* * *
Iş günortan sagat ikä golaý tamamlandy. Mehanizatorlar öýlerine tarap gitdiler. Men heniz ýola düşmänkäm Allamyradyň gelýändigini gördüm.
– Ýeri-how, Allamyrat! Ýol bolsun!
– Seniň ýanyňa.
– Gürrüňiň bar bolsa öýe baryp ederis, ýör.
– Meýdan düşelgä gideli.
– Maňa tapawudy ýok. Ýöne ol ýerde adam-a ýokdur.
– Geregem şol, halypa.
– Şu gün klasdaşlarymyzyň ýanlaryna baraly. Meýdan düşelgede çaý içsek, çalt içeris. Hem olaryň ýanlaryna kärdeşleriňden irräk bararys. Olar gidýänçä gürrüňem gutararys. Şol öten agşamkyny aýtmakçy.
– Ýör bäri. Iç serçeketege döndi.
Meýdan düşelgä baranymyzda Gün gazabyna tutýardy. Düşelgede kolhozçylaryň hiç birisi-de ýokdy. Töwerek ümsümlikdi. Ýaňyja gelip, gök çaýy öňüne alan Rahman aga sekiniň üstünde goşa ýassygy tirsekläp ýatyrdy. Bir gapdalynda elýaglyk suwa salnyp çykarylan ýalydy. Beýle ýanynda bolsa köneje telpek tegelenip ýatyrdy. Ol ajy çaýy işdämenlik bilen içýärdi. Rahman aga bizi uzakdan görüpdir. Ol hoşnutlyk bilen bize seretdi. Maňlaýyndan syrygýan burçak-burçak derleri elýaglygy bilen syrdy-da:
– Oglanlar, ýene açlykdan bir ýykylyp galaýmaň. Çaý-çöregi bir wagtynda iýip duruň. Ýogsam gastrit bolarsyňyz – diýdi.
Rahman aga telpegini bir gyra süýşürdi. Eli bilen agzynyň daşyny sypap durşuna, bize oturmak üçin ýer görkezdi. Öňe wagt geçirmän çaý-çörek geldi. Yz ýanyndanam saçagyň bir gyrasyna ýaňy gyzdyrylan gowurdakly jam gelip «gondy».
– Oglanlar, görýän weli gyzlar sizi gaty horlaýar öýdýärin.
– Ýok-la.
– Düşünýän, düşünýän. Menem ýigit bolup gördüm ahyry. Ýogsa-da, Allamyrat, Aýjan bilen halaşýarmyşyň diýip eşitdim. Gowy maşgala saýlapsyň. Eger bu çyn bolsa Juma ikimiz gudaçylygy bir iş ederis. Arkaýyn bol.
– Ynanmasaňyzlaň.
– Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz. Il bir zat diýýän bolsa, toslap tapýan däldir. Käwagt kolhozçylaryň arasynda Aýjan dagynyň ýanyna barýaryn. Ol menden diýseň utanýardy. Ýüzüme seredip gepleşip bilenokdy. Munuň aýra-böle beýtmegine geň galýardym. Görüp otursam, onuň sebäbi başgarak eken. Muny indi-indi duýup galdym. Keýwanym bu hakda iki-üç ýyl mundan ozalam bir agzapdy weli, ýöne ol wagt ynanmandym.
– Çala eşidensiňiz.
Rahman aga bilen Juma aga ikisi dogan. Allamyradyň häzirki bolup durşy meniň gaharymy getirdi. Öten agşam Rozybibi ejä aýtdyk. Bu gije Rahman aganyňam ol habary eşitjekdigine şübhe ýok.
Ajy gök çaýdan keýpini pyntykladan Rahman aga keýpihon gürleýärdi. Ol esli salym bize seredip durdy-da, şeýle diýdi.
– Men size bir zady gürrüň bereýin. Meniň ýaşlygym uruş ýyllary bilen geçdi. Şol günleriň horluklary şu günki ýaly ýadymda. Uruş gutaran ýyly sekizýyllyk mekdebi tamamladym. Şol wagtlar gelnejeňiz obanyň «men» diýen gyzydy. Men onuň her gün diýen ýaly işleýän ýerine barýardym. Bu-da ýaşulylarymyzyň hoşuna gelýärmi, näme. Kolhozçylaryň işleýän ýerine kelte gatnaw etmegim aýratynam brigadirimiz Ýolbars aganyň gaharyny getirýärdi. Ol maňa ençeme gezekler barma diýip duýdurdy. Hany ol diýeniň bolup durmy? Bir gezek bolsa, şeýle waka boldy.
Tämizje geýinip gyzlaryň ýanyna bardym. Ýaňy düşegim ýumşap ugrapdy. Heniz köp-ä oturmandym. Hawa. Birdenem gyzlar: «Rahman, gaç» diýşip, gygyryşdylar. Görsem, Ýolbars aga maňa tarap ýüpünden boşan oküz ýaly, höküdikläp gelýär. Nädip ýerimden turanymy bilmeýärin. Bir görsem, aýak aldygyma ylgap barýan ekenim. Ýolbars agaň gaharyny getiren sen bolma. Mynjyradaýjagy ikuçly däl. Şonuň ýaly wagt menem bir adama ýetdirerinmi? Eýeli ýere çenli ylgadym. Aýak aldygyma ylgap barşyma yzyma howlukmaç seretdim. Hiç kime gözüm düşmedi. Örän ýadapdyryn. Derrew oturdym. Az wagtdan tarp-tarp edýän aýak sesine özüme geldim. Ýolbars aga henizem kowup gelýärdi. Pahyr menden bäş beter ýadapdyr. Maňlaýyndan der syrygýardy. Biçak gahary gelene meňzeýärdi. Kowalap nätjek diýsene. Barybir, ýetdirmejegim hak ahyryn. Ýene turup gaçdym.
– Soň gyzlara Ýolbars aga hiç zat diýmänmi? – diýip, Allamyrat gyzyklanma bilen sorady.
– Diýmejek gümany barmy? Diýipdir. Ýanlaryna baryp ählisini käýinçden ýüki azlyk etmez ýaly edipdir. Gyzlaram sesini çykaryp bilmändirler. Şonda birisi hüňürdän bolsa, Ýolbars agadan ýumruk hakyny hem alardy. Diňe olara käýemek bilenem kanagatlanmandyr. Gyzlaryň ata-eneleriniň ýanyna baryp, wakany gürrüň beripdir. Başgalar-a bilemok, meniň gelnim-ä şonda urlup «keýpden» çykan ekeni. Pahyr ony häzirem ýatlaýar. Şol wakadan köp wagt geçirmänem öýlendim. Şeýdip, ýürek harasatlaryndanam ymykly dyndym.
Ýazylyp-ýaýrap naharlandyk, çaý içdik. Rahman aga töwir etdi. Soňam:
– Oglanlar, gürrüňem esli etdik. Indi işe ugraly. Sagat üçe işläp ýör. Kolhozçylar eýýäm işe barandyrlar. Daýhana gybatçylyk gelişmeýär – diýdi.
Allamyradyň ýüzi agrasdy. Nämedir bir zat aýtjak bolýandygy rahatsyz oturşyndan görünýärdi. Meýdan düşelgeden çykanymyzdan Allamyradyň daşky keşbini üýtgetmegi geňdi.
Biz atyza girmän saklandyk. Allamyrat gepleşmeýärdi. Şol dymyp durşudy. Ýere düşük. Gök öwüsýän çaýyrlygyň üstünde gyşardyk. Men onuň geplemegine garaşýardym. Bilgeşleýin sesimi çykarman sabyrlylyk bilen dymýardym. Ýarylmaly çybyn ahyr ýaryldy.
– Seniň bilen açyk sözleşmeli.
– Seniň bilen-ä men günde-de açyk sözleşýärmikäm öýdýärin. Indi meni oýnap ýörsüňmi onda?
– Sen-ä meni çaşyň gözüne sereden ýaly etdiň.
– Ejeňe aýdyp ýören sözleriň näme? Ony näme üçin gizleýäň? Ile paş eder öýdüp gorkduňmy? Senden tamam tersine bolup çykdy. Sen ejeňe aýdan sözleriň hakda pikir edip gördüňmi? Saňa bir kellesi işlemeýän saňsarguly diýerler. Heý, şeýle-de bir akmaklyk bolarmy? Senden geçmişiň gyzlarynyň ysy gelýär. Gel aýtmasyna aýtdyň diýeli. Ony menden gizlemäň näme?
– Ýuwaş, Allamyrat!
– Men ogurlyk edemok.
Allamyradyň öten agşam bu barada häzir hiç zat diýmän aýtmagy geňdi.
– Näçe islänem bolsam göwnümden turan gyzy tapmadym. Mende başga çykalga galmady. Ejem bolsa günde gulagymy kamata getirýär. Soň maňa diňe şeýle netijä gelmek galýar. Halaşmaklyk diňe goş birleşdirmegiň gollanmasy. Söýgi bolsa, Rahman aganyň aýdyşy ýaly, goş birikdirmeklikden soň başlanýar. – Allamyrat «senden dost bolmaz» diýýän ýaly ýüzüme alarylyp seretdi-de, atyza girip gitdi. Ol diýseň gaharlydy. Az salymdan köşeşjekdigini aňsamam onuň beýdip gitmegi barja keýpini gaçyrdy. Allamyradyň yzyndan menem ýola düşdüm. Traktorymy atyzyň gyrasynda saklap, işläp ýören kolhozçylara göz aýladym. Dürliniň uzynak boýuny tiz gördüm. Diýmek, onuň bar ýerinde paýdaşlary hem bolaýmalydyr. Traktorymy şolaryň işleýän keşlerine ugrukdyrdym. Kärdeşlerim henizem gelmändirler. Basym gelseler gerek diýen pikir bilen ýola nazar aýladym.
Segsenden gowrak kolhozçy atyzy ala-ýaz edýärdiler. Birnäçesi kölegede dynç alýardy.
Men traktordan düşüp, gyzlar bilen salamlaşdym. Aýjan maýyny tapyp, eýýäm paýdaşlaryndan yza galypdyr. Iki bolup şoňa tarap ugradyk. Meni Dürli ýanyna çagyrdy. Onuň ýanyna barşyma ýola seredip, kärdeşlerimiň giçräk gelmegini isledim. Ýogsam işlemän gyzlar bilen gürleşip oturanymy görse, birgädimiz halamaz. Aý, ýok. Belki maňa guwanç bilen seredip, bolşumy ýürekden makullarlar.
– Kyn görmeseň, biziň senden bir haýyşymyz bar.
– Aýdyber.
– Traktoryňy sürüp göreli.
– Dürli, şol-a...
– Haýyş edýäs, gorkma gowaçalary basgaladar öýdüp.
– Atyzyň içindemi?
– Elbetde.
– Aý, görüň-dä. Men olara razylyk berdim. Bäş gyzyň bäşisem birden traktora topuldylar. Olaryň üçüsi eýýäm iş agregatynyň üstünde, ikisi bolsa ruluň başynda jaýlaşdylar. Köp wagt geçmänkä, traktor herekete geldi. Gyra ýakynlaberende welin, ynjalygym gaçdy. Bolmasyz bir iş bolaýmagyndan gorkýardym. Saklanyp bilmänem gyra ylgadym. Men barýançam traktorym yzyna öwrüldi. Barlaşdyryp gördüm. Zaýalanan gowaça gözüm düşmedi. Şondan soň göwnümem biraz ynjaldy. Dürliniň sözleri gulagymda ýaňlanyp gitdi.
Men üsti adamdan doly traktoryma höwes bilen bakdym. Ol bolsa turbasyndan goýy tüsse goýberip, öňe tarap ynamly barýardy. Men Dürliniň öňki duran ýerine geldim. Täze öwrüm beren traktor meniň deňime gelip, signal berdi. Rul Dürlüdedi. Ol ýylgyryp oturşyna hatar aralara ünslülik bilen seredýärdi. Kolhozçylar sirk görýän ýaly işlerini goýup, «täze mehanizatorlara» seredýärdiler. Ýaňy gelen kärdeşlerim-de traktorlaryny togtadypdylar. Olaryňam nazarlary meniň traktorymdady.
– Ýak, walla, erkeklere obada iş galjagam däl. Suw tutýanlaryňam, otag edýänleriňem aýal-gyzlar. Bize indi traktor galýar. Onam gyzlara tabşyraýmaly boljak öýdýän. Bize diňe çöle çykaýmak galdy – diýip, hüňürdendim. Traktor gelip saklandy. Ondan gyzlar şadyýan gülüşip düşdüler.
– Dürli, ýeri, keýpden çykdyňmy? – diýip, kätmenini bejerip duran Dürliniň gapdalyna ýakynlap geldim.
– Hiç neneň däl.
– Äber men bejereýin.
Kätmenini elinden aldym. Bejermek başartmady. Nätseňem sapy kiçilik edýärdi. Masgara bolmazlyk üçin elimde baryny etdim. Kesek bilen kakyşdyrdym. Köne esgini sapyna orap gördüm. Bolmansoň ahyr irigip elimden alar, ýa derrew agşam bolar diýen pikir bilen güýmenmäge başladym.
– Ahmet, men saňa haýran galýaryn. Sen ony Allamyratdan näme üçin gizleýärsiň. Meniň Allamyrada haýpym gelýär. Onuň aldanyp ýörşüne hiç dözemok. Eger sen aýtmak islemeseň, onda men aýdaýyn. Besdir. Şu çaka aldanany.
– Ýok, aýtma, Dürli.
– Eger şoňa öýlense-de Allamyrat bagtly bolmaz. Soňky durmuşy erbet boljak bolandan, goý, ol azajyk gaýgy çeksin. Ýöne soňy gowy bolsun.
– Hemme zat düzeläýjek ýaly. Aýjan oňa hatam ýazypdyr ahyry. Soňam öten agşam Rozybibi ejä bu barada aýtdyk.
– Samsyklyk edipsiň, Ahmet, samsyklyk. Men saňa göwnümdäkini aýdaýyn. Nädogry iş edýändigini men oňa birsyhly aýdýaryn. Ol bolsa: «Dürli, näme diýseň, diý. Pendiňi tutaýyn. Ýöne söýgüme goşulma, ýaşaşjak sen däl, men. Şonuň üçinem öz geljekki bagtym ugrunda özüm aladalanaýyn. Şu hakda aýdanyň iň soňky gezek bolsun» diýýär. Ýeri, aýt, men başga oňa näme diýeýin?! Onuň sözleri dogry. Men Aýjany gowy tanaýaryn. Ol kim gowurak geýinse – gurply bolsa, kimiň at-abraýy belendräk bolsa, şonuň magşugy.
– Häzirki bolup ýörşi näme?
– Bir ýyl geçip-geçmänkä ony tapdy. Joralarynyň biri-de onuň bolşuny halamady. Ol öz diýenini tutdy. Pikirlerimiz deň gelmänsoň, gürrüňlerimizem onçakly alyşmady. Ýeke özi gezip ugrady. Ýanymyza-da köp gelmän, özbaşyna pikirlenip gezmegi çykardy.
Sen ol birinji gezek geleniňde biz aýra işleýärdik. Jemi aýra işlänimiz bir hepde bolandyr. Ol maňa: «Dürli, aýra işläli. Men häzir ýekeligi halaýaryn» diýdi. Ýalňyşyny düşündirmek üçin amatly bolar diýip men onuň bilen ylalaşdym. Peýdaly iş bitirerin öýtdüm. Ol maksadym amal bolmady. Asyl şol hakynda menem gepläre-de goýmady. Bir günem Allamyradyň ýanynda özüni alyp barşyny halamadym. Oňa gaty gaharym geldi. Şeýdibem onuň bilen käýeşdik. Ertesi-de bile paýdaşlarymyzyň arasyna gelip meniň bilen gepleşmesini-de goýdy. Beýlekiler bilenem onçakly gepleşip baranok.
Şol wagt Allamyrat biziň ýanymyza geldi.
– Baý, siziň gürrüňiňiz alyşýar-ow.
– Hawa-la, Dürli bilen gürleşsem her sagat minuda öwrülýär. Ýeri, nähili?
– Bulaşdy.
– Allamyrat, sen ondan daşlaş.
– Aýdýanyň näme, Dürli?! Men ony hiç başarman.
– Näme diýdi?
– Häzir meni gürletme. Men gaýdaýyn. Soň düşünşeris-dä.
Allamyrat agras ýöräp bizden arany açdy. Onuň gitmegine mähetdel ýaly Aýjan geldi.
– Ahmet, menem traktoryňy sürüp göreýin.
– Ýok, ýok, bolmaz.
– Artyp galsyn traktoryň.
– Hüňürdeme!
– Ahmet bolşuň nähili?!
– Dürli, janym ýanýar, janym.
– Şonda-da ýuwaşrak. Daş-töweregiň adam ahyry. Gel, şu gürrüňi goýaly.
Dürli birdenem gürrüňi başga ýana sowmak üçinmi ýa-da başga bir sebäbe görämi garaşylmadyk soragy morta orta oklady:
– Ahmet, klasdaş, sen haçan öýlenjeg-ä! Biziň şatlanasymyz gelýär. Öz klasdaşyň toýunda tans etmegem hezil-ä!
Ýüregim jigläp gitdi. Göreçlerim Dürliniň tukat nazaryna kaklyşdy. Ol bu wagt meni uly hasrat bilen synlaýardy. Menem degişmek isledim:
– Seniň satylaryňa garaşýan...
Gödek gürländigime soň düşünip galdym. Şeýle-de bolsa dymmagy makul gördüm.
– Menem özümi satdyrmaryn. Ene-atamdaky bar hötjetlik mende-de bar. Gizlin saklaýanam bolsam aýdaýyn. Meni okuwa ibermediler. Ähli aýdanyňy edeli, diňe okuwa gitjek diýme diýdiler.
– Aý, ýog-a?!
– Hawa, şeýle boldy. Ýogsam menem okuwa gitjekdim. Gowy-gowy arzuwlarym bardy. Doganlarymyň haýbaty, ata-enemiň ýalbarmalary meniň göwnümi böldi. Bir ýandanam gorkdum. Ýöne hiç kime aýtmadym. Meniň olary masgara edesim gelenok. Öňem menden şu barada sorapdyň. Men aýtmandym. Mekdepde okap ýören wagtym beýle-beýle bolar diýip pikir etmeýärdim. Asyl kelläme-de gelenokdy. Indi, barybir, meniň üçin tapawudy ýok. Nätselerem özümi mal ýaly satdyrmaryn. Men muňa ynanýaryn. Men ömrümi, geljegimi olara çözdürip, yzyndanam gamyny çekjek bolsam, ýaşap nädeýin.
Men ylalaşýan äheňde baş atdym.
– Okamalydyň, Dürli. Sen hökman okarsyň öýdýärdim.
– Menem.
– Geň galaýmaly. Seniň doganlaryň köne pikirli adamlara-ha meňzänok. Obamyzda gyzlardanam ýokary bilimliler, ýokary okuw jaýlarynda okaýanlar köp. Öz-ä, Dürli, sende-de günä ýok däldir.
– Gitjek diýip ýer depip duran bolsam, mümkin, ibererdiler. Men şonam etmedim.
– Biziň bilen okanlardan soň okuwyny dowam etdirenleriň sany köp bolmady. Dört-bäş sanysy okap ýör.
– Men-ä şeýle diýeli. Allamyrat ikiňiziň okuwa gitmän ýörşüňiz-ä geňlärlik.
– Allamyrad-a okamalydy.
– Senem.
– Ýok, men däl.
– Mekdepde goşgy bilen içgin gyzyklanardyň. Gowy hem ýazardyň. Öz ýanymdan «Ahmet şahyr bolar» diýýärdim.
– Dogrymy aýtsam, Dürli, menem şol pikirdedim. Ilki baryp uniwersitetiň dil-edebiýat fakultetine dokumentlerimi tabşyrmagym hem şonuň üçindi. Olam bolmady. Ikinji ekzamenden kelemänläp gaýtdym. Şol bilmän dymyp oturan soraglarym indi ýadyma düşende içim köýýär. Aý, zeleli ýok. Maňa şu kärem bolýar. Käriň kärden pesligi ýok.
– Häzir nä ýazmaýarsyň?
– Wah ýazjak-la. Ýöne ol aňsat iş däl. Hiç başardanok. Ýiti zehin bolsa mende ýok. Men şu günlerem synanyşyp görýärin. Ýazan zatlarymy okap gaharym gelýär. Soň ony ýyrtyp taşlaýaryn. Işiň şowuna bolmasa, biçak gaharyň gelýär. Gaýdyp şu iş bilen meşgullanmaýyn diýýärin. Biraz salymdan soň ýene-de şonuň aladasy bilendirin. Üç-dört sözlemi zordan baglaşdyryp redaksiýa iberýärin. Olaram sypaýyçylyk bilen kemçiligini aýdýarlar. Ýöne meniň bir maksadym bar. Ol maňa başartjakmy, ýokmy, ol entek belli däl.
– Näme ol?
– Men ulurak göwrümli eser ýazmakçy. Öz başdan geçirmelerimi diýsemem boljak. Dürli, Aýjan we Allamyrat dagynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary barasynda. Şol üçüsini tip edip almak bilen men ýalňyşmazmykam öýdýän.
– Meni goşma!
– Be, nätdiň-aý. Eýýäm ady çykan ýaly bolduň-la. Çykar diýip onçakly tamam ýok.
– Men ynanýaryn.
– Sag bol.
– Ynanaý, men saňa ýürekden aýdýaryn. Menem başardygymdan kömek ederin.
Ýüregim jigläp gitdi. Dürli gözüme şeýle bir ýakymly göründi. Ony dil bilen beýan etmeklige ejizlik edýärin. Ogrynlyk bilen Dürlä garadym. Biziň nazarymyz kaklyşdy. Endamymda garynja ýörän dek boldy. Özümi ele almak üçin maňa ýeňil düşmedi. Başymy aşak salyp esli dymdym. Kätmeni bejermek ýadymdan çykypdyr. Ony diňe elimde saklap durdum.
– Men ýaňy girişdim, Dürli. Taslamasyny saňa görkezerin.
Ol ylalaşma bilen baş atdy. Guwançdan dolan gözlerine köp seretmeklik maňa başartmady. Kätmene gözüm düşdi. Ol titreýärdi. Diýmek, men durşum bilen titreýärin. Ah, gyzlar! Siz nähili güýç?! Ine, men zordan aýak üstünde durun. Tutuş göwräm bilen galpyldaýaryn.
– Dürli, men-ä seni gepe güýmedim öýdýärin. Bagyşlarsyň-da.
– Bu oglany. Zyýany näme?
– Aý, bir hili-dä.
– Hiç hilem däl.
Dürli mylaýymlyk bilen ýylgyrdy.
Çukanaklyja ýaňak!
Meni ýene-de galpyldy basdy. Bä, meniň bu bolşum söýgi gapanyna düşdigimmikä?
... Köneje traktorym herekete gelip ugrady. Atyzdaky traktorlaryň turbalaryndan goýy tüsse asmana göterilýärdi. Göýä jahan hem şonuň üçin kem-kemden garaňkyraýan ýalydy.
Allamyradyň bolup gidişi weli meni iňkise goýýardy. Garažda maňa Allamyrat garaşýan eken.
– Çöle gideli.
Onuň şol tukatlygydy. Onuň nädip göwnüni açmaly! Maňa başartjak däldi.
Biz çöli synlap esli ýöredik. Ýuwaşja ýöräp barşyma töweregime syn etdim. Biz uly depäniň üstüne çykdyk. Depäniň çalydyr çerkez bitmedik ýapgydynda gyşardyk. Çäge yssymtykdy. Bir ýatsaň, gaýdyp turasyň gelmeýärdi.
– Ejem dagy eýýäm sawçylyga barypdyr.
– Aý, ýog-a?!
– Hawa. Olaram: «Gyzymyz razy bolsa, biz-ä garşy däl» diýipdirler. Ýöne şu günki gürrüňlere salgylansaň-a toýuň paşmazlygam mümkin.
– Edýän pikiriň nähili seniň?
– Men duýýaryn, Ahmet. Göwnüme bolmasa...
– Goý, goý. Hiç zadam bolmaz. Ýene sanalgyja günden Aýjan öýüňiziň töründe sülmüräp oturar.
– Ahme-e-t! Allamyrat-how – diýlip biziň ýatan depämiziň gapdalyndan ses eşidildi. Ses Rahman aganyň sesidi. Men ýerimden zöwwe turup, brigadiriň ýanyna bardym.
– Hany Allamyrat?
– Ýatyr.
– Näme üçin?
– Aý hiç.
Biz Allamyradyň ýanyna bardyk. Ol ýylymtyk çägäni ýassyk edinip bize seredip ýatyrdy. Oňa hiç zadyň bolmadygyny bilen Rahman aga bize ýüzlendi.
– «Saganalynyň» gyrasynda traktor batyp dur. Ýörüň şony çykaryşmaga gideliň. Ýaşkiçi bolanyňyzdan soň size aýdýaryn. Başga kişä aýtjak bolup hem oturmadym.
– Men gitjek däl. Biderek ýere batyp ýörmesinler.
Rahman aga bilen ýola düşdük. Allamyradyň sözi onuň biçak gaharyny getiripdi.
* * *
Men öýe gelenimde Allamyrat garaşyp duran eken.
– Saňa bir zady aýtmaga geldim – diýip, Allamyradyň dillenmegi öýe gelendigimi habar berdi.
– Näme?
... Sagat on ikiler töwereginde Allamyrat öýüne gaýtdy. Ol başyny galdyrman ýuwaşja ýöräp barşyna bizden kem-kem daşlaşyp gitdi. Onuň yzyndan esli salym seredip durup, yzyma dolandym. Sekiniň üstünde ýorgan-düşegimi ýazyşdyryp ýaňy ýatypdym. Köp wagt geçmänkä çybşyldy eşidildi. Ol kem-kem maňa ýakynlaşdy. Gara göwre töweregine garanjaklady, soňra jaýa tarap ýöneldi.
– Bu yssyda hammam ýaly jaýda nähili oturyp bilýärkä şular – diýip, ejemiň sesi eşidildi. Jaýyň gapysy açyldy.
– Ahmet, Ahmet – diýip, ejem gapyny açyp durşuna gygyrdy. Men ýatan ýerimden seslendim.
– Uklaňokmy?! Jaýyň çyrasyny nä öçürmänsiň?! Men-ä henizem ýatmandyrlar diýip pikir etdim.
– Häzir düşegime geçip ýatdym. Çyrany öçürmegi unudaýypdyryn.
– Uklamadyk bolsaň, Ahmet jan, men senden möhümje bir zat sorajak. Allamyradyň ýanynda gyssap durmaýyn diýdim – diýip, ejem sekiniň bir gyrasynda gelip oturdy-da, sözüni dowam etdirdi. – Men indi seni öýlendirmän garaşyp biljek däl, oglum. Gijelerine-de gözüme uky gelenok. Bar aladam sen. Illerem meniň bizar-petimi çykarýarlar. Ahmedi haçan öýlendirjek diýip soraýarlar. Heniz-ä belli däl diýýärin. Häzir belli bolmasa, ol haýsy bäşýyllykda belli boljak diýip gülüşýärler. Birine jogap berdimmikäm diýsem, beýleden ýene biri çykaýýar. Oňa-da totyguş ýaly şol bir diýenimi gaýtalap bermeli. Men ýadadym indi, ogul. Men agtygyma, gelnime guwanjak. Meni şoňa ýetir. Mundan artyk ejeňi horlama. Şu gije hökman anygyny edeýin. Eşitmän gitmeli bolmaýyn.
Meniň göz öňümde Allamyrat bilen eden gürrüňimiz janlandy. Eger şonuň aýdanyna ynansaň, dogrudanam ejemden ýaşyrmak geregem däl. Dürliniň özi bilen gürleşip, soň aýtsam-a gowy bolardy. Ýöne hany oňa wagt!
– Eje, dogrymy aýtsam, häzir belli zat ýok.
– Bu nähili beýle bolýar?! Allamyrat ýaňy biri bilen halaşyp ýör diýdi. Ýa ol meni oýnajak bolýarmy?
– Aý, bolýar, eje, aýdaýyn.
– Hany, aýt, oglum, şeýt.
– Dürli!
– Aý, aý-ýa. Ine, saňa gerek bolsa. Berekella oglum, berekella. Munuň ýaly şatlyklyja habaryň bolsa öňräk aýtsaň bolmadymy? Meni bu habaryň bilen öňräk begendirerler-dä. Eý, Hudaý, şeýdip-şeýdip ahyram menem bir ýalkajak ýeriň bar eken-ow. Meniň dileglerim saňa gowşansoň, maňa sahylyk bilen eçilipsiň-ow. Meniňem arkamda ahyry dirediň-ow. Oglumyň maňlaýyna nähili owadan hem akylly gyzy ýazypsyň, Allam. Sag bol. Bu gadyryň üçin muny hiç haçan unutmaryn.
Ejem şeýle bir aglady. Sojap-sojap aglady. Men bilýärin, ol begenjine aglaýardy. Barybir, men soradym:
– Eje, aglamaň näme?
– Begenjime aglaýaryn, oglum. Bu habary Geldä bir buşlaýyn. Erte bile sawçylyga gideris. Bu sapar men onuň äwmezligine ýol-nobat bermerin. Islän ugruma tigirlärin.
* * *
Ertir çaýymy içip işe ugrajak bolup durkam 10-njy klasda okaýan gyz doganym maňa bir hat getirip berdi. Hatyň ýüzünde «Allamyrada» diýlip ullakan harplar bilen ýazylypdyr. Ol maňa «Aýjan berdi» diýip aýtdy. Men birden ýylan gysymlan ýaly boldum.
Näme takal okaýarka? Hat Allamyrada bolsa-da, ony özüme gelen ýaly duýdum. Derrew jaýa girdim...
Men daşaryk çykanymda Gün ýaňy ýokary göterilip ugrapdy. Garaža bardym. Diňe meniň traktorym maňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp durana çalym edýärdi. Beýleki traktorlar eýýäm gapdalynda ýokdular. Amperi görkezijä gözüm düşdi. Men oňa geň galmak bilen seretdim. Amperi görkeziji strelka 20-ini nyşana alyp durdy. Diýmek, akkumulýatorda düýpden diýen ýaly tok ýok. Inženere hem duşup bolanok. Aý, Rahman aga aýdaryn. Ol duşýandyr. Bu gün bolsa işe gideýin. Togy generatordan almaly bolarda. Traktor aňsat-aňsat butnamaz öýdüpdim. Emma «janawer» «näzini» köp artdyryp durmady. Onuň tar-tary garažyň içinde ýaňlanyp ugrady. Garaždan çykmankam «dur» diýýän yşarat bilen Rahman aga geldi. Ol gele-gelmäne agzynyň daşyny süpürip, söze başlady.
– Hawa, neme, seniň ertir işe çykanyňy görüp bolanokdy. Bu gün nä jyn urdy?
– Aý, ýaňy gullukda bile bolan dostumdan hat gelen ekeni. Şony okajak bolup biraz gijä galaýdym.
– Aý, aýby näme? Hawa.
Näme üçindir, Rahman aga meniň sözümden ýalňyş çykarmady. Ol poçtalýonyň ir gelmeýändigini bilýändir ahyry.
– Rahman aga, akkumulýatoryň güýji gaçypdyr. Serediň 20-ini görkezip dur. Siz inženeri görseňiz, şuny aýdarsyňyz-da. Men-ä şonuň ýanyna gidere-de wagtym ýok.
– Onuňam bir gürrüňini ederlermi? Gowuja işleseň, ol zatlaryň bir hasaby bolar. Sen arkaýyn işläber. Ony özüm bir işler ederin.
Allamyradyň öten agşamky sözleri aňymdan aýrylmady. Öz ýanymdan onuň: «Ýaňy Dürlä duşdum. Ol menden nirä barýandygymy sorady. Men seniň ýanyňa gelýändigimi aýtdym. Ol seni halapdyr öýdýän, öwgüňi ýetirdi. Seniň bilen gepi alyşyberýämiş» diýen sözlerini zol-zol gaýtaladym. Bu söz maňa gijesi bilen uky bermedik, öwran-öwran ýylgyrdan, göýä özümi söýüşýän ýaly duýdurdan, ejemi sawçylyga iberden sözdi. Belki ol, klasdaşlyk sözüdir. Ýöne meniň üçin-ä şol sözüň iň uly manysy, bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bardy. Wagtyň kem-kem geçmegi bilen: «Belki Dürli razy bolmaz. Onuň başga birini söýýän bolmagy, maňa hem gowy klasdaşy hökmünde hormat goýmagy mümkin ahyry» diýen pikir aňymda ikiýana at çapdy. Öten agşamky gürrüňiň telekdigi, Dürliniňem maňa gaharlanmagynyň ahmaldygy öwran-öwran ýylgyrdýan keýpimi menden daşlaşdyrdy.
Bu günki Aýjanyň haty-da onuň üstüne urnady. Aýjan agşam Allamyrady duşuşyga çagyrýardy: «Indi biziň söýgümiz ölsün. Agşam beren sowgatlaryňy yzyna berjek» diýip, Aýjan parahatlyk bilen ýazýardy. Heý-de, men Allamyrada şeýle mazmunly hat bererinmi? Eger şeýle gynançly habary dostuma ýetirmegi başarýan bolsam, onda men oňa Aýjanyň biwepadygyny bireýýäm aýdardym.
Ýöne öz ýürekdeş dostumyň gynanmagyny asla islämok. Goý, bu hat hem oňa beýleki gürrüňiň gizlenişi ýaly aýdylmadyk söz bolsun. Şeýle pikirler bilen gün günorta boldy. Meýdan düşelgede gyssagly çaý-çörek iýip uzakda bolmadyk kitaphana bardym. Kitaphanada adam köpdi. Bu ýerde Dürlem bardy. Ol gazet okaýardy. Dürlä ýaýdanjyrap seredip durşyma agşamky waka ýadyma düşdi. Ejem bolsa häzir Dürlilerde ajy gök çaý süzüp oturandyr. Ejeme aýdan sözüm diňe Dürlini däl, belki Allamyradyňam gaharyny getiräýmegi mümkin. Wah, meniň bolşum gursun. Indi her zadam bolsa giç. Bu habary Dürli ejesinden eşitmänkä özüm aýdaýyn. Şeýtsem birneme günämi ýeňilleşdiräýmegim mümkin.
– Ahmet – diýip, ýanynda durmuşa çykan klasdaşym Ogulsabyr maňa ýüzlendi. – Näme seredip dursuň?!
Men oňa gapdal tarapdaky stendleri görkezdim. Ol maňa ynanman mylaýym ýylgyrdy. Dürli bizi görmediksireýärdi. Gözleri gazetde bolsa-da, onuň bar ünsüniň bize gönükdirilendigini aňýardym. Sebäbi aramyz uzak däldi. Onuň üstesine-de Dürliniň gulaklaryna çenli gyzarypdy. Ýüzüniň gyzarýandygam gulaklaryndan bellidi.
– Dürlä seret hany. Ol öňküsi ýaly däldir. Bileni-biteni gazet – diýip, Ogulsabyr ýene ýylgyrdy.
Dürli okamasyny goýdy. Indi bar ünsüni bärik gönükdirdi. Ak gollarda tolkun atýan gara saçlarynyň uçlary ýylan ýaly towlanýardy. Dürli saçynyň ujuny barmagyna bir oraýardy, birem ony çözleýärdi.
Edilýän gürrüňleri geň görüp, diňlejekler köpeldi. Gyzlaryň birnäçesi näme gürrüň edýändigimizi sorady. Mundan çaltrak sypmak üçin kitaphanaça elimdäki kitaplary uzatdym. Täze üç-dört sany kitap aldym. Daşaryk çykanymda uzyn tallaryň goýy saýasyndaky skameýkada ýekeje oturan Aýjany görüp, birden duranymy-da duýman galypdyryn. Ol meni ýanyna çagyrdy. «Näme üçin meni çagyrdyka?» diýen pikir ýyldyrym çaltlygynda gelip meni oýlandyrmaga itekledi. Emma çözen soragym bolmady.
– Näme?
– Otur!
Men skameýkanyň bir gyrasynda oturdym. Ellerimi şokurdatdym. Aýjan başyndaky ak öýmesiniň bir ujy bilen agzynyň daşyny tutup otyrdy.
– Dürli bilen nähili?
– Bilemok – diýip, men geňirgenme bilen jogap berdim.
– Men o gyz bilen joradym. Ol meniň syrymy bilýärdi. Menem oň syryny bilýärdim. Ol seni gowy görýärdi. Söýgi bildirer öýdýärdi. Senem ony duýmadyň.
– Aý, ýog-a?
– Hawa.
– Häzirem şeýlemikä? – diýenimi soň-soň duýup galdym.
– Bilemok. Men seniň bilen Allamyrat hakda gürleşmek isleýän.
– O näme üçin meniň bilen? Özi bilen gürleş.
– Onuň bilen duşuşasym gelenok. Ony söýemogam. Öňem onçakly söýmändim. Indi meniň söýüşýänim bar. Allamyrat menden sowgatlaryny alsyn. Onda meniň portretim bolmaly. Onam bersin. Men bahasyny tölärin.
– Sen muny näme üçin maňa aýdýarsyň?
– Özüne-de aýdaryn. Men oňa hat ýazypdym. Sowgatlaryny öňki duşuşan ýerimize eltip agşam zyňjakdyryn. Baryp alsyn. Öňki duşanymda bolsa, çekinip aýdyp bilmändim.
– Şeýle diýsene. Söz tapman başganyň adresine erbet sözler aýtmagy-ha oňarýan ekeniň.
– Ol öz işim.
Gürrüň şu ýere gelende kitaphanadan bir topar gyz çykdy.
Gyzlar hümürdeşip meýdan düşelgä ugradylar. Dürli olardan biraz yza galdy-da:
– Näme, henizem tamakinmiň? – diýip maňa ýüzlendi.
– Öz ugruňa gidiberseň bolanokmy? – diýip, Aýjan gözüni alartdy. Jedeliň peýdasyzdygyna düşünýänligi üçinmi ýa içini ýakaýyn diýip etdimi, nämemi, Dürli sesini çykarman joralarynyň yzyndan gaty-gaty ýöräp gitdi. Oňaýsyz ýagdaýa düşenimden soň menem turup gaýtdym. Aýjanyň aýdýan sögünçli sözleri bolsa ondan arany biraz açanam bolsam eşidilip durdy.
* * *
– Oglum, meniň saňa haýpym gelýär. Sende güýç-kuwwat baram bolsa, sen entek gara zähmet bilen onçakly bekeşmedik. Saňa sähel agyr zähmetem duýulyp dur. Sen entek kakaň ýaly işiň abyny-tabyny kemsiz ele alaňok. Ýüzleriň garalypdyr. Birnemejik arryklajak hem bolupsyň. Durşuň bilen süňk bolup dursuň. Ind-ä çaýam bir meýdan düşelgede içmeli diýip, düzgün çykarypdyrlar. Ikiňizem agşam öýe myhman bolýarsyňyz. Kakaň-a ol öwrenişip ýören işidir. Kynçylyk saňa düşýär. Meniň kakaňa-da gaharym gelýär. Ol pahyram haçan görseň ýag ys.
– Heleýbaý, äriňden nalap ýörme. Meniň ýaly gowy äri eliň prožektorly agtarsaňam tapmarsyň – diýip, kakam mys-mys güldi. Soňam maňa ýüzlendi:
– Örän gowy gyz saýlapsyň. Öňki bolşuny halamandym. Şonuň üçin heleýiň yzyna düşesim gelmedi. Indi Aýogulymyz jylawy haýsy ýana sowsa, bizem şoňa tarap bolubereris. Gurbanlaryňka hem bararys.
– Kakasy, oglumy utandyrmasana. Öňem-ä utanyp otyr. Biz toýy tizleşdireli. Men-ä begenýärin, Geldi. – Çaý başynda ejem sözüni dowam etdirdi: – Kakaň bilen Dürlilere baryp gaýtdyk. Köp çekeleşmän razylaşaýdyk. Olar-a bir gowy gül ýaly adamlar. Gyzymyz razy bolsa, siz ýaly adamlara gyzymyzy çykarsak armanymyz ýok. Ullakan toý edeliň diýdiler. Erte agşam gyzyň jogabyny we toýuň sähedini bellemäge gitjek. Sen bärden ahmal galaýma. Toýuňa çagyrjak dostlaryňy öňünden çagyr. Soňundan wagtynda çagyrmadyň, eşitmän galdym diýýän bolmasyn. Ýigrimi gazan palaw bişirip, Hojabaýyň tutumyny tutuş kolhoza görkezmekçi. Goý, hemmeler biziň toýumyzdan görelde alsynlar.
– Heleý, indi maňa-da gezek beräýseň nädýär?
* * *
– Öňümizdäki ikinji gün toýumyzdyr, oglum. Olar bilen razylaşdyk, hudaýa şükür, Dürligözel-ä kemsiz jylawlan ekeniň. Ol pahyr «Bolýar, bolýar» diýip ýöne baş atyp otyrmyş. Oglum, ýör bäri. Çaý-çöregiň taýýar dur. Saňa gowulap palawam bişirip goýdum. Ikimiz bir ine-gana gürrüň edeli. Seniň bilen köpden bäri ine-gana gürrüň etmegi maksat edinip ýördüm.
– Aý, ýok, eje. Men öýe barmaýyn. Gürrüňi ýene bir güne geçiräýiň.
Men ýola düşdüm.
– Bilýärin, oglum, nirä barýanyňy. Örän dogry edýärsiň. Sen meniň bu sözlerimi Allamyrada aýdyp, şatlandyrjaksyň.
Meniň aýaklarym ýere degmeýän ýalydy. Içki oýlanmalar bilen Allamyratlara çalt baryp ýetdim. Baranymda jaýda çyra ýanýardy. Diýmek, özem bolaýmaly. Jaýa ýakyn baranymda zaryn çykýan dutaryň sesi Allamyradyň bardygyny hasam aýdyň mälim etdi. Ýuwaşja çykýan gamly owaz özüne tabyn edijidi. Diňledigiňçe ussatlyk bilen çalynýan mukamy diňläsiň gelýärdi. Daş-töweregem başlaryny aşak salyp, mukamy diňläp oturana çalym edýärdi.
Başga hiç ýerde ses-üýn eşidilenokdy. «Çatyp bolmaýyry» men uzak wagtlap diňledim. Birnäçe wagt geçensoň Allamyradyň sesi ýaňlanyp ugrady:
Owal adam bu dünýäge gelmese,
Gelenden soň ömür sürse, ölmese,
Ýigit köňül söýenini almasa,
Dynç alyp parahat ýatyp bolmaýyr.
Içerik girdim.
– Ýoldaş, seni saz äleminiň ýanyna ýanaşdyrmaly däl.
– O näme üçin?
– Aýdymlary ýoýýarsyň. Onda-da Magtymgulydyr Keminäniň.
– Keýpim ýok wagty çalaýmam bar.
– Näme, keýpsizmiň?
– Keýplidir öýdýärsiňmi? Ol seniň bilen baranymda hem ýeke agyzam gepleşmändi. Bar aýdany: «Men seniň bilen gepleşmek islämok!». Näme üçin, näme üçin?! Men oňa düşünemok. Onuň özem hiç zat aýdanok. Indi senem menden gaçyp ýörsüň.
Ýaňy işden gelýärkäm oňa duşdum. «Aýjan» diýdim. Ne hä diýdi, ne-de ýüzüme garady. Men: «Bir möhüm aýtjak sözüm bar» diýdim. Diňlemedi. Başyny aşak salyp gitdi. Öýlerine bardy. Ol ýerde aýlanyp ýörmäni gelşiksiz gördüm. Gelibem ýaňy çaý içjek bolup durşum.
Şol wagt Rozybibi eje çäýnek göterip içeri girdi. Oňa öňki aýdan sözlerim ýadyma düşüp, ýüzüm laplap gyzdy. Men dikanlap seredip bilmedim.
* * *
Garaňky mazaly düşüpdi. Kakam ejemi yzyna tirkäp ýola düşdi. Ejemiň goltugynda ullakan sumka bardy. Ony iki eli bilen mäkäm gysýardy. Ugur geljekki gaýynenemlere tarapdy. Olar biri-birleri bilen ogurlyga gelen ýaly pyşyrdaşyp gürleşýärdiler. Töwerek-daşyna çalt-çaltdan ýaltaklaşyp seredýärdiler. Men olary hiç wagt şeýle ýagdaýda görmändim. Olaryň ýüz-gözleri-de üýtgeşikdi, aljyraňňydy. Kakamyň bolşy maňa hasam gülkünç göründi.
Men olar garaňkyda gözden ýitýänçäler seredip durdum. Olaryň işleriniň şowly boljakdygy maňa aýdyň ýalydy. Meni beýle arkaýynlandyrýanam öten agşamky wakady.
... Işden soň Dürli bilen hemmelerden yzda öýe gaýtdyk. Ol wagt tutuş göwrämi ýylylyk ukol edilen ýalydy. Zol-zol Dürliniň ýüzüne ýylgyrma bilen seredýärdim. Garaňky hem gatlyşypdy. Oba ýakynlaşyberenimizde öňümizde Rahman aga göründi. Aramyz uzagrakdy. Ol bizi gördi-de, sakga saklandy. Birdenem ýoluň gyrasyndaky hyşalyga sümüldi.
Hernäçe gürlemek kyn düşýänem bolsa, men Dürlä ejeme aýdan sözlerimi gürrüň berdim. Şol gürrüň Dürlini lala döndürdi. Ne ýagşydan, ne ýamandan ýekeje agyz sözem aýtman öýüne girip gitdi. Ýöne onuň ýüzi gaharly däldi, mähirlidi. Şol mähirli keşp hem häzir goltgy berýärdi. Ýöne ol inçe tama puç bolup çykdy. Gidenleriň düşekleri ýumşamadyk bolarly. Olar tiz dolanyp geldiler. Özem olar gaharlydylar. Ejem meniň ýüzüme-de seretmän deňimden geçip gitdi.
Kakam maňa haýbat bilen nazar aýlady.
– Beýle maksatly bolýan bolsaňyz ozal aýtsaňyz bolmadymy?
– Näme boldy? Ol nämäniň maksady?! Men asyl düşünemok-la.
Kakam-da deňimden geçip gitdi. Soraglar jogapsyz galdylar. Ine, saňa ýene-de bir oýun. Gel, gel, indi Dürli-de Aýjana meňzemelimi?
Men bu gün şol öten agşamky düşnüksizligi aýdyňlaşdyrmagyň ugruna çykdym. Günortan Allamyrady gözledim. Ol ýokdy. Meýdan düşelgä tarap ugradym. Düşelgäniň demirgazyk tarapynda uly ýap towlanyp akýardy. Bir topar gyz elini ýuwup otyrdy. Gülküleri ýer ýarara getirýärdi. Biri-biriniň üstlerine suw sepişýärdiler.
Ýaba tarap Dürli meýdan düşelgeden çykyp ugrady. Ol meniň bolup durşumy gören bolmaga çemeli, gyzlar bilen gürleşmän, ýabyň boýuna gelip oturdy. Gyzlar eýýäm düşelgä ýetipdiler.
Men Dürliniň oturan ýerine bardym. Ol elini ýuwanokdy. Boz maral kimin keýerjekläp otyrdy. Suwa seredýärdi. Men sandyrawuk sesim bilen gürledim:
– Ýeri, Dürli!
Sözüm jogapsyz galdy.
Dürli çalaja başyny galdyrdy. Maňa intizar gözlerini dikdi. Men onuň ejizländigini derrew aňdym. Burnunyň iki ýan gapdalynda gözýaş aşaklygyna syrygyp gaýtdy. Olar suwuň ýüzüne düşüp, kiçijik tolkunjyklary emele getirdi.
– Men özümi satdyrmajagymy öň aýtdym-a, Ahmet.
– Öten agşam kakam dagy gaharly geldiler. Meniň tamam tersine bolup çykdy. Näme üçin gaharlanandyklaryna düşünip bilmedim.
– Men mal däl. Besdir, okuwa ibermediler. Menem adam. Şony-da subut ederin. Her iş etselerem özümi satdyrmaryn. Kakaň dagyny men kowdum. Olar gahary şonuň üçin edýändirler. Sen näme galyň berilmegine ýol berýärsiň?! Meni satyn almaga utanjak dälmi?
– Bagyşla, Dürli. Men şol siziň ýanyňyza baranymda şu barada pikir alyşmaga bardym. Utanyp hem aýdyp bilmändim.
– Aýdaýmaly ekeniň-dä.
– Dürli! Dogrudanam, kowaýdyňmy?! Gorkmadyňmy?
Dürli gözýaşyny süpürip maňa seretdi. Maňa ol gözler diýseň mähribandylar.
– Soň nähili boldy? Käýedilermi?
– Aý ýok.
– Gizlemesene, Dürli. Men günäkär. Baryna men günäkär. Muny duýýaryn. Seni erbet ýagdaýa saldym.
– Geçeni geçdi bil.
– Men seni diýseň halaýaryn, Dürli. Sen maňa mähriban.
– Goýsana, oglan, utansana. Biri eşidäýse näme diýer.
– Men üýtgeşik söz aýdamog-a.
– Allamyrady gördüňmi?
– Allamyradymy? Ýogsa-da ol görnenok-la.
– Oňa Aýjan aýtdy.
– Aý, ýog-a?!
– Hawa.
– Häzir ol nirede?
– Bilmedim.
– Men ony tapaýyn, Dürli.
Men ýola düşdüm.
– Munuň iru-giç şeýle boljagy düşnüklidi. Ýöne munuň beýle bolmagyna hiç ynanasym gelmändi. Şonuň üçinem men bu barada saňa aýtmakdan saklanypdym, Allamyrat. Onuň üçin menden öýke etme. Ýalbarýan, öýke etme!
Ep-esli ýöräp, yzyma gaňrylyp seretdim. Dürli ýerinden turupdyr. Ol maňa seredip durdy. Elimi galgatdym. Ol hem meniň hereketimi gaýtalady.
Soñy.
Ýanwar, 1974 ýyl.
Osman ÖDE.
Powestler