22:45 Türkmen halk yrymlary -9: Nowruz yrymlary | |
NOWRUZ YRYMLARY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt getirýärmiş. * * * Nowruzda bişirlen semenini datmak sogap hasaplanylýar. Ol adamlara rysgal getirýär. Semenini rysgal-döwletli, abraýly ýaşuly aýallara bişirdýärler. Agşam bişirip, gazanyň agzyny ýapyp goýýarlar. Irden gazany açanlarynda Äşe-Patmanyň barmaklarynyň yzyny görjek bolup çalyşýarlar. Çünki halk arasynda «Semeniniň ýüzünde şolaryň barmaklarynyň yzy bolarmyş» diýlen ynanç bar. * * * Musulman halklaryň käbirinde semeni diňe Nowruzda bişirilýär. * * * Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmalymyş. Şonda rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş. * * * Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş. * * * Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş. * * * Nowruzda baglaryň çygly çybyklaryndan, damjalar görnüp dursa, agaçlar hasylly bolar. * * * Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bo-lar. * * * Nowruzda aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolar. * * * Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar. * * * Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal. * * * Nowruzda doglan çaga bagtly bolarmyş. * * * Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýda sal-kyn boljaklygynyň alamaty. * * * Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş. * * * Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar. * * * Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy bolar. * * * Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar. * * * Nowruzda howa bulutly bolsa, Oguz aýyna çenli bulutly bolar. * * * Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly bolar. * * * Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş. Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |