2. Türkmenlerde ar-namys we
watançylyk düşünjeleri
Saparmyrat Türkmenbaşy bize peşgeş beren Mukaddes Ruhnamasynda şeýle ýazýar:
«Eziz türkmen!
Türkmen – seniň aňryň edermen halkdyr, edermenlik, batyrlyk – ata-babalarymyzyň tugy bolupdyr!
«Är ömri otuz ýyl» türkmeniň biten nakyly. Häli-şindi bolup durýan uruşlarda edermen ýigitler ölýär. Är ýigit är ykbalyna hem razy. Ol «Namartja olam, sagja olam» diýýäni duşmanyndan-da nejiş görýär.
Edermen, batyr ýigitlere türkmen ummasyz uly sarpa goýupdyr.
Gorkut ata zamanlary äg ýigitlere – däliler diýilýän eken. Däli Domrul, Dali Garçar. «Görogly» eposynda Däli Mätel, Harman Däli. Däli adyny göteren kişi – özüni watana bagyş eden kişi bolýan eken.
Serkerdeler ýigitlerine: «Eger duşmany ýeňeýin diýseňiz, eger diri galaýyn diýseňiz, söweşe girmezden burun ölümiňizi boýun almalydyr!» diýip, ündew eder ekenler. Serkerdeler mamla. Ölümini boýun alan şirleriň öňünde duşmanyň basyp alyp, talaňçylyk etmäge gelen goşuny durup bilmeýär.
Bardy-geldi söweşde namartlyk etdimi, ol ýigide tamdyryň külüni artdyrypdyrlar, başyna ýaglyk daňyp oba-oba aýlapdyrlar. Göroglyny ýada salyň, ol bir söweşde namartlyk eden Weli Hyrtman daga: «Başyňyzda elwan seçek» (ýaglyk) diýýändir. Jelaleddini ýada salyň: Yspyhan söweşinde Jelaleddiniň goşunynyň bir ganaty mongollary ýeňýär, beýleki ganaty ýeňilýär. Sebäbi şol tarapda söweşýän hanlaryň käbiri gaçýar. Söweşden soň Jelaleddin söweşden gaçanlaryň ählisiniň başyna aýal ýaglygyny dyňdyryp, Yspyhana aýlapdyr... Onsoň türkmende namartlyk eden bolmaz! Şonuň üçinem ata-babalarymyz: «Ölümden aňyrda näme bar?» diýlip soralsa, «Namartlyk bardyr» diýipdirler. Şu gün millet bolup her bir türkmeniň işinde, durmuşynda, pähiminde, paýhasynda uly mertlik bolmalydyr. Kynçylyklary ýeňmegi başarýan, özüni özi ykrar edýän türkmen bolmalydyr, şonda biz dünýä jemgyýetleriniň arasynda öz ornumyza taparys» (170-170-nji sahypalar).
Halk arasynda: «Eger hakykaty bilmek isleseň, onda özüň hakynda keseki adamdan sora» diýen gep bar. Dogrudan-da, keseki adam hiç haçan öz bähbidi bilen baglanyşykly bolmadyk zady esassyz taryplap we wasp edip durmaz. Şonuň üçin bize keseki adamlaryň türkmenler barada aýdanlary örän gyzyklydyr.
Rus serkerdesi W.A.Tugan-Mirza-Baranowskiý 1881-nji ýylda türkmenler hakynda şeýle ýazdy:
«Tekeler taýsyz batyr we iň oňat jigitler hökmünde tanalýar; özi çäksiz gaýduwsyz, şonuň üçin gaýduwsyz bolsa, hatta öz duşmanyna-da sarpa goýýar. Ahalyň ogullary ogurlyk diýen zady bilmeýär. Birine söz beren teke onda hiç haçan, hatda janyna we azatlygyna howp-hatyr abansa-da dänmez. Umuman, tekeler örän ukyply we başarjaň, örän üşükli we ugur tapyjy we öz ata Watanyny ýürekden söýýärler».
Ol şeýle netijä daşardan gelen basybalyjylaryň ählisine türkmenler tarapyndan merdanalyk bilen gaýtawul berlendiginden soň geldi. Şol döwrüň maglumat çeşmelerini akyl eleginden geçiren Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle ýazýar:
«Türkmen mydama-da erkanalygy, namys-aryny gorap geldi, bu oňa ýeňil düşmedi, hut geçen asyryň özünde ol iki ýola Garrygala urşuny, Merw, Sarahs, Balkan, Ýolöten uruşlaryny başdan geçirdi. Türkmenabat bilen Daşoguzda bolan sansyz uruşlar sowet eýýamynda halkdan ýygşyryldy. Umuman, türkmen halky ýaly sansyz urşy başdan geçiren başga halk ýokdur, men muňa gaty ynanýaryn! Ylahym, indi hiç mahal uruş bolmasyn!
Erkanalygy goran türkmen ýurdunda uruş adaty ýagdaýdy. Şol sebäplem türkmen edebiýatynyň genji-hazynalary bolan «Gorkut atanyň kitaby», «Görogly», «Döwletýar» eposlary, «Ýusup-Ahmet» dessany, Ýunus Emräniň, Garajaoglanyň, Burhaneddin Siwaslynyň, Baýram hanyň, Abdyrahym hanyň, Şabendäniň, Andalybyň, Magrupynyň, Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Keminäniň, Mätäjiniň ähli eserleri türkmeniň ýanyp duran watanparazlygy, merdi-merdanalygy, edermenligi, gahrymançylygy baradaky eserlerdir. Haýran galmaly ýeri, men olaryň ýekejesinde-de dönük diýen söze duşmadym, dönügiň köteklenilişine-de duşmadym. Ýok, dönük hakda ýeke söz hem ýok. Ol eserlerde namartlyk taňkytlanylýar, gorkaklyk köteklenilýär, emma dönüklik barada weli, ýeke setir ýok! Ýene bir bellemeli zat: ýaňky sanan edebiýatymyz kitaphanalarda duran edebiýat däl, olar janly edebiýat. Bagşylar her toýda-üýşmeleglerde şol eserleri aýdyma öwrüp, halkyň arasynda ýaşadypdyr.
Biziň edebiýatymyz janly edebiýat, ganatly edebiýat, ol gije-gündiz aýdym bolup, dessan bolup halkyň gulagynda ýaňlanyp duran edebiýat, beýle edebiýaty bolan halkdan dönük çykmaly däl!
Dönük ýasama söz, özem türkmende ýeke-täk manydaş sözi bolmadyk söz!
Mertlik, watanparazlyk sözleriniň onlarça manydaş sözleri bar.
Türkmende türkmen ysy, erkek tüýi bolan adam namartlyk edip hem bilmeli däl, sebäbi türkmen jemgyýetiniň gurluşy şony talap edýär. Çingiz handan soň her taýpa, her tire giň türkmen topragynyň bir ýerini mesgen tutup, şol ýerde ýaşap, dökülen duşmany kül-peýekun edip ýaşapdyr. Eger duşman çakdan agyr bolsa, goňşy taýpalary, tireleri kömege çagyrypdyrlar. Uruşlar bir hepde, aňry gitse, bir aýa çekipdir. Uruş merdi-namardy aýyl-saýyl edipdir. Sen uruşda namartlyk etseň, nädip obaňda ýaşajak, nädip eneň-ataň ýüzüne garajak, nädip söwer ýaryň ýüzüne bakjak, nädip il içine çykjak?
Masgaraçylykdan gaçyp, başga oba gitseň, ol oba seni kabul edäýmeýär: baran obaň seni öwrenýär, sen ogrumy, gan edip geldiňmi ýa uruşda namartlyk etdiňmi? Bu zatlaryň änigine-şänigine ýetmän, seni oba garşy almaýar! Haýsy oba barsaň hem şeýle! Masgaraçylykdan gaçyp gitmäge ýer ýok. Ölseň hem seni adam şekilli jaýlamaýarlar! Ine şonuň üçin hem türkmen ýow güni maldan-başdan geçýär! Ol iki başyny deňleýär! Namartlyk etmegi, gorkaklyk etmegi türkmen ölüp giden ata-babalaryna ysnan getirmek diýip düşünýär! Şol sebäplem türkmen ýigitleri söweşe çykanda ölenini-galanyny bilmän söweşipdirler, şonuň üçinem olara gözsüzbatyr diýipdirler.
Türkmen topragynda dönüge lagnat daşy atylýar».(188-190 sahypalar).
Dogrudan-da, hatda Gökdepe söweşine türkmenlere garşy söweşlere gatnaşan general N.I.Grodekow 1883-nji ýylda şeýle ýazdy:
«Özüňkilere dönüklik etmekden beter jenaýat ýokdy we şonuň üçin hiç kim öz aralaryndan (türkmenlerden – awtor) kimdir biri dönük bolup biler diýip şüphelenmeýärdi. Hakykatdan-da, tekelere garşy uruş wagtynda bizde olaryň arasyndan ýeke bir içaly-da ýokdy. Munuň netijesinde 1879-81-nji ýyllardaky söweş hereketleri Orta Aziýanyň beýleki ýerlerindäki söweşlere garanyňda aýratyn tapawutlanýar».
1885-nji ýylda taryhçy N.Latkin şeýle nygtap belledi:
«Ähli türkmenler taýsyz edermenligi bilen tapawutlanýar hem-de ölümden asla gorkmaýar. Olar söweşe özüni aýaman, batyrlarça girýärler we şol bir wagtda duşmana hiç hili rehimdarlyk etmeýärler. Türkmenleriň häsiýetiniň aýratynlygy olaryň ynanjaň hem-de gönümelligidir. Ýalan sözlemek we beren sözüňden dänmek örän uly jenaýat hasaplanylýar. Goş-golamlar obada hiç hili garawsyz goýlup gidilýär, sebäbi adamlaryň eýeleri ýok mahalynda şol zatlaryň abat durjakdygyna we olara el degrilmejekdigine gözi ýetýär. Türkmenler öz ata Watanyny tüýs ýürekden söýýärler hem-de ony iň soňky damja ganyna çenli goramaga taýýardyr, muny olar Gökdepäniň eteginde aýdyň subut etdiler».
Fransuz serkerdesi Edgard Bulanje hem XIX asyryň ahyrynda türkmenlere garşy uruş wagtynda «olaryň hiç haçan dönüklige ýa-da hilegärlige ýüz urmandygyny, diňe özleriniň gujur-gaýratyna, batyrgaýlygyna bil baglandygyny» belleýär.
Türkmenler islendik bahana boýunça kasam edýän adamy ýigrenýär. Şeýle adamlar öz ildeşleriniň arasynda gepine ynanyp bolmaýan adam diýlip hasap edilýärdi.
1897-nji ýylda Gündogar Hazar brigadasynyň Serhet goragynyň rotmistiri A.Lomakin özüniň «Türkmenleriň adat hukugy» diýen kitabynda şeýle belleýär:
«Şerigat boýunça galp kasam üçin aýratyn jeza bellenilmedik bolsa-da, diňe Kuranda galp kasam eden musulmanyň külli günä edýändigi, munuň üçin bolsa o dünýäde jezasyny çekjekdigi barada aýdylandygyna garamazdan, türkmenler özleriniň garaşsyz ýaşan döwründe galp kasam eden adamlar barada öz ilinden hemişelik kowup çykarmak ýaly jezany ulanýardylar. Kasamlaryň arasynda uly tapawutlaryň bardygyny aýtmak zerurdyr: mälim bolşy ýaly, biziň kanunlarymyz boýunça şaýatlar kazyýetde görkezme bermekden öň deslapdan hökman hakykaty sözlejekdigi barada aýtmaly we munuň özi ýazgarylýan hadysa hasap edilmeýär. Türkmenlerde bolsa kasam barada düýbünden başgaça garalýar: olaryň düşünjesine görä, juda zerur bolmasa kasam etmek türkmeniň abraýly, gepine-sözüne ynanylýan adam hökmünde mertebesine şek ýetirýär we oňa bolan ynamy gowşadýar. Uly zerurlyk bolmazdan kasam eden türkmen öz ildeşleriniň arasynda gepine ynanyp bolmaýan adam hasaplanylýar, sebäbi şol adam kazyýetde hakykaty aýdýandygy üçin kasam etmeli bolupdyr.
Musulmanlaryň arasynda kasama türkmenler ýaly şeýle ätiýaçly we uly sylag bilen garaýan halklaryň azdygyny çekinmän aýtmak bolar. Olaryň ynamyna görä, eger kasam galp bolup çyksa, onda kasamy kabul edýän ýa-da kasam etmäge mejbur edýän adam däl-de, eýsem hatda şol kasam berlen mahaly şol ýerde bolan adam hem külli günä edýärmiş».
XIX – XX asyrlaryň başyndaky awtorlaryň eserlerinden ýene-de birnäçe parçany mysal getireliň.
General A.N.Kuropatkin 1899-njy ýylda: «Öz iliňde ogurlyk etmek (türkmenlerde – awtor) masgaraçylykly jenaýat hasap edilýär, munuň üçin käte ölüm jezasy berilýär» diýip ýazýar.
Rus ýazyjysy Ý.Markow bolsa 1901-nji ýylda: «Şeýle hem dogryňy sözlemek gerek, tekeler beren sözüni ak ýürekli berjaý edýärler we çölüň içinde dargan we goragsyz ruslary şu wagta çenli ellemeýärler. Olaryň myhmansöýerligi hem-de öz janyndan geçmek derejesine çenli baryp ýetýän batyrgaýlygy gürrüňsizdir» diýip ýazýar.
«Brokgauzyň-Ýefranyň» ensiklopedik sözlüginde (1902-nji ýyl) şeýle ýazylýar:
«Türkmenleriň agdyklyk edýän häsiýetleri hoşniýetlilik, mylakatlylyk, hatda duşman barada hem gaýduwsyz myhmansöýerlik, geçirimsizlik, halallyk, gaýduwsyz batyrgaýlyk bilen birleşýän kalby joşgunlylyk, edermenlik, gerek pursatda özüni goramagy başarmakdyr».
Görşümiz ýaly ýewropaly awtorlar türkmenleriň akýüreklilik, adalatlylyk, myhmansöýerlik, dogruçyllyk, parahat söýüjilik, halallyk ýaly we şonuň bilen birlikde watanyňy söýmek, batyrlyk, edermenlik ýaly ajaýyp sypatlarynyň bolandygyny belläpdir. Özi-de bu asylly sypatlar nesilden-nesle geçýär, adamlaryň aňyna ene süýdi bilen ornaýar.
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen milleti, onuň ruhunyň belentligi, şol belentligiň gözbaşlarynyň gadymyýetden başlanýandygy, her bir halkyň aýratynlykda alnan ynsanlardan ybaratdygy, şol halk bilen şol ynsanlaryň öz abadan, asuda, oňşukly,adalatly jemgyýet bolup ýaşamagy üçin döredýän döwletiniň arasynda sazlaşygyň zerurdygyny nygtamak bilen, Mukaddes Ruhnamasynda häzirki nesiller bolan bize öz adyndan, edermenligi, zehini, adalatlylygy, goňşa hoşamaýlygy bilen adyny müdimilik şöhrata beslän ejdatlarymyzyň adyndan ýüzlenilp, şeýle ýazýar:
«Biziň zamanamyz üçin millet bilen döwletiň arasynda, tebigat bilen adamyň arasynda bolşy ýaly sazlaşykly gatnaşyklar gerekdir. Döwletimizde tire-taýpa tapawutlar bolmaly däldir, milletimiziň bitewüliginiň ähli esaslary barha köpelmelidir. Milletiň ýüzi – geljege garşy, tire-taýpaparazlyk bolsa, türkmeniň geçmişidir.
Türkmen topragynyň mylaýym ýelleri türkmençe öwsüp, kalbyňyzdan mylaýym akyp geçýär.
Türkmeniň başyny asmana diräp duran gara daglary türkmençe söhbet edip, size arka bolup dur, ümmülmez giň çöllerem türkmençe gürläp, pasly baharlar siziň kalbyňyzda lälezar bolup açylar.
Türkmenleriň tereň derýalary türkmençe gürleşip, ykbalyňyzyň içi bilen akyp geçýär, möwçli deňzi türkmençe gürleşip, goýnunda ruhuňyza ruh goşýar.
Siziň ruhuňyz ata-baba ruhy bilen birleşip, siziň kalbyňyza buýsanç, hyruç, söýgi bolup dolýar.
Oguz hanyň taglymaty halkyň hakydasynda Oguz hanyň ýoly bolup galypdyr.
Gorkut ata taglymaty halkyň hakydasynda Gorkut ata ýoly bolup galypdyr.
Görogly begiň taglymaty halkyň hakydasynda Görogly ýoly;
Magtymguly atamyzyň taglymaty halkyň hakydasynda Magtymguly ýoly bolup galypdyr.
Garaşsyz, baky Bitaraplyk ýolumyz türkmen milletimiziň mähir-muhabbetinden, arzuw-telwasyndan, asylly maksatlaryndan dörän, Altyn asyrda altyn ruhda, altyn ýaşaýyşda ýaşadýan ýoldur. Bu ýol türkmeniň bakylyk-dowamat ýoludyr.
Türkmende ýol sözüniň manysy kän.
Dünýäde ýol goýanlar taryha girýär, ýol ýitirenler il içinde hem näletlenýär.
Gyş. Agyr gar güpüläp düşýär. Irden turan öý eýesi ilki goňşusynyň mellegine çenli gary ardyp, ýol çeker. Soňra ojakdyr tamdyryna çenli...
Ýollaryň ýagşysy hassa kişini soramaga alyp barýan ýoldur. Pygamberimiz aýtmyşlaýyn, hassa soramaga barýan wagtyň ömrüň umumy hasabyna urulmaýar.
Ýollaryň ýagşysy – ynsan kalbyna barýan ýoldur.
Ýollaryň ýagşysy – adalat, dostluk, doganlyk, parahatlyk ýoludyr.
Ýollaryň ýagşysy – halkyň ýoludyr.
Halkyň ýoly – Hakyň ýoludyr!».
Taryhy makalalar