19:53 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Eşdenňe, görenňe pikir ýöret sen, Il-gün üçin gowulyklar döret sen. Tertip bar ýerinde owadanlyk bar, Arçalaryň şahalarna seret sen. * * * Ýaz geldi, oň täze halysyn görüň, Oňa ganat açyp göterler seriň. Çeşme-çaýlar akýar sährama tarap, Daga ýagan ýagyş rysgaly ýeriň. * * * Bu durmuşda aňy durmaly durlap, Kä belende, käte uçmaly ýerläp. Toprak seniň maksadyňa düşüner, Haçan onda zähmet çekeňde derläp. * * * Ylham, maňa daglaryňdan güzer ber, Nur saçylýan ýüzleriňden nazar ber. Görünýän zatlary biljek bolaryn, Görünmeýän zatlar hakda habar ber. * * * Poeziýa meýdany, bu gözel meýdan, Duýgular ganatly pikirden-oýdan. Zyýan-peýdaň arasynda pikirim, Ters pikir zyýanam, dürs pikir peýdam. * * * Inere ýük, ýöremäge ýol gerek, Deňze çyksaň gämi, gurat sal gerek. Ýol harjy, azygam gerekdir welin, Esasy zat ýagşy niýet-päl gerek. * * * Daga barar gözellige teşneler, Gujagynda seýran edip, düşlener. Öz ýoluňy tapsaň ýagşy durmuşda, Öz ýoluny özi tapýar çeşmeler. * * * Ýanyňa guş gonsun, ürkmesin senden, Onuň ynamna gir, gorkmasyn senden. Ynama girene bagt ýarandyr, Ol orun alýandyr näzik göwünden. * * * Bahar! Sende gözelligiň saýasy, Mähriňden gül açdy türkmen ýaýlasy. Sen dünýäni dünýä edýän gudratsyň, Sende rysgal, bagtyň hamyrmaýasy. * * * Dag beýikdir onda gar eremese, Melhem tapylmazdy dert döremese. Ýagşy-ýaman şerte görä döreýär, Garynjalar üýşmez şert döremese. * * * Her bir gygyranyň ýakymly heň däl, Her kimde düşünje, aň-paýhas deň däl. Eşekler ýükçi diýip, gatyry öwdi, Bu bolýan ahwalat inere geň däl. * * * Ýol sowular käte saga, kä çepe, Gitseň oňa belet bolmaly, şepe! Diňe ol däl, ynanmaly geçjegňe, Öňüňde durandyr daglardyr depe. * * * Aýdylmasyz zat bar, aýtmaly zat bar, Bize baha berjek ýakyn bar, ýat bar. Gör, bu durmuş ýalňyşlykdan halas däl, Ödelmeýän at bar, ödelýän at bar. * * * Her kim beýik daglaryna buýsanar, Oň üstüne çyksam diýip küýseler. Daglar taýyn hemişelik galmaga, Ýeldir ýagmyr öňki durkun goýsalar. * * * Odun başga, şoňa görä köz başga, Bu sährada her ýyl gelýän ýaz başga. Çeşme joşsa köpleň çeker ünsüni, Ýüregiňden joşup çykýan söz başga. * * * Ýaşaýyşda gerek her dürli zadam, Bolşuňa syn eder ýakynam-ýadam. Sebäp bolar iliň-günüň aýtmagna, Özüniň ýalňyşyn bilmeýän adam. * * * Her kimiň arzuwy gitmeklik öňe, Ýetmeli maksada, ol gözel daňa. Ýöne öňe gitmek üçin iň ilki, Pikir ummanynda çümmeli çuňa. * * * Wagtlaýyn bolýar kömek diýen zat, Öz ýüküňi götermegem abraý-at. Bilseň, guşlar götermäge agramyn, Ganatyn giň açyp, oňa berýär bat. * * * Sähel zatda zeýrenmäliň pelege, Bu, elbetde, endik akly kelege. Rysgal eçilmeýär zähmet çekmeseň, Içmäge hem suw guýmaly çelege. * * * Güllere ýel gerek ysyn ýaýmaga, Zehin gerek hoş sözüňi diýmäge. Söýgä-de gerekli esasy zat bar, Päklik bilen mertlik gerek söýmäge. * * * Bu durmuşda işlilerden işli bar, Hemem onda güýçlülerden güýçli bar. Geňeşmän iş etme akyllysyrap, Belki, sendenem has akyl-huşly bar. * * * Eşidipdim dagda peleň bar diýip, Ter gülli ajaýyp öleň bar diýip. Yşk dagynda yşkdan dert tapynsa-da, Eşidemok ondan ölen bar diýip. Meret BAKYÝEW. | |
|
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ol ne ýüzdür aşyk olmyş jümle şeýhi-şap oňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Atlar / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |