EDEP KÄMILLIGI / Edebiýat
Medeniýetiň esasy ýüze çykmalarynyň biri edebiýatdyr. Edebiýat sungatyň bir görnüşi, söz sungaty hasap edilýär. Ýewropada soňky dört ýüz ýylyň dowamynda edebiýat aň görnüşleriniň içinden saýlanyp, sungatyň hataryna geçdi. Munuň özi Günbatarda buržuaz jemgyýetiniň döremeginiň, Günbatar ruhunyň dünýewileşmeginiň kanunalaýyk taryhy netijesi boldy. Ruhuň dünýewileşmegi edebiýatyň dini aňdan, pelsepeden aýrybaşgalaşmagyna we onuň sungata öwrülmegine getirdi. Bu ruhuň ösüşindäki örän düýpli hadysady. Dünýä alymlary şu içki ruhy ontologik özgermä az üns we ähmiýet berýärler. Munuň özi iş ýüzünde edebiýatyň transsendentlik häsiýetini ýitirip, adatylygyň gözelligine tarap ugur alandygyny, dünýäleriň serhedindäki hakykylykdan çekilip, diňe şu dünýäniň şekili bolup ugrandygyny aňladýar. Edebiýat adatylykdan gözellik gözläp, realizm usulyna geçdi. Ol hatda adatylykdan gaçganaklaýan halatynda hem, ýaşaýşyň täze dünýäüze giňişliklerini ýene şu dünýäň içinde we şu dünýäň çäklerinde gözlemek hem tapmak işine meşgul boldy. Ýewropa edebiýatynda realistik däl akymlaryň we usullaryň döremegi şeýle hadysa bilen baglanyşyklydyr. Esasy zat – edebiýat Ýewropa üçin reallykdan ýokardaky gudrat, ruhuň dünýäara hadysasy bolmagyny bes etdi. Şu sebäpli hem edebiýat özüniň orta asyrlardaky kesgitleýji ruhy ornuny, ruhy tutumlylygyny ýitirdi, öň pelsepe, ylym, din ýaly aň, ruhy tutumlylyklary bilen deň hatarda bolan edebiýat has dar göwrümi edinip, sungatyň bary-ýogy bir görnüşi bolup, ömrüni dowam etdirdi. Ýewropada häzirem edebiýatyň mülki barha kiçelmek hem azalmak bilen. Onuň mülküni basyp almagyň hasabyna kinematografiýa, ylaýta-da XX asyrda telewideniýe barha ösüp hem barha örňäp barýar.
Men edebiýata has giň jähetden seredýärin. Gündogar, şol sanda biziň üçin hem edebiýat ýöne we diňe bir sungatyň däl, eýsem tutuş medeni dünýägaraýşyň, tutuş ruhuň bir görnüşidir. Diýmek, ol biziň üçin we biziň durmuşymyzda has giň we has tutumly ruhy şekil hadysasydyr. Beýle düşünilişiň çäginde ýazyjy, şahyr üçin edebiýat eliň aşagyndaky gural, serişde däldir, tersine, edebiýaty dörediji ruhuň elindäki aňladyş guralydyr. Edebiýaty dörediji pygamberpisint şahsyýetdir. Ol ruhuň bakylyk mekanynyň hakykatlaryny panylykdakylara habar beriji şahsyýetdir. Bizde şahyra pygambergöýe, weli hökmünde garalmagynyň aňyrsynda edebiýatyň dünýäüze gelip çykyşyny we dünýäüze tebigatyny ykrar etmek ýatýar. Şahyryň esasy iki sypaty – pygamberpisintligi we weliligi onuň gudratlylygyndan we keramatlylygyndan habar berýär. Şahyr Hakdan içen bolmalydyr we Hakdan halatly bolmalydyr.
«Hakdan içmek» aňlatmasynyň manysyny düşündireýin. Pygamberpisintlik – bakylyk habarynyň eýesi bolmak, welilik – bakylygyň ýarany bolmak, bakylyk sapynda bolmakdyr. Öňýeten goşguça şahyr diýilmeýänliginiň sebäbi şeýle ruhy beýiklikler bilen baglanyşyklydyr. «Hakdan içmek» hem şol ruhy beýikliklere dahylly bolmaklygy aňladýar. Şahyr gaýybana barlykda erenlerden ak pata almalydyr. Ak pata – il içinde, dünýä içinde şahyrlyk etmäge rugsat we ukyp, hukuk we başarnyk almak manysyndadyr. Biziň edebiýatymyzda şeýle gaýybana reallygyň esasy görnüşi hökmünde, köplenç, düýş beýan edilipdir. Düýş diýilýäni bu ýerde dürli jähetden teswirlemek mümkin. Düýşe düýpli içki-psihologik hadysa hökmünde-de, daşky-ylahy pursat hökmünde-de garamak bolar. Nähili garalanda-da, munda esasy zat, düýşüň ruhy simwolikasydyr. Adaty barlykdan tapawutlandyrylýan düýş başga bir ölçegli dünýä geçilmeginiň nyşanydyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, düýş we onuň dünýäüze tebigaty barasynda käbir zatlary aýtmak gerek. Düýş özüniň syrlylygy, geň-taňlygy, garaşylmadyklygy bilen haýran galdyrýar. Aslynda düýşüň özi adam psihikasynyň täsin bir sungatydyr. Ol adam aňynyň bir barlykdan başgasyna wagtlaýyn geçmegidir. Ol başga barlygyň öz ölçegleri bar. Ol barlyk biziň daşymyzy gurşap alýan dünýäniň manysyna düşünmäge we düşündirmäge açar bolup hyzmat edýär.
Emma gaýybanalyk manysy düýşden has giňdir. Gaýybanalyk – maddy kanunalaýyklyklaryň togtap, diňe ruhy ölçegleriň hereket edýän dünýäsidir. Bu dünýä girmek, onda bolup görmek diňe belli-belli adamlara berilýär, muňa şahsy ruhy tejribe diýilýär. Hakdan içmek atlandyrylýan şeýle ruhy tejribäniň düýp manysy nämeden ybarat?! Munuň özi täze ruhy şahsyýet bolup döremekdir, dünýä başga adam bolup täzeden gaýdyp gelmekdir. Biz weli şahyrlaryň ak pata alşy baradaky rowaýatlarymyzdaky esasy pursatlary ýatlap geçeliň. Weliler – erenler, ýagny gaýybana dünýäniň ýaşaýjylary pata berilýän kişiniň göwresini-bedenini haýsydyr bir ruhy jöwher (substansiýa) bilen tämizleýärler, onuň beden birligi düýbünden üýtgeýär. Içi nur bilen doldurylýar. Oňa dem urulýar. Soňra bolsa ol welileriň degresinde oturyp, al şerapdan içýär. Şonuň üçinem oňa Hakdan içen diýilýär. Şeýdip, ol başga bir şahsyýete öwrülýär. Şondan soň ol şahyr bolýar – onuň aýtjak sözleri diline gelip dur, ol bu dünýäniň geçmişini-de, geljegini-de görüp hem görkezip oturan keramatla öwrülýär.
Ylmy tarapdan alanyňda, ak pata şahyryň içindäki ruhy-döredijilik gorunyň göz açmagydyr. Düýş görmek – panylyga bakylyk tarapdan seretmek we onuň düýp manysyna düşünmekdir. Gaýybanalyk jähetinden, biziň dünýämiz birnäçe dünýäleriň diňe biri hökmünde görünýär. Şahyrlyk şu manyda dünýälere syýahat etmek, edebi döredijilik bolsa ruhy syýahatyň geň-taňlyklaryny beýan etmek bilen barabardyr. Göze görünýän maddy barlygyň çäginden çykyp bilmeýän adam şahyr bolup bilmeýär. Şahyrlyk birbada, şol bir wagtda birnäçe dünýäde ýaşap bilmek ukybydyr.
Edebiýaty iki sany sypat hakyky edebiýat edýändir: bularyň birinjisi ekzistensial alyslyk, ikinjisi bolsa ekzistensial gözellikdir. Şu tarapdan häzirki edebiýatyň iki çeşmesi – taryhy-ruhy çeşmesi hem-de emosional-ruhy çeşmesi bardyr. Birinji çeşme mifologiýa, ikinjisi bolsa düýşdür. Hut şonuň üçinem miflerdäki we düýşlerdäki ekzistensional alyslyk we gözellik başga hiç bir ýerde ýokdur.
Men edebiýat biziň üçin dünýägaraýşyň şekilidir diýipdim. Häzir şu pikiri gözellik ruhunyň taryhy nukdaýnazaryndan hasam giňeldip, şeýle diýmekçi: edebiýat tutuş ruhy medeniýetiň bir görnüşidir. Adamzadyň medeniýetiniň taryhyny men iki sany aýry-aýry hil döwrüne bölýärin:
1. Edebi medeniýet.
2. Edebi däl, teleýaýlym medeniýeti.
Ýokarky söz düzüminiň birinjisinde «edebiýat» sözüni giň manyda ulanýarys. Bu jähetde «edebi» sypaty ýazylan, kitap görnüşde diýen manyny aňladýar. Onuň garşydaşlygy bolsa ýazylan görnüşde däl, kitaby däl diýmekdir. Eger ünsli garasaň, adamzadyň medeni-ruhy taryhynda esasy iki döwri ýokarky kesgitlemeler arkaly aňladyp boljagy aýdyňdyr. Tä XX asyra çenli edebi medeniýet esasy forma, agalyk ediji forma bolup geldi. XX asyrda kinematografiýanyň, telewideniýäniň, soňra bolsa kompýuteriň oýlanyp tapylmagy bilen edebi däl, kitap görnüşindäki däl medeniýet öňe çykdy. Neşir, kitap, edebi ulgamynyň ornuna teleulgamy geldi. Munuň özi adamzadyň medeniýetiniňem tüýsüni üýtgedip ugrady, munuň özi adamzadyň ruhy şahsynyň mazmunyny-da üýtgedýär.
Edebi medeniýet döredilýärdi, indi medeniýet öndürilip ugraldy. Hawa, hawa, öň edebi medeniýet döredilýärdi, indi bolsa edebi medeniýet öndürilip ugraldy. Munuň özi dünýewileşmegiň getiren netijesidir. Ikinji barlyk bolan medeni giňişlik öň şertli göterijiniň – kitabyň içinde ýaşaýardy. Indi ol teleýaýlyma öwrüldi.
Beýle geçişiň, beýle öwrülmäniň düýpli amaly netijeleri bar. Edebi medeniýetiň wekili bilen teleýaýlym medeniýetiniň wekiliniň arasynda örän çuňňur tapawutlar bar. Edebiýat akyl arkaly intellektual özleşdirmedir. Ol paýhasyň irginsiz hem-de yzygiderli işini talap edýär. Kitap okamak uly akyl zähmetidir. Bu zähmet arkaly adam özüni kämilleşdirýär, alysdaky dünýälere öz aýagy bilen, öz eli bilen, öz pikirleri bilen gadam basýar. Teleýaýlym medeniýetinde beýle zähmetiň zerurlygy tas aradan aýrylýar. Ol intellektual emgegi az talap edýär. Ol akyl özleşdirilmesi tas talap edilmeýän barlygy – daşky barlygyň özboluşly taýýar «nusgasyny» berýär. Oňa özüň barmaly däl, onuň özi seniň üstüňe gelýär. Hut şonuň üçinem indi adam köplügi kitaba däl, telereallyga ymtylýar.
Edebi barlygy sen awtoryň berşinde kabul edýärsiň. Teleýaýlym barlygy bolsa tomaşa etmek arkaly kabul edýärsiň. Taýýar däl edebi reallyk seniň içki işiňi, içki energiýaňy talap edýär. Munuň özi pelsepeçi Şpengleriň dili bilen aýdylanda, Ýewropada medeniýetiň siwilizasiýa öwrülendigini, pelsepeçi Haýdeggeriň sözleri bilen aýdylanda bolsa, barlygyň salgyma dönendigini aňladýar. Gudratyň ornuna bary-ýogy geň-enaýylyk, keramatyň ýerine bolsa bary-ýogy oýlap tapyjylyk gelýär.
Bar gep, bar zadyň «emmasy» dildedir. Käbir ýiti hem-de synçy adamlar sesli kino çykanyndan soň kinematograf sungat hökmünde öldi hasaplaýarlar. Olaryň pikiri düşnüklimikä diýýärin, her bir düşnüklilikde bolsa hakykatyň paýy bar. Adatça aýdylşy ýaly, ähli beýik zatlar düşnüklidir. Sessiz kino durşy bilen şekillendiriş sungatynyň hadysasydy. Seslilik kinony dürüşdä öwürdi.
Edebiýat adam ruhuny tutuşlygyna dil arkaly ýüze çykarýar. Dil ruhuň içki hadysasydyr. Dil aňyň göni içden daşa çykmagydyr. Edebiýatyň bar güýji we gudraty-da, onuň aýratynlyklary-da şundan ybaratdyr. Ruhuň dil arkaly aňladylan ähli ýüze çykmalarynyň bary-da edebiýatdyr. Ruhuň dil däl görnüşler arkaly ýüze çykmagy medeniýetiň başga görnüşlerini we tiplerini kemala getirýär.
Dilde ruhuň hylwatylygy we pynhanlygy ýüze çykýar. Çünki edebiýat köplük däl, ýekelikde döreýär, köplük däl, ýekelikde hem kabul edilýär. Edebiýatda şahsyýetiň döredeni şahsyýete hem barýar. Başgaça aýdylanda, ýürekden çykan söz ýürege barýar.
Edebiýatyň syry diliň syrlylygyndandyr. Dil bolsa özüniň fiziki gabygyna garamazdan, aslynda dünýäüze närsedir. Tebigatda dil ýokdur, dil ruhdandyr.
Dil – ruhuň adamyň içinden daşa çykmagydyr. Edebiýat ruhy çeper şekiller arkaly daşa çykarýar. Daşa çykýan ruhuň mazmuny näçe düýpli we näçe çylşyrymly bolsa, edebiýatyň dili-de şonça köpşekillidir. Edebi şekilleriň içinde iň rüstemi bolsa simwoliki dildir. Simwol ruhuň aňrybaş köp barlygyny we aňrybaş köp düýplüligini öz içine alýar. Simwol arkaly ruh öz-özünden azat bolýar we öz-özünden lezzet alýar.
Ilki bilen, simwolyň ruhuň öz-özünden halas bolmak işi hakynda käbir pikirleri aýdaýyn. Simwol mümkingadar köp ruhy energiýany azat edýär, boşadýar. Ol ruhy aýan etmegiň çuňluk guralydyr. Simwol aňrybaş köp many çuňlugyny öz içine alyp bilýär. Ol çuňlugyň dilidir. Simwolyň kömegi bilen ruh öz çuňluklaryna ýetýär we akyl ýetirýär. Ol hemişe alamatdyr. Alamat bolsa berlen barlykdan başga bir, aňyrky barlyklara geçmegiň köprüsidir. Simwol adam ruhuny ýalpaklykdan halas edýänligi bilen häsiýetlidir. Çuňňurlyk bolsa adam ruhunyň esasy hajatlarynyň biridir. Eýse ýalpaklyk hem çuňňurlyk diýenimde men nämeleri göz öňünde tutýaryn?! Ýalpaklyk – eýýäm ýetilen, barylan, akyl ýetirilen çäkdir. Ol gyzykly, syrly we imrindiriji bolmagyny bes eden barlykdyr. Geçilen menzil arzylylygyny, ýetilen maksat gymmatlylygyny ýitirýär. Çuňňurlyk bolsa entek barylmadyk alyslykdyr. Daşdaky barlykda Asmandan çuň, içde bolsa ruhdan çuň zat ýokdur. Şol sebäpli hem bular hemişe süýji elýetmezligi özünde saklaýar. Çäksizligi alamatlandyrýar. Çäksiz ruh beden çäkliliginiň öwezidir. Çäkliligi adam petik hökmünde kabul edýär. Simwol çäksizlikleri açýanlygy bilen arzylydyr we gymmatlydyr. Çäksizlik – giňişlige, azatlyga çykmakdyr. Azatlyk hereketiň barha we barha täze görnüşlerini, usullaryny ele almak mümkinçiligidir hem-de başarnygydyr. Hereketlilik – diriligiň ýeke-täk subutnamasydyr. Ruhuň hereket usuly bolan simwol azatlyk serişdesidir. Özboluşly simwoliki dil edinip bilen edebiýat beýiklik derejesine ýetýändir. Çünki ol juda çuňlukdaky ruhy gymmatlyklary aňlatmaga ukyply bolýar. Adam ruhunyň çuňlugyna näçe gitseň, seniň bakylyga dahyllylygyň hem şonça artýar. Sebäbi sen geldi-geçerlikleriň, wagt arkaly çäklendirip bolýan ýalpaklyklaryň deňinden has düýbe gidýärsiň. Seniň akyl ýetiren hakykatlaryň ähli ýa-da örän köp döwürler üçin ähmiýetli, gerekli we gyzykly edebi açyşlar hökmünde öňe çykýar. Öňdeligini ýitirmänem, asyrlardan asyrlara geçip ýaşaýar.
Simwol ruhuň öz-özünden maza we eşret tapynmagynyň iň ajaýyp serişdelerindendir. Simwol ruhy işdämenligi artdyrýar, simwol hiç mahal berçikdirmeýär, edebi-estetiki duýgularyň mädesine degmeýär. Gönümellik, açyklyk edil ýalpaklyk ýaly adam ruhunyň pisint etmeýän zatlaryndandyr.
Simwol aýlawlylykdyr. Mundan-da beter simwol özboluşly ötlem-ötlemlilikdir. Ol çykalgany daşlaşdyrýan manydaky ötlem-ötlemlilikdir. Simwolyň şu manydaky göze yssylygy adam ruhunyň alyslygy we maksat uzaklygy gowy görmek aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr. Wysal hezillikdir we lezzetlilikdir, emma çyn many we çyn eşret aradaşlykdadyr. Many gözleginde simwolyň yzyna düşmek, oýlanmak adam akyly üçin iň lezzetli we täsin seýranlaryň biridir.
Edebiýatyň ýaşynyň uzaklygyny ondaky syrlaryň we çuňluklaryň mukdary kesgitleýär. Syrlar hem çuňluklar edebiýat üçin ýaşaýyş gorudyr. Syrlaryň açylmagy we çuňluklara ýetilmegi edebiýatyň ömrüni paýawladýar. Adam ruhy gor çeşmesine mätäçlik zerarly edebiýata ýüzlenýär. Çeşmäniň kör galmagy bilen ondan daşlaşmak, ony unutmak başlanýar. Göwün täze çeşmeleriň gözlegine çykýar.
Edebiýatyň durmuş bilen gatnaşygy meselesi möhüm ähmiýetli we entek köptaraply aýdyňlaşdyrylmaly meseledir. Bir zat aýan: edebiýat durmuşyň şöhlelenmesi hem, durmuşyň kölegesi hem däldir. Ol ruhuň has özbaşdak hadysasydyr. Edebiýat ruhuň durmuşa bolan özboluşly gatyşmasydyr. Edebiýat ruh, göwün hadysasydyr. Ony hemişe we başdanaýak durmuş bilen düşündirjek bolmak, durmuş babatda onuň ikinjiligini we goşmaça netijedigini tekrarlamak nädogrudyr. Ol durmuş bilen barabar, deň barlykdyr. Hatda kämahal durmuşyň özüniňem edebiýatda ikinjilik ähmiýetine geçmegi mümkindir. Durmuşyň özüniň edebiýatyň netijesi bolmagy mümkindir.
Medeniýetiň islendik başga bir görnüşi ýaly, edebiýat adama özüni adam hökmünde aňlamaga mümkinçilik berýär. Edebiýatyň ruhubelentligi döretmekdäki we amala aşyrmakdaky ähmiýeti jedelsiz uludyr. Ruh edebiýat arkaly ýaşaýşyň tagamyny we mazasyny alýar. Ol adamda ruhanalygyň möçberini we derejesini kesgitleýär. Şeýle serişde hökmünde edebiýat juda güýçli hadysadyr. Çeper söz adamy agladybam bilýär, güldüribem. Ylaýta-da, bizde – Gündogarda edebiýatyň tas gudratly hem keramatly güýji oňat ýüze çykýar. Bizde edebiýat Günbatardaky ýaly tehniki guralyň bir görnüşi däldir. Edebiýatyň mukaddeslik we hatda ylahylyk derejesi hem-de orny bar. Munuň özi biziň medeniýetimiziň dünýäüze tebigatyndan gelip çykýar.
Edebiýat – edebiňi kämilleşdirmegiň mekdebidir. Edebiýatyň kämillik derejesi – halkyň kämillik derejesiniň görkezijisidir. Türkmen halky edebiýata, edebe aýratyn gadyr-gymmat goýýan halkdyr. Oguz han Türkmen Söze, Edebe aýratyn ähmiýet beren handyr, nesilbaşydyr. Edebiýatda oguznamaçylyk uslybynyň, mekdebiniň döremegi-de Oguz hanyň Söze, Edebe uly ähmiýet berendiginiň netijesidir. Dünýä halklarynyň döwlet dolandyryş taryhyny yzarlanyňda türkmen halkynyň döwlet dolandyryşyndaky bir düýpli milli özboluşlylyk bada-bat gözüňe ilýär. Ol hem edebiýatyň döwlet dolandyryşynda, syýasatynda, aňyýetinde esasy serişde bolup hyzmat edendigidir. Geçmişde segsenden-de gowrak şalyk, döwlet döreden türkmen milleti ýurdy parahat, agzybir, jebis saklamak üçin edebiýata daýanypdyr. Türkmen patyşalarynyň galabasy-da döredijilik bilen meşgullanypdyrlar, anjaýyn gazallary döredipdirler.
Biz bu gün türkmen ruhyýetini bäş eýýama bölýäris. Özem şol eýýamlaryň her birinde halkyň öňüne düşen ruhy pygamberleri, halkyň mukaddeslik hökmünde kabul eden kitaplary bolupdyr. Sowet döwründe biz Oguz han Türkmeniň «Oguznamasyny», «Gorkut ata», «Görogly», eposlaryny, Magtymgulynyň kitaplaryny çeper eser hökmünde kabul edip okadyk. Aslynda welin, ol kitaplar öz eýýamlarynda mukaddeslik, atabeglik, ynanç-ygtykat kitaplary bolupdyr. Ol mukaddes saýylan kitaplar bäş müň ýyllyk taryhy menzilde türkmen halkyny dini birlikde, ruhy bitewülikde saklapdyr.
Din adamzat ruhunyň şu wagta çenli ýüze çykan iň beýik hadysasydyr. Dindäki esasy many merkezi bolsa Hudaý düşünjesidir. Hut Hudaý düşünjesiniň, Ylah barlygynyň ýüze çykyş aýratynlygy bilenem dinler biri-birinden tapawutlanýarlar. Men häzir dinleriň amal – däp we dessur aýratynlyklaryny däl-de, düýpli dünýäüze parhyny – dinde maddy-fiziki barlygyň aňyrsyndaky barlyklaryň aýan bolşuny göz öňnde tutýaryn. Ine, onsoň her din Hudaýy özüçe göz öňüne getirýär, has dogrusy, özüçe açýar. Esasy mesele şundan ybaratdyr: Hudaýyň şu pany dünýä gatnaşygyny nähili göz öňüne getirmeli?! Hudaý şu pany dünýäde nämeler arkaly görünýär?!
Şu meselede biziň dinimiziň – yslamyň beýleki dinlerden düýpli tapawudy bar. Yslam Biribary diňe bir närsäniň – onuň öz Sözüniň üsti bilen aňlaýar. Eýse munuň özi pelsepe jähetinde nämäni aňladýar?! Söz, öňem aýdyşym ýaly, fiziki gabykly dünýäüze hadysadyr. Allanyň diňe bir närse – öz Sözi arkaly göz öňüne getirilýänligi yslam medeniýetinde sözüň aýratyn, üýtgeşik, ylahy derejä ýetmegine getirdi. Elbetde, Gurhan Allanyň sözüdir. Emma ol Allanyň adamzat dilinde, adamzada düşnükli derejede berilmegidir. Dinimiziň şu hili aýratynlygy yslam medeniýetinde Sözüň – Edebiýatyň başga hiç bir medeniýetde ýetmedik hiline getirdi. Netijede, beýik söz medeniýeti döredi.
Allanyň dahyly bolanlygy sebäpli, edebiýat biziň üçin ylahy we mukaddes barlykdyr. Edebiýatdan alynýan ýaşaýyş gory gudratlydyr, çünki söz ylahy gatyşykly barlykdyr. Ol ruhubelentligiň baş çeşmesidir.
Filosofiýa