07:25 Şem aljak | |
ŞEM ALJAK
Goşgular
Ýaşap ýörseм altmyş geljegem bolsa, Ýürek welin ýigrimbäşden gaýdanok, Lak atsam gyz, gelin güljegem bolsa, Göwnüm şonça ýaşandyryn öýdenok. Geçenimden soňam munça menzil ýol, Bilmeýänem bolsam ertäň hasabyn, Süpürýänem bolsa yzlarymy ýel, Görkezip kä elindäki hasasyn. Däl bolansoň gara basym bir meňki, Köpelip gitse-de borjumyň sany, Wagt geçip dursa-da her hil-her geňsi, Sözlerim gysgalyp artsa-da many. Entejikler sala saljak göwnüme, Ýüregimiň emri bilen dem aljak, Gün batsa garaşyp täze-now güne, Ýene ýüz ýyl ýakar ýaly şem aljak. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||