ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ On üçünji mynajat: IMAN ÜÇIN ALKYŞ
Eýa, Biribar!
Göwün bossanymda hiç mahal solup-saralmajak iman gülüniň tohumyny ýetişdirmäge puryja ber.
Bu az pursatlyk ýyllarda ömrümi ýellere – ýyllara sowurman, ahyretde miwe berjek iman daragtymy ekmäge puryja ber!
Özge bakylygy neýläýin, mübärek didaryňy görmäge muştak bendäňi bakylykdan sowýan şum ýoda-ýollardan özüň sakla!
Dergähiňe barmaga imanymy – Saňa bolan ýürek hylwaty söýgimi ahyretde öz bendäňe ýoldaş et!
Bu ýolda imanymy aparjak garakçylardan – howaýy höwesden öz bendäňi halas et!
* * *
Iman gürrüňi bakylyk söýgüsiniň gürrüňidir.
Söýginiň ähli derejeleri biri-birinden hem nämä gönükdirilendigi, hem tebigaty boýunça parhlanýarlar. Men bu ýerde söýginiň tebigaty diýenimde, onda ruhuň, ruhanalygyň gatanjyny, onda iki zadyň – tenden gelýän hakykat bilen ruhy hakykatlaryň mynasybetini göz öňünde tutýaryn. Bu mynasybet bolsa söýgi derejelerinde deň däldir. Umuman aýdanyňda bolsa, söýgi – bu teniň ruhulyga ymtylyşynyň, ruha geçişiniň, öwrülişiniň hadysasydyr. Beýle geçiş, ymtylyş ýetginjeklik söýgüsinde iň az derejede mümkin bolýar. Bu ýerde ten özüniň ösüş kämillik hetdini kemala gelen adam şahsynyň ruhy şekilinde aňlaýar. Juwanlyk söýgüsinde öňkä garanda ruhuň paýy has köpdür. Emma mundaky ruh, ruhanalyk, esasan, durmuşy häsiýetdedir. Bu söýginiň üsti bilen adam özüni durmuşy şahs, jemgyýetçilik ten-ruhy birlik hökmünde aňladýar. Şonuň üçinem juwanlyk söýgüsi amaly-durmuşy taýdan maşgala gurmak işi bilen berkarar bolýar. Adam ikinji bir adamy (aşygy ýa magşugy) görýär, tanaýar, ykrar edýär. Islendik iki adamyň arasyndaky gatnaşyk bolsa eýýäm durmuşy gatnaşykdyr. Eger juwanlyk söýgüsi juda aňyrdan – metafiziki dünýäni duýuşdan bolsa, bu söýgi soňuna çenli öz belent ruhanalygyny saklaýar we beýik ahlaky mana eýe bolar. Biziň köne dessanlarymyzyň aşyk-magşuklyk hekaýatlary şeýle belent söýgi barasyndadyr. Olarda aşyk-magşuklaryň eneden bolandan bir-birini tanaýşy, sallançakdan başlap biri-birini söýmegi asla-da ulaltma ýa-da ýöne bir owadan edebi tär däldir. Munda beýik ruhy hakykat bar. Ol hakykat hakyky söýginiň ähli daşky şertlilikleri, jemgyýet, durmuş bilen baglanyşykly şertleri inkär edýänligindedir. Gyz hem ýigit kim bolsa-da, haýsy ýerden, haýsy maşgaladan, nähili topardan, nähili milletden bolsa-da, aslynda, Alla tarapyn ýaradylanda, biri-biri üçin ýaradylandyr. Şonuň üçinem olar jennetden kowlansoň, hersi Zeminiň bir künjüne düşen Adam bilen Howanyň onlarça ýyldan soň biri-birini tapyşy ýaly, hökman birek-birege gowuşaýmalydyr.
Söýgi – daşky, şertli, soň ýüze çykan degişliligi ret edip, içki, tebigy, owalbaşky degişlilige gowuşmakdyr. Juwanlyk söýgüsiniň beýik ruhy manysy-da şundan ybaratdyr.
Emma bu hakyky, idealdaky – wysaldaky juwanlyk söýgüsidir. Beýle söýgi hemmelere däl, seýrek juwanlaryň paýyna düşýär. Ruhy-ahlaky mazmuny belent juwanlyk söýgüsinden başga-da, durmuşa, wagta, şertlilige ýakyn bolan adaty juwanlyk söýgüsi-de bar. Beýle söýginiň soňy durmuşa, eklenje, günema ulaşyp gitmeklige ýazýar. Söýgi duýgulary pessaýlaşyp, öçüşensoň, munuň hatda şöhwet ýaly zatlar bilen garyşyp gidäýmegi-de bolýan zatdyr.
Kämillik söýgüsinde adam şahsy durmuşy şertlilikden çykyp, wagta, döwre, durmuşa bagly bolmadyk, şu dünýäniň düýbüne, dünýä bakylygyna dahylly ruhy ahwalatlara aralaşýar. Adam dünýä gözelligini howaýylyk däl-de, anyklyk, zatlaýynlyk hökmünde görüp hem duýup bilýär. Juwanlyk söýgüsi dünýä bakylygynyň hem gözelliginiň syrlarynyň söýgi duýgusy arkaly açylmagydyr. Onda ruhlulyk gatanjy, elbetde, öňkülerdäkä garanda has ýokarydyr. Çünki dünýäni diňe ruh bolup we diňe ruhuň maddy şekili hökmünde duýmak, görmek, bilmek mümkindir. Bu görüşde, duýuşda, bilişde esasy serişde bolsa Wagtdyr.
Adam munda dünýä aşykdyr, dünýä bolsa ilkinji hem ahyrky nobatda, Wagtdyr. Kämillik söýgüsi adama Wagty maddy barlyk hökmünde duýmaga mümkinçilik berýär. Aslynda zatlaryň, jisimleriň ýaşaýşynyň usuly, täri bolan Wagt kämillik söýgi duýgusyna ukyply adam üçin howaýylykdan, usullykdan, tärlikden zada – jisime öwrülýär, onuň ikiçäk syrdaşyna öwrülýär. Adam Wagtyň jemalyny görýär.
Bu söýgüde adamyň bedeni hem ruhy bişişen, kämil halatyndadyr. Birmahal – juwanlyk söýgüsinde öz ruhy jübütiniň, taýynyň gözel gyz keşbinde öňünden çykyşy ýaly, kämillikde ynsanyň öňünden Dünýä çykýar. Juwanlykdaky söýgi bir jynsyň – ynsanyň ynsana söýgüsidir. Ýagny ol bir jynsyň çägindäki, bir mahlugyň gerimindäki hadysadyr. Emma kämillikdäki söýgi eýýäm bu hetden geçendir, ol eýýäm bir jynsyň, bir mahlugyň – ynsanyň başga bir jynsa, mahluga – Dünýä bolan söýgüsidir.
Dünýä bilen ikiçäklik adama dünýäň, ýaşaýşyň nämedigine akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär. Adamy hut bedeni – dünýäden alnan toprakdan bina edilen bedeni dünýä tarap çekýär. Ynsan bedeni topragyň, suwuň, otlaryň, şemalyň, ýagmyryň, güneşiň, howanyň janlylygyny hem mährini duýmaga ukyplydyr. Çünki bular bilen bedeniň asylbaşky dili birdir. Sözleşmek, syrlaşmak, ýaşaýyş gujury bolan mähri alyş-çalyş etmek bolsa diňe şol bir dili bilýänleriň arasynda mümkin bolan aragatnaşyk usulydyr.
Adam ýöne bir jisim, madda däl, ol ruha eýe bolan, ruhlaşan jisimdir, has dogrusy, maddylaşan ruhdur. Şonuň üçinem kämillik söýgüsiniň ählumumy manysy şundan ybaratdyr: bu söýgi dünýäni ruhlaşdyrmakdyr. Ynsan dünýä aşyk bolmak bilen öz ruhundan oňa ruh goşýar. Ynsan üçin dünýä jansyz ýa-da ruhdan mahrum närse däldir, çünki adamyň özi-de janlydyr hem ruhludyr. Onsoň, daş ýöne daş däldir, toprak ýöne gum däldir, suw ýa howa ýöne himiki düzüm däldir. Bularyň bary janlydyr hem ruhludyr, diýmek, mukaddesdir. Ýetginjeklik söýgüsi ynsanyň özüni; juwanlyk ynsan taýyny – zenany; kämillik bolsa dünýäni mukaddesleşdirmekdir. Mukaddesleşdirip, söýgi aradaky daşlygy, bigäneligi, ýatlygy, nämälimligi, sowuklygy hem tüýsi başgalygy aradan aýyrýar. Söýgi – ruhuň ýaşaýyş meýdanynyň, ýaşaýyş barlygynyň giňelmegidir.
Bu – söýginiň ýaşaýşa gatnaşygy.
Eýse söýginiň ölüme gatnaşygy nähili?! Ine, hut şu mesele boýunça-da kämillik söýgüsi bakylyk söýgüsinden düýpgöter tapawutlanýar.
* * *
Her bir söýgi ahyrky netijesi boýunça biriniň ikinji birine gowuşmagydyr. Kämillik söýgüsi adamyň (aşygyň) dünýäge (magşuga) gowuşmagydyr. Emma dünýä nämedir? Adam ogly üçin dünýä – toprakdyr. Toprak bolsa adam jisminiň enesidir. Dünýä – topraga gowuşmak sözüň hem bu ýaşaýyş hadysasynyň belli bir manysynda alanyňda, soňlulyga, gutarnyklylyga, ýagny ölüme gowuşmakdyr. Kämillik söýgüsi adama ölümiň tebigylygyna, dünýä ýaşaýşynyň bir ujudygyna düşünmäge kömek edýär. Dünýä söýgüsi barada şygyr ýazan XX asyr şahyrlarynyň şygyrlarynda ölümiň degişli orun tutýandygy ýöne ýere däldir. Ölüm bilen baglanyşykly başdan geçirilýän gussanyň süýji hem şirinligi göze ilýär. Diýmek, dünýä bolan söýgi – kämillik söýgüsi, bir tarapdan, ýaşaýşyň gözelligini, beýleki tarapdan bolsa, ýaşaýşyň ahyrky netijesi bolan ölümiň tebigylygyny hem kanunalaýyklygyny açýan duýgudyr. Beýle söýgä ulaşan adamyň gözüne panylyk asla-da şumluk, ýowuz hem adalatsyz betbagtlyk bolup görünmeýär. Ölüm bary-ýogy üznüksiz ýaşaýyş aýlawynyň ýekeje bir halkasydyr. Ölüm ýaşaýşyň ählumumy petigi, gapma-garşylygy, çykalgasyzlygy, çykgynsyzlygy, gutarmagy däl-de, eýse beýik ýaşaýşyň içindäki bir hususy zatdyr. Ol ýaşaýşyň özboluşly ýüze çykmasydyr, onuň üznüksizliginiň, dowamatynyň birje basgançagy, onuň ählumumy bakylygynyň hususy, içki şertleriniň biridir. Edil keseliň bedeniň ýaşaýşynda tebigy we gutulgysyz bir hadysa bolşy ýaly, ölüm hem ýaşaýşyň kanuny sypatlarynyň biridir. Dünýäniň gözelligini-de ölüm ýalana çykaryp bilmeýär, ýaşaýşy manydan hem gözellikden mahrum edip bilmeýär. Tersine, ölüm barlygynda, ýaşaýyş özboluşly mana, tagama we gözellige eýe bolýar. Ahyrky netijede hem, tebigata siňip gitmek aslynda öz-özüňe dolanmakdyr. Zatlaryň hem jisimleriň asylbaşky görnüşine gaýdyp barmagydyr. Ine, dünýäni şu hili duýuş kämillik söýgüsiniň aýrylmaz hemrasydyr. Beýle dünýäduýuş adamzada mahsus bolsa-da, ol biziň dünýägaraýşymyzy kesgitleýän kesgitleýji hem düýpli hadysa XX asyrda öwrüldi.
Emma bakylyk söýgüsine ulaşan üçin bütinleý başga bir hakykat bardyr. Bakylyk söýgüsiniň dünýäduýşunda ölüm ýaşaýşyň içki bir hususylygy däl-de, oňa goýulýan nokatdyr. Munda ölüm ýaşaýşyň çäginde, çygrynda galyp, bir görnüşden başgasyna geçmek däl-de, eýse dünýäden bütinleý çykyp gitmek, dünýäni – ýurdy täzelemekdir. Bakylyk söýgüsi şol başga dünýä – ölüm ýok dünýä bolan söýgüdir. Beýle söýginiň dünýägaraýyş esasy bolup madda bilen ruhuň aslynda biri-birinden bütinleý başga substansiýalar – jöwherlerdigi baradaky garaýyş hyzmat edýär. Bu ikisi asly başga, hersi başga hamyrmaýadan alnan zatlardyr. Wagtlaýyn teni, bedeni menzil – ýaşaýyş şekili hem serişdesi edinen ruh ölümiň gelmegi bilen bakylyk dünýäsine dolanmagydyr. Bakylyk söýgüsinden ruh özüniň hemişelik watanynyň yşgyna düşüp, pelesaň urýar, onuň arzuwynda hem hyýalynda urunýar. Bu ölümli dünýä ýaşaýşynda ol hiç aram-karar tapanok. Şonuň üçinem ol gözelligi bakylyk dünýäsinden gözleýär, şol ýerde-de tapýar.
Bakylyk söýgüsi ynsanyň ömrüniň çäkliliginden, jisminiň wagtlaýynlygyndan hem gutarnyklylygyndan gelip çykýar. Ynsana ikiçäklik dünýäsi bolan söýgi hemişe gerekdir. Bakylyk söýgüsi onuň bedeniniň tebigat kanunlary boýunça garrap, kem-kemden egbarlaýan döwri bolan garrylykda iň gerekli ruhy hajatlaryň, dünýä ýaşaýşynyň başga hili çykalgasy bolmadyk ruhy çözgütleriniň biridir. Garrylykda ynsana iň tebigy hem oňaýly ikiçäkligi bakylyk söýgüsi berip biler. Emma bu söýginiň özi juda az adama berilýär. Olar öz ruhy-şahsyýet sypatlary boýunça özboluşly hem üýtgeşik kişilerdir. Elbetde, Biribara, ahyrete ynanýanlar köpdür, tas hemmelerde şu ynanç bardyr diýip bolar. Bakylyk söýgüsiniň adamy – munuň özi şol ynanjy sözüň hakyky manysynda söýgi hökmünde ýüreginde göterip bilýän ynsandyr. Özge birleri üçin ol ynanç diňe Allatagala bilen ozaldan edilen şertleşikdir, ýerine ýetirilmeli tas hukuk borjudyr. Şol sebäpden beýle adamlar haýsydyr bir şertnamany berjaý eden ýaly özlerini alyp barýarlar. Ýene birleri üçin ol ynanç hakyt şu dünýäniň işleriniň ahyret meselesine geçirilmegi ýaly bolup görünýär. Üçünji birleri üçin ahyrete gatnaşyk söwdalaşma işini ýatladýar: «Men özüme buýrulan amallary berjaý edýärin, muňa derek Ol maňa jenneti ýaşaýyş berýär».
Saýlantgy ärler ahyrete ýürek duýgularynyň, içki hylwaty söýginiň mümkinçiligi hökmünde garaýarlar. Şonuň üçinem olaryň bakylyga gatnaşygy hut söýgüdir. Munda ne sowuk resmilik, ne hökmany-hukuk häsiýetli borçdarlyk, ne-de «sen maňa, men saňa» äheňli söwdakeşlik bar. Olar bakylygyň eli pully müşderileri hem däl, olar bakylygyň eli tyllaly hyrydarlary hem däl, olar bakylygyň eli şertnamaly hyzmatdaşlary hem däl, olar bakylygyň eli petekli paýdaşlary hem däl. Olar diňe bakylygyň ýüregi aýralyk hasratyndan hem söýgi umydyndan doly aşyklary. Bakylyk olar üçin diňe bir wada berip hem şertlendirilen mümkinçilik däl-de, eýse gutulgysyz ruhy-köňül hajatydyr. Bu ruhy hajat bolsa bütinleý üýtgeşik zatdyr. Ruhy hajat hökmündäki bakylygy teniň tükeniksizlik isleginden tapawutlandyrmak möhümdir. Ruhy kämil däl kişiler bakylyk diýip özleriniň şu dünýädäki ölümiň barlygy sebäpli tükenikli bolan ten islegleriniň o dünýäde tükeniksizlige öwrülmegine düşünýärler. Men eli pully, altynly, şertnamaly diýenimde şeýle tükeniksizligi gazanmak üçin ýürege dahylsyzlykda ýerine ýetirilýän iman şertlerini, amallaryny göz öňünde tutýaryn. Elbetde, gürrüň ol amallary hem şertleri inkär etmek hakynda barmaýar. Gürrüň bu ýerde hökmany suratda ýüregiň, kalbyň dahylly, kesgitleýji zat bolmalydygyndadyr. Ýüregiň işi bolsa söýgüdir, söýgi bolsa hylwatylyk hem ikiçäklikdir.
Iman ruhy kämiliň artykmaçlygydyr.
Iman diňe ruhy şahsyýet derejesine ýeten ynsana dahylly gymmatlykdyr.
Aslynda meniň düşünişimçe, iman – ynsanyň ruhy şahsyýetidir. Bu şahsyýet ynsanyň beden ölümi bilen gaýtadan döreýän, bakylyk dünýäsinde ýaşamaga ukyply ruhy birlikdir. Maddy dünýäde bedensiz, jisimsiz ýaşap bolmaýşy ýaly, ruhy bakylykda hem ruhy şahsyýet ýaşap biler. Bakylyk söýgüsiniň manysy-da öz içki ruhy işiň, ruhy-aň-köňül yhlasyň hem amalyň netijesinde özünde şol ruhy şahsyýeti döretmekden ybaratdyr. Bu ruhy şahsyýet ikiçäklikde kemala gelýär.
Aslynda bakylyk söýgüsi beden ösüşiniň dowamy bolan ruhy ewolýusiýanyň hadysasydyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda bir meselä – diniň ruhy-gözellik tebigatyna we ruhy-gözellik hyzmatyna ünsüňizi çekesim gelýär. Ruhy ösüşiň özboluşly we uniwersal şekili bolan din ruhy ewolýusion hadysadyr. Ýaşaýyş agajynyň maddylyk şahasynda pyntyk ýaryp, ruh ilki gunça, soň gül açýar. Şu ösüş döwründe-de din kemala gelýär. Din adamzadyň ruhy taýdan ösüp, dünýäniň hem özüniň geçmişine göz ýetirmäge, ýaşaýşyň geljegini öňünden görmäge mümkinçilik berýär. Din şekiline girýän ruhy ewolýusiýanyň iň ýokary derejesi bolsa mistikadyr. Çünki mistika – munuň özi Biribar bilen ruhy-gaýybana ikiçäklik baradaky dünýägaraýyşdyr. Hut mistika arkaly adamzat özüniň düýp mazmuny we ýeten derejesi boýunça dünýäden ýokary galandygyny, Biribara ýakynlaşandygyny aňlap bilýär. Ine, öz mistikamyzy – sopuçylygy alyp göreliň. Elbetde, dürli döwürler hem jemgyýetler bilen baglanyşyklylykda, bu ruhy-pelsepe akymynyň ýörelgeleriniň ýaramaz niýetler üçin ulanylandygy bilen baglylykda, sopuçylygyň ýaramaz, nälaýyk taraplary-da ýüze çykypdyr. Emma men häzir onuň ruhy ösüşiň şekili we tejribesi hökmündäki oňyn, sagdyn hem hasylly manysy hakynda gürrüň etmekçi. Şu manyda sopuçylykda esasy iki mazmun aýratynlygy bardyr. Bularyň birinjisi – tarykat düşünjesi, ikinjisi bolsa öwlüýäler düşünjesidir. Eýse, ýönekeý hem hemmä düşnükli we her bir adam üçin manyly bolan dilde aýdylanda bular näme bolýar?! Munuň özi şu aşakdaky ýalydyr, tarykat – ynsanyň ruhy-ewolýusion ösüş ýoludyr, öwlüýä bolsa şol ösüşi geçen ynsanyň ruhy şahsyýetidir.
Ruhy-ahlak ewolýusiýa iki jähetde bolýar. Ontogenez we filogenez. Ontogenez aýratyn alnan ynsanyň ruhy ösüşi, filogenez – adamzadyň mistika arkaly ruhy ösüşiniň dowamaty. Eýsem-de bolsa bular, elbetde, aýdaly, bioewolýusiýa ýaly maddy-jismi häsiýetli zatlar däldir. Şonuň üçinem bulary rasional serişdeler we usullar bilen subut etmek mümkinem däldir. Emma, şoňa garamazdan, ruhy ewolýusiýa obýektiw dowamatdyr.
Mistika adamzadyň bütin ösüşinde örän düýpli hadysadyr. Ol bioösüşiň öz ornuny ruhy ösüşe berendigini aňladýar. Biribara söýgi we Onuň wysalyna ymtylma baradaky ählumumy ylym bolan mistika ruhy ösüşiňem bütinleý täze basgançagy bolup durýar. Adamzat millionlarça ýylyň dowamynda bioösüşi başdan geçirdi. Emma ol özüniň şeýle ösüşini aňlap bilmändir. Ruhy ösüş adamzadyň şeýle ösüşi aňly-düşünjeli başdan geçirýänligi bilen tapawutlanýar. Mistikanyň aýratynlygy bolsa ruhy ösüşiň öňki basgançaklaryndan tapawutlylykda, munda ösüşiň maddylyga-biologiki we jemgyýetçilik barlygyna garaşlylykdan bütinleý azat bolýanlygyndadyr. Bu ösüşiň biz iň ilkinji ädimlerini ädýäris, mistiki ösüşde biz ýaňy ýörjen-ýörjen bolup ýören kişilerdiris. Onuň näçe müň ýyla çekjekdigini aýtmak asla mümkin däl. Ýöne bir zat belli – şu ösüşiň netijesinde adamzat häzirkisinden bütinleý başga bir görnüşe geçer. Ol sap ruhy substansiýa hökmünde kemala geler. Ol bakylyk ukybyna, ölmez-ýitmezlige eýe bolar. Çünki ruhy ösüşiň dowamynda adamzat maddy dünýäniň ähli syrlaryna ýeter, özüniň ýaşaýşynda maddy dünýäniň kanunlaryndan doly garaşsyz bolmagy, hatda olary öz maksady üçin öz erki bilen üýtgedip bilmek derejesine ýeter.
Ýöne munuň üçin oňa dünýäni ýaradan Biribaryň ryzalygyny hem makullamasyny gazanmak gerek bolar. Bu bolsa örän we örän kyn işdir. Bu ýolda iň uly howp – adamzadyň özüni öz eli bilen ýok etmegi bolup biler. Beýle howpuň esasy bolsa adamzadyň bikemallygydyr. Adamzat özüniň içki gapma-garşylyklaryny birinji ähmiýete çykardygysaýyn, bu howpuň hakykylygy artýar. Munuň üçin kämilleşmek we kämilleşmek gerek. Munuň üçin gapma-garşylyklaryň soňuna çykmagy başarmak gerek.
Şeýle gapma-garşylyklaryň esasysy – maddylyk bilen ruhulygyň, dünýä bilen ahyretiň, adamzat bilen dünýäniň arasyndaky gapma-garşylyga nädogry düşünmek, olary mutlaklaşdyrmakdyr.
* * *
Bakylyk söýgüsi – umumy jähetde alanyňda, dünýäden ýüz dönderip, bakylyga ýüz urmakdyr. Elbetde, mistikanyň düýpli hem ählumumy ruhy hadysadygyny hasaba alanyňda, diňe şonda bu hereketiň manysyna dogry düşünip bolar. Bakylyk söýgüsi ýöne we asla-da terkidünýälik däldir. Ol ýaşaýyşdan geçmek, ýaşaýyşdan bizar bolmak däldir. Bakylyk söýgüsiniň ruhy ösüş manysyna düşünmek üçin, ilki bilen, meseläniň durmuşy-ahlak däl-de, ruhy-ahlak häsiýetli pelsepe meselesidigini nazarda tutmak gerek. Şonuň üçinem bu ýerde «dünýä» diýip nämä düşünilýändigi möhümdir. «Dünýä» ýönekeý düşünje däl, ol pelsepe adalgasy. Ony umumylaşdyryp aýdanyňda, şeýle kesgitlemek mümkin: dünýä – munuň özi ruh üçin soňlulyk, paýansyzlykdyr. Ruh bölegi bolan adamzat üçin dünýä panydyr, paýansyzdyr. Çünki dünýä wagt bilen baglanyşyklydyr, wagta boýun egip ýaşaýandyr. Şu dünýäde adam hem diňe teniň içinde ýaşap bilýär. Emma ten bilen adam substansiýasy tamam bolmaýar, adam ruhy substansiýadyr. Ýöne beden dünýäniň kanunlaryna garaşlylykda we laýyklykda ölümlidir, beden tamam bolansoň, ruh-da şu dünýäde ýaşap bilmeýär.
Şu hakykat, dünýäniň, wagtyň adam babatyndaky şeýle adalatsyzlygy adamzadyň dünýäni ýigrenmekligine, dünýäni inkär etmekligine sebäp bolupdyr. Emma, näçe ýigrense-de, adamzat bu derdiň dermanyny tapyp bilmän gelýär. Hut ölüm babatynda-da akyldarlar iki topara bölünýär: birleri dünýäniň, wagtyň hökmürowanlygy gutulgysyzmy, diýmek, adamzada şu wagtyň, şu dünýäniň içinde bakylyk gazanmaga kömek etjek ýoly görkezmeli diýýärler. Munuň üçin onuň bedenini kämilleşdirmeli, kosmiki giňişligi ele almaly we ş.m.-ler. Bu hili çykalga-pelsepe imansyzlyga esaslanýar. Çünki beýle akyl ruhuň birinjiligine ynanmaýar. Olar üçin ruhuň dünýä baglylygy mutlakdyr, hemişelikdir. Şonuň üçinem olar teniň bakylygyny gazanmak pikirini edýärler. Bu mümkin däldir. Çünki ten jisimdir, jisim bolsa panydyr. Ähli meselelerde bolşy ýaly, bu meselede-de materialistleriň akyl şowakörlügi özüni bildirýär. Olar bakylygy salgym hasaplaýarlar. Çünki Wagt, bakylyk gapma-garşylygy bolan Wagt olaryň çokunýan butudyr. Olar hemme zady Wagta bagly hasaplaýarlar. Muňa garşy bolan ikinji bir akyl ruhuň ösüşine, ruhuň beýik geljegine ynam edýär. Çünki ol ruhuň aslyna ynanýarlar. Bu näme diýildigi bolýar?!
Munuň özi madda bilen ruhuň aýry-aýry substansiýalardan – hamyrmaýalardan ýaradylandygyny ykrar etmek bolýar. Biziň öňki akyldarlarymyz bu ikisini «asly ýatlar, nämähremler» diýip kesgitleýärler. Ruhuň maddadan ösüp çykanlygy şertli düşünilişdir. Ruhuň maddanyň önümidigi, kölegesidigi, şöhlelenmesidigi bolsa asla nadanlykdyr, ýagny bilmezlikdir. Ruhuň şu dünýäde, adatça, madda baglylygy entek bu babatda gutarnykly netijä gelmäge ýeterlik esas däldir. Aslynda ruh başgadandyr, emma ol Wagta, dünýä düşüp, şoňa garaşly bolsa-da, özüniň ýuwaş-ýuwaşdan azatlygyny gaýtadan ele alyp başlapdyr. Adamzadyň taryhy diýmegem ruhuň maddadan garaşsyzlygyny gaýtadan ele alşynyň taryhy diýmekdir. Ine, dünýäni inkär etmek şu ýerden gelip çykýar. Dünýäni inkär etmek – munuň özi bu garaşsyzlyk ýolunda häzirki ýetilen sepgitde aýak çekmezlikdir, saklanmazlykdyr. Dünýäni ykrar etmeklik hut şu hili ewolýusion durgunlyga çagyryşdyr. Munuň özi adamzadyň ruhy barlyk hökmündäki gelejegine atanak çekmeklik bilen deň zatdyr. Dünýäni hiç mahal duran ýeriňde durup, dünýäniň özüne garylyp-boýun bolup, ýeňip bolmaz.
Men adamda bakylyk instinktiniň barlygyny ykrar edýärin.
Men adam bedeninde bakylyk – ölmezlik gormonynyň bardygyna ynanýaryn.
Iman – şol instinkt, gormon derejesindäki hakykatyň pelsepe-akyl derejesine çykarylmagydyr.
Iman – ruhuň geljegine ynanmakdyr.
Iman – ruhuň bakylygyny akyl arkaly ykrar etmekdir.
Iman – ruhuň bakylygyna ahlak arkaly dyrjaşmakdyr.
Iman – ömrüň bile ruhuň bakylyk wezipesini amal etmekdir.
Şeýlelikde, iman – munuň özi
ynançdyr,
akyldyr,
ahlakdyr,
amaldyr.
Bu jähetleriň hersi hakynda biraz durup geçeliň.
Aslynda ynanç nämä esaslanýar? Ynanç ynanmaga esaslanýar. Başgaça aýdanyňda, ynanç Allatagalanyň biziň süňňümize salan hakykatydyr. Ynanç gazanylmaýar, ynanç ösüp çykýar we ykrar edilýär. Ynanç aslynda islendik adamda bardyr; çünki ol inkär edip bolmajak düýpli hakykata – adamyň asla-da iň ýokary derejedäki jyns däldigine esaslanýar. Diýmek, adamzatdan ýokarda hökman bir zat bolaýmaly. Adamzadyň ruhy taryhy we tejribesi onuň Biribardygyny görkezýär. Ynanç gazanylmaýar, emma ol ýitirilip bilner. Akyl şowakörlügi hem-de «men-menlik» ynanjyň ýitirilmegine getirýär.
Adamzadyň paýhasy dünýäniň puçdugyny görýär. Bu gutulgysyz hakykatdyr. Maddy dünýäniň fiziki manyda-da, himiki manyda-da tükeniklidigi, biomanyda bolsa ölümlidigi görnüp duran zat. Eýnşteýniň: «Dünýäde iň düşnüksiz zat – onuň düşnükliligidir» diýmesi şol hakykata göz ýetirilip aýdylan pikirdir. Eger ruh dünýäniň panydygyna göz ýetirýän bolsa, onda bu eýýäm ruhuň pany däldiginiň subutnamasydyr. Diýmek, ruh dünýäden ýokary galmak, dünýä ýokardan, garaz, başga barlykdan seretmek we baha bermek ukybyna eýedir. Diýmek, ol dünýäden tapawutlylykda bakydyr. Çünki ol ondan aýrybaşgalaşyp bilýär. Özi pany zat panylyga göz ýetirip bilmez.
Emma ruhuň dünýäniň panylygy baradaky hakykatyna iki hili düşüniliş bar. Şoňa laýyklykda dünýäniň iki hili inkär edilişi bar. «Dünýä pany, ruhuň wezipesi mundan gaçyp gutulmakdyr» diýen pikir birtaraplylykdyr. Bu ahlaky-amaly jähetde terkidünýälige getirýär. Terkidünýälik harsydünýäligiň çöwre ýüzüdir. Munuň özi dünýäni uçdantutma, mehaniki inkär etmekdir. Emma dünýäni ruhy ösüşde ruhuň öz edişi ýaly, dialektiki inkär etmek has dogrudyr. Dünýäden çekilmeli däl, dünýäni taşlamaly däl, dünýäden gaçyp gitmeli däl, dünýäni ele almaly hem özgertmeli. Ine, müňlerçe ýyllyk ösüşiň dowamynda ruhuň goldanyp gelýän baş şygary şudur. Her bir ynsanyň ömri elbetde, müňlerçe ýyl bilen ölçelmeýär. Şonuň üçinem ruh bilen dünýäniň biri-birine täsiri – bir mesele, ynsanyň ömri – başga tebigatly we wezipeli, başga manyly we mümkinçilikli meseledir. Ruhuň ýaşaýşy edil maddy kanunlar ýaly obýektiwdir, aýratyn alnan ynsanyň ömrüne hem mümkinçiligine bagly däl we gönüden-göni däl-de, gyýtaklaýyn dahylly ýaşaýyşdyr. Emma şonda-da her bir ynsanyň degişli ahlak ýörelgelerini edinmegi zerurdyr. Bu ahlaky ýörelgeleriň berjaý edilmegi adamy Allatagala ýakynlaşdyrýar. Çünki ahlak – munuň özi ruhuň anyk taryhy döwürde ýaşaýyş kadalarydyr. Bu ruhy bolsa Allatagala öz mübärek deminden ýaradandyr. Diýmek, ahlak hökmündäki iman Allatagala bendelik kadalarydyr.
Amal hökmündäki iman hem şondan gelip çykýar. Amal ahlak hakykatynyň iş, hereket, durmuş hakykatyna öwrülmegidir. Ýöne düşünje, ýöne pikir bolup galman, iş ýüzünde, hereketlerde ýüze çykmagydyr. Barlyga gelmegidir.
Ruh taryhy wagtyň içinde-de, taryhy wagtyň daşynda-da ýaşamaga ukyplydyr. Ruh wagtyň ähli beýleki jähetlerine garaşsyz bolşy ýaly, taryhy wagta-da garaşsyzdyr. Şeýle bolmasady, onda ruhuň ewolýusiýasy asla mümkin bolmazdy. Adamzadyň täze nesliniň, täze siwilizasiýasynyň, täze döwrüň gelmegi bilen öňki ruh ölüp, täze ruh dörärdi. Emma iş ýüzünde beýle däldir. Dünýäniň wagt taýdan bitewi bolşy ýaly, ruh-da bitewüdir. Özem wagt geçdigiçe, ruh güýçlenýär, ulalýar hem kuwwat toplaýar. Munuň özi ösüşiň alamatydyr. Elbetde, häzirlikçe ruh paýhas arkaly, esasan, dünýäni eýelemek we dünýäniň düýbüne ýetmek işine meşgul. Emma wagt geler, bu wezipe, iş berjaý bolansoň, ruh dünýäniň tükenikliligine ýetip, özüne gaýdyp geler hem-de öz-özlügi bilen ýaşap başlar. Çünki ol bakylyga dünýä arkaly däl-de, diňe öz-özi arkaly ýetip boljagyna düşüner. Şonda onuň nazary bütinleý başga barlyga gönüger. Emma munuň ýene näçe müň ýyldan amal boljagyny bir Hudaý bilýär.
* * *
Iman – bakylyk söýgüsiniň miwesidir.
Şu jähetden ruhuň bakylygynyň aýratyn alnan ynsanyň ruhy bakylyga bolan gatnaşygy aýan bolýar. Ynsanyň ruhy bakylyga ymtylmasy iman gazanmakda ýüze çykýar.
Ynsan bedeni fiziki taýdan garrap başlaýar. Beden garraýar, ruh bolsa juwan. Şu ikisiniň arasyndaky çaprazlyk tebigy suratda bakylyk söýgüsini döredýär. Bu ýerden her ynsan bakylyk söýgüsine ukyplydyr diýen many gelip çykmaýar. Özüniň islegleri, ymtylmalary boýunça şu dünýä bilen doly kanagatlanýan adamlar bolýar. Olar bakylyk diýibem dünýä islegleriniň tükeniksiz uzaldylmagyndan başga zada düşünip bilmeýärler. Munuň özi ruhuň bütinleý başga bir barlyk, ýaşaýşyň başga ölçegli şekilidigini duýmazlykdyr. Galyberse-de, dürli medeniýetler, siwilizasiýalar hem şeýle düşünjede bolup bilerler. Aýdaly, gadymy müsürliler-faraonlar şuňa meňzeş akyla gulluk edipdirler. Olaryň düşünjesine görä, bakylyk bar, ýöne bakylyk diňe ten bilen baglanyşykly. Baky, ölmez bolan jan diňe teniň ýok bolman, ýitmän galmagynda mümkindir hasaplan faraonlar öz jesetlerini mumyýaladypdyrlar.
Ýa-da gadymy butparazlary alyp göreliň. Köphudaýlylyk döwründe adamlary goş-golamy, at-ýaragy bilen jaýlapdyrlar. Olar bakylyga bir maddy dünýäden başgasyna geçmek diýip düşünipdirler. Şonuň üçinem olar hem faraonlar ýaly imansyzlardyr. Imansyzlyk – maddy dünýäden başga hilli barlyga ynanmazlykdyr. Şol sanda ol Hudaýy-da maddylyk hökmünde göz öňüne getirmekdir. Şonuň üçinem imansyzlaryň, küfrleriň butlara çokunmagy kanunalaýyklykdyr.
Maddy dünýäniň çäkliligine göz ýetiren ynsan maddy däl dünýä – bakylyga ynanç edýär, imanly bolýar. Emma ynsanyň bakylygy bütinleý maddylykdan üzňe göz öňüne getirmegi mümkin däldir, çünki gözüň özi-de jisimdir. Netijede, ynsanyň bakylyk söýgüsi öz hakykatlaryny maddy dünýäden alnan şekillerde hyýala getirýär. Şeýdip, juwanlyk söýgüsinde zenana, kämillikde zenan şekilli dünýä aşyk bolan ynsan, imanda zenan şekildäki hüýrleriň, şeýle-de bag şekilindäki jennetiň aşygy bolýar.
Hüýrler hem, jennet hem söýginiň asylbaşky we hökmany tebigaty bolan ikiçäkligiň we hylwatylygyň şekile gelmegidir. Emma bular öňki, beýleki söýgülerden bütinleý başga mazmuny aýan edýärler.
Bakylyk söýgüsinde hüýr hem jennet, bal, şerap akýan aryklar ýaly şekilleriň maddy-fiziologik tebigaty däl-de, ruhy-ontologik manysy bardyr. Olar ruhuň bakylyk dünýäsinde ýaşaýyş şekilleridir.
Iman şolaryň – tebigaty, manysy özge barlyklaryň hökmanydygyna ynanç getirmekdir. Imanyň beýleki düzüjileri-de bar, men häzir bakylyk söýgüsiniň gürrüňi bolansoň, diňe şulary agzap geçýärin.
Iman yşk bilen baglanyşyklydyr. Yşk iman meselesini täze derejä galdyrýar. Imany şahsyýetiň hususy duýgularyna, kalbyna, ömrüne degişli mesele edip goýýar. Şonuň üçinem biziň beýik sopularymyz üçin iman diňe şerigatyň däl, eýse tarykatyň hem meselesidir. Yşk – imany ýürek söýgüsi arkaly gazanmakdyr. Munda adam şahsyýeti imany diňe bir daşky amallar hökmünde däl, eýse içki ýürek ynanjy hökmünde peýda edýär. Daşdan – dürli amallardan gelýän hakykat bilen, içden – Biribara bolan söýgüden gelýän hakykat-ynanç birigip, imany hasyl edýär.
Yşk dünýäniň panylygyna ýürek gözi bilen göz ýetirmekdir. Bütin süňňüň bilen şoňa şaýatlyk etmekdir. Munuň özi hakykatyň örän inçe hem gaýtalanmaz – şahsy mana eýedigini görkezýär. Hakykata özüňden özge kimdir biriniň başdan geçiren barlygy hökmünde düşünmek, ýagny ony özge birinden eşitmek bir zatdyr, hakykata öz içki ruhy tejribäň hökmünde ýetmek bütinleý başga zatdyr. Munuň özi eýýäm imana öz eliň, öz aýagyň hem öz ýüregiň we öz paýhasyň bilen barmakdyr. Beýle düşünilişdäki iman mizemezdir. Hut şu manyda ata-babalarymyz «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýipdirler.
Ýaşyň soňunda, gojalykda bakylyk söýgüsi ynsan üçin beýik peşgeşdir. Ol ynsanyň ruhy taýdan juwanlygyny, işjeňligini we ýaşaýşa söýgüsini üpjün edýär, onuň içki ruhy durmuşyny manyly hem gözel edýär.
Iman diňe bir bakylyk kepili däl, eýse şu dünýäde hem ynsanyň ruhy-ahlak kämilliginiň we görkanalygynyň şertidir. Ýaşlyk hem orta ýaş geçensoň, bakylyk söýgüsi ynsanyň şahsy durmuşynyň hem ömrüniň maksatly we manyly özbaşdaklygyny hasyl edýär.
Bakylyk söýgüsi we onuň miwesi iman her bir ynsanyň Allatagala barýan şahsy, ikiçäklik ýolunyň açyklygydyr. Bu ýolda hiç zat we hiç kim böwet bolup bilmez. Diýmek, bu söýgi Biribaryň ynsana beren beýik artykmaçlygydyr. Allanyň adyllygynyň hem rahymlygynyň subutnamasydyr. Ol ynsanyň oýlap tapan däl, eýse Biribaryň ýaradan söýgüsidir. Bu söýginiň uçguny ýüreginde dörän ynsan Allanyň saýlap alan kişisidir. Beýle ynsanlara gadymyýetde ärler, erenler, weliler diýipdirler. Olaryň gazanan ruhy baýlygy adamzadyň ruhy ösüşiniň beýik netijesidir hem bereketli hasylydyr.
* * *
Eýa, Biribar!
Her säher Saňa gönügen duýgularymy säher kimin durlap,
Her säher Saňa gözügen pikirlerimi säher kimin durlap,
Kalbymy säheriň bakylyk kimin şemalyna ýuwup,
Akylymy säheriň bakylyk deý jemalyna duwlap,
Seniň mübärek dergähiňe tarap aýak däl, başym goýýaryn!
Ýa, Alla!
Şu dünýämde bakylykdan eser ber!
Amalymda imanymdan eser ber!
Hyýalymda hakykatdan eser ber!
Şu ömrümde ahyretden habar ber!
Hem jennetiň bossanyndan gülleri,
Hem behişdiň bakjasyndan semer ber!
Osman ÖDE.
Filosofiýa