22:43 Türkmen halk yrymlary -8: Tebigat hadysalary we howa ýagdaýlary bilen bagly yrymlar | |
TEBIGAT HADYSALARY WE HOWA ÝAGDAÝLARY BILEN BAGLY YRYMLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Säher bilen itburun gülüni açmasa, şol gün örän yssy bolar. * * * Irden guşlar ýapragyň aşak ýüzünde gizlense, şol gün howanyň yssy boljakdygyny aňladýar. * * * Ýaplarda gurbagalar daň atýança uklamasa, ertesi howa ys¬sy bolar. * * * Täze dogan Aý demirgazykdan dogsa, tutuş aý salkyn, günortadan dogsa, tutuş aý yssy bolar. * * * Aý doganda sarymtyl şöhle saçsa, güýz maýyl, gögümtil şöhle saçsa, güýz sowuk bolar. * * * Hozuň gabygy, güýz gawunlarynyň, garpyzlarynyň paçagy galyň bolsa, gyş sowuk bolar. * * * Bişen üzümiň daşy ýalpyldap dursa, güýz hasylly bolar. * * * Tomus itüzüm miwesini bol getirse, güýzde bolçulyga garaşyber. * * * Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar. * * * Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daň-dan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar. «Agşam şapak gy-zarsa, gelniň ogul tapdy bil, daňdaň şapak gyzarsa, malyňy ýagy çapdy bil» diýen nakyly hem ata-babalarymyz döredipdir. * * * Sanjar aýynda ilkinji düşen gyraw uzakly gün ýerde ýatsa, gyş sowuk bolar. * * * Güýzde gyşlamaga gidýän guşlar has ýokardan uçsa, gyş haýal düşer, ýere golaý pessaýlap uçsa, gyş çalt düşer. * * * Towuk gaty ses bilen käkelese, tozanly howa bolar. * * * Pişik asgyrsa, sowuk bolmagyna garaşylýar. * * * Goýun gulagyny kaksa, ýagyş-ýagmyr ýagar. * * * Gargalar bahar gelende suwuň başyna gonup başlasalar, yssy adatdakydan ir düşýär. * * * Garlawaçlar suwuň ýüzünden jügüldäp uçsa, howa bulaşar. * * * Gurbagalar suwdan çykyp, ot-çöplere siňip başlasa, ertesi ýagyş ýagar. * * * Guş bir aýagynyň üstünde durup uklasa, ertesi howa salkyn bolar. * * * Asmanda ýyldyzlar seýrek görünse, ertesi howa bulaşar. * * * Meýdanda kerepler gaýmalaşyp ýörse, gyş gurak we sowuk bolar. * * * Ýazda ýyldyrym köp çaksa, kömelek bol bolar. * * * Sanjar aýynda ülje ýapraklary güýzese (terlense), howa sowuk bolar. * * * Maýyl günde gaz bir aýagynyň üstünde dursa, ertesi sowuk bolar. * * * Ördekler gyşlamaga gidýän guşlaryň «göçünden» galsa, gyş ýyly bolar. * * * Alp Arslan aýynda miweleriň ysy burk urup dursa, güýz bereketli geler. * * * Agşam suwly ýerde buzaw «jürläp» owaz etmese, ertesi dymyk howa bolar. * * * Boş jaýda ýa-da meýdanda, dagda gygyrsaň, sesiň ýaňlansa, howa açyk bolar. Sesiň ýaňlanmasa, ýel turmagy ýa-da ýagyş ýagmagy ahmal. * * * Kagyz gapda duran duz öljerse, ýagyş ýagar. * * * Agşam ýere gyraw düşse, gündiz gar ýagmaz. * * * Agşam ýyldyzlar solgun görünse, ertesi tozanly ýel turar. * * * Agşam aýyň reňki gyzyl bolsa, ertesi howa yssy bolar. * * * Gyşyna Aý gyzyl reňkde bolsa, ertesi gar ýagar. * * * Asman süýt reňkinde agaryp dursa, ertesi dymyk howa bolar. * * * Bulutlar dagyň üstünde uzak wagtlap dursa, ertesi ýagyn ýagar. * * * Gije dagyň üstünde ýyldyrym çaksa, ýagyş ertire çenli ýagar. * * * Gün batanda onuň öňüni gülgün reňkli şapak tutsa, gije maýyl, ertir açyk howa bolar. * * * Gün batanda şapagyň arasyndan günüň şöhleleri dikligine gaýtsa, ertesi ýagyş ýagar. * * * Güýz aý dik dogsa, basym sowuk düşer. * * * Syçanlar gowaça meýdanynda pagta süýümini çeýnäp taş-lasalar, ýagan garlar uzak wagtlap ýatar. * * * Sülgünler, käkilikler çöpüň aşagyna giriberseler, erbet so-wuk boljagynyň alamaty. * * * Öý guşlary saýramasa, ertesi ýelli howa bolar. * * * Agşam açyk howada geçiriji simler ýuwaş hallan atsa, ertesi sowuk bolar. * * * Sanjar aýynda ilkinji ygal gije ýagsa, gyş sowuk, gündiz maýyl bolar. * * * Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar. * * * Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar. * * * Güýzüň ahyrynda çybyn köpelse, gyş ýyly bolar. * * * Gyş ýer gaty doňsa, bugdaý hasylly bolar. * * * Pişik guýrugyny ýalap, diwara süýkense, şol gün howa ýa-gynly bolar. * * * Pişik arkasyna agynap, gerinjirse, şol gün howa maýyl bolar. * * * Pişik öýüň ortarasynda süýnüp ýatsa, şol gün howada bulut bolsa-da, ýagyş ýagmaz. * * * Daşardan getirlen odunlar şatyrdap ýansa, sowuk uzak wagtlap dowam eder. * * * Kepderiler guguldaşyberseler, açyk howa boljagynyň ala-maty. * * * Alakalar ýaga düşüp, hinine dänedir sypal çekip ýörseler, gyş gazaply bolar. * * * Daňyň gyzyl şapagy, kem-kemden agarman, birden solup gitse, güýçli ýel turup, ýagyn ýagar. * * * Irden günüň dogjak ýeri agymtyl çal reňkde bolsa, şol gün ýagyn ýagmaz. * * * Soganyň gabygy galyň we gat-gat bolsa, gyş sowuk bolar, ýukadan gelen, az gatly bolsa, gyş maýyl bolar. * * * Tomsuna haşal otlar gol ýaýratman, beýikligine ösen bolsa, gyş garly bolar. * * * Eger-de Günüň ýaşan ýeri süýt reňkli bolsa, gije ümür düşmez. * * * Gije Aý buludyň üstünde bir görnüp, bir ýitse, ertesi düşnüksiz howa bolar. * * * Tomsuň ahyrynda ýerganat uçsa, gyş ir geler. * * * Akmaýanyň süýdi aýdyň görünse, ertesi açyk howa bolar, solgun görünse, ertesi ýagyş ýagar. * * * Gije ýyldyzlar ýere gaçjak bolup lowurdap dursalar, ertesi şemalsyz açyk howa bolar. * * * Aý doganda ýüzi tutuk bolsa, ertesi çygly howa bolar, çygly şemal öwser. * * * Aý doganda, gögümtil şöhle saçsa, ertesi ýagyş ýagar. * * * Täze Aý doganda dury görünse, tutuş aý ýagyş ýagmaz. * * * Aý doganda töweregi ýalpyldap dursa, ertesi ýel turar. * * * Ýaz ygally, tomus çygly, güýz ýyly bolsa, gyş uzak wagtlap dowam eder. * * * Towşan öýüni çuň gazan bolsa, gyş sowuk bolar. * * * Gargalar çüňküni ganatynyň aşagyna sokup otursa, aýazly howa bolar. * * * «Garlawaç pessaýlap uçsa, ýagyn ýagar» diýlip çaklanylýar. * * * Garynjalar hininiň üstüne gum üýşürip, gyşlamaga giden bolsa, gyş sowuk bolar. * * * Gyşyna gargalar gagyldaşyberse, gar ýagjagynyň alamaty hökmünde garalypdyr. * * * «Gyşlamaga galan guşlaryň höwürtgesi ýelek, perlerden, gury otlardan ýasalan bolsa, gyş sowuk bolar» diýlip ynanylýar. * * * Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň, sowuk düşer. * * * Güýzüň ahyrynda çybyn köp bolsa, gyş maýyl bolar. * * * Durnalar ir bahardan peýda bolsalar, ýaz ýagynly bolar. * * * Hüwi gygyryberse, howanyň bulaşjagynyň alamaty. * * * Eger gargalar gyşyna daglara tarap uçup gitse, maýyllyk boljaklygynyň alamaty. * * * «Türkmenbaşy aýynda Nowruz aýynyň howasy ýaly bolsa, Nowruz aýynda-da ýylyň ilkinji aýynyň howasy ýaly howa garaşybermeli» diýilýär. * * * Gije aýa bakyp meýdana oturmaklyk gowy görülmeýär, edepsizlik hasaplanylýar. * * * Halk arasynda «Aý – arslan, Gün – göwher, bular biri-biriniň yzyndan ýetip bilmän ýören aşyk-magşuk, gyz bilen ýigitmişin» diýen ynanç saklanyp galypdyr. * * * Ýerde ýaramazlyklar kän bolsa, ene ýer azgynlyklary göterip bilmezmiş. Şonda ýer titrärmiş. Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |