■ AÝAZHAN
Mahmyt Gaznaly Aýaz atly bir guly ýanyna alýar. Ol gul soltanyň hoşuna gelýär. Soltan onuň yhlaslylygyny halaýar, gije-gündiz ýadaman işlemesi, ýakymlylygy özüne çekensoň, Soltan Aýazy maslahatçy hem nedim (dost) hökmünde ýanynda saklaýar.
Soltanyň bir guly köşge getirip, aýratyn hormatlamagy, ony özüne maslahatçy we nedim edinmegi köşk gullukçylarynda göriplik oduny tutaşdyrýar. Sähel wagtyň içinde Soltanyň iň ýakyn adamy bolan Aýaza her edip-hesip edip ýamanlyk etmek, ony Soltanyň ýigrenmegini gazanmak üçin köşk gullukçylary Aýazdan bir kemçilik tapjak bolup, onuň ýekeje hereketinem sypdyrman yzarlapdyrlar.
Bir gezek göripler soltanyň gaşyna barypdyrlar:
– Eý, älem-jahan soltany! Biz saňa baky wepadardyrys. Biz mydama seniň hyzmatyňdadyrys. Siziň asudalygyňyzy özümiziň wezipämiz hasaplaýarys. Köşkde bolup geçýän ähli zatlary size gylyny gyşartman ýetirip durmagy özümiziň parzymyz hasaplýarys. Biler bolsaňyz, eý, kyblaýy älemimiz, Aýazyň bir bolşy bizi biçak birahatlandyrýar. Ol her gün köşkden çykyp, bir buky ýerdäki jaýa barýar. Ol ýerde näme edýändigini biz-ä bilip bilemzok. Ol her gün şol buky ýerdäki kiçijik alagaraňky otagda esli wagt bolup, ana, soň öýüne gaýdýar. Onuň bu bolşy bir şumlugyň üstünden elter diýip heder edýäris. Belki, ol her gün dildüwşük geçirjek bolýan näkeslere köşkde bolup geçýän wakalar hakda birme-bir habar berýändir?! Günäsini it götersin, kyblaýy älem, Aýazyň bu düşnüksiz edähedi bizi gaty biynjalyk edýär. Bu zatlary bilip durkak size habar ýetirmezligi biz özümize günäsini geçip bolmajak biwepalyk hasaplaýarys.
Soltan uzak wagtlap Aýaz hakda aýdylýan her hili şyltaklary gulagynyň ýele ýanyndan geçirip geldi. Ýöne Aýazyň her gün işden soň esli wagtlap içinden gulplanýan buky jaýda bolmagy we soňam öýüne gaýtmagy Soltanyň aňyndan aýrylmandyr.
Bir gün Soltan Mahmyt öz ýakyn adamlary bilen Aýazyň buky otagynyň ýanyna barypdyr we onuň içerden çykaryna garaşmaga başlapdyr. Aýaz içerden çykanda Soltan ondan içerde näme edendigini görkezmegi talap edipdir.
– Ýok, ýok – diýip, Aýaz aljyrapdyr.
– Eger sen şu otaga girip görmegimi islemeseň we maňa bu otagda näme iş bilen meşgul bolandygyňy aýtmasaň, onda meniň saňa bolan sylagym hem ynamym şu ýerde gutarýar. Men zor bilen içerik girjek bolup durjak däl, özüň saýla – diýip, hökümdar kesgitli aýdypdyr.
Bu sözlerden soň Aýaz gözüne ýaş aýlap, kiçijik otagyň gapysyny açypdyr.
Otagyň içinde meniňki bolsun diýer ýaly hiç zat ýok eken.
Içerde diwarda bir syh bar eken, ondan hem göwşüllän don hem ýyrtyk çaryk asylgy dur eken.
Mahmyt bu zatlara göz aýlap geňirgenipdir. Ol Aýazdan her gün işden soň bu boş otaga gelip näme iş edendigini aýtmagyny talap edipdir. Hakykaty aýdaýmakdan başga çykalgasy galmadyk Aýaz şeýle diýipdir:
– Men birnäçe ýyllap saňa ilki gul, soňundan maslahatçyň, nedimiň boldum. Meniň günüm gowy, juda gowy. Men şu günki ýeten bagtly derejämi göterinip bilmän, birden azmagymdan heder edýärin. Onsoň, ine, şu gul döwrümde ýaşan otagyma gelip, geçen ömrümi, kim bolandygymy ýatlaýaryn. Sizden öň mende bar zatlar, ine, şulardy: göwşüllän don hem ýyrtyk çaryk. Bu gün meniň köşk ýaly öýüm bar, elim uzadan ýerime ýetýär. Maşgalam bar, çagalarym bar. Azyp, sizden kowulsam, ine, ýene şu ýyrtyk çaryk bilen köne don meniň hemram bolmaly. Onsoň men her gün gelip, şu ýerde çarygyma seredýän, «Aýaz, çarygyňa bakarak bol, azaýmagyn» diýip, özüme öwüt-ündew edýärin.
■ BAÝLYGYŇ OÝNY KÄN
Mahmyt Gaznaly dünýäde hüşgär, düşbi, sowatly Soltan hasaplanýar. Ol döwleti edara etmegi kemsiz ele alypdyr, ýurduň içindäki bolup geçýän ähli zatlardan: bazaryň harytlarynyň bahalaryndan, bazardaky gürrüňlerden habarly bolupdyr. Köp sanly jansyzlar – fiskallar adamlaryň arasynda, şäherlerde, obalarda bolup, möhüm habarlary Soltana bada-bat ýetiripdirler. Fiskallaryň habaryny Soltan mejlis geçip oturan hem bolsa, mejlisini goýup, gije süýji ukuda ýatan hem bolsa, ukudan turup diňläpdir. Soltan fiskallara gije-gündiziň islendik pursady, nähili ýagdaýdadygyna seretmezden, habarlaşmaga ygtyýar beripdir. Ýüze çykan meseläni dessine çözüp, kadaly, asuda ýaşaýşy üpjün edipdir.
Bir gün fiskal Soltanyň ýanyna gelip, şäheriň derwezesiniň ýanynda dünýäden hem Soltandan nägile bir ýigidiň durandygyny, ol ýigit bilen gürleşip, oňa sütem edilendigini, endamynyň persaladygyny anyklandygyny, «Näme üçin beýdip gargynyp dursuň, aý, ýigit?» diýip soranynda, ýigidiň adyl şasy, adyl kazysy bolan ýurda gitmek üçin ýoldaşa garaşyp durandygyny aýdandygyny, aljyraňňy, endamy persala edilen bu ýigidiň pikiriniň nädogrudygyny, oňa adyl şanyň Mahmyt Gaznalydygyny, iň adyl kazynyň hem Soltanyň synagdan geçirip bellän kazysydygyny aýdanda, urlan ýigidiň bu söze asla ynanmandygyny, onuň kazydan biçak göwnüniň galandygyny, ondan zulum görendigini anyklandygyny aýdypdyr.
Soltan fiskalyň sözüni diňläp:
– Ähli zadyň änigine-şänigine çenli ýetmeli ekeniň – diýipdir.
– Ol ýigit maňa başdan geçiren kysmatyny gürrüň berdi. Ol, dogrusy, dagdy bolupdyr. Biz hiç kimiň ünsüni çekmezlik üçin ýöräp ugradyk. Ýolda kazydan zulum gören ýigit şeýle gürrüň berdi: «Men Abdylla atly belli söwdagäriň ogly bolaryn. Kakamyň şäherde dört-bäş dükany bardy, öýümiz täjirler syrgynynda ýerleşýärdi. Kakamyň maly-mülki, baýlygy kändi, ony şäherde, täjirleriň içinde tanamaýan, hormat goýmaýan ýokdy. Kakam aradan çykansoň, men yşk heserine uçradym. Günümi meslikde, keýpi-sapada geçirdim, şerap içdim. Agyr meýlisler meniň saglygymy çökerdi, men agyr näsagladym, dünýäden umydymy üzdüm. Näsaglap düşekde ýatyrkam, dünýä hakda, ömür hakda kän oýlandym, köp zatlara akyl ýetirdim, sagalsam, ýaşaýşymy düýpden üýtgetmek hakda netijä geldim, şeýle hem eger sagalaýsam, ilki bilen-ä, haja gideýin, soň zyýaratdan gelibem, gazawada çykaýyn, şeýdibem, eden günämi ýuwaýyn: «Taňryň beren amanadyna kast edip, agyr-agyr meýlislerde bolanymyň öwezini dolaýyn» diýip kasam içdim. Meniň bu örtenmämi beýik Taňry eşitdi, meni dertden gutardy. Aýak üstüne galamsoň, eden kasamyma ygrarly bolmak üçin ýola şaýlandym. Kakamdan miras galan ähli gyrnaklarymy, gullarymy azat etdim, olara ýer, jaý paýladym, öýlenmedigini öýerdim, durmuşa çykmadygyny durmuşa çykardym, öý-işikli etdim, öý goşlarymy, dükanlarymy, mal-mülkümi satdym. Gullaryma, şeýle köp harçlasam hem, ýene ýigrimi müň dinarym galdy, ýöne haja bu pullarymy ýanym bilen äkidip biljek däl, haja gidip, gazawatda bolup gelenimden soň, men täze durmuş başlamakçydym, şonuň üçin hem pullarymy kimem bolsa, bir ynamdar adama tabşyryp gitmegi makul gördüm. Şonuň üçin men iki sany aftabe – mis küýze satyn aldym we hersine on müň dinar saldym. Soňam şäheriň baş kazysynyň ýanyna bardym. Kazy meni gowy garşylady. Ol danyşment adam. Soltan oňa musulmanlaryň janyny we emlägini ynanýar. Rast Soltan ynanýar, diýmek, kazy ynsaply hem halal adam bolmaly diýip pikir etdim. Oňa özüm hakda, başdan geçiren günlerim, indi näme iş etmekçi bolýandygym hakda howlukman birin-birin gürrüň berdim. Kazy meni geň galma bilen diňledi, soňam haýyşymy bitirmäge söz berdi. Ol maňa:
– Aladaňdan gel. Ýöne hiç kime görünmejek bol, hiç kimiň ünsüni özüňe çekmejek bol. Men seniň zatlaryňy alyp galaryn hem sag-aman dolanyp gelmegiň üçin pata bererin – ak ýol arzuw ederin – diýdi.
Mekgeden gazawada goşulmak niýeti bilen göni Ruma sary ýola düşdüm. Rumda gazawatçylara duşup, kapyrlara garşy söweşlere gatnaşdym. Şol söweşleriň birinde agyr ýaralanyp, rumlulara ýesir düşdüm. Olar meni zyndana atdylar. Dört ýarym ýyllap zyndanda ýatdym.
Bir gün Rumuň kaýsary keselledi, ol toba edip, zyndanynda ýatanlaryň köpüsini azatlyga çykardy. Şol azatlyga çykanlaryň arasy bilen menem zyndandan boşadyp, öz mekanyňa git, eger şu töwerekde köw-söwläniňi görsek, ömürlik zyndana atarys diýdiler. Men rumlulara söz berip, olaryň ýurdundan gaýtdym. Men aç ölmezlik üçin çem gelen ýerde hyzmata durdum hemem ýuwaşjadan ýol üçin harajat ýygnamaga başladym. On ýyldan soň sal-sal eşikli, egbarlap, kazynyň huzuryna bardym. Ol meni görüp, ör-gökden geldi. Men oňa:
– Siziň beren ak pataňyzy beýik Biribar kabul eýläp, meni ýene bu ýere getirdi – diýip, minnetdarlyk bildirdim.
Ýöne ol meniň minnetdarlygyma-da, gelmegime-de begenmedi. Asyl-ha, meni diňlemek hem islemedi. Başga görnüp duran üýtgeşik çykalgam bolmandan soň, men gün yrman kazynyň kabulhanasyna gatnap ugradym. Üçünji gün men onuň ýanynyň adamsyz pursadyny peýlap, ýanyna bardym. Öz başdan geçirenlerimi – haja gidişimi, gazawatda bolşumy, zyndanda ýatyşymy, soň gazanç üçin hyzmatda durşumy, indem dolanyp gelendigimi, şol goýup giden puluma mätäçlik çekýändigimi, şol pulumy gaýtaryp bermegini isleýändigimi aýtdym.
Ol kimdir birine eşitdirmek isleýän ýaly, sesini gataldyp üstüme gygyrmaga durdy:
– Sen, näme, meni aldajak bolýaňmy? Seniň diýýän ol adamyň gowy geýnüwlidi, akyllydy, sypaýydy. Seniň ol adama jinnek ýaly meňzeýän ýeriň ýok. Sen meni aldap, bir bendäniň goýup giden puluny aljak bolýaňmy? Belki, sen ol adamy zorlap mende pul goýandygyny bilensiň, soňundanam ol nazarkerde bendäni öldürensiň. Men kimiň-kimdigini bir görenimden tanaýaryn. Senden herki ganhorluga garaşsa bolar. Sen ganhor. Eger gaýdyp meniň ýanyma ýene bir gezek gelseň, men seni zyndana taşlaryn. Hany, derrew ýok bol meniň ýanymdan!.
Men kaza:
– Eý, kazy, men köp çarşenbeleri başdan geçirdim. Ýaralandym, horlandym. Ýöne tanalmaz derejede üýtgemedim ahyryn – diýip, özümi tanatmaga çalyşdym.
Kazy maňa tarap seretjegem bolmady. Meni kabulhanasyndan çykaryp, paýyş sözleri üstüme döküp, kowup goýberdi.
Men bir hepde onda-munda ýatyp-turup, oňly bir pikire gelip bilmän, alaçsyz ýene kazynyň ýanyna bardym:
– Eý, kazy! Men köp oýlandym. Men şu gün saňa goýup giden ýigrimi müň dinaryma mätäçlik çekýän. Sen, hiç bolmanda, goýup giden dinarlarymyň ýarysyny ber, goý, galan ýarysy seniňki bolsun. Nesip bolsa, men ýene baýlyk toplaryn – diýip ýalbarmak ýalbardym.
Kazy meniň dinarlarymyň birisinem bermek islemedi: «Seniň akylyň çaşypdyr. Eger ýene bir gezek meniň ýanyma gelseň, Alla kessin, men seni zyndana taşladaryn, tä ölýänçäň şol ýerde bolarsyň – diýip, kazy meni urup-urup, kowup goýberdi.
Et porsasa, oňa duz sepýärler, ýöne duz porsasa nätmeli? Ýurtda dawa ýüze çyksa, baryny kazy adalatly çözmeli. Ýöne adalatly çözmeli kazynyň özi adalatsyz bolsa il-gün nätsin? Kime arzyňy ýetirjek?
Fiskal gürrüňi diňläp ýüregi awady:
– Eý, dogan! Çykalgasyz zat bolýan däldir, herki zadyň çykalgasy bolýandyr. Düzedip bolmajak, asyl üýtgemejek ýaly görnen äpet zatlaryň hem açaryny tapsaň, aňsatlyk bilen açylýandyr. Uly derwezäni kiçijik açar açýandyr. Sen umytdan düşme, umytda bol. Allatagala herki zady görüp durandyr. Adalatsyzlygyň ömri jyzlanyň ömri ýalydyr, uzak däldir. Adalat bakydyr. Men saňa kömek etjek bolaýyn. Häzir men seni bir ýere elteýin. Ol ýer meniň janymy ynanýan ýerim. Sen ol ýerde arkaýyn dynç al. Iýip-iç. Men seniň ýanyňda boljak. Hiç ýerik gitjek däl. Adalat seni öz penasyna alýança ýanyňdan aýrylmaryn.
Fiskal ýaňky ýigidi yzyna tirkäp biriniň öýüne eltdi. Ol ýerde ýaňky ýigide ýagşy hyzmat etdiler. Iýdirip-içirdiler.
Fiskal ýigidiň ýagdaýyny kagyza geçirip, Soltan Mahmyda gönderipdir.
Soltan fiskalyň habaryny okap ör-gökden gelipdir. Ol fiskala şol ýigidi ýanyna alyp gelmegi buýrup habar berýär. Fiskal ýigidiň ýanyna baryp:
– Seniň ahyň Allaga gowşup, Soltanyň kalbyna saňa ýaranlyk etmek parzyny saldy. Ýör, ikimiz Soltanyň köşgüne barmaly. Bize Soltan Mahmyt garaşýar – diýdi.
– Soňy bulaşaýmaz-da hernä? – diýip, Abdylla kömek etmekçi bolýan ýagşyzada ýüzlenipdir.
– Ol seniň özüňe bagly.
– O nähili maňa bagly? – diýip, Abdylla fiskalyň sözüne geňirgenipdir.
– Eger aýdan zatlaryň galp bolsa, bir çöpi bar bolsa, onda bulaşsa bulaşar, ýöne aýdan zatlaryň hak bolsa, onda bulaşmaz. Gaty hatyrjem bol!
– Aýdan zatlarym hak.
– Onda hiç zatdan gorkma, ýör.
Fiskal Abdyllany yzyna tirkäp köşge barypdyr.
Abdylla fiskala geň galypdyr. Onuň üçin ähli zat ertekä meňzäpdir. Fiskal oňa ertekilerdäki ýagşyzadalary ýatladypdyr.
Fiskal onuň ýanyndan hiç ýerik gitmedi. Mydama ýanynda boldy. Soltan saňa ýaran bolar diýen sözem hakykata öwrüldi. Düýn aýtdy, bu gün bolsa ýagşyzadanyň yzyna düşüp köşge barýar.
Soltan Mahmyt Abdyllany güler ýüz bilen garşy alypdyr. Soltan ýanyndaky ähli wezir-wekillerine ýanyndan gitmeklerini buýrupdyr, ol özüniň Abdylla bilen ikiçäk gürrüň etmek isleýändigini aýdypdyr. Soltan ýanyndaky ähli adamlar çykyp gidenden soň, Abdyllanyň başdan geçirmelerini diňläpdir.
Soltan Mahmyt Abdyllanyň gürrüňini diňläp şeýle diýipdir:
– Seniň bu hala düşmegiň meniň hatam, meniň günäm. Kazyny wezipä özüm goýupdym. Men ony doly tanamandyryn. «Gyzyl görse, Hydyr azar» diýýärler. Kazy gyzyl görse-de, azmajak adam bolmaly. Ýurdy adalatly saklamak parzy kaza ýüklenilýär. Men ol naýynsaplyk etmesin, para-peşgeş almasyn, kem zady bolmasyn diýip köp mukdarda aýlyk töleýärin. Ol ýaşy bir çene baran adam, çaga-çugasy ýok. Meniň berýän aýlygym bir adama däl, iki ýüz adama bol-telkilikde ýaşamaga ýetjek. Men oňa şeýle köp aýlyk töläp durkam, wezir-wekillerimiň ýanynda hormatlap, sylaglap ýörkäm, ol ýene harsydünýälik edýän bolsa, onuň jezasy gaty ýowuz bolar. Ol kazy başda pukarady. Soň men ony şähere kazy edip belledim. Öňküsi ýaly adalatly bolmagyny tabşyrdym. Ol adalatly bolmaga ant içip, awy ýalap söz berdi. Öňki garyp kişiniň bu gün baýlygy ýere-göge syganok. Onuň Bagdatdaky, Merwdäki we beýleki jelagaýlardaky mülklerini, tokaýlaryny, baglaryny, süri-süri mallaryny, gymmat bahaly şaý-seplerini sanap gutarar ýaly däl. Indi pikir edýän welin, kazy onça baýlygy meniň berýän aýlygymdan toplap bilmeli däl. Men muňa geleň etmändirin. Sen meniň gözümi açdyň. Ol baýlyklaryny seniň ýaly kişileri, garamaýak halky çürkäp gazanan bolmaly. Men kazy bilen meseläni çöp döwen ýaly edýänçäm rahatlyk tapmaryn. Sen häzir Merwe git, ol ýerde seni garşy alarlar. Men seniň ýanyňa öz jan ynanýan adamlarymdan adam goşaryn. Ol seni bir baýyň öýüne elter. Şol ýerde sen hiç bir zada mätäç bolman bolçulykda ýaşarsyň. Sen ol ýerde yzyňa çagyrylýançaň ýaşarsyň.
Soltan Mahmyt Abdyllany Merwe ugradypdyr. Soň ol kazydan Abdyllanyň puluny nädip almalydygy barada oýlanypdyr. Daňdana çenli oýlanyp, şeýle netijä gelipdir: «Soltanlyk hökmürowalygym bilen oňa günä ýüklesem, şeýle-şeýle etmişler edipsiň, bigünä adamy aldapsyň, çürkäpsiň diýsem, ol ur-tut ant içip-awy ýalap, ýalan sözlär. Men diňe adalatly ýaşaýan diýer. Günäsini boýun almaz. Sebäbi ol Abdyllany kowup goýberende soňunyň pikirini edendir. «Soltanyň ýanyna arz bilen barsa, şeýle-şeýle diýerin» diýip pikirlenendir, soltanlyk hökmürowanlygy bilen onuň günäsini boýnuna goýup bolmaz, şonuň üçin hem ol ýigidiň puluny bir tilsim ulanyp almaly. Ol tilsim-hile nähili bolmaly? Ol ýigidiň puluny kazynyň özi berer ýaly etmeli. Ýogsam kazy şermendelige ýüz urar. «Ynha, soltan, meni masgara etmek isleýär, öz hökmürowanlygyndan peýdalanýar» diýer welin, meniň abraýym döküler. Men hem-ä öz abraýymy saklamaly, hemem kazyny puly yzyna berer ýaly etmeli» diýip Soltan anyk netijä gelipdir.
Soltan Mahmyt hiç wagt howlugyp iş etmeýär, howlugyp bir netijä gelmeýär. Ol eden işini howlukman, şeýle bir sünnä edýär welin, heý, hoşuňa gelsin. Onsoň onuň il arasyndaky abraýam ýokary bolýar.
Soltan Abdylla babatda-da howlukman işe girişdi. Ol, meger, Abdyllanyň özüni dürsemegine garaşandyr. Meger, başga bir maksat bilen howlukmazlyk edendir, anygyny diňe Alla bilýär.
Birki aý geçdi, Abdylla görünmänden soň kazy arkaýynlaşdy. «Görnenok welin, ölen bolaýmasyn?! Onuň daşky görnüşinden-ä uzak ýaşajaga meňzemeýärdi. Ol, meger, ölendir. Herhal, ýene biraz garaşaýyn, nesip bolsa, onuň bar baýlygy maňa galar. Onsoňam, onuň maňa ýigrimi müň dinar goýup gidenine hiç hili şaýady ýok. Men boýun almasam, töhmet atýar diýsem, oňa däl-de, maňa ynanarlar. Kazyny metdi-masgara etmek üçin kimdir biri gurnaýandyr diýerler. Kazyny özüne duşman hasaplap ýören az däl ahyryn. Kazy adalatyň tarapyny tutup, köp-köp adamy zyndana salýar. Zyndana düşen adamlar, özleri nähak hem bolsa, kazydan öçli bolýarlar» Kazy özüniň baýlygynyň artjagyna begenipdir.
Kazy baýlygynyň artjagyna begenip, hyýalata çümüp otyrka, oňa Azydaddöwläniň çagyrýandygyny aýdýarlar. Kazy bu habara begenjeginem-gynanjagynam bilmän alasarmyk halda köşge sary ýola düşýär.
Soltan kazyny gara gadyr kabul edýär. Ýanyndakylara kazy bilen ikiçäk gürrüň etmek isleýändigini aýdansoň, olary ikiçäk galdyrýarlar.
Azydaddöwle kazynyň hal-ahwalyny soraýar. Özara hal-ahwal soraşykdan soň, Soltan kazynyň garaşmaýan gürrüňini edýär:
– Eý, kazy, men seni gowy görýärin. Wezir-wekillerimiň içinde seniň sylagyň artykdyr.
Soltandan munuň ýaly sözler eşitmek hiç kime ýetdirmeýän bagt ahyryn. Soltan gowy görýän bolsa, bu seniň tarhanlygyň, bu seniň bagtyň çüwdügi. Kazynyň begenjine gygyryberesi gelýär. Soltan bolsa kazynyň gulagyna hoş ýakjak sözlerini aýtmagyny ýene dowam edýär.
– Men soňky günler ömür hakda köp oýlanýaryn. Her bir zadyň başlangyjy hem soňy bar. Adam ömri-de şeýle: bu dünýä gelen gitmeli. Özem bu dünýäde näçe ýygnasaň, ýygnaber, kim bolsaň, şol bol, soltanam bolsaň, bu dünýäde ähli ýygnan zatlaryňy goýup gitmeli. Öleniňden soň endamyňdaky kiriňem ýuwup alyp galýarlar. Men ölüm barada soňky döwürde, näme üçindir, köp oýlanýaryn. Ölüm her gün, her bir işde özüni zomluk bilen maňa ýatladyp dur. Bu oňlulygyň alamaty däl. Göwnüme bolmasa, ömür karkaram soňlap gelýän ýaly. Men ölerin, ýöne bu baýlygy, bu şalygy kime ynanmaly?! Men seniň bilen, ine, şu hakda gürleşesim gelýär.
Kazy öwran-öwran ýuwdunyp, Soltana golaý-golaý süýşdi. Onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy:
– Soltanym, siz maňa uly wezipe ynandyňyz. Öň işsiz kösenip ýördüm. Siz meni işli etdiňiz. Soň siz meni şähere kazy bellediňiz, siz maňa uly aýlyk bellediňiz. Kem zadyň bolmasyn diýdiňiz. Hudaýa şükür, men her gün turanymda beýik Biribara şükür edip, mynajat okap, siziň ömrüňiziň uzak, janyňyzyň sag bolmagyny, rowaçlyk dileg edýärin. Siziň ynamyňyzy ödemek üçin halal işleýärin. Siziň tabşyryşyňyz ýaly, şalygyňyzyň raýatlaryna hoşgylaw bolmaga, olara edip bilsem ýagşylyk etmäge, etmiş edenleri jezalandyrmaga, synan göwünleri seýiklemäge, ýagşylyklarym bilen magşar güni behişde düşmäge mynasyp bolmaga çalyşýaryn. Galan ömrümde-de size wepaly bolaryn. Siziň ynamyňyzy ödemän, ýüňsakgal etsem, şol demde meniň kellämi çalaýyň. Men size wepaly sadyk gulduryn, kyblaýy älemim!
– Men saňa ynanýaryn, kazy. Ynanýanlygym üçin hem seniň bilen ikiçäk otyryn, hiç kimiň ýanynda aýtmadyk pynhanlygymy saňa aýdýaryn.
– Kyblaýy älemim! Menden ikilik çykmaz. Siziň ynamyňyzy ödemek, möhümiňizi bitirmek meniň üçin çäksiz bagt. Men hiç wagt baýlyga kowalaşmadym. Men diňe adalatyň tarapynda bolup, şalygyňyzda kada-kanunyň berk saklanmagy, siziň talaplaryňyzyň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin çalyşdym.
– Seniň baýlyga kowalaşmaýandygyňy men bilýärin. Şonuň üçin hem saňa öz syrlarymy ynanýaryn. Biler bolsaň, men bu dünýäden rahat gitmek isleýärin. Bu dünýäden rahat gitmegim üçin käbir edilmeli işler bar.
– Soltanyň işini bitirmek raýatyna parzdyr hem bagtdyr.
– Köşkde haremhana bar. Onda bir giden aýal-ebtat, çaga-çuga bar. Aýal maşgala biçäre bolýar. Erkek kişiniň üpjünçiligi bolmasa, olara ýaşaýyş kyn düşýär. Ýöne öz haremhanamdaky aýal-ebtatlaryň men ölenimden soň hem bolelinlikde ýaşamaklaryny isleýärin. Olar bolelinlikde ýaşamaga öwrenişen adamlar. Şonuň üçin hazynadan ep-eslini saňa ynanmak isleýärin. Sen meniň üçin iň ynamdar adam, men saňa gaznadan bir kurur (million) dinar bermekçi. Ýöne, men saňa öňünden aýdaýyn, bu işi ikimizden başga hiç kim bilmeli däldir. Sen syr saklap bilýänsiň-ä?
– Gürrüňi näme, soltanym. Ýasy ýanyňyz ýerde bolsun.
– Sen halalsyň ahyryn?!
– Elbetde, soltanym. Ene süýdünden ant içýän, bütin ömrüme ýeke gezegem haramylyk eden däldirin. Ilden iňňe alsam hem, şol gün ynsabym meni rahat ýatyranok. Men kazy, onsoň men hem size, hem Allatagala adyl gulluk etmeli. Ýogsam, o dünýäde barjak ýerim dowzah bolar. Men her gün o dünýäni ýatlap ýaşaýaryn.
– Seniň her gün o dünýäni ýatlaýandygyňa men ynanýaryn – diýip, Soltan Mahmyt köpmanyly dymdy. – Men ýogalamsoň, mirasymy saňa ynanýaryn. Men çaga-çugalarymy hem saňa ynanýaryn. Sen meniň maşgalama eýe dur. Gyzlarymy abraýly ýerlere durmuşa çykar. Onsoň meniň çaga-çugalarymy, aýal-ebtatlarymy ýanyňa ýeke-ýekeden çagyr-da, olaryň hersine dinarlary paýla.
– Aýdyşyňyz ýaly ederin, soltanym. Haçan dinarlary berjek?
– Howlukma, ähli zat gizlinlikde bolup geçmelidir.
– Siz arkaýyn boluň, soltanym. Şu gije özüm ählisini gurnaryn.
– Ýok, sen onça baýlygy bu gün gizläp bilmersiň.
– Men näme edeýin, soltanym?
– Sen öz öýüň içki otaglarynyň birini çuň edip gaz, onsoň ol ýerde bişen kerpiçden gül ýalak ogryn ýerzemin gur. Ol gurjak ýerzeminiň örän gizlin hem berk bolsun. Her näçe ökde ogry bolsa-da bilmez, içine girmez ýaly bolsun.
– Aýdyşyňyz ýaly ederin, soltanym – diýip, kazy gürrüňi edilýän dinarlary göz öňüne getirip galkyjaklady.
– Gurluşygyňy gutaran dessiňe maňa habar edersiň. Men saňa zyndandan ýigrimi-otuz sany kellekeser jenaýatçyny hyzmatyňa bererin. Dinarlary ol kellekeserleriň arkasyna ýükläp, seniň köşgüňe elterler.
– Jenaýatçylar baýlygy ýerzeminime eltenlerinden soň, olary öldürmeli bolarys, soltanym.
– Olaryň gözlerini daňsak bolmazmy?
– Bolmaz, soltanym. Töwekgellik nämä gerek?! Jenaýatça geçirimlilik etmäliň-le, soltanym.
– Bu meseläniň çözgüdini özüňe goýýan.
– Ömrüňiz uzak bolsun, soltanym!
– Baýlygy ýerzemine elteniňden soň onuň gapysyny kerpiç örüp ýapgyn. Goý, hiç kim içki otagyňda ýerzeminiň bardygyny bilmesin.
– Hiç kim bilmez, soltanym.
Soltan öz hyzmatkärine buýrupdyr:
– Bar, hazynadan iki ýüz dinar alyp gel.
Hyzmatkär sähel salymyň içinde iki ýüz dinary getiripdir. Soltan iki ýüz magryp dinaryny kaza gowşurypdyr:
– Ine, saňa iki ýüz dinar. Sen bu puly ýerzemin gurmak üçin harçla. Özüňden hiç zat çykarma. Ähli harajadyňy özüm çekmek isleýärin. Gurluşyk üçin şu iki ýüz dinar ýetmese, utanman-çekinmän maňa ogrynlyk bilen aýt, men gerek diýen mukdardaky puluňy bererin.
– Wah, mähriban soltanym, ýerzemin gurluşygy üçin bu bereniňiz, artygy bilen ýeter, arkaýyn bolaýyň – diýip, kazy begenjine öwran-öwran gaýtalapdyr. Köşkden begenjine guş bolup uçup öýüne gaýdypdyr. Öz ýanyndan bagtynyň çüwendigi üçin Allatagala müň keren minnetdar bolupdyr. Allatagala her bendesine üç gezek eçilermiş. Şol üç gezegem Allatagalanyň eçilenini endurut deýin saklap bilmeseň, soň maňlaýyň ömrüň soňuna çenli gara boljakdygy. Adam Allatagalanyň birinji eçilmesini akylly-başly peýdalanyp, aşa tarhandökerlik etmän, barynyň üstüne ýene baýlyk goşmaga çalyşsa, onda bu Allatagalanyň hoşuna gelermiş. Beýle kişi baý bolarmyş. Allatagala kaza üçden-dörtden köp eçildi. Elbetde, kazynyň tutumy Allatagalanyň hoşuna gelendir, onsoň «Al, gulum!» diýýändir. Heý, beýle eçilişiň gadyryny bilmän bolarmy?! Kazy epeý göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen töweregine garanjaklap tans etdi. Wah, diňe bir ada hiňlenip tans etmek däl, onuň dikine zowladyp gygyrasy gelýär. Ýöne kimdir biriniň görmeginden hem geňlemeginden heder edýär. Hudaýa şükür, ýolda hiç kim ýok. Onuň guş bolup uçup barşyny adamlar görübem ýetişmeseler gerek. Ol patyşanyň berjek altyn-kümüşlerini hyýalynda görýärdi. Hakyt görýärdi. Eý-how! Ummasyz-how ol altyn-kümüşler! Elbetde, ummasyz bolar! Sebäp ol altyn-kümüşler ýeke bir adamyňky däl, ol dünýäniň baýlygyny özünde jemlän Soltan Mahmydyň şalygynyň altyn-kümüşleri! Ullakan bir şalygyňky! Dünýäniňki! Dünýäň baýlygy öz mähriban öýüň ýerzemininde saklanar-da, heý, özüňi bagtly duýmazmyň?!
Kazy haýdap ýerzemin taýýarlapdyr. Ony taýýarlap, ýüzüni garaňka tutup, patyşanyň dergähine ugrapdyr.
Patyşa ýatjak bolup duran eken. Ol kazyny görüp geňirgenipdir.
– Näme boldy?
– Şahy älemim! Siz maňa gaty uly ynam bildirdiňiz. Men siziň beýik ynamyňyzy ödemek üçin yhlas etdim...
– Näme üçin geldiň?
Kazy:
– Buýran ýerzeminiňiziň salnandygyny size habar bereýin diýip geldim – diýip jogap beripdir. Azydaddöwle:
– Ajap bolupdyr, men seniň işiňe yhlaslydygyňy öňem bilýärdim. Hudaýa şükür, öz çakymda ýalňyşman ekenim. Sen meniň kalbymy bu derwaýys howsaladan halas etdiň. Men aýdyşym ýaly, saňa bir kurur altyn dinar we beýleki genji-hazyna taýynlap goýdum. Bularyň daşyndan ýene bäş ýüz dinar, köp-köp halat-serpaý, sabur, müşk-anbar hem beriljekdir. Men işleriňiziň nähili barýanlygyna göz ýetirmek üçin erte agşam öýüňize baryp gaýdaryn. Ýöne sen meniň üçin artykmaç azara galyp ýörmegin, men baran badyma gaýtjakdyryn – diýipdir.
Azydaddöwle kazyny ugradyp, şobada-da Merwe – altynyň eýesine çapar gönderipdir. Ertesi agşamam kazynyň köşgüne gidip, ýerzemini gözden geçiripdir, oňa göwni ýetip, kaza:
– Sen hepdäniň ikinji güni taýynlan, zatlarymy görmek üçin barmalysyň – diýipdir.
Kazam:
– Hoş bolgaý – diýip jogap beripdir.
Soltan kazynyň köşgünden gaýdyp gelip, gaznaça altyn-zerli ýüz kyrk aftabä, üç kurrabe dür, ýakutdan doly altyn mejime, bir jam lagl, bir jam merjen alyp gelip, öňünde goýmagy buýrupdyr.
Gaznaçy bu zatlaryň baryny berjaý edipdir, hepdäniň ikinji günem Soltan kazyny çagyrypdyr, onuň elinden tutup, şol emläkler goýlan jaýa alyp barypdyr. Kazy bu baýlyklara haýranlar galypdyr. Azydaddöwle:
– Şu hepdäniň bir güni ýarygijeler sen meniň şu emläkleri başga ýere geçirmek baradaky habaryma garaşyp oturgyn – diýipdir.
Olar ol jaýdan çykypdyrlar. Kazy öýlerine gaýdypdyr. Begenjinden ýüregi agzyndan çykaýjak bolupdyr. Ertesi güni kazydan altyn algyly Abdylla Merwden gelipdir. Azydaddöwle oňa:
– Sen häziriň özünde kazynyň ýanyna bar-da: «Men esli wagtlap çydap, sylap gezdim, indi mundan beýläk çydamaga çakym ýok. Meniň we atamyň näçe emlägimiziň bolanlygyny bolsa bütin şäher bilýär, gerek bolsa, ol meniň diýenlerimi tassyklar; pulumy berseň-ä ne ýagşy, bermeseňem, häziriň özünde Azydaddöwläniň ýanyna gidip, arz etjek, şeýdibem, iliň öňünde seni ryswa etjek» diýip aýt. Göreli, kazy saňa näme jogap berýärkä? Eger ol puluňy gaýdyp berse-hä, işleriň düzeldigi, bermese-de, näme diýýänini maňa gelip aýt – diýipdir.
Abdylla kazynyň üstüne ugrapdyr, barybam onuň bilen ykjam gürleşipdir. Kazy öz ýanyndan: «Bu adam ýamanlyk etjek bolup, Azydaddöwläniň ýanyna barsa, onuňam göwnüne güman gitse, ol meniň öýüme emläk ibermez, iň gowusy, men bu adamyň emlägini gaýdyp bereýin, aslynda Soltanyň genji-hazynaçy iki aftabeden has gowy ahyryn» diýip oýlanypdyr. Ol baran adama:
– Ýene az salym garaş, sebäbi men sen hakda bar ýerden sorag-ideg edip ýörün – diýipdir. Ol şeý diýip ýerinden turupdyr-da, dynç alýan otagyna geçipdir, ony şol ýere çagyryp, gujaklapdyr we:
– Sen meniň dostum, men seni oglum hasap edýärin ahyryn. Men bu zatlary seresaplylyk üçin edendirin. Şol günden bäri, otursam-tursam, seni soraglap ýörendirin. Hudaýa şükür, ýene saňa sataşyp, bu ýüküň aşagyndan çykdym. Seniň altynyň gyly gyrlan däldir – diýipdir. Ol turup gidipdir-de, şol adamyň ýanyna iki aftabäni alyp gelipdir we:
– Ynha, bu seniň pullaryň bolmaly, al-da, niräk äkiderin diýseň, şol ýere äkit – diýipdir.
Azydaddöwle içi altynly aftabenleri görüp, hezil edip gülüpdir we:
– Hudaýa şükür, sen adalatyň dabaralanmagyny gazandyň. Kazynyň bihaýalygy görnüp dur. Seniň puluňy almagyň üçin meniň gören görgülerimi bir bilsediň – diýipdir.
Guşbegiler: nähili boldy-da – nähili boldy? – bolşup, sorap başlapdyrlar. Azydaddöwle bolan zatlaryň baryny bolşy ýaly edip gürrüň beripdir. Oturanlar haýran galyp, aňk bolupdyrlar.
Azydaddöwle soň beýik hajyba:
– Bar-da, kazynyň kellesini, aýaklaryny ýalaňaçla, sellesini hem boýnuna orap, ony meniň ýanyma alyp gel – diýipdir.
Hajyp gidip kazyny buýrulan şekilde alyp gelipdir. Kazyny jaýa alyp gidipdirler, ol daş-töweregine göz aýlanyndan şol algydarynyň iki aftabesini elinde tutup duranyny görüp: «Işim-ä gaýdypdyr» diýip içini gepledipdir, çünki ol ähli edilen gürrüňiň, Azydaddöwläniň ähli görkezen zatlarynyň şol iki aftabä zerarlydygyna düşünip galypdyr.
Soň Azydaddöwle onuň üstüne gygyryp ugrapdyr:
– Özüň-ä bir garry, danyşment, kazy adam, bir aýagyňy göre dykyp otyrsyň, şonda-da edýäniň galplyk, bihaýalyk, şeýdibem, ähli ynamdan gaçdyň. Sen şeýtseň, galanlardan näme tama etjek? Seniň ähli baýlyklaryň, emläkleriň musulmanlaryň emlägidigi, olardan para alnan zatlardygy görnüp dur. Bu dünýäde saňa jezany özüm bererin, o dünýäde bolsa özüň hasap okarsyň. Goja kişi, danyşment bolaňsoň, men seni öldürmäýin, ýöne ähli emlägiň, ähli baýlygyň hazyna geçiriljekdir – diýipdir.
Onuň ähli emlägini, baýlygyny elinden alypdyrlar we şondan soň gaýdyp oňa wezipe berilmändir. Iki aftabäni bolsa şol asylzada adama gaýdyp beripdirler.
Kazy ýalňyşyna düşünipdir, eden işine ökünipdir. Emma...
Baýlykda oýun kän...
■ JIÝBAL
Kabulystanyň Brahmany patyşasy Jiýbal diňe bir özüne däl, goşunynyň güýjüne, goşunynyň söweş tilsimlerine aşa göwni ýetýän başarjaň, pähimdar patyşady.
Ol öz üstüne türkmenleriň sürnüp gelýändigini eşidip, taýýarlyk görüp ugrady. Gysga döwür içinde köp mukdarda goşun toplady-da, Söbükteginiň öňünden çykdy.
Söbüktegin Jiýbalyň garşysyna tilsim ulanmagy ýüregine düwdi.
Bagurek bogazynda bir çeşme bardy. Ol çeşmä bir hapa düşse, asman garalyp, ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagardy. Ýagyş çeşme ol hapadan arassalanýança ýagar durardy. Bu hakda eşiden Söbüktegin çeşmä nähilidir bir hapa zadyň oklanmagyny tabşyrýar. Jiýbalyň uly ýygyny ýetip gelýärdi. Şol mahal hem çeşme hapalanýar.
Birden asman garalyp, ýyldyrym yzyna ýyldyrym çakmaga başlaýar. Şeýle bir güýçli jala ýagmaga başlaýar.
Hindiler jalanyň aşagynda galýarlar, iki gün ýagşyň aşagynda bolan hindiler yza çekilmäge mejbur bolýarlar.
Jiýbal Söbüktegine habar ýollaýar, ýaraşmak isleýändigini mälim edýär.
Söbüktegin Jiýbalyň hödürleýän köp möçberdäki tyllasyny, birnäçe şäherini, şeýle hem elli sany pil, öz kowmunyň atly-abraýly adamlarynyň birnäçesini girewine goýmak baradaky wadasyny kabul edýär we ylalaşyk baglaşmaga razylyk berýär.
Söbükteginiň ogly emir Mahmyt kakasyna garşy çykýar:
– Biz söweşsek, has köp peýda gazanyp bileris.
– Nesip bolsa, bu maksadyňa-da ýetersiň – diýip, Söbüktegin ogly bilen ylalaşmaýar we Jiýbalyň ylalaşygy bilen razylaşyp, ýeňiji hökmünde Gazna dolanýar.
1001-nji ýylyň muharram aýynda Mahmyt ibn Söbüktegin Hindistana ýöriş edýär. Jiýbal bilen çarpyşman, ony mugyra getirmek isleýär.
Jiýbal ýaş soltanyň gelýändigini eşidip, onuň öňünden çykýar.
Aýylganç darkaş bolýar.
Darkaşda Beýik Perwerdigär ýaş soltanyň tarapynda bolup, oňa ýeňiş bagyşlady.
Jiýbal ýesir düşdi.
Onuň boýnunda 80.000 dinarlyk monjugy bar eken.
Ýaş soltan Jiýbalyň ähli baýlygyny, iň bärkisi egnindäki eşiklerine çenli sypyryp aldy.
Köp-köp şäherleri özüne tabyn etdi.
Şondan soň Mahmyt Jiýbaly masgaralamak islegi bilen ony tumaýak galdyryp, paýtagtyna ugratdy.
Soltan Jiýbalyň gözlerinde gahar-gazaby gördi.
Soltan hindi patyşasyny başaçyk, aýakýalaňaç öz ugruna goýberdi. Jiýbal juda namysjaň patyşa eken: ol paýtagtyna dolanyp baryp, mukaddes hasaplanýan oda özüni oklaýar.
■ TÄSIN WEZIPE
Mahmyt kakasynyň emiridi.
Ol köp zatlary bilmäge, öwrenmäge çalyşýardy. Aýratynam ulamalar, akyldarlar, şahyrlar bilen köp hemsöhbet bolýardy. Olaryň içki dünýälerini açmaklary üçin köp gürlemän makullardy, içinden welin aýdylýan pikirleri ölçerip-dökerdi. Onuň ýüregi gözellik küýseýärdi. Söhbetleriň hem şirin-şeker bolmagyny, owadan bolmagyny isleýärdi. Hiç iş etmän bir ýerde durmak onuň üçin iň agyr jezady. Ol şahyrlaryň biri bilen sähra gezelenje çykardy.
Bir günem ol gül-gunçaly sährada meýlis gurap, şerap içip, namazşamlar gala dolandy. Derwezeden içeri giren ýerindäki adamlaryň arasynda on-on iki ýaşlaryndaky bir görmegeý oglanda onuň nazary saklandy. Mahmyt sal-sal, göwşül eşikli, ýüzüne bir hepde bäri suw degene meňzemeýän, ýöne jul içindäki göwheriň öwüşgin saçyşy deýin, görmegeý sypaty gapdalyndakylardan düýpgöter parhlanýan oglandan nazaryny aýrasy gelmedi.
Mahmyt atynyň jylawyndan çekdi. Yzda galan nazarkerde oglany ýanyna çagyryp, ony täzeden synlady. Synladygysaýyn hem ol oglan Mahmydyň hoşuna geldi.
– Eý, oglan, sen kim? Kimiň ogly?
Oglan gorka jogap berdi: kakasynyň, ejesiniň atlaryny, şeýle hem, olaryň günlükçilik edýändiklerini, ýaşaýyşlarynyň agyrdygyny gürrüň berýär. Gazançsyz öýe dolanmazlygy ýüregine düwen oglana Mahmyt esli salym seredip durýar.
– Sen okap-ýazyp bilýäňmi?
– Okap bilýärin, hökümdar. Men Gurhany okap, ýat tutup, hafyz bolmak isleýärin – diýip, oglan joşgun bilen jogap beripdir.
Mahmyt oglany öz ýanyna köşge eltmegi höküm edýär.
Mahmyt kimi köşge ýanyna gulluga almakçy bolsa birki günläp synagdan geçiripdir, ençe gezek gürrüňdeş bolup, degdim-gaçdym gürrüňlerde gürrüňdeşiniň näjüre adamdygyny bilmegi başarypdyr.
Ol oglanyň ady Ýakup eken. Ol düşbi hem erjel, ýatkeş eken. Ýakubyň düşbüligi-de, erjelligi-de, ýatkeşligi-de Mahmydyň hoşuna gelipdir. Ony ýanyna gulluga alýandygyny, gulluk hakynyň ata-enesiniň bigaýgy ýaşamagy üçin ýetjekdigini aýdypdyr. Ýakuba özbaşdak bir otag beripdir. Onuň otagy Mahmydyň kabulhanasyna ýakyn eken.
Emir Ýakubyň ata-enesini köşge çagyryp: «Siziň ogluňyza synym oturdy. Men siziň ogluňyzy ýanyma gulluga alyp, oňa öz terbiýämi berjek. Size bolsa köşkden aýratyn otag bererler. Siz hiç zady gaýgy etmän bigaýgy ýaşarsyňyz. Siz ogluňyzdan hatyrjem boluň» diýipdir. Şondan soň emir Ýakubyň otagyny görkezýär, onuň ata-enesine halat-serpaý ýapyp ugradýar. Ýakuba bolsa ýüpek şal geýdirip, ýörite atabege tabşyrýar. Ýakuba nämeleri öwretmelidigini atabege ýekän-ýekän aýdyp berýär.
Atabeg Mahmyt Gaznalynyň ýörite tabşyrygy boýunça Ýakuba terbiýe bermäge, okatmaga başlaýar. Ol Ýakuba hat ýazmagy, at münmegi, suwda ýüzmegi, gylyçlaşmagy, söweş hem serkerde tilsimlerini öwredýär.
Soltan Ýakuby ýanyna çagyryp şeýle diýýär:
– Seniň köşkde esasy etmeli wezipäň men entek hiç kimi görmänkäm, hiç kimi kabul etmänkäm, ýanyma gelip, salam bermelisiň. Her gün gözümi açyp ilki görmeli adamym sen bolmalysyň. Ýüzüň hiç wagt gaýgyly bolmasyn. Meniň gaşymda ýüzüň häzirkiň ýaly gülüp dursun.
Bu adaty bolmadyk iş Ýakuba hoş ýakypdyr. Ol soltanyň tabşyrygyny yhlas bilen ýerine ýetirmäge çalşypdyr. Her gün säher bilen gelip, soltanyň dergähinde häzir bolupdyr, onuň ukudan oýanaryna garaşypdyr.
Soltan her gün säher oýanyp, otagyndan çykanda nazary, ilki bilen, Ýakuba düşüpdir.
Soltan Mahmyt Gaznalynyň Ýakuby ýanyna gulluga almasy ýöne ýerden däldi. Ol uzynly günüň şu oglanyň ýüzi deýin, nurana bolmagyny şerepläpdir. Bu oglana gözleri düşensoň kalbyna mähir, söýgi aralaşypdyr, gaharlanyp duran hem bolsa, Ýakuba nazary düşende rahatlanypdyr. Kejebesi daryganda Ýakuba seredip, göwnüne kanagat, giňlik tapypdyr. Ýakuba nazaryny salyp başlan tutumlary hemişe şowuna bolupdyr. Soltan her säher Ýakuba seredip, näme maksat tutunsa, şol maksady wysal bolupdyr.
Ýakuba nazary düşüp ugrandan soň soltanyň işi öňkülerinden has şow alypdyr. Ýakuba nazary düşüp, soňundan ýetmek islän maksadynyň hasyl bolmadyk gezegi bolmandyr.
Soltan Mahmyt Ýakuba owadandan owadan, gymmat bahaly zerli egin-eşikler geýdirip bezäpdir.
Soltan haýsy ýere gitse, ýany bilen Ýakuby hem äkidipdir. Oňa aýratyn hormat-gadyr goýupdyr. Soňabaka soltan bu oglana biçak imrigipdir: birnäçe sagat görmese, dowul tapyberipdir.
Özüne soltanyň şeýle uly ähmiýet bermegi Ýakubyň göwnüni göteripdir. Soltanyň peşgeş beren halat-serpaýlaryndan onuň döwleti artypdyr. Ýakup tanalmaz derejede özgeripdir.
Wagt geçip Ýakup on sekiz ýaşa ýetipdir. Ýakup ýigit çykyp öňküsinden on esse görmegeýleşipdir, nurlanypdyr. Mahmyt Gaznaly Ýakubyň mübärek ýüzüniň nurundan şereplenip, ençe-ençe gowy işleri bitirýär. Özem bitirip bolmajak hasaplanan işleri bitirýär, ençe-ençe welaýatlary basyp alýar, Hindistanyň köp ýerlerini özüne tabyn edýär.
Bir gün Ýakup soltanyň huzuryna gelmeli wagtyndan gijä galýar. Soltan oňa garaşmaly bolýar. Muňa soltanyň gahary gelýär. Ýakup karargähe girenden soltan oňa gygyrýar:
– Sen näme üçin meniň ýanyma gelmeli wagtyňdan bir sagat gijä galdyň? Meni garaşmaga mejbur etdiň. Ýa sen men-menlik etjek bolýarmyň? Öz geçmişiňi unudaýdyňmy? Häzirki derejä meniň ýetirendigimi unudan bolaýma sen?!
Soltanyň sözüni diňläp, Ýakup şeýle diýipdir:
– Hezreti soltanym, siziň aýdan zatlaryňyzyň barysy dogry. Siz meni garyplyk dünýäsinden sogrup alyp, öz penaňyza aldyňyz. Hiç bir zada mätäç bolman, bol-telkilikde, mertebede ýaşaýaryn. Öň ýarlykly garyp bolan bolsam, bu gün malym-mülküm bar, bäş ýüz müňden gowrak pulum bar. Soltan maňa beýik dereje berdi, hiç kim meniň derejäm bilen deňleşip bilmez. Ýöne soltanyň maňa gaharynyň gelmesine çäksiz gynanýaryn. Bu ýerde bir säwlik bar.
Mahmyt Gaznaly «nähili säwlik bar?» diýen terzde Ýakubyň ýüzüne soragly bakdy.
– Rugsat berseňiz aýdaýyn, aly makam!
– Aýdyber!
– Siziň maňa gaharlanmagyňyz öz-özüňize gaharlandygyňyzdyr. Siz mende öz kalbyňyzy, öz kalbyňyzyň rahatlygyny görýärsiňiz. Men siziň kalbyňyzdyryn. Men siziň kalbyňyzyň bagy-bossanydyryn. Meni görmegi mydama gowulyga ýorýarsyňyz. Meni synlap, kalbyňyzy ýagşylyk, adalatlylyk, asyllylyk şerbeti bilen gandyrýarsyňyz. Ýagşy tutumlara güýç-kuwwat alýarsyňyz. Eger patyşa öz tomaşa edýän adamyndan çäksiz ruhy gurbat alýan bolsa, onda patyşa ol adama hiç wagt gaharlanmaly däldir. Çünki baýlygy tapyp bolýar, ýöne ruhy baýlyk dür daşlary deýin seýrek tapdyrýar. Maňa käýemegiňizi men siziň öz-özüňize käýedigiňiz diýip hasap edýärin.
Soltan Mahmyt Gaznaly Ýakubyň sözlerini hezil edip diňläpdir. Oňa ýene-de öňküleri ýaly, hoş sözleri aýdyp, hatyralapdyr.
ÄLEMIŇ GUWANJY
Beýik türkmen döwleti Gaznawylar soltanlygynyň soltany Soltan Mahmyt Gaznawy Ebul-Hasan Harkanydan: «Baýezid Bestamy nähili kişidi?» diýip sorapdyr. Harkany oňa: «Baýezid şeýle bir kämil welidi, ony görenler Hidaýata (dogry ýola, yslam ýoluna) gowuşardylar. Allanyň razy bolan bendelerinden bolardylar» diýipdir. Soltan Mahmyt Gaznawy bu jogaba kanagatlanmany, oňa garap «Ebu Jehil, Ebu Leneb ýaly kişiler Fahry-kaýynaty (älemiň guwanjy), Serweri-älemi (älemiň serwerini) bolan Muhammet Sallalýahy aleýhi we sellemi birnäçe gezek gördüler. Olar Hidaýata gowuşmady-da, Baýezidi görenleriň Hidaýata gowuşmaklaryny nädip aýdyp bilýärsiň? Ol näme Resulalladan hem üstünmi? Iki jahanyň eýesini üstünleriň iň üstüni bolan, Allatagalanyň iň söýgüli Pygamberini görenler küpürden halas bolmany, Baýezidi görenler nädip halas bolýar?» diýip sowal beripdir. Ebul Hasan Harkany bolsa: Ebu Jehil, Ebu Leneb ýaly nadanlar Allanyň söýgüli pygamberini görmediler. Olar Ebu Talybyň ýetimi, Abdyllanyň ogly Muhammedi gördüler. Oňa ýetim gözi bilen bakdylar. Eger olar Ebu Bekir ýaly bolup Rasulallany gören bolsalar, küpürden, zyýandan halas bolup, Ebu Bekir ýaly kemala gowşardylar» diýip jogap beripdir. Soltan Mahmyt Gaznawy bu jogapdan kanagatlandy. Din alymlaryna bolan söýgüsi has hem artypdyr.
Halk döredijiligi we rowaýatlar