09:51 Täze simfoniýa | |
TÄZE SIMFONIÝA
Aýdym-saz sungaty
Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde simfoniýa eserleriniň birnäçesi bar. Emma olar diňe simfoniki orkestr üçin niýetlenen saz eserleridir. Biziň gürrüňini etmekçi bolýan eserimiz bolsa, halk saz gurallary (ýagny dutar, gyjak, ud, kanun) üçin döredilip, talyplar tarapyndan ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Bu eseriň awtory Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Merdan Annamyradowdyr. Ol Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebowyň şägirdi. Gürrüňi edilýän simfoniýany talyplardan düzülen Halk saz gurallary orkestriniň üsti bilen diňleýjileriň dykgatyna ýetirmek jogapkärçiligini öz üstüne alan dirižýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowdyr. Türkmen saz sungaty üçin örän wajyp bolan bu eser, onuň hil derejesi hakynda pikir alyşmak üçin, belli kompozitor R.Rejebowa, eseriň awtoryna, şeýle-de, dirižýor O.Igamowa ýüz tutduk. Ilkinji sözi eser döredilýärkä ony öz gözegçiliginde saklan kompozitor R.Rejebowdan başlamagy makul bildik. Ç.Jumaýew: — Ýoldaş mugallym, örän wajyp bolan bu eseri siziň talybyňyz döretdi. Üstünligiň düýp özeni nämeden ybarat? R.Rejebow: — Simfoniýamyz ýazylanda, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik adamlaryna berýän maslahatlaryndan ugur alyndy. Saz sungatyndan ýörite taýýarlygy bolan diňleýji bu esere üns berse, ol Beýik Ýüpek ýoly bilen dahylly Orta Aziýa we Gazagystan sebitinde ýaşaýan milletleriň aýdym-sazlaryndan çaklaňja heňleriň bardygyny aýdyň duýar. Olaryň arasyndan saýlanyp duranam «Hajygolak» we «Jan-jan» halk aýdymlarymyz. Eserde şeýle usulyň ulanylmagynyň öz simwoliki manysy bar. Sebäbi milli Liderimiz: «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip belleýär. Diýmek, biziň üç bölümden ybarat simfoniýamyz halk aýdym-sazlaryndan gözbaş alýar. Ç.Jumaýew: — Merdan, öz eseriň hakda gürrüň beräýseň. M.Annamyradow: — Günleriň birinde ykbal meni häzirki halypam, Türkmenistanyň halk artisti, belli kompozitor Rejep Rejebow bilen duşurdy. Onuň maslahaty bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozitorlyk hünärinden bilim berýän bölümine okuwa girdim. Konserwatoriýada Rejep halypamdan bäş ýyllap tälim aldym. Döredijilik äleminde öz ýol-ýörelgäňi tapmak üçin hemişe gözlegde bolmaly. Diňe skripka bilen meşgullanyp ýören döwrümdäki ýaly däl-de, köp zatlardan baş çykaryp, gözýetimimiň örän giň bolmalydygyny talapgär halypam yzygiderli nygtap durardy we pikirimi diňläp, öz ýardamyny bererdi. Indi diplom işi hökmünde ýazylan simfoniki eserim hakda hem käbir zatlary aýdaýyn. Bu eser ýazylanda fortepiano üçin üç bölümden ybarat görnüşde taýýarlandy. Soňra halypam bilen maslahatlaşyp, ony orkestrde ýerine ýetirmegi makul bildik. Emma haýsy görnüşli orkestrde ýerine ýetirmeli? Halypam Rejep Rejebow bilen pikir alşyp, Omar Igamowyň ýolbaşçylyk edýän Halk saz gurallary orkestrini saýladyk. Şeýlelik bilen, ykbal meni Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor Omar Igamow bilen duşurdy. Wagtymyzyň çäkli bolandygy sebäpli, eseriň 1-nji bölümini gyssagly taýýarlap, ony konserwatoriýanyň her ýylda geçirýän hasabat konsertinde Halk saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmegi makul bilindi. Söhbetdeşligimizi simfoniýanyň halkyň dykgatyna ýetmeginde köp zähmet siňdiren dirižýor O.Igamow dowam etdirdi: — Bu eseriň Halk saz gurallary orkestrinde ýerine ýetirilmeginiň esasy sebäpkäri Rejep mugallym boldy. Şu wagta çenli Halk saz gurallary orkestri simfoniýa ýerine ýetirmändi. Galdym bir alada. Meniň üçin ýekeje ýol galypdy. O-da bili berk guşap, işe girişmekdi. Eseri halk saz gurallary orkestri üçin ýörite taýýarlap ugradyk. Nota ýazgylary taýýar bolanlaryny talyplar bilen aýratynlykda orkestrde işläp, diňläp görýärdik. Halypa kompozitor R.Rejebow bolsa, her gün diýen ýaly, işiň gidişi bilen gyzyklanyp, gelip görerdi ýa-da telefon üsti bilen sorardy. Eger-de saz sungatyndan ýörite taýýarlygy bolanlar bu esere üns berseler, Halk saz gurallary orkestriniň hatarynda hiç wagt ulanylmadyk turba we waltorn saz gurallaryna gözleri düşer. Sebäbi olar, esasan, simfoniki orkestrde ulanylýar. Biz olary öz orkestrimiziň hataryna goşmagy makul bildik. Bu meniň teklibimdi. Ussat kompozitorymyz we onuň şägirdi ony iş ýüzünde gözden geçirdiler hem-de oňladylar. Maglumatlardan görşümiz ýaly, şeýle eseri diňe simfoniki orkestr bilen däl-de, eýsem, Halk saz gurallary orkestri bilen hem ýerine ýetirip boljakdygy aýan boldy. Sözümiň soňunda konserwatoriýanyň «Halk sazy» fakultetiniň talyplaryna uly hoşallyk bildirýärin. Sebäbi olar, sapaklarynyň tamamlanandygyna garamazdan, her gün diýen ýaly, giçlik galyp, taýýarlyk işlerini geçdiler. Şol çekilen zähmetiňem gowy miwesini berendigine köpler şaýatdyr. Ç.Jumaýew: — Size geljekde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Çaryýar JUMAÝEW, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan artisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |