22:25 Türkmen halk yrymlary -6: Zähmet endikleri we ekerançylyk bilen bagly yrymlar | |
ZÄHMET ENDIKLERI WE EKERANÇYLYK
BILEN BAGLY YRYMLAR Çaga dogrup ýören aýal adamynyň on barmagynyň biri başgalar üçin işlemeli, kömek etmeli. On günden bir gün ile-gü¬ne hyzmat etmeli. Eger şony edip bilmeseň, haýrat (hudaý-ýoly – haýyr-sahawat) puly bermelimiş. * * * Köýnek biçip otyrkaň ýadasaň, galan mata bölejigini sag eliňe daňsaň, ýadawlygyň aýrylarmyş. * * * Tara dokan üstüňe ak sapak daksa, oňa yrym edilip, pul berilýär. * * * «Ýene-de haly kesmek miýesser etsin» diýen ýagşy niýet bilen haly kesilende ýüpi maňlaýyňa daňmalymyş. * * * Ekin ekilip başlanylanda, eli ýeňil adama ekdirip başla-ýarlar. * * * Ekin ekilýän wagty geçip barýan adamlar: «Biriň müň bol-sun, tohumyň müňlesin!» di¬ýip geçýärler. Ekin ekip ýören hem: «Aýdanyňyz gelsin, Taňry ýalkasyn!» diýip, jogap berýär. Adam¬lar: «Şeýle edilse, işimiz şowly bolar» diýip yrym edip¬dirler. * * * Ekin ekilip ýörlen wagty: «Tohum başy ýokary!» hem diý-ler ekeni. Onda ekin eýesi: «Duşman başy aşak!» diýip, jogap beripdir. Geçip barýanlar: «Tohumyňa bereket, ömrüňe bere-ket!» diýen ýaly alkyşly sözleri aýtmalymyş. Ýagşy sözler aý-dylsa, agzyň dogaly bolsa, ekin gowy bitermiş. * * * Gök ekin gowy bitende ýagşy arzuw-niýet¬ler bilen Baba-daýhanyň hatyrasyna hudaý¬ýoly berler ekeni. * * * Eger ekin goşadan düwse, (goşa hyýar, goşa gawun, goşa pomidor, goşa nar) oňa «Hydyr gören» diýilýär. Ýanyna dokuz sa¬nysy goýlup, iň ýakyn adamyňa, obadaşyňa baýrak hökmünde iberiler ekeni. Ol hem ha¬latlap-serpaýlap goýberer ekeni, şol maş¬galada ekiz çaga bolmagy arzuwlanylypdyr. * * * Gawun bol hasyl getirse 3 gezek 9 gawundan, jemi 27 gawun geçip barýanlara, goňşy-golamlara paýlanylmalymyş. «Babadaýhanyň gawunyny iýmäge geliň, how!» diýip gygyrmalymyş. * * * Käbir maşgalalar ajy ekini ekme¬ýär¬ler. «Ajy zat ekmek dü¬şenok» diýlen ynanja eýeripdirler. * * * Ekin ekilende ýörite sähetli gün saýlanylypdyr. «Aýyň 9-yna, 19-yna, 29-yna ýyldyz ýerde» diýip, ekin ekmekden saklanýar ekenler. * * * Ekin ekilip başlanylanda: «Meniň elim däl, Babadaýhanyň eli, birimiz müň bolsun, müňlesin!» diýlip başlanylýar. * * * Geçmişde kanallar, ýaplar, kiçijik sal¬malar ot-çöpden arassalanylyp, ekin suwaryşa taýýarlanylyp goýlar ekeni. Arassalaýjylara «haşarçylar» diýlipdir. Haşarçylar ýaplary arassalap ýörkäler, piliň üstüne bir bölejik çörek goýup, geçip barýan ýolagça (erkek adam bolmaly) hödürläpdirler. Ol ýolagçy çöregi alyp, piliň üstüne pul goýmaly eken. Şol pula haşarçylar bir zat alyp dadyşypdyrlar. Eger ýolagçynyň puly bolmasa, ol ýa şol pili beren adam bilen göreşmeli ýa-da gazuw işine kömekleşmeli ekeni. Bu ýabyň akarly bolmagy arzuwlanylyp edilýän yrymdyr. «Ýabyňyz akarly bolsun, ekiniňiz biterli bol¬sun!» diýip, geçip barýanlar alkyş sözlerini aýdar ekenler. * * * «Ýabyňyz suwly bolsun!» diýlip, käbir ýerlerde ýaba suw goýberilende, miraby egin-eşigi bilen suwa oklapdyrlar. «Suw bol bolsun!», «Nanly mirap bolsun!» diýip, ýyl gurak gelende täze gazylan ýaba hem miraby oklapdyrlar. * * * Gazy gazylyp ýörkä, birazrak ýerini gazman goýýarlar. Şol ýerde hem hudaýýoluna aýdylan janlyny öldürýärler hem-de «Hudaýýoluna sadaka bolsun, arygyň suwy köp bolsun!» diýip, ýagşy dilegler edipdirler. Şondan soň iki sany haşarçy suwy açyp¬dyr weli, arassa suw gany ýuwup gider ekeni. Bu «Rysgally bolsun!» diýlip edilýän yrymdyr. * * * Çagasy bolmaýan aýallar haşarçylaryň özi üçin Hudaýtagaladan çaga diläp bermegini haýyş edipdirler. Haşarçylar gazy gazyp ýörkäler, şol töwerekdäki obanyň adamlary olary sylap, hormatlap, hudaýýoluna goýun soýup, olaryň hormatyna hyzmat edýär ekenler. Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |