ADAMZAT BARLYGY
Günbatarda täze dörän «Sosiobiologiýa» diýilýän ylmyň wekili amerikan alymy E.O.Uilson şeýle bir hyýaly tejribäni teklip edýär. Aýdaly, başga bir planetadan haýsydyr bir zoolog Zeminde ýaşaýan haýwanlaryň görkezgijini düzmäge gelenmiş. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ol aýratyn biologik görnüş bolan adamzadyň ylymlarynyň pudaklaryny kesgitlemeli bolsa, Uilson aýtmyşlaýyn, ähli gumanitar we jemgyýetçilik ylymlary bary-ýogy biologiýanyň ýöriteleşen pudaklary, taryh bilen çeper edebiýat bolsa adamzadyň biologik görnüş hökmündäki hereketini we ahlagyny öwrenýän ylymlary bolardy.
Uilsonyň şeýle garaýşynda birnäçe ýetmezçilikleriň bardygyny bada-bat aýtmak gerek. Ýöne bu alymyň sözlerini özüne çekiji hem göwnejaý görkezýän bir esasy artykmaçlyk bar: olam Uilsonyň adamzada bitewülik hökmünde seredýänligidir. Hut şu-da Uilsonyň we beýleki şoňa meňzeş alymlaryň käbir nädogry garaýyşlaryny biziň gözümiziň öňünde bagyşlarlykly edýär diýip aýdyp bolar.
XX asyryň adamzadyň taryhynda näme asyr bolandygy barada alymlaryň we pelsepeçileriň arasynda dürli çekişmeler we jedeller köp boldy. Her kim oňa öz kesgitlemesini dakmaga dyrjaşdy. Kim «XX asyr – atom asyry» diýse, kimler «Genetikanyň asyry», ýene biri «Kosmos asyry» diýdi. Men häzir gürrüňi başga bir tarapa – biziň şu günümize öwürmek isleýärin. Eger şu günüň – XXI asyryň umumyadamzat kesgitlemesini bermeli bolsa, munuň ýeke-täk dogry kesgitlemesi şundan ybarat bolardy:
XXI asyr – bitewülik asyrydyr.
XXI asyryň turuwbaşdan aýan bolan esasy ösüş mantygy bitewüleşmek hadysasydyr. Ýaşaýyş we dünýä sözüň ähli manylarynda bitewülige tarap barýar. Ýaşaýyş diýilýän zat özüniň ähli görnüşlerinde we ösüş diýilýän zat özüniň ähli ugurlarynda bitewüleşmek ýoluna düşdi. Munuň özi Wagt tarapyndan alanyňda, adamzadyň, munuň üsti bilen bolsa bize mälim bolan tutuş ýaşaýşyň öz ösüşinde bütinleý täze bir Wagta – Eýýama gadam basýandygyny aňladýar.
Ilkinji nobatda, tutuş Älemiň özi bitewüleşýär. Älemiň aňyrky çäkleri we serhetleri aýan bolýar. Älemiň esasy ýaşaýyş görnüşleri bolan Wagt hem-de Giňişlik bitewüleşip, wagt-giňişlige öwrülýär.
Soňra, bütin Dünýä bitewüleşýär. Zeminiň geografiki manydaky bitewüleşmesinden soň başlanan taryhy, ykdysady, medeni, siwilizasion we gaýry bitewüleşigi XXI asyryň başynda özüniň iň ýokary depginlerini alyp ugrady.
Iň esasy zadam – külli adamzat bitewüleşip başlady. Diňe XXI asyrda sözüň hakyky manysyndaky bitewi bir barlyk bolan adamzat bitewüligi kemala gelip ugrady.
Galyberse-de, adamyň özi bitewüleşýär. Adam, maddy we ruhy jähetlerden ybarat diýlip göz öňüne getirilen adam beýle bölünişikden, hususylykdan ötüp geçip, bitewülige tarap barýar.
Adamzadyň aňy bitewüleşýär. Ähli ylymlar, sungatlar, din, pelsepe, ahlak we gaýry aň görnüşleriniň ösüşi bitewüleşmeklige tarap we bitewüleşmek bilendir.
XX asyrda ýodalar ýollara birigen bolsa, XXI asyrda ýollaryň hemmesi birigip, bitewi bir ýoly – şaýoly emele getirýärler.
Adamzat barlygynyň ozalbaşky bitewülikleri bolan medeniýet, ylym, pelsepe, sungat ýaly hadysalaryň nämedigine pelsepe nukdaýnazaryndan akyl ýetirmek bu gün amaly zerurlyk bolup durýar. Men şeýle bitewülikleri hemişelik hem-de adamzadyň özi tarapyn döredilen däl-de, ylahydan gelen hasaplaýaryn.
Medeniýet bu bitewülikleriň ilkinjisidir. Medeniýet sözüň giň pelsepe manysynda biologik görnüş bolan adamzadyň taryhy ýaşaýşynyň görnüşidir. Hut medeniýet bilenem adamzat beýleki biologiki görnüşlerden düýpgöter tapawutlanýar. Adamzadyň ýaşaýşynyň medeni ýaşaýyşdygy barasyndaky beýik hakykat biziň gadymy miflerimizde we rowaýatlarymyzda çuňňur pelsepe podteksti bilen beýan edilipdir. Men häzir mukaddes Gurhandaky rowaýaty – Adamyň Alla tarapyn ýaradylyşy baradaky rowaýaty göz öňünde tutýaryn.
Allatagala Adamy ýaradyp, ony özüniň şol wagta çenli ýaradan mahluklaryndan ýokarda goýupdyr. Hut şonuň üçinem beýik Omar Haýýam:
Adamzatdyr ähli mahlugyň başy,
Zyýadadyr onuň akyly-huşy,
Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa
Ynsandyr zynaty,bezegi, gaşy
– diýip ýazypdyr. Adam ähli mahluklaryň – ýaradylanlaryň başydyr. Beýik Allatagala şuny aýdanda, ilkinji nobatda, meger, onuň aňyny – akyl-huşuny göz öňünde tutandyr. Eger-de Zeminiň bäş milliard ýyllyk taryhynda esasy iki sany düýpli hadysany kesgitlemeli bolsa, bularyň birinjisi jansyz maddadan janly göwräniň döremegi, ikinjisi bolsa adamyň döremegi bolardy. Birinji halatda ýaşaýşyň esasy birinji syry – jan döräpdir. Ikinji hadysada – adama akyl-huşuň berilmegi bilen ýaşaýşyň esasy ikinji syry – ruh döräpdir.
Janyň ýekelikdäki ýaşaýyş jöwheri biologiki şahsdyr. Janyň tutujylykdaky, toplumdaky ýaşaýşy bolsa tebigatdyr.
Ruhuň ýekelikdäki ýaşaýyş jöwheri ruhy şahs – adamdyr. Ruhuň toplumdaky ýaşaýşy bolsa medeniýetdir. Şonuň üçinem ruhuň bitewülik hadysasy hökmündäki ähli aýratynlyklaryna akyl ýetirmek üçin «medeniýetiň» nämedigine düşünmek gerek. Emma ýaşaýşyň dialektiki bitewüliginiň jähetinden seredeniňde «medeniýete» onuň dialektiki gapma-garşylygy bolan «tebigat» bilen bitewülikde we deňeşdirmede akyl ýetirip bolýar.
Adamzadyň ýaşaýyş zinesindäki – iýerarhiýasyndaky ortalyk basgançagy eýeleýändigini aýtmak gerek. Çünki onda ýaşaýşyň esasy iki formasy – jan hem-de ruh bardyr. Ýaşaýyş zinesiniň başky, pes basgançagynda duran haýwanatda diňe jan bar. Ösümlikler-hä ýaşaýşyň özi däl-de, ezeli ýaşaýyşdyr. Ýaşaýyş zinesiniň üçünji basgançagynda duran perişdelerde diňe ruh bardyr. Şonuň üçinem Allatagaladan şu dünýä mahsus forma beriläýmese, perişdeleriň biziň ýaşaýan dünýämizde görünmegi mümkin däldir. Olar başga – gapdaldaky dünýäniň wekilleri – ýaşaýjylarydyr.
Jan baky däldir.
Bakylyk diňe ruhuň paýyna düşendir.
a) Medeniýet barlygy.
Tebigat – janyň şalygydyr, ahyret – ruhuň şalygydyr. Medeniýet bolsa jan bilen ruhuň adamzat zandynda häzire çenli ylma mälim bolmadyk ýa-da az mälim bolan formalardaky we jähetlerdäki utgaşygynyň şalygydyr. Şeýle utgaşyk formalarynyň esasysy akyl-huş diýilýändir.
Tebigat – adamyň we adamzadyň ýaşaýşynyň tebigy şertleriniň toplumydyr. Şonuň üçinem sebäpli-netijeli dialektiki baglanyşygyň kanuny şeýle diýýär: tebigat diňe özi üçin däl, tebigat medeniýet üçindir hem. Edil şonuň ýaly, medeniýet hem diňe bir özi üçin däl, eýsem ahyret üçindir hem.
«Medeniýet» kesgitlemesiniň pelsepe derňewine geçmezden ozal, «tebigat» barasynda iki jäheti biraz aýdyňlaşdyrmak isleýärin. Munuň birinjisi tebigatyň pelsepe manysy, ikinjisi bolsa jan şalygy bolan tebigatyň häzirki ylmyň ýeten derejesinden görünýän ylmy manysydyr.
Tebigat diňe maddylyk – fiziki we jan – biologik kanunlaryň höküm sürýän dünýäsidir. Adamzat pelsepesiniň taryhynda bu dünýä bolan garaýyş dürli-dürli bolupdyr. Ýewropalylaryň ezeli eýýamynda tebigat baky üýtgäp-özgerip duran barlyk hökmünde görlüp, ol «kosmos» atlandyrylypdyr. Kosmosda hemişelik, aýlaw-gerdan içinde sazlaşyk, gözellik hem-de many ýaşaýar diýip gadymy ýunanlylar pikir edipdirler. Kosmosyň gapma-garşylygy bolan haos – tebigatdan öňki ýaşaýyş ýagdaýydyr.
Orta asyrlarda hristiançylygyň we yslamyň ýüze çykmagy, adamzadyň özi üçin üçünji ýaşaýyş zinesini – ahyreti açmagy bilen tebigata bolan garaýyş bütinleý üýtgeýär. Tebigatyň janly bolsa-da, ruhdan mahrumlygyna akyl ýetirip, öz geljegi ruha bagly bolan adamzat tebigata gyýa göz bilen garap ugraýar. Netijede, tebigat bakylygyň antipody, şeriň, ölümiň hem-de ahlaklylykdan bütinleý mahrumlygyň ojagy hökmünde görülýär. Adamzat tebigatdan gaçmak, onuň kanunlaryny ret etmek, ony ýeňip geçip, has ýokarky ýaşaýyş gözýetimlerine ýetmek islegi bilen ýaşaýar. Uzaga gidip oturmalyň, Magtymgulynyň dünýä, pelek äheňli goşgulary tebigat bilen yslamy garaýşyň çägini aňladýar.
Soňky iki ýüz ýylda bolup geçen dünýewileşmek hadysasy tebigata pelsepe gatnaşygyna öz täsirini ýetirdi. Indi tebigat ahyrete däl-de, medeniýete gapma-garşy goýlup başlandy. Adamzat ýaşaýşynyň formasy bolan medeniýetdäki, hususanam, jemgyýetdäki näsazlyklar, bikemallyklar, adalatsyzlyklar adamyň tebigata gaçybatalgasy hökmünde seretmegine getirdi. Tebigat jemgyýetden tapawutlylykda gözellik hem kämillik, erkinlik hem maksadalaýyklyk mekany bolup göründi.
Jemgyýetiň maddy-tehniki taýdan ösmegi, adamlaryň ahyret idealyndan daşlaşmagy, maddy hezillikleriň esasy orna geçmegi adamzadyň tebigata sütem edip ugramagyna getirdi. Häzir hem dowam edýän bu gatnaşyk adamzadyň öz ýaşaýşyna – medeniýete howp salyp başlaýar. Medeniýet bir daragt bolsa, tebigat onuň kökleridir. Adamzat öz ýaşaýyş daragtynyň köklerine palta urýar.
Emma meniň ýokarky meňzetmäm hakykatyň diňe deslapky ýarydyr. Bu meňzetmäni mantygy taýdan ahyryna çenli ýetirmek we şeýle diýmek gerek:
Medeniýet adamzadyň ýaşaýyş daragty bolsa, ahyret şol daragtyň miweleridir. Şeýle meňzetmäniň nukdaýnazaryndan ekologik kynçylyklara we hatda belalara başagaý adamzadyň ýaşaýşy gaty bir paýhasalaýyk däl bolup görünýär: Adamzat öz ýaşaýyş daragtynyň miwesini datmadan geçen, ol kökleriň guramak derdeseri bilen gümra.
Şeýle gaty bir göwün gobsundyryjy däl halatda degişli ýagdaýdan çykalga hökmünde pelsepe ylmy şuny salgy berip biler: näçe geň eşidilse-de, şeýle diýmelidiris: ýaşaýyş daragtynyň köklerini guramakdan diňe bir zat – daragtyň miweleriniň aladasyny etmek halas edip biler! Şu mahala çenli adamzady diňe Alla, ahyret barasyndaky ynama – imana esaslanýan düzgünler halas edip geldi. Bu geljekde hem şeýle bolar. Adamzat pelsepesinde we ylmynda miweli hem netijeli pikirleri, pikirleriň ulgamyny gazanmagyň ýeke-täk dogry ýörelgesi gözlegleriň iman nukdaýnazaryna geçirilmegidir. Hatda, göräýmäge, owal-başdan tersin ulgamlary-da iman esasyna, iman nukdaýnazaryna geçirip, köp miweler alyp bolar.
Munuň özi häzirkizaman tebigat ylymlarynyň gelen netijeleri babatda-da ulanarlyklydyr. Käbir alymlaryň häzirki fizikanyň, himiýanyň ýa biologiýanyň açyşlaryny ata-babalarymyzyň gulluk eden ynanjyna gapma-garşy zatlar hökmünde görkezjek bolşy maňa düýbünden düşnüksiz. Aslynda gadymkylaryňam, häzirkileriňem aýdýanlary şol bir zatlardyr, ýöne dürli dilde aýdylýanlygy sebäpli olar biri-birinden tapawutlanýar. Atalarymyz simwoliki dilde, göçme manylarda we şekillerde görüpdirler we aýdypdyrlar. Elbetde, şeýdýändiklerini olaryň özüniň bileni-bilmäni – başga mesele. Muny olaryň özi aňlap-bilip etmändirler, muny adamzadyň umumy ruhy ewolýusion ösüşiniň mantygy we dili edipdir. Ozal mif arkaly pikirlenilen bolsa, indi mantygy aňlatmalar arkaly pikirlenilýär. Hakykatyň özi üçin munuň näme parhy bar? Muňa hatda ösüş – bir basgançakdan başga bir – ýokarky basgançaga geçmek diýip aýtmagam gaty bir akyl çuňlugy däl ýaly bolup dur. Muňa bary-ýogy bir dilden başga bir dile, deň tekizlikdäki bir ýoldan başgasyna geçmekdir diýsek, has dogry bolsa gerek. Köpleriň pikir edişiniň tersine, hakykat ylmy akyl ýetirişiň meselesi däldir. Ýok, hakykat edil bagt, iman, gözellik ýaly, adamzadyň ýaşaýşynyň we adam ömrüniň manysynyň meselesidir. Şonuň üçinem hakykata ýetmek prosesi ylmy akyl ýetirişiň dar çygrynda däl-de, adamzadyň umumy ruhy ösüşiniň çäginde bolup geçýän hadysadyr. Belli pelsepeçi Martin Haýdeggeriň «Ylym syrlary ýok edýär, sungat syrlary döredýär» diýen sözüne düýpli düşünmek gerek. Ylym aslynda diňe syr diýilýän zada gyzyklanmanyň we teşneligiň bar ýerinde mümkindir. Ylmy ylym edýän, ylmy ýaşadýan zadyň özi syrdyr. Syryň islegliliginiň, howalalylygynyň we arzylylygynyň ýok ýerinde ylym mümkinem däldir. Onsoň biz ylmymyz arkaly barha we barha düýäniň ýüzünden perdesini sypyryp barýandyrys öýdýän bolsak, bu biziň aşa «men-menligimiziň» oýnudyr. Syr – adamzadyň öz öňünde goýýan wezipesiniň salgysydyr. Bir wezipe çözülensoň, deregine başgasy gelýär.
Diýmek, ylym – biziň öz akyl, ruhy hem maddy-jemgyýetçilik ýaşaýşymyzy üpjün etmegimiziň formasydyr. Sungat bolsa şol ýaşaýşyň gözellik üpjünçiligidir.
Häzirkizaman ylmy biziň dünýägaraýyş, gözýetim, düşünje derwaýyslyklarymyz öz paýhasymyzyň häzirki zamana muwapyk berýän jogabydyr. Oňa laýyklykda, Zeminde janly ýaşaýşyň alamatlary ilkinji gezek 3,8 milliard ýyl mundan ozal peýda bolupdyr. Soňrak bolsa – 2 milliard ýyl mundan öňräk ilkinji öýjükler döräp, kislorodyň ýüze çykmagyna şert peýda bolýar, çünki öýjük fotosinteze, Günüň energiýasyny himiki reaksiýa üçin ulanmaga ukyply bolýar, onuň netijesinde-de kislorod emele gelýär. Şeýdip, biosfera – Zeminiň janly-jandarly gatlagy kemala gelýär. Biosfera – ýaşaýşyň wagt hem giňişlikdäki üznüksiz akymynyň mekanydyr. Bu akymyň çäginde yzygider suratda madda, energiýa we informasiýa döräp hem ýok bolup durýar.
Jan wagtlaýyndyr, şonuň üçin jandar hem panydyr. Bu – dünýäniň ýaşaýyş kanunydyr, çünki her jan ýok bolmak bilen başga jandarlaryň döremegine hem ýaşamagyna ýol açýar. Eger jan baky bolsady, onda ýaşaýyş togtamaly bolardy. Allatagala sansyz köp jandarlary ýaratmak bilen, olaryň ýaşaýşa iň ukyplylarynyň ýüze çykmagyny we köpelmegini isläpdir.
Şeýle ýüze çykmalaryň, şeýle köpdürlüligiň çeşmesi genleriň dürlüçe utgaşygy hem-de mutasiýadyr – genleriň dürli täsirler astynda üýtgeşmä sezewar bolmagydyr.
Janly dünýäniň – tebigatyň jansyz dünýäden – maddadan esasy tapawutlarynyň biri janly-jandarlaryň ýaşaýyş formalarynyň haýran galdyryjy köpdürlüligidir. Şol köpdürlüligiň kämilligi Allatagalanyň taýsyz ussatlygynyň gözli şaýadydyr. Tebigatda hiç bir ýetmez ýa-da hiç bir artykmaç zat ýokdur. Jandar tebigatdan öz ýaşamagy üçin hemişe madda, energiýa we informasiýa alyp, tebigatyň ýaşaýşyny tertipleşdirýär. Munuň özi molekuladyr öýjükden başlap, tutuş tebigata mahsus aýratynlykdyr.
Şu manyda tebigat medeniýet üçin beýik sapakdyr.
Medeniýet tebigata garanda has juwandyr we kämilleşmäge has mätäçdir. Medeniýet bilen tebigatyň arasyndaky tapawutlar köpdür, ýöne bu köplügiň esasy özboluşlylygy bir zada syrygýar: Medeniýet hem tebigat özlerindäki Wagtyň mazmunynyň başga-başgalygy bilen tapawutlanýar. Tebigatda Wagt gutarnykly kemala gelendir we özüniň durnukly mazmunynyň gaýtalanyp durýanlygy bilen häsiýetlenýär. Medeniýetdäki Wagt, tersine, entek özüniň ähli mazmunyny açyp gutarmanlygy bilen häsiýetlenýär. Munuň sebäbi şundadyr: tebigatdaky Wagty bir Allanyň eradasy hasyl edýär, medeniýetde Allanyň eradasynyň, biziň köne akyldarlarymyzyň «takdyr» diýýäniniň üstüne «kesp» goşulýar. Kesp – adamzadyň döredijilikli işidir. Bu ikisiniň utgaşygy medeniýeti özboluşly barlyga, ýaşaýşyň täze bir giňişligine öwürýär.
Men özümiň ruhubelentlik pelsepämde «medeniýeti» düýpli pelsepe kategoriýasy hökmünde kesgitlemekçi. Ýöne şeýle kesgitlemeden öňinçä, dünýä pelsepesinde bu düşünjä berlen esasy many-mazmun kesgitlemeleri bilen tanyşdyrmak isleýärin. «Medeniýet» pelsepe düşünjesi hökmünde giç, XVIII asyrda aňlanylyp ugraldy. Şondan bärem iň görnükli pelsepeçileriň garaýyşlaryny umumylaşdyranyňda, bu düşünjä degişli şeýle kesgitlemeler gelip çykýar: medeniýet –
1) ýaşaýşyň biologik görnüşiniň üstünde gurnalýan, emma tüýsi we mazmuny boýunça oňa gapma-garşy bolan toplumdyr;
2) adamzadyň maddy we ruhy zähmetiniň miweleridir;
3) jemgyýetçilik kadalaryň we gurnawlarynyň ulgamydyr;
4) ruhy gymmatlyklar ulgamydyr.
5) adamzadyň aňynyň, hereketleriniň we ýaşaýşynyň özeni görnüşidir;
6) adamyň tebigata, beýleki adamlara we özüne gatnaşygynyň ulgamydyr.
7) adamzadyň däp-dessur, özara gatnaşyk (dil) ýaşaýşynyň şekilidir.
8) ynançlar we olaryň amaly bilen baglanyşykly ýaşaýyş endikleridir.
9) ahlak kadalary we ýörelgeleridir.
10) magaryf we jemgyýetçilik aňydyr.
Garaz, bir söz bilen, sadalaşdyryp aýdylanda, medeniýet – munuň özi adamzady adamzat edýän ýaşaýşyň tutuşlaýyn ýüze çykmasydyr. Şeýle düşünilişde esasy agram bir zada – adamzat diýilýän düşünjä berilmelidir. Medeniýet – adamzadyň ýaşaýyş dilidir. Munuň özi medeniýetiň jynsyna, dinine, milletine we gaýry özboluşlylyklaryna garamazdan, adamyň islendik köplüginiň ýaşaýyş täridigini aňladýar. Şonuň üçinem medeniýet adamzadyň esasy görkezijisi we medeni gymmatlyklar adamzadyň esasy gymmatlyklarydyr. Meniň bu aňlatmany pelsepäniň esasy düşünjesine öwürmegimiň öz düýpli amaly sebäpleri we amaly zerurlyklary bar. XXI asyrda adamzada täze ýaşaýyş ölçegleriniň zerurdygy aýan boldy. Adamzat san taýdan köpelip, siwilizasiýalary biri-birinden üzňeligini bes edip, bitewüleşmek hakyky hadysa öwrüldi. Ýer togalagy sözüň belli manylarynda adamzada darlyk edip ugraýar. Şu babatda men türkmeniň «Göwün sygsa, göwre sygar» diýen nakylyny ýatlamagy zerurlyk we ýerliklilik hasap edýärin. Dürli siwilizasiýalaryň, milletleriň, halklaryň medeni, dini-ynanç, ruhy we gaýry aýratynlyklary bu meselede birnäçe kynçylyklary we düşünişmezlikleri döredýär. Türkmen nakylynyň dilinde aýdanyňda, Ýer togalagyna adamzadyň «göwni sygmajak bolýar». Şeýle ýagdaýda dürli halklaryň degişli ýaşaýyş aýratynlyklaryna doly hormat goýmak bilen bir hatarda adamzadyň ählumumy ruhy bitewüliginiň nokatlaryny tapmak, adamzady birleşdirýän umumy gymmatlyklary ýüze çykarmak we kesgitlemek juda zerurdyr. Munuň özi adamzadyň göwnüni sygdyrmagyň zerurlygydyr. Men bu babatda şeýle pikir edýärin: biz XXI asyryň adamyny we XXI asyryň adamzadyny kemala getirmelidiris. Men häzir «kemala getirmelidiris» sözüniň howaýy hem badyhowa eşidilmezligini isleýärin. Bu hili zeruryýet az salymlyk syýasatyň däl-de, uzak wagt aralygyny we çylşyrymly prosesi aňladýan pelsepe meselesidir. Adamy, ýeke-täklikde alnan adamy göz öňüne getireliň. Adamlar biri-birinden gylyk-häsiýeti, düşünjesi, zandy we beýlekileri bilen tapawutlanýar. Beýle tapawutlar adamara gatnaşyklarynda birnäçe meseleleri, hatda kynçylyklary-da döredýär. Bularyň baryny adamlar biri-birine ýakynlaşdyrýan, özara düşünişmäge ýardam berýän umumy, häsiýetli meňzeşlikleri tapmak ýoly bilen ýeňip geçýärler. Adamara gatnaşyklarynda hem, umuman, islendik gatnaşyklardyr baglanyşyklarda hem durmuş, barlyk diýilýäniň hakykylygynyň, janlylygynyň iki sany tarapy bardyr: daşky reallyk hem-de içki reallyk. Pelsepäniň dilinde aýdylanda, sypaty barlyk hem-de zaty barlyk. Daşky ýa-da sypaty barlyk adam ýaşaýşynyň üstki gatlagy, gündelik ýaşaýyş akymynyň ýa-da prosesiň özüdir. Muňa üznüksizlik, gutarnyksyzlyk mahsusdyr. Munda wakalaryň hem-de hadysalaryň kä baglanyşykly, kä baglanyşyksyz görünýän, kä tötänlik, käte kanunalaýyklyk bolup görünýän, kä şertlendirilen, käte-de hiç hili zat bilen şertlendirilmedik bolup görünýän öňsüz-soňsuz akymy bardyr. Al-Gazaly bu akym adam tarapyn aňýetirerlikli däl, bir Allanyň eradasy bilen aýlanýan zatdyr diýip aýdýar. Abu Aly ibn Sina bolsa, tersine, munda adam akylyna aňýeterli, şonuň üçin onuň gatyşyp, üýtgedip hem düşünip biljek mantyk we tertiplilik, sebäpli, netijeli baglanyşyk bar diýip aýdýar. Nähili bolanda-da, biziň garaýan meselämiziň jähetinden bir zat aýan: bu üstki barlykda adamara gatnaşyklary olaryň dürli sypaty özara tapawudyna esaslanýar. Munda tapawut esasy zatdyr.
Emma zaty barlyga gutarnyklylyk we kesgitlilik mahsusdyr. Munda üstki barlygyň ähli manylary jemlenýär. Munuň özi jemdir, netijedir. Munda umumylyk esasy zatdyr.
Tapawut bilen umumylygyň dialektikasynda adam ýaşaýşynyň manysy kemala gelýär. Ahyrky netijäniň nukdaýnazaryndan, häzirki wagtda umumylyk has derwaýysdyr. Hut umumylyklar bitewülige, düşünişmeklige hem-de sazlaşyga alyp barýar. Adam başga bir adama, onda özüne-de mahsus zatlaryň bardygyny görenden soň, düşünip we ony kabul edip bilýär. Türkmen ertekileriniň käbir aňlatmasyny ýadyňyza salaýyn. Ertekilerimizde döwler: «Adam ysy bar» diýýändirler. Ýa-da erteki gahrymanlarynyň dilinde «Ynsmyň – jynsmyň?» diýen aňlatma ýörgünlidir. «Adam ysy», «yns» – ine, adamyň umumy, esasy aýratynlygynyň, düýp manysynyň, ruhy özeniniň kesgitlemesidir. Bize umumyadam gymmatlyklary hem-de umumyadamzat gymmatlyklary derwaýys gerek. Umumyadam gymmatlyklary – munuň özi adamyň jynsy, milli, siwilizasion, dini-ynanç çäkleri aradan aýrylanda galýan, adamy adam edýän ruhy ahlak mazmundyr. Aýdaly, jynsy tapawuda esaslanýan, şondan gelip çykýan çäkler bir adamyň beýleki bir adama gatnaşygyna ýaramaz öwüşgin berip biler. Muňa, ylaýta-da, söýgi meselesinde oňat göz ýetirip bolýar. Gürrüňsiz, söýgüde jynsy jähet bardyr. Emma hakyky söýgi diňe adama başga birine hut ruhy şahsyýet – Adam hökmünde garaýarka mümkindir. Hut şonuň üçinem men hemişe söýginiň iň hakykysy enäniň perzende bolan söýgüsidir diýip aýdýaryn.
Edil jynsy tapawut ýaly, ýokarda agzalan gaýry daşlaşdyryjy tapawutlar hem adamda hakyky Adamy görmäge we ony kabul etmäge päsgelçilik bolup biler. Meniň umumyadam gymmatlyklary diýýänim hem şol tapawutlardan halas düşünjeler we garaýyşlardyr.
Ýöne umumyadam gymmatlyklarynyň hem ölçegleriniň meselesi biziň pikir edişimizden has çylşyrymlydyr. Men meseläni pelsepe meselesi hökmünde goýýaryn. Çünki meniň üçin pelsepe meselesi iň çynlakaý, iň düýpli meseledir. Biziň döwrümizde degişli gymmatlyklar barasynda gürrüň az edilmeýär, emma olaryň peýdasy bir püçekdir. Sebäbi näme? Sebäbi olar pelsepe tekizliginden başga tekizlikde guralýar, şonuň üçinem howaýy, badyhowa hem-de gurak dabaraly gürrüňlerden aňryk geçmeýär. Munuň özi ýöne isleg-arzuwyň, ýöne ýagşy niýetiň derejesindäki mesele bolup galýar. «Gury sözden palaw bolmaýar», palawyň şireli netijeliligi pelsepeli sözdedir. Pelsepede bolsa islendik mesele, şol sanda umumyadam ölçegleri meselesi babatda-da ulanaýmaly pikir ýörediş, mesele açyş tärleri bar. Şolaryň birine-de mazmun hem-de şekiliň bitewüligi meselesi diýilýär. Ine, biz umumyadam ölçegleriniň gürrüňini edýäris. Eýse, adamyň mazmuny, şol sanda ruhy-ahlak mazmuny haýsy şekillerde ýüze çykýar? Elbetde, adamyň milli, siwilizasion, dini-ynanç degişliligi tarapyndan berlen şekillerde ýüze çykýar we ýaşaýar. «umuman adam» gury howaýylykdyr. Anyk adam bar, anyk millete, anyk dine, anyk siwilizasiýa we ş.m. anyklyklara degişli adam bar. Onuň adamçylyk mazmuny-da şol anyk şekillerde ýaşaýar. Şekilden daşarda hiç hili mazmun bolmaýar, mazmun şekilsiz ýüze çykyp bilmeýär.
Şeýle pikir öwrüminde biz birhili petige direlen ýaly bolýarys. Aslynda-da mesele çylşyrymlydyr. Ýöne gep meseläniň syýasy däl-de, pelsepe meselesidigindedir. Pelsepe düýpli we uzak geljekki mowzuklar bilen iş salyşýar. Biz XXI asyryň başynda umumyadam we umumyadamzat ölçegleri meselesiniň iň ilkinji düşünjelerini iş edinip başlaýarys. Men häzir bu meselede gelen netijämi bada-bat aýan etmekçi.
Umumyadam gymmatlygy – munuň özi hemme adamlar üçin ortalyk bolan ruhy-ahlak gymmatlyklarydyr.
Umumyadamzat ölçegleri – munuň özi islendik halkyň siwilizasion, milli, dini-ynanç we gaýry ölçegleri aýrylanda, şonda-da islendik halka hut bioruhy görnüş hökmündäki adamzada häsiýetli bolan ölçeglerdir.
Men muňa medeni ölçegler ýa-da medeniýet diýip kesgitleme berýärin. Adamzat – medeni görnüşdir, medeni jöwherdir, medeni birlikdir.
Aristotel adam syýasy jandardyr diýýär. Men adamzat medeni jandardyr diýýärin.
Hut medeniýet adamzadyň geljekki ýaşaýyş şekilidir. Hut medeniýet özge tapawutly ölçegleri bilen biri-birinden tapawutlanýan, biri-birinden daşlaşýan we hatda biri-birinden üzňeleşýän, sözüň ruhy-durmuş manysynda biri-birinden ýadyrgaýan halklary bitewüleşdirjek ýeke-täk altyn ortalykdyr. Dini, siwilizasion we beýleki tapawutlar XXI asyryň başynda külli adamzadyň ýaşaýşynda içki gapma-garşylyklaryň çeşmesi bolup durýar. Bu gapma-garşylyklar oňşuksyzlyga, dawa-jenjele, hatda uruşlara alyp barýar. Uzakmöhletleýin geljekde bulardan aman çykmagyň ýeke-täk ýoly umumyadamzat medeniýetine – gymmatlyklaryna geçmekdir. Munuň özi amaly jähetden jana-jan zerurlykdyr, nazary jähetden bolsa häzirlikçe, köplenç, nämälimlik we gümürtiklikdir. Bu iki jähetiň şeýle gapma-garşylygy-da örän köp kynçylyklary emele getirýär. Adamzadyň geljekki ýaşaýyş şekili bolmaly medeniýetiň mazmuny dini, siwilizasion, milli, synpy we gaýry bölekleşdiriji şekillerde däl-de, olaryň adamzada ortalyk bolan, ýöne hut şolardan gelip, syzylyp çykmaly umumy şekillerde ýaşap biler. Dinde, milletde, siwilizasiýada bar bolan iň umumy, barlyşdyryjy şekiller adamzat medeniýetiniň esasy özenini kemala getirmelidir. Bu gutulgysyzlykdyr. Ýa-ha adamzat ýaşaýşyň şol şekillerini tapmaly bolar ýa-da oňa örän kyn hossalar garaşýar.
Medeniýet bitewi düşünjedir. Ol, bir tarapdan, «tebigat» diýilýän bitewi düşünjäniň gapma-garşylygy hökmünde, beýleki tarapdan bolsa, göräýmäge, «medeniýetiň» öz içinde ýaşaýan, onuň jähetleri bolan käbir hususy düşünjeleriň gapma-garşylygy hökmünde ör-boýuna galýar. Birinji jähetdäki gapma-garşylyk «panylyk, bakylyk» meselesi bilen baglanyşyklylykda mana gelýär. Şu manyda medeniýet – munuň özi ölümi ýeňip geçmegiň köpçülik bolup amala aşyrylýan hajatydyr. Freýdiň aýdyşynyň tersine, medeniýet bilen tebigatyň arasyndaky gapma-garşylyk ýaşaýşyň bir görnüşiniň beýlekisi tarapyndan basylmagy däldir. Ýok, bu ölüm bilen dirilik arasyndaky göreşdir. Diriligiň hatyrasyna adamzat özüniň tebigatdan alan käbir instinktlerini we hyjuwlaryny basmaly bolýar, çünki beýdilmese, medeni ýaşaýyş mümkin däldir. Medeniýet arkaly adamzat tebigy, fiziki ölümiň öwezini dolýar. Adam şahsynyň başy ölümlidir. Bu tebigatyň kanuny. Şol ýowuz kanuna adamzat köpçülik bolup medeniýeti döretmek arkaly garşy çykýar. Medeni ýa-da ruhy ýaşaýjy hökmünde adam bakydyr. Adamzadyň ýüzlerçe nesilleriniň irginsiz ruhy hem beden zähmeti netijesinde döredilen medeniýet Wagtyň täsiriniň ýöremeýän giňişligidir. Tebigat hem, adatylyk hem panylyk kanuny boýunça ýaşaýar, ýagny bularda üznüksiz, müdimi ýaşaýyş çalşygy, gezekleşigi dowam edýär. Munda hemme zat pelegiň elindäki serişde, munda şahslara hiç hili bakylyk ýok. Medeniýet çalşykdan, üznüksiz gezekleşikden sypmagyň täridir. Munda bir döredilen beýiklik bakylyk häsiýetine eýe bolýar. Adamlar toplum bolup, bakylyk ugrunda işleýärler, her kim, her nesil bu işe öz goşandyny goşýar. Adam şahsy ölüme gidýär, emma onuň şahsyýeti bolsa medeniýetde – adamzadyň külli ýaşaýyş şekillerinde galýar. Hut medeni işiň kämilleşmegi we netijesiniň artmagy bilen adamzat barha we barha beýgelip, tebigat syrlaryna barha köp aralaşyp barýar. Netijede, sap ruhy bakylyga ymtylan adamzat munuň mümkin däldigine, bakylygyň ruhy-ten bitewülikde amala aşmagynyň has hakykylygyna göz ýetirýär.
Ruhy götergilemeseň, ten hiç zatdyr.
Şu ýerde-de medeni gözlegleriň dini gözleglerden tapawudy aýan bolýar. Dini gözlegler bu göze görnüp duran dünýäde bakylygyň mümkin däldigi baradaky netijelere getirdi. Şonuň üçinem din adam şahsyna dünýäden çykmagy, öz bakylygyny iman arkaly gazanmagy maslahat berýär. Munda bakylyk gaçybatalga hökmünde göz öňüne gelýär. Bakylyk çykalga däl, çykgynsyzlyk hökmünde göz öňüne gelýär. Ol hatda gutulgysyz ölümiň çöwresi, başgaça atlandyrylyşy bolubam görünäýýär.
Medeniýet panylykdan gaçmak däl, panylygy bakylyga öwürmek işidir. Munuň üçin külli adamzadyň tagallasy gerekdir. Adamzat bolsa panylygyň sebäplerine doly göz ýetirip, diňe ondan soň bakylyk şekillerini tapyp hem tapynyp biler. Bu medeniýetiň wezipesidir. Medeniýet adamzada mahsus gapma-garşylyklary we çäklilikleri aradan aýyrmagyň hem-de adamzady bitewi şahsyýete, göwrä öwürmek işidir.
Emma adamzadyň ýaşaýşy diňe medeniýetden ybarat däldir. Agyň ýanynda garanyň, belendiň ýanynda pesiň bolşy ýaly, medeni ýaşaýyş bilen bir wagtda güzeran ýaşaýşy hem bar. Men muňa «Adatylyk» diýip at berýärin.
Filosofiýa