22:15 Türkmen halk yrymlary -4: Edep-ekram bilen baglanyşykly yrymlar | |
EDEP-EKRAM BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Öňüňden garry adam gidip barýan bolsa, geçip gitmeli däl. «Men gyssanmaç, geçip gidäýeýin» diýip soramaly. * * * Ýaňy ýetişip gelýän gyz tikin - çatyn etse, ilki eden işini-tahýany we ş. m. suwa atmaly, ýetim-ýesire, garry, ýaşuly adamlara bermelimiş. Şonda şol maşgalanyň edýän işi rowaç bolarmyş. Hemme zada göz-gulak etdigi, iş etmäge janly, jansyz zatlardan rugsat aldygy bolarmyş. * * * Her neneň görip adam bolsa-da ota, bag-bakja, haýwan-ynsana – kast etmeli dälmiş. * * * Azap siňen zat ýaramaz-da bolsa, oňa aýawly çemeleşmek, hormatlamak ynsanyň bor¬judyr. Şeýle etmedik adam gowulyga garaşmaly däldir. * * * Näsagy soramaga baran wagtyň, näsagyň ýanynda bolan müddetiňi Allatagala ömrüňe hasaplamazmyş. * * * Näsag haýsy milletden bolsa-da, mille¬tine garamazdan, soramaklyk zerur hasapla¬nylýar. Soranyňda ýaranjanlyk ýa-da hantama¬çylyk ýokundylary bolmaly däldir. * * * Ynsan haýsy kesel bilen kesellese-de, sorap durmaly. Dişi agyrsa-da, soramaklyk gowy görülýär. * * * Hassany soramaga baranyňda bezenip-beslenip barmaklyk gowy görülmeýär. Köne, ýamaly eşikler hem geýip barmaly däl, adaty geýimler geýlip barylsa gowy görülýär. * * * Nahar başynda ýaramaz, ýakymsyz zatlar barada gürrüň etmeli dälmiş. Allatagalanyň hoşuna gelmezmiş. * * * Agzyňda çeýnäp oturan lukmaňy iýip gutarmazdan, ýene agzyňa salmaklyk gowy görülmeýär. Şeýtanyň alyna gitdigiňmiş. * * * Nahar iýmeklikde nobat ulularyňkydyr. Suw içmeklikde nobat kiçiniňkidir. * * * Tagam-hezzet üçin Biribara alkyş aýt¬maly, berenine şükür etmeli. * * * Irdenki naharyňy özüň iý, günortanky naharyň ýaryny dos¬tuňa ber, agşam naharyň baryny duşmanyňa ber. * * * Nahar-tagama başlamazdan öň elini ýuwmalydyr, ýogsam perişdeler halamazmyş. * * * Tagam getirilmezden ozal saçak başyna geçilýändir. Şeýle etmeseň Allatagalanyň hoşuna gelmersiň. * * * Tagamy kiçijik bölejiklere bölüp agzyňa salmalymyş, ýogsam perişdeleri gorku¬zarsyň. * * * Çagyrylmazdan öň saçak başyna geçmeli dälmiş, şeýtanyň şägirdi bolarsyň. * * * Saçagyň başynda sag eliň bilen iýip-içmelidir, ýogsam pe-riş¬deleriň gaharyny geti¬rer¬siň. * * * Saçak öý eýeleriniň başlamagy bilen açy¬l¬ýandyr. Şeýle edil¬mese öýüň bereketi gaçarmyş. * * * Suwy zarp bilen däl-de, bölüp-bölüp içmeli . * * * Myhmanlardan öň saçagyň başyndan turmaly dälmiş, şeý-tany begendirersiň. * * * Derläp durkaň ajöze, şonuň ýaly-da çor¬ba, turşy zatlar hem miwe iýeniňizden soň suw içmeli dälmiş. Suwuňa şeýtan buşu¬gar¬myş. * * * Üçünji bir adam barka iki bolup pyşyrdaşyp otursaň, periş-deleri gorku¬zar¬myşyň. * * * Bir ýere myhmançylyga barlanda özüňe aýratyn gowy ýer saýlap otursaň, şeýtanyň şägirdi bolarsyň. * * * Keseki iki adamynyň özara gürrüňine üşerilip, gulak salsaň, araňa şeýtan dü¬şer¬miş. * * * Gürrüňdeşiňi diňlemän, sözüni orta bi¬linden kesseň, periş-deleri gaçyrarsyň. * * * Kişiniň kemçiligini ýaňsa alyp, üstün¬den gülseň, özüň hem kemisli bolarsyň. * * * Köpbilmişsiräp, özüňi görkezjek bolup köp gepläp otursaň, perişdeler günäňi köp ýazarmyşlar. * * * Ýanyňdakylara ulumsylyk bilen garasaň, Allatagala hala-mazmyş. * * * Özüňi öwmeklerinden lezzet almaklyk Allatagalany syla-ma¬dygyň bolarmyş. * * * Köpçüligiň içinde gaty-gaty gürle¬mek¬ bilen perişdäni öz ýanyňdan gaçy¬rar¬syň. * * * Metjide gireniňde sag aýagyň bilen gir¬mek, çykanyňda çep aýagyň bilen çykmak Allatagala hormat-sylag etdigiňdir. * * * Metjide arassa eşikler bilen barmaly. Sarymsak, sogan ýaly ýiti ysly iýmitleri iýip metjide, köpçülik ýerlerine barsaň, din-diýanaty äsgermedigiň bolarmyş. * * * Metjitde bihuda, boş gürrüňler etseň Allatagalanyň gaha-ryny getirersiň. * * * Metjitde çasly gülmeklik, gaty-gaty gür¬rüň¬leşmeklik Alla-ta¬gala hormat goýma¬dy¬gyňdyr. * * * Nahar iýlip bolnandan soň töwir gal¬dyrmasaň, töwir yzyňa düşermiş we öýüň bereketi gaçarmyş. * * * Her gün irden öýden çykanyňda sag aýagyň bilen ätläp çyk¬maly, şonda işiň şowly bolarmyş. «Aýy-güni döreden, ýeri-gögi ýaradan eziz Taňrym, işlerim şowly bolsun!» diýip, ýagşy arzuw-niýetler bilen öýden çykmalymyş. * * * Derýanyň köprüsinden geçeniňde ýagşy dilegler etmeli. Derýalar Hydyr gören¬dir¬ler, şonuň üçin hem dilegleriň kabul bolar¬myş. * * * Bir adama ýeňsäňi öwrüp oturmaly däl. Araňa şeýtan dü-şermiş. * * * Oturan adamynyň öňünden geçmeli däl. Perişde gorkar-myş. * * * Ýatan adamynyň üstüne gerinmek, oturan adamynyň üs-tüne abanmak günädir. * * * Ýuwulandan soň eliňi silkseň, eliňe şeýtan buşugarmyş. * * * Pyçagy birine uzadanyňda sap tarapy bilen uzatmalymyş. Perişdeler gorkar¬myş. * * * Birine tagam uzadanyňda sag eliň bilen bermeli, alan adam hem şony sag eli bilen almaly. Umuman, ähli ýagşy zatlar sag el bilen edilmelimiş. * * * Dik duran ýeriňde dyrnagyňy almaly däl, ol dargap gitse, baky dünýäde dyrnak eýesini gözläp ýörermiş. * * * Dost öýünde dyrnagyňy almak, duşman öýünde saçyňy daramak, saç aldyrmak gowy görülmeýär. «Dost öýünde saç dara, saç aldyr» diýilýär. «Dost öýünde dyrnak alsaň tagama, nahara gaçaýmasyn» diýlip heder edilýär. * * * Suwa tüýkürmeklik külli günä, «döwletiň gaýdar» diýilýär. * * * Sag aýagyňa geýen köwşüňi çep aýagyň bilen çykarsaň, öýüňe döwlet gelermiş. * * * Barmagyňy näçe gezek şyrkyldatsaň, şeýtan şonça gezek ömrüňi kemeldermiş. * * * Dik duran ýeriňde nahar iýmeklik gowy görülmeýär. Şeýtan rysgalyňa şärik bo¬larmyş. * * * Nahary çommalyp iýmeklik külli günä, bereketiň ga¬çar-myş. * * * Aýak basylýan ýere, ýola kir suw we ak zatlary dökmeklik külli günä. Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |