08:04 Ýañlan, dutar! | |
ÝAÑLAN, DUTAR!
Goşgular
Gör, niçik kän elektrogitara, Ýöne, hormat goýýan köne dutara. Moda däl diýp ýüz öwürmen olardan, Ol has oñat täze gitaralardan. Ýañlan, dutar! Goý, dutar gür bersin häli-bu çakda, Bilinmedik kerwen ýollary hakda. Gündogaryñ beýik söwda merkezi, Mähelleli gadym Merwi görkezip, Ýañlan, dutar! Şäher bazarlarnyñ şowhunlylygyn, Ýaşlara ýatladyp ýañlan sen agyn. Nädip haryt getirşini gür ber sen, Bu ýere Hytaýyñ, Eýranyñ, Orsuñ, Ýañlan, dutar! Gelen täjirlere dürli milletden, Merw gapysyny açypdyr des-deñ. Asyrlaryñ gizlin näsi bar, näsi, Bilýär muny, diñe Murgap derýasy. Hem ýene dutar! Orda halylarñy nädip talady? Doly hanyñ gan eñreden halaty. Gyzyl gana boýalşyny derýanyñ, Seniñ owazyñdan anyk görýärin. Ýañlan, dutar! Goja bagşy, bize aýdym bagyşla, Hakykaty ýüreklere nagyşla! Britan ýolbarsy gelende näme, Höwes edip nebit, haly, pagtaña. Görüp onuñ açgöz sypatyn, bolşun, Jigitleruñ ony tary-mar kylşyn. Aýdym aýt, bagşy! Nädip senjñ nurly ýyldyzyñ dogdy, Suw gelip, sährañda çemeniñ çogdy? - Şöhrata beslenen bagty - wysaly, Durdy Gylyjyñ taryp edişi ýaly, Tarypla, bagşy! Andreý BAŽANOW, rus şahyry. Terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |