11:27 Ömür hakda nowella | |
ÖMÜR HAKDA NOWELLA
Goşgular
![]() (Gulbaba bagyşlanýar) Garaňkydy, Tüm ýalydy daşary. Adam – gara gelenokdy golaýa. Çyra ýandy, Ýagtylandy töwerek, Myhman bary geliberdi bu öýe. Ýagtylygyň hyrydary köpeldi, Aýlandy adamlar çyraň daşynda. Her kimde bir hyýal – Belki, oňatdyr! Ine-de, bir bulgur adam başyna! Kimler şerap içdi ömrüň şanyna, Alkyşa goşuldy bulgurlaň sesi. Kimler sözler sözledi mertebe hakda Beýik bolmak, Beýik bolmak höwesi! Şagalaň gyzyşdy ýuwaş – ýuwaşdan, Goşuldy olara dutar – gyjagam. Göterer şowhuny bagşyň owazy. Nämemişin, Nämemişin bujagaz? Joşup – joşup goşgy okady ýigitler, Her setiri altyn – düre barabar. Satyn alyp şol goşgulaň baryny, Näçe bolsa, goý, bolaýyn bergidar! Utulsamam utulaýyn goşgudan, Ömürboýy goşgy bolsun ýoldaşym. Onuň beýikligi zadyň çaky däl, Goşgy goragçysy iliň, mal – başyň. Adamlar otyrlar çyraň daşynda, Olary güýmeýän şol bir ýagtylyk. Aýdym – sazam, Goşgularam, Bulguram – Daşyna üýşürdi ýanyp – ýagtylyp. ... Şowhunyň gidişi kemsizdi – kemsiz, Birden şatylady, çüýşe döwüldi. Näçe köp bolsa-da arzuw – alkyşlar, Çyra söndi, Şagalaňam sowuldy ... Begmyrat USSAÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |