ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ On ikinji mynajat: SÖÝGI ÜÇIN ALKYŞ
Eýa, Biribar!
Seniň söýgini ýaradan halyklygyňa hamd-u-senalar bolsun!
Adam ogluny külli ýaşaýşa barabar ulaldýan, ony adatylygyň perşinden barlygyň arşyna eltýän, özüniň Seniň ýaradan beýikligiňdigine onuň pany gözlerini açýan,
akylyň bimaza telperliginde,
bedeniň bisyrat kelpeňliginde,
näbelliligiň tününe bellilik nuruny saçýan
Sunguň – söýgiň üçin
Seniň Halyklygyňa, Seniň aam-u-hasa
ruhy Razyklygyňa hamd-u-senalar bolsun!
* * *
Söýgi bakylyk duýgusydyr.
Söýgi ynsanyň bakylyga, ölmez-ýitmezlige aňasty ymtylmasynyň ýüze çykmasydyr. Eýse söýgä şundan gutarnykly, şundan umumylaşdyryjy hem şundan anyk kesgitleme-düşündiriş bermek mümkin däldir.
Söýginiň soňy, netijesi, ýagny wysaly bakylykdyr, söýginiň başlangyjy we dowamaty bolsa gözellikdir. Şeýlelikde, ýaşaýşyň iň esasy, iň uly iki gymmatlygynyň – bakylygyň we gözelligiň birden, bilelikde barlyga gelmegine söýgi diýilýär.
Söýgi, elbetde, gözden başlanýar. Ynsanyň bitewi barlygynda ýaşaýyş bilen baglanyşygyň esasy ýoludyr. Ynsan ýagtylyk üçin ýaradylan, ol ýagtylykda özüni gowy duýýar. Ol ýagtylygyň barlygynda ýaşaýar. Garaňkylyk bolsa oňa bu ýaşaýşyň aralygynda bedenini dürsemek, dynç almak üçin gerekdir. Ýitirilen güýç-kuwwaty dikeltmek, gaýtadan güýç toplamak üçin gerek bolan garaňkylyk ömür ýolunyň ugrundaky düşelge, saraýdyr. Beden güýçden gaçmaýan bolsady, onda adama garaňkylyk asla geregem bolmazdy.
Göz ynsanyň diňe bir beden agzasy diýip düşünmek ýarym hakykatdyr. Göz ruhy ölçegdir. Ynsan göz bilen gözelligi kabul edýär. Ynsan gözleri bilen aşyk bolýar. Gözler oňa ýaşaýşyň, diriligiň tagamyny dadyrýar. Gözelligi gören, bilen adam ondan aýra düşmek islemeýär, hemişe şonuň bilen bolasy gelýär. Bu isleg bolsa ölmezlige, bakylyga ymtylmadyr. Ýürekde gözelligi boýun alma, gözelligiň gutulgysyzlygy bilen bakylyga ymtylmagyň utgaşygy söýgi hökmünde ýüze çykýar. Bu iki zat, bu iki pursat islendik söýgüde bardyr.
Emma çyn, hakyky bolanlygynda, diňe maksady, ymtylmasy däl, eýse söýginiň eýýäm özi bakylyk hadysasydyr. Sen öz duýgularyňda panylykdan, wagtlaýynlykdan, öter-geçerlikden näçe daşlaşyp bilýän bolsaň, bu söýginiň hakykylygynyň görkezijisidir. Söýgi – bakylyga syýahatdyr. Ol mundan sypmaga, gaçmaga, özge dünýä barmaga, ulaşmaga mümkinçilik berýär.
Bu diýýänim näme bolýar? Bu – güzeran, günema, ruhy täzeliklerden hem çuňluklardan mahrum bolan telperlik, adatylyk we biyşklykdyr. Bu – ynsanlaryň diňe ten şahsy hökmünde we tenler umumylygy bolup hereket edip, ýaşap bilýän dünýäsidir. Bu – ýüregiň hem paýhasyň nuruna mätäç däl, garaňkylykda-da ýaşap bilýän dünýädir. Meniň häzir «garaňkylykda» diýýänim nämäni aňladýar? Garaňkylyk kör galan ýürekleriň edil körsyçan ýaly garaňkylyga öwrenişmegi, garaňkylygy ýeke-täk mümkin bolan ýaşaýyş diýip boýun almaklarydyr. Ýüregiň kör galmagy bolsa çeşmäniň kör galyşy ýalydyr. Öçen şemden ýagtylygyň saçylmaýşy ýaly, beýle ýürekden hiç mahal howaly hem täsin, yssy hem ter duýgular dömmeýär. Bu hili garaňkylyk we körlük ynsanlaryň ýaşaýşyny elhenç garyp we ýalazy edip bilýär.
Körlük dünýä gözelligini görmäge ukypsyzlykdyr. Adam gözelligi kalby bilen görýär. Göz öz-özlüginde, ýekelikde diňe dünýäniň suratyny görmäge ukyplydyr. Dünýäniň syratyny görmäge bolsa kalpdan döreýän duýgular göze mümkinçilik berýär. Kalpdan gelýän duýgular syraty – suratyň aňyrsyndaky, içindäki many hem dirilik gözelligini görüş formasydyr. Olar bolmasa, göz üçin dünýä jansyz zatlaryň gözellikden mahrum bimany hereketi bolup görünýär. Bu hili surat garaňkylyk bilen barabardyr. Çünki munda reňbe-reňlik hem-de janlylyk ýok. Edil garaňkylykdaky ýaly.
Gözellik – dünýädendir.
Direlmek – arasatdandyr.
Bakylyk – ahyretdendir.
Hakyky söýgä ýeten adam bir demiň çäginde, demiň ondan, ýüzden bir böleginiň çäginde birbada gözelligi, diriligi hem bakylygy başdan geçirmäge ukyply bolýar. Ol birbada hem dünýä, hem arasat, hem ahyret ýaşaýjysy bolup bilýär. Bu – barlygyň iň ýokary derejesidir.
* * *
Söýmek barlygyň ýüzünde däl-de, düýbünde bolmakdyr.
Söýmek ýaşaýşyň diňe suratyny däl, eýse syratyny-da görmekdir.
Söýmek ýaşaýyş bilen mähir gatnaşyklaryna girmekdir.
Söýgi ýaşaýyş hyjuwlarynyň oýanmagydyr.
Allatagala ynsana söýginiň dürli görnüşlerini beripdir. Olaryň birinjisi ýetginjeklik söýgüsidir. Bu söýgi her bir ynsanyň başyndan geçýär. Çünki ol ynsanyň beden-ruhy ösüşi bilen baglanyşykly bolup, biziň her birimiz oňa on üç-on dört ýaşlarymyzda duçar bolýarys. Bu ýetginjeklik söýgüsi adama ýuwaş-ýuwaşdan oglanlykdan saýlanmaga ýardam edýär. Ol ynsan bedeninde teniň guran oýnudyr. Munuň netijesinde adam şahsyýet hökmünde kemala gelip ugraýar. Ýetginjeklik söýgüsi adamyň özüniňki däl, başga dünýä ilkinji gezek gadam goýmagydyr. Ynsan munuň üsti bilen özünden başga bir jynsyň bardygyna göz ýetirýär. Aslynda-da islendik söýgi seniň üçin şu wagta çenli ýaşan dünýäňden tapawutly başga bir dünýäniň açylmagydyr.
Ýetginjeklikde ten özünden başga bir jynsdaky teniň bardygyny görýär. Bu açyş oňa keseki gözelligiň açyşy bolup görünýär.
Emma ten bilen baglanyşyklydygyna garamazdan, ýetginjeklik söýgüsine howaýylyk mahsusdyr. Bu söýgi öz-özüni doly aňlap bilmeýän söýgüdir. Ynsan öz duýgularynyň wysaly bolan şahsyýeti däl-de, bary-ýogy geň, düşnüksiz hem ýat jynsy görýär. Özüniňem entek şahsyýet bolup kemala gelmedik döwri bolandygy üçin, ol geň-taňlygy, süýji, emma näbelli duýgy öwrümlerini aňlap bilenok. Munda duýgy onuňky däl, ol duýgynyňky. Çünki entek «onuň» özi ýok ahyryn. Ol diňe özünde bolaýmaly, şol bir wagtda-da juda geň zatlaryň bolup geçýändigini aňlaýar. Onuň üçin bu üýtgeşiklikler bilen baglanyşykly ähli zatlar – howaýy, anyk däl, mälim däl. Bu bir sözüň hakyky manysynda aýdylanda, söýgem däl-de, howaýy bir höwesdir. Ol çuňňur däl, telper, hakykatdan, çynlakaýlykdan beter oýna ýakyn. Şonuň üçinem ol düýş ýaly bolup geçip gidýär. Şoňa garamazdan, ýetginjeklik söýgüsi ömürlik ýatda galýar. Sebäbi ol ilkinji açyşdyr. Emma ol hiç mahalam agyr, yzaly, armanly ýa çuňňur ýatlamalary galdyrmaýar.
Bu söýgi howaýy, telper hem soňsuz zatdyr. Ol bizi durmuşyň indi açylmaly gapysynyň öňünde goýýar-da, özi sowlup gidýär. Ol bizi bir dünýäden çykardy, beýlekiniň bolsa girelgesinde goýdy. Onsoň iki dünýäniň araçägindäki durmuş ömrümizde ilkinji gezek öz başymyza, öz-özümiz bilen ikiçäk galyşymyzdy. Biz ulular dünýäsiniň bosagasynda durup, özümizi barha merdemleşdirýän köp pikir-duýgulary başdan geçiripdik. Alnymyzdaky dünýäniň nämälimliginden, gyzykly hem özüne çekijiliginden ýaňa ýüregimiz jigläpdi. Ol bize hem süýji, hem howatyrly bolup görünýärdi.
Meniň Ýetginjek atly tanşym şeýle söýgä uçrady. Onuň burnunyň aşagy garaldy. Boýny, burny, sesi ýognady. Boýy birden ösdi. Hereketlerinde entek gögelelik duýulýan hem bolsa, gepi-sözi ulularyň äheňine hem öwrümlerine eýe boldy. Şu wagta çenli ejesiniň edinen işini öz eline aldy! Geýnişine, saçyna, göz-gaşyna özi serenjam berip başlady. Mekdebe gitmänkä, saçyny ölläp, iş edinip daramagy, egin-eşigini özi öz islegine görä, saýlap geýinmegi çykardy. Köwşüni günde birnäçe gezek ýaglap, üstüne atyr sepip başlady. Mahlasy, ol özüne üns edip başlady. Çünki ol ömründe ilkinji gezek özüniň bardygyny gördi, özüni tanajak bolmak onuň esasy işine, gümrasyna öwrüldi.
Ol özüniň bardygyna, mekdepde bile okaýan synpdaş gyzlarynyň bar ekenliginiň üsti bilen göz ýetirdi. Ol gyzlaryň bardygyny görüp, olara yzly-yzyna aşyk bolmaga başlady. Belli birinde saklanmady. Özi aňlamasa-da, men görüp otyryn – ol synpdaşlarynyň hersinde özüniň geljekde çyndan söýjek gyzynyň bir tarapyny görýärdi. Oňa bularyň biriniň saçlary, ýene biriniň jemaly, üçünji biriniň boýy, dördünjiniň hereketleri... ýaraýardy. Şeýdip, iş ýüzünde onuň gözellik wysaly kemala gelýärdi. Ol ýüreginde döreýän, soňam gaýyp bolýan duýgular barada hiç kime aýtmaýardy. Çünki onuň üçin söýülýän gyzlar däl-de, özünde döreýän söýgi duýgulary esasy zatdy, onuň bar açyşy, bar baýlygydy. Ol öz duýgularyny hatda biri-biriniň ornuny üznüksiz çalşyp duran gyzlara-da bildirenokdy.
Ýöne Ýetginjegiň duýgusyny öz deňdeş gyzlary däl-de, özünden uly, eýýäm ýetişen gyzlar joşurýardy. Ol uly gyzlarda synpdaşlarynda ýok nähilidir bir artykmaçlygyň, taýynlygyň bardygyny duýýardy. Şonuň üçinem ýeke galanda, hut uly gyzlar barada göwün ýüwürderdi.
Öz deňdeşleri bilen bolmaýan zat: ol uly gyzlaryň elinden tutasy, olara ýakyn bolasy, hatda ogşasy-da gelerdi. Emma olary görende, ýüzi gyzaryp, agzynam açyp bilmezdi.
Öňler bolmaýan zat – ol hiňlenmäni çykardy. Özem hiç kimiň ýok ýerinde, öýde ýeke galan wagtlary hiňlenmegem däl, aýdymam aýdardy. Sesi ýogam bolsa aýdardy. Ýürekde döreýän duýgular erkine goýman, onuň bokurdagyna azar baryny bererdi. Aýdym-sazyň gapdalyndan hiňlenerdi, eline goşguly kitaplary alyp, aýdym edip aýdardy. Haçandygy, niredigi, näme üçindigi hem nädipdigi belli däl, birdenem onuň goşgy goşasy geldi. Emma goşgy başa barmady. Onuň goşgulary söýgi däl-de, çagalykdan aňynda galan başga zatlar barada bolup çykdy. Söýgä gezek gelende bolsa, kitaplardaky iliň ýazan goşgulary oňa has ibaly göründi. Emma olar bilen ol öz duýgusyny paýlaşasy gelmedi. Goşgy saz däl, ol özüňki bolmasa, onda duýgyny görmek kyn.
Bir günem ol goňşy synpdaky bir gyza hakyt aşyk boldy oturyberdi. Mugallym ýarawsyzlyk tapyp, iki synpy birikdirip, beýleki mugallym okatmaly boldy. Özüniň gowy tanamaýan gyzyny şonda ilkinji gezek ýakyndan görüpdi. Garagözelek, ullakan gözli, dolmuş hem garaýagyz gyzyň şeýle owadandygyny şol pursada çenli bilmändigi özüne geň göründi. Onuň ullakan gözlerine göni seredende, başy aýlanyp, huşy başyndan uçdy. Garader basdy, geplemän, başyny galdyrman oturdy.
Şol günden başlap küýi-pikiri şol gyz boldy. Hyýalynda özüni mydama şonuň ýanynda duýdy. Ony ýygydan göresi, ýakynynda bolasy geldi. Mekdepde, mekdebe barýarka ýa öýe gelýärkä, tötänden gabatlaşaýsa, henize çenli bilmedik süýji duýgularyny başdan geçirdi. Gyz onuň gözüne dünýäde iň mähriban, iň owadan, iň asylly gyz bolup görünýärdi.
Emma şeýle süýjüligi başdan geçirse-de, ýeke gezegem öz duýgusy barada dilem ýaryp bilmedi. Asyl bu hökmanam däldi. Esasy zat – duýgulardy.
Ol ýuwaş-ýuwaşdan gyzdan daşlaşyp, sowaşyp ugraýandygynam şol duýgular sebäpli aňlabam bilmedi. Oglany öz-özüne gowşuryp, ol duýgularam geçip gitdi. Duýgularyň arasynda, oglanlyk bile ululygyň aralygynda pelesaň urup ýörşüne, ol ýigitlige geçip gideninem bilmän galdy. Bar düýrmegi indiki beden-ruhy ösüşe gönükdi. Ýetginjeklik söýgüsi bolsa onuň ömür tejribesi bolup galyberdi.
* * *
Adam ogly on sekiz ýaşlarynda juwanlyk söýgüsine uçraýar. Bu sözüň hakyky manysyndaky, özem ilkinji söýgüdir. Çünki indi ol söýgi üçin taýyndyr, ýetişendir. Çünki indi duýgular diňe beden däl, eýse esasan ruhy ösüş bilen baglanyşyklydyr. Çünki munda adam şahsyýet bolup şahsyýeti-de söýýändir. Çünki bu söýgi adamy adatylykdan ruhy alyslyklara alyp gitmäge ukyply söýgüdir.
Juwanlyk söýgüsine duýgularyň howalalylygy, hasyllylygy hem-de baýlygy mahsusdyr. Howaly duýgular adamy adatylygyň düzünden ýokary göterip, aşyklygyň belent dagyna çykarýar. Siz beýik dagyň iň ýokary gerşine çykyp görüpmidiňiz? Şonda siz dünýä babatda, ýaýylyp ýatan giňişlik babatda özüňizi nähili duýupdyňyz, nähili duýgulary başdan geçiripdiňiz?! Günemanyň hem adatylygyň esasy zat däldigi, ownuk hem ikinji ähmiýetli we manyly zatdygy, ýaşaýyşda esasylygyň hem birinjiligiň bütinleý başga, göze görünmeýän hem ähmiýet berilmeýän, hatda howaýy hem toslanyp tapylan ýaly hasaplanylýan zatlara degişlidigi baradaky pikirlere çümüpmidiňiz?! Siz şonda, elbetde, hakykatyň, hem manynyň biziň kesirlik bile soň tapylan zat hökmünde garaýan, durmuşyň töründe däl-de, künjünde bir ýerde saýylýan, hakyky, çyn, esasy durmuşyň tas kölegesi, hakykylygyň tötän hem goşmaça önümi hökmünde görülýän gözellikdedigine göz ýetirensiňiz. Siz ynsan ömrüniň hem dünýä ýaşaýşynyň özeniniň hut gözellikdigini, durmuşdaky ähli beýleki zatlaryň hem närseleriň diňe gözelligi ykrar etmek üçin ýaradylandygyny, olaryň diňe gözelligiň barlygynda, diňe gözellik mynasybetli mana, ähmiýete we göze gelýändigini aňlap galansyňyz.
Barlykda bar zat biderek, paýan, ikinji derejeli, diňe gözellik bakydyr. Diňe şuňa – gözellige göz ýetirmegem hakykata akyl ýetirmeklikdir.
Barlykda diňe bakylyk gözeldir.
Diňe gözellik barçany ýumrup-ýykyjy wagtyň öňünde mert durup bilýär.
Diňe bakylyk gözel bolup bilýär.
Şuňa – gözelligiň dünýä ýaşaýşynda hökmürowanlygyna hem agalygyna düşünmezlik ýaşaýşyň nämedigini bilmezlikdir. Juwanlyk söýgüsinde biz hut şu hakykaty özümiz bolup hem özümiz üçin beýik hakykat hökmünde açýarys. Ynsan söýgüsi hemişe zenan hem ikiçäklik bilen aňlanylýandyr. Zenan söýgi duýgularynyň gönükdirilen wysaly, ondan-da beter olaryň ýüze çykyş şekilidir, duýgularyň surata gelşidir, ikiçäklik bolsa söýginiň giňişlik örüsi hem tebigatydyr. Bu iki aýratynlyksyz, bu iki alamatsyz söýgi ýokdur. Ynsan paýyna berlen söýginiň dürli dört sany görnüşi ýa-da derejesi duýgy suratlanmasy, şekillenmesi, «ete-gana» hem jana gelmesi bolan zenan pisindiniň ol dörtlükde dürlüçe orun tutýandygy bilen özara tapawutlanýar. Ýetginjeklik söýgüsinde sözüň doly manysynda söýýäniň özünden aýrybaşgalaşan, aýry bolan zenan ýokduram. Munuň özi hakyky söýgi däl-de, oňa taýýarlykdyr. Aşygyň döreýşi, ösüş döwrüdir.
Söýgi üçin ilkinji şert – zerurlyk söýýän şahsyň, aşygyň bolmagydyr. Ýetginjeklik söýgüsi magşugyň däl, eýse hut aşygyň kemala gelýänligi, tapylýanlygy bilen häsiýetlidir. Juwanlyk söýgüsinde ynsan sözüň ähli asyl manysynda hut zenana aşyk bolýar. Eýsem-de bolsa, bu iki jyns arasyndaky hadysa bolan söýginiň hakyky we doly barlygydyr. Çünki munda zenan hem hakykatdyr, hem onuň alamatydyr, simwolydyr. Söýginiň soňky derejelerinde bu ikisiniň arasyna aýrylyk, tapawut düşýär. Kämillik söýgüsinde adam ogly zenan alamatly, zenan şekilindäki, zenan ýaly gözellikdäki we syrlylykdaky dünýäniň aşygy bolýar. Bakylyk söýgüsinde bolsa biz gözel zenan bolup duýgularymyzy örüzýän, ýüregimizi ele alýan bakylyga, ýagny ölmezlige aşyk bolýarys. Ikiçäklik bolsa bularyň barynyň hakykylyk şerti şekilidir. Ýetginjeklikde öz duýgularymyz, juwanlykda – zenan, kämillikde – dünýä, bakylykda – bakylyk (ölmezlik) bilen ikiçäk bolýarys.
Juwanlyk söýgüsi söýginiň agyn özüdir. Soň-soňlar özge derejelerde söýgi duýgulary asyl manysynda zenan bile gönüden-göni baglanyşykly bolmadyk ruhy hajatlara – ömür hem dünýä bolan gatnaşyga hem bakylyk islegine laýyklykda, transformirlenmäni, özgermegi başdan geçirýär.
Söýgi ynsanlygyň esasy wakasydyr.
Söýgi ynsan tebigatynyň merkezi hadysasydyr.
Söýginiň ýoklugynda ynsan ömri diňe salgym, diňe şekil bolan mazmunsyzlykdyr. Ol bary-ýogy ýöne ýaşamak, ýalandan ýaşamakdyr.
Söýgi hakykaty tapmak ukybydyr. Diýmek, söýgi ynsan ömrüni ýöne bir görnüşden çynlakaý mazmuna öwürýär. Ömür ýöne wagt geçirmek däl-de, wagtyň içinden geçmek, ýagny wagty many hem gözellik hökmünde başdan we ýürekden geçirmek bolup amal edilýär. Söýgüsiz ömür başa gelen, paýyna düşen ömri barlygyň beýik ruhy gatançsyz, telwassyz, pes – günema hem keýpi-sapa görnüşde kabul etmek bilen çäklenmekdir. Söýgüli ömür ruhuň iň ýokary belentliklerine dahylly bolmak, ýaşaýşyň paýyna düşen künjünde ruhy barlygy döretmekdir.
Söýgi hakykaty ykrar etmek, hiç mahal gaýtalanmajak, özge hiç kimiň ýetip bilmejek hakykatyny başdan geçirmek ukybydyr. Söýgüde ömrüň hakykatyny tapmagyň we ýaşaýyş syryny duýmagyň ruhy lezzeti bar. Ýetginjeklik söýgüsinde adam özüni, juwanlyk söýgüsinde zenany, kämillikde – dünýäni, bakylykda bolsa – ölmezligi hakykat hem syr hökmünde aňlaýar. Diýmek, hut söýgi bize ýaşaýşy ýalanlyk däl-de, hakykat, boşluk däl-de, syrlylyk, paýansyzlyk däl-de, wepa hökmünde tanamaga, aňlamaga, kabul etmäge, göz ýetirmäge berlen beýik artykmaçlykdyr. Hut şonuň üçinem söýgi ömrüň esasy gymmatlygydyr.
Ömrümiziň barja zady söýgüdir.
Ömrümiziň manysy, göz-guwanjy söýgüdir.
Diňe söýginiň barlygy üçin munda ýaşanyňa degýändir.
Söýgi ömrüň artykmaçlygydyr.
Söýgüsiz ömür haýpdyr.
Söýgüsiz ömür salgymdyr, dogrudan-da, ýalanlyk hem panylykdyr, aldawa düşmekdir, aldanmakdyr we bipaýanlykdyr. Beýle ömrüň ýaşanyňa degmeýän bolmagy-da mümkin, çünki munda düýbüne seredeňde, hakykylyk hökmündäki ýaşaýyş ýokdur, bary-ýogy ýaşaýşa öýkünme, ýaşaýşa meňzeşlik, ýaşaýyş pisintlik bardyr.
