20:00 Öz-özüm | |
ÖZ-ÖZÜM
Hossa bolsa gussa her hal her ýanda, Öz böwrümi özüm gyjyklaýan men. Sähel sebäp tapsam, ylgap barýan-da, Öz-özümi garsa gujaklaýan men. Hol görünýän daglar meniň armanym, Düýnler — salgym, olar yza çagyrýar. Gorky diýip hasaplamaň barmanym, Gitsem, geljegime nebsim agyrýar... Ak alkym säherleň sowuklaç mähri Içimden ýylylyk gözleýän ýaly. Gije düşse, gündiz syrlaşan şährim Menden bir zatlary gizleýän ýaly. Ýadyrgaýan ýat öýdäki çaga dek, Göwün kemençämi syhap oturýan. Gussa erkim alsa, özüm çagyryp, Öz başymy özüm sypap oturýan. Men — gözýaş dünýäniň didelerinde, Bir gün togalansam, syryksam, diňsem... Bildim, ýiterin müň ideseler-de, Ýitmerin, öz-özüm ýitirmän bilsem... 11.03.2017 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Sendedir sende / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||