TOP
Dükandaky owadan topy esli salym synlap duran aýal içini gepletdi: «Tüýs ogluma gerek zat ekeni. Şuny alyp beräýsem, begenip hezil eder». Ahyr ol topy satyn aldy.
Ejesiniň elindäki topy gören oglan begenmek begendi. Ony eline alyp, emaý bilen sypalady. Top muňa buýsanyp, özi bilmezden biraz çişdi. Emma onuň begenji uzaga çekmedi, oglan ony açyk meýdana çykaryp, böwrüne şeýle bir depdi welin, top allowaralara zyňylyp gitdi...
Şol günden soň topuň göreni görgi boldy. Ýaş-ýeleňleriň ählisi ony ilkibaşda gowy görüp sypalasalar-da, basym başga birine tarap depip goýberdiler. Ahyry bir gün topuň çydam käsesi pürepür dolup, jorasynyň ýanynda zeýrenmek zeýrendi:
— Wah, jora jan, bu ýigitlerde messep galmandyr, başda bir sypalan bolýarlar-da, soňundanam başga birine tarap depip goýberýärler. Men-ä eýläk-beýläk zyňylmakdanam halys boldum.
Jorasy topuň düşen gününe tüýs ýürekden gynanyp, başardygyndan göwünlik bermäge çalyşdy:
— Gamlanma, jora! Bir gün senem ikelläp garbap aljak tapylar.
Topuň peltesine ýag damdyrylana döndi:
— Içimi ýakmasana, jan jora! Hut ýaňyja-da hol derwezäniň öňünde duran oglan meni iki eli bilen garbap aldy. Ýöne...
— Ýönäň näme onda?
Top, bykynyny tutup, uludan bir demini goýberdi:
— Ýöne, ol meni sypap-sypap, soňundanam şeýle bir depdi welin, beýlekileriň çeni bolmady...
Garaz, nätjek, özüň top bolsaň, kimiň eline düşseň-de depjek ekenler-dä!..
Döwran AGALYÝEW.
Satiriki hekaýalar