň senesidir. Olar millete özüne tutuş bitewülik hökmünde, bir göwre hökmünde duýmaga ýardam edýär. Munuň özi her bir adama dahylly, olaryň baryny birleşdirýän umumylykdyr. Hut şeýle esaslarda milli bitewülik diýilýän zat kemala gelýär. «Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar», çünki onda bitewi göwre, bir jan bardyr. Millet üçin hakydanyň bitewi hem-de bir bolmagy zerurlykdyr. Şunda ýaşaýyş bilen birlikde ölüme bolan gatnaşyk hem ähmiýetli we sagdyn orun tutmalydyr.
Dünýäden öten kişiniň ruhunyň aram tapan ýerine «gonamçylyk» bilen bir hatarda «öwlüýä» hem girýär. Köpler bu ikisini gatyşdyrýarlar. Emma bularyň tapawudy uludyr. Gonamçylyk adaty adamyň, öwlüýä bolsa keramatly kişiniň ýatan ýeridir. Öwlüýäniň mazaryna zyýarat etmek gadymdan gelýän dessurlaryň biridir. Öwlüýä keramata, berekede hem-de hümmete eýedir. Munuň özi Allatagalanyň öz ýagşy gören bendesine beren artykmaçlygydyr. Keramat – onuň adatdan daşary ukyplarynyň, bereket – adamlara mähir-muhabbetiniň, hümmet bolsa olara berip bilýän güýç-ýardamynyň şaýadydyr. Öwlüýä ýykylmak adamlar üçin hajatdyr. Beýik weliler yhlasy hem-de päkligi bilen özlerinde şeýle bir güýçli energetikany toplaýarlar welin, olar aradan çykansoňam ol energetika öz täsirini saklaýar. Adamlary öwlüýä çekýän güýç hem şol energetikadyr. Mukaddes türkmen topragynyň ähli ýerinde beýik ärleriň öwlüýäleri bar. Adamlar hemişe olardan hümmet-haýyr tapyp gelipdirler. Biziň topragymyzy mukaddesleşdirýän öwlüýäler hakydanyň bir artykmaçlygyna – hakydanyň diňe geçmişe däl, eýsem şu güne we ertire-de degişlidigine şaýatlyk edýär. Öwlüýä ynanç adamyň adama bolan, adamyň keramatyna we mukaddesligine bolan ynançdyr. Olaryň keramatlylygyny inkär etmek akyl taýdan nädogry, ahlak taýdan ýaramazlykdyr. Çünki öwlüýälik akyl ýetirişe dahylsyz, onuň mümkinçiliklerden we tebigatyndan başga zatdyr.
Öwlüýälik gadymy eždatlarymyzyň uýan ata-baba kulty diýilýän ynançlary bilen sepleşip gidýär. Ýogalanyň ruhunyň dirilere elýeterli bolmadyk keramatlara eýedigine adamlar ir göz ýetiripdirler. Şonuň üçinem eždatlaryndan hümmet islemek dünýäniň ähli halklarynda diýen ýaly bar dessurdyr. Munuň özi hakydanyň ýene bir aýratynlygyny açýar. Hakyda – diriler bilen merhumlaryň ruhy bitewüligidir. Hatda ölümem adamlary aýrybaşgalaşdyryp bilmeýär. Fiziki aýralyk ruhy birligiň, bitewüligiň öňünde ejiz bolup galýar. Öwlüýä aramyzdan gidenden soňam, ýaşaýyş gujurynyň çeşmesi bolup galýar. Näme mynasybetli? Çünki olar öz ömürlerinde şeýlebir kämillige ýetýärler, onsoň olaryň özünde toplan ýaşaýyş energetikasy tükeniksiz ruhy baýlyga, kör galmaýan ýaşaýyş çeşmesine öwrülýär. Şu nukdaýnazardan – sosial ýaşaýyşda toplanylan energetikanyň wepatdan soňam gutarmaýandygynyň nukdaýnazaryndan, ruh – munuň özi sosial hadysadan has uly zatdyr. Ruh ahlak manyly we ahlak bilen şertlendirilýän substansiýadyr, emma ol ýaşaýyş iýerarhiýasynda wagtyň çäklije bir meýdany bolan sosiumdan has düýpli hakykatdyr. Ol jemgyýetde döreýän zat hem däl, ol jemgyýet bilen çäklenýän zat hem däldir. Men bu hakykaty ömürboýy süňňüm bilen syzyp geldim.
Dünýä ruh üçin wagtlaýyn gonalgadyr, ýöne iň ýaramaz gonalga däldir. Dünýä ýaşaýşynyň gözelligine hem-de manylylygyna maýyl bolmak bilen bir wagtda, men kalbymyň iň jümmüşi ýerlerinde ruh üçin ýaşaýşyň has başga alyslyklarynyň bardygyny duýup geldim. Gözel duralga, emma asla-da iň ahyrky duralga däl – ine, dünýä diýilýäni! Biziň hakyda diýýänimiz şu hakykaty duýmaga päsgel bermeli däldir. Munuň üçin bolsa adamyň özüni jowahyry dünýäden bolmadyk, emma dünýä bilen sazlaşykly ýaşaýan ruh hökmünde aňlamagy zerurdyr. Bu duýgy diňe bir pelsepe hüýlenmesine ulaşan pursatlarym däl, eýse iň bir adaty wagtlarda-da meniň hemram boldy. Özem ol dünýäniň panylygynyň kalbymda has ýiti duýulýan pursatlary hasam güýjeýärdi. Meniň şonda adamlara we bu dünýäniň özüne juda haýpym gelýärdi. Ýakyn kişiler, tanyş ýüzler, garyndaş janlar... Wagtyň içindekäň bularyň bary hemişelik we bakylyk bolup görünýär. Görlen ýaýlalar, mälim ýollar, mähriban köçeler, öwrenilişen giňişlikler. Emma... ýyl geçýär, on ýyl geçýär, ýüz ýyl, müň ýyl... Hany, onsoň bakylyk bolup görnenler?! Hany, bakylyk bolup duýlanlar?! Pelek atly Wagt ýykyp-gurup, gurup-ýykyp dur. Adamzat munuň garşysyna biologiki serişdeler bilen bir hatarda hakyda dermanyny tapypdyr. Hut hakyda anyklykdan umumylaşmaga, darlykdan giňelmäge, çümmüklikden ulalmaga, telperlikden çuňlaşmaga, ýeňleslikden agralmaga, oýunlykdan çynlaşmaga ýol açýar. Hakyda – wagt meýdanyna düşen ruhuň substansional aňlamasydyr.
Hakyda – ruhuň Wagt çägindäki, beden içindäki ömründen galýan ýatlamadyr. Şonuň üçinem ol gürrüňsiz jemagat we beden bilen baglanyşyklydyr.
Oglankam ýaşulularyň birinden eşiden «Geçeniň gowy bolar barar» diýen sözi hakydamda möhürlenipdir. Dogrudanam, geçmiş ýatlamalarynyň düýş süýjüligi hem-de düýş alyslygy bar. Bu näme üçin beýle bolýarka?! Çünki ömür geçmişe öwrülende, Wagt bilen Giňişlik özboluşly aýrylyşýar. Çagalyk, ýigitlik döwrüň geçen ýerlerine barýarsyň, öňki wagt ýok, emma giňişlik Esentanyş bolup öňüňden çykýar. Bu ikisiniň aýralygyndan ýüregiň jigläp gidýär. Elbetde, bu aňyň özboluşly aldawydyr. Wagt giňişlikden aýry ýaşamaýar, ikisi bile gidýär. Emma seniň kabul edişiň seni aldaýar, aslynda welin diňe öňki wagt däl, öňki giňişlik hem ýokdur. Hut şonuň üçinem şol ýerlere dolananyň bilen sen çagalyga ýa ýigitlige gaýdyp barmaýarsyň. Onsoň ýüregiň jiglese-de, kalbyň hiç hili kanagatlanma tapmaýar. Çünki seniň baran ýeriňde eýýäm başga giňişlik bar. Şol öňki jaýlar, şol öňki köçeler, emma bütinleý başga giňişlik. Giňişlik pelsepe manysynda fiziki manydaky gurşawdan düýpgöter tapawutlanýar. Gurşaw – seniň bedeniňi gurşap alan töwerekdir, giňişlik bolsa hemişe seniň ruhuňy gallap durýandyr.
Diýmek, ömür geçdigiçe, giňişlik hem wagt daşdan içe, daşyndan seniň içiňe gidýär. Şonuň üçinem seniň ömrüň seniň içiňdedir. Ömrüň ýatlamasy bolsa seniň hakydaňdyr.
Durmuş – bedeniň üstünden geçip gidýän wagtdyr. Ömür – seniň ruhuň içinden geçip gidýän wagtdyr.
Ömürden soň, ruh bedenden aýrylyp, gapdaldaky dünýä geçýär, wagt giňişlikden aýrylyp, beden dünýäde galýar, ruh bolsa giňişlik – wagtyň aňyrsyndaky barlyga gidýär.
Hakykat manysyndaky bir rowaýaty gürrüň bereýin.
Gadym eýýamlarda bir söwdagär bar eken. Dürli ýurtlary gezip, köp söwdalar edip, dünýäň baýlygyny ýygnapdyr. Bir gezek öz kerweni bilen uly şäheriň etegine ýetip gelýärkä, bir zada gözi düşüpdir. Bir biçäre gul iki sany öküz bilen ýer sürüp ýörenmiş. Daşyndan ol guluň agyr zähmetden, aç-suwsuzlykdan ýaňa surnugandygy görnüp dur diýýä. Ýaňky täjiriň ýuka hem rehimdar ýüregi bolupdyr. Guluň ýagdaýyna dözmän, onuň eýesiniň ýanyna baryp, pul berip, biçäräni azat etmek isläpdir. Emma geň zat, gul täze tapylan howandara sag bol aýdyp, özüniň azat bolmak islemeýändigini ýaňzydypdyr. Ol täjire bakyp: «Eý asylzada, bar zat geçýär, bu-da geçer» diýipdir.
Aradan birnäçe ýyl geçip, täjir ýene şol şähere düşüpdir. Girdejili hem bähbitli söwdasyny tamamlap, gadymy däbe eýerip, agşamara özi ýaly täjirler bilen ýurduň patyşasynyň huzuryna barypdyr. Däbe görä, täjirler patyşany her hili baýlyklar bilen hormatlapdyrlar, patyşa bolsa olary uly zyýapat bilen hezzetläpdir. Naz-nygmatly saçagyň başynda oturan ýerinden täjir birden bir wagt özüniň gulçulykdan azat etmek islän adamyny görüpdir. Görse, öňki gul indi şäher häkimi eken, özem patyşanyň sag egnini alyp otyr diýýä.
Häkimem täjiri tanapdyr. Zyýapatdan soň, ony öýüne çagyrypdyr. Şol ýerde täjir guluň başdan geçirenlerini eşidipdir. Bir ýyl şäheri duşmanlar gabap, patyşa gaty howsalaly ýagdaýa düşüpdir. «Men patyşa tötänden gabat geldim we oňa duşmany ýeňmegiň salgyny berdim. Şeýdip, şäher apatdan dyndy» diýip öý eýesi gürrüň beripdir. Myhman onuň bagtly döwranyna guwanyp: «Gulçulykda çeken jepaň ýerine gowşupdyr» diýipdir. Häkim bolsa: «Bar zat geçýär, bu-da geçer» diýipdir.
Ýene birnäçe ýyl geçip, täjir ýene söwda-satyk işi bilen şol şähere barypdyr. Ol köne tanşyny sorag-ideg edende, onuň indi ýurduň weziri bolandygyny aýdypdyrlar. Agşam täjir onuň huzuryna gelipdir. Wezir ony oňat hezzetläpdir, ikisi bütin gije durmuşyň geň-enaýylyklary barada mesawy gürrüň edip oturypdyrlar. Hoşlaşyk pursady gelende, täjir dünýäň adalatly gurlandygyny, hut weziriň durmuşynyň muňa şaýatdygyny aýdypdyr. Köne tanşy bolsa şol bir jümläni gaýtalapdyr: «Bar zat geçýär, bu-da geçer».
Täjir ýene bir gezek şol şähere baranda, özüni aňk eden habary eşidipdir: oňa weziriň tarpa-taýyn ölendigini aýdypdyrlar. Täjir öz tanşynyň ruhuna aýat okamak üçin gonamçylyga barypdyr, mazary tapyp, aýat-doga edipdir. Turjak bolanda, mazar daşyndaky ýazga gözi düşüpdir: «Hemme zat geçýär, bu-da geçer». Şonda täjir gobsunyp: «Ýok, dostum, bu gezek seniňki nädogry, bu indi hiç mahalam geçmez!» diýip, eňräpdir.
Iň soňky gezek garry täjir şol tanyş şähere baryp, öz işlerini bir ýüzli edip, dostuny ýatlap, onuň ruhuna aýat okamak isläpdir. Emma mazary tapmandyr. Ýerli adamlar: «Üç ýyl mundan öň güýçli sil geldi. Gonamçylygy ýer bile ýegsan edip gitdi» diýipdirler.
Bu habara täjir näme diýjegini bilmän, aňalyp galypdyr.
Dünýäde hemme zat geçýär, dünýäden hemme zat geçýär. Diňe bir zat – hakyda galýar. Şu rowaýat hem hakydanyň bir bölegidir.
Filosofiýa