ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ Onunjy mynajat: GÜÝZ ÜÇIN ALKYŞ
Eýa, Ýaradan!
Saňa ýakymlygyň möwsümi gelip ýetdi.
Günden saçylýan günler yzda galdy.
Ýürege ara daşlyk, çolalykdaky ýalňyzlyk duýgusy aralaşýar.
Ýukalyp hem selçeňläp ugranym saçlar,
Ýukalyp hem gowzap barýanym ýürek,
Agşam çigregi degip, güýzänim göwün,
Düme terne kimin süýjänim göwün
Güýzüň geldigi pyşyrdaşýarlar.
Dünýäň badyhowalykdan daşlaşýan günleri
Pelek bigäneligi jedelsiz görnüp,
Sähralaryň çolaryp, daglaryň sustlaşýan günleri
Saňa hasam ýakyn durasym gelýär.
* * *
Güýzde üýtgeşik çuňluk duýulýar. Güýz duýgusynda duýulýar. Kalbyň güýz diýen wagt bilen galtaşanda döreýän bu duýgudan güýzde gijeleriň uzaýşy ýaly, birhili başga bir giňişligiň içine uzalma bolup geçýär. Sen wagtyň güýzden başga mahal açylmaly uzaklygyna hem çuňlugyna girýärsiň. Giden bir pasyllap şeýle uzaklykda we çuňlukda ýaşalmagyna-da güýz diýilýär. Bu wagt mekanynda duýgularyň gözýetimi asmanyň düýbüne çenli uzaýar, duýgularyň çuňlugy bolsa kalbyňy güýzden daşgary ýalpaklykdan halas edýär.
Otly tomsuň aram berip, gije hem gündiz howasynyň barha deňleşmegi wagtyň depginine imisalalyk hem-de asudalyk berýär. Ne gündiz gyzgynyň, ne-de gije sowugyň ýitiligi bar. Asman şeýle bir ýeňil, indi ol egniňden basyp, gara der edip baranok. Zemin şeýle bir ýeňil, ol indi aýagyň astynda ýelek ýaly gaýyp barýar. Ol seni wagtyň başga meýdanyna alyp barýar.
Suwuň buga öwrülip giňeýşi ýaly, wagtyň göwrümi giňäpdir. Zatlar biri-birinden tas gözýetimiň uzaklygyna çenli daşlaşypdyr. Iň golaýyňdaky zada – baga, ýola, deňze, alaňa – bokurdagyňa sygdygyndan gygyrmasaň, sesiň ýetjek, dünýä bilen üýn alyşjak gümanyň ýok. Gaýta, sesiň olara ýetmän, heňňamyň boş galan ýerlerine düşüp, wagtyň boş gursagynda üznüksiz ýaň emele gelýär.
Güýzde gaýgy, hasrat ýok, güýzde pikir hem many bar. Güýz adamy hasyl hem netije hakynda agras we içimtap oýlanmaga iterýär. Güýz özünden misil almaga çagyrýar. Duýgular böwşeňleşip, dartgynlylygy gowşap, adam geçeniň hasyly, geljegiň akylly-başly biçüwi dogrusynda güýz howasy kimin aram, güýz jemaly kimin agras pikirlere gark bolýar.
Güýzüň pikirleri süýjüsi ýeten, dada gelen pikirler. Güýzde adam wagt hakynda köp oýlanýar. Bu oýlanmalar öz gezeginde ynsan süňňüniň bu pasylda ýaşaýyş meýdanyna wagtyň täze, özge, üýtgeşik bir hiliniň gelýändigini ýiti duýmaklygyndan gözbaş alýar. Bu wagta gutaraňkyrlamak, uzak döwre – bir ýyla çeken heňňamyň tamamlanmak, aýlawyň soňky pellesine golaýlaşmak häsiýeti mahsus. Adam özüni pellehana golaý duýýar. Bu ýiti duýgy endamyňa ýaýraw edeninde, ýüregiň ezilip, kalbyňda tukatlyk peýda bolýar. Munuň täsiri bilen adamyň pikirleri-de güýzeýär. Güýzüň tukatlyk şemaly kakan pikirleriň tagamy başga. Onda güýzän üzümiň gyzgylt öwüşgini bilen güýzän gawunyň terlik hem şirelilik gatyşan mazasy bar.
Şonuň üçinem gussa güýz hadysasynyň ikinji hataryndaky, daşky gatlagyndaky, goşmaça aýlawyndaky hakykatdyr. Güýzde birinjilik, içki, esasylyk gussa däl-de, ynjalmak duýgusyna degişlidir. Güýz ýaşaýşynda gussa sebäp hem däl, netije hem, ol bularyň aralygyndaky, bu ikisini baglanyşdyrýan kalp ahwalatydyr. Güýzüň sebäbi jöwzaly tomsuň hereketliligi, netijesi bolsa hasyldyr.
Güýz ýaldyrakdan başlanýar.
Güýz ýaldyrakdan başlaýar.
Çaga dyrnagynyň ululygyndaky kümüş däl, ak altyn bolup daňdan dogan ýaldyrak gündizem az görüp, gijelerine-de eýemsirän epgek bilen gyzgynyň öňüne nokat goýar. Şeýdibem ýuwaş-ýuwaşdan salkynyň hem gijäniň aýagy ýetýän ýeri artyp ugrar. Tomsuň gyzgynyndan baslygan dünýäniň endamyndan howur çykyşyp, süňňi sowap başlar. Endamynyň gyzgyny gaýdyşan sähranyň göwrümi hem göwni giňän ýaly bolýar. Gyzgynlyk döwrüni başdan geçiren gawun-garpyzyň tagamynyň üsti salkymlyk bilen ýetiriler. Üzüm, injir, nar, alça ýaly agaçlar hasylynyň berekedini artdyryp başlar. Asla, ýaşaýyş hasyla durar.
Ýaşaýşyň hasyla duranyny gören paýhas wagtyň täze bir öwrüm edenligine düşünip, wagtyň tebigaty barada pikire çümer. Wagt şol bir mazmunly, üýtgemeýän hilli, hemişelik düzümli närse däl. Wagt – dünýäniň ýaşaýyş täri. Dünýä ýaşaýşy bolsa gaýtalanyp, aýlanyp duran dogulmak-ölmek, bar bolmak-ýogalmak gezekleşiginden ybarat. Wagt hili boýunça biri-birinden tapawutlanýan aýry-aýry döwürlerden ybarat. Bir döwür dogulýar, ösýär-örňeýär, netije görkezýär, soňam gaýyba gidýär, ornuna bolsa şu hiliräk aýlawy özüçe gaýtalaýan başga bir döwür gelýär. Wagtyň ýaşaýşy edil miweli daragtyňky pisint. Daragtyň ömründe üýtgewsiz ýeke-täk döwür, wagt ýok. Daragt wagtyň dürli ýaşlary, döwürleri bolan birnäçe pasly başdan geçirýär.
Eý, köňül!
Güýzden sapak al!
Güýz ýaly agras hem güýz ýaly hasylly bol!
Güýz gylykly bol!
Seret, güýz ne öwünmegi, ne-de özüni güjeňlemäni bilýär.
Ne özüne ünsi çekmek üçin, ýürekde ýok sözleri diline getirip, bokurdagyna bat berýär, ne-de içki boşlugyny gizlemek üçin, daşyna haýbat berýär.
Kimdir birine görünmek, kimdir birine ýaranmak üçin ne ýalandan şadyýan bolýar, ne-de galp sypaýylyk üçin öz-özüne duşman bolýar.
Güýz öz durmuşy bilen, özüne daşyndan bakýanlaryň öwgüsine maýyl bolup, ne ýalandan aglaýar, ne-de ýalandan gülýär.
Özüne daşyndan bakýanlaryň nazarynyň – aýnanyň öňünde durup, öz-özünden kelpeň lezzet alyp durmaga onuň wagty ýok. Onuň işi-aladasy bar, indiki ýaz üçin ýygnamaly alapasy bar.
Güýz ömür tanapyny boş şowhuna gyrdyrsa, geljekki ýazyň ne görki bar, ne-de görmegi.
Güýz däneleri öz kalbyna tenekar edip siňdirmese, ýazda ne pyntyk ýarylar, ne-de ot gögär.
Güýzüň gözelligi az sözläp, köp işleýänligindedir. Eýse onuň aladasy özüni görkezmek däl-de, özüne bezeg bermek däl-de, hasyl hem netije bermek.
Ol dil bilen däl, ýa bolmasa, al bilen däl, wada-söz bilen däl, oýnaklap duran göz bilen däl, hasyly bilen özüni ykrar etmeli.
Boş, bolmajak hyýallaryň salgym derýasynda gulaçlap, öz «men-menligini» söýgülemäge onuň wagty ýok. Güýz ömrüniň bereketli hasylyna heňňam garaşyp dur.
Ýaşaýşa ýaraşykly engamyna-nygmatlaryna mätäç wagt güýze ömrüniň umydy, geljeginiň gönezligi hökmünde seredýär.
Çünki ýaşaýşyň indiki hereketi güýzüň ynsabyna hem berekedine baglydyr. Diňe indiki bereket häzirki herekete däl, ýok, indiki hereket hem şu günki berekede baglydyr.
Güýzde gözellik bilen hasyl, göwün bilen döwlet bir ele jemlenýär. Pasyllaryň içinde bir elde iki garpyz tutup bilýänligi güýzüň artykmaçlygydyr.
Güýzüň nygmatlaryna bak!
Gün şuglasynyň durulygyny ak şirä, topragyň yzgaryny gara bala öwren akly-garaly üzümler, şapagyň alyndan, daňlagyň gülgünliginden ýaňak edinen akly-gyzylly almalar, ömür süýjüligi içine sygman, jismi ýaryk-ýaryk bolan enarlar-narlar, bägüllere öz ysyndan göwnüni geçirdýän waharmanlar – zamçalar, çymçyk göwün ýaly bulgurynyň toşabyny zordan saklaýan saryly-garaly injirler – güýzüň nary-da görnüp duran engamlar ahbetin.
Beýle artykmaçlyk diňe herekete berilmeýär. Bular göwni-kiçilik hem pespällik, päklik hem guýmagursaklyk bahasydyr.
Hereket Alla nazarynyň düşmedik ýerinde gury azapdyr. Allanyň nazary – dogrulyk we zehindir.
Hereket Şeýtan aldawynyň bar ýerinde şumlukdyr. Şeýtanyň aldawy – betpällik hem göriplikdir.
Güýzde arly ýylyň sogaby jemlenýär. Onda baharyň asylzadalygy, tomsuň janypkeşligi we gyşyň çirksizligi bar.
Güýz hem ekmegiň, hem ormagyň, hem ýygmagyň möwritidir.
Güýz hem hasylyň, hem umydyň pursadydyr.
Güýz hem biçüwiň, hem çözüwiň wagtydyr.
Güýz asudalygyň hem agraslygyň dil açýan, hasylly meýdanlaryň ýaşaýyşdan many açýan döwrüdir.
* * *
Güýz pasly kalbyň täze giňişligini açýar. Adam wagtyň başga pasyllarda görünmedik sypatlaryna göz ýetirýär. Güýz – dünýäniň başgaça duýulyşy. Wagtyň çäkleri üýtgeýär. Wagt öň mümkin bolmadyk, öňki çäklerden aňyrdaky haýsydyr bir uzaklyga uzap gidýär, öň mümkin bolmadyk, öňki derejelerden aňyrdaky haýsydyr bir çuňluga tarap çuňalyp gidýär. Ýaşaýyş gözýetimindäki täze alyslyk hem-de dünýäni duýuşdaky täze çuňluk kalbyň başga ruhy-ýaşaýyş ölçeglerini aňladýar. Adam barlygyň täze açylan serhetlerinde ýaşaýşyň asylky düýp manysy, barlyk hem ýokluk barada oýlanmaga werziş bolýar.
Güýz – çäk. Güýz – sepgit. Güýz – pelle. Wagt munda haýsydyr bir nokada ýetýär. Şu nokatda-da şuňa çenli geçilen belli bir aralyk jemlenmeli, netije, paýan, bet, wepa peýda bolmaly. Uly netijäniň, jismiň, wagt bilen hasaplaşygyň öňünde, garşysyny alyp duranlygynyň duýgusy kemala gelýär. Diýmek, güýz adamyň daşyndan onuň içine, kalbyna girýär.
Indi adam güýzde ýaşaman, eýse güýz adamda ýaşap başlaýar. Wagtyň güýz atly jäheti adamyň kalby bilen duýýar, adamyň jismi bilen ýaşaýar, adamyň dili bilen ýaşaýyş barada sözleýär. Adam bilen onuň garşysynda duran dünýäniň arasynda ötülmez serhediň ýoklugy, adamyň daşynyň içine, içiniň daşyna öwrülip bilýänligi barlygyň tebigylygyny hem-de ýoýulmanlygyny görkezýär. Ol adamyň dünýäde bigänelige, saýrylyga öwrülmänligine şaýatlyk edýär.
Güýzüň gudraty-da şundadyr. Adam wagta, wagtam adama öwrülip bilýär. Güýzüň kalby ýakynlygy, mähribanlygy, güýz duýgusynyň lezzetliligi şundandyr. Adam bilen dünýäniň arasyna şum näsazlyk düşmändir. Adam dünýäden ruhy taýdan aýrybaşgalaşmandyr. Adam öz ýaşaýyş meýdanyny aýrylamandyr, adam goşuny saýlap, haýsydyr bir özgelige, näbellilige geçip gitmändir. Ýaşaýyş onuň üçin manydan doly, janly barlyk bolmagyny bes edip, boşlukdan, mazasyzlykdan ybarat zada öwrülmändir. Adam özüni ýaşaýşyň içinde, barlygyň içinde duýýar. Adamyň ýaşaýyş tüýsi üýtgemändir, dirilik öwzaýy bozulmandyr, adam güýzden azmandyr, barlykdan azaşmandyr. Ol öz dörän, kemala gelen barlyk öýünden çykyp, ruhy öwzarsyzlyga ýüz urmandyr.
Şonuň üçinem güýze bolan gatnaşyk ynsanyň barlyk bile jisim we ruhy birliginiň ölçegidir. Güýzüň üýtgeşiklikleri öz yzy bilen adamy-da üýtgedýän bolsa, bu gowulykdyr. Howanyň salkynlygy adam bedenine-de aralaşýan bolsa, gijeleriň hem kölgeleriň uzalmagy adamyň duýgularyny-da uzaldýan bolsa, güýz ýapraklarynyň tylla öwüşgini adamyň kalbynyňam reňkine reňk berýän bolsa, bu gowulykdyr.
Adam güýze biperwaý bolsa, güýz ömrüniň hadysalary hem wakalary özüne degişli däl duýýan bolsa, özüni güýzden aradaşlykda duýýan bolsa, bu – erbetlikdir. Onda ol kalbynyň dirilik, diriligi hem ýaşaýşy syzmak, ýüreginiň ýaşaýyş bilen sözleşmek, düşünişmek, soraşmak, dirilik täsinliklerini we başdangeçirmelerini alyşmak, derdinişmek, paýlaşmak ukybyny ýitiripdir. Güýzde ýürek ýukalmaýan, duýgular inçelmeýän, syzgylar sozulmaýan, pikirler goýazylaşmaýan bolsa, gowulyk däldir. Onda adam ýaşaýşyň ýürek urgusyndan azaşypdyr. Gökde toýnuk gurup barýan durnalaryň sesi gulagyňa ilmeýän bolsa, sary ýapraklaryň güýz şemalyna peýmanasynyň dolýanlygy gözüňe ilmeýän bolsa, bu – gowulyk däldir. Güýzde ýüregi ýukalmaýan adamdan mertlige hem gaýrata garaşmaň!
* * *
Oglankak, ýatlap otursam, güýze has ýakyn durupdyrys. Ýaldyragyň ýangyny geçip, tomsuň örküji hol yzda galansoňam daşardaky tapçanda ýatardym. Şonda beýlekiler ýatansoňam, asmana bakyp, ýyldyzlary synlamagy gowy görerdim. Göwnüňe bolmasa, güýz çigregi degip, ýyldyzlaram üşeýän ýalydylar. Olaryň ýagtysy adatdakysyndan has ýitidi. Gyşyň öň ýany, bulutly gijeler gelip, köp wagtlap, adamlaryň gözünden ýitmeli boljagyny bilýän ýaly, ýyldyzlar özünde bar ähli nury üýtgeşik hyjuw hem güýç bilen eçilýärdi. Olaryň bize bolan ýakynlaşmak yhlasy we islegi şeýle bir güýçlüdi welin, edil damja-damja bolup, ýere gaçaýsam diýýärdiler. Erkinde bolsa, golaý-golaý gelip, ýüzüňe seredip-seredip gidäýesleri gelýän ýalydy. Şeýle ýyldyzly güýz gijeleri men ilkinji gezek asmanyň juda uludygyna, Ýeriň bolsa biziň çakymyzdan has kiçidigine göz ýetiripdim. Ýeriň ululygy adamyň ululygyna deň. Ýer adamdan ne uly, ne-de kiçi.
Ýadyma düşýär, güýz günleriniň birinde derýa ýakasynda gawun eken goňşymyza kömekleşmek üçin, irden onuň gawunçylygyna bardym. Görsem, ýaşuly haýsydyr bir jandar tarapyndan parçalanan iki-üç sany gawuny dograşdyryp oturan eken. Men olary görüp, ýaşula duýgudaşlyk bildirmek maksady bilen:
– Bä-ä, gawun-garpyzyň ýagysy köp-ow – diýdim.
Ýaşuly «düşünmedim» diýen manyda ýüzüme seretdi.
Men:
– Aý, tilki diýdi, kirpi diýdi, şagal diýdi, iş-ä bolýandyr – diýdim.
Gürrüňdeşim ýylgyrdy.
– Ogul, gawun-garpyzyň bikär adam bilen eýesiz maldan başga ýagysy bolmaz. Seniň o diýýän janawarlaryň bolsa, ogrulyga däl-de, öz ryzkyny almaga gelýär.
Men düşünmedim. Düşünmeýänligimi bada-bat duýan ýaşuly gepine salym bermän, dowam etdi:
– Adam pahyr alanyny toprakdan alýar. Topragyň bolsa adamdan başga-da eklemelisi bardyr. Adamyň önüminde – ol ekin bolsun, ol mal bolsun – külli jandaryň hem haky bardyr. Atam pahyr çopandy. Onuň başyndan geçen zady gürrüň bereýin. Bir gezek öte sowuk hem gazap gelen gyşda, möjek çozup, sürüsini weýran edäýmezmi. Şondan soň ol obamyzda ýaşaýan, adamlaryň gaty bir halamaýan bir mollasyndan bir nekgendäniň maslahaty bilen doga alypdyr. Ol möjege garşy doga bolmaly. Eýse şondan soň, goýnuna möjek agyz ursa nädersiň. Gelip-gelip, süriň daşyndan aýlanyp, zut gidiberýär diýýär. Ýöne şondan soň atamyň maly örňemändir. Kesel degýämi ýa başga bir belamy, garaz, derekli maly bolmandyr.
Sebäbi nämedir öýdýärsiň?! Sebäbi adamzadyň malynda şol möjekleriňem biraz ryzky bar. Şol ryzk malyň berkediniň gatanjy. Doga-tumar bilen onuň öňüni baglasaň, ol jandarlaryňam çagasy – beýlekisi bar – şolaryň gargyşyna galýarsyň. Olaram eýesiz däl. Biziň Eýämiz olara-da eýelik edýär. Onsoňam möjekler sürüden gowusyny däl-de, agsak-togsagyny alýan ekenler, şeýdibem süriniň mallarynyň sagat bolmagyny gazanýan ekenler. Bu tebigatyň hikmeti.
Şu pursatda men goňşymyzyň ýüzüniň üýtgeşik nuranalygynyň, mährem agraslygynyň, ýaşaýşyndaky, bolşundaky, hereketlerindäki özüme öň geň görnen birtopar zatlaryň sebäbine düşünip galdym. Öýüne ýa çatmasyna guş-gumry, towuk-beýleki girse-de, onuň piňine däldi, görmeýän ýalydy. Ekininde ýylan görünse-de, üns bermezdi: «Ekiniň eýesidir, öz güni bilendir, degmäň» diýerdi. Bäş wagtyna sypdyrman okaýan namazy üçin ýörite ýer diýip ýörmän, meýdan bolsun, ekin bolsun – arassa ýer tapsa, okabererdi.
Onuň aýdan sözleri häzirem gulagymda ýaňlanyp dur: «Dili, akyly bolmanda näme, olaram Eýesiz däl ahyryn».
* * *
Hawa, güýzüň nepagatyna hem-de hasylyna hemmeler şärik. Güýzüň hasylynda barçanyň – ýeriňem, adamzadyňam, haýwanatyňam paýy bar.
Ýeriň güýz paýy – mähir, dynçlyk hem-de ünsdür.
Haýwanatyň güýz paýy – rysgaldyr.
Adamzadyň güýz paýy – rysgal-döwlet hem-de güýzden ybrat almakdyr. Adamzat güýzden ybrat alyp, hasylly bolmaly, hasylly ýaşamagy öwrenmelidir. Edil güýz ýaly, adamzadyň paýhasy hasylly, göwni hasylly hem-de ömri hasylly bolmalydyr.
Paýhasyň hasyly – ýaşaýşyň sazlaşygyna akyl ýetirmek hem-de ol sazlaşygy bozman, oňa laýyklykda ýaşamakdyr. Ýaşaýşa akyl ýetirmek bolsa barlyga we wagta düşünmekdir. Çünki wagt barlygy bar edýändir, onuň ömrüdir. Ýaşaýyş sazlaşygy wagtyň birsydyrgyn akymyndan, şol akymyň içindäki barlygyň deňagramlylygyndan, imisalalygyndan emele gelýär. Sazlaşygy bozmazlygyň esasy şerti-de wagta görä, wagta laýyk ýaşamakdyr. Wagtdan yza galmak, wagty yzyna serpikdirjek bolmak, wagty boýun egdirjek bolmak, wagtdan ozup geçjek bolmak sazlaşygy bozar, munuň netijesi bolsa adamzadyň jyns hökmündäki azmaklygyna we ahlak dirileriniň opurylmagyna getirer.
Wagtyň tebigy hereketi barça oňatlyklaryň şertidir. Güýz güýz ýerinde, gyş gyş ýerinde, ýaz we tomus hem öz ornunda hem wagtynda bolsa ýagşy. Tomsuň ortarasynda gyş gelse, ýazyň güýze meňzäp barsa, nähili ýakymsyz hem betgörk bolýar.
Gyş ýa-da tomus bolmalysyndan köpe çekse, nähili ynjy hem närahatlyk döredýär.
Edil şonuň ýaly, ýaşlyk hem garrylyk öz wagtynda hem öz ornunda bolmaly. Juwan garra, garry gögelä meňzese, hiç kimiň gözüne yssy görünmez. Garrylyk hem kämillik öz ornunda we wagtynda gözeldir. Ýaşkaň, garrap dogan ýaly bolma, garranyňdan soň, ýaş boljak bolma. Beýtmek, wagta garşy gitmekdir. Her ýaşyň öz paýhasy, öz ahlagy – hulky, öz – gadaganlyklary bardyr. Wagt dünýäniň hökümdarydyr, ony oňa laýyk bolup ýeňip bolar.
Ýaşaýşyň berekedi hadysalaryň wagtly-wagtyndalygyndadyr. Her paslyň, her döwrüň Allatagala tarapyn kesgitlenen ýaşaýşy paýhasalaýykdyr. Gyşyň manysy hem bezegi – gar, baharyňky – ýagmyr, tomsuňky – nur, güýzüňki bolsa ýagyş hem hasyldyr. Gijäň gözelli Aý hem ýyldyzlar, gündiziňki Gün hem bulutlardyr. Bu tertip bozulsa, gowulyga ýorup bolmaz. Tomus düşen gardan, gyş gelen yssydan ne peýda bar, ne-de hözir.
Bir mahal bir ýurduň adamlary Allany unudyp, azgyn bolupdyrlar. Azgynlar, erbetler köpelip, ýagşylar azlykda bolupdyr. Onsoň ýerden bereket göterilip, gurakçylyk düşüpdir. Asmandan nem damman, hasyl bolman, mal-gara azalypdyr. Şonda bu tozan ýurtda azlyk bolup galan adamlar, Hudaýa nalyş edip, ýagyş-ýagmyr diläpdirler. Allatagala olaryň nalyşyny eşidipdir, ýöne perişdelerine tabşyryk beripdir: «Adamlaryň dilegini bitiriň, emma ýurduna bereket bermäň!» Perişdeler ýazy geçirip, otly tomusda, güýzi geçiribem gurak gyşda ýagyş-ýagmyr ýagdyrypdyrlar. Biwagt berlensoň, bu ýagyş-ýagmyryň topraga haýry az bolupdyr.
Päl azsa. Hudaý nalyşyň eşider, ýöne kabul etmez.
Wagtyň ýaşaýyş tertibiniň bozulmagyndan Allanyň özi saklasyn! Tebigatda-da, durmuşda-da, adamda-da islendik biwagt bolýan zat bozulmakdan, bozuklykdan, azmakdan, azaşmakdan alamatdyr.
Paýhas hasyly – wagty boş, bihuda geçirmeli däldigine akyl ýetirmekdir. Kämahal bikär oturan ýa-da gerekmejek oýnamy-pişämi güýmenýän adamlaryň üstünden baryp: «Näme edýäňiz?» diýip sorasaň, «Wagty öldürýäris» diýýärler. Wagt şeýle bir zat, ony adam döredibem, öldüribem bilmeýär. Boş geçirilen wagt adamy öldürýär. Berilmeli nygmat berlenok, alynmaly hasyl alnanok.
Ýaşaýşyň tagamy we manysy wagta baglydyr.
Herki zady wagtynda, paslynda, pursadynda, müddetinde, möwsüminde hem möwritinde etmeseň, onuň mazasy-da bolmaz, garaşan netijäňe-de ýüzüň düşmez.
Akyp duran wagt bitewüdir, ýöne bu bitewüligiň içinde hil tapawutlary bardyr. Wagtyň hemmesi bir wagt däldir, çünki wagtyň özi öz-özünden döränok, ol barlygyň ýaşaýjylary bolan Asmanyň hem Zeminiň hereketinden döreýär. Bular bolsa şol bir boluşlyk däl-de, hemişe üýtgeşmelikdir.
Läleler baharda gözeldir. Ýöne başga pasyllarda-da ýörite şertlerde läle alyp bolar, emma bahar lälesi bilen onuň «Taňrysy-da bir däldir».
Ýörite şertlerde pomidor-hyýar-da alyp bolar. Emma Günüň nurundan iýmitlenen hasyl bilen olaryň «Topragy-da bir däldir».
Towşan etini tomsuň örküjinde-de iýip bolar. Emma bu etiň tagamy hiç mahal güýz çigregini gören towşanyň etiniň tagamy bilen deňleşip bilmez.
Tagamy hem manyny wagt kesgitleýär.
Bu hakykat paýhasyň wagt babatynda özleşdirmeli iň beýik hakykatydyr. Paýhas hut şuňa eýerip, barça zada, şol sanda wagtyň bir jäheti bolan ömre-de dogry baha bermelidir.
Külli wagt sekuntlardan, minutlardan, sagatlardan duranam bolsa, ähli pasyllaryň, möwsümleriň, döwürleriň hili bir däldir.
Ömür wagt hökmünde bitewüdir, emma onuň ynsanyň beden hem ruhy ölüşiniň dürli-dürli wagtlary bolan döwürleri hem pursatlary hil taýdan başga-başgadyr.
Çagalygyň wagty başgadyr – şonuň üçinem bu döwürde etmeli işleri diňe şunda edip bolar. Bu döwür geçensoň, ýetişmedik bolsaňam, çagalygyň işini edip bilmersiň.
Ýigitlik wagty başgadyr – onda çagalykda etmeli işi etseňem, hiç hili hasyly bolmaz. Ýaz çykmanka, gyşyna garpyz eken ýalydyr. Ýa-da güýzüne pagta eken ýalydyr.
Orta ýaş wagty-da başgadyr – onda ýigitligiň wezipesini bitirip bolmaz. Çünki ýigitlik wagty geçdi, çünki adamyň bedeni we ruhy ýigitlikden ötdi, bu beden hem ruhy meýdanda ýigitlik ekinini ekip, aljak hasylyň bolmaz.
Her ýaşyň öz edilmeli işleri, okalmaly kitaplary, oýlanylmaly pikirleri, ulaşmaly aladalary, syzylmaly duýgulary bar. Ekişiň öz pasly, hasylyň öz pasly, däne sepmegiň öz möwriti, orak ormagyň öz möhleti bar.
Çagalykdaky pursat bilen garrylykdaky pursadyň mukdary deňem bolsa, hili başgadyr. Çünki biz wagtyň gapdalynda däl-de, içinde ýaşaýarys. Wagt hem biziň diňe daşymyzda däl, içimizde-de ýaşaýar. Ol biziň beden hem ruhy mazmunymyzy üýtgedip-özgerdip dur. Şonuň üçin onuň öz mazmuny-da özgerip durýar.
Pursady elden bermän ýaşa!
Pursady elden bermän işle!
Pursady elden bermän ömür sür!
Çünki giden pursadyň ýerine geleni bütinleý başga bir zatdyr. Sebäbi bir pursat beýlekisi bilen çalyşýança, seniň özüň eýýäm öňkiňden başga bir barlyga öwrülýärsiň.
Ömrüňden hasyl aljak bolsaň, wagty gözden salma! Seniň öz ömrüňde esasy iş salyşýanyň wagt ahyryn! Bedeniň ýetmiş bäş göterimi suw, ömrüň bolsa ýüz göterimi wagt dälmi, näme?!
Gijeki işiňi gündiz, gündizkiňi – gije edip bolmaz. Agşam iýjegiňi ertir, ertir iýmeliňi agşam iýip bolmaz. Eýse wagt bitewi bolsa-da, onuň pursatlarynyň we bölekleriniň hili başgadyr.
Wagt tutuşlygyna şol bir zat bolsady, onda ýaşlyk hem garrylyk ertir hem agşam, ýaz hem gyş bolmazdy.
Wagta esewan bolup ýaşa!
Çünki dünýäde wagt höküm sürýändir.
Wagtdan ägä bolup ýaşa!
Çünki ol balykdanam sypjykdyr.
Wagtdan habardar bolup ýaşa!
Çünki onuň boş geçdigi – ömrüň boş geçdigidir.
Wagtdan seresap bolup ýaşa!
Çünki wagtyň hasylyny alman ýaşamak – ölüme taýýarlyksyz barmakdyr.
Wagty gözden salman ýaşa!
Sähel ünsden düşürdigiň – wagt ömrüňe agyz salmak bilendir.
Wagtdan ätiýaçly bolup ýaşa!
Bir gün görseň, ol ogurlap, gözleriň nuruny azaldandyr. Bir gün görseň, ol depäň saçyny azaldandyr. Bir gün görseň, ol derek kamatyňy ogurlandyr. Bir gün görseň...
Wagta garşydaş bolma, onuň bilen hyzmatdaş hem aýakdaş bol, emma pikirdeş hem ýürekdeş bolma! Çünki wagtda hyzmatam bar, aýak hem bar, ýöne pikir we ýürek ýokdur.
Wagtdan ozjak bolmak akmaklykdyr, wagtdan yza galmak nalajedeýinlikdir.
Wagt gutarmaz, ömür gutarar, wagt gutarmaz, zähmet gutarar.
Wagtdan gaçma, ol nirä barsaň, öňüňdedir. Wagty wagtyň emr edip bilmeýän zatlaryny döredip ýeň!
Özüňde köp wagty duýýan bolsaň, bu seniň entek adam hetdine ýetmedigiňdir. Wagtyň ugruna gidip, özüňde wagt ýetmeýänini duýýan bolsaň, bu seniň betbagt adamlygyňdyr. Wagtyň garşysynda durup, döretmek işinde wagtyň özüňe ýetmeýändigini duýsaň, bu seniň hakyky adamlygyňdyr.
Wagt seniň eliňde-de däldir, öňüňde ýa yzyňda, sagyňda ýa soluňda-da däldir. Ol seniň içiňdedir, bikär hem bihuda bolsaň, ol seni içiňden ýykyp ýaşaýandyr.
Ýaşaýşyň hemişe gyşdan, ýazdan, tomusdan hem-de güýzden ybarat bolsun. Gyş – her bir täze döretmek, gurmak işiniň binýady, ýaz – onuň başlangyjy, tomus onuň dowamy, güýz bolsa onuň hasyly, netijesi bolsun.
Wagt hemişe az ýaly, ýöne şonda-da ol gutaranok. Ömür hemişe köp ýaly, ýöne ol derrew gutarýar.
Paýhasyň hasyly hem-de eliň hünäri wagtyň üstünden gazanylan ýeňiş ýadygärligidir.
Wagt dirikäň, seniň bilen ýaşaýyş bolup baryş-geliş eder, bir günem üstüňe ajal bolup geler.
Dirikäň, baryşmaga-gelişmäge, alyşmaga-çalyşmaga wagta beren zadyň ýagşy, ölen günüň, galmagalyň üstünde wagtdan alyp bilen zatlaryň ýagşy.
Wagt jismiňe dogan, ruhuňa bolsa nämähremdir.
Paýhasyň güýz ýaly hasylly bolsun!
Göwnüň güýz ýaly hasylly bolsun!
Ömrüň güýz ýaly hasylly bolsun!
Ömrüň hasyllylygy ölümiň awusyny öçürýär, ony biçärä öwürýär.
* * *
Güýzüň ýürekde döredýän duýgulary güýz nygmatlarynyň hataryndadyr. Güýzän göwün güýz daragtynyň miweden, güýz gijesiniň ýyldyzdan, güýz ekininiň hasyldan doluşy ýaly, duýgulardan doly bolýar. Duýgular süýjüliginden ýarylaýsam diýýär. Duýgular diriliginden ýaňa, göwünden düşüp, ýaşaýşyň goýnuna siňäýsem diýýär.
Bu duýgularda güýz reňkleriniň gyzgynlygy we goýazylygy bar. Olar müddeti dolan sary ýapraklar ýaly, göwünden dile gelip, dildenem bakylyga tänäýsem diýýärler.
Göwün agajynyň ýapraklary güýze çenli durmuş Güneşiniň ýiti şöhlelerinden, aýyn bolmasa, göwün gözüni kör edäýjek şöhlelerinden ömür topragyny gorap geldi. Ýaldyrak ýaldyrap, heňňamyň salkynlyga tarap öwrüm eden ilkinji günlerinde-de olar entek öňküsi ýaly ýaşyl hem terdiler. Ýöne bar zat gijeleriň kem-kemden deminiň sowaşyp ugramagyndan başlandy. Ýapraklar bu salkyn deme üşäp ugradylar. Güýzüň öňünden soňy has ýakyna gelende bolsa, ýagyşly hem şemally gijeleriň birinde olary sowuk kakdy. Şondan hem duýgular paýhas sulhunyň öňünde başga tagam, ýagny paýhas nazarynyň öňünden başga reňk alyp ugradylar. Ilki täze şapak ýaly, gözýetimden aňyrda ýaşynan Günüň gökdäki ýuka bulutlary düşýän şöhleleri ýaly gyp-gyzyl boldular. Olar läläniň tellerini ýatladýanlygy bilen ýuka gussa batyrýardy. Soňam, öňküsinden mejbury uzaldylýan ýaly, gijäniň göwni sowadygyça, tylla reňke geçdiler. Ýöne tylla hemişelik berlen reňk bolmasa, wagtlaýynlykdan ne peýda! Salkynlykdan çigrege, çigrekden sowuklyga, sowuklykdanam aýaza geçen gije demi bir gezegem olary alaga-da ap-ak edip, ýere taşlady. Ýapraklaram jany gidende, adam ýüzi ýaly, ap-ak hem-de sowuk bolýan eken. Olar edil jeset ýaly, daşyndan baksaň, biçäre hem garawsyz görünýärler. Kämahal ýaşaýşyň hem ölümiň üstünden öwüsýän çygly şemala galdyrap hem titräp gidýärler. Eger ruhy bar bolsa, megerem, türpelikde ýazyň mylaýym şemalyna ýelpeselenişlerini ýatlaýandyrlar.
Ýöne, ine, ölümiň sowuklygynamy ýa sowugyň ölüm ýalylygynamy – çydaman, asman gözýaş döküp başlady. Ýagşyň astynda galan gan-petsiz, sary ýapraklar suw bilen guma garylyp gitdiler. Belki, indiki ýaza çenli çüýräp, topraga garylyp ýetişerler. Belki, Hudaý!
Men bu biçäreden bagtly, owadan bedeni barha ýalaňaçlanyp barýan agajyň öňünde köp durupdyryn. Köp diýýänimiň sebäbi – soňabaka men agaçmy ýa agaç menmi bilip bolmaýan derejedäki ahwalata düşüpdirin. Aramyzdaky serhet, tapawut duýgusy ýitip gidipdir. Duýgularym şol ýapraklar bolup duýlupdyr, ýapraklaram duýgularym bolup görnüpdir. Daragt bilen ornuňy çalyşmak, özüňi agaç hökmünde duýmak adama ruhy sagdynlyk üçin zerur hem elýeterli zat. Adam adaty ýaşaýşynda aýaklary bilen toprakdan üzülip-üzülip gidýär. Ýerden ökjesini üzýär. Daragt bolsa ömürlik topragyň süňňüne baglanyp otyr. Şonuň üçinem ol asman bilen deminiň bitewüligini has oňat duýýar. Ol ýaşaýşyň nämedigini öz süňňünden geçirip bilýär. Ol ölümi-de aýak üstünde garşy alýar. Ajal ony diriligine ýykyp bilenok. Ony öldürip, soň ýykýar. Eýse, şu halatda ajalyň bolşy ejizlik dälmi näme?!
Meniň agaja biçäreden bagtly diýmegimiň öz sebäbi bar. Daragt üçin güýz ölüm däl. Daragt güýzde doly däl-de, biraz, ömürlik däl-de, wagtlaýyn ölýär. Adamzat şu hakykaty görüp, kemsinme duýgusyny başdan geçiripdir. Güýz «ölüp galan» agaçlar ýazda ýene direlýär. Tomus ölüp giden otlar, gülälekler baharda ýene direlýär.
Adamzadyňam şolar ýaly doly däl-de, azajyk, tutuşlygyna däl-de, ýarym-ýalta ölesi gelipdir. Çünki bu ölümi däl-de, bakylygy aňladýar.
Güýz wagtlaýyn ölümi, has dogrusy, ölümiň wagtlaýynlygyny görkezýär.
Güýz bize gaýtgynsyz, gutarnykly, doly ölümi bir zadyň – ömür hasylynyň üsti bilen ýeňip bolýanlygyny görkezýär.
Hasyl hem nygmat – ine, adamzat üçin ölümi ahyrky petige däl-de, köprä öwürýän närseler.
* * *
Eýa, Biribar!
Wagt atynyň boýnuna tanap atyp, güýz atly nygmat pellehanasyna getireniň üçin
Saňa hamd-u-senalar bolsun!
Bereketli, naz-u-nygmatly, paýhasdan hem duýgudan serpaý-sowatly güýzi ýaradanyň üçin
Saňa hamd-u-senalar bolsun!
Paýhasymda güýz sapagyna, göwnümde güýz gözelligine ýer edeniň üçin
Saňa hamd-u-senalar bolsun!
Ýazdanam güýzi görüp, öňünde soňuny görüp, bakylykdan umydygär edeniň üçin
Saňa hamd-u-senalar bolsun!
Rahymlygyň bilen hem Rahmanlygyň bilen hasyl öňünde ajaly gulagyna urlan har edeniň üçin
Saňa hamd-u-senalar bolsun!
Eýa, Ýaradan!
Gök asman gümmezi göterilip, ýokaryk gara bulutdan gara petige öwrülende,
Ýorunjalaryň ýaňagyndan bulut gözýaşlary syryganda,
Güýz geçmişden umydyn üzüp, gyş bilen höwrügende,
Suwotularyň gök başy gülgün dürlere öwrülende,
Bir adam ogluna rowa gören iki golumy galdyryp Saňa mynajat okaýan:
Uzak gijeler hakyna,
Gyzyk gündizler hakyna,
Ýyly güneýler hakyna,
Salkyn güzeýler hakyna,
Derýa-çaýlar hakyna,
Gerçek günler,
Gerçek aýlar hakyna,
Ömrümiň güýzüni sahawatly hem bereketli et!
Osman ÖDE.
Filosofiýa