* * *
At toýnaklarynyň güpürdisini Möngözlüje ilki eşiden mahaly uzaklarda bir ýerde gök gübürdeýändir öýtdi. Özüne eşidilen sesi bolsa ol şol ýerdäki gümmür¬diniň bir çeti hökmünde kabul etdi.
Ýeňseden at toýnaklarynyň güpürdisi eşidilip ugran mahaly otluga gonan käkiliklere ymsynyp ýören Möngözlüje aýak çekip diňşirgendi.
Ýeriň süňňünde duýlar-duýulmaz sarsgyn peýda bolupdyr. Özi-de bu sarsgyn barha güýçlendi. Möngöz¬lüje bilesigelijilik bilen baýryň ýokarsyna çykan mahaly bir süri atyň jülgäniň arasyny dolduryp özüne tarap çapyp gelýänini gördi. Süriniň öňüni bir maňlaýy sakar dor at çekip, ol gerimli ädim urup, her ýerden bir basyp çapyp gelýän ekeni.
Bularyň aýratyn bir dabara bilen bu bolup geliş¬lerine, olaryň boý-syratyna ýene-de Möngözlüjäniň gözi gitdi. Atlar pessaýlap kölüň üstünde gonma hyýal bolup uçup ýören ördek sürüsini ýatladyp, Möngözlüjäniň öňünden geçişip gitdiler.
Möngözlüje birsalym atlaryň yzyndan seredip, olary nazary bilen ugradyp duransoň, atlaryň otlaýan ýerine barsa, şonda olary isledikçe görüp-synlap boljagyny ýatlap, pikirinde şol ýere ýetmäge howlukdy.
Süri baýyrlaryň gabawyndaky ýaşyl öwsüp, köle meňzäp oturan açyklykda otlap ýören ekeni. Atlaryň aralygynda, çaga bigamlygy bilen dänjiräp çapyp ýören taýçanak Möngözlüjäni hemmelerden öň gördi.
- Men ýyndam gerek? - Taýçanak Möngözlüjäniň öňünde aýak çekip, göçgünli keýpi bilen oňa ýüzlendi.
- Hawa, gowy çapýarsyň - diýip, Möngözlüje hem onuň öz perdesinden deň gopdy.
- Ejemem maňa şeý diýýär: “Häzirden şeýdip, oňat çapmaga türgen bolsaň, soňundan senem kakaň ýaly süriň öňbaşçysy - serdar at bolarsyň” diýýär. - Soňra ol: -Seret, biziň kakamyz nähili görmegeý! - diýip, sakar ata tarap guwançly seretdi.
- Owadan - diýip, Möngözlüje-de ilki gören mahaly pikirinde dörän soragy ýatlady.
- Men-ä güjük. Seniň ýanyňa oýnamaga geldim.
- Maňa seň bilen oýnamak bolýarmykan?
- Bilemok.
- Onda sen şu ýerde biraz otur. Men dessine gidip ejemden soraşyp geleýin.
- Bar. Ýöne köp eglenmegin!
Taýçanak iki bökende çal baýtal bilen özüne tarap otlap gelýän gaba garyn enesiniň ýanyna ýetdi.
- Eje, ana, hol ýerde güjük bar, şonuň bilen oýnasam bolýarmy?
- Itmi? - Jeren baýtal başyny ýerden göterip, Möngöz¬lüjä çiňerildi. - It bilen oýnasaň bolar. Ýöne uzak gitme!
- Bolýar, men şujagaz ýerde golaýjakda oýnaryn.
- Bar, oýnaber oýnasaň.
Taýçanak rugsat alyp, oýna höwesek bolup, Möngöz¬lüjäniň ýanyna öwrülip geldi. Olar ilki sürini oýtarlap çapyşdylar, soňundan bolsa oýun edişip, «kebelek-kebelek» oýnaşyp gezdiler.
Süri birsalym otlansoň atlar ikibir, üçbir bolşup dem-dynç almak üçin onda-munda ýatmak bilen boldular. Birsalymdan diňe iň owadan sakar dor at aýak üstünde galdy. Ol keýerip, uzaklara nazar dikip duran mahaly Möngözlüjä has-da görmegeý bolup göründi.
- Kakaň-a görmegeý ekeni.
- Ol hemem güýçli.
- Duýulýar.
- Hemmelerden ýyndam.
- Bolup biler.
- Ejem-ä, sen onuň garrap ugran wagtyny gördüň, ýaş wagty dagy ol has görmegeýdi, has kuwwatlydy diýýär. - Taýçanak her gezek «has» sözüni aýdanda, ol söze agram berip, aýratyn bir guwanç bilen gürledi.
Atlar bir ýerlere gitmäge hyýallanyp, örüşip ugran mahallary garry baýtal hokranyp, Möngözlüje bilen höwür bolup, dem-dynç alanyndan soň, ýene oýnamaga küýlenip duran taýçanagy ýanyna çagyrdy.
- Gel-uw, senem indi.
- Eje, ýene birazajyk oýnaýaly?
- Oglanlygyň gutarmasa oýundan doýmarsyň, oňa bolsa entek ir, gel, gidýäs!
- Niräk gidýäs?
- Gäle çeşmä.
- Suw içmägemi?
- Hawa, suwa gidilýär.
- Men-ä onda gitdim. - Taýçanak Möngözlüjä alaçsyz¬dygyny mälim edip seretdi.
- Menem siz bilen gidäýeýin? - Möngözlüjäniň täze dostundan galasy gelmedi.
- Ýör diýilýär saňa, höwes etdiň, oýnadyň, bes et indi!
- Özgeleriň toplanyşyp ugranyny gören garry baýtal ynjalygy gaçyp, ikilenç ýene-de bir gezek boýnuny süýndürip hokrandy.
- Menem gitsem bolarmyka? - Möngözlüje jogapsyz galan soragyny ýene-de bir gezek gaýtalady.
- Bilmedim. - Taýçanak towsaklap, ejesiniň ýanyna ýetmäge howlukdy.
Möngözlüje öz eýesiniň goşunda gören sähel-mähel zada gaharlanmaýan düýedir salpy gulak eşegi ýatlap, atlaryň hem hut şolar ýaly uludygyny, özüne zelellikli zadyň edilmejegini ýatlap, taýçanagyň yzy bilen ylgady. Bu babatda göwreden çen tutup, özüniň ýalňyşandygyna ol tiz göz ýetirdi.
Onuň aýaga çolaşyp ugranyny gören bir baýtalça halamazlyk bilen gulaklaryny gaýçylap düýrükdi-de, toýnagy bilen ony sähelçe kakdy. Möngözlüje içigip aşak oturdy. Esli salym onuň demi-de gelmedi. Diňe agzy giňden açylyp sülekeýi akdy.
Atlar gupürdeşip, baýyrlaryň süňňüne sarsgyn berşip, çapyşyp gitdiler.
* * *
Şol günüň ertesi Möngözlüje ýene-de düýnki köle meňzeş ýere atlaryň otlamaga gelýänini ýatlap, serkerde sakar ata meňzeş keýpihonja taýçanak bilen duşuşaryn tama bilen şol ýere ugrady. Soňunyň birhiliräk bolanyna seretmezden, ol düýnki gününden, taýçanak bilen oýnan oýunlaryndan hoşaldy. Hüşgärligi elden bermeli däldigini, has-da şol depen gyňyr ýaş baýtala ýakyn durmaly däldigini ugramazdan öň Möngözlüje özüne ýene-de bir gezek ýatlatdy.
- Mä-ä-ä... mä-ä-ä... - Eje-e, ej-je...
Möngözlüje aýak çekip, ses gelen tarapa seretse, ýaňyja aýaklanan bir guzujygyň ot-çöpleriň arasynda ýykylyp-sürşüp ýörenini gördi.
Guzujyk enesini gözleýärdi. Ýöne häzir töwerekde ne onuň enesi görünýärdi, ne-de özge bir gara. Guzujygyň bu töwerekde diňe bir özüdi. Möngözlüje biçäre guzujygyň gapdalyndan parhsyz ötüp bilmedi. Sebäbi ol onuň ýazyň başynda, enesini emip ýören bagtly günleri özi bilen böküşip oýnan buýra tüýlüje guzujyklaryna diýseň meňzeşdi.
- Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? - Möngözlüje guzujygyň garşysyna gelip, ondan habar aldy.
- Men ejemi gözleýän, ol ýap-ýaňyja-da bardy, uklap tursam bolsa ýok... - diýip, guzujyk üzlem-saplam gepläp, Möngözlüjä ýagdaýy düşündirdi.
Depgilenen otuň üstünde indi biraz könelişip ugran goýun ysy hemem süriň yzyny salgy berýän çörler bardy.
Möngözlüjäniň taýçanak bilen oýnamaga gidesi gelip, içi byjyklap dursa-da, täze tanşyny ýeke galdyrmaly däldigini ganyna guýlan it häsiýeti bilen aňdy.
- Ýör, onda men saňa ejeňi tapmaga kömek edeýin!
- Nirede ol? - Guzujyk enesine ýetmäge howlugyp, howany ysgap, töweregini garanjaklap gyssandy.
- Ýöräber, gözläris...
Guzujyk kaýyllyk bilen Möngözlüjäniň gapdaly bilen ýöräp ugrady. Otlar gür bolansoň guzujyk Möngözlüjäniň aýagyna eýerjek bolup, häli-şindi ýykylýardy. Birsalym ýörelensoň bolsa, ol halys durdy. It aýagyna eýermek oňa barha kyn boldy. Guzujyk ahyry çydaman dillendi:
- Maňa-da garaşsana!
- Hä, näme? - Möngözlüje yzyna gaňrylyp, guzujygyň ýüzüne alaryldy.
- Men seniň aýaklaryňa eýeremok ahyryn. Mytdyl-mytdyl ýöräbersek bolmaýarmy?
Möngözlüje guzujygyň gapdaly bilen bialaç onuň maýdalyna ýöremeli boldy.
Geçilen ýol uzak bolmasa-da, birsellem ýörelensoň guzujyk ýene-de halys ýadady. Olar şundan soň iki dost bolup bir baýryň eteginde dynç almaga oturdylar.
Guzujygyň pyşdyl ýörişi soňabakan Möngözlüjäniň halys ýüregine düşdi. Onuň ýüzin salyp ylgasy, çagalyga mahsus keýpihonlyk bilen ýapylara ýarmaşyp, şol ýerde-nem ýene aşaklygyna togarlanyp, peşmek bolup ýaýnasy gelýärdi. Ahyr ol öz hyjuwyna bäs gelip bilmedi. Guzujy¬ga: «Sen şu ýerde biraz otur, men häzir» diýdi-de, jülgä düşüp, Günüň jokrap äpet gyzyl nan bolup duran ýerine tarap ylgap gitdi.
Aýaklarynyň ýelini alyp, yzyna dolanyp gelen maha¬ly ol ýadaw guzujygyň myşylap süýji ukuda ýatanyny gördi. Möngözlüje onuň gapdalynda dyzyny epip, gowuja bolup ýatanyny synlap: «Men özüme osup bujagazy halys ýadadaýdym-da...» diýip oýlanyp oturdy. Ol birsalymdan öz süňňüne-de birhili ýakymly agyrlygyň peýda bolup ugranyny syzdy...
- Mä-ä, mä-ä-ä... Ej-e-e, eje-e...
Möngözlüje guzujygyň sesine gözüni açan mahaly, özüniňem ukusy tutup, uklap galanyna düşündi. Gün bolsa eýýäm ýeňsä aýlanyp ugrapdyr. Günortadan bolsa gül ysly pessaýja şemal ösýär. Bu şemal mylaýym el bolup guzu¬jygyňam, Möngözlüjäniňem ýüz-gözlerini sypalaşdyr¬ýardy.
Hut öz eýesidigine ynanýanlygy üçin, ol guzujyk özüni «ýör-ýör, ana, ýetdik, ine, bardyk» bilen alyp barýan Möngözlüjä, goşda güjüjekler bilen bökjekleşip oýnaýan tokarja güjüjegi göz öňüne getirip, oňa sorag berdi:
- Sen başga guzujyklar bilen-ä bökeleşip oýnaýaň, goşa ýetsek, meň bilenem oýnarsyň gerek?
- Eýsem näme! - diýip, söz içinde «oýun» sözi hem bolany üçin, Möngözlüje oýun bolsa hezilligiň boljagyny ýatlap guzujyga ýüzugra jogap berip arkaýyn etdi. Ýogsa-da, bu çölde onuň ýeke-täk oýnap doýup bilmeýän zady oýun dälmidi näme?!
Soňabaka Möngözlüjäniň özi-de başga bir ýere däl-de, hut şol ýere - çopandyr enesiniň ýanyna barýanyna ynandy. Özüniň gowy görülýän ýerine gowuşjakdygyny ýatlap begendi. Sebäbi ýekelik onuň halys ýüregine düşüpdi.
Olar guzujyk bilen tirkeşip, süri yzyny yzarlap, ýene-de birsalym ýörediler.
Möngözlüje bir baýryň üstüne çykan mahaly hol beýlede bir itiň özlerine tarap, otlap gelýän süriň öňi bilen gelýänini gördi. Guzujykdyr Möngözlüjä gözi düşen wagty ol biraz sakanaklan ýaly etdi-de, soňundanam öwrülip, göni bulara tarap gaýtdy.
Guzujyk öz howandaryny, onuň aňyrsyndan görünýän sürini görüp begendi. Onuň göreçleri bolsa guzujygyň bagtlydygyny alamatlandyryp buldurady.
- Ana, ana, biziňkiler...
- Hawa, siziňkiler.
- Ýör, howlugaly.
- Sen howlukmaly...
It golaýlaşdygyça Möngözlüjäniň sözi ysgynsyz eşidildi. It bolsa Möngözlüjä ýakynlaşdygyça ulaldy hem hyrsyzlandy. Şeýle-de ol itde ýat itiň, onuň ejesiniň ysy¬na meňzemeýän ys bardy. Şol arada ýat bilen duşuşanda nähili bolýany, öňki gezekde dalanany onuň ýadyna düşdi. Ýat itiň girsine düşüp, onuň ikinji gezek ýene-de awunasy gelmedi. Ökje ogurlap, yza tesdi.
- Onda men-ä gitdim, guzujyk!
- Nirä? - diýip, hiç zatdan habarsyz guzujyk ge¬ňirgendi.
- Yzyma, gelen ýerime.
- Gitmesene! Ine, indi geldik ahyry!
- Ýok, bu ýer meniň gelmeli ýerim däl ekeni.
Möngözlüje tä ses ýetimdäki başga bir baýryň depe¬sine çykýança, läheň itiň howsalasyndan dowul alyp, yzyny gözlemän gaçdy. Diňe şol ýere ýetenden soň, ol yzdan gelýän kowgynyň ýoklugyny görüp arkaýynlandy.
Süri bolsa öz maýdalyna otlap, läheň it bilen guzujygyň duran ýerine hasam golaýlaşan ekeni.
* * *
Bu gezek Möngözlüje garaguşlaryň meýlis edýän ýerlerine gelende, ol ýerde bary-ýogy iki sany garaguş oturan ekeni. Olaryň birisi Möngözlüjäniň bolup gel¬şinden tebil alyp, bada-bat ganatlaryny pasyrdadyp, howlukmaçlyk bilen asmana göterilmek bilen boldy. Garaguşlaryň ikinjisi bolsa ony görüp, bir ganatyna agramyny atyp, hüžžerildi-de, oňa gaýtawul bermäge häzirlendi.
Bu garaguşuň öz-özünden howsala tapyp boluberşi Möngözlüjäniň bilesigelijiliginiň artmagyna, aýak çekip, öz garşysynda duran guşy synlamagyna sebäp boldy.
- Senmi bi? - Möngözlüje köne tanşyny tanap begendi. Enesini emýän guzujyga meňzäp, boýunjygyny burup, guýrugyny oýnaklatdy. Her gezek garaguşa duşanda bolşy ýaly onuň ýene-de uçasy geldi.
- Ýene-de uçarysmy?..
- Ýene-de uçarysmy? - Möngözlüje asmana seretdi, ol ýerde öz maýdalyna Hindiguş daglaryndan bärligine ýüzüp gelýän çal bulutlaryň deňinde iki sany garaguş goşulyşyp uçup ýördüler.
- Ýok, indi sen ulalypsyň, agralypsyň. Onsoňam şol uçanyň indi saňa besdir.
- Aý, näme, uçaýmalydyk-da!
Häzir garaguşuň özüniňem näler uçasy gelýärdi. Ol indi köpden bäri (şol gezek Möngözlüje bilen uçan gününden bäri) bir gezegem uçup görmändi. Telim ýyllap özüni bagtly eden goşa ganat indi deň ygşyldaşyp, garaguşy asmana göterip bilmeýärdiler. Ol şol günden bäri biçäre bolup, kesekiniň awundan iýip mydar edýärdi. Şeýle-de bolsa köpi gören guş ýene-de syr bermezlige, duşmandan syryn gizlemäge çalyşdy.
- Men seni bir ýola uçurdym, indi sen beýlekiler bilen uç. Olar seni... Weý, näme sokulyp gelýäň?
- Senden et ysy gelýär.
- Çekil, ýogsam, gözüňi çykaryn! - Garaguş howpuň abananyny syzyp, has-da hüžžerildi.
- Gözümi nädip çykarjak?
- Ah, henizem seniň şol mönlügiň ekeni, senem bir gorkmany bilsediň.
- Maňa öwredenoklar ahyryn.
- Ah, senjagazmy...
Möngözlüje ýaly bir sebäp bilen öz penjesinden sypan güjüjekleriň men diýen it, möjek, tilki bolup ýetişen¬soňlar hem özünden gorkup gaçgaklap gezýändiklerine garaguş beletdi.
Garaguşa ýakynlaşdygyça onuň aýagyndan dişlän wagty agzynda galan tagamly et ysy barha ýüregine düşüp ugrady. Demir penjeleriň özüni gysan wagtyn¬daky iki bykynda dörän agyrynyň ýatlanmagy hem onuň ganlyja et iýmek höwesini öçürip bilmedi. Möngözlüje alarman bolup, gözi ýok ýaly dykylyp, ysyrganyp gara¬guşa golaýlady. Garaguş indi rejäniň geň däldigini kemsiz aňdy. Ol howatyr bilen iň soňky güýjüni jemläp, birazam bolsa uçmak üçin yzyna öwrülip gaçmak bilen boldy.
Barybir, näçe çytraşsa-da ganatlaryny taýlap uçmak oňa başartmady. Çeýnelen aýak ýene-de agyr geldi. Garaguş uçma höwesiniň başa barmajagyna göz ýetirip, aýak çekdi-de, yzyna öwrülip Möngözlüjä gaýtawul bermäge çemelendi.
- Golaý gelme, ýogsam soň ökünersiň, meniň çüňküm ýitidir, maňlaýyňy jopba deşer!
- Bir buduňdan azajyk iýeýin, men gyzylym aç.
- Saňa akyly çaşan samsyjak diýerler!
- Haýyr, diýäý, ýöne men ýaman ajykdym...
Möngözlüje garaguşuň haýsy ýerinden barjagyny bilmän, birsalym töwerekde çalganaklap aýlanansoň, ahyry çemini aldy. Ol tilkiniň öwredişi ýaly, ýeňseden baryp, ussatlyk bilen garaguşuň demligini dişleriniň arasyna aldy, soňundanam ol tä garaguş pasyrdap, gar¬şylyk görkezmesini goýýança, agzyny şol bir dişlän ýerinden aýyrmady.
Möngözlüje ganlyja et iýip, garnyny doýurdy, ýöne ol it bolansoň has bir uly iş edeninden, onda-da abraýly it nesline mynasyp iş edeninden, duşmandan öz köýen aryny alanyndan bihabar galdy. Ar almagyň tagamyny bilenliginde ol onda bu tutluşygyň netijesinden garnyny doýranyndakydan has uly lezzet alardy. Möngözlüje welin muňa üns bermelidirem öýtmedi. Ol aw awlanyny hemem garnynyň doýanyny bildi. Möngözlüje şol günüň ertesi bu ýerleriň (bu ýerler diýlende ol garaguşlaryň her günki üýşüşip-çaşyşýan ýerlerini, özüniň häli-şindi gelip suw içýän uly kakyny (kiçi kaklardan ol aňsat suw içmezdi, ol ýerlerde suwlar tiz porsap içime ýaramsyz bolardylar), özüniň tilkiler bilen şatyrdaşyp gezen ýerlerini bilýärdi) mährinden geçmegi ýüregine düwdi. Onuň başyny alyp, hüwiň aýdanyny edip, Hindiguş daglaryna tarap gidesi, ol ýerden enesini tapyp, ýene-de onuň mährine çoýunasy gelýärdi.
Baýryň depesinde dem-dynç alyp otyrka, onuň bu höwesi has-da möwjedi. Bu ýerden Möngözlüjäniň elýetmez dagy - Hindiguş garly gerşini agardyp, howalanyp görünýärdi.
Möngözlüje ýüzüni daga tutup ýola düşdi. Birsalym ýöränsoň ol ýene-de bir gezek ýeňsesine öwrüldi. Şonda ol özüniň torç eden ýerlerini, uly kakyň bir çetini, ýyl¬gynly kölüň garamtyl ýazgyn suduryny, ýumrulanyşyp oturan baýyrlary ýene-de bir ýola gördi. Möngözlüje birsalym ýöränsoň, ilki ysyrganyp, şemaldan süriniň habaryny aldy. Birsalymdan bolsa serkäniň boýnuna dakylan jaňyň: «Men bärde, men bärde...» diýip owurdyny dolduryp logurda¬dýanyny eşitdi.
Möngözlüje aýak çekip, umytly nazar bilen töwere¬gine garandy. Howany ysyrgandy, töwerege gulak salyp, jaň sesiniň gelýän tarapyny anyklady. Jaň göni gabat garşyda logurdaýardy. Şundan soň ol «Ejeme, uýama duşaryn...» diýen begençli pikir bilen şol toýun ysy gel¬ýän tarapa ähli güýjüni jemläp, ylgap gitdi. Süri görnen çagy bolsa ol şatlygyna bäs gelip bilmän «jöw-jöw» üýrüp, özüniň gelenini buşlady.
Aňyrdan agyp-dönüp gelýän süri Möngözlüjä golaýlaşdy. Süriniň öňüni çekip şahlak teke bäş-üç geçiniň ugratmagynda kä ýerden bir agyz ot çürtüp, göwünli-göwünsiz gäwüşäp, öz maýdalyna ýöräp gelýärdi. Tokarja guzujyklaryň mähirli mälemeleri howany endiredýärdi.
Möngözlüje sürä ýetiberende, bir-birine çalym berip duran gulaksyz-guýruksyz, ýüzleri hyrsyz iki sany daýaw it bir ýerlerden çykyşyp, keserişip durdular-da, onuň öňüni kesdiler.
- Ýeri, gulaklyja, ýaman keýpihon görünýäň-le, nähili hezilligiň üstünden bardyň? Şagal ýaly ýöne alagoh bolup gelýäň.
- Men, menmi? - Iki iti görüp, biraz howy basylan Möngözlüje demi-demine ýetmän durşuna habaryny berermen boldy.
- Men, neme...
- Görýäs seniň sendigiňi. Ýöne sen kim? Itleriň gözi gyzyly onuň aljyraňňylygyny halaman hyňrandy.
- Men ejemiň ýanyna geldim.
- Bu ýerde seniň ejeň ýok, güjüjek. Ýöne gözläber, Pendi baýyrlarynyň arasynda süri kändir. Hol, daglara barynça daş-töweregiň agyn sürüdir. Häzir bolsa git bu ýerden, süriniň ynjalygyny gaçyrýaň!
Möngözlüje bu iki itiň ýüzüne seredip, özüniň çakynyň çykmanyna ynanyp bilmän, birsalym mäzerip duransoň, lapykeç halda yzyna dolandy. Ýogsam, ol iki itiň ýüzi juda hyrsyz görünýärdi, sähel bahana bolsa, olaryň güpür-tapyr basyp, dalajagynyň ujy iki däldi. Şeýle-de bolsa, ol sürini oýtarlap gelip, eşegiň üstünde kitap okap, dünýäden bihabar oturan çopany ot-çöpe bukulyp, tilkiçeläp ýagşy synlady, ysyrgandy. Dogru-danam, bu ýerden ol ýadynda galan çopan-çolugyň ysyny tapmady. Diňe şundan soň ol bu ýeriň özüniň gelmeli ýeri däldigine ynandy.
* * *
Pendi baýyrlaryny aýlanyp, gül-gunça, çomuçdyr pak-paka öwrülip ýören ýazyň şähdi açykdy. Meýdanda her gün telim bir täze ot peýda bolup, ýazyň ýetnesi bolup, otlar mähellesine goşulýardylar. Wagtal-wagtal ýaz ol dag tarapdan bir topar buludy sürüp, şemalyň öňüne salyp getirerdi-de, baýyrlaryň üstünden, suw-sil edip ýagyp geçýärdi.
Ýene-de birsalymdan bolsa bulutlaryny syryp, ýaz özüniň, durumsyzdygyny äşgär edip, Gün bolup ýylgyrardy.
Bu dünýäni baharda ilkinji gezek gören tilkijikler, güjüjekler we beýleki mör-möjekler şundan soň öz hallary bilen bolmazdylar; elewreşip, çapyşyp, öz keýpihonlyklaryny mälim edişip, ýakalaşyp oýnardylar.
Ýazda hiç kimiň jokrama tomus hakda, bu berekedi depeläp, ýere sokjak gyş hakynda pikir edesi gelmeýärdi. Hemmeleriň başynda ýaz humary kükeýärdi, ýaz bolup ýaşasy gelýärdi. Ýöne ýaz näçe gowy-da bolsa, Mön¬gözlüjä enesini görme höwesini unutdyryp bilmedi.
Ol telim günläp sürüleriň arasyna aýlanyp, enesini gözledi. Her baran ýerinden ol şol bir: «Biz-ä seniň ýalyny göremzogam, tanamzogam, ejeli bolsaň, ejeňi başga ýerden gözle!» diýen jogaby eşitdi.
Dag bolsa entek-entekler uzakdady. Ol elesläp görnüp dursa-da, oňa ýetäýmek aňsat däl ekeni. Möngöz¬lüjäniň göwnüne dag ökje ogurlap, barha yza tesýäne meňzedi.
Gündiz tüssä ýörelende bolşy ýaly, hiç bu ýoluň yzy gelmedi. Bir gezek Möngözlüje käkiligiň sesini eşidip, ony ýakyndan diňlemegi niýet edinip, seresaplylyk bilen mahal-mahal durup, diňirgenip barýarka garaşmadyk bir ahwalata gabat geldi.
Ilki gowrulan etiň ýakymly ysy onuň sülekeýini akdyrdy. Giňişlikde ýakylan oduň başynda üç-dört adam bar ekeni. Olar oda käte bir odun atan bolşup, ýakymly ysy dünýä ýaýradyp, çişlik bişirýärdiler.
Möngözlüje bular turup gidensoň, şol etlerden galak-gaçagy bolar diýen niýet bilen bir çöpe bukulyp, öz isleýän pursadyna garaşyp oturdy.
Ol öz maksadyna ýetse-de ýeterdi, ýöne hüwi, ana, şol ähli zady bulaşdyrdy. Ol bir ýerden bir ýere uçup barýarka, Möngözlüjäniň busup ýatyşyny gördi-de ony tanady. Özüni howada saklap pelpelledi.
- Gidiber, gidiber, güjüjek, şu barşyň dogry, eneňi ýatdan çykarmankaň, ony tapsaň gowy, seniň entek eneňden öwrenmeli zadyň kän. Dost-duşmany anyklamasaň, bu çölde ýaşamak saňa ýeňil düşmez.
- Men golaýlaşdygymça dag aňry gaçýa-la...
- Häý, samsyjak. Dagyň meniňki ýaly ganaty ýokdur, seniňki ýaly aýaklary-da. Sen ylgap barýarkaň oňa seret, ol hut saňa tarap, seniň özüň ýaly howlugyp ylgap gelýändir.
- Hawa, gördüm. Ýöne...
- Häý, samsyjak diýsänim, sen...
Hüwi öz çakyr sesini halaman, oduň başynda oturanlaryň bir zat almak üçin ýeňsesine öwrülenini görüp, ganatlaryna bat berip gaçmak bilen boldy. Şeýle-de bolsa iň soňky diýesi gelen sözüni diýip gitdi.
- Sen, güjüjek, gultunyp oturan ekeniň. Olardan süňk-saňk, bir zat galaýmagy-da mümkin. Adamlar itleri erbedem görmeýärler. Ýöne hemmesi däldir. Onsoňam olar şol ortada duran çüýşeleri boşadansoňlar, öz hallary bilen bolýan däldirler.
Gapdalda ýatan omurmany alyp ör turan adam hüwä sözüni soňlamaga maý bermedi. Tüpeň göçüp, dünýäni sarsdyrdy.
Maşyndan göterilýän ysdanam ýakymsyz bir ys töwerege ýaýrady. Möngözlüje gorkudan ýaňa tarsa böküp, özüniň bu ýerde bukulyp oturanyny duýduranyny hem duýman galdy. Onýança-da tüpeň ýene bir gezek pöwhüldäp atyldy. Möngözlüje gaçyp barşyna otyrýerin¬den kimdir biri hatladyp yzly-yzyna iki gezek dişleşdirip alan ýaly bolanyny duýdy. Hüwi çirkin gygyryp, bir ýerlere ýitirim boldy, diňe onuň iki sany ýelegi howada gaýmalady.
Möngözlüje howp abanan wagty güýçliniň sürenine girilse-de, haýwanlaryň arasyndaky kanuna görä, azar berilmeli däldigini ýatlap, şol eňip barşyna çem gelen sürenleriň birisine kürsäp urdy.
Birsalymdan ol öz oturan süreniniň töwereginde ýaňky oduň başynda oturan adamlaryň sesini eşitdi.
- Eý, ol it ýaly-la!
- It näme işlesin-laý. Onuň boluberşini görmediňmi, edil tilki. Gördüň-ä, gaçan mahalam gözi töwereginde.
- Häý, diýseňem-ä...
- Tilkidir. Bada-bat sürene süsdürilendir görseň. It bolsa, ol gören ýerinden urup geçip giderdi. Sürene girmek, top ýaly togarlanmak onuň ýadyna düşmezdi.
Ýene-de süreniň agzynda «Şol hakyt tilki» diýip, öz sözüni häli-şindi serhoş adamlara mahsus irginsizlik bilen tekrarlaýan gyryljyk ses eşidildi.
- Hany, baryň, biriň ýaşkiçilik ediň-de, gidip oduň başyndaky kükürdi getiriň!
- Aý, hany, gidip keýp çekeliň-le, tilkiden näme boljag-aý!
- Ýok, biraz tagapyl et, häzir süreni tüsse bilen doldyrys welin, şol diýýän tilkim çydaman okdurylyp çykar. Baryň, odun çöpleşdirip getiriň! Süreniň agzyny özüm saklaryn.
Birsalymdan Möngözlüjäniň oturan süreniniň içinde ajy tüsse göç edip ugrady. Onuň dem almasy şundan soň barha kynlaşdy. Möngözlüje süreniň içinde näderini bilmän, elewräp, tüssä boglup ýörşüne janygyp çyňsady. Ol çyňsap ýörşüne ahyr bir arassa howa gelýän, alaka gazan deşigi tapdy. Şundan soň onuň biraz göwni aram tapdy. Tilkiniň yşgyna düşen adamlar onuň çykaryna garaşyp-garaşyp ýadansoňlar, süreniň agzyny tüsse çykmaz ýaly gum bilen gömüp «Tilki nalaç bolup, gelip süreniň agzynda süýner, onsoň birsalymdan gelip, öli tilkini ondan süýräp çyka¬raýmaly bolar» diýen pikir bilen şu ýerden gitdiler.
Möngözlüje töwerekde adam-garanyň ýoklugyny syzansoň, bar güýjüni jemläp, süreniň agzyny köwüp ugrady. Ol soňky deminde süýrenip, ýagty-ýalança çykan mahaly ýeňsede, bir ýerde ýaňky dörtleriň gülküsi dik asmana göterilýärdi. Ýeriň pesi bilen Möngözlüje bu ýerden barha daşlaşdy. Indi onuň şol seçme giren artky aýaklarynyň birisi düýbünden diýen ýaly diýen etmeýärdi, şeýle-de bolsa, gorky ony bu jelegaýda goýmady. Häzir onuň bar maksady, nädibem bolsa, adamlardan uzaklaşmakdy.
Mes adamlaryň ýüzi, olaryň göçgünli gülküleri soň-soňlaram wagty bilen Möngözlüjäniň ýadyndan çykmady.
Soñy.
Agageldi ALLANAZAROW.
Powestler