16:55 Syra öwrülen duýgular / powest | |
SYRA ÖWRÜLEN DUÝGULAR
Powestler
Gözel gyzlar, juwan gyzlar, Gül ýüzli hoş zyban gyzlar. Siziň gödek oýnuňyzdan Aman, aman, aman, gyzlar. M.Seýidow. – Gullukdan geleniňe heniz ýeke hepde hem bolanok. Eýýäm iş diýip dyzap dursuň. Işiň gaçyp gitjek ýeri ýokdur. Birki aý dynjyňy al. Göz astyna alýanyňam öýüň törüne geçir... – Düzdeçilige öwrenişipdirin. – Aý, inim, sen bir töwra ýigit ekeniň – diýip, Rahman aga närazylyk bilen ýüzüme seretdi-de, hany, ýör diýýän äheňde garaža tarap ýöräp ugrady. – Beýle gyssanmaç bolsaň, inžener bilenem özüm gürleşerin. Sen munuň ol-bu ýerlerini kiçeňräjik remont et. Yzyndanam külte düz. Oňa deňiç «Dokuzlygam» taba geler.... Ýogsa-da men senden bir zat sorajak bolýan weli... – Soraň, soraň. – Allamyradymyzyň göz astyna alyp ýöreni barmyş diýip gürrüň edýärler-le. Rahman aganyň näme diýjek bolýanyna düşündim. Her niçigem bolsa, onuň soragyny jogapsyz galdyrmagy makul bildim. * * * ... Garaždan gaýdanymda keýpim kökdi. Ýuwaşjadan sygyryp öýe geldim. – Beýle-de bir gijä galarlarmy? Eýýämden ýaga bulanyp ýörmegiň-ä gowy däl – diýip, kakam närazylyk bilen aýtdy. Ýuwunmaga gidemde-de, ýuwunyp gelenimde-de ejemiň maňa alarylyp seretmesi galmady. Onuň aram-aram müňküldeýän dodaklary nämedir bir zat aýtjak bolýandygyny mesaňa habar berýärdi. – Kakaň pahyr bütin ömrüni şol wakyr pat-pat bilen geçirdi. Özem haçan görseň ondan saladolyň ysy aňkap durandyr. Geýimini ýuwup ýetişmegem men diýen aýala görgi. Gelip-gelip seniňem şu käre baş goşmagyň... Ýok, daş etsin bu kärden – diýip, ejem jowrandy. – Kär käriň gurbanymy näme? – Goý, goý, maňa seniň leksiýäň gerek däl. Gowuja geýnip, obada birki aý gezen bolsaň, saňa gabak astyndan seretjek gyz köp bolardy. Häzirki yslanyp ýörşüňi kim başyna ýapsyn. Onsoňam eşitmedim diýme, göz astyna alyp ýöreniň bar bolsa-da aýt. Ýogsa-da aladaňy özümiz ederis... * * * Men traktoryň ujypsyzja kölegesinde gyşaryp ýatan Allamyradyň ýanyna baryp oturdym. – Isleseň senem alyp gideýin?! – Aý, ýok. Men öňňin bardym. Özüň baryp geläý. – Gör-dä. Papagymy sähelçe gyşyk geýip, ertirki syryp gaýdan eňegimi sypalaşdyrdym. Şeýdibem ýola düşdüm. «Tokaýlyk» garaždan onçakly uzakda däldi. Biraz säginekläp «Tokaýlyga» girip ugranym hem ýaňydy weli, tanyş ses adymy tutup gygyrdy. Närazylyk bilen yzyma seretdim. Hut öz klasdaşym (Maňa geregi-de şular ahyry) duýdansyz duşuşykdan soň özümi ele almak ýeňil düşmedi. Jübimden elýaglygymy çykaryp, ýüzümden syrygýan derleri çalaja süpürdim. Ýaglygyma tötänden seretdim. Öňki aljyraňlygyň üstesine olam urna boldy. Traktor bilen iş salyşýanym iki gün, eýýäm oňa ýagam ýokup ýetişipdir. Birden göräýmesinler diýen pikir bilen ýaglygy jübüme saldym. – Be, asyl siz bu ýerde ekeniňiz-ow – diýip, olara tarap ädim urdum. Sesim özümiňkä düýpgöter meňzemeýärdi. Goýy saýada duran gyzlara göni seredip barşyma büdredim. Klasdaşlarym ýerli-ýerden maňa garap durdular. Tolgundyryjy minutlar. Iki gyz seredip dur. Hany olaň nazarynyň nyşanasynda sandyraklaman durup bilseň dur-da! Onda-da klasdaş gyzlaryň bilen üç ýyldan soň duşuşmak. Eger mümkin bolsa, häzir hyňzaýan tolgunmamy jylawlajak hem bolup oturmazdym. Olaryň her birini berk gujaklap, bu duşuşyga çäksiz begenýändigimi mälim ederdim. Hany göwnüňe her bir gelenini edip bolýarmy? Oglan oglan bolýar, gyzam gyz. Olaryň arasynda ullakan serhet ýatyr. – Senem bizi unutmansyň-ow. – Aýjan gödek sesi bilen aýtdy. – Men-ä klasdaşlar unudylýanyr öýdemok. Aýjan meniň ýüzüme biraz salym seredip durdy-da: – Hany otur – diýip, eli bilen keserip ýatan termosyň gapdalyny görkezdi. Orta göz gezdirdim. Iki termos bardy, çörekli ýaglygyň üsti bolsa iň süýji nogul-nabatlardan doludy. – Be, işiň ulusy bu ýerde bar ekeni – diýip, gürrüňi degişmeden başlamak üçin çörekli ýaglyga äňetdim. Hiç kim gürlemeýärdi. Aýjanyň goşaryndaky tylla sagat bolsa biziň ümsümligimiziň üstünden gülýän ýalydy. – Işi nädýäňiz? – Aldym-berdime salyp ýörüs. – Belki aldym-berdime salýanyň termoslar bolaýmasyn, Dürli. – Howa yssy. – Diýmek işe nobat ýetmeýän bolsa gerek. – Iş nämä gerek?! Aýjanyň sözüne garşy bolsam-da, gele-gelmäne onuň bilen jedelleşmegi gelşiksiz görüp dymdym. Ol bolsa şundan peýdalanýan ýaly bolup öňki sözüniň üstüni ýetirdi: – Gyzlar işlemeseler-de bolýar. A oglanlar üçin weli beýle däl – diýip, ol ýuwaşja güldi. Şol gürrüňden soň gürläp ugrum bolmady. Gyzlar hem meniň bilen bäsleşýän ýalydylar. Ümsümlikden peýdalanyp men klasdaşlarymy synladym. Aýjan. Seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Käbir adamlar aýtmyşlaýyn, gözel görki üçin ereseň eräbermeli. Ol owadanlykda agyz aňkartmagy başarýan gyz. Onuň gözüňi aýrasyň gelmeýän bendileýji gözleri, göwresi owadanlygyň simwoly ýalydy. Jadylaýjy gözler. Sen, gör, näçe ýigidiň ýüreginde söýgi uçgunyny döretdiňkäň? Sen diňe bir jahyllaryň däl, gojalaryňam juwanlygyny ýatladansyň. Akýagyz, biraz süýnmegräk ýüzünde oýnaklaýan ullakan gözleri özüňe nähili göwnüň ýetýänem bolsa, endamyňy dygladýar. Orta boýly, dolmuş. Oturyp-turşy ýeňil. Dürli. Bu beýle däl. Onda Aýjanyňky ýaly üýtgeşik görk hem ýokdy. Horjady, çeýedi. Horlugy ony uzyn boýly edip görkezýärdi. Ýüzi bugdaýreňkli. Sähel ýylgyrsa ýaňagynda gelşiklije çukanajyklar emele gelýär. Gyýma gaşlarynyň aşagyndaky gözleri kiçeňräk hem bolsa örän mähriban görünýärdi. Aşaky dodagy çalaja pökgerip durdy. Şonuň üçinem hünji ýaly dişleri ýaldyrap görünýärdi. Başyna ak öýme oranandygy üçin giň maňlaýy görünmeýärdi. – Okuwa gitjekmi? – Okuwa?! – diýip, Aýjanyň sözüni geň galma bilen gaýtaladym. – Hawa. – Mekdepde traktorçylygyň diplomyny berdiler. Maňa-ha şol hem ýeterlik. – Allamyradam gitmeýärmi? – Bilemok, mümkin gider. – Traktorçylykdanam kär bolarmy. Ýaga bulanyp işlemegiň näme manysy bar. Gaharym geldi. Ýöne Dürliniň hatyrasy üçin Aýjanyň bar aýdan sözüni eşitmezlige saldym. Eger başga biri bolan bolsa dişimi dilime gala etjek bolup oturmazdym. Men ümsüm ýerimden turdum. Hyňzaýan gaharymy ýatyşdyrmak üçin keşde ýatan kiçijik kätmeni alyp, ýuwaşja işlemäge başladym. Başymy galdyrman esli işlänimden soň, ýanyma Dürli geldi. Kätmen şonuňky bolarly. Ol eli bilen gowaçajyklaryň aralaryndaky haşal otlary goparyşdyrýardy. Üzlem-saplamlaram bolsa özara gürrüň etdik. Ol maňa Aýjan barada gürrüň berdi. – Şeýle diýsene. Diýmek, Allamyradyňky paşmandyr-da? – Allamyrat institutyň girişinden ýykylan gününden bäri Aýjan ondan sowaşyp ýör. Dürli sözüni soňlap-soňlamanka Allamyrat geldi. Garaşylmadyk duşuşyk Aýjany aljyratdy. Ilki näme etjegini bilmeýän ýaly sömelip durdy. Birdenem kätmenini işledip başlady. Allamyrat biziň deňimizden geçip yzdan işläp gelýän Aýjanyň ýanyna ýöneldi. Biz munuň netijesine sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. – Sen hakda bir täzelik eşitdim – diýip, Dürliniň ýüzlenmegi meni aýňaltdy. – Erbet täzelik gulagyňa ilipdir öýdýän. Nähili täzelik? – Ony özüň aýt. – Men-ä täzelik eşidemok. – Aýogul gelneje oglumy öýerjek bolýaryn. Eýýäm çörek alyşdyk. Oguljany bir törüme geçireýin. Çaýy soň arkaýyn oturyp içerin diýýär. Näme bu täzelik dälmi? – Ýalbarýan, Dürli, şol warsakylara ynanma. – Geň. Näme, Oguljan erbet gyzmy? – Men ony bilemok. Şol wagtam yzymyzdan Aýjan gelip ýetdi. Onuň gelmegi meni haýykdyrdy. Hemmesini aýdaýdymyka? Indi bularyň söýgüleriniň şunluk bilen tamamlandygy bolarmyka? Men Aýjana seretmän yza seretdim. Allamyrat iki elini arkasyna tutup, dodaklaryny bir ýere ýygnap bilmän durdy. Göwni hoşlugy ap-aýdyňdy. – Allamyrat, näme dodagyňy sallap dursuň? – Tolgunamda şeýle bolýar. – Ahmet, beýle kakdyryp aýdanyňdan dogrulap, ýüzüme aýtsaňam bolar. – Özüňe osma. Men seniň dodagyň barada aýdamok. Seniňki duýlubam duranok. Artykmaç dodagam ýok. Dürli, senem gaharjaň-ow. Ol çalaja ýylgyrdy. Günbatar şapagy gyzaryp durdy. Ähli kolhozçylar topar tutuşyp, oba tarap barýardylar. Bizden öňde barýanlar nämedir bir zada çapak urup, gülüşýärdiler. Kowalaşýardylar. Dördümiziň aramyzda weli häzir gülki ýatdy. Tirkeşip barýardyk. Ahyr klasdaşlarymyz biziň bilen hoşlaşyp, kolhozçylaryň arasyna baryp goşuldylar. – Allamyrat! – Hä? – Ýazyjylar kitaplarynda: «Ýigidiň eli gyzyň eline galtaşanda tok uran ýaly boldy. Ýigit esli wagt aýňalyp bilmedi. Şol galtaşan el ony häzirem sandyradyp durdy. Ot ýaly eliň täsiri ýürege peýkam ýaly bolup sanjylypdy. Olaryň şol sandyraşyp duruşlarydy» diýýärler. Şeýle diýip eşidipmidiň? – Hawa, eşidipdim. – Onda bäri seret. Ýaňkylar owadanlyk, edeplilik babatda-da hiç kimden pes oturar ýaly däl. Men ýaňy şolar bilen salamlaşdym. Olaryň ellerem seniň eliň ýaly. – Maňa bildirdi. – Goýsanaý. Ýogsam-da nämeler diýdi. – Köp zatlar aýtdy. – Meselem? – Köp zatlar. – Aýt-da onda. – Häzir däl. Aýdanym bilenem göwnüňe onçakly makul bolmaz, halypa. Men baryny jemläp aýdaýyn. Sen maňa öýüňde sagat on ikide garaş. Bu gün ýatdan çykmajak gün boldy. – Hany, aýtsana. – Ýok, agşam. – Aý, bolýar-da. Sagat on ikem uzakda däl. – Iş göwnejaý, halypa, ýöne haýyp bolmadyk ýeri. – Näme? – Agşam aýdaryn. – Ýürege düşdüň-ow. Seniň «soň aýdarynyň» gutarmady-la. Oba geldik. Herimiz öz ýolumyz bilen gitdik. Men öýe gaýtdym. Çaý-çörek iýip, jaýyma bardym. Bellenilen wagtyň gelip ýetmegi bilen meniň ynjalygym bolmady. Gapa uzak seredip durdum. Ýöne ol açylyberenokdy. Wagt bire hüjüm etdi. Şondan soň weli sabyr-takatym gaçyp ugrady. Içim gysdy. Ahyry men daşaryk çykdym. Arassa howadan dem aldym. Iki ýana gezmeleşdirdim. Kranyň ýanyna baryp durdum. Kellämi sowuk suwa ýuwdum. Şondan soň birneme aýňaldym. Onçakly ukym gelmese-de garaz, uky özüniň bardygyny duýdurýardy. Sagat bir boluberende hem gelip ýorganyma girdim. Buz ýaly ýorgan janyma hoş ýakdy. Ýaňy ymyzganan ekenim. Allamyrat geldi. – Ýör jaýa gideli. Men geýimlerimi alyp jaýa girdim. Allamyrat çyrany ýakdy. – How, sagat dogry iki bolup barýar. Gör, seniň gelýän wagtyňy. Maňa haçan geljek diýipdiň. Näme häzir aýrylyşdyňyzmy? – diýip, men duşuşygyň bolandygyny çaklap aýtdym. – Ýok-laý. Öýleriniň deňinde şu wagta deňiç oturdym. Aýjan meniň ýanyma ir bilen geldi. Ýigrimi minut durmanam gitdi. – Hawa? – Halypa, geýimleriňi bir geý. Men geýimlerimi geýmäge başladym. Şol aralykda hem Allamyrady synlamaga ýetişdim. Täp-täzeje geýim. Gabaklary gabaryp, galňas dodaga meňzäp dur. Şol gabaklaryň aşagynda uka ýüzi düşmedik gözler üflenen köz ýaly gyzaryp görünýärdi. Geýimlerimi geýip bolýançam Allamyrat törde ýerleşipdi. Doýan guş ýaly joňkaryp otyrdy. – Keýpler nähili? – Görşüň ýaly – diýip, ol howlukman gürlemäge başlady. – Baranymyzda Aýjan maňa mellegimiziň aýak ujuna bar diýipdi. Menem bardym. Ol geler ýerde gelmedi. Menem biraz ir çykypdyryn. Sagat on bir boldam weli Aýjanlaryň gapysy açyldy. Men bolsa, ähli zatlary synlap durun. Yşygyň ýagtysyna Aýjan göründi. Ajap ýörişiniň bardygyny özüň bilýärsiň. Ýuwaşja ýöräp bäriligine tarap gaýtdy. Maňa gozgalaň aralaşdy. Öňki sandyrap duran aýaklarymda ysgyn-mydar galmady. Sandyr-sandyr edip durun. Men özüme zor salyp, öňünden çykdym. «Aýjan!» diýdim. Ol gapdalymda sülmüräp dur. Häliden bäri aýdaryn diýip oturan sözlerimiň bary ýatdan çykdy. Näme diýjegimi bilmän durdum. Halypa sen dünýäden bihabar. Şeýle duşuşygy henize deňiç görenem dälsiň. Dünýäniň bar bagty başyma gonan ýaly boldy. Duşuşyklar ýaňky ýalydyr öýtmändim. Ony duýmak üçin öz başyňdan geçirip görmeli eken. Soňam şeýle diýdi. «Allamyrat!» diýdi. «Hä» diýdim. Aýjan aýtjak geplerini öňünden ýagşy bişiren bolarly. «Ýaňy Dürli bilen öýümiziň ýanynda durduk» diýdi. «Köp paýyş sözleri aýtdy, meni masgara etdi» diýdi. «Men onuň bilen gowy gyz diýip beýleki boýdaşlarymdan aýra işläp ýördüm» diýdi. Ol tamam çykmady. Indi öňki paýdaşlarym bilen işlejek. Onuň şeýle diýip maňa ýürek syryny ynanmagy kalbymy ganatlandyrdy. Näme aýtjagymy bilmedim. – Näme üçin tersleşipdirler? – Bilmedim. – Soň? – Gitdi. Bar gürrüňimizem şular boldy. Aýjana duşuşyk geçirmek nämä gerek bolduka? Ýa-da ol näme edip, näme goýýandygyny-da bilmän ýörmükä? Ol Dürli bilen tersleşmezinden owal Allamyrady duşuşyga çagyrdy ahyry. A onuň Dürlini Allamyrada ýamanlamagy nämekä? Aýjan şeýle diýse Allamyratdan-a köp zada garaşybermelidir. Onuň Dürlä ýakymsyzja söz aýtmagy hem ikuçly däl. Şeýdibem arassa ýürege azar bererler. – Ahmet, giç boldy. Men gaýtmakçy. – Şundan soň entäp ýörme. Şu ýerde ýatyber. – Tapawudy ýok. Çyra söndürildi. Allamyrat ýatyşyna kä aňyrsyna, kä berisine öwrüldi. Arkanam ýatyp gördi. Nähili ýatsa-da göwni rahatlyk tapmady. Näme üçindir, meniňem uklasym gelmedi. Gözümi petredip ýatyşyma mekdep günlerimi ýatladym. ...Olaryň arasy ýakyndy. Köplenç daşarda gürrüň edişerdiler. Ýöne gürrüňler ýönekeýjedi, klasdaşlary, obalary... hakdady. Öýlänçi ýaly olaryň arasynda kä mahal degişme-de bolardy. Aýjana göwni gaçýan oglanlaryň sany bolsa barmak büküp sanardan köpdi. Dokuzynjy klasda okaýarkak hem şeýle bolupdy: Allamyrat bilen mekdebe gaýtdym. Klasa gelip girenimizem şoldy, şuňa mähetdel bolup duran ýaly Rozyguly tötänlikde Aýjanyň kitabyny partadan ýere gaçyrdy. Şonuň üçinem Aýjan klasdaşyny «ýagşyja» sözler bilen sylaglady. – Jedirdeme, gyz. Men ony tötänden gaçyrdym. Aýjan ýene gepläp ugrady. Ýöne Dürli oňa maý bermedi. – Aýjan, sen samsyk ekeniň. Kitabyň ýere gaçany üçinem gaharlanarlarmy? – Men seniň bilen gürleşemok. Akylyňa mätäç däl. Sokulma orta. Näme üçindir, Dürli dymdy. Aýjana Dürli «käýindi». Ine, şu-da Allamyradyň gaharyny getiripdi. Arakesmede Allamyrat meni ýanyna çagyrdy. – Hawa? – Ýör, Dürliniň ýanyna baraly. Biz skameýkada oturan Dürliniň ýanyna bardyk. – Senden haýyşym bar. Sen Aýjana gaty zabun daraşýarsyň. Bu bolmaýar. Ýene-de bir haýyş, gürrüň öz aramyzda galsyn. – Allamyrat, senem samsyk ekeniň – diýenimi-de duýman galypdyryn. ... Allamyrat bilen hemişe bile gezişimiz ýaly, okuwa-da bile gitdik. Bizi 14-nji noýabrda hem gulluga çagyrdylar. Kolhozçylaryň işleýän ýerine barybermegi gelşiksiz görýärdik. Gitmeli günümiz alkymlap gelýärdi. Bu Aýjanyň perwaýyna-da däldi. Allamyradyň bir ýerde dursa aýagy çürşýän ýalydy. Aýjan bilen duşuşmak isleýärdi. Gulluga gitmezimizden bir gün owal kolhozçylaryň ýanyna Allamyrat bilen barypdyk. Ýöne Allamyrat Aýjandan ýyly söz eşidip bilmändi. Onuň mekdep günlerindäkisi ýaly Allamyrada ýakynlaşasy gelenokdy. ...Aýjan pagta güýmenýänem bolsa onuň bar ünsi biz tarapdady. Ol goza çöplerini hem ýuwaşlyk bilen yrgyldadýardy. Bolşy aýdyljak söz eşidilmez diýip howatyr edýän ýalydy. Elinde körek oýnadyp duran Allamyrat ýaýdana-ýaýdana söze başlady. – Aýjan, biz-ä goşun gullugyna gidýäris. Hoşlaşaly diýip geldik. Hat ýazyp durarsyňyz-la. Aýjanyň gep-sözi dogabitdi ýaly gödeksidi. Ýene-de şol gödeksiligini etdi. – Düýn garaşdym, nä gelmediň? – Düýn wagtym bolmady. – Şeýlemi? Wagtym ýok diýsene asyl. Bu gün-ä onda işiň hasam köpdür. Gelere wagt tapanyňa haýran. Bu günem işiňden galaýma. Bar gidiber! Näme dursuň, bar! – Aýjan, gaharlanmasana. Şu gün bir göwnümi bahara meňzedip goýber ahyry, Aýjan. – Bar gidiber. – Aýjan! – Gygyrma! Aýjan şondan soň biziň ýanymyzda köp durmady. Bu Aýjanyň endik eden gyz näzidi. – Aýjan, Allamyrady mundan artyk horlaman bir gezejik ýylgyraýsana. Goý, pahyryň göwni bitsin. Ol şoňa zar – diýip, men aýtdym. Ýa meniň sözlerime ýa-da başga bir sebäbe görämi, men onçaklysyny bilemok, ýöne Aýjan ýylgyrdy. Muny gören Allamyradyň geçisi daga ýaýrady. Ertesi ýola düşdük. Men tolgunýardym. Barýarkak Allamyrat hysyrdylydy. Aýjany görmek niýeti bilen daş-töweregine garanýardy. Allamyrat bilen polkdaş bolduk. Ýöne bolýan ýerimiz aýry-aýry bolsa-da, wagtal-wagtal duşup durýardyk. Aýjandan gelen hatlary höwes bilen okap berýärdi. Gyz hatynda magşuk bolup bişýärdi. Içiniň gysýandygyny, gününi sanap geçirýändigini ýazýardy. Şeýle mazmunly hatlar dört-bäş aýyň dowamynda yzygiderli gelenem bolsa, soňabaka onuň gelşi barha azaldy. * * * Toýuň şagalaňy ýetjek derejesine ýetipdi. Bezemen geýnen adamlar hatar oturgyçlarda otyrdylar. Stollaryň üsti dürli-dümen ir-iýmişlerden, şerapdan we ýene-ýenelerden doludy. Adamlaryň ýüzi şadyýandy. Aýdym-sazyň owazy al-asmana galýardy. Men toýyň sebäpkärleriniň ýanynda daş-töweregime höwesli nazar aýlap otyrdym. Wagtal-wagtal toparlanyşyp duran gyzlara seredýärdim. Şol wagt doly bulgurlary göteren adamlaryň biri «Ajy» diýip zowlatdy. Soňra bu sözi beýlekilerem alyp göterdiler. Allamyrat aljyrady. Ýüzi gyzdy. Birdenem garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Aýjan ýerinden turup ötägitdi. Muny hemmeler geňlediler. Meniň üçin bu kän bir geňem görünmedi. – Tur, oglum, tur. Ine, men saňa çaý getirdim. Naharjagazam bar. Garbanyşdyr, oglum. Örän ýadansyň. Wah, wah, ýadawlygyň bildirip dur. Çaý gaýnaýança irkilipsiň. Men kellämi galdyrdym. – Men irkilemok, eje. Ýöne ol-bu zatlar hakda pikire gidäýipdirin. – Nähili pikir, oglum? – Traktorymda bir näsazlyk bar. Ejemiň ýüzüne çaýylan şatlyk alamatlary zym-zyýat boldy. Çünki meniň pikirlenmämiň sebäbini ol özüniň gelinli bolmak niýeti bilen sepleşdirmek isläpdi. Men ýanymdan pikirlendim: «Be, eýýäm irkilip gören düýşümi diýsene. Düýş şol Dürliniň gürrüňiniň täsiri bolsa gerek». Ýaňy remonty gutaryp gelenimde ejem maňa: – Ýakymlyja habar getirdim, oglum – diýipdi. Men şony ýatlap: – Nähili täzelik, eje. Düýnem-ä çalaja eşidipdim. – Oglum, bir aýa ýetermi ýa-da oňa-da galmazmy, şu öýüň töründe mes-mele gelin sülmüräp oturar. – Eje, men-ä saňa haýran. Men öýlenjek däl, eje. Oguljany men onçakly tanamok. – Goýaweri, oglum, tanaýanlardan sora. Eýýäm guda bolundy ahyry. Özüňem soranymda öýlendiräýiň diýipdiň ahyry. – Gowy tanaýanyma diýipdim. Meniň Oguljany onçakly sulhum alanok. Gapynyň ýanynda duran kakama birden nazarym düşdi. Kakamy gören ejem bolsa hasam jowranyp ugrady. – Şu hojany çöle çykaryp daňyp gaýtsamam içim sowamaz. Dünýä perwaýyna-da däl. Senem ogluň üçin alada et ahyry. Heleý halyma erkek işinem özüm edip ýörün. Munuň ýaly äriň bolandan bolmany gowy. – Meniň keýwanym-a igesini syhap ugrady. – Içim ýanýar, içim. * * * Ertir turanymda heniz sagat bäş bolmandy. Daşary tüm garaňkydy. Daş sekiden düşüp, ikiýana gezmeleşdirdim. Howa has jana ýakymlydy. Esli wagt oturdym. Geýnip ýorgan-düşegimi ýygnadym. Kranyň ýanyna baryp birkemsiz ýuwundym. Şol wagt tas öňňünki masgara eden elýaglygym ýadyma düşdi. Ejemiň ýygnap goýan sabynyny tapyp alyp elýaglygymy ýuwmaga oturdym. Onuň kiri hem aňsat aýrylybermedi. Ahyr boldy, hasaplap, garaža ugradym. Asfaltlanan ýol obanyň günortasyna tarap alyp gidýärdi. Ikiýan gapdalda çybyklary kesilen tutlar hatara düzülişip otyrdylar. Olar sähelçe gök öwsüp ugrapdylar. Tut hatarynyň gutarýan ýerinde Garagumy alkymlap ýatan garaž bardy. Onuň giň howlusyna abanýan ýekeje daragtam ýokdy. Töwerek ýalazylykdy. Men ýuwaş ýöräp garažyň howlusyna baryp girdim. Bu ýerde bäş sany traktor hatar bolup durdy. Oba ukudady. Dürtgiç urlana meňzeýän asman küren oba garawullyk çekip duran ýalydy. Köp oturman, traktorymy herekete girizip, niredesiň «Dokuzlyk» diýip ýola düşdüm. Papagymy çykaryp, gapdalymda goýdum. «Dokuzlyk» garaždan onçakly uzakda däldi. Ol aşak tarapda ýerleşýärdi. Men atyzyň gyrasyna tiz baryp ýetdim. Işe başlabermelimi? diýen sorag meni tolgundyrýardy. Mehanizmler hatar aralarynda herekete geldiler. Birki öwrüm etdim. Soňabaka traktoryň çyrasyny ýakmagam gerek bolmady. Gün gyzaryp göründi. Men ilki sykylyklap «Ýelpeselendä» tutdurdym. Yzyndanam bogazyma zor salyp aýdymyny aýtmaga başladym. Atyz ýaňy taba gelipdi. Şonuň üçinem traktora zor düşýärdi. Ol onçakly ýokary gazda däldi. Şeýle bolsa-da traktordan goýy gara tüsse çykýardy. Traktoryň tar-tary meniň ýerine ýetirýän «Ýelpeselendimiň» sazyny çalyp duran ýalydy. Aýdym dowam edýärdi, iş önýärdi, wagtam geçýärdi. * * * Gün jyklamasyny goýup, ýüzüni galdyrypdy. Oba tarapdan topar-topar kolhozçylar gelip ugradylar. Köp säginmänem hatar aralarda işe başladylar. kolhozçylaryň arasynda klasdaşlarymy synladym. Olar birek-bireginden öýkeli ýalydylar. Her kim öz aladasy bilendi. Men olara ýakynlaşdym. Traktorymy duruzyp, gepleşige päsgel berer diýen niýet bilen ony öçürdim. – Işe irläpsiňiz-le? – Işe çykanymyň ilkinji güni işläsim geldi. Maňa derek siz giçräk çykypsyňyz ahyry. – Hany, Allamyrat işlemeýärmi? – Heniz işe çykanok. Erte-birigünde olam işe çyksa gerek – diýip, ruly gujaklap durşuma jogap berdim. Bu jogaba Aýjanyň gaşlary çytylyp gitdi. – Hal-ýagdaýlaryňyz gowumy? – diýip, esli gürrüňden soň saglyk-amanlyk soraşmaga başladym. – Ahmet, ejeň gelýär – diýip, Aýjan aýtdy. – Hany, hany, nirede? Dogrudanam ejem gelýärdi. – Ahmet, ejeň näme üçin gelýärkä? – Bilmedim men-ä, Dürli. Ejem eýýäm bize ýakyn gelipdi. Howa salkyn hem bolsa maňlaýy biraz çygjarypdy. Gaty-gaty ýöreýärdi. Töweregine seretmeýärdi. Traktorymy we meni gözi bilen iýäýjek bolýan ýalydy. – Salawmaleýkim, eje! – Äliksalam, bu näme etdigiň boldy?! – Eýgilikmi, eje? – Ony menden sorama, özüňden sora. Sen bilmeseň, men nireden bileýin. – Weý, weý, ejemi. – Weýlemi. Agşam nirede suwladyň? – Agşam öýde boldum. – Ýalanjaňy sözläpsiň. Men seniň garaňy öýde göremok. Ýorgan-düşegiňe elem degrilmändir. – Ony özüm ýygnadym, eje. Çaşyp ýatmasyn diýdim. – Çaýam özüň gaýnadyp içensiň-dä! – Ýok, hiç işdäm bolmansoň çaýam içmän gaýtdym – diýip, men ejemi ynandyrmak üçin aýtdym, sözüm has-da delilli bolar ýaly elýaglyk ýuwanymy-da tas aýdypdym. Gapdalymda klasdaşlarymyň geplerimizi diňläp durandygy ýadyma düşüp, ony aýtmadan saklandym. – Hmm, ýör onda çaýyň basdyrylgy dur. Bar-da oturyp iç. Indi gaýdyp şeýle işiňi hergiz gaýtalaýjy bolmagyn. Şu ahyrkyja gezegiň bolsun, traktoryňam durubersin. Işe gitmedik bolsa, kakaň gelip bejerer. – Traktorym-a gurat, eje. – Onda näme üçin dur bi? – Klasdaşlarym bilen gümür-ýamyr edişip durus! – Şeýle diýsene – diýip, ejem klasdaşlaryma tarap ýüzüni öwürdi. Öňki aladaly keşbinden nam-nyşanam galmady. Ýüzünde göwnühoşluk çaýylyp gitdi. Mylaýymlaşdy. Maňa minnetdarlyk bilen seretdi. Ýylgyrdy. – Gürrüňleşýärin diýsene, oglum. Armaň, gyzlarym. Sagja-gurgunja gezip ýörsüňizmi? Tüweleme, tüweleme. Göz degmesin hernä! – Özüňizem armaň, Aýogul gelneje. – Allanäme bolup ýörüs, hernä janymyz-a sag. Indi menem garrapdyryn, gyzlarym. Ýigrimi bäşiniň ýelgini indi mende galmandyr. Yh-çohum köpelipdir. Bir otursam turmam aňsat däl. Garrylygyň ýüzüne ot degsin. Ýaşlykda agyr horlukdan, zähmetden gözüm açylmady. Häzir hem şonuň täsiri duýulýar. Ýaşlyk gyzyl güldür – diýip, ejem gürrüňe girişdi. Dürliniň söze başlamagy ejemiň sözüni togtatdy. – Siz-ä garra meňzemeýärsiňiz. – Dürligözel, men saňa göwnümdäkini aýdaýyn. Ölmezimden owal agtyk görsem, mende arman galjak däl. Barja arzuwym şol. Ahmet birini bellär diýip garaşyp ýörüs. Asyl bulam belläberenok. Indi kakasy ikimizde hem sabyr-takat galmady. Näme diýse-de mundan soň garaşyp biljek däl. Nurgeldilere guda bolduk. Çöregem alyşdyk. Hudaýa şükür, tiz gelinli bolsam gerek. Ýöne şu Ahmediň bir bozduman ýaly kürtdürmesi bar. Muňa düşüner ýaly däl – diýip, ejem gyzlara garady. – Aýogul gelneje, klasdaşymyzy erte-birigünde öýlendirmekçi-dä, onda? – Wah, Dürligözel, maňa galsa ertir çaýyndanam öň öýlendirjek. Bolup durmy näme? Ahmet birazajyk garaşyň diýýär. Dürligözel, men-ä şuňa dogrusyny aýtsam, gyz göwün bererem diýip duramok. Näme üçin diýseň, eýýäm ýaga bulaşyp ýör. Gyz munuň ýaly ýagjumagy nätsin. Olaram agrassarak ýigidiň hyrydarlary. – Gyzlar üçin ýüregi tämiz bolsa bolar. – Agzyňdan hudaý eşitsin, Dürligözel. – Baý, gybata gyzd-ow. * * * Garaždan gelýärkäm maňa Allamyrat pete-pet gabat geldi. –Ýeri-how, halypa, ýolda urup gaçjak ýaly bolup durmaň näme? – Saňa garaşýan, halypa. – Öýe baraýarlar. – Bu gün agşam kimiň öýüne barylmalydygyny gowy bilýänsiň. Ýör bäri, täzeligem bar. – Ilki bize barmaly. Men öýdäkileri göreýin. Olar maňa garaşýandyrlar. Tirkeşip öýe bardyk. – Hany düşek üstüne geçip oturyň-da! Ýadansyňyzam. Men-ä bu gün naharam edip bilmedim, Ahmet. Gowurdak bilen, çaýjagaz bilen mydar edersiňiz-dä? – Heleý baýym, eýýäm ýaltalygyny boýun alyp ugrady. – Hoja, sen gepleme. – Agaýunus ýaly peri gapdalyňda otursa, heý, dymyp oturyp bolarmy? – Eje, men Allamyratlara gitmekçi. – Bir käse çaýjagaz bir içiň-dä?! Soň nirä gitseňizem bolardy. Allamyrat, hany otur. Meniň seniň bilen gürrüňim bar. – Iki gulagym hem sizde, aýdyberiň. – Allamyrat, biz-ä Ahmedimizi öýlendirmekçi bolýarys. Bar aladamyz şol. Saňa aýtdymy? Guda hem bolduk. Olary senem tanaýarsyň-la. Ol Nurgeldi garyndaşyň gyzy Oguljan. Kem ýeri ýok. Gyzam razy diýýärmiş. Ýöne ýakynda Ahmedimiz erbet kesel tapyndy. Men klasdaşyma öýlenjek, başga tanamaýan gyzym gerek däl diýýär. Näme etjegimizem bilemzok. Kakasy bilen şony maslahatlaşyp otyrys. Bu islänini etsin. Goý, söýüp alsyn, halaşyp alsyn, soň tanamaýanyna öýlenip, durmuşyny nalap geçirmesin diýýär. Meniň göwnüme-de şol makul. Şonda-da Oguljandan el çekesim gelenok. Tutan ýerimi goparyp alasym gelýär. Ol hakynda köp gürrüň eşitdim. Ony öwýärler. Men şony ogluma alyp berjek. Bir günem garaşjak däl. – Munyňyz bolanok, Aýogul eje. Ýene bir aýa ýetmän gelinli boljagymyzy aňýaryn. Onuň üçinem daljykmaň. – Klasdaşlarynyň haýsyna-da öýlendirjegimi bilemok. Dürliniň halaşýany bar diýdi. Ýogsa-da, tüweleme, Allamyrat. Men-ä senden hoşaldyryn. Aýjan bilen halaşýandygyňyzy eşidip men-ä begenendirin, oglum. Gowuja gyz-a saýlapsyň. Bize-de şeýle maşgala ýetirsin-dä. – Ýetdirer-le. Men nire, Aýjan nire, halaşma nire. Ahmediň öýlenjek bolup ýörendiginden hem habarym ýok. Bu barada maňa ýeke agyz sözem aýdanok, özi. Gowy pikiri bar eken – diýip, Allamyrat maňa alarylyp seretdi. Onuň gözleri hyrsyzdy, soraglydy. Ejemiň uzadan bir käse çaýyny içip, ýerinden turmak bilen boldy. – Allamyrat, otur ahyry. Gürrüňleşeli. – Ýene bir gün oturarys, Aýogul gelneje. Ýola düşdük. Allamyrat haýdap barýardy. Näme üçindir, ol ejemiň sözlerini ýatlamaýardy. – Keýpiň kök weli, Aýjanyň tikenekli sözünden lezzet aldyňmy? – Näme diýseňem boljak, halypa. Ýagdaý oňuşmazça däl. – Loňkuldap barşyňdanam-a aňdym. Allamyrat maňa çiňerilip seretdi. Biziň öýümiz Allamyratlaryňkydan onçakly uzakda däldi. Üç öý geçseň Allamyratlardy. Olaryň maşgalasy daşarda otyrdy. Radiopriýomnikden bolsa Mustak bagşynyň labyzly owazy ýaňlanýardy. Bu ýerde Rahman aga-da bardy. Nahar başynda ol menden iş barada sorady. Gürrüň bu barada gidensoň Allamyrat maňa: – Menem indi işe başlarmykam öýdýärin. Erte kolhozyň garažyna gidip, täp-täzeje traktor alyp gelmeli. – Wezipäň näme boljak? – Atyzyň gyrasyna azot daşar – diýip, muňa Rahman aga jogap berdi. – Aý, ondan kär bolmaz. Ol ýeňil iş. Ýeňil iş bolsa ýaşlara gelişmeýär. Azot daşamagy men häzirki işimiň daşyndanam edip biljek. – Başga iş ýok. Häzirlikçe şonda işläbersin. Soňunam soň görübereris. Çaý başynda ondan-mundan gürrüň boldy. Esli wagtdanam Juma aga gelmedi. Soň biz turmak bilen bolduk. «Biziň işimiz bardy. Kakam gelýänçä siz oturyberiň» – diýip, Allamyrat Rahman aga ýüzlendi. Gök çaýdan keýpini gülledip, oturan ýerinden: – Bolýar, bolýar, Allamyrat, siz arkaýyn gidiberiň. Biz Rozybibi bilen oturarys – diýip, Rahman aga gürledi. Biz ýerimizden turup, ýöremäge başlanymyzda Rozybibi eje: – Sallahlaram-a ýola düşdüler – diýip söz oklady. Biz içi gül pürkülen ýaly jaýa girdik. Gyssanman töre geçdim. Krowatyň üstünde duran ýassyklaryň birini alyp, törde gyşardym. Allamyrat jübüsinden iki bölek kagyz çykaryp maňa uzatdy. – Bu näme? – Okap görseň bilersiň – diýip, ol arkaýynlyk bilen aýtdy. Ilkinji açanym hem şu boldy. Salam haty Ýollaýaryn saňa hat üsti bilen, Ýüregimden çykýan gyzgyn salamy, Kabul et salamy güler ýüz bilen, Meň gözel obamyň zyba gözeli. Söýýän seni, söýýän, ýene-de söýýän, Seň üçin geçerin şirin janymy, Emma sensiz bu dünýäniň ýüzünde, Ýaşamaryn, edýän şoňa kasamy. Sebäbi-de mende ýeke ýürek bar, Gije-gündiz sen diýp urýar ýüregim. Eger-de men saňa biwepa bolsam, Haram bolsun iýen duzum, çöregim. Diýip ant içipdim, şol sözümde hem, Duraryn berk dursa egnimde kelläm. Ýöne men saňa gowuşyp bilmän Ýalançy dünýäden ötäýermikäm? Ýok, ýok, ynanamok, ynanamok hiç, Ynanamok munuň beýle boljagna, Ýöne men bir zada akyl ýetirýän, Sensiz bu jahanda ýaşamajagma. Sebäbi-de mende ýeke ýürek bar, Alyp gitdiň onam, zat goýman mende. Seniň özüň aýt dünýä ýüzünde, Heý ýaşap bilermi ýüreksiz bende. Hoş onda, Aýjan, men şunuň bilen, Rugsat berseň, gutarýaryn sözümi. Gije hem, gündiz hem hyýalymda sen. Öpýän gaýybana gara gözüňi. Hawa, Aýjan, bu gün iň şatlykly gün. Men bu güni hiç unudyp bilmerin. Elmydama höwes bilen ýatlaryn. Indi men özümi diýseň bagtly adam hasaplaýaryn. Muňa bolsa, mende doly esas bar. Çünki men bu gün senden hat aldym. Begenjimiň çägi bolmady. Okap görübem has-da begendim. Seniň mylaýym garaýyş bilen ýylgyrşyň göz öňümde janlanyp dur. Hat ýazanlygyň üçin saňa yzy tükeniksiz sag bolsun iberýärin. Haty okap bolan dessime saňa hat ýazmaga oturdym. Aýjan, men örän tolgunýaryn. Onuň üstesine-de aljyraýaryn. Nämeden başlajagymy hem bilemok. Ine, meniň elimde seniň mähriban elleriň, yssy elleriň degen hatyň. Men muny ýüregimiň üstünde goýýaryn. Ýüzüme degirýärin. Sen muny suwjukluk hasaplama, Aýjan. Bu suwjuklyk däl. Bu meniň saňa bolan çuňňur söýgim hem guwanjymdyr. Muny men saklanyp bilmän edýärin. Men bu haty seniň elleriň degeni üçin harlamaryn. Iň mukaddes ýerde saklaryn. Bu hat her gün seni ýatladýar. Güýjüme güýç, ruhuma ruh goşar. Her günüme şundan pata alaryn. Haty elime alanymda seniň garaýşyň maňa hasam aýdyň janlandy, Aýjan. Ýogsam seniň jemalyňy günde-günaşa görüp bolýarmy, näme? Näçe islesem-de maňa seni görmek örän kyn. Ikimiz obadaş bolsagam peýdasy degenok. Men her gün säher öýüňiziň deňinde az salym säginýärin. Seniň didaryňy görmek isleýärin. Arman, ol maňa miýesser etmeýär. Özüňi menden örän gaça tutýarsyň. Onuň sebäbine bolsa düşünip bilmeýärin. Ýüregim mekdep günlerindäki ýaly gatnaşygy küýseýär. Wah, şol günler iň oňat günler ekeni, Aýjan. Ony şu günler has-da aýdyň bilýärin. Şol günler biz biperwaý ekenik. Bagtlylygymyzyň gadyryny onçakly bilmändiris, ünsem bermändiris. Mekdep günlerini ýatlamak bilen men özümi häzir bagtsyz saýmaýaryn. Ýöne diňe öňkümiz ýaly duşuşmaklygyň az bolýandygyny, seniň bilen ýygy-ýygydan duşuşyp durmak isleýändigimi we ýürekdäki joş urýan sözleri aýtmak isleýändigimi aýtmak isleýärin. Eger mümkin bolsa men ýekeje minudam seniň ýanyňdan aýrylmazdym, Aýjan. Men sensiz geljegimi göz öňüne-de getirip bilmeýärin. Ony göz öňüme getirmek maňa geregem däl. Men bolsa agzybir ýaşaşjak günümize sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Şonda-ha biziň aýraçylyk ýedi günlük gapdalymyza-da gelip bilmez. Men saňa bir wakany gürrüň bereýin. Şu gün günortan ejem meniň ýanyma geldi. Şonda ol: – Oglum, indi seniňem ýaşyň ýetişikligiň doly hetdine bardy. Indi seni öýereli. Göwnüňde näme bar bolsa aýt – diýdi. Elimde hat bar bolansoň tasdanam Aýjan diýipdim. Seniň mähriban keşbiňi ýatlap ony aýtmakdan saklandym. Ejemiň soragyny jogapsyz galdyrdym. «Özüm aýdaryn. Biraz garaşyň» diýdim. Meniň sensiz hiç zat diýesim gelenok. Ilki muny saňa aýtmagy makul bildim. Saglykda we tizlikde duşuşaly. Hoş, sag bol. Gaýybana eliňi gysýaryn. Salam bilen Allamyrat». Hatyň aşagyndaky boş ýere möýüň kerebi ýaly edip golumy çekdim. Gyssanman hem ýaş awtorlara redaksiýadan köplenç gelýän sözleri ýazdym. «Gadyrly A.Jumaýew! Biz seniň iberen goşgyňyzy we habaryňyzy aldyk. Gynansak-da, kapiýanyň, ritmiň, bogunlaryň saz däldigi üçin ony peýdalanmakdan saklandyk. Goşguda sözler ýürekden ýaňlanýar. Sizde zehin hem ýok däl». – Hany Aýjanyň haty? – Ine. Men haty okamaga başladym. Aýjanyň haty uzyn däldi. Aýgyt edijiliklidi. Ol Allamyrada şol käýeşdik diýen sözüni ýatladýardy. Şondan soň öňki paýdaşlary bilen işläp ugrandygyny, özüniň hiç kim bilen köp gepleşmeýändigini, asyl gepleşmegem islemeýändigini ýazýardy. Sözüniň ahyrynda Allamyradyňam paýdaşlary bilen gepleşmezligini, ylaýta-da Dürli bilen gepleşmeli däldigini aýdýardy. – Indi nätmeli? – Şunuň ýaly amatly pursatda nätmeli diýerlermi. Edilmeli iş aýdyň. Häzir kakaň ýanyna bararys. Baryny bolşy ýaly aýdarys. – Toýumyz nähili bolarka? – Komsomol toýy. – A galyň? – Aýdyp biljek däl. Ýöne Nabatly eje pul-a gowy görýändir. – Men galyň tölemäge-de taýýar. Aýjana öýlensem bolýar. – Eger öýlenmeli bolsa men-ä galyňsyz öýlenerdim. – Ol seniň göwnüňe şeýledir. Wagt geler. Seniň galyňsyz öýlenşiňem göräýeris. – Sen Aýjan bilen gürleşip gör. «Komsomol toýuny edeli!» diý. – Aýdaýsammykam? – Aýdaýsammykam diýmäň näme. Hökman aýt. Sen onuň bilen hiç zat ýitireňok. Aýjanyň pikirini bilmek seniň üçin zyýanly bolmaz. – Dogrudanam şeýle. Daş çykdyk. Daşarda Rozybibi eje gap-çanaklary ýuwýardy. Ony gören Allamyrat begendi. Bir möhüm meseläni oýlap tapança boldy, meni jaýa çagyrdy. – Kakam birhili, halypa. Ondan çekinýän. Ejem daşarda ekeni. Diňe şoňa aýdaly. – Gözel göwnüň. Biz jaýdan çykdyk. – Rozybibi eje! – Wiý, kim... Ahmet, bu senmidiň, asyl. – Rozybibi eje, garrylyk bilen araňyz niçik? – Günbe-günden gowulanýar – diýip, Rozybibi eje ýylgyrdy. Maňlaýyndaky gasynlaryň sany biçak köpeldi. – Ogluňyz öýde oňly oturanok öýdýän. Haçan görsem ondan-oňa löpbüldäp barýan bolýar. Öýerseňiz-ä munuň leglekligi galardy. – Dogry aýdýaň, Ahmet. Ýöne meniň alajym näme. Meniň perzentlerimiň birinden başgasy gyz. Gyz bolsa öýe myhman eken. Dört gyzymyň hersi häzir bir ýerde. Hersiniňem öz maşgalasy bar. Allanäme boluşyp ýaşaşyp ýörler. Şol bir gowy zat. Käwagt olaryňka barýaryn. Olaryňam aladalary özlerine ýetik. Setanda-seýranda bir geläýmeseler, köp gelip hem duranoklar. Soň bu öýde üç bolup galýarys. Bu işleri aramyzda men etmesem, kim etsin. Entek bilimde kuwwat barka, hojalyk işleri onçakly kynam däl. Ýuwaşjadan yrgyldap ýörseň hemmesiniň bir zady bolýar. – Siz indi öýüň ownuk hysyrdylaryndan dynsaňyz gowy boljak. – Gullukdan geleni ýaňy. Entek gyssanmaly diýýäs. – Göz degmesin, tüweleme, ogluňyzam indi ýetişip ugrapdyr. Kemi ýok, mazaly. Boýy dagy derek ýaly. Öň-ä bu döküni ýetmeýän ösümlige meňzeýärdi. Ýene bir serediň siz Allamyrada. Ýeňsesinden dagy seretseň uly depe süýnüp barýan ýaly. Sakgaldyr murtjagazynam syrýan bolarly – diýip, Allamyrada seretdim. (Rekomendasiýany nähili gördüň diýýän äheňde oňa gözümi gyrpyp goýberdim). – Edilmeli iş wagtynda edilse ýagşy, Rozybibi eje. Ýene birki ýyldan giç bolar. Öz deň-duşlary bolsa, durmuşa çykar. Başgalary bolsa Allamyradyň göwnüne ýaramaz. Her kimiň bir sulhy alýany bolýar. – Dogry. – Eger şeýtseňiz, obadan-oba gezelenç etmäge-de wagt taparsyňyz. Ajy gök çaýyň başynda sülmüräp ýören gelne syn etseňiz, göwnüňiz galkynar. Ogluňyzyň gelni bilen agzybir ýaşaýşyny göreniňizde keýpiňiz çaglanar. – Aýdýanlaryň bolaýsa hiç kemim boljak däl. Şol güne haçan ýetirerkän, Allam! Men Allamyrada duýdurdym. Biz seni öýlendirjek, soň bihabar bolma diýdim. Bu-da «Men bir oňat gyz bilen wadalaşyp ýörün. Men şoňa öýlenjek» diýdi. Biz şoňa garşy çykyp durmadyk. Belleşen gyzynyň kimdigini sorasak bolsa, asyl aýdanok. Biraz gyssanmaň, soň özüm aýdaryn diýýär. Şeýdip dursa, eýsem biz näme edeli. Şol aýdaryn diýýän gününiň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýörüs. – Gelinlije bolmagy küýseýärsiňiz-ow?! – Gelni kim küýsemeýär. Ol hemmäniň arzuwy ahyryn. – Onda arzuwa ýetmek gerek Rozybibi eje. Biz-ä häzir şu barada aýtmaga geldik. – Çynyňyzmy, oglum? – Geldi agaň oglunyň sizi aldadan ýeri barmy? – Haýsy gyz ol, meniň gelnim boljak?! – Şu obadan. – Aýjanmy ýa Dürli? – Beýle alňasabermeseňizläň. Siz haýsyny gowy görýärsiňiz? – Ikisinem gowy görýärin. – Dürli nähili? – Dürli ýaly gyz gelnim bolsa dünýede armanym ýok. Käwagt onuň bilen gürleşýärin weli göwnümi tapyp şatlandyryp goýberýär. Aýjan bolsa birneme dymmarak. Köp geplemeýär. Ony hem şonuň üçin gowy görýärin. Men Dürli barada aýdylan sözlerden soň Allamyrada seretdim. Rozybibi eje söze gyzygyp, edip oturan işini unutdy. Ol köne esgisini elinde saklap, barha maňa tarap golaý-golaý süýşýärdi. Ýygyrt atan ýüzi biraz ýazyldy. Şol gasynlaryň arasynda ýylgyryş emele geldi. Ýeňini çyzgady. Ýaňky sözler gulagyna hoş ýakdy. Maňa tarap bar ünsüni gönükdirdi. – Juma aga ýokmy? – Bar, çaý içýändir. Ony jaýdan çykaryp bolýamy näme? – Ol sözümizi eşidäýse-hä kem däldi weli... – Özüm aýdaryn. Allamyrat gürrüňiň jygba-jyga gelendigini aňdy. Onda öňki boluş galmady. Ejesiniň ýüzüne seretmäge utanyp aşak bakdy. Ýüzi gyzaryp başlady. Allamyrat birdenem töweregine garanjaklady. Nädip durjagyny, näme etjegini bilmän sägindi. Ahyr hem gyzgyn suw salnyp ýaňy ýuwulmaga başlanan çanagy ýuwmaga girişdi. Ýuwmagyň usulyny tapman onuň töwereginde pyrlandy. Bar ünsüniň biz tarapdadygy bolsa bes-bellidi. Repidä meňzeýän ýeňsesi tüňňerip durdy. Rozybibi eje bize geňirgenme bilen seredip, dymyp durdy. Şol wagt içerden Juma aga çykdy. – Men Rozybibä bir zat bolandyr öýdüp gorkdum. Munuň sebäbi başga ekeni. – Essalawmaleýkim, Juma aga! – Hany, geliň bakaly, kakasy... * * * | |
|
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |