TÄSIRLENME
Şol döwürden şu günlere,
Azap bilen ýetendirin.
K. Gurbanmyradow.
Pel-pelläp uçup Asmanda,
Bir gün ýere düşendirin,
Ýamanda yza tesmän-de,
Il içinde bişendirin.
Duýgularym duýgur indi,
Nakyl-akyl aňa siňdi,
Pälim hellewleýän diň-di,
Hol topukda üýşendirin.
Alaň-açyk içim-daşym,
Halal diýip iýen aşym,
Aýlarynda altmyş ýaşyň,
Şänik bolup çişendirin.
Pyntyklasam bir salymdan,
Yzgarym ýetip alymdan,
Ýene ýoluň gyrasyndan,
Beýige çyrmaşandyryn.
Päki nazar galmaz çaňda
Ham-hyýaly goýar çuňda,
Bolsam diýip indi çynda,
Ýalandan üýşenendirin.
Akyl satman satyn alýan,
Aldykça gymmatyn bilýän,
Neneňsi haýrana galýan,
Ornuny çalşyrandyryn.
Suw içinde balyk ýaly,
Keýpim ýelde ýalyk ýaly,
Dünýäm giden şalyk ýaly,
Bolsa-da ýygşyrandyryn...
Goşgular