00:17

Şu günki eden gowy işlerim

ŞU GÜNKI EDEN GOWY IŞLERIM

Şu gün irdenjik üstümdäki gowy ýapylan ýorgany aýyrdym-da, dogup gelýän gowy Güne seretdim. Soň ýerimden gowy edip turdum. Gowy edip ýuwundym. Ondan soň gowy komnatdaşym gowy çaý demläp goýupdyr. Ol hem gowy çäýnegiň içinde. Soň gowy käsä gowy çäýnekdäki gowy çaýdan gowy edip guýdum. Soňam, gapdalda gowy gapda gowy süýjiler bar eken, olardan birini gowy edip iýjek bolup durkam çaýymyň içine "gowy" siňek gaçan eken. Ol siňegi gowulyk bilen çykardym, "gowy sözler" aýtdym. Soň gowy köýnegim, jalbarym bilen gowy penjegimi geýdim-de, gowy köwşüm bilen gowy ýola çykdym. Gabat gelen gowy adamlar bilen gowy edip salamlaşdym. Ýolda-da gowy maşynlar bar eken. Olaryň içinden gowusyny gowy edip elimi galdyryp sakladym. Ol gowy edip durdy, nirä gitmelidigimi gowy edip düşündirdim. Sürüji gowy adam eken, gowy gürrüňler etdik...
Gowy institutymyza baryp, gowy edip okadym... Gowy institutdan gelenimden soň gowy ýadadym. Gowy naharlananymdan soň gowy telefonymdan internede baglanmak isledim. Olam gowy işledi. Ondan soň gowy kitapcy.ga (saýt ady ýerli ýagdaýa görä üýtgedildi smile ) saýdyna girdim-de, gowy agzalara şu günki eden gowy işlerim barada gowy edip ýazgy ýazdym.
Gowulykda görşeliň!
Oňarsak, bar zady gowulyga ýoralyň! ))

2015 ý.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Sözler | Просмотров: 470 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Garaýolly  
27
Sapanyñ bu gundeligine ,,Gowy,, diyaymelidi welin, ozuniñ icindaki ,,Gowylaram,, yeterlik eken.

0
2 Garaýolly  
27
Gowy shahyrdan gowy yazylan,gowy kapyyaly,gowy setirli,gowy owazly,gowy ritmli,gowy goshga garashyas.

0
3 Мylayym  
83
Gowudygyny smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]