22:23 Türkmen halk yrymlary -5: Adam bedeni bilen baglanyşykly yrymlar | |
ADAM BEDENI BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Adamynyň bedeninden bölünip aýrylýan üç zady – saçy, dyrnagy, dişi adamlar basgylasa, onuň eýesi keselleýärmiş. * * * Burnuň içi gijese, toý habaryna gara¬şyber. * * * «Boýnuň gijese-de, toý bolýar» diýlip yrym edilýär. * * * Burnuň gapdaly gijese, daş ýerden habar gelýär. * * * Burnuň ujy gijese, myhmançylykda bo¬lar¬syň. * * * Gaşyň gijese, myhman gelýär, duşuşyk bolýar. * * * Gaşlary birleşip duran adam köp kynçylyk görýärmiş. * * * Garaňkyda aýna bakyp saç daramaklyk gowy görülmeýär. * * * Gije dyrnagyňy almaklyk gowulyga ýorulmaýar. * * * Gözüni gyrpagan adam gama batagan bolar¬myş. * * * Gyz tirsegini agyrtsa, ony bir ýigidiň ýatlaýanlygydyr. * * * Gulagyň gijese, ýagyş ýagjakdyr. * * * Gulagyň gyzsa, bir ýerde gybatyňy edýändirler. * * * Gulagyň şaňlasa, bir ýerde sen hakda gürrüň edýändirler. Haýsy gulagyň şaňlasa, şol ugurda gürrüňiň edilýär . * * * Diliňi dişleseň, kimdir biri saňa käýinýär, sen hakda gybat edýär. * * * Dodagyň gijese, öpüşjekligiň alamaty. * * * Başgüni ajöze wagtyňda asgyrsaň, sylag aljaklygyň ala-maty. * * * Anna güni asgyrsaň, duşuşyk bolýarmyş. * * * Dynç güni asgyrsaň, myhmançylyga gitjeksiň. * * * Ýeňsäň gijese, gaýgy-alada basar. * * * Ökjäň gijese, uzak ýola gitjeksiň. * * * Sogapgüni asgyrsaň, öwüljeksiň, saňa öwgi garaşýanlygynyň alamaty. * * * Sag gaşyň gijese, dostuňa duşarsyň. * * * Sag gulagyň şaňlasa, gowy habar geler. * * * Saç daralanda, saçyndan uçgun çykýan adam keýpihon adam bolýarmyş. * * * Ýaşgüni asgyrsaň, myhman geljekligi. * * * Tirsegiň gijese, gam-gussa batmagyň ahmal. * * * Tüýküreňde tüýküligiň öz üstüňe düşse, eşigiň täzelenjekliginiň alamaty. * * * Çep eliň aýasy gijese, çykdajy boljaklygynyň alamaty, pul sowjaksyň. * * * Çep gaşyň gijese, gowy görmeýän ada¬myňa sataşarsyň. * * * Çep gulagyň şaňlasa, ýaramaz habaryň bolmagy ahmal. * * * Eger sag gulagyň gyzsa, sen hakda hakykaty aýdyp gürrüňiňi edýärler. * * * Eger çep gulagyň gyzsa, sen hakda nähak gürrüňler aýdyp, gybatyňy edýärler. * * * Gyjykçyl adam gabanjaňdyr. * * * Eger-de ýigidiň ýa-da gyzyň alyn dişleriniň arasy açyk bolsa, ýat, uzak ýerden öýlenýär (durmuşa çykýar). * * * Agzy meňli – aşa ýakyn. Barmagy meňli – bagtly. Bilegi hally – ýalançy. Bili hally – diňçi. Burny meňli – batyr. Gabagy hally – wepaly. Garny hally – jepaly. Gaşy hally – gabanjaň. Goltugy hally – erjel. Göwsi meňli – görgüli. Gözüniň gapdaly hally – gaharjaň. Ýokarky dodagy meňli – näzli. Maňlaýy hally – yňdarma. Kebzesi hally – ätiýaçly, hatyrjem, Sag gaşynyň üsti hally – gedem. Çekgesi hally – söýgüli. Çep gözüniň aşak gabagy hally – bagtly. Çep gaşynyň üsti hally – ukyply. Eli meňli – işe ýakyn. Egni hally – bus-busy. Eňegi hally – ýalta. * * * Adamynyň özüniň görüp bilmeýän ýerinde meňi bar bolsa, bagtly bolarmyş. Taýýarlan Gurbanjemal YLÝASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |