20:21 Şirin sözüñ gymmaty | |
ŞIRIN SÖZÜÑ GYMMATY
Dil biliminde esasy ugurlarynyň biri ene dilimiziň sözleriniň aslyny we many ösüşini yzarlamakdyr. Asyl türkmen sözlerini dikeltmek, olaryň dürli many öwüşginlerini açmak we many aýratynlyklaryny derňemek halkymyzyň diliniň taryhyny aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmen sözleriniň taryhy ösüş sebäplerini sözlükleriň mysalynda öwrenmek dil biliminiň derwaýys meseleleriniň biridir. Sözlükler sözleriň etimologiýasyny ýüze çykarmakda ygtybarly maglumatlary özünde saklaýar. Ýagny sözlüklerde ygtybarly deliller öňe sürülýär. Bu hem sözlükleriň ylmylygyny we ähmiýetliligini kesgitleýär. Eýsem, sözlük näme? Sözlük dildäki sözleri jemleýän we olary belli bir tertibe salýan gollanmadyr. Onda diliň sözleri hasaba alynmak bilen birlikde, olaryň her biriniň emele gelşi, ýazylyşy, aýdylyşy, aňladýan manylary we ş.m. hakynda maglumatlar berilýär. Ýagny sözleriň her birine mahsus bolan aýratynlyklar sözlüklerde aýratyn görkezilýär. Hut şonuň üçin-de, ondaky her bir sözüň taryhy ösüşiniň kanunalaýyklyklaryna düşünip bolýar. Ondaky her bir sözüň aňrysynda bolsa halkyň taryhy hakykatlary gizlenip ýatyr. Türkmen dilimiziň örän baý sözlük gory sözlüklerde öz beýanyny tapýar. Sözlerimizi ähli öwüşginleri bilen nesilden-nesle geçirmekde sözlükleriň aýratyn hyzmaty bar. Sözlükler türkmen dilimizi, has takygy, dilimiziň taryhyny we şiwe gepleşiklerimizi öwrenmek üçin ähmiýetli çeşmedir. Sözlükdäki sözleriň mysalynda türkmen diliniň taryhy ösüş ýoly we basgançaklary öwrenilýär; diliň ilki kabul eden, soňra öz düzümine siňdiren söz gurluşlary anyklanylýar; söz kökleri ýüze çykarylýar, ýagny sözleriň asly yzarlanylýar; sözlükleriň söz gurluşyna siňip, bitişip giden goşulmalar anyk edilýär; dilimiz täze çeşmeler bilen baýlaşdyrylýar. Sözlüklerde sözleriň gadymy ýagdaýy, esasan-da, olaryň kem-kemden ösüşi, şu günki günlerimize gelip ýetişi we many gatnaşyklarynyň kemala gelşi taryhy ösüşiň, ýagny döwrüň önümi hökmünde görkezilýär. Dilimizde eziz sözi bar. Ol häzirki zaman türkmen dilinde ýörgünli ulanylýan sözleriň biridir. Bu söz dilde sypatlary we hallary hasyl edýär. Sözüň «jandan eý görülýän, mähriban, gowy görülýän; gadyrly, hormatly, arzyly; oglana dakylýan at» ýaly manylary 2016-njy ýylda neşir edilen «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» hasaba alnypdyr. Mysal üçin, "Mundan bagtyň başga zatlar däl-de, eýsem, adamyň özüniň iň eziz görýän zadydygy aýan bolýar. Ymtylynýan maksatlaryň, eziz görülýän mertebeleriň köp bolýandygy üçinem bagt eziz, artyk görülýän mertebeleriň iň peýdalysy" [Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet guşy. Aşgabat, TDNG, 365–366 s.]. Eziz sözi ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen işlikleri ýasamaga gatnaşyp, edebi dilimizde işjeň ulanylýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Döwlet guşy» kitabynyň bir bölümi-de şeýle sözleri ulanmak arkaly atlandyrylypdyr: «Ezizleýän ezizlener» [Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet guşy. Aşgabat, TDNG, 243 s.]. «Gadymy türkmen diliniň sözlüginde-de» bu söz ýokardaky manylarynda bellige alnypdyr: eziz [ezi:z] gadyrly, hormatly, eziz. Sözüň beýleki sözler bilen birlikde gelmeginde bu manylar has aýdyňlaşýar: eziz bolgaý – «hormatlanýan bolsun, gadyrly bolsun» manysyndaky alkyş-dileg: Uluglar sözi dek eziz bolgaý (SB, 125b-33). Her ýerde bolsa eziz bolgaý (SB, 126a-9). <> Müsür ezizi – 1) Müsüriň Ýusup pygamberiň döwründäki wezirlerine berilýän lakam: Müsür ezizi kim, ol zamanda Ryýan ibn el-Welid erdi (SB, 4b-14). Müsür ezizi kim, Ýusufny aldy (SB, 4b-17). 2) Ýusup pygamberiň lakamy: Bir ýyl ötgenden soň Ýusufny eziz ýerige wezarat mansabyga mensub kyldy, andyn soň Ýusufny eziz diýer erdiler (SB, 5a-27). <> Ezizi-Müsür – S: Müsür ezizi Ýusuf dagy wefat bolgan çakgaça ezizi-Müsür erdi (SB, 5a-29). Ýakub ogullary(ny) aşlyg tamgyga ezizi-Müsür alyga ýiberdi (SB, 5b-2) [263 s.]. Emma Mahmyt Kaşgarlynyň meşhur sözlüginde bu söz düýpden başga manyda gelýär: eziz: her bir zadyň beýigi, belendi. Görşümiz ýaly, sözlükdäki sözler söz baýlygymyz hökmünde türkmen medeniýetimiziň, esasan-da, ene dilimiziň gadymydygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Hut şonuň üçin-de, sözlükler biziň günlerimizde bahasyna ýetip bolmajak lingwistik hyzmaty bitirýär. Sözlükler taryhy deňeşdirme söz ýasalyşyny we leksikologiýany işläp düzmekde, ony täze çeşmeler bilen baýlaşdyrmakda, diliň taryhynda bolup geçen çylşyrymly ösüş ýoluny yzarlamakda, sözleriň köküni ýüze çykarmakda, asyl türkmen sözlerini we olaryň görnüşlerini anyklamakda, sözleriň ilki kabul eden, soňra öz düzümine siňdirip, bitişip giden goşulmalaryny dikeltmekde, türkmen sözleriniň aňladýan manylaryny we many aýratynlyklaryny seljermekde, ahyrky netijede, türkmen halkynyň diliniň baý taryhyny öwrenmekde ylmy ähmiýete eýedir. Olardaky sözleri derňemekden alnan maglumatlar diliň taryhynyň ösüşini, özgerişini, kemala gelşini öwrenmekde sözlükleriň ähmiýetiniň bardygyny anyk edýär. Asyrlaryň aýlanyp, ýyllaryň geçmegi sözlükleriň bu wajyp ähmiýetini has-da artdyrýar. Çünki sözlükler özünde halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny, asyrlaryň jümmüşine uzaýan çuňňur köklerini jemleýär. Olar türkmen halkynyň medeni-ruhy mirasyny we dilimiziň taryhyny öwrenmekde tapylgysyz hazynadyr. Maýagözel JEPBAROWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |