ÖMÜR KYSSASY
Kä ynanyp ýalanlara
Soñ janymy gynadym men.
Hakdyr diýip oýlanymyñ
Paklygyna gynandym men.
Halallaryñ köpdügine
Päkligine ynandym men.
Syladym men, sylandym men,
Bolmadym hiç ýalanlardan.
Diýip bilmen asyl-asyl,
Däl men asla ýananlardan.
Betpällerden gaça durdum,
Nep tapmadym ýamanlardan.
Atam, seniñ igenjiñe
Indi-indi düşündim men.
Hatalarym az däl eken,
Ony görüp üýşendim men.
Bir pursat bolup gussada,
Hoş günüñ gadryny bildim.
Beýnim gaýnadyp yssyda
Gyş günümi jennet bildim.
Bir haýýaryñ tagna sözün
Bir ömrüme minnet bildim.
Tomus çölde teşne bolup,
Aksam diýdim teşne bolup.
Çekip aýralyk derdini
Bildim söwer ýar gadryny.
Ýollar geçip şeýde-şeýde,
Yşkyñda bolup men şeýda.
Edep kaýda, medet kaýda,
Assa-ýuwaş bilip barýan,
Ömür atly bir çemeniñ
Her gün birin ýolup barýan.
Bildigim az, bilmänim köp,
Muña haýran galyp barýan.
Ömür ýazdyr, ömür gyşdyr,
Diýmen asla: "Düýbi boşdur!",
Söýüñ, söýlüñ bu dünýäniñ
Düýp manysy galam-gaşdyr.
Altmyş nedir, ýetmiş nedir,
Segsende-de göwün ýaşdyr...
28.05.2002 ý.
Allaýar ÇÜRIÝEW.
Goşgular