16:10 Orunbasar | |
ORUNBASAR
Goşgular
Illeñki dek, oñam dünýä gelende, Familiýasy bardy, ady-da bardy. Dünýä bilen hoşlaşmaly bolanda, Oñ galdyran ady "Orunbasardy". Otuz ýyl ýaşady täze at bilen, Täze arzuw bilen ätdi ädimin. Emma otuz ýyllap çykarmady ol, Çal çäkmenin hem-de brezent ädigin. Ýer bilen gürleşdi, gürleşdi mydam, Açdy heniz açylmadyk syrlary. Ondan tälim alyp, alkyş okady Obanyñ onlarça brigadirleri. Galstukly, şlýapaly başlygam Onuñ bilen jedelleşdi, gürleşdi. Kä haýbat atsa-da, Gaşyn çytsa-da, Täze ätjek ädimine garaşdy. Oñ täze ädimi şöhrat getirdi Käte brigadire, käte başlyga. (Öwünmäge, öwdürmäge ökdeleñ, Il içinde meşhur bolşy başga-la). Ömründe bir sapar ady agzalan Makalanam görmedi ol gazetde. (Öwünmäge, öwdürmäge özüni Tapardy islese wagtam, elbetde). Ýöne o zatlara mätäç däldi ol, Özi hakda dymýan bir belent dagdy. Obanyñ alkyşlap dakan şol ady Onuñ üçin ýalñyz, beýik sylagdy. Hawa, illeñki dek dünýä gelende, Oñam familiýasy hem ady bardy. Dünýä bilen hoşlaşmaly bolanda, Oñ galdyran ady "Orunbasardy". Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sensiz ýola girir isem... / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Tumar / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |