08:17 Oguzhan eýýamynyñ beýik serkerdeleri | |
Oguz han eýýamynyň beýik serkerdeleri 1. Tomaris (Tumar)– miladydan öňki VI asyr. Turan massagetlerinden bolan merdana zenan, Il-ýurda howp abanan pursatda goşuna baş bolupdyr. B.e.ö. 530-njy ýylda Günbatar Türkmenistanda Uzboýyň kenarynda ol ahemen patyşasy Kuruş II tarapyndan baştutanlyk edilýän sany-sajagy bolmadyk leşgeri derbi-dagyn edip, ýurduň garaşsyzlygyny goramagy başarypdyr. 2. Frad – miladydan öňki VI asyr. Bu edermen adamyň 522-nji ýylda Margianada ahemenleriň sütemine garşy azat edijilik halk hereketine baştutanlyk edendigi mälimdir. Maglumat çeşmelerinden bize belli bolşuna görä, munuň özi häzirki Garaşsyz Döwletleriň Akalaşygy ýurtlarynyň çäklerinde öz azatlygy ugrunda aýaga galan halkyň ilkinji mälim bolan gozgalaňydyr. Ol iki tarapdan hem örän köp pidalaryň bolmagy bilen tamamlandy. 4. Zarina – miladydan öňki V-VI asyrlar. Turanly saklaryň zenan patyşasy. Olar häzirki Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäklerinde ýaşapdyr. Midiýanyň (Azerbaýjanda bir welaýat) patyşasyna garşy ýeňişli söweşleri geçiripdir. Gadymy maglumat çeşmelerinde Zarinanyň köp şäherleri öz ýurdunyň düzümine goşandygy hem-de halkyň parahat ýaşamagyny üpjün edendigi barada aýdylýar. 5. Beýik Ärşak – miladydan öňki 245-nji ýylda (?) aradan çykan. Parfiýa imperiýasyny esaslandyryjy. Miladydan öňki 245-nji ýylda ýeňişli ýöriş geçirip, Parfiýena welaýatyny (Günorta Türkmenistan) ýunanlaryň süteminden azat edýär. Hut şol ýylda ol söweşleriň birinde wepat bolýar, emma öz başlan işini tamamlamaga ýetişýär. Onuň döreden döwleti 500 ýyla golaý dowam etdi. 6. Mode han – b.e.ö. 209 – 174-nji ýyllar. Hun türkmenleriň döwletiniň iň beýik hökümdarlarynyň biri. Döwürdeşleriniň köp sanlysy ony Oguz han diýip hem atlandyrypdyr, sebäbi ol şeýle beýik ady götermäge mynasyp döwlet baştutany we şerkerde bolupdyr. 7. Süren Ol b.e.ö. 53-nji ýylda Karrahyň eteginde (Mesopotamiýa) at-owazasyna buýsanyp ýören Mark Krassyň baştutanlygyndaky sany boýunça birnäçe esse köp rim leşgerlerini derbi-dagyn edipdir. Ýörite söweş tilsimini ulanmak bilen, ol duşmany duzaga salmagy başarypdyr. Parflaryň ýeňil atly goşunlary rimlileri çar tarapdan peýkamlardan oka tutup, hamala yza çekilýänden bolup, duşmany özleriniň gala kimin bolup duran agyr ýaragly atly goşunynyň üstünden eltipdir. Netijede, makedonlaryň meşhur «ataýry» diýen goşun topary derbi-dagyn edilipdir, ýesir düşen rimlileriň 10 müňüsi bolsa Türkmenistana (Merwe) sürlüp äkidilipdir. 8. Attila – 434 – 445-nji ýyllarda hökmürowan bolan. Ýewropa baran hun türkmenleriň iň beýik wekillerinden, Ýewropanyň döwletlerini özüne paç tölemäge mejbur eden. 442-nji ýylda wizantiýa goşunlaryny derbi-dagyn edýär, soňraky ýylda bolsa germanlary-gotlary tabyn edýär, 450-nji ýylda fransuzlaryň Burgund patyşalygyny weýran edýär. 451-nji ýylda Attila hun türkmenleriň ägirt uly goşunyna baş bolup, Fransiýanyň Şampan welaýatynda Katalun meýdanynda ähli ýewropa halklarynyň esgerlerinden jemlenen leşgeri uly ýitgä sezewar edýär, 452-nji ýylda bolsa Italiýanyň ähli ýerlerini diýen ýaly basyp alýar we diňe Rim Papasy Lew I-iň ýalbarmalary netijesinde yza çekilýär. Ýewropada häzirki wagta çenli Attilanyň edermenlikleri hakynda rowaýatlar aýdylýar. 9. Bumyn han – 545 – 552-nji ýyllarda hökmürowan bolan. Göktürkmenleriň beýik soltanlygyny esaslandyryjy. Döwletiň esasy zarba urujy bölegi özleri-de, atlary-da sowutly bolan agyr atly toparlardan ybarat, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk goşunyny döreden hem onuň özüdi. Öz ömrüniň ahyrky ýylynda ol öz esasy duşmanlary bolan žužanlary (awarlary) doly kül-peýekun etdi we Merkezi Aziýanyň hökmürowan eýesi boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |