11:14 Muhabbet / hekaýa | |
MUHABBET Bizi kiçijikkäk, "Ata-enem bolsa bolsun, agzy-burny bolmasyn" diýen nakyly ilkinji gezek kakamdan eşidipdik. Biziň bir ýaş göleli garaja sygrymyz bardy. Onsoň ejem gygrymyzyň agşamky saglan süýdüni çigligine ýaýraw gaba salyp goýardy. Saba bilenem onuň ýüzünde gaýmalan gaýmagyny syryp alaga-da, bir käsä guýardy. Kakamyň mekdepde bir süri işi bardy. Şonuň üçinem ol mekdebe hemme mugallymlardan öň giderdi. Ejem çaý-çöregiň ýany bilen hemişe hälki, ýarty käse çemesindäki gaýmagy hem onuň öňünde goýardy. Şol gaýmakdan jigim ikimiziň hem iýesimiz gelýärdi. Dogrusy, o mahallar häzirki ýaly dükanlarda süýtdür gaýmak, gatykdyr peýnir ýaly süýt önümleri satylmazdy. Aý, garaz, gürrüňi uzaldyp nädeýin. Biz hem şol gaýmakdan tamakin bolup, her gün diýen ýaly ir oýanardyk, hatda kakamdanam ir turýardyk-da, howul-hara ýuwnup, ondan öň saçagyň başynda häzir bolardyk. Ejem bolsa şojagaz gaýmagy bir çemçeräk täze gatyk bilen garyşdyryp, ony öňküsinden birneme köpeltjek bolardy. Şeýdibem üç bolup onuň başyna geçerdik. Haýp, birki gezek çörek batyrdygyň derhal gutarardy. Soňy bilen kakam iýmän, ony köplenç biziň öňümize süýşüredi. Ana, şo pursatam kakam ejeme bakyp: „Keýwany, ata-babalarymyz ýöne ýere „Ata-enem bolsa bolsun, agzy-burny bolmasyn“ diýen däldir“ diýipdi. Şondan soň kakam-a işe turup giderdi, biz bolsak ýatmak üçin ýaňadan ýorganymyza girerdik. Ejem welin başymyzy sypap durşuna, „Guzujyklarym, garnyňyzy doýran bolsaňyz, sag-aman ýatyp-turuň!“ diýip ýanymyzdan gitmezdi. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |