TARYHYŇ RUHY BITEWÜLIGI /edebi-filosofik söhbet
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen taryhynyň pelsepeleri hakynda söz açanda, şeýle-de Ruhnama kitaplarynda hemişe türkmen döwletlerini daşyndan ýykyp bolmanlygyny, olary içinden ýykandyklaryny taryhyň baş sapagy hökmünde agzaýardy.
Arman, biziň taryhymyz şeýle bolupdyr.
Ýöne, Hudaýa şükür, döwletler synsa-da, millet milletligine galypdyr, milletimizi ýok edip bilmändirler. Sebäbi şol – millet hökmünde saklanyp galmagyň ruhy gorlawy bolupdyr.
Men ilkibaşdan ruhy ýaşaýşy biologik ýaşaýyş arkaly teswirläp başladym. Şol endigi dowam etdireýin. Gorlaw – organizmiň her hili kesellere döz gelmek ukyby bolýan bolsa, onda bizde millet hökmünde dargamak keseline döz gelmek ukyby bolup, ruhy gymmatlyklarymyz hyzmat edipdir diýmelidiris. Şeýle ukybyň terbiýelenmegine, gazanylmagyna hyzmat edýän, şol bir wagtda-da şol ukybyň esasy görkezijileri bolup durýan türkmen milli ruhy häsiýetler bolupdyr.
Şol häsiýetleriň, türkmeniň taryhy ömrüni uzaldan ruhy häsiýetleriň iň ilkinjisi we iň esasysy, elbetde, ruhubelentlikdir.
Ruhubelentlik – ruhuň rüstemligi, her hili kynçylyklary wagtlaýyn zat saýmakdyr, olara baş bermezlikdir. Türkmeniň taryhy her hili sahypalardan doly: milletiň beýige galan, şöhratlanan döwürleri hem bolupdyr, onuň pese düşen, edeni ugruna bolmadyk mahallary hem bolupdyr, emma onuň ruhunyň synan wagty welin asla bolmandyr. Durmuşyň ugurlary onuň etini gataldyp, ýaşamak hyjuwyny öňküden-de artdyrypdyr. Sebäbi biziň milletimiz taryhy ýaşaýyşda haýran galmaly derejede sagdyn paýhasly halk bolupdyr. Ol, bir tarapdan, içi boşan agaç ýaly, dünýäden bizar, maksady, matlaby bolmadyk bir köpçülik däl, beýleki tarapdan bolsa, öz güýjüniň ýetmejek, injiginiň götermejek hyýallara aldanan halk hem däl. Türkmençe aýdylanda, türkmen susstupes hem däl, uly pällän halk hem däl. Türkmende ýaşaýşa müňlerçe ýyllaryň dowamynda işlenip düzülen anyk ruhy gatnaşyk bolupdyr. Şu ruhy gatnaşygy şertli suratda:
Ýaşaýşa filosofiki gatnaşyk;
şondan gelip çykýan ahlaky gatnaşyk
diýen taraplara bölmek mümkin.
Filosofiki gatnaşygyň düýp manysy – ýaşaýyş bäş günlük, ömrüň salymy ýok, mundan alyp gitjek zadyň ýok, zad-a däl, hatda özüňi-de, öz adyňy, hakydaňy, işleriňi hem munda goýup gitmeli!
Ýaşaýşa ahlaky gatnaşyk: bu geçip barýan bäş günlük ýalançyda başyňy dik tutup, hiç kimiň minnetini çekmän ýaşa, gaýgy-gama bulaşyp ýörme, dünýäniň rehnedini gör!
Dünýäniň rehnedini bolsa özgä ýamanlyk edip, özgäň hasratynyň hasabyna ýekelikde görüp bolmaýar. Şonuň üçinem il-gün, halk bilen bile bol!
Ýaşaýşa, durmuşa şeýle howalaly ruhubelent gatnaşygyň hemişelik saklanmagy üçin jemgyýetçilik aňy hem jemgyýetçilik ahlagy tarapyndan kabul edilen ruhy-ahlaky nusgalar gerek bolýar. Bular, bir tarapdan, maksadalaýyk diýip ykrar edilen, beýleki tarapdan, ýekirilen, inkär edilen sypatlar. Bu sypatlar haýryň hem şeriň nemunalarydyr. Diňe şol düşünjeleri özüçe hem özi üçin aýdyň kesgitläp bilen halk taryhy ýaşaýyşda özüni sagdyn hem aýratyn duýup bilýär. Şahsyýet bolsun ýa millet bolsun, filosofiki terzde aýdanyňda, ýa milletiň şahsyýeti bolsun, durmuşda iň esasy zat – maksatlary we wezipeleri özüň üçin aýdyňlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Türkmeniň ruhy maksatlary aýdyň hem kesgitli bolupdyr, olar anyk taryhy durmuşda däp-dessurlar, ynançlar, adatlar görnüşinde ornaşdyrylypdyr, olar türkmeniň edebiýatynda we sungatynda beýanyny örän gowy tapypdyr. Ine, şu nukdaýnazardan, edebi geçmişimizi alyp göreliň. Türkmeniň soňky iki müňýyllykda nähili ruhy gymmatlyklary goldanyp gelendigini görmek isleseňiz, dürli döwürleriň edebi nusgalaryna ýüzlenmek ýeterlik. Mundan bir müň bäş ýüz ýyl ozal döredilen «Gorkut ata», mundan müň ýyl öň ýazylan Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügindäki-kitabyndaky halk döredijilik nusgalary, mundan bäş ýüz ýyl ozalky «Görogly» hem-de 250 ýyl ozal ýaşap hem döredip öten beýik Magtymgulynyň eserleri. Biri-biriniň arasynda şonça uzak wagtyň, özgeleriň tutuş taryhy ömrüne barabar wagtyň ýatandygyna garamazdan, ruhy gymmatlyklar manysynda bular bir bitewülik bolup durýarlar.
Dünýä ýaň salan beýik seljuklylaryň, osmanlylaryň, garagoýunlylaryň, akgoýunlylaryň ruhy kuwwatynyň çeşmesi we ruhy kuwwatlylygynyň sebäbi şol bitewülikde ýatyr. Ol ajaýyp edebi eserleriň Salyr Gazan, Alp Är Töňe, Görogly ýaly gahrymanlaryna, Magtymgulynyň edebi-çeper taýdan işläp düzen mertlik obrazyna ruhy belentlik, ruhy açyklyk, ruhy erkinlik, ruhy dokmädelik, ruhy ynançlylyk hem ynamlylyk ýaly sypatlar mahsusdyr.
Hawa, munuň özi ýöne bir boş hem howaýy sözler däldir. Bu ruhy sypatlary degişli eserleriň anyk edebi derňewi arkaly janlandyrmak müşgil düşer öýdemok.
Bu gahrymanlar ýokarda agzalan beýik türkmen döwletleriniň, soltanlarynyň edebi prototipleridir. Şu wagta çenli şol türkmen döwletleriniň umumy yslam, umumy Gündogar ideologiýasy bilen baglanyşygyna has köp üns berildi-de, olaryň hut milli türkmen ruhy kökleri bilen arabaglanyşygy gözden salyndy.
Ýöne seljuklar diýmän, seljukly-türkmenler diýmeli, ýöne osmanly diýmän, osmanly-türkmenler diýmeli ahyryn! Arman, beýle diýilmedi. Göni aýtmak gerek, geçmişi beýik millet öz kökünden daşlaşdyrylmaga çalşyldy. Käbir taryhçylaryň işlerinde türkmenlerden çykan soltanlaryň milli ruhdan daşlaşyp gidendigini ýaňzydanlaram boldy. Emma pudak kökden hiç mahal üzülip gitmeýär. Şu mahala çenli biz türkmen ruhuny bitewülikde göz öňüne getirip bilmedik bolsak, bu özümiziň günämizdir we ylmy-taryhy şowakörlügimizdir, ýöwselligimizdir.
Türkmeniň soňky iki müňýyllyk taryhyndaky birbada seredeniňde, göze görünmeýän baglanyşyklary bolan halky-durmuşy ruh bilen intellektual-syýasy ruhuň bitewüligini dikeltmek bu gün taryhy zerurlyga öwrüldi.
Taryhyň her döwri bir döwür bolýar. Elbetde, türkmen ruhunyň bitewüligini Oguz han döwründe göz öňüne getirmek has aňsat. Çünki şol taryhy döwür türkmen ruhunyň aňrybaş derejede bitewüleşen döwrüdi. Soňky iki müňýyllykda bolsa türkmen taryhynyň akymynyň hanasy has giňedi. Günbatara giden osmanlylar, seljuklylaryň bir bölegi, akgoýunlylar hem garagoýunlylar diňe bir Oguzlaryň däl, eýsem parslaryň, beýleki günbatar milletleriniň döwlet tejribelerini, taglymatlaryny özlerine siňdirdiler. Emma olaryň Ýer ýüzüne syýasy-territorial ýaýrawy türkmen ruhunyň pytraňňylygynyň alamaty hökmünde teswirlenip bilinmez. Ruhy barlyk syýasy ýa gaýry içki barlyklara garanda has durnukly we has düýpli zatdyr. Özge milletleriň döwlet, dil, syýasy tejribeleriniň kabul edilmegi türkmen ruhunyň içinde halky-durmuşy ýaşaýşyň intellektual syýasy ýaşaýyşdan aýrybaşgalaşandygyny däl-de, eýsem türkmen-oguz ruhunyň taryhyň täze döwürlerinde özboluşly intellektual häsiýetlere eýe bolandygyny görkezýär.
Durmuş, şol sanda taryh hem hemişe hereketdedir, akyp – özgerip durmakdyr. Şol hereket netijesinde milli ruh özünde ozal bolmadyk sypatlara, häsiýetlere, ölçeglere eýe bolýar, ol ruhuň täze taraplary açylýar.
Wagt – ägirt zat. Wagtyň dialektiki häsiýetine düşünmegimiz gerek. Umuman, taryhyň wakalaryny, maglumatlaryny ruhy-filosofik taýdan umumylaşdyrmak, ýerbe-ýerleşdirmek esasy zatdyr. Wakalary, maglumatlary ýalaňaçlygynda ýazyp görkezmegiň ylym bolmagy mümkin, emma ol entek taglymat däldir. Olardan ruhy garaýyşlary getirip çykarmak – ine, taglymat.
Biz taryhy garaýyşlarymyzy diňe bir ylmylaşdyrman, eýsem ruhlaşdyrmalydyrys hem. Diňe şonda öz taryhymyza düşünip, onuň ruhy bitewüligini dikeldip bileris.
«Taryhy garaýyşlarymyzy ruhlaşdyrmaly» diýenimde men türkmen taryhy ýaşaýşynyň bozulmaz özeni bolan hakykatlara akyl ýetirmegi göz öňünde tutýaryn. Taryh, ilki bilen, taglymat, pelsepe, diňe şondan soň ylym bolup biler. Sekiz ýüz ýylyň içinde türkmeniň türkmenligini ýitirmän saklanlygy biziň özümiz üçin syr, özgeler üçin bolsa bütinleý bir düşnüksizlikdir. Şonça wagtyň dowamynda milliligini ýitirmedik halklar örän seýrekdir. Meniň özüm-ä taryhyň uzak ýyllarynyň içinde öz milliligini saklamagy başaran türkmenlerden başga diňe ýewreýleriň bardygyny bilýärin. Ýewreýleriňki düşnükli – olar iudaizm atly milli dini döredip, ol dini özge milletler üçin ýapyk diýip yglan edip, öz milliligini üpjün edipdirler. Bu ýerde dini gymmatlyklaryň milli gymmatlyklar bilen doly gabat gelmegi milletiň taryhy ömrüni kepillendiripdir. Türkmenlerde bolsa, milli gymmatlyklar dini gymmatlyklardan ýokarda goýlupdyr. Din türkmeniň gaýrylar bilen baglanyşygyny üpjün etse, milli gymmatlyklar onuň ruhy bitewüliginiň we özbaşdaklygynyň saklanmagyna hyzmat edipdir. Milli ruhy bakylygyň çeşmesi bolan türkmençilik özge milletler üçin ýapyk häsiýetde bolupdyr. Şonuň üçinem bu millete ýa-ha ýalňyş düşünipdirler, ýa-da düşünmändirler.
Taryhy ruhlaşdyrmak – türkmeniň milli taryhyna türkmen gözi bilen seretmekdir. Eger şeýle edilmese, onda bu milletiň özi hem, taryhy hem bölek-büçeklige salynýar. Ine, özgeler üçin seljuk-türkmenleri bir başga, osmanly-türkmenler bir başga, garagoýunlydyr akgoýunly türkmenler bir başga bolup görünýär. Aýdyp nätjek, olar hatda tekedir ýomudy, ärsarydyr çowdury-da başgalaşdyrmaga baryp ýetipdirler. Abylgazy bolsa türkmeni mongola çatjak, mongola baglajak bolup jan edipdir. Men, dogrusy, şeýle taryhçylary ýazgarybam duramok. Sebäbi olar muny betniýet bilen däl, ýöne bu millete düşünip bilmezlikden edipdirler. Munuň özi nahara duzuň ýetmeýşi ýaly, taryha filosofiýanyň ýetmezliginden gelip çykýar.
Türkmen taryhynyň ruhy bitewüligini diňe bu taryha türkmen bolup seredeniňde dikeltmek mümkin. Munuň üçin bolsa, taryhy inçeden yzarlap beýan etmeli, ýagny taryhy ruhy taýdan yzarlamaly.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa