SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY TAGLYMATY
Adamzat jemgyýetiniň tebigaty üýtgedi, onuň maddy hem ruhy düzümi özgerdi, şoňa laýyklykda adamzada, milletlere mugallym bolmaly, olary geljege bakan alyp gitmeli şahsyýetler indi dini-ruhany däl-de, syýasy, ruhy hem intellektual öňbaşçylar – liderler hökmünde ýüze çykýarlar. Aslynda «pygamber» diýmek häzirki türkmen diline geçirilende «habar getiriji» diýmekdir. Olaryň habary – öz ýanlary bilen alyp gelýän, gökden inýän kitaplarydyr. Taryhy şertleriň şahsy sypatlar meselesindäki tapawudyny göz öňünde tutmak bilen bir wagtda, şu babatda biz şeýle diýmelidiris. Türkmen milletini – öz taryhy ýoly bilen gitjekleri aýan eden Saparmyrat Türkmenbaşynyň şol millete niýetlän baş habary, baş kitaby – Ruhnama boldy! Şonuň üçinem taryhy dowamlylyk babatynda alanyňda, Beýik Serdarymyzyň Ruhnamasy ýüzlerçe hem müňlerçe ýyla şugla saçjak, türkmeniň ruhuny altyn ruha, ýaşaýşyny altyn ýaşaýşa öwürjek taglymatdyr.
Geçmişde beýik maksatlary öňe süren adamlara pygamber diýlipdir, olaryň tutan ýollaryna pygamberlik ýoly, pygamberler ýoly diýlipdir. Taryh beýik şalaryň hem pygamberlik derejesine ýetendigini bilýär.
Aýdaly, Ýewropa halklary Süleýmany şa hasaplasa, adyllygyň ölçeg birligi hasaplaýan musulmanlar oňa pygamber diýýärler. Sebäbi adalatlylyk, adyllyk, asudalyk, goýun bilen gurdy bir guýudan suwarmak, ýady ýakyn etmek, ýakyny garyndaş, dosty dogan etmek pygamberlik ýoludyr.
Ähli dinleriň öwredişi ýaly, asmanda Alla tarapyn ýaradylan adamy ýaramaz gylyklardan saplap, päkize, hoşniýetli ynsanperwer, ýagşyzada adama öwrüp, Hudaýa golaýlaşdyrmak pygamberlik ýoludyr.
Ine, Saparmyrat Türkmenbaşynyň saýlan taglymat ýoly. Ynha, Saparmyrat Türkmenbaşynyň ynsanperwerlik ýoly. Ýer ýüzi bu gün Beýik Serdaryň taglymatyna syn edýär.
Eýsem biz Beýik Serdaryň taglymatyny nähili derejede bilýäris?
Eýsem biz Beýik Serdaryň taglymatyny halka nähili derejede düşündirýäris?
Garaşsyzlygyň ýeňişlerden, edermenliklerden, beýik-beýik işlerden doly geçen gysga döwrüniň içinde ýüz ýyllykda bitirilmedik işlerden köp iş bitirildi. Türkmenistan nädip beýle taryhy böküş edip bildi? Garaşsyzlyk, agzybirlik diýip muňa guraksy, ýüzleý düşündiriş berip bolmaýar. Bu ýerde bir uly gudrat ýatyr!
Magtymguly mundan iki asyr ozal ýaşapdyr, döredipdir, işläpdir. Kiçijik türkmen obasynda ýaşap geçen şahyryň döredijiligini soňky ýüz ýyl bäri tutuş türkmen öwrenýär, ýörite institut onuň döredijiligini öwrenýär. Emma öwrendigimizçe Magtymgula doly düşünmeýändigimize akyl ýetirip gidip otyrys.
Saparmyrat Türkmenbaşy babatda-da şeýle boldy. Ony biz her gün diňledik, onuň her bir işi bilen tanyş. Emma Saparmyrat Türkmenbaşyny doly bilýärismi? Ýok! Ony öwrendigimizçe Ol beýgelip, çuňalyp, jöwher açyp gidip otyr! Ol şu günüň aladasy bilen ýaşan Prezident däldi! Ol azyndan ýüz ýyl aňryk seredip, müň ýyllyk üçin türkmen binýadyny gurýardy. Şonuň üçin aramyzdan juda ir giden Serdaryň, ine, şu maksat-isleglerini alymlaryň ýörite öwrenip, halka düşündirmegi, halkyň aňyna siňdirmegi gerek. Onuň her bir sözüne, her bir maksadyna, wezipesine çuňdan teswirleme bermeli. Şeýle edilende halkyň jebisligi, maksada okgunlylygy, maksada ynamlylygy has hem artar. Men şu kitaby ýazmak bilen Beýik Serdaryň taglymatyny teswirlemegi maksat edindim.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhyň iň bir çylşyrymly, türkmen halkynyň iň bir jogapkärli pursady döwlet jylawynyň başyna geçmegi tötänlik däldir, ol Alla tarapyndyr!
Saparmyrat Türkmenbaşy togsanynjy ýyllarda «Biz diňe öz ýolumyz bilen gideris!» diýen taryhy ýörelgesini dünýä ýaýdy. Göräýmäge, bu ýönekeý söz, ýönekeý sözlem, emma bu sözlemiň aňyrsynda tutuş taryhymyz ýatyr. Biz diňe öz ýolumyz bilen gideris! Eýse bu ozalky bar bolan ýollary terk edip, özüňçe täze ýol agtarmakmy? Türkmen halky tutuş taryhda özüçe ýaşapdyr, özüçe gurupdyr. Beýik Türkmenbaşynyň «Biz diňe öz ýolumyz bilen gideris!» diýen şygary, ýoly bu gün kämillik basgançagyna gadam goýdy.
Türkmeniň dünýä beren bedew atlarynyň, halysynyň, bezeg şaý-sepleriniň dünýä möçberli gudratdygyny boýun alýarlar. Türkmeniň döreden «Görogly», «Gorkut ata» şadessanlary dünýäniň naýbaşy eserleri! Magtymguly dünýäniň iň beýik akyldarlarynyň biri. Beýik Serdar «Magtymguly Pyragy Gurhan edebiýatyny türkmene elýeterli eden danadyr!» diýdi.
Bu ýol baý türkmen taryhynyň çuňňur çeşmelerinden, türkmen halkynyň kämil aň-düşünjesinden, serhalyndan (psihologiýasyndan), türkmen halkynyň watanparaz, adalatparaz, rehimdar, dostana gylyk-häsiýetlerinden susulyp alnyp, şu günüň ösen syýasy, ykdysady maksatlary bilen ähli taraplaýyn utgaşyp goşulyşmasynyň esasynda emele gelen ýoldur!
Saparmyrat Türkmenbaşy 1996-njy ýylda bir çykyşynda şeýle diýdi:
«Döwlet gurmak ýeňil, onuň kanunlaryny ýazsaň döwlet gurup bolýar. Ýöne jemgyýeti gurmak iňňän kyn mesele. Sebäbi jemgyýetiň esasy – adamlardyr. Jemgyýetiň pikiri – köpçüligiň pikiridir, jemgyýetiň işi – köpçüligiň, halkyň işidir».
Saparmyrat Türkmenbaşy şol kyn meseläni örän gysga döwrüň içinde çözmegiň, täze ruhly jemgyýeti döretmegiň hötdesinden geldi. Käbir halklara asyrlap miýesser etmeýän bagt bize taryh nukdaýnazaryndan örän gysga döwrüň içinde miýesser etdi.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň esasy maksady ýöne bir türkmen döwletini gurmak däl, türkmen halkyny altyn ruhly halka öwürmekdy hem. Her bir türkmende Göroglynyň watançylygyny, Pyragynyň danalygyny, Seýdiniň ar-namyslylygyny, Gorkut atanyň kethudalygyny kemala getirmek! Ol döşi gapak ýaly, buýsanjaň, baý, kämil pikirli, ähli zatdan başy çykýan sowatly, halal, belent mertebeli türkmen bolmagymyz üçin alada edýärdi. Ol ogurlyksyz, gözboýagçylyksyz, jenaýatsyz halal türkmen döwletini berkarar etmek üçin çalyşýardy. Ol zyndansyz, jezasyz türkmen döwletini berkarar etmek üçin çalyşýardy. Şeýle halal döwletde ýaşamak üçin biz ene süýdi ýaly halal, doganlar ýaly agzybir, dostana bir maşgala bolmaly! Biz hakyky türkmen bolmaly!
SSSR-iň ýykyljagy üşükli adam üçin öňünden mälim boldy. Ýetmişinji, segseninji ýyllarda gurluşyk gutaraňkyrlady. Aşgabatda sirkiň jaýy, pionerler köşgi, sazçylyk uçilişesiniň jaýy ýaly onlarça ymarat onlarça ýyllap gurulman ýatdy. Şäherde ýene-de onlarça ymaratlar şol bikemal eýýamyň ýadygärligi ýaly haraba bolşup ýatdylar. Ol ýyllar jaýlar uzak möhletleýin gurulýardy, döwlete tabşyrylandan soňam remont-bejeriş işleri derkardy. Gara ýollar gazganak-gazganakdy. Aşgabatda myhman-mediwana görkezäýmäge merkezi kitaphananyň binasyndan gaýry bina ýokdy. Emma gysga döwrüň içinde ozal Aşgabatda baş orunda duran, mertebeli döwlet baýragyny alan kitaphanamyzyň jaýy ýakynlara çenli-de göze ilýärdi, ýöne töweregindäki owadan mermer ymaratlara bişeýkellik berip göze ilýärdi. Muny ilki duýan hem Beýik Serdarymyz boldy. Onuň tagallasy bilen merkezi kitaphananyň binasy düýpli bejeriş edilip, daşyna ak mermer geýdirilip, Garaşsyzlyk döwrüniň binalaryna meňzedildi. Onsoň neneňsi bu ösüşe asyra barabar ösüş diýmersiň!
Aşgabatda dünýä ülňülerinde iň gözel ymaratlar gurlup, tanalmaz derejede özgerdi. Köçeler, seýilgähler, ýanýollar, dynç alyş baglary, asmana suw çüwdürip duran serhowuzlar täze bir dünýäni alamatlandyrýar. Özem bu gurluşyklar ýüz ýyl aňryk nazar salnyp salynýar. Serediň, giden myhmanhanalar dünýäsi döredildi! Ol myhmanhanalar nämä gerek?! Birinjiden, Türkmenistanda maýa goýumyny goýup, biziň bilen işleşjek telekeçiler rahat dynç alsynlar, ülkämize kän-kän peýda, girdeji getirjek işleri bitirsinler, ýurt söküp gelen myhman näme üçin bizde gowy myhmanhanada ýaşamaly dälmiş? Ikinjiden, bu gün bolmasa-da ertir Türkmenistan dünýä syýahatçylygynyň, jahankeşdeliginiň mesgeni boljak ahyry! Myhman ösýän ýurda gelýär, myhman baý ýurda gelýär, myhman döwletli ýurda gelýär! Biziň ýurdumyz şeýle ýurt bolar! Çünki ýurdumyz görlüp-eşidilmedik depginde gurulýar!
Türkmenistan SSSR zamanasynda iň yzagalak respublikady! Dogrusyny aýdanyňda, çig mal öndürýän ullakan ýerdi! Emma sekiz-on ýyl geçip-geçmänkä, GDA-nyň döwletleriniň aýagy ýer tutýança, biziň Beýik Serdarymyz ýurtda sekiz ýüze basalyk zawod-fabrik gurdurdy. Bir däl, on däl, ýüz däl – sekiz ýüze golaý! Beýik Prezidentimiz şu günüň – ertäniň aladasy bilen ýaşaman, ýüz ýyl aňyry seredip, düýpli özgerişlikleri durmuşa geçiripdi. Iki-üç ýylyň içinde bir ýarym milliona golaý pagta öndürip bilýän döwletimizde öz öndüren çig malyny işleýän, mata dokaýan fabrikler ýaz kömelegi ýaly bolup döredi. Ýetmiş ýyllap çig mal satan döwletimiz indi çig maldan taýyn önüme çenli böküş etdi.
Öň özünde demir önmeýän, demir eredýän zawody bolmadyk ýurdumyz demirýollar gurulýan uly döwlete öwrüldi. Patyşa Russiýasynyň Angliýadan gabanyp salan ýollary bolaýmasa, SSSR döwründe bizde ýeke metr hem demirýol gurulmandy. Sanlyja wagtyň içinde gurlan Tejen – Sarahs – Maşat demirýoly diňe Türkmenistanyň däl, dünýäniň bagtyna gurlan demirýol boldy. Ol ýol arkaly tutuş Ýewropa hem Aziýa döwletleri biziň üstümizden Pars aýlagyna, Arap deňzine çykyp bilýär. Türkmenistandan Bendertürkmene çenli uzajak ýoluň getirjek bähbidini göz öňüne getirmegem kyn.
Türkmenabat – Atamyrat demirýoly guruldy.
Aşgabat – Garagum – Daşoguz demirýoly guruldy.
Sowet zamany muny arzuw et diýseler hem arzuw edip bilmezdik. SSSR ýaly uly döwletiň BAM diýip onlarça ýyllap uly şowhun turzup «Asyryň ýoly» diýip at berlen demirýoly ýatlasaň, demir magdany ýok kiçijik döwlet üçin bular... eýsem bular asyrlyk iş dälmi?
Ýurtda gara ýollaryň gurulmagy bular... eýsem bular üçin hem uly tagalla edilýär. Aşgabat – Mary, Mary – Türkmenabat, Aşgabat – Daşoguz, Aşgabat – Türkmenbaşy gara ýollarynyň, Amyderýanyň üstünden köpriniň gurulmagyndan ýurdumyza ymgyr uly peýdalar, girdejiler geler.
Oba bilen obany, şäher bilen şäheri, il bilen ili, ýurt bilen ýurdy birleşdirýän ýollardyr.
* * *
Şindize çenli garyp ýaşan hem bolsa Türkmenistan ummasyz baý ýurt. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bir telewizion çykyşynda ýetmişinji ýyllar türkmen gazyndan, nebitinden, pagtasyndan Soýuzyň 300 milliard dollar girdeji alyp, Türkmenistana ýüzden birini hem dadyrmandygyny janyýangynlyk bilen aýtdy. Bu gün türkmeniň tebigy baýlygy türkmen halkynyňky.
Türkmen gazçysy bilen gürleşseň, diňe gazyň Türkmenistany uçursyz baý edip biljekdigini aýdýar.
Türkmen nebitçisi bilen gürleşseň, «gara altynyň» türkmeni baý edip biljekdigini aýdýar.
Türkmen pagtaçysy bilen gürleşseň, diňe «ak altyn» Türkmenistany gülledip biler diýip, guwançly aýdýar.
Türkmen maldarlary bilen gürleşseň, özleriniň Türkmenistany baý edip biljekdigini aýdýarlar.
Türkmen ýüpekçileri bilen gürleşseň, Ýüpek ýolunda oturan ýüpek ýaly halkymyzy ýüpek bilen baý edip bileris diýýärler.
Türkmen uglewodorodçylary türkmeniň bar baýlygy Hazar deňzinde ýatyr diýip, buýsanç bilen aýdýarlar.
Ýadyňyzdadyr, hatda Lenin «Garabogaz kölüni duşmana bermek bolmaz, onda Rossiýanyň hazynasy ýatyr» diýipdi. Ondan öň Pýotr I Garabogaz kölüne eýe çykmak üçin çykdajydan gaçmandy. Hazar deňzi türkmen halkynyň tutuş baýlygy! Iň buýsandyryjy ýeri, indi ony öz halkymyz aýdýar, goluny çermäp, täzeçe ýaşamaga, işlemäge başlan halkymyz aýdýar.
Türkmenistan baýlyklaryň hazynasy, beýle hazynaly ýurda gözi gidýän az däl. Hut şonuň üçinem entek beýle pikir türkmeniň kellesine gelmänkä Beýik Serdarymyz ýurdumyza baky Bitaraplyk derejesini alyp berdi! 185 döwlet biziň baky Bitaraplyk derejämizi ykrar etdi! Eýýäm bu Türkmenistanda parahatlygyň kepillendirilmesidir! «On ýyl Abadançylyk» türkmen topragyna müň ýyllyk parahatlygy getirdi!
* * *
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan gurulýar, güýjeýär, gözelleşýär, iň esasy zadam her bir türkmen özüne, geljegine, geçmişine nazar aýlaýar!
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tutuş türkmeniň bagtyna dörän Serdardy. Ol diňe şu gün bilen ýaşaman, diňe geljegi kepillendirmän, tutuş taryhymyzy hem oýardy. Ol haýsy ýurda sapara gitse, şol ýurtdaky türkmenler bilen duşuşmak bilen oňman, şol ýurtdaky taryhymyzy hem agtardy. Päkistana, Hindistana, Ermenistana, Türkiýä, Arabystana, Eýrana saparlary netijesinde ol näçe taryhy çeşmeleriň Türkmenistana gowuşmagyny gazandy. Türkmen halkynyň taryhynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň taryhyny dikeltmäge ýol salan ilkinji Serdardyr.
Siz radionyň ýa-da telewizoryň burmasyny buruň-da, Türkmenistanyň Gimnine – Senasyna gulak asyp görüň! Ol ýöne-möne Gimn – Sena däl, ol tutuş halkyň ýürek owazy! Ol müň ýyllap kysmaty göterilmedik taryhyň çüwen ykbalynyň owazy! Sebäp onuň aňyrsynda döwleti göterilen beýik türkmen döwleti – täze Türkmenistan dur!
Döwür ýyldyrym çaltlygynda üýtgeýär, täze döwran başlandy, täze adamlar döwrüň öňdäki orunlarynda täze durmuşy gurýar. Iň esasam, täze däp-dessurlar döräp, döwre ornaşyp barýar. Oňa halys ýürekden buýsanýarsyň.
– Döwletimizde tutulýan her bir toýda birinji tost: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hem Beýik Prezidenti bilen baglanyşykly göterilýär,
– Islendik toýda bagşylar, aýdymçylar ilkinji aýdymy Türkmenistan hem onuň ilkinji Beýik Prezidenti hakynda ýerine ýetirýärler,
– Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýerine ýetirilende gep-gürrüňi goýup, dymyp diňlemek dessura öwrüldi.
– Saparmyrat Türkmenbaşynyň goşgulary bagşylaryň esasy aýdymlarynyň özenini düzýär, her bir dabarada aýdymçylar, esasan, Beýik Serdarymyzyň aýdymlaryny ýerine ýetirýärler.
– Täze çatynjalar Garaşsyzlyk binasyna, Magtymgulynyň ýadygärligine, Gurbansoltan ejäniň ýadygärligine gül desselerini goýup, wepadarlyk kasamyny aýdýarlar.
– Döwletimizde ruhubelentlik ýoly belentden tutulýar; her bir dabaraly çärelerden soň: «Ruhuňyz belent bolsun!» diýmek däbe öwrüldi.
– Körpeje çagalardan aksakgallara çenli Watançylyk Kasamyny ýat bilip, öwran-öwran gaýtalaýarlar.
Şeýle täze, döwrebap dessurlar halkyň durmuşyna çuňňur ornaşdy, bu halk bilen ýurduň, Watan bilen il, il-ulus bilen Beýik Prezident bir bitewi gymmatlyga öwrüldi.
Birmahal Magtymguly Pyragynyň 250 ýyllyk ýubileýini belläpdik. Şonda dabara gelen dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatow on sekizinji asyry Magtymgulynyň asyry diýip atlandyrypdy. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, ýigriminji asyr türkmeniň bagtynyň açylan asyry boldy. Saparmyrat Türkmenbaşy XXI asyryň Türkmeniň Altyn asyrynyň boljakdygyny nygtady. Biz welilik bilen aýdylan sözlere ynanýarys. XXI asyr Saparmyrat Türkmenbaşynyň Altyn asyry bolar. XXI asyr – Saparmyrat Türkmenbaşy asyry bolar! Türkmenistan Ýaponiýa, Singapur ýaly Aziýanyň gaplaňlary hasaplanýan ýurtlaryň arasyna goşulyp, dünýäde bolçulygyň, rysgal-döwletiň, medeniýetiň, sungatyň, doganlygyň, dostlugyň mesgenine öwrüler.
Edebi makalalar