* * *
Gije düşüp, daş-töwerek garaňkyrap, gözýetim barha daralyp ugran çagy tilki süreniniň agzynda oturyp, howany ysyrganyp, dünýäniň habaryny alansoň, çagalaryna baş bolup, daşaryk çykdy. Ol hemişe edişi ýaly sürenden atylyp çykyp, şol bady bilen hem garşydaky baýryň üstüne ýarmaşdy-da, hemmeden öň baryp, onuň çür depesinde joňkaryp oturdy. Töweregi synlap, hiç hili howpuň ýokdugyna ýene-de bir gezek göz ýetirýänçä, tilkijikler hem idirtde-midirt bolşup onuň ýanyna gelişdiler.
Kiçijikleriň iň tokarjasy bu howlukmaçlygyň nämüçin¬digini biljek bolman, gele-gelmäne nadyl bolup, ejesine igendi:
- Eje, näme durşaňzogam-a, men ýetişemok ahyry.
- Men köp aýtdygymça sen az eşidýäň, çagam...
- Nämäni az eşidýän?
- Öýde siz meniň çagamsyňyz, meýdana çykylansoň, iliň birisiňiz diýip düşündirmedimmi näme?!
- Ejem meýdana çykylansoň, öz başyňy çaramaly diýýär - diýip, doganynyň öýkesini ýerliksiz hasap eden tilkijik eneleriniň arkasyny çaldy.
- Seňki näm-aý - diýip, uýasynyň gapdaldan gep goşmagyny halamadyk tulparja tilkijik seňrigini ýygryp gaharlandy.
Möngözlüje bu taýa it arkaýynlygy bilen islän ýerin¬de durup, islän zadyny ysgap, iň sonundan geldi.
Garaňky barha goýalýardy. Tilkiler uly şatlyk bilen Günüň gidip, soňundan gara bermedik tarapyna sere¬dişip, gijäniň baýyr yzyndan baýyr ýuwduşyny, otlaryň reňkiniň garalyp, soňundanam olaryň ýitip gidýänini synlaşyp, hoş bolşup otyrdylar...
Eneleriniň şeýle pursatda aýtmagy gowy görýän aýdymyny ýatlan naşyja tilki şol aýdymy ýene-de bir gezek eşitmek isläp enesine ýüzlendi:
- Eje, şol aýdymyňy ýene-de bir aýdyp bersene?
- Aýdymmy? - Tilki sakyndy-da, pikirini jemläp aýdymyny ýatlady.
Ýene gara gije çykypdyr düze,
Gelýär assa-assa biziň öýmüze.
Gündiziň etegni az-azdan gädip,
Gelýär ol alaňlaň üstünden ädip.
Ýitdi oň içinde towşanyň hini,
Köpelýär gark bolýan sürenleň sany.
Ot-çöpi ýuwutdy ýeke-ýekeden,
Guşlar kömre dömüp, gaçdy depeden.
Biziň töweregem gabady tümlük,
Indi ukym tutýar, gözlerim ýumluk.
Aýlanar köp ýeri ol ýene şeýdip,
Gündizlik Gün bilen gelýänçä gaýdyp.
Hemmeleriň nazary Günüň batan ýerindedi. Garaňky gijäniň arkadanam şol bir tizlikde ýetip gelýäninden, bu Günüň batanyna begenişip, döwre gurşup, aýdym diňleşip oturan tilkiler habarsyzdy.
Gije gelip, olaryň oturan baýryny hem ýuwdansoň, tilkileriň gözleri birnäçe çyrajyga meňzäp, köräp ýandy.
Gündize seredeniňde gije has hezillik ekeni. Ýöne bu hezillik henize çenli Möngözlüjäniň ünsüni çekmändi. Şonuň üçinem ol bu hezilligi özi üçin täzelik hökmünde kabul etdi. Daş-töwerekde tanyş-u-nätanyş haýwan¬laryň, mör-möjekleriň garaňkynyň deňzine goşulan ysy owsun atýardy. Telim bir ys oňa golaýlaşsa, ençeme yslar ondan daşlaşmak bilen bolýardylar. Şeýle-de ol tiz öz gözleriniň gijelikde gündizki görşünden artyk görmese kem görmeýänini anyklady. Ol özüni gündizki ýagdaýy bilen deňeşdirende gije has ýeňil hem ynjalykly duýdy. Gündizine ony Gün heläk ederdi. Gün jyzyran günleri ol alakjap öz haly bilen bolmazdy. Gündizine siňek diýdi, gögeýin diýdi, sakyrtgadyryn diýdi, onuň Günden başga-da ýagysy az däldi. Ol şeýle günlerde özüni sowuk sürene atyp, tilkijiklere meňzäp, ýok ýaly bolup ýatardy.
Tilkileriň köp gylyklary Möngözlüjä ýaramasa-da, olaryň gündizlerine daş bolşup ýatmak gylygy oňa ýarady. Juda bir zerur bolaýmasa, aňsat olar gündize gara bermezdiler. Ene tilki oturan-turan ýerinde özleri üçin iň gowy pursadyň gijedigini, gije gelende goýun-guzynyň eýesi adamlaryň kör bolýandygyny, şeýle bolanda hut gijä dulanyp baryp olaryň alkymynda-da iş goparyp bolýandygyny sakyrardy. Soňundan bolsa her goşda özlerinden artyk görmese, kem görmeýän itleriň üç-dördüsiniň bardygyny, olardan gaty howatyr etmeli¬digini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirerdi. «Itler» diýen wagty ol hemişe öz gepini öz çagalarynyň biri ýaly bolup diňläp oturan Möngözlüjä tarap gyýa gözleriniň birini aýlap goýbererdi.
Bir gezek Möngözlüje bilen naşyja tilkijik ikisiniň yzarlap barýan ysy olary alkymynyň gasynyny köpeldip oturan zemzeniň üstünden getirdi. Ol serginde awa çykypdy, gözi gören mör-möjejiklerini ussatlyk bilen tutup, özüniň doýmaz-dolmaz bokurdagyndan ge¬çirýärdi. Zemzen özüni görüp kürtdürişip aýak çeken güjüjeklere öňünden çykylanyny halamandygyny mälim edip, birsalym aw awlamasyny goýdy-da, alkymyna gasyn atdyryp haşlady.
- Näme, mön bolşup dursuňyz? Ömrüňizde zemzen görmediňizmi?
- Ýok, göremzok.
- Onda men şol!
- Hä... ä... ä.
- Näme «hä-ä-leşip» üstüme abanyşyp dursuňyz? Meniň işim-derdim tilki çagalarynyň önünde süýnüp-sarkyp durma däl. Bilýäňizmi, maňa bir gezek doýmak üçin 360 sany mör-möjek gerek. Siziň agzyňyza öwelip dursam, men gar¬nymy haçan doýyryn? Ýaňy iýen gurçugym-zadym 164 sany. Hasap edip görüň, ýene-de maňa näçe mör-möjek iýmek gerek. Boluň, hasaplaň!
- Biz hasap bilemzok.
- Siz tilkilere beletdirin, «bilemzok» diýşip, meni aldajak bolmaň. Siz tilkileriň hasapsyz zady bolmaz. Bilmeýän bolsaňyz, baryň ejeňiziň ýanyna, onuň özi öwreder.
Zemzeniň könäni dörüp gepledigiçe gahary geldi.
- Siz tilkiler bilen möjekler ýesersiräp, çölüň berekedini gaçyran siz. Siz hemişe meniň iýýän mör-möjeklerimi özüňiziň porsy aýagyňyz bilen depeläp gezýäňiz...
Möngözlüje bilen naşyja tilkijik zemzeniň öz-özünden ýel alyp, boluberşini görüp, ondan çekinişip yza tesdiler. Olar gelibem öz gören-eşiden zatlaryny gijäniň düşenine özüni ynandyryp oturan ejelerine gürrüň berdiler.
- Çişdimi? - diýip, tilki göwnübirlik bilen oturyşyny üýtgetmän sorady.
Tilkijikleriň ikisi iki ýerden «çişdi-de-çişdi» boluşdylar.
- Aý, goý, çişsin. Onuň gaharlansa, hemişe-de şeýdäýmesi bardyr.
Tilki soňundan könäni ýatlady: «Bizem bir wagtlar (uýam ikimiz) ejemiziň gözüne güýdüşip gaçardyk-da, gidip zemzeni tapardyk. Herimiz bir tarapyndan baryp onuň gaharyny getirerdik. Ol kükregine ýygnabilen howasyny ýygnap çişerdi. Bizi çemesine getirip bilme¬ýäni üçin guýrugy bilen ýeri gamçylardy. Biz ol ýagşy gaharlanyp çişensoň, ýene-de ylgaşyp yzymyza gaýdar¬dyk. Ýöne onuň gamçysyna gabat geläýjek bolmaň. Onuň bilen bolýan hezil oýnuň erbet gutarýanynam men gördüm.
Bir ýola biziň iki bolup duýdansyzja bir ýere gidýäni¬mizi görüp, üçünji doganymyz hem yzymyza düşdi. Ol pakyr, dogrudanam, galyp-gopanda bizden goýazrakdy. Biz üç dogan bolup, zemzeniň hezilini görmek üçin üç tarapdan hüjüme geçdik. Zemzen gaharyny içine toplap, ýene-de hum ýaly çişdi.
- Indi men siz tilkijikleriň oýunjagymydyryn? - diýip, özüne erk edip bilmän sandyrady.
- Seniň şol kükregine toplanyň hemme gaharyňmy ýa ýene-de barmy? - diýip, men ony öz ýanynda ýaňsyladym.
- Gahar näme işlesin munda. Pöwhe ýeldir-le - diýip, uýam hem ýaňsylamakda menden kem oturmady.
Biz gep atyşyp zemzeni çişirip durkak, üçünji dogany¬myz oňa has golaýlaşan eken. Ol guýrugyny bir bulanda biziň gözümiziň öňünde doganymyzy ýere ýazdy. Biz ylgaşyp ejemizi alyp gelýänçäk, zemzen eýýäm içini sowatmaga ýetişen eken. Şoldur-da-şol, meniň onuň bilen ugrum ýokdur.
Tilki çagalary ejelerini diňläp oturyşlaryna ilkibaş¬da: «Bizem ejem dagy ýaly indi ony çişirip oýnarys» diý¬şip oýlanan-da bolsalar, gürrüňiň ahyryny diňlän¬soňlar, olara bu oýnuň howpludygy belli boldy.
- Gowusy, onuň ýanyna barmazlykdyr. Öňüňizden çykaýsa-da oýtarlaň-da geçiberiň. Artyk duşman gazan¬maň, onuň geregem ýokdur. Onsuzam biziň ýagymyz az däldir. Goý, ol bolsa «Tilkiler menden çekinýäler, olar meni gören ýerlerinde sowlup, ýol berýäler» diýip, öz göwnüni hoş etsin.
Tilki öz gürrüňini ýene-de ýaşululara mahsus akyl berme bilen tamamlady.
Pyşbagany bolsa hiç kimden soraman, duşan wagty Möngözlüjäniň özi tanady. Ol bu pyşbaganyň hut düý¬nem şu ýerde ýapa ýarmaşyp ýatanyny biraz daşrakdan görüpdi. Möngözlüjäniň keýpi kökdi, şonuň üçinem onuň ýeri diňşirgenip, irkiljiräp ýatan pyşbaga biraz degesi geldi. Onuň daşyna aýlanan bolup ýesersiredi.
- Hany, habary nädip alýaň-ow, pyşbaga?
- Näme habaryň bardy, oglum? - diýip pyşbaga gasyn-gasyn boýnuny arkasyndaky düňderilen gazanyň aşagyndan çykardy.
- Näme tutduň, şol ýere ýapyşyp ýatyrsyň-la?
- Heý, oglum, hiç zat. Bu dünýä hiç kime tutdurýan däldir!
- Onda näme, sen şol bir ýeri bagyrtlap, goýbermerin diýip ýatyrsyň?
- Häý, saňa oýun gerek, oglum!
- Ýa sen ýeri diňleýämiň? Hany, aýt onda, ol näme diýýär?
- Ýermi?.. Şol güjüjege aýt, goý, ol öz ugruna gitsin, ýogsa-da diýilmejegini diläp alýar. Şeýle-de aýt oňa, garry pyşbagalary oýnajak bolmak aýypdyr diýýär.
- Onda senem, pyşdyl aga, şol ýerine aýt, hondan bärsi bolan bolmasyn.
- Dur, dur, oglum! - Pyşbaga elini daldalap, güjüjege ýeriň adyna erbet söz diýdirmezlik üçin öz goýaz häsiýetini unudyp howlukdy. - Ýere dil ýetirmeli däl¬dir, oglum, üç gezek toba etdim diý derrew!
- Diýmesem näme?
- Onda ýer saňa gargyş eder, oglum, onsoň sen baýnamarsyň. Bol, üç mertebe ýalňyşypdyryn diý!
- Diýesim gelmese näme?
- Häý, samsyk diýsäni. Mukaddes zada-da bir dil ýetirilermi? Ine, men seniň ýedi däl, ýetmiş arkaňy bilýän ahyry. Seniň it nesliňde ýolbars bilen tutluşany bar, möjek bilen dalaşyp, ýaradan öleni bar. Guduzlap düze çykanyň bar. Sesi bilen süriň daşyna gala bolup oturanyň bar. Olaryň hemmesi-de kyn günlerinde güýji ýerden alyp¬dylar. Ýöne seniň ýaly tilkiniň awuna kaýyl bolup, tilkileriň derejesine çenli kiçelip ýöreniňizi welin görüp-eşiden däldirin...
Möngözlüjäniň hakykaty uzak diňläp durmaga taka¬ty ýetmedi. Ol ýaltaklap yzyna öwrülmek bilen boldy.
- Hä, hakykaty diňlemek ýaramadymy, gaçyber, gaçyber, ýöne, barybir, ol seni sypdyrmaz.
Pyşbaga özüniň gyryljaksy sesi bilen onuň yzyndan gygyrdy. Ol baýyrlara münüşip, düşüşip, şatyrdaşyp barýan tilkileriň yzyndan ýeten mahaly naşyja tilkijik ýene-de onuň gapdalyna gysmyljyrady.
- Niräk ýitdiň-ä?
- Hol, ýapyda bir pyşbaga bar ekeni.
- Haý, şoň bilenem bir gepleşer ýörerlermi? Onuň ne etini iýip bolýar, ne-de ýagyşdan gaçyp gelýärkäň öýüne girip gizlenip bolýar.
- Şeýle-de bolsa, ol örän täsin ekeni.
- Ol ýerde düşegiň-ä ýumşady öz-ä.
- Pyşbaga iki ýüz elli ýaşapdyr.
- Nädip?
- Howlukman bolaýmasa...
- Menem üçe çenli sanap bilýän, iki ýüz elli üçden köpmi ýa az?
- Näme yza galýaňyz? - Ene tilkiniň igenç äheňli sesi tilkijikleriň ädimini tizledi.
Birsalymdan Aý dogup, Pendi baýyrlary birmeňzeş süýtreňk ýagty bilen örtündiler.
Tilki bu gün öz çagalaryny taýyn awuň ugruna äkitdi. Çopan-çoluklar haram ölen mallary sürüden saýlap, bir gorpa atýardylar-da, üstüne birki pil gum atyp, telli-pelli gömüp gaýdýardylar. Ýaltarak çopanlar bolsa bu iki pil gumy hem atman, getiren maslygyny mör-möjegiň üleşigine galdyryp, yzlaryna dolanardylar. Şeýle taýyn «aw» has-da çölde kiçijik guzujyklaryň köpel¬ýän wagty, ýazda köp bolardy. Tilkiler bu «awy» öz ýanlaryndan «taýyn aw» ýa-da häki bir «garyndoýurma» diýip atlandyrardylar. Ýöne beýle awuň iýlen wagty, hakyky aw awlanyndaky ýaly, şeýle bir tagamy bolmaz-dy. Şeýle-de bolsa garnyňy doýurmak, hut şunuň özem kiçi alada däldi. Tilkileriň arasynda bu meselede: «Aw eti bilen taýyn awuň ikisiniňem bitirýän işi bir, ikisem deň ýokumly, ikisem bize güýç-kuwwat berýär» diýip, gören ýerinden tapan zadyny iýmeli diýen pikire uýýanlar-da az däldi.
Ene tilki hem bu öwräniň: «Hut gören ýeriňden tapan zadyňy iýmeli» diýen pikire eýerýän tilkileriň birisidi.
Olaryň ilkinji gelen ýerlerinde ýaňyrak ölen guzu¬jygyň ysy bolsa-da, onuň özi ýokdy. Ony şagalmy, möjek, haýsydyr biri gabat gelip, süýräp giden borly. Guzujygyň ysy depesinden düýbi has garaňky bolup görünýän, iki aýyrt bolup ýatan jülge tarapdan kükeýärdi. Aýaklaryň ol ysyň yzyna düşesi gelse-de, gözleriň öz görmedik zadyny gidip gözläsi gelmedi. Galyberse-de, «taýyn aw» her süriniň diýen ýaly töwereginde bolardy.
Olaryň ikinji baran ýerlerinde üç-dört sany o ýeri-bu ýeri zaýa bolup, porsap ugran jyrryk ýatan ekeni. Şeýle hem häzir bu ýer boş däldi. Olaryň öňüsyrasy gelen erkek tilki bir soky ýaly jyrrygy çete çekip, onuň töwere¬ginde gyr-gyrlap pelesaň urýardy. Ol ene tilkiniň toparynyň gelenini görüp, öz awuny gysganyp has-da düýrükdi. Burnuny haýbatly «tyssyldadyp», maslygyň bir eýlesine geçdi, bir beýlesine, awuny goramaga häzirlendi.
- Golaýyma gelmäň!
- Seniň bir özüň onça zady nädip iýjek? Jyrrygy onuň bir özüne köp gören tilkijikleriň birisi oňa gep gatdy:
- Iýerin, iýmänmi, hek ederin. Golaýyma gelmäň!
Birdenem ol üstünde ölüşmäge taýyn awuny goýdy-da, howany ysyrganyp-ysyrganyp, bar zatdan bizar bolup göterdi ökjäni. Onuň gaçanyny görüp, «Haýsydyr bir howply duşman ýetip gelýändir» diýen gorky bilen beýleki duranlar hem duran-duran ýerlerinden jyrryk¬lardan geçip, gaçmak bilen boldular.
Howsala birsalymdan ene tilkiniň toparyny ilki gaçan tilkiniň yzyndan ýetirdi.
- Ýeri, nämeden gaçýas, näme bar? - Ol ilki gaçan tilkä deňleşen wagty ondan özüniň bilesi gelýän zadyny sorady.
- Itiň ysy bar - diýip, ilki gaçan tilki hopukdy.
- Nirede?
- Häzir ol göni yzymyzda, ökjämizi basyp ýetip gelýär.
Ene tilki howany ysgansoň, nämäniň-nämedigine düşündi-de «Ýak-heý...» diýip, lapykeç halda aýak çekdi. Bu onuň öz çagalarynyň biri bolup ýören Möngöz¬lüjäniň ysydy ahyryn.
Ene tilkiniň duranyny görüp, iliň öňi bolup gaçan tilki hem hol beýleräkde aýak çekdi. Geňirgendi:
- Ýeri, näme durduňyz?
- Ol biziň öz ysymyz ahyryn.
- Seniň akylyň çaşypdyr, kempir, seniň indi ölümiň golaý¬lap ugrapdyr. Öljek tilki hemişe «Itleri talap, olary mugyra getirjek» diýip, samrap ugrarmyş. Bir zady öwran-öwran gaýtalansoň, ahyrsoňy onuň öz diýen zadyna ynanarmyşyn. Özüniň tilkidigini, itiň bolsa itdigini unudarmyşyn. Şeýdibem ol bir gün itiň garşysyna çykyp güýç görkezmekçi bolarmyş. Itiň öňünden çykanyň bolsa gözüniň näme görýänini sen mençeräk bilýän bolsaň gerek...
- Sen entek bir dursana! - diýip, ene tilki gepleme gezegi özüne alyp, ýagdaýy oňa düşündirmekçi boldy.
Ýöne ýüregine howsala dolan tilkiniň hiç kimi diňläsi gelmedi.
- Dursaň, özüň duruber! Bir porsy guzy diýip, men-ä derimi serdirip biljek däl. Ýagyň özüňe nesip etsin!
Ýat tilkiniň garasy şundan soň barha daşlaşyp ýitmek bilen boldy.
Ene tilki yzyna dönüp, çagalaryny ýene-de şol ýat tilkiniň dow-dowuna düşüp gaçylan ýere getirdi.
Tilkiler garynlaryny otaryşyp, yzlaryna dolanan wagt¬lary Aý eýýäm al-asmana göterilipdi.
Tilkijikleriň keýpi kökdi, olar şol gelişlerine dänjire¬şip, bir-birlerini itekleşýärdiler, ýumak bolşup, otlaryň üstünde togarlanýardylar, ýakalaşýardylar. Enelerinden yza galyşyp, ýene-de ýüzin salşyp, onuň yzyndan ýetýärdiler. Olar şol gelişlerine bir baýryň eteginde dörän ikinji bir depäniň üstünde bölejik bolup dynç alyp ýatan atlaryň üstünden indiler.
Atlar aýdyň Aýyň ýagtysynda dünýäni unudyşyp ýatyrdylar. Duran ýerinde uklamagy gowy görýänleri bolsa biri-birleri bilen kelle degrişip, aýak üstünde irkiljireşip durdular.
Gylýallaryň on-on bäş ädim beýle ýanyndaky depäniň üstünde serdar at serini dumanladyp, uzaklara seredip durdy. Onuň bedeni Aý şöhlesi bilen nurlanyp ýalpylda-ýardy. Serdar birde aýaklarynyň biri bilen ýer peşese, ýene birde keýerjekläp has-da görmegeý bolýardy.
Atlary görüp, diňe bir bilesigeliji çagalaryň däl, hatda ýöne-möne zatlarda üns saklamaýan ene tilki hem birsalym aýak çekdi.
- Eje, şular hol gün gören atlarymyzmy?
- Hawa.
- Onda näme olar bizi kowalanoklar? - diýip, naşyja tilkijik ýene-de doganlaryndan öňürdip, ejesine yzly-yzyna sorag berişdirdi.
- Biz ýakyn barsak, olar ýene-de bizi sylap goý¬mazlar.
- Şol gije meni kowalan atlarmykan şular? - diýip, Möngözlüje hem özüniň başagaý bolan gününi ýatlady.
- Haý, sammyjak... - Tilki Möngözlüjäniň soragyna gülensoň, oňa başdansowma jogap berdi. - Ol ýerde şemal bulutlary toplap çaknyşdyrýar, ýyldyrym çakýar. At küje, taý küje...
- Eje, biz haçan at bolarys? - Serdar aty synlap, onuň merdemsiligine gözi giden tilkijikleriň biri ejesiniň pikirini böldi.
- Hiç haçan.
- Näme üçin hiç haçan, eje? Meniň at bolasym gelýär ahyryn...
- Bes ediň. Öz pikir edip bilmeli zadyňyzy menden soramaňyz näme?
Möngözlüje bolan gürrüňlerden çen tutup, bu atla¬ryň şol gije özüni depeläp ötjek bolan atlar däldigini anyklady.
Alaňyň depesinde öz mertebesini göz edip duran dyzmanç at töwerekde bir ýakymsyzlygyň barlygyny duýup, gulaklaryny bir tarapa gönükdirip üşerildi. Şundan soň tilki ýene-de çagalaryny yzyna tirkäp, ýola düşdi. Möngözlüje birsalym ylgap yzyna sereden wagty, serdar atyň şol bir duran ýerinde keýerjekläp, şöwür çekip duranyny gördi.
Ýagyş ýagan gününiň ertesi ýata-ýata halys bolan Möngözlüje hemmeden öň oýandy. Ol ýaltalaç gerinjiräp daşaryk çykan mahaly töweregiň çal ümrüň arasynda çala sudur bolup, bugaryp oturanyny gördi. Howa hoştapdy, onda säher çygynyň, gülleriň, ot-çöpleriň ýakymly yslary bardy. Ümrüň bugaryp, göç edip ýörşi gören zadyny düýrläp alyp giderli görünýärdi. Mön¬gözlüje birsalym dünýäniň synçysy bolup duransoň, bir zada - özüniňem, doganjyklarynyňam uçýandygyna, onda-da barha özleriniň ýokary göterilip barýan¬dygyna ynandy. Sebäbi ol şol gezek uçan güni hem as-manda öz töwereginde hut şeýle çal-çul zatlaryň sallam-sajak bolşup, uçuşyp ýörenlerini görüpdi. Uçmak bolsa, gör, nähili gowy zat! Onda-da öz basdaşja doganjyklaryň, ýyljak süreniň bilen bileje uçmak diýsene!..
Möngözlüje şatlygyny paýlaşmak üçin keýpihon bökeläp sürene giren mahaly tilkijikler entegem ymyzga¬nyşyp, halka atyşyp ýatyrdylar.
- Uçýarys, uçýarys! Biz uçýarys! - diýip, Möngözlüje sürene giren ýerinde durup, aýratyn bir joşgun bilen ses¬lendi.
- Näme, näme? - gepi çala eşiden ene tilki howluk¬man turup, ýüregini howsalaly bükgüldedip, onuň habaryny aldy.
- Biz uçýas, ene!
- Kürsäp girip ýüreg-ä ýardyň - diýip, ene tilki soňun¬danam ibirtde-zibirt bolşup, turşup gelýän çaga¬laryna hiç hili howpuň ýokdugyny aňdyrýan-garaýyş bilen seretdi.
- Senem, menem, hemmämiz uçýas! - diýip, Möngözlüje şatlygyny kemmän, doganjyklaryna buşlap, ýene bir gezek seslendi.
- Niräk uçýas? - diýşip, tilkijikler geňirgenişdiler.
- Bilmedim, ýöne özümiz-ä uçýan ekenik, daşaryk çyksaň bildirýär...
Tilki çagalaryny yzyna tirkäp daş çykan mahaly goýry ümrüň ähli baýyrlaryň başyna öz possunyny ýapanyny, dünýäniň daralyp, endam-jany bilen bugaryp oturanyny gördi. Birsalym ümre syn edişip duransoňlar, tilkijikler hem Möngözlüjäniň ynanan zadyna - özleriniň uçýandyklaryna hakykatdanam ynandylar. Sebäbi bu pursatda bütin dünýä bugaryp, ýokary göterilip barýana meňzeýärdi.
Powestler