Söýgüsiz ömre ýürek awamagy tebigy zat.
Söýgi ömrüň açarydyr. Söýgi bolmasa, ömür gulplanylgy syr hem hakykat, many hem eşret sandygy bolup galýar.
Söýgi hakykatyň girewidir.
Söýgi ömrüň şekilidir.
Söýgi ykbalyň sähedidir.
Söýgi bagtyň şertidir.
Söýginiň dört derejesi boýunça ýokary galdygyça, oňa dahyllylaryň-aşyklaryň sany barha azalýandyr.
Birinji derejedäki söýgi – ýetginjeklik söýgüsi jany sag, akyly ýerindäki ähli adamlara elýeterlidir. Juwanlyk söýgüsi eýýäm uçdantutma hemme kişä däl-de, adamlaryň esasy köplügine ýeterlidir. Kämillik söýgüsini diňe belli-belli adamlar başdan geçirýär, bakylyk söýgüsi bolsa sanaýmaly adamyň paýyna düşýändir. Munuň sebäbi söýgüde däl-de, adamyň özündedir.
Bu ýokary galdygyňça, barha azalyp barma, bu saýlap-seçme ynsan ýüreginiň beýikligi hem çuňlugy bilen baglanyşyklydyr. Ruhy hörek bilen ýaşaýan kalp näçe telper bolsa, şonça-da az zat bilen hem tiz kanagatlanma tapýar. Diňe öz-özüni tapmak bilen kanagatlanýan adama diňe ýetginjeklik söýgüsi-de ýeterlikdir. Zenan tapyp, kanagatlanýan juwanlyk söýgüsiniň derejesi bilen oňýar. Ömür – ruhy hajatlary üçin dünýä ýeterlik bolanlar kämillik söýgüsinde saklanýarlar. Mümkin bolan iň çuň kalplylar bakylyk söýgüsine baryp ýetýärler. Olar üçin diňe bakylyk ruhy-duýgy hajatlary kanagatlandyrmagyň serişdeleridir, çägidir, has dogrusy, çäksizligidir. Olar Allatagalanyň didaryna mynasyplardyr.
Diýmek, dürli söýgi derejeleri Allatagalanyň ruhy seçgi usulydyr.
Bu ruhy seçgi kanuny adyldyr, çünki ol adalatly gurnalandyr, kämil, birkemsiz gurnalandyr, çünki ol adamyň ruhy erkinligine, azatlygyna daýanýandyr.
Nämä ukyply bolsaň, Allatagala şony-da berýär.
Nämä mynasyp bolsaň, Allatagala şony-da nesibäňe berýär.
Nesibe mynasyplykdandyr.
Öz-özüňe mynasyp bolsaň, nesibäň özüň bolarsyň, zenana mynasyp bolsaň, nesibäň zenan, dünýä mynasypmyň – nesibäň dünýä, bakylyga mynasyp bolsaň, bakylyk nesibäň bolar.
Mynasyplyk mynasybetdendir, nesibe mynasyplykdandyr.
Nesibe netijesi bilen bilinýär.
Ýetginjeklik söýgüsinde nesibäni – özüňi netijesi bilen (şahsyýetiň, «meniň») alarsyň, juwanlyk söýgüsinde nesibäňi – zenany netijesi bilen (bala, çaga hem güzeran) alarsyň, kämillik söýgüsinde nesibäni – dünýäni netijesi (many hem gözelligi) bilen alarsyň, bakylyk söýgüsinde nesibäni – ölmezligi netijesi bilen (didary) alarsyň.
* * *
Ol hiç mahal beýle bolar öýtmändi.
Ol muňa näme diýjegini, muny nädip atlandyrjagyny bilenokdy. Ýöne, bir zad-a bardy.
Ol öz ýüregine näme bolýanyny, öz başyndan nämeleriň geçýändigini bilenokdy. Ýöne, bir zad-a bolýardy.
Ol özüniň nirä düşendigini, nädip düşendigini, özüniň ýerdedigini bilenokdy. Ýöne, öz-ä bir ýerdi.
Ol aýyň-günüň haýsydygyny, sagadyň näçedigini, näwagt, nä döwürdigini bilenokdy. Ýöne, öz-ä bir pursatdady.
Ol munuň nähilidigini, neneňsidigini bilenokdy. Ýöne, öz-ä bir hilidi.
Ol munuň näme üçindigini, näme sebäpli hem näme maksat bilendigini bilenokdy. Ýöne, öz-ä bir zat üçindi.
Ol bir zady – özüniň haçandyr bir wagtdan bäri bir geň dünýäde – diňe iki adam sygarlyk dünýäde ýaşap başlandygyny bilýärdi. Muňa diňe iki adam sygýardy, emma bu dünýä şeýle bir giňdi, ol giňişlikden, biserhetlikden döreýän arkaýynlygy şuňa çenli duýup görmändi!
Daryşganlygam ýok munda!
Guruşganlygam ýok munda!
Bu ýeri ikisinden başga hiç kim bilenok! Bu ýere aýak basmak özge bir adamyň kellesine-de gelenok. Bu ýer özgeler üçin entek açylmadyk, hiç mahalam açylmajak, özge göze görünmeýän, özge aňa tanalmaýan, özge ýürege duýulmaýan näbelli ada. Barlygyň kartasynda ýok bu ada nämälimlik ummany bilen gurşalyp dur. Bu adanyň özi bolsa mälimlikden hem nämälimlikden ýokardaky derejede ýerleşýär. Bu tekizligi deňiz derejesi bilen aňladyp bolmaýar.
Bu ýerde ikisinden başga hiç kim ýaşap bilenok. Bu giňişlikde üçünjä hiç hili, ýeke dabanam ýer galanok. Üçünji baradaky pikiriň özi eýýäm bu giňişligi şeýle bir daraldýar welin, bu ýerdäki dünýä ýykylara geliberýär.
Mundaky ýaşaýşy adamzadyň ýagyr bolan dilinde aňlatmak mümkin däl. Çünki munda ýaşaýyş bilen sözleýiş ikisi agyn hem doly bir zat. Munda dil başga hem hakykat başga, söz başga hem ýaşaýyş başga däl bolany üçin, munda sözlemek mümkin däl. Bu ýerde diňe ýaşamak mümkin. Munda diňe ýaşaýyş görnüşinde sözlemek, sözlemek görnüşinde bolsa ýaşamak mümkin.
Bu ýerde haýsy döwrüň dowam edýändigi belli däl. Munda hiç hili hasap, şol sanda aý-günüň hasaby-da ýöredilmeýär. Munda hasaplamagy diriligiň ýagysy diýip bilýärler, hasaplamagy ömür däl, ölüm işi saýýarlar. Munda puldan başlap ömre çenli hiç bir zat hasaby rowa görülmeýär. Çünki hasap başlanan güni ýaşaýşyň gutarýandygyny, has dogrusy, hasap gününiň ýaşaýyşdan soň gelýändigini duýýarlar.
Bu ýerde hasap taýajygy-da ýok, munda barmaklaram hasap-hesip geçmek üçin däl-de, ýüpek gara saçlary sypalamak, mähriban gollardan ynjytman tutmak üçin gerek.
Munuň ýaşaýjylary bedenlerden däl-de, kalplardan ybarat. Munda beden ýaşap bilmez, çünki munda ne anyk wagt bar, ne-de anyk giňişlik.
Döwri hem, ýeri hem nämälim bu ikiçäklige ikisi anyk döwürden hem ýerden baş alyp gelipdirler.
Ýigit bilen Gözel ilkinji gezek bir-biriniň gözüne gözi düşenden, şol pursatdan döwrem, ýerem bar bolmagyny bes edipdi. Şonda olar bir hökmürowan hakykata – milliardlarça adamyň içinde ikisiniň hut biri-biri üçin ýaradylandygyna, biri-biri üçin, şol pursada çenli ýaşap gelen dünýäsinden çykyp gitmelidiklerine, ikiçäklige baryp düşmelidiklerine düşündiler. Olar şu pursada çenli ikisiniň arasyna düşen menziliň – gelip çykyşyň, maşgalanyň, obanyň, tiräniň hem milletiň, ýaşyň hem döwrüň hiç zatdygyna düşündiler. Olaryň owal-başda bir dünýä üçin, bir ykbal üçin ýaradylandygy, özge ähli zatlaryň soň dörän zatlardygy aýan boldy duruberdi. Ikisiniň arasynda duran, ikisini biri-birinden aýry, tapawutly edýän soňky dörän zatlaryň ýasamalykdygy peçan boldy. Bu soň dörän dünýäniň ýalandygy, nädogrudygy, portdugy, kesekdendigi aýan bolanda, Gözel bilen Ýigit biri-biriniň gujagyna doldy. Şol pursatdanam aradaky ýaş, beden, jemagaty, durmuşy tapawutlar ýokluga öwrüldi. Zamanam, döwrem, ýerem ýitdi. Bar zat gaýyp bolup, ikisi hakyky, asylbaşky, çyn dünýäde – ikiçäklikde peýda boldular.
Bu ikiçäklik ölçegindäki dünýäde olar owal-başda Allatagalanyň niýetleýşine laýyklykda gaýtadan, çyndan dünýä geldiler. Bu boluş Biribara hoş geldi, çünki munuň özi pikiriň, duýgularyň, söýgi sözleriniň, iň esasy-da, hereketleriň bilen onuň ýazan ýazgydyna iman getirmeklikdi.
Çünki Allatagalanyň ýazgydy diňe synamak däl, eýse miwe, hasyl almak niýeti bilen ýazylan ýazgytdyr. Bu miwe, bu hasyl iki ynsanyň çyn hem bagtly söýgüsidir. Arman, biziň köpimiz asla Biribardan gelmeýän dürli sebäplere, esasanam, öz ukypsyzlygymyza görä, düşýän şowsuz durmuşymyzy hem ykbalymyzy Şonuň synagy hökmünde görüp, özümizi bigünä etjek bolýarys. Çyn söýgä ukypsyz bolup, çyn söýginiň nämedigini biljegem bolman, çyn söýgini tapjagam bolman, öz beden hem güzeran amatymyzy hem bähbidimizi arap, başga-başga zatlary söýgi diýip kabul edip, soňundanam çyn söýgüden binesip galandygymyzy armanly duýup, beden owadanlygyny hem durmuş ygtybarlylygyny söýgüden ileri tutandygymyzy boýun almaga derek, ýa ýazygy Şondan görjek bolýarys, ýa-da söýginiň asla ýokdugy barada akyl satmaga çalyşýarys.
Bedeni hyjuwly, emma kalby kör adamlar üçin ölmeýän söýgi, dogrudanam ýokdur. Şonuň üçinem olar söýgi diýip beden sapasyna ýa-da hormat gatyşykly adaty mähre düşünýärler.
Söýginiň ömri ikiçäklik dünýäsiniň synýança dowam edýän ömrüne barabardyr. Bu dünýä synyp, öňki aşyk-magşugyň adaty dünýä gaýdyp gelmegi söýginiň gutarandygyny aňladýar. Olaryň bu betbagtlygy Adam bilen Howanyň jennetden kowulyşyny ýada salýar. Olar indi hemmeler üçin açyk bolan, islendik adamyň girip-çykyp bilýän, hylwatylykdan mahrum bolan dünýäde ýaşaýarlar. Olar indi Allatagalanyň dakan Aşyk-Magşuk adyny däl-de, ene-atanyň, durmuşyň, wagtyň, menziliň dakan, hemmä belli atlaryny göterýärler. Olaryň kalbyndaky duýgular bolsa köräp galyp, ylahy barlygyň däl-de, adaty Zemin durmuşynyň diliniň ylhamdan hem hyruçdan mahrum sözleri we jümleleri bolup galypdyr. Olary güzeran hem çaga basypdyr. Durmuş ugrundaky bäsleşige goşulyp, ýaşaýyş adatylygy ömrüň manysyna hem merkezine aýlanypdyr. Yşk hyrujy gidip, şowk köşeşip, söýgi ataşyndan galan kalp sowap, mähire dönüpdir. Mähir bolsa tebigaty boýunça ikiçäk däl, hylwaty däl, köpçülik arabaglanyşygynyň söýgi zynjyrydyr.
Mähir bolsa, belli bir manyda bedendendir. Ene-atanyň perzende, perzendiň ene-ata mähri gandaş bedenden gözbaş alýar. Olar bir gandan dörän bir bitewi süňňüň aýry-aýry bölekleridir. Hatda adamlaryň biri-birine mähri-de Adam hem Howadan gaýdýan süňňi – asyl birlige daýanýar.
Emma söýgi başgadyr. Söýgi süňňi birem bolsa, ýat, aýrybaşgalaşýan iki adamyň arasyndaky ruhy gatançly alyşykdyr. Hakyky, çyn söýgüde bolsa ýöne ruhy däl, eýse ylahy gatanç hem bardyr. Bu adamlara zemini däl, beşeri däl, adaty däl söýginiň manysyny dadyrmak üçin Allatagalanyň beren gatanjydyr.
* * *
Hylwaty, ikiçäk söýgi dünýäsinden ikiň hem däl, diňe biriniň çykyp gidýän wagtam bolýar. Bu dünýäniň ýykylmazlygy üçin biriniň galmagy-da ýeterlikdir.
Çyn söýginiň diri galmagy üçin söýmek ýeterlikdir.
Söýülmek däl, söýmek esasydyr, söýülmek söýginiň dirilik manysyna däl-de, netijesine dahylly zatdyr.
Ýalan söýgi wagtlaýyn, ýagny wagt geçip dursa, bir gün ölýän, gutarýan söýgüdir.
Çyn söýginiň özi-de, onuň ikiçäklik dünýäsi-de wagtdan ýokardadyr, has dogrusy, wagtyň çäginden daşdadyr. Men şol dünýäden magşugyň çykyp gitmegine garamazdan, dünýäniň synmanlygyna bir gezek şaýat boldum. Ikiçäklikden Akmaral çykyp gitdi, Akmuhammet ýeke bolsa-da, ýene ikiçäklikde galdy. Ol indi öz söýgüsi bilen ikiçäkdi. Men bu iki juwanyň söýgi ykbalyndan şeýle netije çykardym:
Çyn söýgi – aslynda wysal bolmaýan söýgi eken! Aýralyk söýgi oduna üznüksiz oklanyp duran oduna çalym edýär.
Aslynda hakyky söýgi bir döränden soň, aýralyk asla mümkin zat däldir, hatda magşuk ýa aşyk bu dünýäni taşlandan soňam, mümkin däldir, daşky, şertli, salgym zatdyr. Çünki aşyk-magşuk bir-biriniň kalbyna şeýle çuň, gutarnykly hem döndümsiz ornaşýar welin, kalpdan onuň çykmagy mümkin dällige öwrülýär. Kalp maddy giňişlik däl, ilki-ä oňa girmek kyn, emma gireňsoň, çykmak mümkin däl.
Çyn aşygyň gujagyndan çykyp bolar, emma kalbyndan çykmak welin asla mümkin zat däl.
Hakyky söýgi mekany gujak däl-de, kalpdyr. Aşyk hem beden däl, kalp şahsyýetidir.
Gujak bary-ýogy kalbyň kölegesidir. Beden kalp babatynda ikinjilik ähmiýete eýedir.
Şonuň üçinem magşugyň gitmegi bary-ýogy beden, ten, jisim dünýäsindäki hadysadyr. Ol hiç mahal, eger kalbyň özi synmasa, aşyk kalbyndan çykyp gidip bilmez. Bakylyk bilen ölümiň bir ýere sygyşmaýşy ýaly, hakyky söýgi synmasa, aýralyk ruhy manyda mümkin däldir.
Akmuhammediň şol şum günler barada beren dost gürrüňleri ýadymda hemişelik galypdyr. Akmaral gidensoň, ol ýaşaýan öýi ýykylan ýaly ahwalaty başdan geçiripdir. Gör-ä muny, agşam ýatanyňda, üstüňde abadan öýüň bar, emma irden sen açyk, ýalazy meýdanda oýanýarsyň. Daş-töweregiňde ýykylan öýüň bölek diwarlary, üçeginiň, penjiresiniň bölekleri ýaly bolup, seniň ýürek duýgularyň, kalbyň gyýçaklary para-para bolup ýatyr. Sen öz ykbalyňda aýylganç, heläkçilikli ýer titremesiniň bolup geçendigini duýup galýarsyň. Ýer titremesi seniň dünýäňi ýer bile ýegsan edipdir. Ýyllarboýy kalbyňy ýyladyp gelen öýüň ýykylyp, sen dünýäň öňünde özüňi öwzarsyz, ýaşaýşyň garşysynda özüňi egin örtgüsiz duýýarsyň. Indi seniň diňe özüňe degişli öwzar ýok, bu – şum muşakgat, bu – aýylganç hakykat.
Aýralyk yzasy Aşygyň hem bedenine, hem ýüregine ömürboýy ejir berip geçdi. Bedene berilýän yzany ol: «Mydama seni erbet, çydatmaýan içagyry horlaýan ýaly» diýerdi. Ýürege düşýän dag barada bolsa «Ýüregimde ýeke pursadam kesilmeýän ýas mukamy ýaňlanyp dur» diýip aýdardy.
Öz söýgüsini ol ömürlik hemra edindi. Ol hemişe öz ikiçäk, hylwaty dünýäsinde ýaşaýardy. Köpçülik ýerinde-de onuň öz dünýäsi bilen, öz ýalňyzlygy bilen ikiçäk bolýandygyny men köp görüpdim. Eýse nä, soňunyň wysalsyz gutarýandygyna garamazdan, belki-de, hut şu mynasybetli, söýgüsi onuň üçin satyn ýa sowgat alyp bolmaýan, Alladan özge hiç bir zadyň ýa kişiniň berip bilmeýän uly baýlygydy, artykmaçlygydy. Öz aýtmagyna görä, magşugyň aýrylyp gitmegine onuň öz geleňsizligi sebäp bolupdyr. Şonuň üçinmikä, ol öz söýgüsini hasam yhlasly tutýardy. Hawa-da, ökünç hem toba gatançly bolanda, ömrümiziň dady has zyýada bolýar.
* * *
Juwanlyk söýgüsinde biz zenan atly Dünýä, kämillik söýgüsinde bolsa dünýä atly Zenana aşyk bolýarys. Hatda bakylyk söýgüsinde-de adamyň ruhy jübüti zenan keşbindedir.
Bu hakykat bir zady – söýginiň badalgasynyň zenan başlangyjydygyny aýan edýär. Söýgi bedenden başlanýar, emma janly ösüşde beden yza galyp, ikinji orna hem ähmiýete geçip, söýgi ruhy dowamat bolup ýaşaýar. Şu manyda söýgi ruhy ewolýusiýa hadysasydyr.
Kämillik söýgüsi ynsana kyrkdan soň gelýär. Çünki, adatça, hut kyrkdan soň ynsan dünýä bilen ýüzbe-ýüzleşip, nazary dünýäniň jemalyna, gözüne düşüp ugraýar. Yşk kanunyna görä-de, ilkinji bakyşdan söýgi döreýär.
Dünýäniň gözüne gözüň düşmegi üçin ýaşaýşyň bitewüligini aňlamak gerek, paýhasda bolup geçýän bu aňlaýyş deslapky hadysadyr. Adamyň ýaşaýşa bolan bu gatnaşygy soň paýhasdan kalba geçip, ynsan dünýäni şahsyýet, jemaly owadan zenan hökmünde kalbynyň gözleri bilen görýär. Şondanam kämillik söýgüsi başlanýar.
Dünýä dirikäň, seniň garşyňda duran dirilikdir. Dünýä aşyk bolmak – külli, ählumumy, emma şahsyýetleşen dirilige aşyk bolmakdyr. Dünýä biperwaý bolmak ruhy ownukçyllykdan alamatdyr. Dünýäni ýigrenmek bolsa ruhy göýdüklikden hem nadanlykdan alamatdyr. Dünýäden aýrylyp gitjek ýeriň diňe ölümdir. Emma kim: «Men ölümi gowy görýärin» diýip aýdyp biler?!
Kämillik söýgüsine ukypsyz adamlar dünýäň diňe içinde ýaşaýarlar, olar bary-ýogy dünýäň bir bölejigi bolup durýarlar. Kämillik söýgüsinden paý alanlar bolsa «meni», şahsyýeti dünýä bilen barabarlaşan, dünýä bilen deňçerlik duýgusyna ýeten kişilerdir. Bu ýerde beýleki derejedäki söýgülerde bolşy ýaly, bitewülik bilen bitewüligiň duşuşmagyndan ikiçäklik kemala gelýär. Kämiller ýaşaýşy bir jemala öwrüp, bir nokada seredip, dünýäniň manysyny hem gözelligini görüp bilýärler.
Kämillik söýgüsine eýe bolanlar dünýäniň içinde däl-de, onuň gabat garşysynda ýaşaýarlar.
Kämillik söýgüsi howalydyr, baýdyr hem-de hasyllydyr.
Bu söýgä ulaşan kişi ýaşaýyş babatda özüni belent asmana göterilen şahsyýet hökmünde duýunýar. Sen şol ruhy beýiklikden aşakda ýaýylyp ýatan dünýä gözelligini görýärsiň. Sen şonda Biribaryň ýaradan bu diriliginiň nähili kämil hem nepisdigini, gaýtalanmasyz hem özge hiç bir närsäniň elinden gelmezdigini görüp, aňk bolýarsyň. Sen şonda bu gözellik, sazlaşyk bolany üçin, bu dünýäniň ýaşanyňa juda degýändigine düşünip, gözleriňe ýaş aýlaýarsyň. Dünýä aşyk bolup bilmek adatylygyň, güzeranyň işi däldir. Ol ruhubelentligi, adam ruhunyň ýaşaýşyň aňlaýyş belentliklerine galyp bilmegini talap edýär. Şeýle derejä ýetip bileninde, seniňem duýgularyň howalalylyga hem beýiklige eýe bolýar.
Kämillik söýgüsi duýgulara baýdyr. Asmanyň hem Zeminiň, sähralaryň hem daglaryň, derýalaryň hem baglaryň, pasyllaryň hem möwsümleriň, aý-ýyllaryň gözelligi duýgy çeşmesidir. Bu gözelligiň jemalyny gören, oňa aşyk bolan ynsanyň hiç ölesi gelmez, gaýtam ýaşadygyça ýaşasy geler. Ölümiň barlygyny görüp, özüne haýpy geler. Emma bu onuň göwnüni çökermez. Tersine, bu onuň dirilik güýjüne güýç goşar, dünýä aşyk bolan diriligi endik däl-de, her demdäki, her pursatdaky eşret paýy hökmünde duýup ýaşamak ukybyna eýe bolar. Şonda ol dünýäniň öz söýgüsine, özüniň apalamagyna hem ezizlemegine mätäçdigini, özüne onuň asla-da biperwaý hem sowuk-sala bolan jansyzlyk, şahssyzlyk däldigini görüp biler.
* * *
Eýa, Biribar!
Öz bendäňi ýetginjeklik söýgüsinde bent etme!
Onuň yşk menzilini juwanlyk söýgüsinde tamam etme!
Ony kämillik söýgüsine ataryp, dünýä jemalyny görkez!
Oňa Hakyň didaryna ýetmek üçin, dergähine eltýän bakylyk söýgüsini bagyş kyl!
Osman ÖDE.
Filosofiýa