PELSEPE
Sungat – ruhuň howalalylygydyr.
Ylym – paýhasyň zeminiligidir.
Din – iki dünýäniň köprüsidir.
Pelsepe – sungatyň, ylmyň, diniň özeninde ýatýan maňyzdyr.
Pelsepe barlygyň düýp manylaryny teswirlemek bilen meşgullanýar.
Pelsepesizem sungat mümkindir, emma bu hakyky sungat bolmaz.
Pelsepesiz hem ylym mümkindir, emma bu uly ylym bolmaz.
Pelsepe maňzyndan mahrum din ýönekeý rowaýatlara öwrüler. Pelsepe arkaly ýaşaýşyň baş hem düýp ählumumy kanunalaýyklyklaryna akyl ýetirilýär.
Allatagala öz halan milletine pelsepe ylhamyny berýär. Pelsepe ylhamy ýaşaýşyň düýp manysy barasyndaky pelsepe ýöretmek işine getirýär. Pelsepe ýöretmek ýaşaýşyň hususylyklaryndan ählumumylyklaryna geçmekdir. Aslynda pelsepe, esasan, iki işi göz öňünde tutýar: düýp manylaryň pelsepe seljermesi we ählumumylyklaryň netijesi. Ruhuň aýratyn we ýörite işi manysyndaky pelsepe islendik milletiň ruhy ýaşaýşyny gutarnykly we bitewi barlyga öwürýändir. Nazary pikirlenme görnüşindäki pelsepe jana-jan zerurlykdyr. Onuň ýoklugynda millet belli bir maksatsyz hem-de paýansyz ýaşaýan adama çalym edýär. Hut pelsepede milletiň külli ýaşaýyş barasynda çykaran ahyrky netijeleri hem-de durmuşdan alan sapaklary jem bolýar. Şu jähetden, pelsepe – munuň özi milletiň paýhas hem parasat alapasydyr. Elbetde, millet şeýle gorsuz we alapasyz hem ýaşap biler, ýöne munuň özi milletiň ruhunyň pytraňňy, parça-parça hem-de ýugrumy ýetmedik halda bolmagyna getirer.
Milletiň paýhasynyň derejesi, ruhunyň çuňňurlygy we düýplüligi onuň diliniň bir aýratynlygynda belli bolýar, bu hem onuň pelsepe diliniň – pelsepe adalgalarynyň kämilligi – kemala gelenligidir ýa-da gelmänligidir. Pelsepe akyl ýetirmesine eýe bolan millet kämil milletdir. Ol özüni bitewi ruh hökmünde aňlamak, ýaşaýyş barasynda öz hususy pelsepesini orta atmak ukybyna ýetendir.
Paýansyz ýaşaýyş we netijesiz iş barlygyň bikemallygydyr. Pelsepeli pikirýöretme barlygy soňuna çenli alyp gidýär we ony bitewüleşdirýär.
Pelsepe senet däldir, pelsepe sungatdyr. Eýse bu pikir nämäni aňladýar? Munuň özi pelsepede esasy işçiniň akyl bolsa-da, başçynyň ýürekdigini aňladýar. Adamyň pelsepä gyzyk, meýilli we ukyply bolmagy üçin, ony ýüreginde dünýäüze heserlenme, barlyklaryň aňyrsynda öwsüp gelýän hasrat şemalyna uçrama bolmalydyr. Aslynda pelsepe adatylykdan we hususylykdan ýaňa adamyň ýürek gysmasyndan dörän zatdyr. Ylymdan we sungatyň käbir hillerinden tapawutlylykda, pelsepe dünýäniň içindäki däl-de, dünýäniň iň aňyrky serhedindäki, barlyk bilen gaýyplygyň araçägindäki ruhy gözleglerdir. Diňe şeýle hetde ýetende, diňe şol nokada baranda, biz ylmy ýa-da çeper pikirýöretme pelsepe tebigatyna eýe bolýar, pelsepe sypatyna geçýär diýip aýdyp bileris. Şonda ylmyň ýa-da sungatyň düzüminde pelsepe goýazylygy we pelsepe şiresi peýda bolýar. Munuň özi miwäniň bişip-bişip, ahyrsoňunda şirä, bala öwrülmegi pisint bir dowamatdyr.
Pelsepeçiniň ýüreginiň gulaklary barlygyň aňry ýanyndan gelýän owazlary eşitmäge mähetdel we ukyply bolýar. Onuň göwni iň uly, iň esasy döwürleriň has ýokarsyndaky ýa-da has düýbündäki hakykatlara imrinegen bolýar. Munuň özi barlygy şahyrana duýuşdyr, dünýäni şahyrana kabul edişdir. Pelsepeçiniň zandy şahyranadyr. Pelsepe derýasynyň gözbaşy şahyrana hyjuwlanmadyr. Şeýle zandy bolan kişi haýsy ugurda gözleýän, agtarýan, işleýän adam bolsa-da, ahyrsoňy pelsepä gelýär. Özgeleriň edýän işi, ýaşaýan ýaşy, meşgullanýan pişesi oňa ownuklyk hem hususylyk bolup görünýär. Ol iň esasy zady, has uly zady we has düýpli, has umumy zady küýseýär. Pelsepe ýoluna düşýän adam külli barlygy bir pikire, bir söze, bir garaýşa, bir taglymata sygdyrmak isleýän adamdyr. Onuň dünýäni bir zarbada alasy gelýär. Munuň özi birlige we bitewülige ýetmegiň gözlegidir, küýsegidir.
Sungat «nähili» diýen sowala jogap gözleýär.
Ylym «näme üçin» diýen sowalyň jogabyny agtarýar.
Pelsepe bolsa «näme» diýen sowal üstünde baş agyrdýar.
Eýsem-de bolsa bu sowallaryň içinde iň möhümi soňkusydyr. Çünki başky iki sowal hut soňka belli bir – dogry-u-nädogry jogap tapylandan soň ýüze çykýandyr. Geň görünmegi mümkin, ýöne hut soňky sowala jogap tapmak has kyndyr.
Biziň pelsepe medeniýetimiz, esasan, tasawwuf-sopuçylyk bilen baglanyşyklydyr. Sopuçylyk mistisizm hökmünde häsiýetlendirilýär. Men mistisizmiň iki hilini tapawutlandyrýaryn: birinjisi howaýy, ikinjisi bolsa sagdyn mistisizm. Sopuçylygyň ikinji mistisizme mahsus aýratynlyklaryny özünde saklaýan taraplaryna men ýokary baha berýärin. Şeýle sopuçylyk adamzadyň ruhy gözlegleriniň miweli hem netijeli ugrudyr. Şu jähetden men XX asyryň görnükli pelsepeçisi Albert Şweýseriň «Pelsepäniň geljegi mistisizm bilen baglanyşyklydyr» diýen pikirini öňdengörüjilik hasaplaýaryn. Sebäbi näme? Sebäbi mistisizm aslynda adamzat nesliniň düýpli ruhy ewolýusiýasynyň hadysasydyr. Tebigatyň millionlarça ýyllyk ösüşi biologik ewolýusiýany ýüze çykardy. Şeýle ewolýusiýanyň netijesinde Homosapiýens – «Paýhasly adam» diýilýän jandar döredi. Munuň özi bioewolýusiýanyň, belki, wagtlaýyn, belki-de hemişelik togtamagynyň amaly hökmünde görünýär. Şondan soň ewolýusiýanyň başga bir görnüşi – ruhy ýa-da ruhy-jemgyýetçilik ewolýusiýa başlandy. Ol häzir hem dowam edýär. Bioewolýusiýanyň çür başynda duran adamzat beýleki jandarlarda bolmadyk ýaşaýyş ukyplaryna we ýaşaýyş formalaryna eýedir. Intellektiň – akylyň, pikirlenme ukybynyň kömegi bilen adamzat tebigatyň goýnundan tebigatyň daşyna çykdy.
Indi ewolýusiýanyň biologik görnüşden ruhy barlyga geçmegi dowam edýär. Indi müňlerçe ýyllar bäri adamzat özüniň ruhy ukyplaryny ösdürmek we kämilleşdirmek arkaly ösüşiň täze basgançagyna galjak bolup jan edýär. Bioewolýusiýa adamzadyň özünden soraşmazdan we onuň juda az gatnaşmagynda amal edildi. Emma ruhy ewolýusiýa tutuşlygyna adamzadyň ygtyýarynda, onuň aňly-düşünjeli gatnaşmagynda amal bolýar. Şu jähetden mistisizm ruhy ewolýusiýanyň – öz ähmiýeti boýunça bioewolýusiýa barabar bolan kosmiki hadysanyň esasy hereketleniş ugrunyň we meýdanynyň biri bolup durýar. Diňe bir sopuçylygyň däl, eýse tutuş, külli mistisizmiň taryhyny yzarlap görüň, bir hakykata gözüňiz düşer: mistisizm başdan-aýak bir zat barasynda – adamzady ruhy ewolýusiýa ýoly arkaly täze bir jandara öwürmek barasyndadyr. Islendik sagdyn mistisizmiň özeninde adamzady ýaşaýyş ukyplary manysyndaky kämilligiň täze derejesine götermek maksady ýatýar. Kämil şahsyýet munda özgeleriň ýetip bilmedik ruhy, ahlak, psihiki we hatda fiziki ukyplaryna eýe bolýar. Muňa sopuçylykda keramatlylyk diýilýär. Munuň özi howaýylyk däl-de, reallykdyr. Ýöne muny howaýylyk edip görkezýän zat şeýle derejä ýetenleriň juda azlygydyr hem-de bu meselede örän köp spekulýasiýanyň orun alanlygyndadyr. Islendik dinde mistiki däpleriň we mistiki ýörelgeleriň ösmegi bir hakykata getirdi: diniň esasy meselesi bolup, «Ölüm näme we ony nähili ýeňip geçmeli?» diýen mesele öňe çykdy. Munuň özi hut mistisizmiň hyzmatydyr.
Bioewolýusiýanyň hyzmaty şundadyr: ol adamzada ýaşaýşyň, diriligiň nämedigini öwretdi. Indi ruhy ewolýusiýa adamzada ölümiň hakykatdanam nämedigini we ony nähililik bilen ýeňip geçmelidigini öwreder. Häzirki wagta çenli mistisizm hut şu ugurda işledi. Ähli mistiki taglymatlaryň we ýörelgeleriň manysy şol işde jemlenýär. Sopuçylygyň esasynda ýatýan Biribar we öwlüýäler baradaky garaýyşlar, olaryň dünýäsine makam we hal arkaly aralaşmak maksadyna ölümi ýeňip geçmek wezipesiniň nukdaýnazaryndan seredeniňde, dogry baha bermek mümkindir.
Keramatlylyk – öwlüýälik derejesine ýeten şahsyýetleriň – kämil kişileriň şu dünýäde we ölümden soňam üýtgeşik ukyplylygy baradaky gürrüňlere-de ýene adamzat ewolýusiýasynyň jähetinden garamak zerurdyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda häzirki wagta çenli mistikanyň özünde esasy iki mesele – wezipe hemişe esasy meseleler bolup geldi: Birinjiden, bioewolýusiýanyň häzirki gelen nokadynda adamy fiziki hem ruhy taýdan mundan beýlägem nähili kämilleşdirmeli. Beýik mistikleriň keramatlylygy – suwuň ýüzünde ýöräp bilendikleri, bir wagtda iki ýerde bolup bilendikleri we ş.m.-ler baradaky rowaýatlar örän köpdür. Diýmek, keramat – munuň özi adam tarapyndan tebigatyň fiziki, biologiki kanunlaryny ýeňip geçmek ukyplylygydyr. Keramat diýmek ýalan diýmek däldir.
Ikinjiden, mistikanyň ýene bir meselesi – ölümi ruhy taýdan ýeňip geçmek, has dogrusy, fiziki ölümden soňam ruhy şahs hökmünde ýaşap bilmek meselesidir. Şeýle seredeniňde, munuň özi diniň meselesi ýaly. Emma dinde goýluşy bilen bu meseläniň mistikada goýluşy deň däldir. Mistikada adam ruhy bakylyga örän çylşyrymly we düýpli ruhy-ahlak işi, aňly-düşünjeli we maksadaokgunly işi bilen ýetýändir. Mistika jemgyýetçilik-durmuşy ýaşaýşy bilen şertlendirilen daşky resmilikler, dessurlar däl-de, şahsyýetiň içki ruhy hem ahlak kämilligidir. Ol adamdan şahsyýet, onda-da kämil şahsyýet bolmagy talap edýär. Şu manyda biziň sopuçylygymyz örän uly taryhy işi bitirdi: ol her bir adama kämil bolmak, keramatly bolmak mümkinçiliginiň ýoluny açdy. Munuň özi adam mertebesiniň juda ýokary goýulmagydyr. Ol adama diňe bir Hudaýyň guly bolmak däl, eýsem Onuň dosty bolmak puryjasynyň bardygyny ykrar etdi.
Weli – Allanyň dosty diýmekdir. Beýle dostluk başy ölümli adam üçin bakylyga ýol açylandygyny aňladýar.
Eýse mistikanyň bu ähli mümkinçiliklerini we käbir hakyky gazananlaryny tekrarlamak bilen birlikde, bir zady aýtmalydyryn: häzirki wagta çenli adamy bio-fiziki kämilleşdirmek we ölümi aradan aýyrmak meselesinde juda az netijelere ýüzümiz düşdi. Munuň öz sebäpleri bar.
Soňky ýüzýyllyklarda Ýewropa medeniýeti beýlekilerden öňe geçdi we adamzat ösüşiniň kerwenbaşysyna öwrüldi. Beýle ýyndamlygyň esasynda Ýewropa medeniýetiniň öz içki ýaşaýşyndaky bir öwrülişik ýatýar. Ýewropa dünýewileşdi. Dünýewileşmek bolsa ruhuň ileriliginden ýüz döndermegi, maddy we durmuşy, ýagny adamyň daşky zerurlyklarynyň esasy orna geçmegini aňladýar. Intellektual jähetden bu ylym bilen sungatyň pelsepeden doly diýen ýaly aýrylyşmagy görnüşinde amal boldy. Iş ýüzünde – amalyýetde ahyrky netijede bu adamyň özüni däl-de, onuň daşyny, adamyň içindäki, içki barlygyny däl-de, daşyndaky barlygy kämilleşdirmek wezipesiniň öňe geçmegine getirdi. Netijede, tebigat we tehniki ylymlar ösüp adamzat taryhynda, megerem, görlüp-eşidilmedik jemgyýetçilik bolçulygy döredildi. Emma bu adamzady sözüň hakyky manysyndaky belentlige we bagta getirmedi. Ol diňe bäş günlük dünýäde oňat we hezil ýaşamak mümkinçiligini berdi. Emma mesele has uly ahyryn: nädip bäş güni alty, ýedi... güne öwürmeli, bakylyga barýan ýollary nädip tapmaly?! Öz wagtynda pelsepeçi E.Fromm şeýle bir umumylaşdyryjy pikiri aýdypdy: «Günbatar «Näme edinmeli?» diýen ýoly, Gündogar «Näme (kim) bolmaly?» diýen ýoly saýlap aldy».
Esasy ýol – dünýäleşmek – Alladan daşlaşyp, dünýä golaýlaşmak däl-de, ruhlaşmak – adamzadyň mundan beýlägem ruhy ewolýusiýasynyň hatyrasyna dünýäniň ruhuň kanunlaryna laýyk guralmagydyr. Bu meselede Gündogaryň ýoly dogry görünýär – bu ýol adamyň özüni, adamyň içini kämilleşdirmek ýoludyr. Häzirki wagtda dünýäde azyndan üç Gündogar bar: munuň özi yslam, munuň özi induizm we munuň özi buddizmdir, degişlilikde, Ýakyn, Orta we Uzak Gündogar bar. Günbatar bolsa diňe birdir. Meniň pikirimçe, dürli aýratynlyklaryna garamazdan, biziň gürrüňini edýän meselämizde üç Gündogaryň üçüsiniňem pikiri we maksady birdir.
Şeýle ymgyr uly amaly meselede mistikanyň hem-de pelsepäniň orny aýdyň görünýär. Diliň amaly aň bolşy ýaly, mistika munuň özi amaly pelsepedir. Günbataryň dünýewileşmegi hristian siwilizasiýasynyň dini-ruhy gymmatlyklary amal etmekden ejiz gelmegi netijesinde başlandy.
Dünýewileşmek netijesinde pelsepe dinden, ylym bilen sungat bolsa pelsepeden aýrybaşgalaşdy. Munuň özi asylbaşky ruhy bitewüligiň puja çykmagydy. Dini dogmalar pelsepe ummanyny öz içine alardan dar we ýöntem geldi. Pelsepe dinden gaçyp gutulmak bilen boluberdi. Ylym dünýäni iş edinip, pelsepe örkünden aýryldy, Günbatarda ylym adam ýaşaýşynyň bir görnüşi bolmagyny bes edip, adamyň elindäki iş guralyna öwrüldi. Sungat bolsa toslamalar önümçiligine öwrüldi.
Ruhuň dünýäleşmegi pelsepe üçin uly derdeser boldy. Çünki ol özüniň bakylyk gözükmelerini ýitirdi. Pelsepe öz oturan şahasyny kesen nadan bolup göründi. Şeýle pajyga Günbataryň K.Ýung, M.Haýdegger, Husser ýaly ägirt pelsepeçileriniň ruhdan düşmegine sebäp boldy. Olaryň birnäçeleri bolsa arzymanyny we gamhoruny Gündogaryň pelsepe däplerinden we gymmatlyklaryndan gözläp tapypdylar.
Gündogarda bolsa iň esasy zat – bitewülik bar. Adam bitewi – içi hem daşy, bedeni hem ruhy, sözi we işi, ýüregi we akyly bitewi. Gündogarda ruh bitewi – pelsepe, din, sungat, ylym – hemmesi bir bitewülik. Olar aýry, ýöne aýrybaşga däldirler. Gündogarda barlyk bitewi – dünýäler biri-biriniň üstüni doldurýar.
Iň esasy artykmaçlyklaryň, has dogrusy, tebigylyklaryň biri-de – pelsepe bilen mistika bitewüdir. Ýöne şu bitewüligi hasam kämilleşdirmek gerek. Men bu ýerde howaýy mistikanyň bu dünýäni äsgermezlik etmek, şu esasda döreýän pelsepäniň dünýäden gaçmak we gaçganaklamak ýaly tersin ýörelgelerini göz öňünde tutýaryn. Bu taraplar öz döwründe yslam modernistleriniň sopuçylygy ruhuň we akylyň ýaltalygy, göwnüçökgünlik hökmünde aýyplamagyna sebäp bolupdy. Emma şeýle garaýyş bitiňe gahar edip, ýorgany otlamagy ýada saldy.
Dünýäden gaçmak mertlik däl.
Dünýä çokunmagam mertebe däl.
Dünýäni ele aljak bolmak akyllylyk däl.
Wezipe – dünýä barabar bolmakdan ybaratdyr.
Pelsepe dünýäni düşündirmegi özüne wezipe edip goýýar. Dünýä düşünmek adamyň bitewüliginde alnyp barylmalydyr. Düşünmek diňe akylyň işi bolanda, adam bitewülik ýaly mertebesinden mahrum bolýar. Düşünmek, bilmek, göz ýetirmek ýüregiňem, kalbyňam, hatda bedeniň hem işi bolmalydyr. Pelsepe – ýaşamak täridir.
Pelsepe – tutuş paýhas işiniň özenidir. Pelsepe – ruhuň bitewi işidir.
Pelsepe – ruhuň edebidir.
Günbatarda pelsepe ontologiýa, gnoseologiýa, estetika, etika bölündi. Munuň özi akyl betnyşanlygydyr. Bu daşky däl-de, içki, düýpleýin bölünişik bitewüligiň soňuna sogan ekdi.
Indi bitewileşmek wagty geldi.
Pelsepäniň bitewüligi bir paýhas ýörelgesinde – pelsepäniň öz asylbaşky diline gaýdyp gelmeginde amal bolup biler. Bu asylbaşky dil – pelsepe pikirlenmesiniň anyk ylymlara mahsus pikirlenmeden ýüz dönderip, aforizme gaýdyp gelmekdedir. Munuň özi pelsepäni pelsepe edýän dil gaýmaklylygydyr. Köpler pähimi nakyl diýip häsiýetlendirýärler, bu ýalňyşdyr. Nakyl – ýaşaýyş güzeran tejribesiniň umumylaşdyrylmagydyr. Pähim bolsa ruhy gözlegleriň önümidir. Nakyl sungatda bolup biler.
Emma pähim ylmy pikir hem däldir. Ylmy pikir akylyň (intellektiň) netijesidir. Pähime bolsa tutuşlygyň, bitewüligiň bilen barmaly. Pähime akyl ýetirilmeýär, pähimi ýüregiň içinden geçirip baryp bolýar.
Pelsepe ruhubelentlik ahlagynyň iň ynamdar kepilidir. Adamzat pelsepesiz hem adamzat bolup biler, emma onda ol öz ylahy mertebesinden meýletin ýüz dönderýän adamzat bolar.
Filosofiýa