ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ Sekizinji mynajat: BAHAR ÜÇIN ALKYŞ
Eýa, Biribar!
Seniň öz bendeleriňe sapak üçin ýaradan baharyňa hem aşyk men, hem haýran men.
Seniň baharyňda ömrümiň diriligiň, ýaşaýşyň öňünde ejizliginiň hem nalaçlygynyň sapagy bar.
Seniň ýaradan baharyňda dünýäniň iň beýik sypaty – gaýtadan jana gelmek, täzeden direlmek sypaty bar.
Seniň baharyň ölümiň ýeňlişidir.
Seniň baharyň dirilik hakykatynyň dünýä tarapyndan başdan geçirilmegidir.
Seniň baharyňda ölümiň demir penjesiniň, daşdan gatylarynyň ýaşaýşyň ýumşak, mylaýym hem ýeňil demine edil gar kimin eräp, bugaryp, uçup gidýänliginiň jedelsiz hakykaty bar.
* * *
Adam ulaldygyça, ýaşaýşynda bahardan daşlaşýar. Ýaşaýşyňda nämeden daşlaşsaň, hyýalyňda hut şoňa-da golaý barýarsyň. Barlykdaky aýralyk gaýyplykda wysala öwrülýär.
Men çagalygyň hem ýetginjekligiň ter duýgularyny ýitirmän, kalbynda saklap ýaşaýan adamlary gowy görýärin. Olaryň kalbynda hemişe bahar bar. Şeýle adamlar – içinde ýaşaýşyň tükeniksiz çeşmesi gaýnap-joşýan adamlardyr. Ol çeşmäniň berýän dirilik güýji adamy ýaşaýşa ynam, joşgun hem-de hyjuw bilen üpjün edip durýar. Şonuň üçinem beýle adamlaryň hemişe ýüzi nurana, hereketleri janly hem aýgytly, pikirleridir tutumlary bolsa döredijilikli we öndümli bolýar.
Bu kalpdaky baharyň işidir. Bahar sähradan hem daglardan, meýdanlardan hem gollardan möhleti çäkli toý-baýram ýaly sowlup gitse-de, ýaşaýşy söýen adamyň kalbynda hemişelik galýar. Munuň özi adam ömrüniň bahary bolan oglanlyk hem ýetginjeklik babatda-da şeýledir. Oglanlygyň hem ýetginjekligiň kalba şypaly, ömre sapaly juwanlygyny ýitirmän saklan adam ýalkanan kişidir. Daşynda haýsy döwür, nä zamana, nähili ýaş, niçiksi pasyl bolsa-da, onuň içinde, kalbynyň diňe özüne duýlup duran töründe ýaşyl bahar. Bu bahar terlik hem täzelik, öleňlik hem tämizlik çeşmesi. Adamyň manyly hem bagtly ömri üçin bu aňryýany bilen ýeterlikdir.
Adam ömri derýa bolsa, bahar täsirleri ol derýanyň gözbaşydyr. Derýa suwunyň bollugy, bereketliligi gözbaşa baglydyr.
Adam ömri dag bolsa, bahar täsirleri ol dagyň ak garly, asmanyň mawy çüýşesine direnýän çür başydyr. Ak garly başy bolmasa, daglar daşyndan umytly hem hyrydar bakýanlaryň gözlerine-de mähirsiz görner, onuň özi-de özüni guraksy hem teşne duýar.
Adam ömri sähra bolsa, bahar täsirleri sähranyň goýnundaky kak suwlary hem-de sähranyň kalbyndaky süýji suwly guýulardyr. Bu suwlar – kalpdan syzylyp çykýan ter duýgulary ýada salýan suwlar sährany janly hem diri edýär.
* * *
Gyş ötüp, togsan dolup, topragyň üşän endamyna ýyly ýaýrar. Günüň şuglasynyň mähri artar. Barha artýan mähriň täsiri bilen howa ulugyzyň demi ýaly ýumşak hem ýeňil bolar.
Birden bir ýerlerden üýşüşip, toplanyşyp gelýän gara bulutlar ýaz ýagşynyň ysyny getirer. Olardan üzülip-üzülip gaýdýan damjalar, ilkibada selçeňem bolsa, soňabaka gürelip gider. Güreldigiçe-de ýagşy batlanar.
Ýagyşlaryň yzy köpeler. Günde-günaşa Asmandan seleňlik, terlik hem serginlik ýagyp duransoň, howa-da gitdikçe üýtgär, mähir bilen ygalyň utgaşygy janly-jandar üçin eşretli hem şypaly diriligi artdyrar.
Bary-ýogy birnäçe ýagmyrly günüň içinde sähranyň keşbi bütinleý başga görnüşe geçer. Günüň mährinden hem Asmanyň ygalyndan ganan topragyň endamynda ilki gök otjagazlar, çakgyň çüýi ýaly akja, saryja hem goňurja gülli otlar peýda bolar. Ýazyň barha hökmürowanlyga girmegi bilen bolsa gülälekler, jümjümeler sähranyň eşigine täze reňkleri goşarlar.
Ýaz ygaly gelende, diňe bir adam aýagy, maşyn tigiri basmaýan ýerler däl, eýsem ýoldur ýodalaram, birmahalky torç edilen meýdanlaram ýap-ýaşyl reňk alar.
Şeýle günlerde özüňi köp ýuwlup, barha geregi azalýan eşik ýaly duýanyňy bilip galarsyň. Göwnüň hem bedeniň öwrenişen, ram eden adatylygynyň barha hossasynyň artýandygyny duýup, nähilidir bir hili terligi, täzelenişi küýsärsiň. Gözýetimi ýaşyl barlygy bilen tutup ýatan bu bahar şol argyn adatylykdan çykmaga, köne arabanyň birsydyrgyn hem iriziji depginine dönen ýaşaýyş mytdyldysyndan düşüp, sil suwunyň joşgunyna geçmäge mümkinçilik bolup görner. Başgalygy islärsiň. Köp ýatyp, ýata bolan, köp oturyp, otura bolan, köp basylyp, baslygan dünýäňe başlamaga geçirýän penjire, yş gerek bolar. Dirilik tohumjyklaryndan dolup akýan ýabyň boýundaky guran töňňe ýaly bolup, sen munda ýaşaýyşdan üzňe otyrsyň, dünýäni bolsa bahar gün-günden öz eline alyp barýar. Diriligiň güni gelýär, sen bolsa munda ýaşaýşyň möwriti öten bölegi, bedeniň gany doňup, sowap galan agzasy ýaly bolup otyrsyň.
Bir günem başyňy alyp, sähra gidersiň. Münersiň maşynyňa, emma gitdigiňçe, bu hili barşyň nädogrudygy baradaky duýgy ynjalyk bermez. Çünki seniň başga bir wagt-giňişlige geçip gidesiň gelýär. Başgalyk, çuň asmanyň töründäki başga bir dünýäň – planetaň maýyl edişi ýaly, seni başgalyk özüne çekýär. Maşyn bolsa seni şol öňküligiň içinde alyp barýar. Onsoň ýoluň bir gyrasynda maşyndan düşüp, gözüň ýok ýaly, ýolsuz-ýodasyz ýerlere gadam urup gidersiň. Şeýtseň, bahara, baharyň ter hem üýtgeşik kalbyna aralaşyp bilersiň. Öňküligi goýman, täzelige, adatylygy ret etmän, başgalyga baryp bolmaz-a. Adatdan çykyp hem ugruňy ýitirip, ýodadan aýrylyp hem ýoldan sowlup, baharyň çyn mekanyna, täzeleniş meýdanyna baryp bolar.
Gitdigiňçe keýpiň çaglanar. Hiç kimiň ýöremedik ýerinden ýöreýänligiň, hiç kimiň ugur diýip bellemedik ýerinden ugur alyp, hiç kimiň ýol diýip kesgitlemediginden ýol salýanyň döredijilik hem açyş guwanjyny döreder. Bir bölek serçe sürüsi ýaly, ýaňy paýyrdap geçip giden ýagşyň ýere ala düşenini görersiň. Tekizlik tutuş bolup görünse-de, jümmüşine aralaşdygyňça, otly-gülli belentlikleriň saýlanyp, olaryň aralarynyň bolsa goňur toprak bolup ýatyşynyň öz täsinligi bar. Ot çykmadyk ýerleriň topragy ýumşakdyr, aýagyň palçyga gider. Sogrup alarsyň-da, ýoluňy dowam edersiň. Otluga hala basan ýaly, gadam basarsyň. Ýuwa, ýelmik, gataňňyr, çigildem, ýaňy gögerip ugran ýabagan, arpagan – barynyň ömri seniň üçin gözigidijilikdir. Bahar entek kalbyňa girmänkä, terlik hem gözellik, owadanlyk hem dirilik özüňde däl-de, daşyňdadyr. Sen ýuwaş-ýuwaşdan bularyň içiňe aralaşýanyny lezzet bilen başdan geçirersiň. Ýolam yzda galdy, ýoda-da, durmuşam yzda galdy, kada-da. Sen bolsaň olardan gaçyp, bahara geldiň. Aýagyň aşagyna bak, aýak astynda çagalykda torç eden ýerleriň.
* * *
Bahar – gudratdyr.
Gudrat diýmek adatylygy, kanunalaýyklygy, düzgünliligi ret etmek diýmekdir. Bulara sygmaýan, bularyň düşündirip bilmeýän zady gudrat bolýar.
Bahar hem adatylykdan çykmakdyr. Baharda Allatagalanyň ýaradan jümle jandary yşk heserine uçraýar, dälireýär, adaty durmuşyň depgininden hem aýtymyndan çykýar. Baharda asyl duýgular adatylygyň kenaryny ýumrup, ýaşaýşyň ondan aňyrdaky giňişligine ýetýärler. Şeýdip, ýaşaýşyň çäkleri giňeýär, ol ugruny hem hanasyny üýtgedip durýan Jeýhun derýany ýada salýar.
Bahar Allatagalanyň öz mahluklaryna ýalkawydyr. Ýylda bir gezek Biribar külli jandaryň erkini özüne berýär. Şeýdip, ol dünýä ýaşaýşynyň öz-özüni dolandyrmagyny gazanýar. Erkine goýberilen janly-jandarlar bolmajysy bolýar. Mör-möjekler, ot-çöpler, gurt-guşlar, ýyrtyjy-gemrijiler – bularyň haýran galdyryjy işjeňligi, göýä dälirän ýaly hereketleriniň üýtgeşik gozgawlylygy bahary başga bir zadyň, has uly bir zadyň alamaty, nyşany edip görkezýär.
Ýogyny sozýan, inçäni üzýän baharda ýaşaýyş başga pasyldakysyndan has ýitidir hem ynjykdyr.
Külli jandary yşk girdabyna oklaýan baharda ýaşaýyş başga pasyldakysyndan has süýji hem howpludyr.
Baharyň ýaşyl şemallary has näzikdir hem heser getirijidir.
Baharyň ýaşyl suwlary has ýumşakdyr hem süýjüdir.
Baharyň barha yza çekilýän duýdansyz agşamlary has şowhunlydyr hem şagalaňlydyr.
Baharyň bulutly gündizleri ýatmak üçin amatsyz, oturmak üçin şertsiz, işlemek üçin taýsyz-deňsizdir.
Bahar söýmäge, däliremäge, ret etmäge, zabt etmäge, inkär etmäge, ykrar etmäge, berkarar etmäge, derbe-der etmäge gujur hem gaýrat berýär.
Bahar her ýylda gaýdyp gelýän ýaşaýşyň asylbaşkylygydyr, ilkinjiligidir, çagalygydyr, gögeleligidir.
Diňe bahar ýagyşlary dünýäni ýuwup, göwünleri täzeläp bilýär.
Diňe bahar ýagyşlaryna göwün ýuwnup, süllümbaý ezilip bilýär.
Diňe bahar ýagyşlarynda topragyň täzelenişine wada hem gaýtadan direlmegine umyt bolýar.
Diňe bahar ýagyşlary güllere öwrülip bilýär.
* * *
Ýaşlyk hem ömrüň baharydyr.
Ýaşlykda duýgularyň, garrylykda pikirleriň hereketi ýerliklidir hem datlydyr.
Ýaşlykda bütin ýylyň dowamynda ýekeje pasyl – bahar pasly bardyr.
Ýaşlyk näme söýdürmez, garrylyk näme duýdurmaz.
Nem dammasa, baharyň görki bolmaz, söýmese-söýülmese, ýaşlygyň görki bolmaz.
Ýaşlygy ýaşlyk göterer, ýagyş ýagar, gül açylar, garry oýnasa gyşyň gaýy turar.
Ýaşkaň, garran ýaly bolmak, gyşdan soň göni tomus gelen ýalydyr.
Baharyň görki – gyzyl gül, ýaşlygyň görki – gyzyl ýüz. Güýzüň görki – hasyl bilen, garrylyk görki – akyl bilen. Ir gelen bahar bilen ir gelen söýgi howpludyr. Giç gelen bahar bilen giç gelen söýgi umytsyzdyr.
Ýyl bahardan, ömür ýaşlykdan belli bolýar.
Baharyň gurby ýyla ýeter, ýaşlygyň gurby – ömre.
Goja Zemin huşunda ýaşlygyny gaýtadan ýaşaýar, goja adam hyýalynda ýaşlygyny başdan geçirýär.
Ýaşlyk – duýgy bollugy, bahar – ygal bollugydyr.
Ýaşlyk – ömrüň, bahar – ýylyň gorudyr.
Dünýä jümle-jandara ömür bermek üçin her baharda ýaşlygyna dolanýar.
Gyşyň göwni ýazda, ýazyň göwni bolsa dag bilen düzde.
Bahar dünýä ýaşaýşynyň dowamatynyň umydy.
Baharyň üsti bilen hem-de bahar mynasybetli heňňam öz baky ömrüni dowam edýär. Dünýä ýaşaýşynyň kaknus guşy bahar arkaly gaýtadan jana gelýär.
Baharyň gymmaty we sapagy diňe onuň daşky gözelliginde däl. Esasy zat munda baharyň içki manysy – ähli zatlar baharda täzeden döreýär, gaýtadan jana gelýär diýen manyda. Wagt baharyň üsti bilen öz-özüni täzeleýär, özüniň tükeniksizligini üpjün edýär.
Toprak bilen bagry badaşan her bir adam bahary söýýär, bahara ýüregi bilen düşünýär, bahara aňyrsy bilen ynanýar. Bahary duýup bilýän, bahary duşundan geçirmän, ýüreginiň üstünden geçirýän adam, bahara öwrenişip bilmeýän adam hakyky adamdyr. Çünki ol diriligi duýýar, ol toprakdan, ýaşaýyşdan üzňe bir zat däl, üznüksiz ýaşaýyş dowamatynyň daşyndan bakyjy däl-de, eýse onuň jümmüşinde dirilik hakykatyny ýüreginden, süňňünden geçirýän janly kişi. Bahara öwrenişip bilmeýän diýmek nämäni aňladýar? Bu dünýäniň gözelligini, diriligiň heýjanlygyny her gezek görende, oňa birinji gezek gabat gelýän ýaly, onuň özüne tarap alyp gelýän ýaşaýyş güýjüni janlylyk hökmünde kabul edip bilýän kişi diýmekdir. Kalbyň terligini, janly täsirlerini saklap bilmek juda möhüm. Bu adama heňňamyň janly aýlawynyň içinde galmaga pursat döredýär. Bu janlylykdan üzülen adam wagtyň dirilikden joş urýan gämisinden jansyzlygyň, ýalňyzlygyň öli deňzine gaçan ýalydyr. Eger adam daşyndaky janlylygy, diriligi pursatlaýyn duýup durmasa, onuň içinde-de janlylyk, dirilik galmaýar. Has dogrusy, hakyky gözel, hakyky baharlaýyn ýaşaýyşda iç-daş diýen duýulmalar ýokdur. Adam munda janly ýaşaýyş babatda özüni gülälegiň bir teli diýip duýýar. Dünýä, ýaşaýyş bilen bitewülik diriligiň iň ýokary hem arzyly ýüze çykmasydyr.
Özüni daşdan tapawutlandyrýan, özüni şol daşdan başga bir zat, oňa garşy bir zat hökmünde duýýan adamda ýaramazlyk döreýär. Ol – betnebislikdir. Özi bilen ýaşaýşyň arasynda çäk goýan adam bada-bat bir islegi edinýär – daşy, dünýäni, ýaşaýşy ele almak, ony ulanmak, oňa serişde, gural, närse hökmünde garamak, ony boýun egdirmek onuň üçin häsiýetlidir. Adam şeýdip iýijä, ýalhora, ýuwdarha öwrülýär. Onuň ýaşaýşy girisine salasy, ony gysymlasy, hatda mynçgalasy gelýär. Ol ýaşaýyş bilen deňdeş däl-de, oňa hökümdar bolmak isleýär. Ol ýaşaýşyň içinde däl-de, ýokarsynda özüni göz öňüne getirýär. Onuň gözleýäni dirilik bilen sazlaşyk däl-de, gapma-garşylyk. Ol ýaşaýyş bilen ömürdeş bolmagy, sözüň düýp manysynda onuň bilen baryş-geliş etmegi, mähriban hem mährem bolmagy özüne rowa görenok.
Emma adamyň hem dünýäden, janly toprakdan ýaradylanlygy sebäpli, aslynda bu ikisiniň bir bitewülikdigi sebäpli, ýaşaýşa el gatmak özüňe kast etmek bolup çykýar. Adamyň hamyrmaýasynda sazlaşygyň goýlanlygy, meýilleşdirilenligi üçin, bahardan üzňeleşenem bolsa, adam özüne ýalan, ýasama sazlaşygy oýlap tapmaly bolýar. Sazlaşyk – dünýä bilen gatnaşykdan lezzet almakdyr. Bahardan üzňe tebigy sazlaşygy, höziri, lezzeti ýitirensoň, onuň öwezini keýp, meslik, haramylyk bilen dolmaga synanyşýar.
Emma ýaşaýşy aldap bolmaýar. Beýle synanyşyk neşebentlik ýalydyr. Ol ahyry adamyň ruhunyň weýran bolmagyna getirýär.
Hawa, men adamyň tebigata nädogry – utilitar gatnaşygyndan has inçe hakykatlaryň gürrüňini edýän. Ýaşaýyş – ýöne bir tebigat däl, ol pelsepe, ruhy düşünje. Edil şonuň ýaly, nebis hem ýöne bir ahlaky düşünje däl, ahlak – adam bilen adamyň ýa köpçüligiň aragatnaşygynyň hadysasydyr, häzir bolsa gürrüň adamyň başga bir zada – ýaşaýşa, dirilige, munuň ýüze çykmasy bolan, suraty bolan bahara gatnaşygy barada barýar.
Hakyky adam – öz daşyna hem daşyndakylara eliniň astyndaky serişde hökmünde garamaýan adamdyr. Bu hili sypatyň ruhy-durmuşy esasy kalbynda baharyň bolmagydyr, ýaşaýyş bilen süňňi hem ruhy bitewülikdir.
Bahar – halasgärdir.
Bahara düşünen özüne, öz aslyna düşünýär.
Bahardaky oýanyşy, jana gelşi edil dünýäniň ýaradylyşyny, döreýşini synlan ýaly synlan adam kalbyna bahar hakykatyny ömürlik siňdirýär. Onuň muny gören paýhasy diriligiň, ýaşaýşyň daşyndan ýa gapdalyndan eldegrilmesizligini ykrar edýär. Onuň şuňa ynanan ahlagy bu dirilikden ýokarda bolup bolmajagyny, ondan üzňelikde gapdalda galyp bolmajakdygyny ykrar edýär.
Kalbyň baharly bolmak – ýaşaýşy ele getirmek, gysymyňa salmak, oňa akyl öwretmek, ondan gysganylmak däl-de, eýse ýaşaýşa, dirilige lükgeligiň bilen berilmekdir.
Ýaşaýşa berilmek – täze aňa, dirilik aňyna geçmekdir. Munuň özi özüňi endik boýunça ýöne diridirin öýtmek däl-de, hakykatdanam her pursatda, her demde diri bolmakdyr.
Munuň özi Ýeriň üstünden ýöräp barýarkaň, ýöne ýöremek däl-de, eýse dabanlaryň bilen topragyň mährini, diriligini, janlylygyny duýup barmakdyr, seniň öz diriligiňem şol janlylk bilendigine düşünip barmakdyr. Munuň özi topragyň astyndaky hem üstündäki külli dirilik, ýaşaýyş bilen bitewüdigiňi syzyp bilmekdir. Munuň şu topragyň astynda hem üstünde zähmet çekýän, ýaşaýan garynjanyňam özünden hiç bir babatda pes däldiginiň, seniň ondan baharyň öňünde artyk ýeriň ýokdugynyň, seniň üçin onuň mähremdiginiň hakykatyna ýürek bilen düşünmekdir.
Munuň özi asmana bakyp, ol ýeriň boşluk däl-de, dirilikden hem ýaşaýyşdan doludygyny görüp bilmekdir.
Munuň özi elleriň bilen ýyboýy öwsüp duran ýaşyl-u-sary, ak-u-gyzyl şemallaryň mähremligini duýup bilmekdir. Bu şemallaryň boş ýerden gelmeýändigini, boş ýere gitmeýändigini, bularyň seniň hem sen ýaly ýaşaýyş perzentleriniň başyny sypamak üçin öwüsýändigini görüp bilmekdir.
Munuň özi gulaklaryň bilen baharyň bakylygyň adyndan aýdýan aýdymlaryny, Zeminiň ýüreginden çykýan ýaşaýyş hüwdülerini, bahar gülälekleriniň telleriniň paşyrdysyny, bahar ýagmyrynyň ýere siňşiniň sessiz owazyny, topragy ýaryp çykýan otlaryň ösüşini eşidip bilmekdir.
Munuň özi arly ýyl, ylaýta-da ulugyz deý baharyň toýunda hyzmat edýän ýaly bolup, topragy astyndan sürüp, taba getirýän mör-möjekleriň jagyl-jugulyna diň salyp bilmekdir.
Munuň özi nirede bolsaňam, haçan bolsaňam, näme bolsaňam, ýerläp öwüsýän ýiti bahar şemalynyň getirýän ysyny – täzeje otlaryň, akja kömelekleriň, kak suwlarynyň topragyň tagamy gatylan ysyny unutmazlykdyr.
Munuň özi çagakaň ataň aýasyny, eneň gujagyny syzyşyň ýaly, hemişe ýaşaýşy syzmakdyr.
Kalby baharly adama kalby baharsyz adamyň binesip galan ýaşaýyş hakykatyny duýmak, syzmak, eşitmek, görmek berlendir.
Kalby baharly adamyň kalbynda mydama owadan hem hyjuwly saz ýaňlanyp durandyr.
* * *
Pasly baharlarda seýrana gitmek adamyň bahardan dörän süňňüniň hajaty. Ylaýta-da, ir baharda, alabaharda sähranyň giňişligi daryşgan dünýä berç bolan adamy ýitirilen jennet ýaly özüne çekýär. Hassanyň ragbaty giden bedeniniň özüne ýetmeýän ýokumlary küýseýşi ýaly, şäheriň bigänesi bolan kalbyň baharyň el degmedik türpeligini hem-de körpeligini küýseýär. Ýaşaýyş gurbaty egbarlan kalbyň özüni özüne getirjek çeşmäniň bahardadygyny bilýär-dä!
Onsoň, halys alyp ýatan, başyňa çykan adaty gurşawy taşlaýarsyň-da, dünýäň ýüregine tarap giden ýaly, Garagumuň jümmüşine özüňi atýarsyň. Garagumda bolsa ýaşyl bahar parç bolup ýatandyr. Ýuwa-ýelmikli meýdanlar, gülälekli gollar, jümjümeli ýol gyralary, bedýanly düzlükler, çomuçly alaňlar, adyrlyklar dünýä bolup öňüňden çykýar. Şäheriň näçe öwrenişseňem gulaga ýakymsyz goh-galmagalyndan soň, aladaň aladaňdan ýagýan ýagşyň üstüňdäki gara öýüň durluklaryndan syrygyşy seni nalaç oýarar. Hem uklap ýatansyň, hem baharyň owazlaryny eşidip ýatansyň. Az ýatsaňam, ukyňy mazaly alarsyň.
Ir turubam, ojakda ot ýakarsyň. Ojaryň ýakymly ysy öýüň içinde bir aýlaw edip, soňam bahara teşne kalbyňa ýetişer. Içeriň çygy aýrylar. Çopanyň myhman hezzeti diýip goýup giden çal-gatygy, aýran-agarany, sargan-peýniri tabak-tabak bolup durandyr. Bolan bir hepdäňiň içinde bedeniň aga mazaly endik eder.
Daşardan eşidilýän owlak-guzy sesleri, köşekleriň bozlamasy seni uzak oturtmaz. Daş çykarsyň. Eý-ho! Bahar Allatagalanyň adama ýylda bir gezek görkezmek üçin ýaradan gözellik sergisiniň özi bolup dur. Munda hemme zady görüp bolýar, duýup-syzyp bolýar, emma söze geçirip bolmaýar. Ýüzi täzelenen asmandan başlap görnügi täzelenen ýere çenli bar zatda el degmedik gyzyň türpeligi bar. Bu pursat diňe owlak-guzudyr, köşekler däl, bu pursat tutuş dünýäniň özi körpe. Süňňüňe baryp ýetýän ýaşaýyş körpeligi geň galdyryjy, üýtgeşik duýgy döredýär. Bu duýgy, megerem, Adam atanyň jan girip, gözüňi açyp, ýüregiňden geçiren ilkinji duýgusyna meňzeşdir. Seni gurşap duran, endamyňa degip, syzylyp geçip duran wagtyň tüýsi, tebigaty başga. Onda ýaňy gazylan guýynyň suwunyň, owuz süýdüniň, täze bugdaýdan bişirilen nanyň tagamy bar. Bu wagt Allatagalanyň dünýäni ýaradan ilkinji günlerindäki wagta meňzeşdir. Ine, baharyň gudraty! Ol seni ýaşaýşyň ýaradylan pursatlaryna, dünýäniň gözbaşyna dolaýar. Sen millionlarça ýyl ozalky howadan dem alyp bilýärsiň. Sen millionlarça ýyl ozalky Zemini görýärsiň. Bu taýda diňe arassalyk, päklik hem tämizlik bar. Bu taýda ajap geljege badalga hem şert bar. Bu taýda dowamaty soňy puşmansyz, ökünçsiz, özüňi aklamasyz edip gurmaga mümkinçilik bar.
Şonda sen bu ýerde özüňi üçünji hökmünde duýýarsyň. Ýöne bu artykmaç, bipaýan üçünjilik däl. Bu üçünjilik ýaşaýşa, döredijilige hem gözellige çakylyk. Sen şu pursatdaky bar zadyň asylkylygy ýaly, asyl manysynda, agzyňy açyp, aňk bolup bu päkizelige garap dursuň. Şol aralykda-da ýaňy ýaradylanja täze wagt gulagyňa pyşyrdaýar: «Munda saňa garaşýarlar. Ýaradanyň özi seniň miweleriňe, dünýä seniň işleriňe garaşýar».
Wagtyň jismine öwrülen şemal bu sözleri ýaşyl gözýetime tarap alyp gidýär. Bu sözler şemalyň yzyna düşüp, şemalyň içine düşüp, Ýer-Gögüň arasyny doldurýar. «Saňa garaşýarlar, seniň miweleriňe, işleriňe garaşýarlar...». Içine düşüp, bu sözleri alyp giden şemallar birsalymdan iri-iri ýagyş damjalaryny alyp, yzyna gaýdyp gelýärler. Ýüzüňe degen ter damjalardan özüňe gelip, üçünjiligiň ykbalyň asla soňkusy bolmaklyk däldigine düşünýärsiň.
Ine, seniň ýaşamaly, ýazylyp-ýaýnamaly dünýäň!
Ine, seniň gurmaly hem aman saklamaly dünýäň!
Ynha, seniň özgertmeli hem öňküligine saklamaly dünýäň!
Ynha, seniň beýgelmeli hem beýgeltmeli dünýäň!
Ynha, seniň döremeli hem ýok bolmaly dünýäň!
Ine, seniň ýaşamaly hem ölmeli dünýäň!
Öýlenjek ýigit ýaly, ýüregiň gürsüldisi artýar. Dünýä bolsa täze gelinlik ýaly, ejaply hem umytly ýylgyryp bakýar...
Men her baharda öz dirilik alapamy bir ýyl artdyrmak üçin ýaşyl Garaguma gidýärin.
* * *
Bahara kast eden pest bolar.
Bahara kast etmek näme bolýar?
Munuň özi ýaşaýşyň kalbyndaky bahara hem-de öz kalbyňdaky bahara kast etmekdir.
Munuň özi öz gezeginde ýaşaýşyň düýp ahlak-gözellik manysyndan özüňi aýrylamakdyr. Bu bolsa Allatagalanyň adamzadyň öňünde goýan, adamzadyň boýnuna goýlan wezipelerden ýüz döndermek ýa-da şeýle wezipeler asla ýokdur diýip pikir etmekdir. Ýaşaýyş belli maksatlar üçin ýaradylandyr, adamzadyň ýaşaýşy şol maksatlaryň barlygy we amal edilmegi bilen mana hem-de delile gelýär. Bularyň düýp manysy bolsa ýaşaýşa zeper ýetirmezden döredijilige meşgullanmakdyr.
Ýaşaýşyň zyýanyna işlemeýän döredijilikli iş tebigata hem jemagata, dünýä hem adama haýyrly işdir. Beýle işiň – ýaşaýşyň kalbyndaky bahary aman saklamagyň hem artdyrmagyň ýeke-täk şerti bar. Bu içki şertdir. Bu – adamyň içinde, kalbynda baharyň bolmagydyr. Munuň üçin öz gezeginde ýaşaýyş baharyny duýup bilmek gerek.
Adaty durmuşyň, aýdylyşy ýaly, durmuş kyssasynyň diline geçirip aýdylanda, munuň özi, ilkinji nobatda, topraga hem-de onuň üstündäki ähli janly-jandara söýgüdir. Toprak yzgarly bolsa, nemli bolsa, göze yssy, owadan görner. Çünki beýle toprak dogurmaga ukyplydyr. Onda bag-bakja, saýaly hem miweli agaçlar, ýaşyl arçalar, ekin bol bitýär. Beýle topragyň ýaşyl reňki adamyň kalbyna bereketli täsir edýär.
Toprak gurak bolsa, ap-ak bolup ýatsa, gözüňe ýakym bermeýär. Onda diriligiň alamaty az bolýar.
Adam kalby-da toprak pisintdir.
Hertnä, kalbyňyz baharly bolsun!
Kalbyňyzda bahar bolsa, muştagyňyzam köp bolar. Çünki kalbyň ýaşyl bahary ýaşaýşyň yşgynda saýraýan guşlary-da özüne çekýändir. Kalbyň bahary terlige hem türpelige mätäç adamlary-da özüne çekýändir. «Ýagşyny görmek jennet» diýlenidir. Seniň ýaşyl kalbyňdan göz açyp çykýan duýgy çeşmeleriniň hyrydary seniň pikir edişiňden has köpdür. Ýagşy söze hem ýagşylyga mätäç adamlar seniň ýagşy sözüňden hem ýardamyňdan hyjuw hem ynam alarlar. Ýagşylyk ýagşylygy, haýyr haýry döreder. Şeýdip, seniň kalbyňdaky baharyň düşnügi illeriň kalbyna geçer. Kalplardaky guraklyk hem gatylyk azalar.
Kalbyňyzyň baharyny köpeldiň!
Kalbyň baharyny köpeltmek özgeleriň ruhuny we gowulyga bolan ynamyny iýmitlendirmekdir.
Bahar – kalbyňyzda kesgitlilik bolsun!
Bahar – kalbyňyzda terlik bolsun!
Bahar – kalbyňyzda nuranalyk bolsun!
Bahar – kalbyňyzda yşganalyk bolsun!
Bahar – kalbyňyzda şeýdalyk bolsun!
Bahar – kalbyňyzda janlylyk bolsun!
Bahar – kalbyňyzda päkizelik bolsun!
Bahar – kalbyňyzda elwanlyk bolsun!
Bahar – kalbyňyzda nepislik bolsun!
Bahar – kalbyňyzda ýumşaklyk bolsun!
Bahar – kalbyňyzda sygymlylyk bolsun!
Baharda ýaşaýyş nusgasyny tapyň!
Bahardan ýaşamak göreldesini alyň!
Görüň-bakyň: baharda ne enaýy sygymlylyk bar! Gyş ukusynda kiçelip, gowzap, çekilip galan ýaşaýyş bahar gelende nähili giňeýär?! Baharda dünýä giňeýär, göwrüme gelýär. Kalbyňyz baharly bolsun diýseňiz, duýgularyňyzy, hyjuwlaryňyzy, hyruçlaryňyzy, joşgunyňyzy sygdyrýan giňişlik ediniň!
Görüň-bakyň: baharda ne gözel kesgitlilik bar! Munda jansyz-u-janly jemendäniň hersiniň orny ýekänme-ýekän kesgitlenen. Munda ne artyk zat bar, ne-de ýetmez zat. Munda ne bulaşyklyk bar, ne-de garjaşyklyk. Kalbyňyzda hyýallaryňyz hem islegleriňiz kesgitli hem aýdyň bolsun!
Görüň-bakyň: baharda ne anjaýyn terlik bar! Baharda topragam ter, baharda asmanam ter. Baharda öwüsýän ýellerem ter, ýagýan ýagyşlaram ter. Baharda howanyň ysy-da ter.
Kalbyňyzdaky barça zatlarda terlik hem körpelik bolsun!
Görüň-bakyň: baharda ne ajap nuranalyk bar! Bahar ýylyň iň nurly paslydyr. Günde-günaşa asmandan nur ýagyp, dünýäni minewwer eder. Gülleriň ýaňagyndaky damjalar nurlanyp, olarda ýaşaýşyň owadan jemaly görner.
Kalbyňyz bahar deý nurana bolsun! Kalbyňyzyň nuranalygyndan dünýä röwüş alsyn!
Görüň-bakyň: baharda ne ajaýyp yşganalyk bar! Munda bilbil gülüň yşgynda saýrar. Munda hozanaklar gülälekleriň, kebelekler läleleriň üstünde pelesaň urar, ganat kakar. Munda yşga düşmedik ýokdur.
Kalbyňyzda hemişe hem her pursat yşganalyk bolsun!
Görüň-bakyň: baharda ne täsin şeýdalyk bar! Baharyň ýaşyl bulutlarynyň şeýdalygy içine sygman, bulutlar ýarylyp, ýyldyrymlar çakýar. Baharda barça mahluk yşkdan däliräp, düze çykýar.
Kalbyňyzyň şeýdalylygyny aman saklaň!
Görüň-bakyň: baharda zyba janlylyk bar! Baharda ýaşaýyş jana gelýär. Ýeriň üsti hem, asty hem ukudan aýňalan jandarlardan pürepür dolýar.
Görüň-bakyň: ýazlarda ne gözel elwanlyk hem nepislik, ýumşaklyk hem päkizelik bar!
Bahardan ybrat alyň!
Bahardan bol alyň!
Pikirleriňizde hem duýgularyňyzda baharyň gülleri ýaly elwanlyk bolsun!
Niýetleriňizde hem pälleriňizde baharyň howasy ýaly ýumşaklyk bolsun!
Hereketleriňizde hem amallaryňyzda baharyň jemaly ýaly nepislik bolsun!
Bahar üçin kalbyňyzyň gapylaryny açyp goýuň. Bahar kalbyňyzy solgunlykdan hem saralmadan halas eder.
Bahar kalbyňyza gujur hem-de pikirleriňize çelgi berer. Kalbyňyza ornan zat ömürlik özüňiziňkidir. Kalbyňyzda näme bolsa, siziň özüňizem şolsuňyz.
Kalbyňyzyň bahary siziň bakylygyňyzyň girewidir.
Kalbyňyzyň bahary siziň görkanalygyňyzdyr.
Kalbyňyzyň bahary haýyr işlerde, ýagşy amallarda siziň merdanalygyňyzdyr.
Kalbyňyzyň bahary ýagşy sözlerde siziň dürdäneligiňizdir.
Kalbyňyzyň bahary ýaşaýşa bolan jananalygyňyzdyr.
* * *
Eýa, Biribar!
Garran wagty ýigdeldýän, köne dünýäni täzeleýän gudratly baharyň üçin saňa hamd-u-senalar bolsun!
Ýaşyl bahar dünýäniň göwnüdir, dünýä garrar, göwni garramaz.
Eýa, Biribar!
Adam ogluna gojalykdan ýigdelmegiň syryny açýan ybratly baharyň üçin hamd-u-senalar bolsun!
Çigreklije ter gijeleriň dilinde,
Güneşlije ner gündizleriň dilinde,
Damjadan hal edinen maýsalaryň
Säher şemalyna reň beren körpeleriň dilinde kalbym bilen syr alyp, syr berişýän
Söhbetli baharyň üçin hamd-u-senalar bolsun!
Mumly göwnümiň küýsäni ebri-neýsany bilen,
Haşr üçin jana gelen mury, murgy, heýwany bilen,
Pany kalbym galkyndyran yşgy-peýmany bilen
Maňa mähribanlyk kylan
Şadymanly baharyň üçin hamd-u-senalar bolsun!
Jan höwesine hözir beren,
Iman kesbime huzur beren,
Gan damaryma köleg bolan,
Paşmadyk söýgimden golaý,
Biwepa dostlukdan ýeg bolan
Eşretli baharyň üçin hamd-u-senalar bolsun!
Ýaşaýyş içre soltany,
Dirilik içinde hany,
Gözel gyz deý
Syratly baharyň üçin hamd-u-senalar bolsun!
Eýa, Biribar!
Ýerde Nowruz hormaty!
Gökde Aýgyz hormaty!
Şabram şelpeli gijeler!
Körpe gündiz hormaty!
Baky Zeminiň hakyna,
Müdim dirilik hakyna,
Öten ata-babalaryň,
Geljek nesilmiň hakyna
Näzli baharlarymy hümmetli et, hereketli hem görmekli et!
Osman ÖDE.
Filosofiýa