ÝAŞAÝYŞ
(Daşky derwaýyslyklar)
Indi-indiler, geçen günlerimi hakyda elegimden geçirip, bir zada göz ýetirýärin: içki ruhy gymmatlyklar bilen deň hatarda daşky derwaýyslyklar hem meni çagalykdan özüne çekýän alyslyk bolupdy. Ýadyma düşýär, tomus gijelerinde daşarda sekiniň üstünde arkan ýatyp düýpsüz hem alys ýyldyzly asmany synlamak meniň üçin iň lezzetli pişedi. Oba tomsunyň gijeleri bolsa iki hilidi: Aýly gijeler we Aýsyz gijeler. Men Aýly gijeleri halamazdym. Çünki Aýyň ýuwan ýagtysy asmanyň çuňlugynyň we bimöçberliginiň öňüni alýardy. Älem içgysdyryjy ýalpaklaşýardy, asman çuňlukdan hem giňlikden mahrum bolýardy. Meniň bimöçberlige hem düýpsüzlige ymtylýan çaga kalbym şonda özüni üsti läheň demir gapak bilen ýapylan garaňky çukura düşen ýaly duýýardy. Aýyň amanat şuglasy çäkleri açyjy, giňişligi giňeldiji nur däl-de, Günüň hakyky nurunyň kölegesi bolup duýgularymyň mädesine degýärdi.
Aýsyz gijeler welin, ne hoştap pursatlardy! Asmanyň goýy gök-gara düşeginde almaz kimin dakylan, gözi hanasyna sygman peträp duran ýyldyzlar meniň üçin özge älemleriň gapysyny açýardylar. Şonda men ikileýin duýgyny başdan geçirýärdim. Bir tarapdan, asmanyň äpet tükeniksizligi göwnümi basmarlaýardy. Men düýpsüz ummana düşen ýaly hopugyp gidýärdim. Asman ummanynyň girdabyna çümüp, gaçyp barýarsyň, emma hiç onuň düýp-teýkaryna ýeteňok. Hut şeýle pursatlarda mende barlyk tükeniksizligini syzmak başarnygy dörän bolarly.
Beýleki tarapdan bolsa, men gijeki asmanyň gözelligine aňk bolmak duýgusyny başdan geçirýärdim. Hut şol mahallaram men gözelligiň iň ýokary ýüze çykmasyndan başga hiç bir zat däldigine, ýaşaýşyň bolsa wagt-giňişlik üzre hereketiň tükeniksizligidigine akyl ýetiripdim. Aňymda Asman – geljek, Ýer – geçmiş diýen kesgitleme dörändigi ýadyma düşýär. Indi-indiler molekulýar fizikany düýpli öwrenip, onuň aýdýanlaryny pelsepewi umumylaşdyryp, ýokarky kesgitlemäni «Asman – kök, Ýer – baldak» şekilinde beresim gelýär. Şeýlelikde, Ýerden asmana ümzügýän adamzat öz geçmişine düşünmek, aralaşmak isleýär. Ýerden köklerini gözlän adamzat ol kökleriň barynyň asmandadygy baradaky netijä gelýär. Bu – orta asyrlarda dini paýhasyň, häzirki wagtda bolsa ylmy-fiziki paýhasyň gelen netijesi. Adam şu iki manyda-da asmandan geldi, indem ýene asmana-da barýar.
Megerem, çagalygymyň asmanlyk duýgularydyr syzgylary-da mende fizika bolan gyzyklanmany döredendir. Emma meni hemişe fiziki hakykatlaryň kesgitlemelerdir kanunlar, formulalardyr deňlemeler görnüşindäki özi däl-de, olaryň «aňyrsy», «mus-musuň» özi däl-de, «mustapasy» gyzyklandyrypdy. Şonuň üçinem meniň gözleglerimiň hem agtaryşlarymyň soňky duralgasy hut pelsepe bolupdy. Çünki pelsepäniň obýekti-de şol «aňrydyr», şol «mustapadyr».
«Ruhubelentlik pelsepesiniň» ikinji, özem, meniň kesgitleýşime görä, esasy bölümi adam şahsyýetini gurşap alýan daşky barlyklaryň pelsepe manzary baradadyr. Men bulara «daşky derwaýyslyklar» diýýärin. Derwaýyslyk – diriligi, janlylygy kemal edýän şertler we sebäplerdir. Islendik bir zat özüniň derwaýyslygyny bes etse, şolam onuň ýokluga gitdigidir. Şahsyýetiň ýaşaýşynyň derwaýyslyklaryny daşky giňişlikler hasyl edýär. Men adam şahsyýetiniň derwaýyslygy diýenimde, hemişe esasy üç barlygy göz öňünde tutýaryn. Kitabymyň şu bölümi-de şol üç barlygyň pelsepe gözýetimini berýär. Bularyň birinjisi – Älem barlygydyr. Ýönekeýleşdirip aýdylanda (islendik ýönekeýleşdirmek bellibir derejede ýoýmakdyr, ýagny hakykaty, ylmyň inçe dilinden durmuşyň gödek diline geçirip aýtmakdyr) şahsyýetiň Älem ýaşaýjysy hökmündäki daşky gurşawyna Älem barlygy diýip bolar. Älem barlygynyň pelsepewi gözýetimleri we çäkleri, manysy hem-de hilidir häsiýeti barasyndaky gürrüňimde men XX asyryň fizikasynyň älem gurluşy babatynda gelen netijelerimi pelsepewi umumylaşdyrdym. Fiziki hakykatyň pelsepe umumylaşdyrmasyny bereniňde, gürrüň gyzyklylyk we amaly aň üçin tagamlylyk häsiýetine eýe bolýar. Munuň özi agyrlykdan ýeňillige, çylşyrymlylykdan aňsatlyga, howaýylykdan arzyly manylylyga geçmekdir. Bu ümmülmez Älemiň adama nähili dahyly bar? Ine, baş sowal şundan ybaratdyr. Bu baş mesele aslynda «Älem näme, ol haçan we nädip döräpdir, onuň geljegi nähili?» diýen birnäçe jähetlerden ybaratdyr.
Ondan soňra men bu bölümde Älemden soňky ikinji daşky barlyga – Tebigat barlygyna ýüzlenýärin. Tebigat meniň berýän manymda biologik ýaşaýyş barlygydyr. Munda esasy meseleler «Janlylyk näme, nädip jansyz zatdan janly zat döräpdir, dirilik bilen ölümiň, barlyk bilen ýoklugyň arasyndaky çäk nireden geçýär?» diýen meselelerdir.
Üçünji daşky barlyk – adamzat barlygydyr. Bu eýýäm sözüň pelsepewi manysyndaky ruhy barlykdyr. Bu ýerde men adamzat barlygynyň «sungat», «ylym», «edebiýat», «pelsepe», «adatylyk» ýaly birnäçe hadysalaryny pelsepe toparlary hökmünde düşündirýärin. Şonda bu hadysalaryň hil taýdan älem, tebigat hadysalarynyň täze derejelere çykmaklygydygyny aýratyn nygtasym gelýär. Barlyk – bitewüdir. Ol dereje-dereje, gat-gat bolsa-da, kanunlary biri-biriniň içinden parran geçip ýaşaýan bitewülikdir. Ony şo hili bitewülik hökmünde göz öňüne getirmek we düşündirmek hem gerek. Düşündirmek gerek – çünki barlyk akyl ýetirerlikdir we düşnüklidir. Beýik Eýnşteýniň aýdyşy ýaly: «Bu dünýäde iň düşnüksiz zat – dünýäniň düşünerlikligidir».
Filosofiýa