PIL HEKAÝATY
Pil gidip barýarka söküp sährany,
Ol alňasap tas ýarjakdy zähräni.
Howatyr eýleýip onuň bolşundan,
Haýwanlar pytraşan degre-daşyndan.
“Nämeden gorkduka, ol ullakan Pil?”
Şir Syrtlana iýen: “Bar, sen git-de bil!”
Haýwanlara haýbat bilen azgyrlan:
“Gülkiňizi bes ediň, eý, azgynlar!
Bu bolşuňyz gaty erbet, gelşiksiz,
Näme gazanýaňyz oňa gülşüp siz?!.”
Haýwanlaryň gülki sesi kesildi,
Sebäp Şiriň durşy gaty ýeserdi.
Syrtlan derrew alyp geldi ol Pili,
Şu wagtam saňyldap durdy görgüli.
Şir ondan sorapdyr: “Ne beýle gorkduň?
Äpet göwräň bilen nämeden ürkdüň?
Balkyldadyp durma-da sen gözüňi,
Bir azyrak dürsesene özüňi!
Saňa ne döw çaldy, hergiz bilmedik,
Töwerekde gorkara zat görmedik.”
Pil gorkudan alňasapdyr, haslapdyr,
Biraz özün dürsäp söze başlapdyr.
“Hininden daşyna çykanda Syçan,
Durkumdan mejalym-gurbatyn gaçar.
Ol hininden jyklap dursa haçan-da,
Gaty erbet gorkýaryn men Syçandan...”
Diýende, haýwanlar gülşüpdir ýene,
Diýipdirler: “Gorkýan zadyn görsene.”
Şir diýipdir: “Syçan näme, Pil näme?!.
Ol mynjyrar seniň ýeke penjäňe!”
Garaz hersi bir zat diýip gülüpdir,
Pilem ýüzün aşak salyp durupdyr.
Haýwanlar gülkiniň hezlin görensoň,
Şir ýene ýaňsylan: “Aýdyber, onsoň?!.”
Pil ýaýkapdyr tamdyr ýaly kellesin,
Diýipdir: “Bilip goý, eger bilmeseň!
Bildirmän, duýdansyz işiň görerler,
Deşikde, jaýrykda buklup ýorenler!
Soň peýdasyz bolar eden puşmanyň,
Eger Syçan bolsa-da seň duşmanyň.”
Azymberdi KAKAÝEW.
Goşgular