6. Demokratiýa teswiri
Türkmen halky özüniň taryhy ýaşaýşy hem milli häsiýeti boýunça çuňňur demokratik halkdyr. Eger demokratiýa – çeşmesi halk bolan häkimiýet şekili hem-de şeýle häkimiýet tarapyndan dolandyrylýan jemgyýet bolsa, eger demokratiýa adalatlylyk hem deňlik bolsa, onda türkmenlerde asyrlaryň dowamynda demokratik häkimiýet, demokratik jemgyýet hem demokratik ýörelgeler bolupdyr diýip ynamly aýtmak bolar. Muňa taryhy maglumatlar, türkmenleriň arasynda bolan syýahatçylaryň ýazgylary, galyberse-de, biziň pelsepewi hem çeper edebiýatymyzyň nusgalary şaýatlyk edýär.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň nygtaýşy ýaly, biziň taryhy aslymyz Oguz handyr, mundan bäş müň ýyl ozal ýaşap geçen Oguz han türkmeniň taryhy demokratiýasynyň düýbüni tutupdyr. Köp dürli «Oguznamalarda» Oguz hanyň öz harby hem syýasy tutumlarynda hem hereketlerinde halkyň erkine esasy häkimlik çeşmesi hökmünde garanlygy nygtalýar. Şu ýerde türkmen demokratiýasynyň dini-pelsepewi, dünýägaraýyş esasyny görüp bolýar. Bu babatda Oguz hanyň irki durmuşyndan kiçijik, emma ähmiýetli bir pursady ýatlap geçmek ýerlikli bolsa gerek. Ine, Oguz hanyň dogluşynyň beýany:
«Ol oglan üç gije-gündiz emjek agzyna almady we enesiniň süýdüni emmedi. Munuň üçin onuň ejesi aglady we çokundy. Ol hatyn gijelerine düýş görýärdi. Ol oglan ejesine «Eý, eje, sen Taňryny bilseň, Hudaýy söýseň, men emjegiňden süýt emeýin» diýýärdi. Ol aýal töweregindäki ähli kabylasy Hudaýa ynanmaýandyklary üçin, açykdan-açyk Hudaýa ynanmakdan gorkdy we gizlin hiç kime bildirmän, Taňra ynandy, çaga ejesiniň emjegini agzyna aldy, süýt emdi...» (R.Rejebow).
Oguz hanyň täze ýöretjek aňyýetiniň esaslary onuň öýlenişinde hem nygtalýar:
«Oguz ýigit bolup ýetişdi. Onuň kakasy Gara han özüniň iň uly doganynyň gyzyny gelin edip, Oguza alyp berýär. Gara hanyň uly doganynyň ady Kur handy. Bu gyz gaty owadan we tämiz gyzdy. Oguz ol gyza gizlinje «Sen Taňryny söýseň we onuň birligine ynansaň, men seni söýeýin we seniň ýanyňa baraýyn» diýýär. Ol gyz uly ýigrenç duýup, onuň sözüni kabul etmeýär. Ol gyz «Men seniň bu sözüňi ataňa aýdaryn, saňa ölüm garaşýar» diýýär. Şu sebäpli Oguz ol gyza ýakynlaşmady we söýmedi, ýanyna barmady» (R.Rejebow).
Soňra Oguza kakasynyň ikinji dogany Kuz hanyň gyzyny alyp berýärler. Emma ol ikisiniň arasynda-da ýokarky waka bolup geçýär. Soňra Oguza kakasynyň kiçi dogany Ur hanyň gyzyny alyp berýärler. Oguzyň üçünji gelni Oguzyň Taňrynyň birligi baradaky ynanjyny gizlin kabul edýär.
Biziň pikirimizçe, halk häkimiýetliligi jemgyýeti dolandyryşyň şekili hökmünde içki esaslary boýunça bir hudaýlylyk bilen sepleşýär. Çünki gadymyýetiň beýik patyşalary Hudaýsyz bolupdyrlar, olar özlerini Hudaý hasaplapdyrlar we diňe özleriniň erk-islegini ylahy bir erk hökmünde görkezmäge çalşypdyrlar. Oguz hanyň özünden ýokarda bir Taňrynyň bardygy hakdaky taglymaty ony halk bilen bir hatarda goýýardy we halk häkimiýetliligiň döremegine dünýägaraýyş esasy bolup hyzmat edýärdi. Jemgyýetçilik hem hukuk garaýyşlary-da jemgyýetçilik aňynyň islendik beýleki şekilleri ýaly umumy dünýägaraýyş esasyndan gelip çykýar. Oguz hanyň dünýägaraýyş özgertmesi ruhuň ösüşinde uly hadysa bolup, ol jemgyýetiň dolandyrylyş ýörelgelerine-de öz täsirini ýetiripdir. Onuň öz kakasy Gara han bilen söweşip, tagty hem häkimiýeti öz eline almagynda-da jemgyýetçilik özgertmeleri şöhlelenýär.
Oguz hanyň özüniň harby söweşlerinde hem döwlet dolandyryşynda halk bilen maslahatlaşmak ýörelgesiniň bolandygyny ähli «Oguznamalar» nygtap görkezýärler. Ol ölmänkä, öz döwletiniň hukuk taýdan dolandyrylyş usullaryny kesgitläp, her nesliniň jemgyýetdäki hukuk ornuny belli edip gidýär.
«Oguz ölenden soň onuň wesýeti boýunça Gün tagta çykdy. Ol 70 ýyl patyşa boldy. Onuň atasynyň Urýangy – Kent Ärkyl Hoja atly bir uly adamsy bardy. Ol Gün hanyň weziri, maslahatçysy, işlerini düzgüne salyjy we ýörediji boldy. Bir gezek ol Gün hana şeýle diýdi: «Oguz beýik patyşady, ol dünýäniň hemme ýurtlaryny aldy, onuň beýik hazynasy bar. Baýlygy, mal sürüleri bar. Bularyň hemmesini ol saňa goýup gitdi, ogullaryna goýup gitdi. Siziň her biriňiziň Taňrynyň kereminden dört ogluňyz boldy. Mal, baýlyk we döwlet üçin soň bu çagalaryň arasynda agzalalyk ýüze çykmazlygy üçin bularyň her biriniň wezipesi, ady, lakamy şu wagtdan belli edilse, anyklanylsa ýagşy, olaryň her birine belli alamat we belli tamga berilse ýagşy. Bu alamatlaryň we tamgalaryň üsti bilen olaryň hazynalary, baýlyklary, mal sürüleri, ýylkylary tanalsa ýagşy. Goý, olaryň hiç biri beýlekisi bilen dawalaşmasyn, çekişmesin. Olaryň nesilleriniň her biri ol alamat we tamgalar üsti bilen, goý, öz wezipesini, ornuny bilsin. Bu bolsa döwletiň bekligine we olaryň ýagşy adynyň ebedi bolmagyna sebäp bolar.
Gün han bu sözi makullady» (R.Rejebow).
Indi bolsa soňrakky asyrlaryň paýhas önümi bolan «Göroglydan» gerekli mysallar:
«Ady begiň gözi gyrgynyňky, gulagy hüwiniňki ýalydy, murtlary garlawajyň ganaty ýaly jaýtaryşyp durdy. Özi akylly-başlydy. Bir zady diline alsa, şony etmän goýmazdy. Onsoň munuň ýanyna bir topar horlanyp ýören galyň batyr ýigitler üýşüp başlady. Olar:
– Ady beg, sen bir gaýratly goç ýigit, bir ýerde karar tapyp bilmän ýören adam, gel, sen bizi ýanyňa al, biz seniň aýdanyňdan çykmaly! Bolýarmy?! – diýdiler». «Bir aý – kyrk gün bolandan soň Çandybiliň ilaty bir märekede maslahat etdi:
– How, ilat! Ady beg soltan öleli bäri, Jygaly beg gideli bäri ýurdumyz baştutansyz, häkimsiz galdy, belli hany, belli eýesi bolmady. Ynha, Görogly gerçek goç ýigit bolup gelipdir.
Türkmen halky özüniň serkerde ýigidine asyrlarboýy uly hormat goýup gelipdir. Onuň baýlygyna däl-de, serkerdelik ukybyna, adamlar bilen gürleşip biliş aýratynlygyna, gujur-gaýratyna, pähim-paýhasyna aýratyn ähmiýet berlipdir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň demokratiýa baradaky taglymaty türkmen milli paýhasynyň önümidir hem-de türkmen milli pelsepesiniň aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Şu ýerde Beýik Serdarymyzyň demokratiýa taglymatynyň esasy pursatlaryny hem-de onuň janly türkmen durmuşy bilen arabaglanyşygyny görkezmek isleýärin.
Şeýle bir aýdyň hem mizemez hakykat bar: paýhas ýörelgeleriniň jemi bolan islendik taglymatyň güýji onuň owadanlygynda, göze hem akyla ýakynlygynda däl-de, eýsem öz dörän taryhy pursadynda janly durmuşa güýçli täsir edip bilenligindedir. Hut şol sebäpli-de, ilkinji nobatda, taglymatyň anyk taryhy-durmuşy manysyna we ähmiýetine göz aýlamak zerurdyr. Saparmyrat Türkmenbaşynyň demokratiýa baradaky taglymaty geçen asyryň 90-njy ýyllarynda – SSSR diýilýän uly şadöwletiň ýykylyp ugran gabatlarynda döräpdi. Taryhy-jemgyýetçilik durmuş şeýle bir çylşyrymly hadysa, onsoň munuň umumy manysyna dogry baha beräýmek hem ilki pikir edilendäkisinden has çetindir. Jemgyýetçilik aňynda dörän täze düşünjeler hem gymmatlyklar dürli adamlaryň hem toparlaryň arasyna ýaýrap, dürli, hatda asylky manysyna garşy gelýän manylara-da eýe bolup bilýändir. Saparmyrat Türkmenbaşy ýaly durmuşyň çylşyrymly öňe gidişinden hem manysyndan oňat baş çykaryp bilen beýik taryhy şahsyýetler bu «inçelikleri» öz taryhy işinde hasaba alyp hereket edýärler.
Saparmyrat Türkmenbaşy täze türkmen döwletiniň gurlup başlanan ilki döwürlerinde täze dörän pikir gymmatlygy bolan demokratiýa düşünjesini türkmen durmuşy bilen berk baglanyşdyrmalydygyna oňat düşündi. Demokratiýa keramat hökmünde seretmegiň, oňa köre-kör ynanç etmegiň, ony türkmen häsiýetini, milli-taryhy aýratynlyklary hasaba almazdan, göni jemgyýetçilik durmuşyna girizibermegiň näderejede howpludygyny ol gaty gowy bilýärdi. Ondan-da beter, käbir özge ýurtlardaky ýaly demokratiýa sözüne duwlanyp, öz gaýry maksatlaryny amal etjek bolýanlara ýol bermek hasam howply zatdy. Mesele çylşyrymlydy. Bir tarapdan, jemgyýetçilik ýaşaýşynyň beýik ýörelgesi bolan demokratiýany hökmany suratda durmuşa ornaşdyrmak zerurdy. Bir beýik Günbatar syýasatçysy aýtmyşlaýyn, adamzat entek demokratiýadan oňat usuly oýlap tapmandy. Emma beýleki tarapdan, janly durmuş bu ýaşaýyş usulyny näderejede göterip biler diýen sowal-da bardy. Şu meselede Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň beýik ahlaky ýörelgesine eýerdi: demokratiýa häzirki anyk hem çylşyrymly taryhy pursatda türkmen durmuşyny hem türkmen ruhuny näderejede berkidip hem abadanlaşdyryp biljek bolsa, şol derejede-de kabul ederliklidir. Munuň özi beýik, taryhy çözgütdi. Hususan-da, demokratiýa jemgyýeti gurnamagyň hem syýasy ulgamyň bir nusgasy hökmünde türkmeniň syýasy Garaşsyzlygyna näme berip biler? Iň esasy zadam, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyň «wawwalylygy», «derdeserligi» nukdaýnazaryndan, syýasy durnuklylygyň hem abadançylygyň «göze görünmeýän» duşmanlary demokratiýa diýilýän gymmatlygyň haýsy ýoýlan görnüşlerini we düşünilişini öz bet maksatlary üçin ulanyp bilerler?! Şu sowallaryň dogry çözgüdini tapmak hem şol çözgüdi türkmen durmuşynyň bähbitlerine hyzmat etdirmek üçin milletiň öňüne düşen adamyň şahsyýetinde syýasatçy bilen döwlet işgäriniň iň oňat sypatlarynyň oňyn utgaşygy gerekdi. Şeýle utgaşyk Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetinde amal boldy.
Gep diňe beýik pikirleri ýüregiňde beslemekde däldi. Beýik pikirleri ýüreginde beslän taryhy şahsyýetler az bolmandyr. Gep olary durmuşa geçirmegiň, onda-da juda çylşyrymly pursatda durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny bilýän adamyň gerekligindedi. Milletiň öňüne düşen döwlet işgäri çylşyrymly taryhy wezipeleriň hötdesinden gelmek üçin, ilkinji nobatda, inçe syýasatçy bolmalydyr. Ine, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň biziň syýasy tejribämize beren esasy sapaklarynyň biri şundan ybaratdyr.
Eger pikirlerini, gymmatlyklaryny janly durmuş bilen baglanyşdyryp bilmese, döwlet işgäriniň pikirleriniň howaýy owadanlygyndan haýyr azdyr. Taglymatynyň durmuş bile baglanyşyklylygy nukdaýnazaryndan Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýeti iki müňýyllyk pikir taryhymyzda täze hadysa boldy. Onuň şahsyýetinde Oguz hanyň döwletlilik pikirleriniň mertebeliligi, gabaralylygy hem-de esaslylygy bar.
Döwlet gurmak işi uçursyz agyr iş diýýärler.
Döwlet gurmak işi öte jogapkärçilikli iş diýýärler.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy-taryhy tejribelerini hem sapaklaryny öwrenip, biz döwlet gurmak işi ýokarkylaryň üstesine-de iňňän ynjyk işdir diýip aýtmalydyrys. Döwleti kemala getirmek edil çaga saklan ýaly ynjyk işdir. Ynjyklygynyň sebäbi entek bekişmedik bedene daşky ýaşaýyşdan howp-hatar kän, iýmit, howa, durmuş zerurlyklarynyň haýsylarynyň çaga üçin has amatlydygyny bilmek juda çetin. Şonuň üçinem köne türkmenleriň mistiki aňynda muny şeýle düşündiripdirler: çaganyň daşynda arwah-jynlar köp bolýar, olar çagany alyp gitmek üçin her zat edip çykýarlar.
Elbetde, mistiki ruhuň hadysasyny syýasy aňyň hem syýasy durmuşyň hadysasy bilen deňeşdirmek o diýen bir şowly meňzetme-de däl. Ýöne, meniň aýtjak bolýan zadym babatda, näme-de bolsa, bu zerurlykdyr. Ýaňy gurlup ugran döwlet hem juda seresaplylygy, çeýeligi we inçeligi talap edýärdi. Hatda iň beýik gymmatlyk bolan demokratiýa meselesinde-de bu ýerde seresaplylyk gerekdi. Ýaş bedeniň göterip biljek däri-dermany gerekdir. Çaganyň enesi üçin islendik oňat dermandan şol çaganyň saglygy has gymmatly ahbetin. Bu hakda hatda gürrüň etmegiň özi-de artykmaçlyk. Saparmyrat Türkmenbaşy üçin esasy gymmatlyk – täze gurlan Garaşsyz Türkmenistan döwletidi. Ol şeýle diýipdi:
«Garaşsyzlygyň gymmaty ony esassyz töwekgelçiliklere sezewar ederden juda beýikdir. Hut şonuň üçin halk şeýle jebisdir, hut şonuň üçin biziň döwlet gurluşymyzyň ýoly şeýle esaslydyr, beýlekilere meňzeş däldir».
Bu pikir hut türkmen milli syýasy paýhasynyň öz gözlegleriniň önümidir. Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmen döwletini, Garaşsyzlygyny berkidýän demokratiýany saýlap aldy.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň paýhas gözlegleri, syýasy çeýeligi hem-de syýasy erki bilen Türkmenistan döwleti demokratiýada öz ýörelgelerini tapdy.
Bu hili demokratiýa dünýä halklarynyň taryhy tejribeleriniň özüne ýaramlysyny jemleýär. Emma munuň özi diňe özgelere gowy görünmegiň hatyrasyna edilýän zat däldir.
Bu hili demokratiýa özge halklaryň taryhy ýörelgelerinden tapawutlanýar. Emma munuň özi diňe özgeden tapawutlanmagyň hatyrasyna edilýän zat däldir.
Umuman, şu ýerde gepiň gerdişine hem äheňine laýyk möhüm hakykaty belläp geçmeli. Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýet uslybyna şeýle aýratynlyk mahsusdyr: Saparmyrat Türkmenbaşy hiç mahal paýhasy paýhasyň hatyrasyna işletmedi.
Saparmyrat Türkmenbaşy hiç mahal ýörelgäni ýörelgäniň hatyrasyna ulanmady.
Saparmyrat Türkmenbaşy hiç mahal usuly usulyň hatyrasyna goldanmady.
Saparmyrat Türkmenbaşy hemişe paýhasy, ýörelgeleri hem usullary dünýäde iň esasy gymmatlygyň – durmuşyň hatyrasyna, ony oňyn özgertmegiň, kämilleşdirmegiň hem-de, isleseňiz, gözelleşdirmegiň hatyrasyna ulandy.
Edil şonuň ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşy üçin iň uly gymmatlyk şahsyýet, giň manyda alanyňda bolsa, türkmen milleti, bularyň abadançylygy we abatlygydyr.
Demokratiýa şol abadançylygyň ýolundaky bir serişdedir hem usuldyr.
Demokratiýa çokunylýan hem sežde edilýän keramat däldir.
Şahsy hem milli taýdan özüňi ýitirmek – demokratiýa däl-de, dargamaklyga ýol açýar. Türkmen üçin demokratiýanyň kemala getirilmegi – milli häsiýetiň täzeden kemala getirilmegidir. Milli häsiýetiň kemala getirilmegi bolsa şahsy adamçylyk häsiýetleriniň kemala getirilmegini göz öňünde tutýar. Jemgyýetçilik aňy, jemgyýetçilik erki Türkmenistanda şahsy adamçylyk häsiýetiň terbiýelenmegine gönükdirilýär.
Demokratiýa daşdan getirilip oturdylýan zat däl-de, milletiň hem şahsyýetiň içki ukyplaryna bagly hadysadyr. Şu meselede bolsa türkmen, öz taryhy aýratynlyklary boýunça demokratiýa juda ukyply milletdir.
Milletiň ruhy «ekme» demokratiýadan has çuňňur zatdyr.
«Ekme» demokratiýa diýip men milletiň öz ruhuny hasaba almazdan, ýasama usulda – başga döwletlerden getirilip ornaşdyryljak bolýan, şeýdibem, onuň sütünlerine zarba urýan, ony dargadýan köre-kör syýasy pikirjikleri atlandyrýaryn. Paýhasly syýasy baştutany bolmansoň şeýle taryhy şowsuzlyga düşen milletleri biz görüp, bilip ýörüs. Saparmyrat Türkmenbaşy bolsa şeýle diýdi:
«Diňe bir ugur bar. Olam parahatçylyga, ösüşe we adamlaryň abadan ýaşamagyna tarap ugurdyr. Galan zatlarda halklar öz aňly-düşünjeli saýlan ýollaryna baglylykda ýaşap hem ösüp bilerler, olaryň azatlygynyň esasy erk-ygtyýary hem şundadyr. Demokratiýa adamzadyň ösüşiniň baş ýörelgesidir».
Ol ýene şeýle diýdi:
«Biz demokratiýa ýoly bilen hereket edýäris, emma bu herekete geljekki maksatlar bilen bir hatarda özüniň taryhy, milli we medeni dürli-dürlüliginde halkyň tejribesini hem goşýarys».
Şeýlelikde, hakykat mizanynyň milletli tarapy has agyr gelýär, demokratiýa hem milletiň ýaşaýyş usulydyr.
Türkmeniň milli ýaşaýşynyň ýoly – türkmeniň milli demokratiýasydyr. Milletiň demokratiýasy bardyr, emma mähelläniň demokratiýasy bolup bilmez. Mähelle düşünjesi türkmen aňynda soňky onýyllyklarda kemala geldi. Sadaja düşündireniňde, mähelle – köçä çykan, öz maksatlaryna özi düşünmeýän az sanly topardyr. Has çuňňur, taryhy-pelsepewi manyda mähelle – halkyň öz milli ruhundan hem pikirlerinden daş düşen, boýnyýogynlaşan bir bölejigidir.
SSSR döwründe millet köklerinden daşlaşan az sanly adamlar peýda boldy. Mähelle içi boşan agaç gabygy pisint bir zatdyr. Ýazyjy Çingiz Aýtmatow muny «mankurt» diýen aňlatma bilen berdi. Ýazyjynyň gahrymany Ýolamanyň mankurt bolup, öz enesini atyp öldürişi ýaly, SSSR dagan çaklarynda demokratiýa dulanyp, öz milletini pitige mündürjek bolan mähelle-de döremän durmady.
Emma demokratiýa milletiňkidir we demokratiýa millidir. Milletiň ýoly hemişe dogrudyr, çünki onuň başynda milletiň iň oňat sypatlaryny, iň çuňňur paýhasyny jemlän Serdary durýar. Mähelläniň «demokratiýasy» bolsa, soňy puç zatdyr. Şonuň üçinem Saparmyrat Türkmenbaşy:
«Adam heläkçiligi bilen gazanylýan demokratiýany biziň halkymyz ret edýär» diýip, kesgitli suratda nygtapdy.
Demokratiýa, millet, mähelle... Bu düşünjeler demokratiýa teswiriniň çuňňurlygyna hem durmuşylygyna düşünmäge kömek edýär. Biz bularyň degşirmesi esasynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň demokratiýa baradaky taglymatyndaky esasy düşünjä – türkmen demokratiýasy diýen aňlatmanyň içki manysyna ýetip bilýäris.
Öňem belläp geçişimiz ýaly, türkmende «Sanasaň sogaby bar» diýen söz ýörgünlidir. Saparmyrat Türkmenbaşynyň demokratiýa beren şahyrana, çuňňur pelsepewi manyly kesgitlemelerini sanasaň sogaby bar, çünki her gezek gaýtadan okanyňda olaryň täze bir many öwüşgini açylýar. Täze manylaryň sanyna laýyklykda-da sogabyň sany artýar. Ol sözler özüniň sadadan çuňňurlygy, düşnükliden agramlylygy boýunça gadymy pygamberleriň pähimlerini ýada salýar. Bulary hikmetler diýip atlandyrmak mümkin. Geliň, olary özümiz hem özgeler üçin ýene bir gezek okap çykalyň:
«Halkymyzyň abadançylygy, adamlaryň arkaýyn ýatyp-turýanlygy, öz halaýan ýerinde, islän işinde zähmet çekip bilýändigi, öz pikirini çekinmän aýdyp bilýändigi – biziň demokratiýamyz, ine, şulardyr».
«Çagajyklar irden mekdebe we çagalar bagyna gidende, olaryň eneleri öz çagalary babatda howatyrlanmaýan bolsa, şu meniň üçin iň uly demokratiýadyr».
«Meniň iň uly demokratiýam – adamlaryň sag-aman ýatyp-turmagy».
«Meniň iň uly demokratiýam – ulus-iliň sag-aman ojagyndan örmegi».
«Meniň iň uly demokratiýam – türkmeniň arkaýyn toýuny toýlap, sadakasyny bermegi».
«Uruş-sögüş bolmasa, gan dökülmese, adamlar arkaýyn işe gidip, işden gelse, eneler arkaýyn öz perzentlerini ösdürse, meniň üçin şundan uly demokratiýa ýok».
«Adamlar Watanyny söýse, ýurduny söýse, bir başa hormat goýsa, meniň iň uly demokratiýam şol».
Diýmek, hakyky demokratiýa diňe juda güýçli döwletiň bar ýerinde mümkindir. Çünki adamlaryň asuda ýaşaýşyny, jemgyýetdäki asudalygy hem durnuklylygy diňe güýçli döwlet üpjün edip bilýär.
Şeýlelikde, Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatyna laýyklykda demokratiýa – döwlet bilen jemgyýetiň özara gatnaşyklarynyň häsiýeti we ýörelgeleridir. Bu bir.
Ikinjiden, demokratiýa – döwletiň hilidir. Şu manyda geçmiş türkmen durmuşyny demokratiýa, sähra demokratiýasy diýip kesgitleýärler. Çünki häkimligiň başynda bir adam – halk durup, häkimlik geňeş arkaly amala aşyrylýar.
Üçünjiden, demokratiýa – halk bilen döwletiň aragatnaşygydyr. Garaşsyz Türkmenistanda Halk maslahaty, ulus-iliň Prezidente gönüden-göni hat arkaly ýüzlenip bilýänligi türkmen milli demokratiýasynyň möhüm aýratynlygydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň demokratiýa taglymatynda Oguz hanyň döwletliligi, Göroglynyň erkinlik pikirleri, Magtymgulynyň döwlet paýhasy we Gorkut atanyň ahlak-jemgyýetçilik gymmatlyklary jem boldy.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Meniň demokratiýam» atly ajaýyp şygry bar. Onda Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň demokratiýa garaýşyny, türkmeniň milli demokratiýasynyň ajaplyklary, milli demokratiýanyň türkmen halkyna berýän eşretleri hakynda şeýle ýazdy:
Daýhan, bagban boz topragyň eýesi,
Maldar eýe süri-süri malyna.
Suw mugt!
Gaz mugt!
Tok mugt munda ebedi,
Türkmen eýe ata-baba ýoluna.
Howp-hatarsyz ýatyp turýar sag-aman –
Ynha, meniň erkin demokratiýam!
Edebi makalalar