ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ On dördünji mynajat: SÄHER NAGMASY ÜÇIN ALKYŞ
Dünýä ýaşaýşynda säher aýratyn wagt, aýratyn eýýamdyr. Çünki säherde ýaşaýşyň iki tapawutly jäheti – panylyk hem bakylyk tapyşýar. Şonuň üçinem säher gudratdyr.
Bu gudraty her bir adam duýup-syzyp bilýär. Aňyrsyna göz ýetirmese-de, ol mundaKI bir täsin üýtgeşikligi duýýar. Şonuň üçinem, az wagtlyk bolsa-da, säher çagy adam bütinleý başga adam bolup ýaşaýar.
Säherler perişdeleriň gezýän çagydyr. Olar şol wagt bakylyk zinesinden wagt mülküne düşýärler. Töwereginde perişdeleriň barlygy adamda täsin duýgulary döredýär.
Säherler jennetleriň gapysy açylýan çagdyr. Şol wagt Alladan iman dilemek has ýerliklidir.
* * *
Säher mynajat çagydyr.
Guşlardan ybrat alyň.
Garaňkynyň eýýäm giden, Günüň entek gelmedik çagynda guşlar jagyl-da-jugul. Guşlar adamzadyň görmeýän syrlaryny görýärler, duýmaýan syrlaryny duýýarlar. Olar bu iki reňkiň – gije garaňkylygynyň hem gündiz güneşliliginiň aralygyndaky durulykda Allatagalanyň Ýere inen tejellisine şaýat bolýarlar. Bu beýik peýda bolmadan – Biribaryň jemalynyň säheriň durulygynda tejelli etmesinden ylham alyp, yzyny üzmän nagma kakýarlar. Guşlaryň şeýda nagmalaryndan dünýä durşuna owaza öwrülýär. Üç ýaşaýyş gudratynyň – tejelliniň, durulygyň hem owazyň birleşmeginden bakylygyň pana inen ruhy bildirýär.
Gije geleýin diýse, pelekdäki garaňkylyk bent bolan, gündiz geleýin diýse, asmandaky Güneş päsgel bolan tejelli birnäçe salymlyk Ýere inýär. Onda ne tümlügiň kütekligi, ne-de şöhläniň ýitiligi bar. Ol diňe durulyk. Diňe durnagöz durulykdan ýaşaýşyň düýpsüz düýbi, barlygyň teýsiz teýi görünýändir. Ýok, säheriň durulygy öz-özi üçin däldir, durulyk durulygyň hatyrasyna däldir. Bu durulyk gözgüdir.
Bu durulyk jan gözüniň öňüne tutulan dürbiniň aýnasydyr. Bu gözgi Allatagalanyň öz ýaradan dünýäsine gatnaşygyny, Onuň Halyklygyny görkezýär. Bu dürbiniň aýnasynyň aňyrsynda Biribaryň birligi hem barlygy görünýär.
Bu durulyk ummanyna özüňi urup, kalplary bu durulyga ýuwnan guşlar Allanyň yşgynda saýraman nätsin?! Olar hut şu pursatda Alla ýakynlygyny süňňi bilen syzýarlar ahyryn. Tümli gijeler gaflat zamany, şöhleli gündizler günema zamany, gijeleriň dynçlygynda, gündizleriň bidynçlygynda özüni, aslyny unudyp, wagtlaýynlykda ýiten janlar säher wagty panylykdan bakylyga, ýaşaýşyň üýtgäp-özgerip, her pursatda ýok bolup duran ýokarky gatyndan hiç üýtgemeýän aşaky barlygyna düşýärler. Bakylyk duýgusy köňle aralaşyp, ýürekleri heýjana salýar. Bu duýgynyň heýjany dile gelip, dil açylyp, dil saýrap başlaýar. Säher durulygynda guşlar perişdeler bibedenlige, perişdeler bolsa guşlar ýaly zybanalyga eýe bolýarlar.
Säher mynajat çagydyr.
Guşlardan ybrat alyň!
Säherler bidar boluň!
Ýatman, säherlerde – ýaşaýşyň, barlygyň düýbünde-teýkarynda bar boluň!
Durnagöz ýaşaýyş durulygyny duýuň, durulyga ýar boluň!
Säherlerde üstünden gara şaly sypyryp aýran asmanlar durudyr! Asmanyň ýüzünde – jemalynda ne tümlügiň ýoky galypdyr, ne-de entek onuň ýaňaklaryna Güneşiň şugla şireleri ýokup ýetişipdir. Asmanyň ýüzünde tehuran şerabyň arassalygy bar. Asmanyň ýüzünde erenleriň hak şerabyny guýup içen çüýşesiniň durulygy bar. Asmanyň ýüzünde beýik ulamalaryň namaza duran metjidiniň gümmeziniň göm-gök durulygy bar. Asmanyň ýüzünde Byragyň beşeri ýüzüniň öçmez şuglasynyň durulygy bar. Asmanyň ýüzünde Jebraýylyň jemalynyň ýalkymynyň durulygy bar. Asmanyň ýüzünde keremli Kitabyň hatynyň durulygy bar.
Bu durulyklaryň bary säher çagy Alla ýakynlaşan bendäniň kalbynda birleşip, dünýäden bakylyga tarap uzap gidýän gatlak-gatlak, ötlem-ötlem durulyk nazaryny peýda edýär. Bu nazaryň aňrujynda bolsa jeberut älemi ýagtylanyp, ýaýylyp görünýär.
Säherler dünýäniň üstünden öwüsýän şemallar durudyr!
Säheriň dury şemalyna ýuwunan dünýä päkdir. Päkligiňde bolup bilseň, şonça boluň!
Bu dury hem päk şemallar bakylykdan peýam getirýändir. Emma bu peýam sözlerden hem pikirlerden däl, olarda ynsan süňňüne iberilen habar bar. Ol peýamyň hakykatyny süňňüň syzgylary bilen kabul etmeli. Säher şemaly başyňy, maňlaýyňy apalap geçende, Biribaryň hökmürowanlygy hem ynsana söýgüsi seniň üçin Aý dogan ýaly aýdyň, düşnükli hem jedelsiz hakykat bolup galar. Säher şemaly endamyňy ýelpäp, soňam barlykdan hiçlige tarap selpäp geçip gidende, sen bakylygyň bardygyna, Allatagalanyň seni panylykdan saýlap, bakylyga rowa görendigine gögüň gümmezine göz ýetirişiň ýaly göz ýetirersiň. Säher şemaly söýgüden hem tolgunmadan pürepür kalbyňy örtäp geçende, aýralyga barýan ýollarynyň uzakdygyny, emma bu uzaklygyň wysal gysgalygy bilen deňeşdireňde, hiç zatdygyny aýak astyndaky topragy duýuşyň ýaly duýup galarsyň.
Säher şemalynyň dury peýamynda hakykat habary köpdür hem çuňdur. Çünki hakykat bulaşyklykda däl-de, eýse durulykdadyr. Durulykda bolup bilseň, şonça bol! Durulyk çuňlukdyr, düýpsüzlikdir. Telperligi hem ýalpaklygy bulanyklyk döredýändir. Bulanyklyk zadyň, durulyk nuruň ýaşaýşydyr.
Bulanyklyk böwetdir, durulyk açyklykdyr. Sen ukuly gijeleriň hem aladaly gündizleriň böwedinden diňe säher durulygynda azat bolup bilersiň.
Bulanyklyk bentdir, durulyk erkinlikdir. Sen biweç hem bipeýan durmuşyň bendinden perişdeler pursady bolan säher durulygynda boşap bilersiň.
Bulanyklyk bärkilikdir, durulyk aňyrkylykdyr.
Bulanyklyk şowakörlükdir, durulyk gözýetimiň biserhetligidir.
Säherler saňa barlygyň gözýetmezligini, serhetsizligini açyp görkezer.
Durulyk – Allatagalanyň nurunyň tymsalydyr. Barça içinden nur geçen, içine nur düşen barlyklar dury bolýandyr. Säherlerde Biribaryň nur mysaly bardyr.
Säher otlarynyň ýüzündäki damjalar durudyr. Otlar hem güller, ýapraklar hem teller damjalardaky nur bile gözeldir. Nurdan pürepürlenen damjalar gözelligi bilen Alla dostlarynyň ynanç hem yhlas gözýaşlaryna çalym edýär. Ol damjalaryň her birinde Allanyň ýaradan dünýäsiniň hem ýürege ýakyn, hem ýürege näzik gussa salýan gözelligi şuglalanýar. Bu gözellik bakylyk gözelliginiň bir pursatlyk hem bir meýdanlyk yşaraty bolup ynsanyň alnynda dur. Pelek ýyldyzlarynyň almazyny ýada salyp, olar ynsan göwnüni Arşyň alyslygyna alyp gidýär. Käte bolsa magşugyň ýaňagyndaky dürlere çalym edip, ömrüň Zemine ýakynlygyna gaýtaryp getirýär. Olaryň dünýä aşyk ýürekde döredýän inçe heseri gülleriň başyny sypalap öwüsýän säher şemaly kimin ýeňildir.
Säher çagynda ýürek heserleriň agramsyzlyk halatyna düşen jisim ýaly ýeňleýär. Şonda Zemindäki ýaşaýyş gözelliginiň seniň üçin wagtlaýynlygy bilen datly hem lezzetli, gadyrly hem gymmatlydygy kalbyňa aýan bolýar. Şonda säher ümsümliginiň Zeminiň gije-gündizlik hysyrdylarynyň arasyndaky pursatlyk arakesmedigi belli bolýar. Zemin ümsüm bolanda, Zemin dymanda, wagt hem panylyk dymýar. Panylyk dymanda bolsa, ýeke pursatlygam bolsa, bakylyk dil açýar. Bu ýerde bakylyk säheriň dili bilen söz açýar. Säher bolsa öz şemalynyň, öz asmanynyň, öz dür damjalarynyň hem çymçyk ýaly neresse guşlarynyň ümsümlik bile galmagal, dymmak bile towuş aralygyndaky dilinde gürleýär. Kalbyndaky çyn höwesinden hiç bir bähbit üçin geçmän, diňe öz diýjek sözüni gürleýän säheriň bakylyk nagmasy ýüregiňi heýjana getirýär. Ýürek säherde erkinlige, azatlyga çykandygyny, hysyrdylaryň hem gaflatyň nirädir bir ýaňa sumat bolup gidendigini duýýar. Häzir munda diňe bakylyk hem muňa düşünýän ynsan ýüregiň bar. Gadymy pirleriň yşaratlarda we alamatlarda Hakyň jemalyny görüşleri ýaly, ýüregiň säher ýakynlygynda alys bakylygy görýär, säher ümsümliginde bakylyk nagmasyny eşidýär. Säheriň dymma asmany säheriň sessiz şemaly ümsümlik dilinde gürleýär. Şemala yraň atýan gülleriň ýaňagyndaky damjalar buldurap akyp, gözjagazlaryny nur damjalary ýaly ýaldyradýan guşlar hem nagma kakyp, towuşyň dilinde dymýarlar. Eýse säher serhetdir. Dünýäleriň serhedi bolany munda Zemin ýaşaýjysy ynsan hem bar, bakylyk wekili perişdelerem munda seýle çykan. Emma hersiniň öz barlyk ölçegi bolansoň, olar şeýle ýakynam bolsa, biri-birine pete-petleşenok.
Panylyk bilen bakylyk, ümsümlik bilen towuş araçägine gelen kalbyň säheriň üsti bilen dünýäleriň arasyndaky jaýryga düşüp, Biribaryň dergähine tarap ýol salýar.
* * *
«Dilim – guş dilidir, suratym – ynsan».
Säher çagy ynsan suratyň bilen
Dergähiňde şeýda boldum, Biribar!
Kabul eýle özümi!
Jan guşumyň şirin nagmasy bilen
Dergähiňde şeýda boldum, Biribar!
Kabul eýle sözümi!
Pikir-hyýal, işim, maksat-myradym,
Abraýym, mertebäm, şanym-şöhradym
Şu ömrümde bitirenim-bilenim
Bir Halygym,
Bir-de Namamdyr meniň.
Kabul eýle bu gün doga-dilegim!
* * *
Nagma bilen gaýtalaýan zikriňi,
Kabul eýle, şäkirleriň şükrüni!
Kabul et, parahat obalaň hem-de
Ak mermerden şäherleriň şükrüni!
«Bizi ýokdan bar eden Hudaýa şükürler bolsun!
Hakyky nygmat beriji Hudaýa şükürler bolsun!»
Kabul eýle, bol hasylly güýzleriň,
Pyntyk ýarýan baharlaryň şükrüni!
Öz penaňda rahat geçýän gijeleň,
Gündizleriň, säherleriň şükrüni!
Tugumyzda ýalkym saçýan Aýa şükürler bolsun!
Hem onuň bäş ýyldyzy – hemraýa şükürler bolsun!
Tugumyzdaky bedewe – humaýa şükürler bolsun!
Ak mermerden gurulýan binaýa şükürler bolsun!
Goşa-goşa tutulýan toýlara şükürler bolsun!
Rysgal-döwlet, bereketli öýlere şükürler bolsun!
Geçen-geljegim üçin Saňa şükürler bolsun!
Eden-etjegim üçin Saňa şükürler bolsun!
Türkmeniň şat döwranly, bagtly ykbaly üçin,
Gurmak, döretmek hem-de beýgelmek ýoly üçin,
Şükrana ilime beren nygmatlaň bary üçin,
Oýnap, güljegim üçin Saňa şükürler bolsun!
Ýüregimde ýagşy arzuw hem ýagşy päl başymda,
Ir säherler şeýda bolup, nagma kakýan gaşyňda,
Aman sakladyň türkmeni barça bela-beterden,
Kemsitmediň, harlamadyň, çykarmadyň hatardan,
Beren mertebäň üçin Saňa şükürler bolsun!
Ak ýolly ertäň üçin Saňa şükürler bolsun!
Deňli-derejäň üçin Saňa şükürler bolsun!
Halyň-rejäň üçin Saňa şükürler bolsun!
Garagumum, Köpetdagym,
Jeýhun derýam, Köýtendagym
Yzym-arkam, solum-sagym
Hem ýakynym, hem uzagym
Sary sähram, bagt gujagym
Ak gündiz, gök gijäň üçin Saňa şükürler bolsun!
Aman saklanyň üçin uruş-jenjel-horlukdan,
Bagt bereniň üçin baş hem agzy birlikden
Beýik nusratyň üçin Saňa şükürler bolsun!
Ýaşamaga, işlemäge, döretmäge-gurmaga
Beren pursadyň üçin Saňa şükürler bolsun!
Bereket hem rysgal üçin, dok gün üçin
Ýaňy dogan ak bäbegiň alnyndaky ak Gün üçin,
Ak gyňaçly eneleriň maňlaýynyň agy üçin,
Ak göwünleň sowulmajak bossany-bagy üçin,
Ruhy nygmatym üçin Saňa şükürler bolsun!
Ak gündizler iş başynda Saňa şükürler edýän,
Ak agşamlar iş başynda Saňa şükürler edýän,
Gijelerne iş başynda Saňa şükürler edýän,
Ir säherler iş başynda Saňa şükürler edýän
Hem gaýgyda, hem barlykda Saňa şükürler bolsun!
Her işde, her pursatda Saňa şükürler bolsun!
Barça hyýalym – Saňa,
Saňa – pikirler bolsun!
* * *
Golum gerip, dergähiňde dilenýän!
Azaşanlaň tobasyny kabul et!
Günädigin bilmedik bar, bilen bar!
Olaň ökünç agysyny kabul et!
Toba eden kişi Hudaýyň ýoluna düşmegi ýüregine düwen kişidir. Toba öz eden günäleriňe ýürekden ökünmekdir. Ýürekden ökünmek, puşman etmek üçin edilen işiň, edilen pikiriň, ädilen nälaýyk ädimiň günädigine ýürekden düşünmekdir. Şonda edilen günäniň agyrysy, awusy hem yzasy edil gyzgyn demriň basylyşy ýaly, ýürege basylýar. Bu agyry, bu yza adama bir hakykata göz ýetirmäge – edilen günäniň netijesinde özgeleriň çeken yzasyna, zyýanyna edil özüňki ýaly akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu toba hakykaty halkymyzyň «Ody özüňe bas, ötmese – kesekä» diýen pähiminde beýan bolup galypdyr. Özgäň yzasyny özüňki ýaly çekip bilmeklik adamy gaýtadan döredýär. Netijede, adam ahlak taýdan saplanýar, arassalanýar. Toba – öz-özüňe berýän ruhy jezaňdyr. Eger bu jeza çyndan bolsa, ýagny onuň netijesinde adam özgerýän bolsa, onda Allatagala beýle kişini öz tarapyndan jezalandyryp durmaga döwtalap däldir. Çünki, birinjiden, toba edip bilen indi öňki adam däldir, ikinjiden, diýmek, ýene bir jezanyň manysy ýokdur.
Şeýlelikde, çyn toba – has uly jezadan – Allatagalanyň jezasyndan öz mertligiň, öz erkiň hem-de öz paýhasyň bilen özüňi azat etmek mümkinçiligidir. Tobanyň enesi öz günäňi hiç mahal, ýeke pursat hem ýatdan çykarman ýaşamakdyr, ondanam ozal bolsa günäňi boýnuňa goýarlaryna garaşyp durman, ony meýletin boýun almakdyr.
Tobanyň miwesi bolsa umydygärlikdir. Toba etmäge ukyply kişi özüni Allanyň ýalkaryna umytly bolýandyr. Nämut bolmak bitobalygyň nyşanydyr. Nämutmyň, diýmek, sen öz-özüň öňüňde arassa däl, diýmek, sen çyndan toba edip bilmänsiň. Munuň özi eýýäm ikinji gezek, özem has uly günä gazanmakdyr.
Umytly bol!
Toba goruň mäkäm bagla!
Allatagala seni hernä umytlaryň hataryna goşsun! Nämutlyk bilen ruhubelentlik bir ýere sygyşmaz!
Eýa, Biribar!
Päk ynsanlaryň dileglerini kabul et!
Parahatlygy söýýän, rahatlygy göz göreji deý görýän türkmene owal-ahyr, hemişelik parahatlyk ber! Ony dawa-jenjelden, uruş-sögüşden daş et, oňa asudalygy ýoldaş et!
Gündizleri parahat, gijeleri rahat,
Gaýmak howaly säherleri asuda,
Ilkagşam öwüsýän şemallary ada,
Gijeleri imi-sala bolsun!
Päk niýeti, ýagşy päli
Öz daşyna gala bolsun!
Ýaşyl ýazlarynda, täsin güýzünde
Bulutlaryň gözýaşyndan özge gözýaş bolmasyn!
Nowga baharynda, kämil güýzünde
Gök gümmürdiden başga heýhat bolmasyn!
Obalary, şäherleri ünjüsiz
Sähra, daglarynyň başy dynç bolsun!
Bulaklaryň boýur-boýur ýaşyndan
Özge ne hamsykma, ne ynjy bolsun!
Pasyllary rahat gelip, soňra-da
Bakylygyň rahat goýnuna siňsin!
Parahat zähmetiň der damjalary
Diňe şu topragyň inine siňsin!
Ata-babalardan miras aldygmyz
Şu topragyň asty rahat,
Üsti abadan bolsun!
Ony pajarlatmak, gül-gül açdyrmak
Ynsan ogly seniň aladaň bolsun!
Abadanlyk bagyş eýle türkmene,
Owadanlyk bagyş eýle ýurduna.
Agzybirlikde hem abadanlykda
Seniň bize rahymlygyň bar diňe!
Abadanlyk Seniň rehnetiň bolup
Obalara, şäherlere saçylsyn!
Abadanlyk bilen beýik geljegiň –
Dowamatyň işikleri açylsyn!
Saglyk ber türkmeniň her raýatyna
Gojasyna, balasyna-baryna.
Ataryp ýaşaýşyň bagt atyna
Hem mündürip wagtyň elwan badyna
Ýalkaweri munda sag-salamatda,
Hem ýalkawer merhumyny bakyda.
Dert çekmesin öz berdigiň janlary
Hem-de abat bolsun göwün jaýlary.
Hem takdyry ýaman bolup galmasyn
Bagt aty çaman bolup galmasyn.
Ýalka baryn – şudur dilegim Senden.
Arzuw ýaýlasynyň güli solmasyn,
Imanyň nagşyny güman bozmasyn.
Bagt diňe Taňra iman bilendir,
Iman ýoklugynda eşret ýalandyr.
Ynanjym mäkäm et, yraň atmasyn,
Imanyny mala-mülke satmasyn.
Imanly et Watanyna, ýurduna,
Dermanly et öz iliniň derdine.
Sem et agzalanyň, betpäliň dilin
Hiç soldurma agzybirligiň gülün.
Ile döwlet geler bolsa –
Patyşa geler – bir baş geler.
Baş aýrylyp, läşe dönen
Iliň ykbaly keç geler.
Bagtdyr il-günli bolmak
Bir dana patyşaly bolmak.
Asuda günleriň şatlygy bilen
Aýdyň gijeleriň kümüşden Aýy
Ýagty gündizleriň aklygy bilen
Patyşa pursat ber halkyn ýetire
Bagtly geljegiň eşretine çen.
Göwnüne giňlik ber, ykbalyna dest.
Ýüregine – hyjuw, başa – pikir ber!
Jan diline öz Adyňdan zikr ber!
Dillerine – sena, daşyna pena
Hem kalbyna hiç tükenmez şükür ber!
Şeýle diýýär säher köňlümiň guşy:
Sabyr-kanagatdyr döwletiň başy!
Ýuwdarhadyr kanagatsyz biçäre
Dünýäni ýuwtsa-da doýýan däldir ol.
Bela bardyr sabyrsyzyň ýanynda,
Öz ýanynda Haky duýýan däldir ol.
Eýa, Biribar!
Türkmeni sabyr-kanagatdan daş goýma, ýüreklerini sabyr-kanagatdan boş goýma!
Ilki kanagat, soňra döwlet berewer!
Ilki sabyr, soňra synag edewer!
Ýogsa bendäň ne döwlete bäs gelýär,
Ne-de agyr synaglara döz gelýär!
Ne-hä rysgal-döwletine taý gelýär,
Ne-de agyr synaglara jaý gelýär.
Ýene şeýle diýýär köňlümiň guşy:
Halallyk sabyr – kanagat başy!
Pikir-niýetiň halal, gepiň-sözüň hak, eden işiň halal bolmasa, ömrüň soňy puçdur. Il içinde masgara, dogan-gardaş içinde ýüzüň gara bolar. Çünki haramlyk bisabyrlygy hem kanagatsyzlygy dogurýandyr. Haramlyk ilkibaşda baýlyk – mal hem getirer, çünki ol hem işjeňligiň bir görnüşidir. Nebis hem injeňlikdir. Emma ol pis, bet işjeňlikdir. Aradan sabyr-kanagat aýrylansoň, işjeňlige sabyr-kanagat diýilýän hemra ýar bolmansoň, bet işjeňligiň soňy nogsanlyk bilen gutarar.
Şonuň üçinem ýagşy işjeňlige – halallyga ýar bol! Haramlyk öz ömrüň bagyna zakgun agajyny oturtmakdyr. Näçe işjeň bolsaň, şonça-da ýaman hem ajy miwe bol biter. Ajy miweden iýen janyňa imanlylar dünýäsinde orun ýokdur.
Halallyk jennet miwesini eltmek işjeňligidir. Onuň miwesi – sabyr-kanagatyň dady ýaly süýjülik hiç bir miweli bagda tapdyrýan däldir.
Bu hakykata düşünmek üçin pähim-paýhas gerek. Emma pähim-paýhas ýeterlik däldir.
Adam bolmak iki gapma-garşylygyň birikmegidir. Maddanyň hem ruhuň bir ýerde, bir ölçegde jemlenmegidir. Hudaýa eziz hem ýakynlyk üçinem biri-birinden tapawutly iki sany zadyň: pähim-paýhas bilen imanyň birleşmegi zerur. Pähim-paýhas ynsanyň şu dünýäniň kanunalaýyklaryna akyl ýetirmeginden kemala gelýär. Ol kanunalaýyklyklar ynsana halalyň ýagşydygyny, haramyň ýamandygyny, sabyr-kanagatyň haýyrdygyny, sabyrsyzlygyň hem kanagatsyzlygyň şerdigini görkezýär. Emma halala gol ýapmak üçin bu ýeterlik däl. Durmuşda birniçe adam şeýle kanunalaýyklygy göre-göre gelse-de, haramdan saklanmaga güýç-kuwwat tapynmaýar. Şonuň üçinem muňa Biribaryň eradasy gatyşmaly. Oňa iman eseri diýilýär. Her kimde iman eseri bolmasa, şu dünýäden alnan pähim-paýhas ýekellilik pisint bir zatdyr. Ikelli bolmak diňe iman eseri mynasybetlidir.
Şonuň üçinem halkyň haýyr-sahawaty, topragyň baýlyk-berekedi, ýurduň rysgal-döwleti, iliň hümmeti üçin, säher turup, gol gerip, Biribardan dileg edýärin!
Eýa, Biribar!
Il-günüň ruhy hümmeti üçin,
Türkmeniň haýyr-sahawaty üçin,
Topragyň berekedi üçin,
Hem ýurduň rysgal-döwleti üçin
bendeleriňe iman ber!
Imandyr bagtyň binýady!
Imandyr ykbal minneti!
Imandyr şu dünýäň abadanlygy
Hem imandyr ahyretiň şanlygy!
Mynajat aýdyp, diller açylýar.
Dil bu ýerde ýürek manysyndadyr.
Mynajat biziň üçinem, bizden öňküler üçinem Hakyň ýadynda bolmak, Hakyň ýadynda ýaşamakdyr. Şonuň üçinem mynajatyň aýratyn ruhy giňişligi, aýratyn ruhy howalasy bar. Mynajat beýik Biribar bilen söhbetdeşlikde bolmakdyr. Söhbetdeşlik, onda-da Ýaradan bilen gaýybana bolsa-da söhbetdeşlik üýtgeşik duýgudyr. Ynsan ömri söhbetdeşlik şekilinde dowam etse, muňa doly hem mazmunly ömür diýip bolar. Çünki söhbetdeşlik şahsyýetiň daşky dünýä bilen aragatnaşykdadygynyň, ömrüň ýapyk, daşyndan petiklenen däl-de, açyk haldadygynyň alamaty. Ruhy şahsyýet hökmünde ynsanyň durmuşy açyk ulgam bolmalydyr. Ynsan özge ynsanlar üçin açyk, tebigat üçin açyk, ylaýta-da Biribaryň ýady üçin açyk bolmalydyr. Özge merhum-u-diri kişiler bilen açyklykdaky, göni ýa-da gaýybana aragatnaşykdaky ynsan ruhy owadan hem ruhy baý ynsandyr. Öten-geçen beýikler bilen olaryň galdyran yzlary – eserleri, işleri arkaly ikiçäk gaýybana söhbetdeşlik ynsan durmuşynyň baýlaşmagyna sebäp bolýar. Özgeleriň oý-pikirlerini, duýgularyny, olary haýran galdyran hem gyzyklandyran, gussa batyran hem şatlandyran, bagtly eden hem alada goýan meseleleri kalbyňa siňdirmek ikiçäk söhbetdeşligiň ajaýyp bir görnüşidir. Şeýle-de, döwürdeşleriň bilen janly durmuşda akyl we ruhy aragatnaşykda bolmak hem ynsanyň ruhy kämilligi üçin möhümdir. Çünki aragatnaşyk we arabaglanyşyk şahsy ösüşiň hem-de içki baýlygyň esasy şekili we esasy şertidir.
Ynsan daşky dünýä bilen-de hemişe aragatnaşykda bolmalydyr. Toprak bilen sözleşip bilmek, tebigatyň janly-jandarlary, wagt, pasyllar bilen ýürekden söhbetdeş bolup bilmek hakyky ruhy dirilikdir. Bu, bir tarapdan, ynsanyň külli janly ýaşaýyş bilen birligini, bitewüligini tassyklaýar. Beýleki tarapdan bolsa, bu baglanyşygy emele getirýän iki tarapyň biri-birini baýlaşdyrýandygyny görkezýär.
Ähli baglanyşyklar, ähli söhbetdeşlikler ynsany bir howpdan – ruhy ýalňyzlyk howpundan halas edýär. Adam özüni adamlaryň, gurt-guşlaryň, derýa-daglaryň, Ýer-Asmanyň arasynda keseki, ýat, bigäne däl-de, mährem duýýar, özüni öz ruhy watanynda duýýar. Şu manyda ata-babalarymyzyň bizdenem has ruhy baý we mähriban bolandygyny aýtmak gerek. Islendik türkmen dessanyny alyp görüň. Olaryň gahrymanlary dag bilenem sözleşýär, suw bilenem gürleşýär, durnadan salam gönderýär, säher şemaly bilen iç döküşär, çaý-çeşmelere, topraga, guşlara öz gussasyny aýdýar, olar bilen derdinişýär. Bu ýöne bir çeper ulaltma, çeper toslama däldir. Munuň bary ata-babalarymyzyň watan bilen duýgy, köňül hem ruhy birliginiň hakykatydyr. Beýle ikiçäk söhbetdeşlik arkaly ýaşaýyş bilen ynsanyň arasynda mähremlik hem mähribanlyk dikeldilýär. Hut şu duýgularyň esasynda-da watansöýerlik, watançylyk ruhy diýilýän gymmatlyklar tebigy suratda kemala gelýär. Şonda ýaşaýyş hem toprak sözüň hakyky manysynda mukaddeslige hem keramata öwrülýär. Içki ruhy arabaglanyşyk ählumumy barlygy döredýär. Adamy ýöntemlikden, biperwaýlykdan, bimany ömür geçirmekden, ruhy hem duýgy garyplygyndan, garaz, beden taýdan diri bolup, ruhy tarapdan öli bolmakdan halas edýär. Ýaşaýyş bile söhbetdeşlige, içki ruhy aragatnaşyga, şahsy durmuş derejesinde duýgy arabaglanyşygyna girip bilýän adam üçin bu dünýäde ýaşamak hem lezzetlidir, şu topragyň goýnunda ýatmak hem manylydyr. Şonuň üçinem şeýle ruhy ukyba, ruhy içki söhbet ukybyna eýe bolmadyk adamy hakyky we doly adam hasaplap bolmaz.
Älemleri ýaradyjy Biribar bilen gaýybana aň-ruhy arabaglanyşykda bolmak bolsa ýaşaýyş diriligini görkezýän aragatnaşygyň iň ýokary derejesidir we iň möhümidir.
Çünki bu hili aragatnaşyk hemişe ikitaraplaýynlykdyr. Biz Biribaryň hemişe özümizi görüp durandygyny berk bilmelidiris. Öz hereketlerimiz, sözlerimiz we pikirlerimiz onuň nazarynyň astyndadyr. Biz ony görmesek-de, ol bize nazardyr. Ondan gizlin hiç bir närse ýokdur. Şonuň üçinem öz mynajatymyzyň Oňa ýetişini ýa ýetmeýşini hakykylyk derejesinde anyk bilmesegem, Ol barça zatlardan habarlydyr. Onuň külli bahabarlygyna bil baglap, biz özümiziň pikirlerimizi, arzymyzy, haýyşymyzy, minnetdarlygymyzy, umytlarymyzy, şatlyk-gynançly duýgularymyzy Oňa gönükdirýäris. Biz özümiziň şu hili gatnaşygymyzda näçe päk, näçe arassa hem ýürekden bolsak, şonça-da Onuň nazaryna hem dergähine mynasyplygymyz artýar.
Biribaryň nazarynda durmak adam üçin üýtgeşik pursatdyr. Onuň dergähinde duranlygyň duýgusy ynsanyň basyrylyp ýatan, gizlin, hatda onuň özüne-de näbelli, aňlanylmadyk içki gujur-güýjüň daşa çykmagyna sebäp bolýar. Ynsan öz kalbyny bütin çuňlugynda hem şol pursada çenli gizlinliginde açýar, ýaýýar. Şonuň üçinem mynajatda diňe bir okyjy üçin däl, mynajatçynyň özi üçinem garaşylmadyk bolan duýgy-pikirler dile gelýär. Ynsan durşuna öz içini daşa çöwürýär. Bu üýtgeşik-täsin pursadyň gudraty-da şundadyr. Bu pursady başdan geçirmek ynsanyň ruhuny täzeleýär. Onuň şahsyýetini özgerdýär. Şu pursatda bolan adam Biribaryň barça närsä nazarlygyna hut öz ruhy tejribesi arkaly göz ýetirýär. Dünýädäki ähli taraplar ýapyk bolanda-da, Alla tarapynyň owal-ahyr açyk durandygyna öz süňňi bilen göz ýetirýär.
Bu – beýik hakykatdyr.
Bu hakykata dahylly bolan ynsan ruhy päklige, arassalyga aralaşýandyr. Bu özüňi aňlaýyş dünýäsi – Allatagalaga bendelik dünýäsidir. Bendelik dünýäsi bagtyýarlyk dünýäsidir. Çünki bu ruhy ýaşaýşa gadam basan ynsanyň ýüregi kir-kimirden – şübheden, müňkürlikden, ikirjiňlenmeden mutlak halas bolýandyr. Gün dogup, jahanyň nurdan doluşy ýaly, ynsanyň kalby ynanç nurundan dolýar. Şonda ynsanyň kalbynda ynançdan başga hiç bir zada orun galmaýar. Allatagalanyň nazarynyň öňünde öz meýliň bile ýüregiňi açmak, içiňi dökmek ruhy täzelenişiň şertidir. Ynsan muny öz ruhy ýaşaýşynyň jedelsiz hajaty diýip duýsa, munuň özi bagtyýarlyga tarap açylan mümkinçilikdir. Şu hajaty duýup, oňa boýun bolup, ony amal eden ärler welilik derejesine ýetipdirler.
Allatagalanyň nazarlygyny ykrar etmek adamy öz-özüni tijemäge iterýär. Oňa özündäki ýaramazlyklardan hem ýetmezlerden saplanmaga güýç-kuwwat berýär. Elbetde, bu Biribaryň ýalkawydyr.
Biribaryň ýalkaw deňziniň gözi hemişe we her bir bende üçin açykdyr. Muňa tarap gadam urup, ynsan «men-menlikden» saplanýar. «Men-menlikden» aýrylmak ejizlemek däl, güýçlenmekdir. Özüňi ýitirmek däl, özüňi tapmakdyr. Ynsan özlügini diňe Allanyň nazaryna mynasyp däl bikemallyklaryň içinde ýitirýär.
Çünki ýaradylanyň güýji Ýaradan bilendir.
Çünki ýaradylanyň kemallygy Ýaradan bilendir.
Çünki ýaradylanyň gözelligi Ýaradan bilendir.
Güýji, kemaly, gözelligi Ýaradana mynasyplygy bilen kesgitlenýän ynsanyň dilinde Hudaýa şükür etmek esasy jümledir. Şonuň üçinem ol gije-gündiz, ertir-agşam öz içinden Allaha şükürler eder.
Özüni ýokdan bar eden Allaha şükür eder.
Hakyky nygmat beriji Allaha şükür eder.
Allanyň nygmatlary bolsa sanap tükederden has köpdür. Bu nygmatlaryň duýulýanlary-da has köpdür. Bu nygmatlaryň duýulmaýanlary ondan-da köpdür.
Ýüregiňi päkläp, akyl gözüni durlap, mynajat meýdanyna girdigiňçe, ol nygmatlaryň barha köpüsine gözüň düşer. Şonda Ýaradana minnetdarlykdan ýaňa gözleriňe ýaş aýlanyp, bagtyýar bolarsyň. Şonda Oňa mynasyplyk üçin has köp ýagşy amallara baş goşarsyň.
Beýle ömür hakyky bagtly, hakyky ruhubelent ömürdir.
Men öz eziz okyjylarymyň baryna şeýle ömri dileýärin.
Osman ÖDE.
Filosofiýa