ŞARPYK
Durdy ir bilen turdy-da, stoluň üstündäki goşar sagady goluna dakynyp gördi. Soňam öýüň içinde bir eýläk, bir beýläk gezmeledi. Öwran-öwran sagadyna garady. Goşary has inçe gelensoň sagadyň zynjyrly bagjagazy hem öňe-yza süýşüp, birgeňsi ses etdi. Muňa onuň hasam keýpi göterildi. Soňam ol öýüň töründäki özi bilen boýdaş bolup duran ýüz görülýän aýnanyň öňüne bardy, sagat dakynmagyň özüne gelşip-gelişmeýänini keseden synlady. Ony gulagyna tutup, jyk-jykysyna diň saldy.
Şuňa çenli ähli zat ýerbe-ýerdi. Ýöne soňky hereketleri işi bulaşdyrdy duruberdi. Birdenkä Durdynyň kellesinde “Sagady bakja dakynaýsam neneň borka?” diýen pikir döredi. Onuň pikiriçe, hezillik şondan soň bolmalydy. Ýogsa-da, körpeleri töweregiňe üýşürip, olaryň hersine aýratynlykda sagadyň jyk-jykysyny eşitdirmekden başga-da bir hezillik bolarmy? Onsoňam şeýle täsin sagat Durdynyň kakasyndan özge kakalarda bardyrmy-ýokdurmy, kim bilýär? Gel, şol barmyşynam diýeli.Ony ilkinji bolup bakja dakynan kim? Elbetde, Durdy. Sebäbi olaryň kakalary işleýändirler, onsoň olar sagatlaryny her gün işe dakynyp barýandyrlar. Durdynyň kakasy bolsa bu günler rugsatda gezip ýördi.
Onsoň çagalaram onuň yzyndan aýrylmazlar. Iň bärikijesi oňa goňşularynyň ulumsyja ogly Muhammediňem işi düşer. “Menem bir dakynyp göreýin-le!” diýip, baý özelenip ýalbarar-a. Sagadyň terbiýeçi aýala-da peýdasy degse gerek. Ýogsa, ol zol-zol sagat sorap, köçeden geçip barýan adamlaryň halys ýüregine düşýär. Indi welin beýtmez, gelipjik Durdynyň sagadyna seredip gider. Şondan soň-a hemmelerem Durdyny gowy görer.
Ol şu pikirler bilen gapa bakan ýöneldem welin, elinden sypdymy-nämemi, sagat öýüň bir çetine zyňlyp gitdi. Durdy sagady alyp, ýaňadan dakynmaga hyýallandy, şol bada onuň aýnasynyň kül-uşak bolandygyna gözi düşdi, öz-özüne gahar edip oturdy.
Ol şol gün bakja-da keýpsiz gitdi. Ýöne bu hakda hiç ýerde, hiç kimiň ýanynda dil ýarmady. Sagady bolsa görünmez ýaly ýerde gizläp goýdy.
Aradan birnäçe gün geçipdi. Bir gün agşam Durdy ýatmak üçin irgözin düşegine geçdi, oňly uklap-uklamanka-da düýş gördi...
Ol bu mahal içerde kakasy bilen ikiçäk galypdy. Häzir kakasy onuň bilen sagatly waka hakynda düşünişmek isleýärdi. Ol eýýäm sagadyň aýnasyny döwüp, gorkujygyna ony gizläp goýanyň kimdigini bilýärdi. Munuň üçin Durdy mazaly käýinjem alypdy. Soňy bilen-ä muňa kakasynyň hasam gahary geldi. Şo dem Durda şarpygam çalyp ýetişdi...
Durdy ukudan hopugyp oýandy. Görse kakasy hem onuň golaý ýanynda nämedir bir iş bilen gümra bolup ýören eken. Durdyny şagga der basdy, demi-demine ýetmän, zordan gürledi:
--Kaka, kaka jan, Gaýdyp zadyňa el degirmäýin. Söz berýän. O gezegem sagadyňy tötänlikde gaçyraýdym. Indikide beýtmen!—diýip, eli bilen ýaňagyny sypady.—Onsoň seniň gaharyňam gelmez. Gaýdyp şapbadam iýmen, şeýle dälmi?
--Weý, weý, oglum, samrap dagy edýän-ä dälsiň-dä! Haýsy sagadyň gürrüňi? Könämmi! Meniň-ä ony nirede goýanymam ýadymda däl, eýýäm täzesinem edindim. Heý-de şonuň üçinem saňa käýäp bormy? O nämäniň şapbady?
- Käýäp, gaýta gowy etdiň-ä, kaka. Bolmasa, men hälem sagadyňy görkezmekçi däldim –diýdi-de, ýerinden turup, sagady bukup goýan ýerinden çykaryp berdi.
- Häý, garagol diýsänim. Bolýa, bolýa, zyýany ýok. Geçde ýeriňdejik ýatyber, biz ir bilen turmalydyrys, ertir gezelenje gidýändiris.
Durdynyň gerşinden agyr ýük aýrylan ýaly bolupdy. Ýöne birjik-de kakasynyň bolşuna düşünmändi. Ol asla gaharlanan kişä meňzänokdy. Hemişekileri ýaly häzirem şähdaçyk, mähirli ýüzi gülüp durdy. Şonda-da kakasynyň her bir hereketi eýýämden düşegine geçip, ýassyga gyşaran Durdynyň göwnüne hälki gören düýşüniň dowamy bolup göründi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty