02:20 Watanyñ beýgeldip, beýgelen TÜRKMEN / şahyrana kyssa | |
WATANYN BEÝGELDIP, BEÝGELEN TÜRKMEN Beýik Oguz handan gözbaşyny alan millet ýurdun söýüp, has meşhur bolan. Watanyny mukaddes saýypdyr türkmen. Goragyna baky taýyndyr türkmen. Gorkut ataň kämil paýhasy bilen, Göroglynyň taýsyz gaýraty bilen ata Watanyny gorapdyr halkym. Watanperwerligi kalbynda – Güneş, döwletli işlerine salypdyr ýalkym. Çagry beg, Togrul beg, soltan Alp Arslan, seljuk esgerleri dünýäde sarsmaz. Watan üçin hany-manyn berjegi Jelaleddin Horezminiň gerçegi. Zahyreddin Beýbars, Seýfeddin Guduz öz Watanyn gorap gazandy utuş. Keýmir kör serdar bar, Nurberdi, Gowşut, ýurda göz dikene etmändir oňşuk. Türkmen ýurdun gorap münse atyna, täze şan ýazylmyş taryh gatyna. Rowaýat kän, mysal ýetik, gadym halkyň kelamynda, şeýle bir söweş bolupdyr gadym Uzboý kenarynda. Ýeňşe bolan ynam bilen özüne ýol artyp gelen, Kir Tumaryň garşysyna agyr ýygyn dartyp gelen. Gana suwsap gelen Kiriň gandyrdy-da teşneligin, Tumar şa ezberlik bilen çekdi urşuň rişdesini. Kimde güman şinelese, taryh gatyn açsyn, görsün. Tumar şa zenan bolsa-da, Watanyny ezber gorap, beripdir ýagynyň merkin. Nämedigini subut edip Watanyny goranyň erkin. Parahatlygy bozanlar ynjalmaz almasa merkin. Söweşlerde ýeňenden soň dünýä meşhur Spartagy, Krass goşun başyn çekdi asuda Nusaýa sary. Haýbat bilen ýöriş etdi goşunyň nyzam – düzümi. Öňünde-de meşhur Krass, Nusaýa tutdy ýüzüni. Dünýäde asman atlarynyň ýetişdirilen ýurdy – Nusaý. Tälim berip ýetişdirdi börülerini – gurdy Nusaý. Süren ýaly strateg serdar bilen sarmaz ruhly du:rdy — Nusaý. Tutuş gije nagarasyn döwdi oguz sazy – dowullary, irkilse düýşüne girdi döw deý oguz ogullary. Özi üçin albaý boldy öz islegine saýlan ýeri. Şondan soňra gördi Krass ökdelerden has ökdesin. Ýapynjasy serpilende, demir dondur tuwulganyň. Gözler gamaşdy, görmedi, aždar döndi suwulgana. Ýyldyrymsyz gökden ýagdy gadym oguz peýkamlary. Malazgirdiň alkymynda Alp Arslan gazanypdy şan. Bu söweşiň taýsyz waspyn Magrup taryhyndan okaň. Türkmen ýigit bedew ata atlansa, baýdak bolup pasyrdarmyş paýhasy, mertlik damarynda gaýnaýarmyş onuň. Ony gördi Rum iliniň Kaýsary. On üç esse artyk goşuny bilen ellerinden aldyrdylar baýdagyn. Tug syndy – ruh syndy. Şa Roman ýesir. Şa mat boldy. Artdy sadranç höwesi. Ählitaraplaýyn kämil bolmasaň beýle, ýeňiş aňsat etmeýär nesip. Egnine gyrmyz don, başyna silkme geýen goç ýigitler döw ýaly ürkmez. Müň dokuz ýüz kyrk bir, kyrk bäş urşunda gahryman sanawda birinji – türkmen. Annagylyç Ataýew, Aýdogdy Tahyr — bulaň waspyn etdi ençeme şahyr, ýazyjylar, žurnalistler ýazdylar. Çünki olar Watanyny ýok etjek duşmanlaryň öz gabryny gazdylar. Atasy Gahryman Arkadagymyzyň, mert söweşdi orta goýup janyny. Undulmaýar ýaşan bolsa-da birçak, taryhda mertligin görkezen gerçek. Watan dynçlygynyň sarsmaz söýesi – Edermenlik medalynyň eýesi. Alkyşlar egsilmez mertligiň şanyna. Hut şeýle ýigitdi – Berdimuhamet Anna. Ogul ýetişdirdi özi deý kämil. Tutanýerli, erjel, zehinli şahyr, peder ynamyny ödemeli ahyr. Berdimuhamediň edebi keşbi bir jümlede: «Ile hemaýat etmek». Toplan tejribesi Mälikgula-da, tutuş oba, ulus-ile-de ýetjek. Mälikguly Magtymgula gol berýär, on bir ýaşly oglan şygra höwrügip, halka «Ýeldim tuty» aýdyp berýärdi. Ynha, onsoň, çydam sabra öwrülip, halka gudratyny gaýdyp berýärdi. On bir ýaşly oglan illeri goldap, ynam bermek ýoly bilen berkese, humaý guşy depesinde pel-pelläp, «Ýeldim tut» öwrülýän eken merkeze. «Ýeldim tuty» gursagyna gaplanlar, hiç bir kynçylygy duýmaýan eken. Ýogsa, şo wagt ganym duşman güllesi ýurdy ýykmak üçin şuwlaýan eken. Birden gara habar geläýse eger, urşuň ajy şarpygyny dadanlar, «Mälikguly, «Ýeldim tuty» aýdyp ber» diýip, haýyş edýän eken adamlar. Magtymgulyň özi bolup, elkyssa okardy adamlaň göwnüni ýykman. Belent ruh ýaňlanýar dillerde dessan: «Biz ýeňeris hökman, ýeňeris hökman!». Goýun — damagyndan, är — lebizinden... Ähtiýalan duşman golun göterdi. Tupany ýatyşdy ýow deňziniň, urşuň soňy ýeňiş bilen gutardy. Bu gysga söhbediň uzak dowamy. Gowsy okaň «Döwlet guşy» romanyn. 11 ýaşda gahryman deý çydamly Mälikguly ýigit boldy edenli. Bilmek gerek bagtyýarlyk çagymyz, asudalyk goragynda kän iş etdi Mälikguly agamyz. Mert pederleň belent ýolun dowam edýär Belent Serkerdebaşy. Başymyzda kämil Serkerdebaşy — biz kämil goşun. Ömrüň uzak, sagat bolsun janyňyz, Gahrymanymyz, Mähribanymyz! Eserleriňiz gollanmadyr mertlere, Watan goragy — mertebe, watanperwerlige baky gerek ol. Watanyn beýgeldip, beýgeljek üçin — ýürek ol. Sag boluň, sag boluň, Arkadagymyz, Watany beýgeldýär Siziň şanyňyz. Buýsanç bilen beýan edýän ýürek töründen şulary — baýramymyz gutly bolsun, Watan goragçylary! Aşyrmät GARLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |