ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ Üçünji mynajat: ZEMIN ÜÇIN ALKYŞ
Şükür edýän, Allam! Saňa bihet hamd-u-senalar aýdýaryn!
Sen maňa, bes, şeýle köp zatlar beripsiň, men, meger, hatda özüme berlen nygmatlaryň hem artykmaçlyklaryň baryny entek we hemişe bilip, görüp, düşünip ýörenem däldirin. Belki, olaryň baryna düşünmek, gadyryny hem bahasyny bilmek doly mümkin hem däldir. Ýöne olaryň iň esasylaryny, iň göze görnüklilerini hem-de ýönekeýlerini bilmek üçin diňe akyl ýeterlik däl. Bilmek, düşünmek üçin bir akyl däl, eýse ondan ozal hulk gerek. Adamzadyň derrendelerden hem perrendelerden artykmaçlygy akyl, adamyň adamdan zyýadalygy hulk.
Eýse hulkuň ýagşysy şükranalyk ahyryn.
Bu ümmülmez wagt geldi-geçerliginde döwür bolsun diýip, Älemleriň bu soňsuz mysapyrlygynda hem seýriliginde Watan bolsun diýip, öý-öwzar bolsun, aýagy ýer tutsun diýip, ýaşara hem ölere künç bolsun diýip dünýäler içinde ýagşy dünýäni – Zemini bagyş edeniňe şükürler bolsun! Tapyşygyň mawy mekany Zemin üçin alkyşlar bolsun! Munda doly hem çyn ýaşaýşyň döremegi üçin sag bile sol, aşak bile ýokary, jan bile ten, ýer bile gök, haýyr bile şer, suw bile toprak, ömür bile ölüm, tümlük bile ýagtylyk, sowuk bile yssylyk, aýallyk bilen erkeklik tapyşýar. Bularyň ýollary sowa geçende, bu ýaşaýyş bolmazdy.
Eý, beýik tapyşygy guraýjy, çyn barlyk üçin ýollary çatyjy Alla! Saňa sansyz ýola hamd-u-senalar bolsun!
Gapma-garşylyklardan sazlaşygy, ýaşaýşy ýaradan Taňrym! Meniň barlygym üçin beren nygmatlaryň, Seniň gudratlaryň ulusy ýaşyl ýaşaýyşly görkli Zemindir. Meniň şu senany aýtjagymy Sen öňden bilýärsiň. Muny Sen Jebraýyl emini atamyz Adamyň jismini wüjüd kylmak üçin toprak getir diýip togalak Zemine iberen pursadyňda-da bilensiň. Çünki Sen biçüwçileriň ulusy, alymlaryň alymy öňden görüjisiň. Bendäň bolsa Sensiz hatda soňdanam hiç zat görüp, hiç zada düşünip bilmeýär. Meniň bilijilikde kämilligim Seniň bilen aradaşlygymdadyr. Saňa ýakynlaşsam, ýalandan uzaklaşýaň, Senden daşlaşsam-da, ýalana ýakyn bolýaryn. Maňa ýakyn bolmak bilenden bolup nadanlyga ýolukmakdyr. «Men-menlik» sypatynda betbagtlyga ýolukmakdyr. «Men-menlik» bilim gapylaryny ýapyp, gybat gapysyny açýar, hakykat gapysyny ýapyp, galatlyk gapyny açýar.
Her bir açylmaklyk kämillik däldir, eýse!
Zeminiň many gapysy aýaklar bilen açylýar.
Zeminiň mähremligine hem mähribanlygyna çagalykda şu topragyň üstünde aýakýalaň ylganyňda düşünilýär. Şonda onuň mähri ýylysy bilen süňňe ornaýar. Owal-başda toprakdan ýasalan on iki süňňüň üçin bu mähir ýaradylmadan ozalky ezeli eýýamdan gelýän habardyr. Bu habar arkaly jismiň öz asyldaşyny tapýar. Bu habar arkaly hakydasy oýanan synaň öz Eýesini tanaýar. Eýesine tanyg bolýar. Bu tanyglyk Seniň buýruklaryňy ret eden käpirleriň dowzah oduna çydaman «ýa, leýteni turaban» (wah, toprak bolsadym») diýip aglaşmasyndan azat bolmagyň ugrudyr. Seniň mübärek elleriň bilen özüniň toprakdan bar bolandygyna göz ýetirenler, muňa ynanarlar topragyň özüne asyldaşdygyny ýalaň aýaklary bilen bilenlerdir. Bu sapak hat-petekden öň başlanýan sapakdyr. Bu okuw mekdepden öň geçilýän okuwdyr.
Eý, Allahym!
Seni tanamak üçin toprakdan uly ylym barmyka?! Seniň barlygyňa we birligiňe şaýat geçmek üçin, Zeminden uly delil barmyka?! Gursagy kimirsiz kişi üçin ýylda bir gezek Günüň daşynda perwanalyk edýän, gije-gündizde bir gezek öz-özüniň daşynda pelesaň urýan, ýalňyzlykdan gorkup, Aýy aýtymynda saklaýan, öz süňňünden başga-da milliardlap janly-jemendäni egninde göterýän Zeminiň jemalyna hem bolşuna bir bakmak Seni tanamak üçin ýeterlik dälmidir?!
Jemalyň ölçegi mähirdir.
* * *
Men on iki süňňüm bilen jöwzaly howany söýýärin. Jöwzada Zeminiň mähremligi hem mähribanlygy belli bolýar. Perzent enesiniň mährine hemişe zar. Mähir hiç mahal artykmaçlyk etmeýär.
Zeminiň mähri alawlaýan tomus günlerinde özümi iň ilkinji öýümde – ene rehemindäki zürýat kimin duýýaryn. Bu duýgy juda täsin zat. Ol seniň iň owalbaşky, iň asyl çagyňa gaýdyp barşyň mümkinçiligi. Allatagalanyň beren ömründe şol çagdan, şol döwürden rahat hem ynjalykly mahalyň ýok. Çünki sen bir adam, emma sen şol bir wagtda-da iki adam. Sen sözüň iň bir hakyky, iň bir asyl – Zemini manysynda iki adam. Ten hem bir, jan hem bir. Şol bir wagtda-da iki. Şeýle ikilik saňa biçak uly rahatlygy hem başga hiç bir halatda mümkin bolmajak arkaýynlygy berýär. Sen uly hossaryň goýnuňda!
Men uly hossaryň goýnunda! Zeminiň ýyly goýnunda özüňi öýde duýmak Allany tanamakda, mähriň hem gözelligiň üsti bilen tanamakda aýratyn ruhy tejribe.
Zeminiň artykmaçlygy – ýaşaýyş.
Zeminiň artykmaçlygy – dirilik.
Zeminiň artykmaçlygy – janlylyk.
Bu ýaşaýşyň iň ýokary derejesinde adamzat durýar. Allatagala adamzady ýaşaýyş meýdanynda pes derejelere hökmürowan hem olaryň öňünde jogapkär edip goýupdyr. Adamzat topragyň hem suwuň, gurt-guşuň hem ösümlikleriň, dag-daşyň hem şemalyň öňünde jogapkär. Çünki ol bularda bolmadyk artykmaçlygyň – paýhasyň eýesidir.
Zemin – paýhasyň sallançagy. Paýhas ömürbaky sallançakda galyp bilmez. Adamzat Zeminiň çäginden çykyp, älemlere aralaşyp ugrady. Emma onuň sallançagy oňa hemişe eziz hem mähriban bolmagynda galar.
Paýhas sallançagy toprakdan bar edilip, ony suwlar hem şemallar üwreýär.
Sallançagyň ýüpi nurdan işilsin, Taňrym!
Nurdan işip, nur bilen peleklere daňylsyn.
Ak nur bilen kümüş Aýa daňylan,
Tyllaýy nur bilen Güne çatylan,
Biri gök ýüz Zühala, ýene birisi Ýaldyraga,
Biri Zöhrä tarap sapylyp, açylyp, işilip gidýär.
Keýwan bolsa asman Keýwanysy dek
gijelerne sallançaga esedýär.
Aşakda sallançak, ýokarda bolsa
Akmaýanyň ap-ak süýdi seçilýär.
Keremli elleriň bilen,
Edenli elleriň bilen
Paýhas bäbeginiň sallançagyn düzüpsin.
Indem ony pelekleriň gerdişi
Hem Arşyň şemallary
Ýedi ýyldyz şuglasy,
Kä Myrryhyň adamhor hyýallary
Kä Zöhräniň adamsöýen nagmasy
Üwreýär,
Pyrlanyp, aýlanyp üwrelýär Zemin.
Sen Zemine şu takdyry ýazypsyň.
Sallançagyň Aý ýüpüni dartanda
Zeminiň gök ummanlary düwleýär,
Bulutlary ýagy kimin salşanda
Zarbasyna Ýeriň myhy güňleýär.
Müçeleri bir-birini çalşanda
Nury bilen Zühal Ýeri üwreýär.
Her pelege, her ýyldyza
Öz çygryny çyzypsyň.
Şeýdip Ýeriň takdyryny çözüpsiň!
* * *
Sähranyň üstünden öwsen şad-u-gamgyn şemallar maňa Zeminiň diline düşünmegi we Zeminiň dilinde gürlemegi öwretdi. Asmanyň dili hem, Zeminiň dili hem meniň ene dilim. Bu owadanlyk üçin ýa-da öwünmeklik üçin meniň tapan zadym däl. Biziň taryhymyzda şeýle ýazylgy. Bu taryh gysgaça şeýle beýan edilýär.
Bir gije Oguz han ýeke özi otyrka, Gökden bir gök şugla iýndi. Ol şuglanyň içinde Günden görkli, Aýdan ary, dürden düri bir owadan gyz bardy. Ol gyz şeýle bir owadandy, şeýle bir gözeldi. Ol gyz gülse, Taňry – Asman gülerdi, ol gyz aglasa, Taňry – Asman aglardy.
Oguz han bu gyza aşyk boldy. Ony aldy. Ondan üç ogul – Gün, Aý, Ýyldyz boldy.
Ýene bir gün Oguz han ýeke otyrka, kölüň içinde bir owadan gyz gördi. Bu gyz hem şeýle bir owadan, şeýle bir görklüdi. Oguz oňa-da aşyk boldy. Ony-da aldy. Ondan üç ogul – Gök, Dag, Deňiz boldy.
Allatagala şeýdip meniň ruhumy Asmandan, meniň jismimi bolsa Zeminden – gök otdan, toprakdan hem-de suwdan ýaratdy. Şondan bärem meniň ruhum asmana, jismim bolsa Zemine aşyk.
Men Zemindäki gök oda – Zeminiň kalbyma hem göwräme eçilýän şöhlelerine hem ýylylygyna aşyk. Meniň Watanym nura hem ýylylyga baý. Zeminiň Günden alýan elwan reňk şuglalary bize Daňlak bilen gelip, bizden Şapak bilenem ertirki güne çenli aýrylyp gidýär. Şuglalar bilen jöwza-da gelýär. Men jöwzanyň aşygy.
Günüň tyglary bilen gelip, sähranyň ýagyrnysyny gyzdyrýan, suwlary däl, hatda howany-da gaýnadýan, çölüň sazaklarynyň hem sähranyň güjümleriniň beýnisini lasyrdadýan, şäheriň gara ýollaryny eredýän, obanyň gumak ýodalaryny guradýan, jümle-jandary öz keteklerine kowup salýan, kölegäni aljyradýan hem ejizledýän jöwza meniň synadan doganym. Men şeýle jöwzada özümi suwdaky balyk ýaly, deredäki gaplaň ýaly, Aýdaky arslan, Gündäki göwher ýaly, sagat tendäki jan ýaly, tagt üstündäki şa ýaly duýýaryn. Meniň türkmen topragyndan ýasalan göwräm jöwzany öz mekany hökmünde görýär. Meniň ýigrendigim mähri hem ýylysy ýetmeýän çyglyk. Gurak howa janyma däri-derman bolup ýaýraýar. Ol janymdaky ähli artykmaç suwuklyklary hem çyglary çykaryp goýberýär. Otly jöwza meniň tebibim.
Jöwza Seniň kalbyňdan Zemine ýeten mähir dälmikä, Taňrym?!
Sähra Seniň lamekanyňdan Zemine ýeten şekil dälmikä, Taňrym?!
Jöwzaly sähra – meniň dünýäm. Meniň jöwzaly hakydam hem otly hyýallarym bar. Jöwzaly tenimde göbek ganymy ýyly tenime siňdiren, bäbejikkäm aglanymda, görkün görkezip diňdiren, çagajykkam, aýak berip, hopba edip, arkasyna mündüren, oglanlykda tereň-tereň mähri bilen böreň-böreň duýgularymy dömdüren sähranyň jöwzaly kalby bar, yssy gujagy bar. Öz derime özüm süllümbaý ezilip, onuň ýagyrnysyny kän torç etdim. Baryp şonda onuň bilen bagrym badaşdy. Baryp şonda ýüregim sähranyň mährini özüne aldy. Ine, indi şu mähir meniň güýç-kuwwatyma kesilmez çeşme bolup, meni ýaşadyp gelýär. Ýaşadykça, meni ýaş edip gelýär.
Jöwza meniň ömrüme gujur, bedenime güýç, kalbyma alaw berýär. Oňa bolan söýgim ýüregimde göterip ýören iň mukaddes duýgym, onuň keşbi kalbymdaky iň beýik gözelligim. Synam sähraň bölegi, kalbym sähraň kalbynyň bir parçasy bolup gidipdir. Bu ümmülmez sähraň giňişligi kalbyma ýerleşip, göwnümi giňeldýär. Onuň endamyndaky pelegiň gamçysynyň yzyna meňzeş gumak hem takyr ýollar, onuň gursagyndaky pelegiň gylyjynyň salan yzyna meňzeş gury hanalar, onuň egnindäki pelekden düşüp, berçigip galan wagta meňzeş alaňlar, onuň arkasyndaky asmandan gaçan ýyldyzlara meňzeş gülälekler, onuň kalbynyň jümmüşindäki ýyldyzboýy guýular – bary kalbymda ýerleşýär. Imisalalyk aralaşanda, kalbymda jöwzaly sähranyň hakydasy oýanýar. Ýüzümde tyrpylyp gidýän, endamymda suwlunyp gidýän epgekli sähra şemalynyň owazlary maňa tanyş hem düşnükli. Ol meniň kalbymyň ene dilinde sözleýär. Şemal meniň kalbyma tap berýär. Ol meniň duýgularyma giňlik hem mähirlilik, pikirlerime kämillik berýär. Jöwzanyň hem epgegiň dilinde sähranyň her bir perzendiniň öz sözi, öz äheňi bar. Çal gumrynyň, mele torgaýyň, ak sazagyň, guba torumyň, endamy jähekli gömülgeniň, alabeder zemzeniň – her biriniň öz ömri, öz ykbaly, öz şöhraty bar. Bularyň ömürleri meniň ömrüme sapylyp, jöwzaly sähranyň ömrüni kemal edýär. Menem – sähranyň perzendi. Ömrümiň baş manysy-da şundadyr.
Durmuşym şu sähranyň durmuşyndadyr.
Gyzgynlygym, ýüwrükligim şu jöwzanyň bolnuşyndadyr.
Şu sähradan gop alyp, asmany arkasyna alyp barýan pyşbaga kimin pelegiň gerdişini piňime-de alamok.
Bu sähra edil Seniň asmanlaryň ýaly mukaddes ýer. Munda Seniň baky diri pygamberiň Hydyr kibi mekan tutunypdyr. Şonuň üçinem bu sähra Saňa sežde edilýän namazlyk ýaly, Saňa sežde edýän takwanyň kalby ýaly arassadyr hem päkdir.
Bu sähra bahar gelende, mele ýagyşlara ezilýän tüýdüm-tüýdüm gara bulutlary gamçylaýan gök ýyldyrymlaryň dürresi bilen päklenýär hem arassalanýar. Sykylyp-sykylyp gözýaşy giden bulutlar eňki aşyp, reňki gidensoň, ýukajyk buz gaýmaklaryna dönen bulut galyndylaryny sähranyň göwsünden galan şemallar eredip goýberýär. Öňki çaňjaryp ýatan endamyna ýaşyl terlik aralaşan sähra juda arassa hem päk görünýär.
Bu sähra tomus gelende, äpet tamdyra meňzäp duran Garagumuň synasyndan göterilýän howur asmanda jöwza öwrülip, bu jöwzanyň ýyly demi bilen päklenýär hem arassalanýar. Jöwzanyň howrundan ýaňa asmanyň gök çüýşesi süýügip, eräre gelýär. Ol böleklenip, çym-pytrak bolarly görünýär. Şonda Gök gümmeziniň ýylçyr çüýşedendigini süňňüň bilen syzýarsyň. Çüýşe özüniň durulygy bilen sährany arassa hem päk saklaýar.
Bu sähra güýzler gelende, Ýeriň kalbyndan çykýan hem Asmanyň tüýnüginden gelýän sary şemallar bilen arassalanýar hem päklenýär. Ýüzi salyk gözýetim sähranyň giň göwnüni daraldyp bilmeýär. Hatda Garagumuň düýp bolup ýatan salgymlaram sähranyň ýaşaýşa hyjuwynyň bir möwç urmasy bolup görünýär. Epgekli hem howurly tomusdan soň, sähranyň göwrümi giňeýär, süňňüne seleňlik hem terlik, ynjalyk aralaşýar.
Bu sähra akja gyşlar gelende, şatylama aýazyň buzuňky ýaly sergin demi bilen päklenýär hem arassalanýar. Şonda güneý tarapy garalyp, güzeýleri agaryp ýatan sähra beýik-beýik pirleriň dyz epen köne namazlygyna çalym edýär.
Bu sähra munuň huşundanam, düýşündenem gitmän, munuň goýnunda Hydyr pygamberiň ýaşaýanlygy bilen päklenýär, arassalanýar. Hydyr pygamber bu sähranyň bakylygyna hem päkligine gözi hem göwni ýetensoň, mundan gitmän ýaşaýar. Bu sähranyň eýesi Özüň, hossary-howandary bolsa Hydyr nebiňdir. Arasat gününde bu sähra Seniň jemalyňy görer, dünýä döräli bäri bolsa ol her gün, her pursat her demde Hydyryň ýaşyl jemalyny görýär. Şonuň bilenem ol öz mele meňziniň ýaşyl ýaýlagyny arassa hem päk saklaýar.
* * *
Hydyr ata dirilik suwundan dadan, şeýdibem, baky dirilik paýyny alan pygamber. Ol bu sähranyň baky diri ruhunyň adam keşbine girmegi. Ol gyzgyn sährada teşnelikden, aldajy gyşda çakyr sowukdan heläk bolaýjak adamlaryň dadyna ýetişýän ynsansöýer weli. Türkmen öz sährasyny-da, dünýä ýaradylaly bäri sähranyň ruhy hem-de baky ýaşaýjysy bolan Hydyry-da ýürekden söýýär, ol barada halkymyz köpsanly rowaýatlar hem hekaýatlar döredipdir. Hydyryň halk däp-dessurlarymyzda tutýan orny uly hem hormatlydyr. Gadyr gijesinde adamlar gije ýatman, şöwür çekipdirler. Olar Hydyr atanyň duşaryna umyt edipdirler. Ýönekeý adam sypatyna girip bilýän Hydyry bir zatdan tanamak mümkin. Onuň başam barmagy süňksüz bolarmyş. Hydyry tanasaň, ol seniň islendik oňat islegiňi bitirýär. Emma ony göreniňi hiç kime aýtmaly däl. Il arasynda belli-belli adamlaryň Hydyr görendigi barada gürrüňler ýaýrap durupdyr. Eýse olaryň Hydyr görendigi nämeden belli bolýar?! Muny, köplenç, şol adamlaryň işiniň, maksadynyň, ömrüniň, nesliniň aýratyn bagtly hem şowly bolmagyndan aňyp bilýärler. Şeýle-de olar, esasan, ömürleriniň ahyrynda, ölüm ýassygynda özüniň Hydyr görenligini gürrüň berip, öz syrlaryny açýarlar.
Hydyr – türkmen sährasynyň mukaddes syry.
Ol syr beýleki zatlar bilen birlikde bize adamkärçilik, adam söýmek sapagyny-da öwredýär. Ine, şu sapagy özünde saklaýan täsin rowaýatlaryň biri.
Ömründe işi känbir şowuna bolmadyk bir kişi Hydyr hakynda eşidip, şoňa duşsam, arzuwlarym hakykat bolar diýen tama bilen onuň gözlegine çykypdyr. Gitmeli, aýlanmaly ýeri gurak hem gyzgyn sähra bolansoň, ol ýanyna ep-esli azyk hem suwluk alypdyr. Birnäçe gün aýlanandan soň, oňa suwsuz, eňki agan biri duş gelipdir. Onuň halynyň teňdigini görse-de, ol özündäki suwdan teşnä zat bermändir. «Men bu gyzgyn çölde Hydyry gözläp tapmaly. Näçe wagtlap aýlanmaly boljagym belli däl, suw özüme gerek bolar» diýip, ol öz ýanyndan pikir edipdir. Birnäçe wagtdan soň ol ýene birine duşupdyr, emma oňa-da hiç zat bermändir. Halys surnugyp, ysgyn-deramaty galmadyk halatda entäp ýörşüne üçünji birine sataşyp, oňa-da öz ýanyndaky suwdan bermekden saklanypdyr. Şonda üçünji teşne oňa garap:
– Eý, bende, men Hydyryň özi. Özümem saňa üçünji gezek sataşdym. Sen öňüňden çykan biçärä kömek etmejek kişi ekeniň. Şonuň üçin menem saňa kömek bermekden ýüz dönderýärin – diýip, gözden gaýyp bolupdyr. Şeýdip, ömür işi şowsuz bolup, Hydyryň kömegine göz diken kişä Hydyrdanam hiç hili haýyr bolmandyr.
Bu rowaýat bize sährany-da, sähralylary-da söýmegi, sahawatly bolmagy, agyr günde mätäje tekge bermegi öwredýär.
Bendesini söýmeseň, Eýesini-de söýüp bolanok. Eýesini söýen kişi bendesini-de söýmän bilmeýär.
Enem atam pahyryň Hydyr görşi baradaky gürrüňine hemişe ýokarky sözler bilen başlardy. Ol umumanam şol sözleri köp gaýtalardy. Onuň üçin Allany söýmek adamy söýmek bilen gönüden-göni baglanyşykly zatdy. Şu belent hakykata men indi-indiler oňat göz ýetirýärin. Dogrudanam, diňe özüni söýýän adam dilinde näçe «Hudaý» diýse-de, iş ýüzünde bu onuň özüni gowy görmeginiň bir ýüze çykmasy bolup durýar. Allany söýmek adamy söýmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki ikisi-de özüňi däl, özgäni söýmegiň tejribesidir! Alla-da, adam-da özgedir.
* * *
Eý, Allam!
Maňa Zeminiň gözelligini duýmaga hem bu duýgyny söze geçirmäge güýç-kuwwat hem werzişlik ber. Bendesini söýmedik bolsaň, Eýesini-de söýeniň gümana. Eýesini söýen bendesini-de söýmän bilmez.
Seniň ýaradan ähli mahlukatyň bendedir. Mör-möjegem bendedir, ynsan-da bendedir. Perişde-de bendedir, suwlar hem şemallar-da bendedir. Dünýä-de bendedir, Zemin-de bendedir.
Pelekler-de bendedir, Älemler-de bendedir.
Bularyň barynyň syry hem söýgüsi mendedir.
Çünki bulaň bary mende – meniň ýüregimdedir.
Iki jahan maňa sygar, men bu jahana sygmazam.
Göwnüme, ýüregime sygýan dünýäni, duýgularyma sygýan dünýäni söýmän bilmerin. Sygdyrypsyň, diýmek, meniň bendelik ýüregim bilen bendeleri söýmegimi isläpsiň.
Sary sährany-da duýmagymy hem söýmegimi isläpsiň. Oňa aşyk gözler bilen bakmagymy, ony aşyk sözler bilen wasp etmegimi isläpsiň.
Dünýä maňa sygýar, ýöne men bu dünýä sygmaýaryn. Diýmek, ahyrsoňunda maňa özge bir mekany rowa görüpsiň.
Ahyreti dünýä dertlerine dowa görüpsiň.
Maňa şeýle bir kysmaty dözüpsiň.
Depämden ýokarda akýar gök asman
Aýagmyň astynda lummurdaýar ýer.
Iki bütindünýä akarynyň arasynda menmi bir nokatda butnaman durup biljek?! Başymüsti mawy ummanyň guşlary hem Burkut baba boýun egen gara bulutlary bilen, Gün nuruna tisginýän akja ýelekleri bilen, Aý nuruna ymyzganan kümüş sütükleri bilen menem gije-gündiz, ertir-agşam bende bolup oýlanyp ýörün.
Aýagyňasty hem zeminasty mawy derýalar bilen Zeminiň ýüregine yşk düşende, ýyldyzboýy guýulary dolduryp barýan, ýer astynda çasly akýan hem sessiz akýan mawy derýalary bilen menem gije-gündiz, ertir-agşam bende bolup aýlanyp ýörün.
Sary sähraň arkasyna hopba bolup gije-gündiz, ertir-agşam menem aýlanyp durun.
Asmanyň mawy şemalyndan başymdaky pikirlere tizlik hem başyma göçgünlilik aralaşýar.
Zeminiň astyndaky mawy derýalardan süňňümden geçip, kalbyma terlik aralaşýar.
Maňa asmany hem Zemini utgaşdyryp berýän sähra Taňryýalkasyn sözleýärin.
Taňrym ýalkap, ýalazy meýdanyň ýalazy ýüzüne nur damjalary sepelenende, sähranyň endamynda gert göterilip, onda asman garynjasynyň yzlary galanda, takyrlaryň teşnelikden ýaňa ýaryk-ýaryk bolan leblerinden asmanyň gara bulutlary pamyk dodaklary bilen öpende, sähranyň kalbyna alaýaz aralaşýar. Ýalazylyk aýrylyp, dünýä alaýaz aralaşýar. Damjalaryň boz toprakda goýan yzlary jana gelip, garynjalar saga-çepe gaýmalaşyp başlaýar. Asmandan gaçan gök-ýaşyl bulutlar otlara öwrülip, ýene göge – asmana tarap dyzap başlaýarlar. Älemgoşaryň ýere düşen ýerinde bolsa al-gyzyl-sary-mawy güller gürre ýokaryk galýar. Olaryň arasynda pyrlanyşyp ýören ak meneklije, ýaşyl hozanaklar içine jan giren, ganat biten jäjeklere çalym edýär. Ýaňy dünýä gelen köşejikler bolsa emelsiz patanaklaşyp, mön ses bile bozlaşýarlar. Uzakdan seredeniňde, ýaşyl alaňlaryň arasyndaky golda owlak-guzy sürüsi barmy ýa-da gülälek-jümjüme bilen örtülen meýdanmy – bilip bolanok. Şeýle günler meniň çakyma görä, bahar maňa, menem ýaza garaşýan.
Sähra maňa, menem sähra ýaraşýan.
Dünýä maňa, menem dünýä ýaraşýan.
Sähranyň sary hakydasynda orun alan Hydyr maňa ata-babalarymyň iberen kasydy-çapary bolup görünýär. Hydyryň gaýybana wysaly atalar hem-de sähra bilen ýüzbe-ýüzlügiň dowamy, sähranyň goýnundaky huşum hem düýşlerimiň tebigy dowamy bolup durýar. Boz sähra kalbyma bozluk çaýýar.
Eý, Allam! Seni tanamak üçin, Seniň beýikligiňe ynanmak üçin ynsanyň öz kiçijikligini bilmegi gerek. Kiçiligiňe göz ýetirmäge oňat pursat uly giňişliklerde hem-de uzak wagtlar içinde bolup görmek, duýup görmek mümkinçiligidir. Uzak barlykdaky iň uly giňişlik ýyldyzly asman, ýakyn barlygyň uly giňişligiň bolsa sary sähradyr. Gül-gülälekleri, bölek-bölek kak suwlary, ýaşyl çerkezleri, mämişi guşgözüleri bilen Akmaýa ýoluna çalym edýän sary sähranyň arkasynda gadam urýarkam, özümiň juda-juda kiçiligimiň, dünýäniň bolsa juda-juda ululygynyň duýgusy ýüregime ornaýar. Bu duýgy maňa asla-da ezýetli duýgy däl. Tersine, onda üýtgeşik hem özüme-de syrly bir lezzet we hatda eşret bar.
Kiçijik edip ýaradanyňa şükür!
Meniň üçin kiçilik däl, meniň üçin bu uly barlygyň bir bölegi bolmak, onuň parçasydygyňy duýmak esasy zat. Meniň üçin hatda baky ýaşamagam däl, eýse Seniň merhemetiň bilen ýaşap görmegiň özem uly paý. Men özümiň hemişe bar bolmagyma mätäç däl, men Seniň barlygyňa, Seniň ýaradan älemleriň barlygyna hemişe mätäç! Diriligimiň manysy tükeniksizlikde däl, Seniň beren çäkli diriligiň lezzeti hem eşreti bilmek üçin ýeterlikdir. Ýeterlikden soň başga näme gerekmişin?!
Eý, Allam!
Tükeniksiz ýaşamak, ölmezlik islegini-de men ynsan nebsiniň bir sypaty saýýaryn. Çünki nebis – doýmazlykdyr, ölmezlik islegi-de dirilikden doýmazlykdyr. Herki zadyň çeni ýagşy. Ömrüň gymmaty, ýaşanyňa degýänligi onuň uzaklygynda däl, mukdarynda däl, hilinde – haýyra hem-de mana baýlygyndadyr. Ynsan oglunyň şuňa düşünmegi üçin ümmülmez Älemleriň içinden saýlap kiçijik hem kinniwanja, eýjejik hem enaýyja mesgeni – Zemini ýaradypsyň. Älemleriň içinde Zemin nokatdanam kiçi, şeýle bir kiçi welin, bu kiçijikligi göz öňüne getirmek, aňa sygdyrmagam mümkin däl. Hawa, ululyk däl, hut kiçilik aňa sygmaýar. Emma bu nokatdanam kiçiligiň içinde hakyky dirilik, hakyky ýaşaýyş bar. Bu diriligi, bu ýaşaýşy ýaratmak üçin Sen öz ussatlygyňy işledipsiň. Munuň ýaradylmagy üçin näçe million utgaşyk hem näçe million şertler berjaý bolupdyr? Bu çäkli Zeminiň çäginde ýaşamak, döwran sürüp görmek, ýekeje gezek ömür görmek – Seniň beýikligiňe hem taýsyzlygyňa göz ýetirmek üçin aňyrsy bilen ýeterlik dälmi näme?!
Eýa, Biribar!
Sekiz jennetiň bossanyndan umydym bardyr, jennetleriň bakjasyndan, Köwser arygyndan umydymy kem etme! Ak dürden ýasalan dar jenanyňdan, gyzyl ýakutdan düzedilen dar es-salamyňdan, ýaşyl zeberjetden gurnalan jenneti-mälwandan, sary merjenden gurlan Hulduňdan, ak kümüşden syrçalanan nagymyňdan, gyzyl altyndan bar edilen ferdöwsüňden umytlary kem etme! Sekiz jennetiň içre bähre-rehmetiň, Selsebiliň, Zenjebiliň suwundan, birisi süýt, birisi hamr, birisi asal, biri hoş Zülal derýalaryndan umydy kem etme!
Emma... Emma Seniň gözellik hem nygmat döretmekdäki ussatlygyňa göz ýetirmek üçin şu Zeminiň derýalaryndan içip görmek-de ýeterlikdir! Zeminiň içine sygman, süýjüliginden ýaňa topragy ýaryp, ýokary çykýan hoş Zülal guýy suwlaryndan datmak-da Seniň nämeligiňe göz ýetirmek üçin ýeterlik dälmidir?!
Gara ýylçyr daglaryň göwsüne sygman, mazalylykdan ýaňa gara daşlary ýaryp, ýokary çykýan durnagöz çeşmeleriň zülalyndan datmak-da Seniň rahmetiňi bilmek üçin ýeterlik dälmidir?!
Günüň tyllaýy nury, Aýyň gök nury, ýyldyzlaryň düri, guba çägeleriň merjeni, gülälekleriň mahmal ýakudy, läleleriň gyzyl altyny, jümjümeleriň ýaşyl zeberjedi, çeşmeleriň ak dürden syrçasy Seniň maňa rehmetiňi tanamak üçin azmydyr?!
Jennetleriňi pisint etmek üçin Zemin azmydyr?!
Bakylyga hursant bolmak üçin panylyk azmydyr?!
Gümanyň betnyşanlygyny bent etmek üçin Zemin gözelligi azmydyr?!
Şübhäniň pisligini kement etmek üçin Zemine ynanmak azmydyr?!
Asmandaky topbak bulutlardan paralanyp, gara topraga ak dür bolup damýan ýagyşlaryňa ynanç edýärin!
Daglardaky gök daşlardan bölünip, Seniň mähriň bilen ereýip, gök bulaga dönýän suwlaryňa ynanç edýärin!
Sähralardaky alaňlardan sary şemalyň tozadyp goýberýän sary dürüne ynanç edýärin!
Pelek näçe ýagyr salsa-da, juwanlygyna gelýän Ýeriň arkasyna, pelek näçe katl etse-de, jümle-jandardan möwç urýan Gögüň garnyna ynanç edýärin!
Ýaşaýşa ynanç edýärin, çünki ol Seniň gudratly sunguňdyr!
Dirilige ynanç edýärin, çünki ol Seniň serpaýyňdyr!
Panylyga ynanç edýärin, çünki bu Seniň bakylygyň tymsalydyr!
* * *
Biziň ilde ýodalar ýola, ýollar gollara, gollar bolsa asmana eltýär. Gol kosmodrom ýaly, ol ýerden ruhumyzyň deňdeş dünýälerine göterilýär. Gol wagt maşynynyň gonalgasy ýaly, ol ýerden geçmişe hem geljege hyýalbent göwün ganat baglap, uçup bilýär.
Men bu gola aýak basanymdan, üýtgeşik dünýä aralaşýandygymy duýdum. Çar tarapy ürgün çägelik bilen gurşalan tekiz açyklykdan ýowşanyň ýakymly hem-de geçmişi huşuňa getiriji ysy gelýär.
Bahar aýlarydy. Ilkibaşda gola golaýlaşan hyýallarymy hem-de alaňlaryň endamyndaky çäge düwürlerini çalaja tändirip, gorkak şemal öwsüp başlady. Şemal bilen çölüň goýnunda tisginme aralaşýardy. Asman has golaý geldi. Bulutlar galňadygyça hem goýraslaşdygyça, asman suwy – ýagşyň ysy has oňat bildirdi. Ýagşyň özi-hä däl, diňe onuň ysynda-da bir göwnigiňediji terlik bardy. Şemal büs-bütin başyn alyp gitmänkä, onuň öwüsginleriniň arasy bilen ýagyş damjalary gelip başlady. Şemal gözden uçansoň, damjalar barha gürelip gitdi. Tiz wagtdan olar eýýäm aýry-aýry däl-de, tutuş, bitin ýagşa öwrüldi. Arkasy ýagşa ezilýän gol öňküsi ýaly ýagty mele däl-de, garamtyl reňki aldy. Indi onuň bulutly asman bilen reňkdeşligi hem-de göwrümdeşligi ap-aýdyňdy. Goluň ot-çöpi, gyrymsylary gurak endamlaryna ýagşy hezil edip siňdirip, indem artykmaç ýagyş suwlary olaryň ýüz-gözlerinden joralanyp, topraga syrygyp başlady. Goluň has oý ýerlerinde kölçejikler döredi.
Ýagyş ýagyp endamyndaky tebetli gyzgyny aýyrdy. Goluň dem alşy ýeňilleşdi. Dymyljak göwresi terlendi. Deminiň howry gitdi.
Terlik küýsän göwrämi goluň içine taşlapdym. Ýagşyň şeýle giň ýeri gözläp, ahyram ony şundan tapandygyna düşündim. Ýadawlykdanmy ýa-da ynjalmakdanmy – uka giden ekenim. Asman sergezdanlygynda ýagşyň uly leşgerinden köp gijä galyp, ýene öwsüp başlan adaja şemal bile gelip ýeten sowujak ýalňyz damja ýüzüme degende oýanypdyryn. Damja tebsirän bedenime siňip, soňam onuň içindäki at salýan gana goşulyp ýitip gitdi. Gözümi açanymda, asmanyň ýene öňki ýerine çekilendigini gördüm. Entek ol toprakda oba oglanlarynyň düýn geçip gidende goýan tigir yzy birden endamy nagyşly ýylana öwrüldi-de, suwlunyp gitdi. Kölçelerde asman tolkun atdy. Göwresiz şemal göwrelendi-de, gök ýylaga öwrüldi duruberdi. Gyrymsylaryň ýagşyň döwüp, ýere düşüren çöpleri suwulganlara öwrüldi. Goýun-geçileriň, owlak-guzularyň düýnki goýup giden gumalaklary gara-gara tomzajyklara aýlandy. Öňki ýagyşdaky düýeleriň goýan yzlary bolsa çöl pyşbagalaryna öwrülip, gyrmyldap başladylar. Men ýagşyň sähranyň hakydasyny oýarandygyny gördüm.
Gapdalymdaky ýaşyl çerkeziň keşbinde Hydyr atanyň hereketden galan sudury bardy. Men jan gözleri bilen siňe seredip, bu golda hemme zadyň janlydygyny gördüm. Ýagyş goluň hakydasynam, ömrünem täzeläpdir. Asmandan gelen ýagyş sähranyň janyna jan gatypdyr. Indi ýagyş ýok. Ol gola öwrülipdir. Asman Zemine öwrülipdir.
Men hamana biri çagyrýan ýaly, gaýralygyna gidiberdim. Gitdigimçe, gaýra ýene öňki gaýralygyna galýardy. Ahyram gaýra ilerä öwrüldi. Öňümde pespäl hem-de haýbatsyz gyr göründi. Men başda oňa asmanyň bir bölegidir, has goýy bölegidir öýdüpdirin. Göwresiniň guraklygy, deminiň gyzgynlygy bilen gyr özüniň sähranyň bir bölegidigini bildirýärdi. Ol sähranyň Asmana ymtylyp, tirsegine galan bölegidi. Atalarymyň müňlerçe ýyllap şu ýerde ýaşap ötendigine düşünmek üçin maňa ýeke gezek gyryň ýüzüne bakmak ýeterlik boldy. Men baryna bir demde düşünip gitdim. Ýok, men däl, meniň süňňüm düşünip gitdi. Ol hut şu kä göwni giňäp, kä dymyljap ýatan toprakdan oýanandygyna düşündi. Ol ne bir gaýry ýerden getirilendi, ne-de gaýry ýerde oturdylandy. Bu düşünme kämilligidi.
Şondan soň, ol altyn-kümüş, ýakut-merjen barasynda düýş görmegini, hyýal etmegini taşlady. Bularda jan ýokdy. Toprakda bolsa jan bardy.
Jan Zeminde bardy. Zemin Allanyň arzylan mekanydy. Saýlantgy mekan janly-jemendäniň göze görnüp duran hossarydy. Janly-jemende bolsa mundan göwni dokunman, göze görünmeýän hossary gözleýärdi. Görünýän hem görünmeýäniň arasynda bolsa ýekeje serhet – öwrülmek atly serhet bardy. Görünmek hem görünmezlik diýeniň bir şertli zatdy. Şu şertliligem adamzat üçin iň uly syry emele getirýärdi.
Aslynda geň-taň syr – düşnüksiz bolmasynyň düşnükliliginde, görünmesiziň görünýänligindedi. Bu geň-taňlyk adamzadyň lapyny keç edýärdi, düşnüklilik hem görnüklilik oňa bimanylyga barabar bolup eşidilýärdi. Şonuň üçin ol ýene düşnüksizligi hem gaýyplygy gözleýärdi. Zeminde bolsa düşnüksizligem, gaýyplygam, syr hem ýokdy. Bularyň barynyň deregine iň beýik zat – dirilik bardy.
Osman ÖDE.
Filosofiýa