HAK WYSALY
Hakykat barlygy adamyň içki hem daşky, jan hem ten barlyklarynyň o tarapynda ýerleşýär. Eger şeýle bolsa, onda adam hakykat barlygyna nähili barmaly? Elbetde, özüniň içki hem-de daşky barlyklarynyň üsti bilen barmaly. Şu hili baryşda bu iki giňişligiň hersiniň öz hyzmaty bardyr. Daşky barlyk – dünýä hem pelek Allatagalanyň sungatydyr, onuň ýaradan mahlugydyr. Wagt içinde ýaşaýan bu giňişlik Haky gözleýji üçin misil almak, yşarat arkaly düşünmek manysyndadyr. Çünki onda Ýaradanyň bar ediji işiniň netijeleri görnüp durýar. Hut şeýle: daşky barlykda hakykatyň özi däl-de, Hakyň işiniň netijeleri jemlenýändir. Şonuň üçinem bu barlykdan misil tutup bolar, sapak alyp bolar, ol özboluşly tejribe ýeri, görkezme esbabydyr. Emma Hakyň özüni bu giňişlikden gözlemek nädogrudyr. Çünki Hak Wagtyň içinde ýaşaýan däldir. Wagtyň içine girmek akybeti – soňlulygy aňladýar, Hak bolsa soňsuzlyk – bakylykdyr.
Hakyň wysalyna barýan ýol içki barlygyň çäklerinde ýerleşýär. Çünki içki barlykdaky ruh Wagty görüp bilýär, Wagty gapdaldan aňlap, ondan aýrybaşgalaşyp bilýär. Wagtdan aýrybaşgalaşmak işi Hakyň wysalyna ugramagyň mümkinçiligidir. Adamyň ruhy jöwherinde daşky barlykdan tapawutlylykda Hakyň diňe bir eseri – yzy, nyşany däl, eýsem onuň özündenem düşnük bardyr. Hut şu jöwherem adama Wagtdan gaýybana bolsa-da, hyýaly bolsa-da, wagtlaýyn hem şertli bolsa-da, aýrybaşgalaşmaga mümkinçilik berýär. Hakyň wysalyna gözükmek – şu hili aýrybaşgalaşmak mümkinçiligini mümkingadar doly suratda amal etmegi aňladýar. Munuň özi adamyň ruhy jöwheriniň Wagtdan ýokary galmagy, ruhuň belentlige tarap göterilmegidir. Näme üçin ruhuň şu hili hereketini belentlige tarap göterilmek diýip kesgitleýäris? Çünki munuň özi adamçylyk, ruhy-ahlak jähetden iş ýüzünde – durmuşda oňynlyga tarap özgermegi, kämilleşmegi aňladýar. Adamyň gymmatlyklar ulgamyndaky «belentlik» düşünjesi amaly taýdan oňynlykdyr. Ruhubelentlik – adamyň hut adamçylyk mazmunynyň iň ýokarky derejede ýüze çykmagydyr. Ruhubelentlik – adamyň hut adamçylyk mazmunynyň iň ýokary derejedäki ölçegidir.
Eýse adamçylyk mazmuny näme we ol nähililik bilen kemala gelýär?! Biziň adamçylyk mazmunymyz adamzat medeniýetiniň müňlerçe ýyllyk ösüşiniň gazananlary bilen kemala gelen ruhy-ahlak durkumyzdyr. Iň ajaýyp ruhy-ahlak sypatlary we barlyklary özünde jemleýän bu durk hem Hakyň, hem adamzadyň işiniň miwesidir. Her bir adam bu miwäni Hakyň wysalyna barýan ýolda tapyp bilýär. Biz Hakyň wysalyna Haky tapyp, onuň ornuna geçmek üçin ymtylmaýarys. Adam hakykat däldir, çünki onda «men» bardyr. Emma adam hakykatyň şaýadydyr we güwäçisidir. Hakykat bolmak üçin «menden» has ýokardaky jöwher gerekdir, çünki özünde-de bar bolan başga bir «meni» adam hakykat diýip ykrar etmez. Biz Hakyň wysalyna Haka dahylly bolmak üçin ymtylýarys, çünki bu hili dahyllylyk biziň ýetip biljek iň beýik derejämizi mümkin zada öwürýär. Biz Haka ýakynlaşdygymyzça, adamçylyk mazmunymyz artýar we baýlaşýar, Hakdan daşlaşdygymyzça, adamçylyk mazmunymyz ýoýulýar hem weýran bolýar.
Adamçylyk mazmunymyz artdygyça we baýlaşdygyça, biz özümizi ruhubelent duýýarys. Hak wysaly bilen ýüzbe-ýüzlük bizi Wagt bilen ýüzbe-ýüzlügiň hasratyndan we çykgynsyzlygyndan halas edýär. Haka ýykylmak bizi özge zatlaryň öňünde ýykylmakdan halas edýär. Haka berilmek bizi erkimiziň özge zatlar tarapyndan alynmagyndan azat edýär.
Ruhumyzyň Haka tarap ýokary göterilmegi ruhumyza azatlyk, gözellik, manylylyk hem-de çuňluk berýär. Hut Hak wysaly bilen baglanyşykly bolany üçin, ruhubelentlik howaýy ýöne bir durmuşy hadysa bolman, eýsem metafiziki esasly bir ahwalaty aňladýar. Hakykat adamyň ruhuny ontologik belentlige we gnoseologik çuňluga tarap çekýär. Hakykaty, hakykat bilen baglanyşykly ymtylmalary we düşünjeleri elinden alyň, adam pes hem biçäre bir zada öwrüler. Ol tüýsi üýtgeşik bir zat bolar. Hakykatsyz adam, hakykat gymmatlyklaryndan, ruhuň belentliklerinden mahrum bolan adamzat jemgyýeti pes hem ýüregawadyjy bir hadysadyr. Munuň özi adamzat hulkunyň zaýalanmagy, bozulmagy, ýoýulmagydyr. Hakykat, Hak wysaly adamzadyň düýpleýin, asylbaşky biomedeni arhetipleri bilen baglanyşyklydyr. Şol arhetiplere eýerýändigi üçinem adam adamdyr. Olar adamzadyň durnugynyň strukturasyny kemala getirýärler. Olary ýok ediň, adam adam bolmagyny bes eder.
Hususanam, ynanç – özünden has beýik, özünden has uly, özünden has belent bir asylbaşky güýje bolan ynanç adamyň beýnisiniň tebigatyndan gelip çykýar. Bu ynanç onuň zandynda, ýasawynda oturandyr. Şol sebäpdenem adam ruhy hemişe belende ymtylanda özüni oňat, tebigy hem sazlaşykly duýýar. Şol sebäpdenem ol ynançdan daşlaşdygyça, ynanç meselesi petige diredigiçe, adam daşky dünýä hem-de öz-özi bilen şum näsazlyga we ýowuz gapma-garşylyga düşýär. Munuň özi adamyň ruhy substansiýadygyny görkezýär. Onsoň ruhuň özi haýsydyr bir hatda juda uzak wagtlyk hem jemgyýetçilik ýa gaýry bir sosial ösüşiň miwesi bolup bilmez. Ruh adamyň jöwherinde goýlan, ösüş – wagt bolsa, diňe şol zanda goýlan tohumyň – potensiýanyň açylmagyna getirip bilýär.
Şeýlelikde, ruh adamyň düşnügindedir, ol onuň içindedir, Haka – has ýokardaky Beýik Ruha ymtylmak hem onuň üçin tebigylykdyr. Iki ruhuň biri-birine ymtylmasy Hakyň wysalyna getirýär. Şu ymtylma ýolunda adamzat medeni, ruhy, köňül, durmuşy, aň tarapdan uly ösüşleri başdan geçirýär. Hakyň wysaly – ösüş çelgisi, ösüş nyşanasydyr. Şonuň üçinem Hak wysaly içki ruhuň daşky Ruha tarap belende göterilmegi görnüşde göz öňüne gelýär.
Tebigat adamzat üçindir, adamzat hakykat üçindir. Şeýle baglanyşygyň aňyrsynda Wagt ýatýar. Wagtyň üznüksiz işi netijesinde ösüş kemala gelýär. Şu ösüşi bolsa aýlanýan tigire öwürmezlik üçin adamzadyň Hakyň wysalyna ymtylmagy zerurlykdyr. Adamzat ondan näçe daşda bolsa, ol şonça-da tebigatyň emrine laýyklykda wagtyny boş, öndümsiz geçirýär. Tebigat ruhdan mahrumdyr, şonuň üçinem onda wagşylyk bar. Wagşylyk diňe ten, beden islegleriniň döredýän hakykatydyr. Wagşylyk tebigatyň öz-özüni iýip ýaşamak usulydyr. Ruhdan daş halatynda adamzat hem şu kanun boýunça ýaşaýar. Hakyň wysaly şepagatgäh kimin adamzady bu ýaşaýyşdan ýokary göterýär. Ruh belende galýar. Şonda adamzatda adamzat mazmuny artýar.
Elbetde, men Tebigat – Adamzat – Hakykat şekili arkaly ýaşaýşyň mazmunyny bolşundakysyndan ýönekeýleşdirmekçi däl. Aňy ösen adamzadam wagşylyk kanunlary boýunça ýaşap bilýär ýa-da ruhdan belli bir manyda daşdaky ilkidurmuş taýpalary-da dünýä bilen sazlaşykda ýaşap bilýärler. Gürrüň edil häzirki döwürde – XXI asyryň başynda adamzadyň ösüşiniň meselesi hakynda gidýär. Şu manyda Hakyň wysalyna ymtylma biziň üçin ýeke-täk çykalgadyr. Munuň üçin bolsa bir hakykata – Ruhuň adamzat üçin goşmaça, soň berlen ýa oýanan bir zat däl-de, adamyň zandynda gatanç edilen substansiýadygyna göz ýetirmekdir. Ruhuň esasy goşantlarynyň birem ynançdyr. Ynanç bolsa Hak wysalyna ymtylmagyň badalgasydyr.
Adam ynançsyz ýaşap bilmez. Adam Hudaýsyz ýaşap bilmeýär. Bu – jedelsiz hakykatdyr. Adamyň beýlekileriň Hudaýyna ynanmazlygy mümkin, emma oňa derek onuň öz Hudaýy – ynanç hem sežde obýekti bardyr. Biziň Hudaýymyz – Hakdyr, biziň ömrümiziň her pursatlyk hem-de aňyrky maksady bolsa Hakyň wysalydyr. Şeýdip, biz öz adamzatlyk mertebämizi we adamçylyk mazmunymyzy saklaýarys. Bu mertebe hem mazmun bize berlen üýtgeşiklikdir. Bu biziň özge dünýäden baş tapawudymyzdyr.
Sungatda, ylymda, pelsepede, ynançda ruhuň belentliklerine ýetilen döwürler adamzadyň taryhynda iň beýik döwürlerdir. Adamzadyň iň beýik ogullary – ruhuň belentliklerine ýeten şahsyýetlerdir. Bularyň hemmesiniň ýoly Hakyň wysalyna gönügipdir. Olaryň döredenleri millionlarça dünýäleriň içinde aýratyn bolup durýan, olardan saýlanyp durýan dünýäni – adamzat dünýäsini kemala getirýär.
Gep Haka göz ýetirmekde ýa ýetirmezlikde däldir. Biz dört ölçegli dünýäde ýaşaýarys, Hudaý ondan aňyrky barlyklarda. Gep biziň özümizdedir.
Hudaý bize biziň substansiýamyzda bar zatdan başga hiç zady berýän däldir. Meniň pikirimçe, akyl ýetirilmeli närseleriň içinde iň derwaýysy – bu biziň öz-özümize akyl ýetirmegimizdir. Özümize bolsa biz diňe Hakyň wysalyna barýan ýolda akyl ýetirip bileris.
Aslynda, akyl ýetirişiň köpler tarapyndan üns edilmedik, alga alynmadyk bir täsinligi bar: biz nämäni akyl ýetirişiň obýekti edip alsak, şol zatda-da özümizi görüp başlaýarys, özümizde-de şol zady görüp başlaýarys. Emma Hak beýle geň-taňlygyň o tarapynda ýerleşýär.
Şeýlelikde, biziň ruhumyz üç ölçegde – adamyň içki ruhy çuňlugy, dünýäniň daşky fiziki wagt-giňişlik barlygy hem-de Hudaýyň transsendent syrlylygy ölçeginde kemala gelýär. Munuň özi uly barlygyň üç jähetleýin bitewüligidir. Bu bitewülige akyl ýetirmeklik ruhubelentlik ýörelgesiniň gnoseologik esasydyr.
Emma meniň beýle diýdigim uly barlygyň üç jähetinde akyl ýetirilmeli geň-taňlyklaryň ýaňy başlanýandygyny aňladýar. Adam, dünýä hem Hak babatda akyl ýetirilmeli, pelsepewi formulirlenmeli anyklyklar juda köpdür. Men bu işe ýaňy başlaýaryn. Şonuň üçinem aýdylan pikirler, beýan edilen hakykatlar uly akylýetirme ýolunyň diňe başyndaky içgepletmelerimdir.
DÜŞÜNDIRIŞ:
Aksiologiýa – gymmat hakdaky ylym.
Bähre – peýda, nep.
SÖZSOŇY
«Ruhubelentlik oýlanmalary» – ýazan eserlerimiň içinde ilkinji sap pelsepe eseridir. Şu eserimde men barlygyň esasy üç tarapyny – adamy, dünýäni we Haky degişli pelsepewi pikirler arkaly beýan etdim. Şunda men Günbataryňam, Gündogaryňam pelsepe adalgalaryny ulandym, bu medeni däpleriň özüne kabul edip alan pikirleniş usullarynyň özüme ýaramlysyny we gereklisini öz işimde ulandym. Sap pelsepe görnüşleridigine we sap pelsepe meseleleridigine garamazdan, meniň maksadym bütinleý amaly derwaýyslyga jogap bermekdir. Hususanam, türkmeniň Altyn asyrynda ýaşaýan şahsyýetiň aň hem pikir ölçegleri nämelerden ybarat bolmaly, onuň goldanýan pikir gymmatlyklaryny nämeler kemala getirmeli?! Şeýle amaly zerurlyk özüniň pelsepe esaslandyrmasyny talap edýär.
Men filosof däl, ýöne men filosofiýany gowy görýärin. Öz ýazan çeper eserlerimde hem pelsepewi pikirleri peýdalanmaga ýykgyn edýärin. Megerem, bu meniň döredijiligimiň aýratynlykly tarapy bolsun gerek.
Bu kitapdaky filisofiki pikirler meniň ruhy dünýäm. Bu dünýä meniň ömrümiň manysy. Bu dünýä meniň ömrümiň lezzeti.
Bu dünýä giň okyjylar köpçüligini-de özüne imrindirer diýen pikir bilen kitabyň soňuna nokat goýýaryn.
Filosofiýa