RAHATLYK GUŞY
Yhlas eýwana çykanda, düýnki gargalaryň ýene-de üzümli teläriň hemişeki pudagyna gelip gonandygyny gördi. Ol bu gezek öňküleri ýaly olara elini bulaýlap, haý-küş etjegem bolup durmady, sesini-üýnüni çykarman, olaryň hereketlerini synlamaga durdy. Olary tutmaga, eldekileşdirmäge hyýal etdi. Atasynyň düýnki tabşyryklary welin şo dem ýadyna düşdi. ”Teläre guş-gumryň gonanyny gördügiň, eliňe kesek alyp kowgun, ýogsam guşlaryň üzüm bişip-bişmänkä, ony zer-zaýa edip taşlaýmalary bardyr” diýipdi. Şonda Yhlas hem: “Çigligine iýip bilýän bolsalar, goý, iýsinler. Şolaň iýenleri bilen üzümimiz tükenýämi? Onsoňam bular guş-gumry däl, garga ahyryn” diýip içini gepletdi.
Ylla ataly-ogluň arasynda bolan bu gürrüňlerden habarly ýaly, şo gezek gargalar-da özlerini arkaýyn alyp bardylar. “Wak”, “wak” edişip, çem gelen hoşany çokmaga durdular. Oňa derek togsan ýaşy arka atan Ogulnur mamasy teläriň aşagynda düşelen keçede oturan ýerinden “Balam, göreňokmy, guşlar ýene çozdular” diýip gygyrdy. Soňam hasasy bilen köne bedräni taňňyrdatmaga durdy.
Bir günem kakasy oňa birnäçe kepderi getirdi.”Yhlas, seniň guşlary gowy görýäniňi bilýän. Ine, saňa bäş jübüt kepderi. Ketegini tamyň üstünde oturdyp bereýin. Olara esewan bolup ýörseň, köpeler gider” diýip tabşyrdy.
Yhlasyň keýpi kökeldi. Ol indi goňşulary Şadyýanyň kepderleriniň al-asmanda edýän her günki täsin hereketlerine tomaşa etmäge wagtyny sarp etmez. Öz kepderleriniň täsin oýunlaryna synlap hezil eder. Olar alyslara uçup, aram-aram gözden gaýyp gitseler-de, ýene-de höwürtgelerine gaýdyp gelerdiler. Şuňa welin hijem akyl ýetirip bilmezdi.
Ol başga-da bir zada haýran galardy. Onuň kepderileri hem goňşularynyň kepderleri ýaly teläre gonup üzüm çokmazdylar, gargalar ýaly üljeli baglara çozmazdylar.
Kakasynyň getiren akja kepderleriniň arasynda çalymtyl, gögümtil reňklileri-de bardy. Olary her gün ir bilen iýmlände ýakyndan synlardy. Kepderiler ýadyrgamadylar, olar Yhlas bilen basym öwrenişdiler. Yhlasyň ir bilen daşary çykdygy bes, pel-pelläp uçup, onuň golaýyna gelip gonardylar. “Jürk”-jürk” edişibem onuň ýere sepen iýimlerini çokmak üçin biri-birinden ozuşardylar.
Kepderiler wagt geçdigiçe köpelmek bilen boldular. Indi olaryň sany otuzdanam agypdy. Bir gezek mekdebiň “Soňky jaň” dabarasynda gutardyş synp okuwçylary ondan kepderi sorap geldiler. Bermegine-hä berdem welin, dogrusy, Yhlas kepderileriniň azalanyna, olardan müdimilik aýra düşýänine gynanmanam durmandy. Ýöne onuň gynanjy uzaga çekmedi. Mekdep okuwçylarynyň asmana uçuran kepderileri giç öýlänler ýene-de öz höwürtgelerine gaýdyp geldiler. Yhlasyň şondaky begenäýşini.
Başga bir günem öz kepderlerini iýmläp durka, olaryň arasynda Şadyýanyň kepderilerini gördi. Olar azaşandyr öýdüp ylgap diýen ýaly Şadyýana habar berip geldi. Şadyýan welin muňa geňirgenmedem. Gaýta:
--Yhlas, bu kepderileriň azaşdyklary däl, guşlar hem adamlar ýaly birek-birek bilen dostlaşýarlar. Seniň kepderleriň hem köplenç biziňkiler bilen bile uçuşyp ýör! -- diýdi.
Yhlas şo mahal sesini çykarmasa-da, Şadyýanyň bu pikiri bilen ylalaşmandy. Agşam atasy öňüne çaý alanda, Yhlas bu barada atasyndan sorady:
--Ata, dostum Şadyýanyň pikiriçe, hamala, guşlar hem adamlar ýaly dostlaşyp bilýämişinler. Şol dogrumy? Heý-de, guşlaram dostlaşyp bilermi diýsene?! Olar adam däl-ä?!
-- Dostuň Şadyýan mamla, oglum. Ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlaram birek-birek bilen dostlaşyp, düşünişüp ýaşaýarlar. Dostluk agzibirligi üpjün edýändir. Guşlar hem öz dillerinde gürleşýärler ahyryn. Durmuşyň manysy, tebigatyň kanuny şeýle, oglum. Ýogsa-da, sen haýsy guş barada soradyň?
--Kepderiler-laý.
--Hä, gürrüň kepderiler barada diýsene. Kepderiler päkligiň, asudalygyň, rahatlygyň guşudyr. Olar pes päl, kiçi göwünli, ynsana ýakyn, peýwagtyna uçuşyp ýören erkin guşlardyr. Şonuň üçinem adamlar kepderileri irki döwürlerden başlap towukdan soňky eldekileşdiren guşlarynyň biridir. Onsoňam, ähli guşlar ýaly kepderileriň hem topar gurap ýaşamak häsiýeti bardyr. Bu ähli janly-jandar barada-da şeýledir. Bal arysy diýermiň, garynjalar diýermiň, olaryň ählisi hem edil guş-gumrular ýaly mesgen tutan ýerlerinde ýüzlerçe, hatda müňlerçe bolup, birek-birek bilen özara gatylyp-garylyp, toparlanyşyp ýaşamaga uýgunlaşandyrlar. Indi düşündiňmi, balam?
--Hawa, düşündim, ata!
--Düşünen bolsaň, oglum, bar indi ýeriňe geçip ýat! Gijäň rahat bolsun!
--Siziňem gijäňiz rahat bolsun, ata! Eje, kaka, siziňem gijäňiz rahat bolsun!
Soltan eje akyllyja agtyjagynyň başyny sypap oturşyna:
-- Senem sag-aman ýatyp tur, balam!—diýdi.
Yhlas atasyndan eşiden bu günki gyzykly gürrüňlerini ertiriň özünde synpdaş oglanlaryna gürrüň bermegi ýüregine düwdi. Ol basym uka gitdi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty