11:40 Muña durmuş diýerler: Töwella | |
3. TÖWELLA
Hekaýalar
Şol gün Berdigylyç aga bize gelende mellekdäki baglaryma ideg edip ýördüm. Onuň aladalylyny ýüzünden hem aňmak bolýardy. - Eşikleriňi geý, barmaly ýerimiz, görmeli adamlarymyz bar- diýende, ýaşulynyň hüý-häsiýetine belet bolamsoň “Name üçin, niräk gitmeli, kime görünmeli?” diýen sowallary berip oturmadym. Mesele çynlakaý bolup, meniňem kömegim talap edilmese, Berdigylyç aga maňa beýle haýyş bilen gelip ýüz tutmazdy ahyryn. Ýene bir adamyň öýüne baryp, ony hem ýanymyza alanymyzdan soň, Berdigylyç aga öňümizde duran meseläni aýan etdi. Mahym bilen Merdanyň mekdepde okaýan döwürlerinden bäri bir-birlerinde göwünleriniň bardygyny obada bilmeýän azdy. Iki tarapyň hossarlary hem ýaşlaryň jübüt bolmagynyň tarapyndady. Gudaçylyk gapysy açylmaga sähet wagt galanda, gyz şol ýigit bilen gaçyp gitdi. Ýaşlaryň oýlanyşyksyz hereketi iki tarapy nägile etdi. Indi biz ýigidiň dädesini hem ýanymyza alyp kethudanyň ýaşululyk etmeginde gyz tarapayna töwella etmelidi. - Ogul öýerip, gyz çykarmagy arzuw etmeýän ene-ata bolmaýar - diýip ýigidiň dädesi bize goşulandan soň zeýrenip gürledi. Bir-birlerini halaýandyklaryny iki tarap hem bilýärdi, garşylygymyz ýokdy. Sähetli güni gabatlap, gudaçylyk gapysyny açmagy ýüregimize düwüp ýördük. Näme akyl bilen beýle telek işe baş urdular, biz-ä düşünemizok. Bu bir türkmençilikde aýyp görülýän zat. Indi eden işleriniň gelişiksizligine düşünip, sowala jogap tapman, ýüzlerini sallap otyrlar. Hiç kimiň abraýynada gowy däl. Has beteri maşgalalaryň arasyna tow düşürip, düwün galdyrdylar. Dördümiz topar tutup, demir ýoldan biraz geçen ýerimizdäki gyzyň öýlerini golaýlaşdygymyzça, göwnümdäki ünjim artýardy. Gudaçylyk gürrüňini etmek, bu meselede töwellaçy bolmak, öň ýatsam-tursam küýümede gelenokdy. Ol meniň başarjak işimmidir?. Iň gowusy, barjak ýerimizde mümkingadar gürrüňe goşulman dymyp oturmagy makul hasapladym. Mesele açyk bolansoň, gyz tarapynyň bizi “Hoş geldiňiz!” diýip garşylamajaklary hem bellidi. Geljekki guda ýerimize baranymyzda, duz--tagam hödürlänem bolsalar, öý eýeleriniň ýüzlerindengar ýagýardy. Olaryň biziň üstümize ýagdyrýan gaharly, igençli sözleri degnamyza degip barýardy. Kethuda bilen ýigidiň dädesi bu sözlere öňden garaşýan bolsalaram, men we bize goşulan beýleki ýoldaşym üçin bu awuly, teýeneli sözler “oslagsyz sowgat” diýen ýalydy. Men halynyň göllerini sypan bolup, ýüzümi galdyryp bilmäni otyrdym, ýaşlaryň etmişine biziň hiç hilli dahylymyz ýokdy, asla bu mesele barada biz ilkinji gezek mundan ýarym sagat öň bilipdik. Bolsa-da bu wezipä meýletin goşulanymyz üçin onuň agyr ýüküni deň çekişmegem hökmandy. Emma ýoldaşym ýa muňa düşünmedi, ýada düşünsede, dar gursaklyk etdi. Arasynda gyzyň dädesi onuň ýüzüne seredip, ajysyny pürküp otyrka ol alarlyp: - Köşeş ýaşuly, bessir! Biz siziň igenjiňizi diňlemek üçin dälde, toýuň sähedini bellemek üçin geldik-- diýip tasdanam ähli zady bulaşdyrypdy. Hernä Berdigylyç aga gürrüňi asuda akaba ugrukdyryp ýetişdi. Köp çarşenbäni başdan geýiren ýaşuly hamala töwella gelmedik ýaly gürrüňi daşdan aýlady. Sözüň ebetini tapmaga ussat ýaşulymyza güneşli howa gürrüň açmaga bahana boldy. Soň ol ýylyň rysgal-bereketli gelendigi, bazarda harydyň köpelip, nyrhyň peselendigi, ýetip gelýän baýramçylyk hakynda gürrüň etdi. Men ýüzümi sallap, halynyň gölüni sypap oturşuma: “Biz töwella geldik welin, bu gürrüňleriň garalýan meselä näme dahyly barka?” diýip oýlanýardym we kethudanyň hereketlerini ogrynça aladaly nazar bilen synlaýardym. “Gudaçylyk meselesi başa barmansoň Berdigylyç aga mesawy gürrünler bilen söhbedi jemläp, turmakçy bolýan ýaly--la” diýen netijä geldim. Men häzir kethudanyň müşgil meseläni oňyn çözüp bilmäni şowsuzlyga uçranyna ilkinji gezek şaýat bolýardym. Gojanyň adaty meseleler baradaky sada söhbedine goşulyp, onuň bilen sözleri alyşyp başlan öý eýeleriniň ýüzündäki tutuksy kölegeler gitdigiçe syrygyp, sözleri ýumşaýardy. Kethudanyň jaýdar pikirlerine olar ümmüldeşip baş atýardylar. Öňki endikleri boýunça hatda käbir meselelerde Berdigylyç agadan maslahat soraýardylar. Bizem kem-kemden bu söhbede goşuldyk. Gürrüňimiz bal bilen ýag mysaly gatyşyp başlady. Soňabaka desterhanyň üsti çaý nahardan dolup süji-köke we nazy-- nygmat üçin ýer darlyk etdi. Ahyrsoňy hoşlaşyp turanymyzda, taraplar ýaraşyp, gudaçylyk baglaşylypdy. Ata-eneleriň razylygy bilen ýene-de bir maşgala ojagynyň binýady tutuldy. Kethuda gepi daşdan aýlamak üçin mesawy gürrüňe geçende, oňa sapagyň şowsuzlygy hökmünde düşünen diňe bir men däl ekenim. Biziň hemmämiz, şol sanda ýigidiň dädesi hem şol wagt ýaraşykdan, gudaçylykan tamany üzen ekenler. Muny dar gursaklyk edip, ýerliksiz sözlän ýoldaşymyzyň ýalňyşyny düzetmek üçin edenligi aýdan kethuda: - Bolmanda-da göwni ynjan, nähak öýkeledilen adamlar gujak açyp, güler ýüz bilen mähirli garşylar öýtdüňizmi? Bir işiň başyny tutanyňda sabyr-takatly bolmaly, aljyramaly däl, özüňe erk etmegi başarmaly. Öýke-kine äheňde däl-de, hoşamaý gürrüň etmeli, ýosam ýalňyş aýdylan ýekeje sözüň, sähelçe nätakyk hereketiň ähli işi bulaşdyrmagy mümkindir. Käte bir ýagşy söz bilen uly jeňiň oňüni alyp bolýandyr, bir erbet söz sebäpli ýok ýerden söweş turup bilýändir. Diňe kethuda bolup, kinelileri ýaraşdyrmak üçin däl, iň bärkisi agzybir ýaşatmak üçinem hemişe paýhasly, ýerini bilip gürlemelidir. Her bir mesele çözülende, öňdäki maksatlar we geçmişdäki şertler nazarda tutulyp, aýtjak-- diýjek zadyňy ölçerip aýtmalydyr – diýip düşündirdi--de, öwüt-nesihatyny adatdakysy ýaly Magtumguly Pyragynyň bir bendi bilen jemledi: Öňüň gara, yzyň gözle, Hoş sözüň diý, gahryň gizle; Sözläbilseň, ýagşy sözle, Halk ýamanyň bizarydyr. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |